13:27 Ýeñilmedikler -14: Orta ýolda | |
ORTA ÝOLDA
Taryhy proza
Ýöne, Eziz hana tarap barýan ýol uzak bolmady. «Çyrla” guýusynyň başynda düşlänlerinde agşamaralar üstlerine bir bölek atly geldi. Özlerini Eziz hanyň nökerleri diýip tanyşdyran şol atlylaryň biri, garaýagyz, uzynak, boýny dutaryň sapy ýaly, inçe, sargylt hem uzyn dişleriniň düýbi kebir baglap duran, topazlaç burnunyň çep ganaty meňli Ojar atly jahyl ýigit düýn-öňňinlikde patyşanyň Tejen şäherindäki goşun bölýmleriniň üstüne çozandyklaryny, ýöne, gowy ýaraglanan soldatlaryň özlerini çym-pytrak edendiklerini, şondan soň Eziz hanyň Eýranamy ýa şonuň üsti bilen Owganystanamy, gaçyp gidendigini, ýöne, tizara güýç toplap gaýdyp geljekdigini, oňa çenli özleriniňem başlaryny bozman, gum içinde garaşyp gezjekdiklerini, özleri ýaly atly bölekleriň häzir gum içinde başga-da köpdügini bir demde aýdyp berdi. Onuň ýeňleniň sussypesligi bilen däl-de, ýeňijiniň badyhowalygy bilen gürleýşi Ruhy batyra ýarady. Bir zat diýmäne çemelendi. Ýöne, häliden bäri dodagyny çommaldyp, eňegini titredip oturan Durdy batyr ýüzüni bir gpadala sowdy-da, gaşyny çytyp ynjyly gürledi. – A-al-aýt, b-bularyň ejizläni daşary ýurda gaçmak bilen boluberýä w-welin näme, o ýerde ätiýaçlyk üçin goýup gaýdan g-goşunlary dagy barmyka?.. «Menem-ä içimden şony pikir edip durdum”, diýýän manyda, Ruhy batyr dostunyň ýüzüne aşaklyk bilen gyýalap garady. Gözlerini güldürdi. Yz ýanyndan inçejik murtuň aşagyndaky dodaklaram çalaja çyzyldy. Şondan soň onuň nazary eýýämhaçan oduň başynda ornaşmaga ýetişen Ojara tarap gönükdi. Ojar öňküsindenem çalt gepledi. – Dogry, taýýar goşun-a ýok, ýöne, iňlis, türk, eýran, owgan döwletleri Jüneýit hana berýän kömeklerini Eziz hana-da berjekler. Arada olaryň wekilleri gelip ýörite gepleşigem geçirdiler. Öz aýdyşlaryna görä dinleri birem bolsa olar orslary halanoklarmyşyn. – O-olar o-orslary türkmen topragyny özlerinden öň alandyklary üçin halaýan däl b-bolaýma-asalar... – diýende, Durdy batyryň aşaky erni ep-esli aşak sallandy. Şonda ol bir zatdan öýkelän çaga meňzedi. Onuň sözüni tamamlandygyna az-kem garaşmak arkaly doly göz ýetirenden soň, Ruhy batyr ýigitlere özüni gyzyklandyrýan esasy soragy berdi. – Ýogsa-da ol haçanrak gaýdyp gelmeli? Geläýen ýagdaýynda siz onuň bilen nädip tapyşarsyňyz? Nädip duşuşarsyňyz? Gelendigini nädip bilersiňiz? Aslynda ol geljekmi beri? Ojar golamta gorsalan böwrek ýaly garamtyl hem küljümek dodaklarynyň jaýrylmakdan ýaňa ganjaryp duran ýerini ýalap gözlerini çerreltdi. – Geler, geler, hökman geler. Gelerem, göreşi dowam etdirerem. Şunuň şeýle boljakdygyna hiç-hili şek-şebhe bolup bilmez. Gelendigini welin biz onuň serhetden geçen güni bileris. Munyň üçin biziň öz ýörite aragatnaşyk tärlerimiz bar. Biz hatda ötegçi şemal arkalam habarlaşyp bilýäs... Ruhy batyr elini Ojaryň egnine goýdy. Kesgitli gürledi. – Onda şu ýerden hemmämiz bilelikde biziňkä gideliň. Eziz han gaýdyp gelýänçä sizem biziň ýanymyzda boluberiň. Belki, oňa çenli Jüneýit hanam dolanar. – Siz Jüýneýit hanyň adamlarymy? – Howwa. Turuwbaşdan bermeli soragyny Ojar diňe şondan soň berdi. – Agam, size km diýerler? – Biziň adymyza Ruhy batyr diýerler. – Ruhy batyr? – Howwa, Ruhy batyr. Ahaldan. – Be-e... Şo-ol, meşhur Guşly batyrmy? – Howwa. Şondan soň ýigitleriň barysy birden «gürre” ördüler-de, Ruhy batyr bilen täzeden görüş diler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |