13:32 Ýeñilmedikler -15: Rewolýusiýanyñ ýañy | |
REWOLÝUSIÝANYÑ ÝAÑY
Taryhy proza
Ýedi adamdan ybarat şol toparam yzyna tirkäp Ruhy batyr Hakguýa geldi. Guýudakylar olary sus garşyladylar. «Doly gidip egsik geldiňiz”, diýşip, aýallar-a hünübirýan aglaşdylar. Esasanam ýogalanlaryň hossarlary heläk boldular. Ruhy batyr baýleki guýulardan ýogalanlaryň maşgalalaryna habar ýollady. Bütin oba bolup wepat bolanlaryň patysyny aldylar. Ýas bagladylar. Şeýle uly umyt bilen garan işleriniň şowsuz tamamlanandygy üçin gynandylar. Getiren adamlaryny Ruhy batyr söz bereşi ýaly ýanynda saklady. Olaram eplenişip boş ýatmadylar. Hakguýudakylaryň öý-işlerine kömekleşdiler, mal-garalaryna seredişdiler, ot-çöp ýygnaşdylar, agyllaryny arassaaşdylar, guýulardan gowaly suw çykaryşdylar. Aradan aýlar geçdi. Bir günem Hakguýa: “Orsyýetde öwrülişik bolupdyr, “bolşewikler” diýilýän haýsydyr bir topar ak patyşany tagtyndan taýdyrypdyr, ony “rewolýusiýa” diýip atlandyrýalarmyşyn rewolýusiýany amala aşyranlara “gyzyllaram” diýýärlermişin, ýöne ak patyşanyň adamlaram dek ýatmaýarlarmyşyn, olar özlerini “aklar” diýip atlandyrýarmyşyn, olar gyzyllara garşy giň gerimli göreş alyp barýarlarmyşyn”, diýen habar Hakguýa gelip gowuşdy. Ruhy batyr muňa juda geň galdy. Ahal ýaly uzak ýurda gelip, şeýle gyrgynçylyklar, ýykgynçylyklar eden, Jüneýit han, Eziz han ýaly müňlerçe ýigide baş bolup ýören hanlary, serdarlary ýurdundan gaçyp gitmäne mejbur eden patyşa hökümedini agdarybiljek güýç nähili zatka, diýen pikir ony erkine goýmady. Diýmek, agdarmak boljak ekeni-de, biz ýöne tärini tapman ýören ekenik, diýip, oýlandy. Bu habar onuň egindeşlerinem, tutuş halkam çuňňur oýa batyrdy. «Patyşasy ýykylan orslar indi öz-özlerinden tebil tapyp, tutuşlygyna ýurtdan çykyp giderlermikän ýa diňe syýasat üýtgärmikä? Patyşa hökümetiniň elinden alyp agalygy indi bolşewikleriň özleri ýörederlermikä? Şeýle bolsa onda biziň üçin-ä üýtgeýän zat ýok”, diýen oý-pikir ýeke bir ýeňilmedikleri ýa beýleki türkmenleri däl, eýsem tutuş Türküstanyň ýaşaýjylaryny biynjalyk etdi. Şol habaryň yz ýany gelip ýeten Iki häkimiýetlilik baradaky bulaşyk düşünje bolsa halkyň aňyny öňküdenem beter bulaşdyrdy. «Hiý, bir ýurtda-da bir iki häkim, iki han bolarmy? Hiý, Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnarmy? Bir hatyny bir iki är alarmy? Ine, şu düşünjä eýerip ýören halk üçin o zatlar düýbünden düşnüksiz bolup galdy. Şonuň yzysüre gelip gowşan: «Eziz han gaýdyp gelipdir, ýöne, ol eýýäm täze hökümetiň tarapyna geçipdir, nökerleriniňem bir bölegi-hä Türküstan hökümetini garamak üçin Daşkende, ýene bir bölegem Dutowyň ak kazaklaryna garşy göreşmek üçin fronta iberilipdir...” diýlen habar bolsa, Ruhy batyry sermeden gaýdan ýaly etdi. Egerde, Eziz han gaýdyp gelen bolsa, özem göreşi dowam etdirmek üçin gelen bolsa, gyzyllaram şol bir orslar bolup, olaram edil patyşa hökümedi ýaly biziň üstümizden agalyk etjek bolsalar, onda onuň gyzyllara goşulyp aklara garşy uruşjak bolup ýörmesi nämekä? Ýa ol: «doňzuň agy näme, garasy näme?, diýlen nakyly bilmeýärmikä?..” Şu oýlara gümra bolup oturan Ruhy batyr başyny ýerden göterende Ojaryň öz ýigitleri bilen daşyny gallaşyp oturandyklaryny gördi. Oňa çenli onuň öz ýigitlerem ikiden-üçden gelip başladylar. Ruhy batyr ýüzüni sallap oturşyna: – Şol, garaşylan gün geläýdimikä diýip, begenip ýördüm welin, bolmady-ow – diýip ahmyrly gepledi. Sag eliniň aýasyny şapladyp sag dyzyna ýelmedi. Soň naaryny çat maňlaýynda gözlerini jüýjerdip oturan Ojara dikdi. – Gelibem gulluga durany şolar boljak bolsa Eziz hanyň ýanynda meniň işim ýok. Siz özüňiz giderin diýseňiz gidiberiň. Men indi Jüneýit hana garaşmaly boldum... göreli-bakaly, ol haýsy perdeden goparka? Eziz hanyň ýigitleri: «Aý, ýok, batyr aga, biz-ä barmasak bolmaz...” diýşip, haýal-aýagllyk bilen ýerlerinden turdular. Guşly batyr we onuň ýigitleri bilen gamgyn hoşlaşdylar. Şunça wagtlap aýdyp berem hakydalary, myhman alandyklary üçin Enehakyda, Umyda, umuman, Hakguýudakylaryň hemesine minnetdarlyk bildiler. Soň atlarynyň ýanyna bardylar. Göwünli-göwünsiz atlandylar. Edil zor bilen ugradylýan ýaly at başyny gitjek ugurlaryna bakan kynlyk bilen öwürdiler. Uzak ýola çykan wagtyň yzyňa garamaklygyň ýukaýüreklik, hamraklyk hasap edilýändigini bilýän hem bolsalar, tä aňňat-aňňat alaňlardan aşyp, gözden ýitýänçäler ädimsaýy yzlaryna gaňryla-gaňryla gitdiler. Käte beýigräk alaňa çykyp ellerini ýa telpeklerini buladylar. Ugradýanlaryňam haly olaryňkydan ybaly bolmady. Olara-da şonça wagtlap öwrenişen adamlaryndan aýrylyşmak aňsat düşmedi. Has beterem bu Ruhy batyra ýokuş degdi. Ol ýeke bir aýralyga däl, umytdan jyda düşmeklik yzasyna-da döz gelmeli boldy. Eziz hanyň özüni alyp barşy oňa ýokuş degdi. Ol Ojar dagy gidenden soňam telim günläp içini gepledip gezdi. Şol döwrüň içinde öýden çykmady diýen ýaly. Hatda kepdeilerini görmäge-de barmady. Olary günde iki gezek Enehakydanyň özi iýmledi. Ruhy batyr diňe Durdy batyryň ýanyna, onda-da agşamlaryna gürrüňçylyge bardy. Köp zatlaryň başyny agyrtsalaram olar soňky döwrüň wakalaryndan baş çykaryp bilmediler. Bolup duran zatlara düşünmediler. Üstesine şol wagt Jüneýit hanyňam Owganystandan gaýdyp gelendigi, ýöne, onuňam indi öň garşysyna göreşip ýören duşmanlary bilen, ýagny, Hywa hany hem-de patyşa hökümediniň tarapdary bolan aklar bilen barigip gyzyllara garşy göreşýändigi barada habar gelip gowuşdy. Ruhy batyr halys aljyrady. «Bu hanlara, serdarlara nä döw çaldyka janlarym...” diýip, kellesini tutup kän oturdy. Arasynda Enehakyda maslahat saldy. Ýöne, bu mesele-de o-da belli bir zat aýdyp bilmedi... Umyt bolsa bir gün kakasynyň gaşynda çökdi-de, bar zady aýdyňlaşdyrmak üçin özüni Jüneýit handyr, Eziz hanyň ýanyna gepleşige ibermegini haýyş etdi. Ruhy batyr aýaly bilen maslahatlaşyp oglunyň teklibini makullady. – Dogrudanam beýdip, kölegämizden öýkelän ýaly daş aralykdan gyňralyşyp ýörmäliň. Bar zady çürt-kesik edeliň, bolup ýörüşleri şol boljak bolsa gapdallarynda görünmejekdigimizi mert durup berk aýdalyň – diýdi. – Ýöne, belki ol ýere men özüm giderin? – Ýok, kaka, olar ýaly uzak ýol indi saňa kyn düşer. Ýaramarsyň. Ruhy batyr oglunyň bu sözüni birbada ýokuş görjek boldy. Çünki, altmyşa golaýlap ýörendigine garamazdan ol entek özüni gaty bir garry hasap etmeýärdi. Oňa-muňa ýaramaz ýaly derejä ýetendirin öýtmeýärdi. Dyzynda-da, bilinde-de, aňynda-da entek ýeterlik kuwwat duýýardy. Şeýle-de bolsa, oglunyň özüne aýawly garamagy, atasyna derek özüni öňe tutmagy oňa ýarady. Ruhuna hoş ýakdy. Şonuň üçinem, ogluna söýünçli garap hoşwagt ýylgyrdy. – Bor oglum, özüň ötägit. Ýöne, Jüneýit handyr – Eziz hanyň ýanyna hiç kimem gitmeli bolmady. Ataly-ogluň arasynda ýokarky gürrüňiň bolup geçen gününiň ertesi, günortanaralar, ýanynyň üç-dört atlysy bilen Ojar geldi. Entek atdanam düşmänkä, otyrýerini eýere ýanyn goýup oturşyna ol Ruhy batyra tarap gözlerini çerreltdi-de, şol bir badyhowalygy bilen: – Eziz han gyzyllardan arasyny açdy. Sebäbi, iňlisler bilen baş goşup, gyzyllaryň garşysyna göreşýän aklar, ýagny, öňki ak patyşanyň tarapyny tutýanlar pitne turzup, Aşgabat-Çärjew aralygyny eýelänlerinden soň, şol işde eli bardyr öýdüp, Eziz hanyň Daşkende we pronta iberilen nökerlerini duran-duran ýerlerinde ýaragsyzlandyrdylar. Üstesine onuň özüne-de ynamsyzlyk bildiripdirler. Şonuň üçinem, ol indi Dykma serdaryň bir wagtky ak patyşa girew goýup gaýdan ogly, aklaryň külli türkmen topragy boýunça goşunbaşlygy Oraz serdara goşuldy. Düýn-öňňinlikde Büzmeýinde türkmen topragyny orslardan halas etmek boýunça Merkezi türkmen edarasy döredildi. Oňa «kemitet” diýýäler. Onuň wezipesi orslaryň garşysyna göreşmek üçin türkmenleri bir ýere jemlemekden ybarat. Onuň başlyklygyna-da Oraz serdaryň özi bellendi. Eziz hanam onuň sag goly boldy. Iňlislerem hüli-şindi ýetdik kömeklerini berip durlar. Mundan buýana hem kömek etjekler. – Öňbaýraga ugrajak ýaly Ojar üzeňňä galdy-da, gamçysyny allaowaralara tarap çommaltdy – Tüýs, seniň barmaly ýeriň şol, batyr aga. Adamlaryňam al-da, ýör, şo tarapa!.. Ruhy batyr baryp Ojaryň atyny jylawlady. – Atdan düşjekmi ýa şol oturan ýeriňden habaryň berjek gaýdyberjekmi? – Oh!.. – diýdi-de, Ojar atdan agyp düşdi. Ýoldaşlaram şeýtdiler. Ruhy batyr, Umyt, şeýle hem ondan-mundan gelşip ugran goňşy-golamlar bilen el urşup salamlaşdylar. Ojar sözüni dowam etdi. – Men olara sen hakda kän gürrüň berdim, batyr aga. Gelsin diýdiler. Onsoňam... O ýerde... – Dur, dur – diýip, Ruhy batyr onuň golundan tutup öýe saldy. Ýoldaşlarynam saldy. Birküç sany ýetginjege myhmanlaryň atlaryna ot-suw bermekligi tabşyrdy. Gara öýüň içinde ýerleşdirip ýörşüne Ojara sorag berdi. – Sen aýdýaň, Oraz serdar aklaryň ýolbaşçysy diýýäň. Şeýlemi? Ojaryň hüwüniňkä meňzeş tes-tegelek, ullakan, nas pürkülen ýaly ýap-ýaşylja gözleri yzly-yzyna açylyp ýumuldy. – Howwa... –Ýene-de... Merkezi türkmen ýemesi diýýäň. – Türkmen kemteti. – Howwa, kemiteti. Oňa-da Oraz serdar ýolbaşçy bellendi, diýýäň. – Howwa... – Şeýle hem ol iňlisler bilen işleşýä, diýýäň. – Dogry. – Diýmek, olar üç topardan ybarat-da, şeýlemi. – Hut şeýle. – Biri-hä türkmen nemesi... – Kemiteti. – Ikinjisem aklar... – Howwa. – Üçünjisem iňlisler. – Howwa. – Şol üçüsi birigip gyzyllara garşy göreşjekler, şeýlemi? Me n seniň aýdanlaryňa dogry düşünipdirinmi? Ojar dodaklaryny ýalap howlaukmaç gürledi. – Göreşjekler däl-de göreşip ýörler. – Diýmek, onda olar ýene-de ak patyşany dikeltmekligiň ugrunda-da... Gyzyllary ýeňenlerinden soň olar ýene-de ak orslar bilen galmaly-da? Öňki-öňkülik bolmaly-da? Şeýle dälmi?... Ojar näme jogap berjegini bilmän aljyrady. Ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. Birdenem awy elinden sypyp barýan awçy ýaly alahasyrdy bolup iki dyzyna galdy-da, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. – Ýak, he-eý, baryň-da özüňiz gürleşäýseňizläň şolar bilen galanynam. Meniň dogry gepläbilmän käbir zatlary bulaşdyrýan bolaýmagymam ahmal. – Hemme zat düşnükli, Ojar. Şu hili gürrüňler bize üzlem-saplam sensizem gelip ýetip dur... Ruhy batyr sözüni soňlamanka Ojar ýene-de ellerini galgadyp başlady... – Onsoňam neme... Olar Jüneýit han bilenem gepleşik geçirip ýörler... Ruhy batyr kinaýaly ýylgyryp ýüzüni kese sowdy. – Jüneýit hanyň hereketlerindenem habarymyz bar... Ýöne... – Ol aýtjak sözüni tassyklatmakçy bolýan ýaly, ilk-ä Durdy batyryň, soňam edil şol wagt eli saçakly gapydan giren Enehakydanyň ýüzüne seretdi. – Biz barybir adam iberip olar bilen gepleşmekligi maslahat edip ýördük. Şonuň üçinem, seň ýaňky diýeniňi biz etmeli borus. – Şondan soň Ruhy batyr Umydyň ýüzüne seretdi. – Ikimiz bile gitmesek bolmaz, oglum... – Bor, kaka... – Sen näme, mensiz giderin öýdýäňmi – diýip, Durdy batyr dodaklaryny müňküldedip oturşyna aýtdy. – Hiý, sensizem bir gidip bormy? Ojar çaga ýaly begendi. Göm-gökje gözlerini tegeläp oturşyna nahar başynda-da dynman gürledi. – Men siz barada Eziz hana-da, Oraz serdara-da aýtdym, batyr aga. Olaryň ikisem sizi gaýybanaňyzdan tanaýan ekenler. Adyňyzy eşitdenden: «Gelsin, ýigitlerinem alyp gelsin. Bize tüýs şolar ýaly adamlar gerek. Iň bolmanda aramyzda ýaşulylyk edip ýörse-de bir peýda”, diýişdiler. Olar size edil Aýa, Güne garaşyşlary ýaly garaşýarlar... Ruhy batyr uludan demini aldy. – Hany, öňürti özümiz bir baryp göreli. Ýigitlerem äkitmelimi, dälmi, soň görübiris... Şol günüň ertesi Ruhy batyr ýanyna Umytdyr – Durdy batyry hem alyp, Ojaryň ýoldaşlary bilen bilelikde ýola düşdi. Gerekli daşy eline düşen Ojar, ýolboýam hiç kime gezek bermän gürledi gitdi oturdy. Oraz serdaryň, Eziz hanyň tutumlaryny öwdi. Olaryň ýumuşlaryny bitiribilmän yzyna, boş gaýtmaly bolmandygy, Guşly batyr ýaly meşhur adamy olaryň ýanyna hut özüniň alyp barýandygy üçin öz ýanyndan buýsandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |