13:35 Ýeñilmedikler -16: Ruhy batyryň Oraz serdardan göwni suw içmeýär | |
RUHY BATYRYÑ ORAZ SERDARDAN GÖWNI SUW IÇMEÝÄR
Taryhy proza
Ruhy batyr öňürti Aşgabada baryp Oraz serdar bilen duşuşdy. Şol wagt Aşgabatdan tä, Çärjewe çenli häkimiýet aklaryň ellerine geçen ekeni-de, Oraz serdaryň howalasy gaty belent ekeni. Ruhy batyry ol uly höwes bilen kabul etdi. Ýurtdaky syýasy ýagdaýlar bilen tanyşdyrdy. Köp zatlary düşündirdi. Daşary ýurtlaryň kömek edýändikleri, olar bilen birigip basym gyzyllary ýurtdan çykaryp kowjakdyklary barada öň Ruhy batyryň eşide-eşide bizar-peteňi çykan zatlaryny ýene bir gezek çintgäp-çintgäp gürrüň berdi. Ruhy batyr ony tä gepläp bolýança, sözüni bölmän, üns bilen diňledi. Soň öz pikirini mälim etdi. Birini kowup onuň ýerine başga birini getireniň bilen ýagdaýyň üýtgemejekdigini, göreşi düýbünden başgaça alyp barmalydygyny aýtdy. – Siziň diýýänleriňiz dogry, batyr aga – diýip, Oraz serdar onuň bilen ylalaşdy. – Ýöne, her zadyň öz ýagdaýy bar. Syýasatda käte duşmanyň bilenem belli bir menzile çenli bile gitmeli bolýar. Biziňkem şeýle. Iň bolmanda häzirlikçe şeýtmesek bolmaýar. Ýöne... – Oraz serdaryň ýüzi göz-görtele üýtgedi. – Ýöne, ine, ýaman dert özüňkiler bilen dil tapyşmak kyn... – Ol näme üçindir barmaklaryny büküp başlady. – Mende häzir bäş müň atly bar. Bütin ak gwardiýaçylar, iňlisler maňa gulak asýarlar. Has takygy olaryň hemmesi meniň elimde. Olar bilen halkyň adyndan gepleşikler geçirýänem men. Türkmen milli han-töreleriniň Büzmeýinde geçirilen gurultaýyny gurnanam, oňa Eziz hany çagyranam özüm. Şonda men oňa: Eger sen öz nökerleriň bilen meniň otrýadyma goşulsaň, seniň hanlygyňy baýlaram, garyplaram ykrar ederler, diýdim. Sebäbi, tarapyna geçenem bolsa, söwet häkimeýeti oňa doly ynam etmedi. Biziň basyşymyz güýçlenen güni, sowetler gorkularyna onuň fronta we Daşkende iberilen atlylaryny ýaragsyzlandyrdylar. Şonuň üçin ol birbada meniň aýdanlarym bilen ylalaşdam. Gelip bize goşuldam. Emma ol biziň buýruklarymyza, görkezmelerimize boýun bolmaýar. Gyňyrlyk edýär. Nökerlerem şeýle. Iň ýamany olar biziň gyzyllara garşy geçirýän çärelerimize gatnaşmakdanam boýun towlaýarlar. Eziz han häzirem bizden öýkeli. Siziň yzyňyzdan adam iberenimizde-de ol şu ýerdedi. Düýn-öňňünlikde gitdi. Megerem, ol häzir Tejende, Ak alaňda bolsa gerek. Jüneýit hanam şoň ýaly. O-da atyny ýeke çapýar. Bar bileni-biteni Hywa, Bedirkent, Daşhowuz. Sowetler bilenem ha dost, ha duşman. – Oraz serdar kükregini ýelden doldurdy-da, elini depesinde aýlap goýberdi – Biz basym tutuş Türküstany eýeläris. Sebäbi, biziň arkamyzda Eziz han, Jüneýit han ýaly gaçyp-tezip ýören ujypsyzja toparlar däl-de, Angliýa ýaly uly döwlet dur... Ýeňiş gazananymyzdan soň bolsa... Ruhy batyr ony şondan aňry diňläp oturyp bilmedi. – Aý, ýok, siziň munyňyzyň soňy görnenok, serdar. Ýeke bir soňam däl, başam bulaşyk... Umuman... Bu zatlar biziň garaşýan göreşimiz däl ekeni. Oraz serdaryň bady gaçdy, ýüzi agardy. – Biz diýýäniňiz kimler? – Biz diýýänim ýeňilmedikler. Gala söweşinden soňky baknalyga boýun bolmadyklar. Basybalyjylara boýun egmedikler. Olara ýaraglaryny tabşyrmadyklar eden şertlerinden, ähti-peýmanlaryndan dänmedikler. Hiç haçanam dänmejekler. Erkinlik ugrundaky göreşden başga göreşi göreş hasap etmeýänler we etmejekler. – Gumlularmy? – Howwa. Gürrüňiň bir ujynyň baryp öz kakasyna, galyberse-de ýaşlygyndan ak patyşanyň ekdisi bolup ösendigi üçin özüne direýändigini aňynda aňlan bolsa gerek, Oraz serdar gyzaryp aşak bakdy, ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. – Ondan bäri köp wagt geçdi, batyr aga... Döwür üýtgedi. Syýasat düýbünden başga tarapa ugur aldy. Durmuşyň talabam... – Wagtyň geçmegi, döwrüň üýtgemegi, syýasatyň başga tarapa ugur almagy bilen ant-şert öz güýjüni gaçyrýan däldir. Egerde gaçyrýan bolsa, onda ol şert ýalandyr. Aslynda içilişinde derek ýokdur. Belki, gala-da şonuň üçin synandyr. – Siz ant içmänsiňiz ahyry. – Howwa, men ant içemok. Men bu ýolda içen antymyň däl-de, ýüregimiň emri bilen gezip ýörin. Içen antyndan dänmezlik üçin şu ýola düşenlere baş bolup ýörün. Biziň nesillerimizem şol ýoly saýlap aldylar. Biziň üçin indi başga ýol ýok. Biz diňe doly erkinlik ugrunda alnyp baryljak göreşiň tarapdary. Birini kowup, ýerine başga birini getirmek biziň maksadymyza laýyk gelmeýär. Biz göreşiň bir ýoluny bilýäris , o-da ýurt azatlygy, garaşsyzlyk ugrundaky göreş . – Siz örän kyn ýoly saýlap alypsyňyz, batyr aga. Öňüňizde duran güýjüň iňňän uly güýçdigini henizem duýmaýşyňya haýran galýan. – Maksatdan uly güýç bolup bilmez. – Ol güýç howaýy. Salgym. Şonuň üçinem, siziň göz öňüne getirýän göreşiňiz hiç haçan bolmaz, amala aşmaz. – Aňda ýaşaýan zat ahyry bir gün amala aşar. – Munyňyza bolsa ylmy dilde ýönekeý filosofiýa diýilýär. Siz oňa düşünmersiňiz. Utopiýa diýseňem boljak, ýöne. Ruhy batyr gapa tarap ýöneldi. – Mümkin. Ýöne, düşünşime görä, siziňem ýagdaýyňyz meniňkiden gowy däl. Öz patyşasyny ýykyp häkimeti eline alan güýç size-de hezil bermez. Senem hä diýmän ýa meniň yzym bilen guma bararsyň, ýa-da Eziz han bilen Jüneýit hanyň araky bolşy ýaly özüňi daşary ýurtlaryň birine atarsyň... – Ruhy batyr Oraz serdara elini uzatdy. – Indi bolsa hoş gal. Men senden gaty göremok. Sen öz düşünjäňe görä hereket edýäň. Hut şonuň üçinem, bir halkyň ogludygymyza garamazdan, biz bir dilde gürläp bilmeýäris. Jüneýit han bilen, Eziz hanyň bolsa göreş çygry biziň göz öňüne getirşimizden darrak görünýär. Oraz serdar Guşly batyr bilen agyr oý astynda hoşlaşdy. – Sizem menden gaty görmäň batyr aga... durmuş ýoly uzakdyr, belki ýene bir ýerde gabatlaşarys... – Bilmedim-dä... Ruhy batyr daş çykdy. Ojar oňa gapynyň agzynda garaşyp duran ekeni. Eziz hanyň Oraz serdardan öýkeläp gidenini o-da ýaňyja eşiden borly, atylyp gelip Guşly batyryň alkymyna dykyldy. Özi bilen Eziz hanyň ýanyna gitmekligi haýyş etdi. Emma muňa Ruhy batyr göwnemedi. Çünki, indi onuň Oraz serdardanam, Eziz handanam, Jüneýit handanam göwni geçipdi. Olaryň hiç haýsyndanam tamasynyň çykmajakdygyna, bu üç serkerdäniň arasynda ‘kethudalyk gaýgysy” diýen ýaly göze görýnmeýän sowuk bir basdaşlygyň höküm sürýändigine, ol doňuň hiç haçan çözýlmejekdigine ymykly göz ýetiripdi. Şonuň üçin ol Ojara-da sypaýyçylykly jogap berdi. – Ýok, inim, men indi hiç ýana-da, hiç kimiň ýanyna-da gitmäýin. Sen ýöne, islän wagtyň salama geliber, gapymyz açykdyr. Ojar gurak-gurak ýuwdundy. – Eziz hana men näme diýeýin? – Hiç zadam diýme. Nirede bolsa-da jany sag, başy belent bolsun. Ojar gözýaşyny gizlemek üçin aňyrsyna öwrüldi. Bärsine gözlemänem gitdi. Aýaklaryny ýerden süýräp, ýegşerilip barşyndan onuň ara düşen aýralyga gynanýandygy bildirip dur. Oňa çenlem Umyt kakasynyň atyny idip getirdi. Sessiz-üýnsiz jylawy eline tutdurdy. Dostunyň içki harasadyny daşyndan aňan Durdy batyram sesini çykarmady. Ondan hiç zat soramady. Ruhy batyryň özem gabaklaryny galdyrman atyna mýndi. Başy guma tarap öwrülip, böwrýne-de çalaja debsilenen at ýüzi guma tarap öwrülenden uçganaklap ugrady. Durdy batyr bilen Umydyň atam onuň bilen boýun deňläp gitdiler. Gaty bir zerurlyk ýüze çykaýmasa, Hakguýa çenli bolan ýakyn bolmadyk aralygy dil ýarman diýen ýaly geçirdiler. Düşlän pursatlaram oňly söz alyşmadylar. Sessiz-üýnsiz çaý içdiler, çörek iýdiler, soň ýene-de ýollaryny dowam etdiriberdiler. Uly arzuwlar bilen Hakguýudan çykan adamlar şeýdip, yzlaryna iňňaän sus halda gaýdyp geldiler. Adamsynyň içki harasadyny ýüzünden aňan Enehakyda-da oňa artykmaç sorag bermedi. Asylam Ruhy batyyrň tebigaty şeýle. Aladaly wagty sorag bermek, ýüregine düşmek bolanok. Şeýdiberseň halanok. Tä, özi açylyşyp, özi söze başlaýança garaşmaly. Muny kim bilmese-de Enehakyda gowy bilýär. Şonuň üçinem sesini çykaranok. Durdy batyr-a atdan düşüşi ýaly jylawy Umyt bilen deň-duşrak agly Ýaranyň eline tutdurdy-da, öňünden ylgap çykan aýaly Näzigiň soragly nazaryna ünsem bermän, öýüne girdi, eşiklerinem çykarman dula geçdi we şol ýerde süýndi. Arkan düşüp çäkmeniniň syýnyny ýüzüne ýapdy, soň çepine öwrülip sag eliniň goşaryny maňlaýyna goýdy, ondan soň sagyna öwrüldi, soň ýene arkan ýatdy, ýüzün düşdi, emma barybir ynjalyp bilmedi. Tarsa ýerinden turup dik oturan we ýaňadandan süýnen gezeklerem az bolmady. Umydam atlary ýatakda ýerleşdireninden soň öz öýüne girdi-de, aýaly Dünýäniň beren salamyny göwünli-göwünsiz alyp, ojagyň başyndaky kiçiräk keçäniň üstüne geçdi. Uzak wagtlap ojaga seredip oturdy. Ahyram gyşardy. Ýöne, o-da uklap bilmedi. Üç sagada golaý dynjyny alanyndan soň Ruhy batyr ýerinden galdy-da, geleli bäri aýagujynda aýaklaryny owkalap oturan aýalynyň ýüzüne seretdi. Esli wagt şeýdip oturanyndan soň, Oraz serdar bilen bolan gürrüňçiligi oňa başdanaýak aýdyp berdi. Soňundanam: – Men-ä indi şü, hanly, serdarly gürrüňlerden halys irdim, tamamy üzdüm – diýdi. – Çünki, baran ýerlerimizde-de eşiden habarlarymyza görä Jüneýit hanam edil Eziz han ýaly kä iki, kä üç arada serimsal bolup ýörmüşin. Öz obasy Berdirkentde iliktrik astansyýasyny gurdurjakmyşyn, özbaşyna pul çykarjakmyşyn diýen ýaly gürrüňler çyn bolup çykaňsa dagy-ha ol oturan ýerinden ömürem gozganmaz. Mahlasy, olaryň üçüsiniňem göreşleri ownuk. Üzlem-saplam. Çygyrlary dar. Gerimleri giň däl. Iň ýamanam hersi birine elgarama. Göreşiň tutumy milli häsiýete eýe däl. Hemmesiniňem aňynda şol bir pikir: ähli türkmen bir ýere birikdirilip, bitewi bir döwlet dörediläýen ýagdaýynda kim ýurda baş han bolmaly? Ýurdy kim edara etmeli? Kim-kime boýun bolmaly? Şol orunda olaryň hersi özüni görýä, diňe özüniň şol orna mynasypdygynyň eýýämden ykrar edilmegini isleýä. Dogry, şeýlekin alanyňda hemmesem gowy, olaryň giren göreşine her bir öňýeten giribem bilmez. Ýöne, barybir hiç birem biziň göz öňüne getirýän adamlarymyz däl. Olaryň hiç birem hiç haçan biziň garaşýan göreşimizi giň gerimde ýaýbaňlandyryp bilmezler. Ýeri, bäş oýnam baýyň elinden gallasyny alyp on öýli garyba paýlanyň bilen ýurdy baknalykdan halas etdigiň bolarmy diýsene. Ol ýerde gallasy alynýanam, gallaly bolýanam ýene öz türkmeniň. Öz halkyň. Depgilenýänem, basgylanýanam öz topragyň. Däriň ysyndan ýaňa zaýalanýan öz howaň. Gönenýän bolsa ýene-de kesekiler. Enehakyda adamsyny tä soňuna çenli, sesini çykarman diňledi. Esli wagtlap aşak bakyp oturdy. Ahyram gabaklaryny galdyryp, indi birneme şöhlesi gaçyşan goňras gözlerini adamsynyň ýadawlykdan, ünji-aladalardan ýaňa ak esgä dönen argyn ýüzüne dikdi. – Men saňa düşündim, Ruhy. Sen dogry aýdýaň. Uly iliň aladasyny araýan adam beýdip, ýaramaz heleý ýaly her gün bir kes bilen baş goşup ýörmez. Olar ýaly ownuk göreşiň bize geregem ýok. Biz düýpli öwrülişik edibiljek, halka öňki erkinligini äberibiljek, ähli türkmen taýpalaryny bir ýere jemläp özbaşdak döwlet döredibiljek adama garaşýas. Mundan buýana hem şoňa garaşarys... Şol wagt gapydan giren Umydam, Durdy batyram onuň bu sözüni baş atyp makulladylar. Ähli guýulara ýaraglaryny ýygnap goýmak, täze bir habar düşýänçä öz gün-güzeranlary bilen meşgul bolubermek barada habar ýaýratmaklygy maksada laýyk gördüler. Aklardanam, iňlislerdenem, Oraz serdaryň özündenem göwni geçen Eziz hanyň 1919-njy ýylyň ýazynda indi ikinji gezek sowetleriň tarapyna geçmekçi bolup ýören wagty, ak gwardiýaçylar tarapyndan tutulyp, «galtaman”hökmünde gara ýöňkelip atylandygyny, şol ýylyň aýagynda bolsa Oraz serdaryňam ýurtdan çykyp gidendigini eşidenlerinde welin, olar barybir erbet gynandylar. Şonda Ruhy batyr, öz gaşynda ojaga ot salyp, çig odunyň tüssesine üsgürinjiäp oturan Enehakyda bakyp oturşyna uludan demini aldy-da: – Birneme öçügsiräk hem bolsa, olar Garagum çölüne umyt şöhlejiklerini saçyp duran sanlyja ýyldyzlardylar. Türkmen halkynyň entek bütinleý läşe öwrüläýmändigini dünýä ýüzüne äşgär edip duran gerçeklerdiler. Her niçik hem bolsa, netijesi puç bolup çykan hem bolsa, basdaşrak, syýasy taýdan dar düşünjeliräk bolsalar-da, olar özleriniň ýaş ömürlerini, ýagşy niýetlere sarp edipdiler... – diýdi. Ol: «Ýaş ömürlerini” diýmek bilen esasan Eziz hany göz öňüne tutupdy. Çünki, ak gwardiýaçylar tarapyndan ömür tanapy kesilen wagty, Eziz han ýaňy bir otuzdan agan jahyl ýigitdi. Aýtmaklaryna görä ol atyljak wagty kükregini açypdyr-da: «Göni ýüregimden atyň” diýip gygyrypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |