15:33 Ýeñilmedikler -17: Köne tanyş | |
KÖNE TANYŞ
Taryhy proza
1919-njy ýylyň güýz aýlarynyň bir güni, günortanaralar, Hakguýunyň gaýra çetini ýakalap ýatan aňňat-aňňat gum depelerinň arasyndan edil ýerden çykan ýaly bolup, bir bölek atly goşun göründi. Ony öňi bilen gara öýüň gamyşyna ýaplanyp, güýz gününiň güneşine meýmiräp, öten-geçenleri ýatlap oturan Ruhy batyr gördi. Ini ýakymsyz bir zady syzan ýaly haýallyk bilen ýerinden turdy-da, yzam bar bolaýmasyn diýýän ýaly boýnuny süýndirip goşunyň üstaşyry alyslara garady. Iri-iri sazaklardan aýlanan agylyň içindäki ýaraman sürüden galan lagar mallara ot-suw bermek, goturakyraklarynyň endamyna çör gaýnadylyp alnan garaýag çalmak bilen meşgul bolup ýören Enehakydany ýanyna çagyrdy. Oňa özlerine tarap süýşüp gelýän goşuny görkezdi. Şondan soň olaryň ikisem sessiz – üýnsiz şol tarapa garap duruberdiler. Tiz wagtdan bulara öýden başyny silkip çykan Umydam, onuň aýaly Dünýä-de gelip goşuldy. Bir zada ünsli seredýändiklerini görüp, agylyň yk tarapynda akja owlak bilen kowalaşyp ýören, on üç ýaşlaryndaky Arzuwam bulara tarap ylgady. Oýna mazaly kellesi gyzan owlajygam «mäläp” onuň yzyna düşdi. Tomaşakärlere Durdy batyryň aýaly Näzigem gelip goşuldy. Durdy batyryň özi ol wagt guýuda ýokdy. Umyt assyrynlyk bilen gelniniň gabarylyp duran garnyna seretdi. – Dünýä, bar sen Arzuwam al-da, öýe gir. Oglunyň bu sözüni Ruhy batyram goldady. – Umyt dogry aýdýar, gelin, bar sen gyzyňam al-da öýe gir. Nä wagt, nä zamana, bularyň kimdiklerem belli däl. Ýöne, dowla düşme. – Soň ol eýýämhaçan o ýerinden, bu ýerinden çyr-çykylyk, «haý-waý” eşidilip ugran tutuş hatara eşidiler ýaly edip hemleli gygyrdy. – Hiç haýsyňyzam dowla düşmäň! Öýli-öýüňie giriň-de, çykman oturyň! – Soň ol Näzige ýüzlendi. – Bar, senem öýüňe gir. Entegem hiç zatdan bihabar, kimsi gurtdyr-gatygyň, kimsi biş-düşüň, ýene biri kir-kimiriň aladasy bilen hysyrdanyşyp ýören aýallardyr, beýikden-pese inip, pesden – beýige dyrmaşyp gara öýleriň işiginden okkesdirme geçişip ýören oglan-uşaklaram Ruhy batyryň sesini eşidenlerinden duran-duran ýerlerinde çalarak diňtirgendiler-de, ur-tut öýli-öýlerine girmek bilen bodular. Näzigem gitdi. Dünýä hem gyzynyň elinden tutup öýe girdi. Owlajygam şol tarapa towsaklap gitdi. Ýöne, öýüň bosagasyndan bökjek bolanda aýagy çolaşyp ýykyldy. Kakynyp ýatyşyna zaryn-zaryn mäledi. Ýarpy göwresini gapydan çykaran Arzuw eglip ony eline aldy. Öýe saldy. Arka-boýnuny sypalaşdyrdy. Şondan soň hatara ümsümlik aralaşdy. Oňa çenli atlaryň ýaltalyk bilen burunlaryny «parryldadyşlary”, üzeňňileriň «şyňkyldysy”, hümür-sümür eşidildi. Kem-kemdenem golaýlaşdy. At aýagyndan göterilýän tot- tozan Hakguýuny gaplap aldy. Howada topragyň guraksy, mal deriniň ajymtyk ysy peýda boldy. Oňa çenli örä giden çopan-çoluklardanam taýklaryny galgadyşyp gelenleri boldy. Olar ur-tut ýaraga ýapyşmakçy boldular. Ruhy batyr olaram saklady. – Bäş üç sany tüpeň bilen giden goşuna kär edip bolmaz. Onsoňam hany, habarlaryny bir alaly, belki, suw-söl içip geçjekdirler. Belki-de azaşyp ýörendirler. Göwşüllän harby geýminiň, ýagyrnysy derden ýaňa besse-besse bolup duran, göwresine görä has uly görünňän kellesindäki gyzyl ýyldyzly papagyny ýeňsesine süýşürendigi sebäpli güýz günüdigine garamazdan maňlaýyndan burçak-burçak der akyp duran ýüzi çypar, aýaklary kelte bolansoň göwresi juda tagaşyksyz görünýäm, altmyşdan geçendigini güne göýdük bolan mýrşük ýüzündenem aňaýmaly ofiser guýa golaýlaberenden üzeňňä galaga-da, yzyna gaňryldy we çep elini dik ýokary göterdi. – Ostanawi-i-is!.. Atlylar öňli-soňly saklandylar. Şonda goşun edil derýa deý tolkun atdy. Ondan-mundan soldatlaryň özara sesleri eşidildi. Kem-kemden gowura öwrüldi. Ruhy batyr belentlikden dýşdi-de, ofisere tarap howlukman gadam urdy. Enehakyda hem onuň yzyna düşdi. Ol ikisiniň özüne tarap gelýänini görüp, komandirem atyndan düşdi. Elindüki jylawy özi bilen deňine diýen ýaly atdan düşen soldatyň eline tutdurdy. Gybyrdyklap Ruhy batyryň öňünden çykdy. Iki elini uzadyp görüşdi. – Omanmy ssen? Isenmi ssen? Ýakşymy? Kurkunmy? – diýip, geň bir dilde gürledi. – Biz suw içmek... – Ol elini goşuna tarap salgady. – Adamlar suw içmek... Atlar suw içmek... Soň biz gitmek... – Siz gyzyllarmy – diýip, Ruhy batyr sowukganlylyk bilen sorady. – Da, da! Biz kyzyl. Kyzyl koşun. Lenin... Ponimaýte?.. Sowetskaýa wlast... Bolşewiki... Rewolýusiýa... – Siz nireden gelip nirä barýarsyňyz? Ofiser barýan ugruna tarap elini salgady. – Ol ýerde duşman bar. Kaltaman... Basmaç... Biz ony kowmak... Urmak. Ponimaeýete?.. – Siziň galtaman, basmaçy, duşman diýýänleriňiz kimler? – Duşman? Kaltaman? Basmaç? Eto te kotorye ne hotýat sowetskoý wlasti. Olar aklar dosty. Ingliz dosty. Duşdummy? Olar ýok boldy... – Ofiser sag eliniň başam barmagyny taýzardyp Ruhy batyra tarap uzatdy. – Hammusy, zat «wo” boldy! – Ýurt eýeleri duşman, basmaçy, galtaman boldular, bularam ýurduň tertip-düzgünini düzedýän boldular – diýip, Ruhy batyr özbaşyna diýen ýaly gürledi. Komandir muny barybir eşitdi. Ýöne, çalarak eşitdi, düşünmedi. Şonuň üçinem ol” – Da, da! Toçno tak! Porýadok boldy, ýakşi boldy. Sen ýakşi ýaşady, men ýakşy ýaşady... – Ol «ýyrş” edip Enehakydanyň ýüzüne seretdi – Ol ýakşy ýaşady, hammusy ýakşy ýaşady. Tak hoçet Lenin... Poetomu i rewolýusiýa... – Bu geň adamyň özündenem geň çalgyrt diline geň galyp, ýüzüne çiňerilip duran Enehakyda birdenkä oňa tarap öňküsindenem üýtgeşik bir üns bilen üşerildi-de: – Hi-iýh!.. – etdirip içini çekdi. Ýakasyny tutdy. Bir ädim öňe süýşüp ony ýene bir gezek içgin synlady. Soňam gaňrylyp äriniň ýüzüne seretdi. – Ruhy-y... Bu şo-ol, sallat ýaly-la?.. – Ol ýene-de öwrülip ofiseri alkymlady – Sen sallatmy? Myhman onuň soragyna düşünmedi. – Ýuk, men soldat däl. Men ofiser. Komandir. – Ol elini goşuna tarap aýlady. – Wo! Soldaty ine, şular... A ýa komandir. Krasnyý komandir. – Sen haýsy sollat barada soraýaň, Enehakyda – diýip, Ruhy batyram aýalynyň ýüzüne soragly bakdy. – Ýa sen ony birine meňzedýäňmi? – Ýok, men ony hiç kime meňzedemok. Bu şol. Sallat. Ho-ol, birinji gala urşundan soň, ikinji gala urşuna çenli biizň öýümizde, ýesirlikde bolan sallat. – Ol gör indi näçenji gezekdir kmandiriň ýüzüne dikanlady. – Sen şol gerek? Dünýä rewolýusiýasy barada ýaňy bir uly joşgun bilen gürläp başlan komandirem şondan soň sesini «tapba” kesdi-de, ete bökjek pişik ýaly ýapyrylyp Enehakydanyň ýüzüne seretdi. Bir zatlary ýadyna saljak bolup aňyna agram berdi. Kem-kemdenem ýüzi üýtgäp başlady. Ak kirpikleri çalt hem üznüksiz gypyrjyklady. Maňlaýy, ýaňaklary gyzgylt öwüsdi. Ýüzüniň menekleri öňküsindenem köpelen ýaly boldy. Birdenem dikeldi-de, damarlak hem uzyn barmakly elleri bilen ullakan kellesini penjeledi. Jaýryklary ganjaryp duran guraksy, galyň dodaklaryny üsti ap-ak, gyzgylt dili bilen ýalady. Soňam: – O, bo-ože-e!.. – diýip, ýogyn sesi bilen eýmenç gygyrdy. – Neuželi Ene? – komandir Enehakyda tarap barmagyny çommaltdy – Sen Ene? Ty Ene da? – Ol gujaklaşmak üçin däl-de, begenç duýgularynyň iňňän joşgunlydygyny alamatlandyrmak üçin gollaryny giňden gerdi. – Da! Ty Ene! Ene! Ene-e-e!!!.. – Sesiniň soňy paýawlap ýetişmänkä-de özüni Enehakydanyň aýaklarynyň aşagyna oklady. – Ene! Men seni gözledi! Gökdepe gözledi, Aşhabat gözledi, no, tapmady. Köp-köp sorady, opýat tapmady. Men seni wsegda ýatlady. Tam sebýa w dome tože ýatlady. – Komandir hasanaklap ýerinden galdy-da, ellerini asmana serdi. – O bože! Spasibo tebe! – Şondan soň, ol Ruhy batyra tarap eňegini taýzartdy. – Ene, bu senki adam? Muž? – Enehakyda çalarak başyny atandanam Ruhy batyry alkymlap uly şowhun bilen sözüni dowam etdirdi. – Ponimaýte?.. Geok-tepe.. Kala... Uruş... Men ýaraly... Men ýesir... Plennyý... – Komandir Enehakyda tarap tutuş göwresi bilen owsun atdy. – Ene... potom Baýramgül daýza... Ýeşe Molla aka... Hammusy meni saklady... Bejerdi. Woobşem leçili... Men ýakşi boldy... Soň Skobelew keldi, men kitdi. Rossiýa bardy, bolşewik boldy, rewolýusiýa gatnaşdy, göreşdi, sizi uran ak patyşany ýykdy, potom opýat Türküstan geldi. Za wlast sowetow göreşdi. – Çägä oýkalandygy zerarly çaňjaryp duran maňlaýyny ol ýene-de Enehakyda tarap öwürdi. – Men seni gözledi, potomu to saňa: seňki galany ýykan ak patyşa indi ýok, diýmek isledi. Seňki begendirmek isledi. Men sen üçin gyzyl boldy. Sen üçin rewolýusiýa etdi. Za Geok-tepe ar aldy. Men indi seni gördi, maksat ýetdi. Ors patyşa kotoryý zawoewal Ahal, indi ýuk. – Ol şatlykly, ýylgyryp gollaryny gerdi – Kuku!.. – Adam pahyr ölmese ahyr bir gün birek-birege dahyl boljak ekeni-ow... – diýip, Enehakyda başyny ýaýkap durşuna öz-özi bilen gürleşýän ýaly ýuwaşja seslendi. Bir wagtlar öz öýünde ýesirlikde bolan, indem uly goşunyň öňüni tartyp, ikinji gezek Ahala ot sowrup, gylyç syryp gelen Aleksandr Iwaşowyň, ýüzüne ynjyly garady. – Sen meni begendirmek isleýärsiň, sallat, azatlyk getirdim diýýärsiň. Hany ol seniň getiren azatlygyň? Ak patyşa diňe galanyň içini gassaphana öwüren bolsa, seň diýýän hökümediň tutuş Garaguma gan çaýkady... Men munuň nämesine begeneýin? Iwaşow onuň aýdanlaryna doly düşünmese-de, garaz, manysyny aňdy. – Ni,ni, biz ýakşi. Kyzyl ýakşi. Dlýa sowetskoý wlasti baý, karib, hamusy bir deň. No, baýem sowetskiý wlast ne nužen. Olar indliz dosty. Indliz olary ol türkistany aljak isledi... – Siziň hemmäňiziňem niýetiňiz şol, sallat. Siziň hiç biriňizem bu ýere türkmeniň gününi gowulandyrmak üçin geleňzok. Öz bähbidiäizi arap gelýäňiz. Siz öňki gezek geleniňizde-de, şu gezek geleniňizde-de şol maksat bilen geldiňiz. Size ýer-ýurt, mal-mülk, aňsat gazanç, mugt eklenç, baýlyk, gul, hyzmatkär, goýun eti, haly, at gerek. Reňkiňiz üýtgese-de, pygly-päliňiziň şol bir durşy. Ak patyşanam siz biziň üçin däl-de, tagtyna özüňiz çykmak üçin ýykdyňyz. Ak patyşa bakna boldy, gyzyl patyşa bakna boldy, türkmen üçin tapawudy ýok – Enehakyda bir ädim yza süýşdi-de, öňküsindenem has dözümliräk gepledi. – Ýok, sallat, bize siziň bu zeýilli azatlygyňyz gerek däl. Biz ak patyşanyň raýatlygynam kabul etmedik, gyzyl patyşanyňkynam etmeris. Biz diňe orsuň iň soňky salladynyň ülkeden çykyp giden güni özümizi erkin duýarys. Şoňa çenli geçiren günlerimiziň hemesini baknaçylyk hasap ederis. – Enehakyda uludan demini aldy. – Şonuň üçinem, meni begendiresiň gelýän bolsa git! – Ol Iwaşowyň otrýadyna tarap elini serdi. – Bu, jeňňimaglubaňam al-da, git. Özüňem juda basym git. Gelen yzyňy ýel çalmanka git. Ýurtdan çyk. Bar-da, öz öýüň aladasy bilen bol. Gaýdybam gelme. Gelseňem oksuz, ýaragsyz gel. Ýagşy niýet bilen gel. Myhmançylyga gel. – Enehakyda guýa tarap elini salgady – Honha suw! Içiň! Atlaryňyzam ýakyň, gaplaryňyzam dolduryň. Isleseňiz goş ýazdyryň, biz sizi taňry myhmany, köne tanyşmyz hökmünde myhman alaly. Mal soýup hezzetläli. Ýöne, töwirden soň göni yzyňyza gidiň... Enehakydanyň ýüreginden syzdyryp aýdan bu sözleri gzyl komandire diýseň güýçli täsir etdi. Şeýle-de bolsa ol öz ynanjyna, galyberse-de gulluk borjuna görä, bolşewikleriň düzgüniniň ak patyşanyňka garanda kän-kän adalatly boljakdygyny Enehakyda-da, aýalynyň aýdýanlaryny baş atmak arkaly makullap duran Ruy batyra-da, kem-kemden daşyna ýygnanyşyp ugran beýleki çarwalara-da dert-azar düşündirjek boldy. Janykdy. Gala söweşinde patyşa goşunyna garşy ähli han-begler bilen bilelikde deň durup söweşen, hatda şol söweşe ýobaşçylyk eden, gala synandan soň ak patyşa gulluga durup, birnäçe gezek Peretburga gidip gelen we podpolkownik çinine eýe bolan, Marynyň Orsyýede uruşsyz birikmeginde uly rol oýnan Magtymguly hanyňam bolşewikleri güler ýüz bilen garşy alandygyny uly hyruç bilen tymsal getirdi. – Gepem şonda-da... – diýip, ahyry Ruhy batyram söze goşuldy. – Şol, siziň diýýän han-begleriňiziň messepsizliginde-dä... Düýn ant içip garşysyna göreşen adamlary bilen ertesi saçakly gatnaşyp bilýändiklerinde-dä... Soň olardanam ýüz öwrüp, palçawikleri gujak açyp garşylandyklarynda-da. Biz welin ony edip bilemzok. Edip bilmerisem. Sebäbi biziň ýasawymyz şeýle. Maksadymyz başga. Şonuň üçinem, tagta kim çyksa-da, syýasatyňyz hernäçe üýtgese-de tä, ýurtdan çykyp gidýänçäňiz biz siziň bilen uruş ýagdaýynda durarys. Erkinlimizi isläris. Iwaşow ysgynsyz ýylgyryp başyny ýaýkady. Bir zatlar diýdi. Ýöne, Ruhy batyr düşünmedi. Düşünegem bolmady. Düşünnesem gelmedi. Ol assa ýöräp gara öýüň sag gapdalyndaky sazagyň syk örülip, üstündenem suwalan ketegiň ýanyna bardy. Agzyna goýlan örme gapagy açdy. Elini sokup owadanja, akja kepderini çykardy-da, asmana tarap oklap goýberdi. Guş göge göterildi. Kem-kemdenem belende galdy. Galdygysaýam kiçeldi. «şapyrt-şapyrt” edip aşyr atdy. Asmana bakyp, keltejik aýaklarynyň üstünde abşanaklap duran Iwaşow naşyja kepderiniň oýnuna uzak wagtlap syn etdi. Gapdalynda duran uzynak ýaşulynyň şo-ol, meşhur Guşly batyrdygynam ol diňe şondan soň bilip galdy. Has dogrusy, güman etdi. Çaklady. Ýöne, näme üçindir bu barada dil ýarmady. Gybyrdyklap gitdi-de, öý eýeleriniň ygtyýar bermekleri bilen suwdan mazaly ganmaga, atlarynam suwarmaga ýetişen esgerleri nyzama duruzdy. Üç topdan ybarat agyr artilleriýanam olaryň öňüne geçirdi-de: – Mundan otuz sekiz ýyl ozal, Rus imperialistik basybalyjylaryndan Gökdepe galasyny gorap, gaýduwsyz gahrymançylyk görkezen Ahal ilatynyň şanyna üç gezek zalp bilen ot açyň!.. – diýip, buýruk berdi. Toplaryň gümmürdisinden ýaňa çöl sarsdy. Müňlerçe ýyl bäri beýle zenzele görmän meýmiräp ýatan gum gerişleriniň üstündäki gyzgylt ürgün çägeler peslige tarap zire-zire bolup ykdylar. Guşly batyryň ketegiň daşynda, iým çokuşyp, «gummurdaşyp” ýören beýleki kepderileriniňem barysy birden «güsürdeşip” asmana göterildiler. Hälki akja owlagam «lägirip” öýden çykdy-da, nirä gitjegini bilmeýän ýaly duran ýerinde telim ýola pyrlandy. Şol wagtam gara öýüň açyk gapysyndan Arzuwyň ýüzi göründi, soňam özi towsup çykdy-da, ata-enesiniň duran ýerine tarap gaýtdy. Ilk-ä topuň sesinden erbet gorkan, soňam bar zadyň gowulykdygyna gözi ýeten adamlaram, oglan-uşakdyr, gyz-gelinlerem ýekeden-ikiden öýlerinden çykyşyp başladylar. Umydyň aýaly Dünýä-de çykdy. Ol ýuwaşja ýöräp adamsynyň ýanyna geldi. Pyşyrdap bir zatlar sorady. Adamsynyň jogabyndan soň: bolýa-la oar ýaly bolsa, diýen manyda uludan demini alyp daş-töweregine garanjaklady. Kakasyna gysmyljyrap duran gyzynyň başyny sypalady. Gapdalyna dykylyp gelen Näzige bir zatlar diýdi. Düşündirdi. Näzik başyny atyp gaşlaryny gerdi. Uludan demini aldy. Şondan soň Hakguýa parahatlyk aralaşdy. Ruhy batyr olara işli-işleri bilen bolmaklygy tabşyrdy. Geleli bäri onuň daşynda köwejekleşip, Iwaşow bilen edilýän gürrüňleri diňläp duran çopanlaram assa-ýuwaş dagaşdylar. Baryp göni öýüne girenem, egri taýaklaryny eginlerine atyşyp, şol ýerden ýene-de mal üstüne gidenlerem boldy. Ugramazlarynyň öň ýany hoşlaşmak üçin Iwaşow ýene-de Ruhy batyryň öz maşgalasy bilen topbak tutup duran ýerine geldi. – Körjek, körmejek, razy boljak... – diýip, başlanda sesi diýseň gamgyn çykdy. Ruhy batyryň, Umydyň elini gysanda gözlerine ýaş aýlandy. Soň ol ýene bir gezek Enehakyda baş egdi. Onuň birwagtlarky, owadan keşbini ýadyna saljak bolup kösendi. Şonda ol bir wagtlar, bir zatlara imrinen ýüreginiň töründe bir ýerde süýjümtik yza duýdy. Süňňi sarsdy. Saly gowşady. Şeýle-de bolsa basym özüni ele aldy. Mümkin boldugyndan ýüzüne şadyýanlyk alamatlaryny çaýmaga çalyşdy. Öý eýeleriň hersiniň ýüzüne seredip zoraýakdan şylgyrdy. Edil ýaş ýigit ýaly göwresini göneltdi. Tagaşyksyz kelte aýaklarynam jüpledi-de, goşun generalynyň öňünde raport berýän kiçi çinli ofiser ýaly sag elini papagynyň gaşyna ýetirip, harbylarça çest berdi. – Hoş! Hammusy sag bolsun!.. Ol ýene bir zatlar diýjek boldy-da, damagy dolup yzyny aýdybilmedi. Hamsykdy. Elini aşak goýberdi. Goşuna tarap öwrüldi. Baryp atlandy. Esgerlerine ugramak barada buýruk berdi. Öý eýelerine tarap täzeden bakmana welin mejaly bolmady. Şol wagt ol atyň üstüne göterilip mündürilen aglak çaga meňzedi. Ol diňe iki alaň aşandan soň at başyny çekdi-de, gaňrylyp guýa tarap seretdi. Şonda onuň gözi ak depäniň üstünde ülker deý toplanyşyp duran hümere düşdi. Olar Ruhy batyr, Enehakyda, Umut, Dünýä we Arzuw. Şeýle hem olaryň birnäçe goňşy-golamlary. Olaryň daşyndan aýlanyp, bökjeläp ýören akja owlajygy welin ol saýgarmady. Ençeme wakalary başyndan geçiren türkmen halkynyň şanyna dikilen baýdak kimin pasyrdap duran Enehakydanyň egnindäki ýaşyl köýnek şol wagt onuň gözýne näme üçindir entek döwlete öwrülip ýetişmedik türkmen halkynyň geljekki tugy bolup göründi. Guşly batyryň ak kepderisi bolsa, ýeriň ýüzi bile nassa-ýuwaş süýşüp barýan goşunyň kä öňüne düşüp, kä ardyna aýlanyp, käte bolsa dik depesinde perwaz urup, ugradyp gidip barýar. Ol diňe goşun Hakguýudan seredeniňde asman bilen Zeminň tapyşýan ýerine ýeteninden soň yzyna dolanyp geldi. Gelişi ýalam aşak indi-de, «pel-pelläp” käbirleri Guşly batyryň egnine, gondy. Şondan soň Guşly batyryň häliden bäri Hakguýunyň üstünden “şaglap” kä eýläk, kä beýläk agyp-dönüp ýören beýleki kepderilerem “güsürdeşip gondular. Gös-göni ketegiň üstüne gonanlaram, ýüzugra içine sümülip gidenlerem, galan-gaçan dänelere güýmenip ketegiň agzynda eglenenlerem boldy. Hemmesiniň birigip «gummurdaşmaklary” bolsa, ýeňilmedikleriň ýerleşen giň golunyň içinde üýtgeşik bir owaz bolup ýaňlandy. Şol wakadan soň köp wagt geçmänkä, Umydyň ogly boldy. Mollahakydanyň hatyrasyny tutup, onuň adyna Hakyda dakdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |