15:36 Ýeñilmedikler -18: Türkmenistan döwletiniñ döredilmegi | |
TÜRKMENISTAN DÖWLETINIÑ DÖREDILMEGI
Taryhy proza
Tizara aklaram, iňlislerem ýurtdan çykyp gitdiler. Has takygy çykaryldylar. Gyzyllar ýeňdiler. Ýurtda sowet häkimiýeti berkarar boldy. Belli bir sebitiň çäginden çykyp bilmeýän hem bolsa, külli türkmen topragy boýunça henizem baknalyga garşy göreşýän ýeke-täk güýç galdy, o-da Jüneýit han. Ýöne, onuň ýagdaýy öwerlik däl. Çünki ol ýeke. Azlyk. Täze hökümet bolsa gün-günden güýçlenýär. Berkeýär. Iň ýamanam onuň gerimi giň. Çägi uly. Birnäçe aýry-aýry döwletleri öz içine alýar. Şolar ýaly äpet aždarhanyň agryndan diňe bir türkmen ýurduny ýa-da onuň bir sebitini aýratynlykda alyp çykmak asla mümkin däl. Belki, şol zatlar barada pikir edendir, 1918-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, Söwet häkimiýetini ýykmak üçin Dörtgüldäki eden söweş çäreleri şowsuz tamamlanandan soň, Jüneýit han bilen uruşmazlyk barada şertnama baglaşypdy. Şol ýagdaýdan peýdalanyp, Zakaspiý frontunyň ştaby ondan front üçin 700 atly ibermegini haýyş edipdi. Emma, Jüneýit han oňa razy bolmandy. Iberäýdigi öz nökerleriniňem Eziz hanyň nökerleriniň gününe düşerinden, bir bahana bilen olaryňam ýaragsyzlandyrylaýmagyndan ätiýaç edipdi. Emel bilen özüni güýçden gaçyrjak bolýandyrlar öýdüpdi. Bardy-geldi ibermeli bolaýanda-da öwezine iňňän köp mukdarda pul talap edipdi. Üstesine-de, öz iberjek nökerleriniň Oraz serdaryň ýa-da Eziz hanyň garşysyna ulanylmaly däldigini sowet häkimetiniň öňünde şert edip goýupdy. Muňa bolsa ştabyň işgärleri razy bolmandylar. Megerem, şol sowuklyk şertnamanyň bozulmagyna sebäp bolan bolsa gerek, 1920-nji ýylyň başynda Jüneýit han ýene-de sowet häkimiýetine garşy baş göterdi. Bedirkentde, Gazawatda gazaply çaknyşyklar bolup geçdi. Ýöne, ol soweş çäreleri barybir ýene-de gyzyl goşunyň peýdasyna gutardy we han öz ýakyn adamlary bilen guma, Akjaguýa çekildi. Bolup geçýän bu wakalardan elbetde, Hakguýudakylaram habarlydylar. 1921-nji ýylyň ýazynda bolsa, Hakguýudakylar Han işan diýilýän bir adamyň ýolbaşçylygynda Owganystandan, Şyhym sülgüniň ýolbaşçylygynda Eýrandan Jäneýit hana müňlerçe tüpeň, pulemýot, ok, däri we başga-da birnäçe harby maksatly harytlaryň getirilendigini eşitiler. Ýöne, şol harytlary alanyndan soňam onuň näme üçin tutuş üç ýyllap hiç-hili harby hereketleri amala aşyrman sessiz-üýnsiz ýatandygyna welin, düşünip bilmediler. 1924-nji ýylda, Jüneýit hanyň Palçykly diýen ýerde ornaşan döwürleri oňa goşmaça kömek hökmünde Owganystandan ýene-de 270 düýe ok-däri gelendigini, şondan soň onuň ähli güýjüni bir ýere jemläp, sowet häkimiýetine garşy gaýtadan aýaga galandygyny, sähel wagtyň içinde Daşhowuz, Maňňyt, Şabat, Gazawat, Haňka ýaly etraplary eýeläp, ýene-de Hywa howp salyp ugrandygyny eşidenlerinde welin, ýeňilmedikler edil çaga ýaly begendiler. Şu gidişine gidiberse, onuň öz sebitlerinde doly ýeňiş gazanyp, beýleki türkmen welaýatlaryna tarap süýşmegine, aýaga galdyryp, ýurdy basybalyjylardan doly halas etmegine gör indi näçenji gezekdir umyt bagladylar. Şeýle mümkinçiligiň döräýen pursady äm-säm bolup durmaz ýaly, hany irikgä etmän, «häh» diýeninden «mäh» diýýäge-de alnyna barar ýaly, aşaklyk bilen, öz aralarynda bölek-bölek otrýadlar düzdüler, bu gezegem öňki ýaly olara onbaşylar, ýüzbaşylar bellediler. Her guýuda harby-türgenleşik işlerini geçirdiler. Esasanam öň uruş görmedik ýaş ösdürimlere söweş tärlerini, düzgün-nyzamlaryny öwretdiler. Emma olaryň begençleri uzaga çekmedi. Gyzyl goşunyň birleşen güýçleri Jüneýit hanyň nökerlerini çym-pytrak edipdir, onuň özi bolsa ýene-de guma çekilipdir, diýen habar olary edil çapyp barýan atyň ýüzüne urlan ýaly etdi. Olar ýene-de ýaraglaryny söküp ýagly keçelere dolamaga, çöpe sokmaga, guma süsdürmäge, ýygnan nökerlerini dargatmaga mejbur boldular. Şol ýylyň güýz aýlary gelip ýeten geň habar welin ýeke bir Hakguýudakylaryň däl, eýsem gum içine ýaýran ýeňilmedikleriň ählisiniňem aklyny haýran etdi. Ol habarda sowet hökümetiniň hut özüniň, öz düzümine girýän başga-da birnäçe döwletler bilen bir hatarda, türkmen topragyny hem Türkmenistan Sowet Sossialistik Respublikasy diýip ýylan edendigi barada aýdylýardy. Bu türkmen döwletiniň döredendigini aňladýardy. Bu, elbetde, çözgüdini tapyp, amala aşyryp bilmedik hem bolsalar, Jüneýit han, Eziz han, Oraz serdar, ondan aňyrda Nurberdi han, Gowşut han ýaly han-begleriň, serkerdeleriň öňlerinde goýan maksatlarydy, Magtymguly Pyragy ýaly akyldar şahyrlaryň edip giden arzuwlarydy, galyberse-de tutuş halkyň islegidi. Guwanmaly, begenmeli zatdy. Bu hut şeýle hem boldy. Muňa hemmeler begendiler. Tutuş türkmen halky bilen bilelikde gum içinde oturan ýeňilmediklerem begendiler. Ur-tut toýa başladylar. Hersi öz guýusynda toý tutan gumlularyň barysy soňy bilen Hakguýa ýygnandylar. Biri-birlerini, Ruhy batyry, Enehakydany täze dörän döwlet bilen gutladylar. Şeýle ägirt uly meseläniň duýdansyz ýagdaýda, öz-özünden onda-da basybalyjylaryň özleri tarapyndan şeýle aňsat çözülip oturyberendigine haýran galdylar. Iwaşowyň aýdyşy ýaly, sowet hökümediniň hakykatdan-da adalatly ekendigine, türkmen döwletini döretmek bilen ak patyşanyň ýalňyşyny düzetmek isländigine, basym özleriniňem ýurtdan çykyp gitjekdiklerine ynandylar. Mal soýdular, şatlandylar, at çapdyrdylar, göreş tutdurdylar, bagşy aýtdyrdylar. Bu toýuň çykdajysyndan hiç kim çetde durmady. Hiç kim, hiç zadyny gaýgyrmady. Telim günläp märekäniň ähli gürrüňi orslaryň indi haçamrak ýurtdan çykyp gitjekdikleri, özleriniňem kem-kemden oba tarap süýşüberselerem kem bolmajakdygy barada boldy. Haýal etmän, Ruhy batyryň ýolbaşçylygynda on-on iki adamdan ybarat wekilçilikli topary täze dörän türkmen döwletiniň ýolbaşçylarynyň ýanyna ibermek barada teklip edenlerem boldy. Çünki, täze döwletiň başynda oturanlaram eýýäm türkmen ýigitlerimişin. Olaryň bir-ä asyl, bir wagtlar Gowşut hanyň sag goly bolup gezen Täçgök serdaryň oglumyşyn. Ol indi gumlularam öz ganatynyň aşagyna alar. Biz indi ýene-de öňkümiz ýaly erkin ýaşarys. Baknalykdan halas bolarys. Biz şu güne köp garaşdyk, ine, ahyrsoňy oňa-da ýetdik „ýaşasyn gyzyllar“, diýip, arkan-ýüzün gaýyşanlaram tapyldy. Şeýle paýhasly hereket edendigi üçin, Lenini pygambere deňänlerem boldy. Ýöne, Enehakydadyr – Ruhy batyr ýaly adamlar bu zatlara düýbünden başgaça garadylar. Dogry, olar birbada halkyň badyny almak islemediler, kynçylyk baryny gördüler, gam baryny çekdiler, goý, biraz begensinler, şatlansynlar, diýdiler. Içki duýgularyny äşgär etmekden saklandylar. Ýöne, öňli-soňly ençeme güne çeken toý dabarasyndan soý geçirilen çynlakaý maslahatda welin, Ruhy batyr özüniň oý-hyallaryny halka anyk hem açyk beýan etmän durup bilmedi. ─ Elbetde ýalanam bolsa hoş habar ýagşy – diýip, ol uludan demini aldy-da, daş-töweregini gallaşyp oturan ýaşulydyr-ýaş kiçileriň ýüzüne ýeke-ýeke seredip çykdy. – Bu habaryň owazy gulaga ýakymly. Howalasy belent. Tagamy datly. Şunça günläp, şunça toý tutulmagyna, şagalyň edilmegine mynasyp. Ýöne... – Hamala ol ýakymsyz bir zat aýdaýjak ýaly, oturanlaryň barysy birden Ruhy batyra tarap üşerildiler. Arasy daşraklar bolsa şol aralygy gysgaltmak üçin bir gulaklaryny oňa tarap keýerdip, aşak-aşak ýapyrylyşdylar. Ruhy batyryň özem soňky aýtjak sözleri hemmelere doly eşidiler ýaly göwresini dikeldip boýnuny süýndürdi. Sesine bat berdi. – Ýöne, barymyzyň bir zada berk düşünmegimiz gerek, ýagny, bu döwletimiz biziň o-ol, arzuw edýän döwletimiz däl. Has takygy ady biziňkem bolsa, özi biziňki däl... – Ol pikirini has aýdyň beýan etmek üçin, säginip, has degerli, düşnükli söz gözledi. Bütin durky bilen düýrükdi. – Dogry-y, biziňkiligine biziňki, ýöne, biziň ygtyýarymyzda däl. Biz diýip men ýeke özümizi däl-de, ähli türkmen halkyny göz öňüne tutýan. Bu döwlet biziň hiç birimiziňkem däl. Edil öňküsi ýaly jylawy ony guran adamlaryň elinde. Onuň aňyrsynda ýene-de ors hökümedi dur. Öň Nekelaý patyşa depämizde gamçysyny bulap duran bolsa indi onuň ýerine Leýlin otyr. Hiç hili üýtgän zat ýok. «Kaspiniň aňyrsyndaky oblast» sözüni «Sowet Türkmenistany» diýen söze çalyşanlary bilen üýtgän zat bolmaz. Meniň pikirimçe, olar muny türkmenleri Orsyýetde oturan ýerlerinden has arkaýyn, türkmenleriň hut öz eli bilen dolandyrmak üçin şeýtdiler. Döwlet başynda oturdylan şol türkmen ýigitlerine men akmak ýa nadandyrlar diýip biljek däl. Nämäň-nämedigine düşünýän däldirler, duşmanyň sapalagyna köre-körlük bilen eýerýändirler diýen düşünjedenem daşda. Olaram şu wagt edil biz ýaly bu täzelige çyn ýürekden begenýändirler, öň türkmen topragyny gana çaýkan ak patyşany ýok eden güýç hökmünde bolşewiklerden kän-kän gowulyklara garaşýandyrlaram, özleriniň hakykatdan-da garaşsyz, özbaşdak döwlet boljakdyklaryna umydam baglaýandyrlar. Şunuň üçin olar öz halkyma, öz ýurduma edýändirin öýdüp, täze döwlete ak ýürekden hyzmat ederler, janam çekerler, ýöne, ahyrsoňunda barysy puç bolup çykar, bir gün geler, şonda eden hyzmatlary üçin muzdlary gara gylyç bolar. Olary gerek ýerine çenli ulanarlar, boldum eden günlerem oturaga-da başlaryny iýerler, süýeklerini gemrerler. Soň olaryň ornuna türkmeniň başga bir ogulllaryny goýarlar, ýöne özünden öňdäkileriň düşen gününden gözi gorkan o ýigitler bulara görä birneme ätiýaçlyrak bolarlar, olardan soňkularda bolsa asla, ýürek, öt bolmaz. Sessiz-üýsiz hyzmat ederler. Baýarlaryndan soraşman özlerine balagam satynaly bilmezler. Ojaklarynda bulamagam bişirinibilmezler. Şonuň üçinem, bu wagtky baştutanlaryň ýanyna barşymyzam edil Eziz handyr, Oraz serdaryň ýanyna barşymyzdan enaýy bolmaz. Belki, onça-da bolmaz. Çünki, olar-a güýç, guramaçylyk taýdan ejizräk hem bolsalar erkindiler, hiç kime göz-görtele elgarma däldirler, hatda goşulaýan wagtlaram ne gyzyllara, ne aklara doly boýun egmändiler, berilýän buýruklara köre-körlük bilen eýgermändiler, ýönetemräk hem bolsa, hiç kimiň tabynlygynda bolmadyk, özbaşdak döwlet döretmekligiň höwesindediler. Jüneýit han-a häzirem şol höwes bilen hereket edip ýör. Ýöne, indi o-da öz umyt-arzuwlarynyň howaty-hyýata öwrülip ugranyna göz ýetirene meňzeýär. Şonuň üçinem ol köpden bäri hereketsiz ýatyr. Häzir täze hökümediň olam, bizem öz tarapyna çekesi gelýändir. Her hili mylakatly sözler, ýaraşyklar, geleşikler taýýarlaýandyrar. Ýanlaryna barsak bize-de: „Her niçik hem bolsa ata-babalaryymzyň arzuwy hasyl boldy, döwlet gurduk, geliň-de sizem bize goşulyň“, diýerler. Olar şu sözi Jüneýit hana-da aýdarlar. Egerde, ol teklibi birimizden-birimiz kabul edäýsek, onda şony kabul eden tarapy kabul etmedik tarapyň garşysyna sürerler. Birimizden birimiz kabul etmedik halatymyzda-da şol ýagdaý gaýtalanar. Egerde, hiç birimizem kabul etmesek, onda olar şol iki tarapyň üstüne-de goşun sürerler. Tä, ýok edýänçäler ynjalmazlar. Ynjalmazlaram, ynjaltmazlaram. Çünki, bular öňkülere görä has aç. Bulary ýeke bir ýer-ýurt däl, arzan et, mugta ýakyn çörek tölegsiz işçi güýji gerek. Syýasatda, etmeli işlerini öňküler etdi. Tä, Owgan serhedine çenli çägini giňeltdi, bular indi şol zatlaryň hözürini görmeli. – Beýnisine agram salyp gepländigi zerarly Guşly batyr ýadadymy, nämemi, sözüne dyngy berdi-de, barmaklarynyň ujy bilen iki jikgesini owkalady. – Egerde, bu süýji habara imrigip olara hoş söz beräýsek oba dolanyp baraýsak, onda şu çaka çenli çekip gelen jebirlerimiziň barysy puç bolar. Orsyýede tabyn boldugymyz, giň Garagumyň erkinligini uly-uly şäherleriň sowuk jaýlaryna, dar köçelerine ça;yşdygymyz bolar. Ruhy batyr sözüni tamamlandan soň, çat maňlaýynda oturan Durdy batyryň özüne uzadan okarasyndaky ýüzi köpürjikläp duran göm-gök düýe çalyndan tä, ganýança içdi-de, gapdalynda oturan ýigitleriň birine geçirdi. Soň o-da şeýtdi. Märekä dymyşlyk aralaşdy. Durdy batyr bir dyzynyň üstüne galdy-da, endigine görä, ellerini hereketlendirip başlady. ─ Adamlar! Kimde b-başga teklip b-bar? Ýene kim näme d-diýjek? – Hiç kimden ses çykmady. Şondan soň ol: ─ Siz erkinsiňiz, egerde täze hökümede goşulasy gelýäniňiz bar bolsa, a-arkaýyn g-gidip blersiňiz – diýdi. – Biz bu barada-da Ruhy batyr bilen gepleşdik. Ol bu pikire garşy däl. Şol hereketiňiz üçin h-hiç kim sizi ýazgarmaz. Ruhy batyr makullaýjylyk bilen baş atdy. Ana, şondan soň welin, ullakan gara öýüň içinde «hyň» berip oturan märeke durşy bilen gowra öwrüldi. ─ Sen nädip bize beýle sözi aýdybilýäň, Durdy batyr? ─ Biz näme, hemmämiz bir ten, bir jan dälmidiris? ─ Ruhy batyr, sen nädip oňa beý diýmäne rugsat barýäň? ─ Şunça ýyllap gulluk eden maksadymyzdan biz tä ölýänçäk dänmeris. ─ Ölsegem dänmeris. ─ Biz şu ýoly saýlap aldyk, şu ýol bilenem gideris, diýýän özüň dälmidiň, Ruhy batyr!.. Ruhy batyr elini galdyrdy. ─ Boldy, adamlar! Men sizden razy. Ýöne, ýaňky Durdy batyryň aýdan sözüni size ýetirmäne biz borçludyk... Adamçylykdyr... Kim bilýär... ─ Ýok, batyr, biz öz ýolumyzdan dänmeris. ─ Gylyjymyz bilen göreşip bilmesek içki duýgularymyz, ruhumyz, çydamlylygymyz arkaly göreşeris. ─ Özümiziň baknalykdan nägiledigimizi iň bolmanda olara goşulmazlyk arkaly bildireris. Gowur kiparlandan soň wadalaryna wepalydyklary üçin Ruhy batyr olara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Soň Umyt märekä uzynly gije ýatman, hakyda aýdyp berdi. Çünki, ýaşy altmyşdan agan Enehakyda indi uzak gürrüňçiliklere ýaramaýardy. Onsoňam ol özüniň ähli bilýänjelerini, Umyda kössüni goýman öwredipdi. Mollahakydanyň hakydasy indi üçünji nesliň aňyna dolulygyna geçipdi. Şol günüň ertesi ýeňilmedikler şol bir ruhybelentligi bilen, guýuly-guýularyna dargadylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |