10:54 Ýeñilmedikler -20: Täze hökümetiñ halka "hossarlyk" edişi | |
TÄZE HÖKÜMETIÑ HALKA "HOSSARLYK" EDIŞI
Taryhy proza
Howwa, aňyrdan gelýän däp-dessurlarynyň, durmuş ýörelgeleriniň dürli-dürlidigine garamazdan, sowet häkimiýeti SSSR-iň düzümine girýän respublikalaryň ählisinde öz düzgünlerini ornaşdyrdy. Hä diýmän Hakguýyda hem «ýer-suw reformasy», «kolhoz» diýen ýaly geň-taň sözler eşidilip başlady. Ol sözleriň manysyny kimler: «Baýlaryň ýerini, suwuny mallaryny ellerinden alyp, garyp-pukaralara paýlajakmyşynlar», diýip düşündirse, başga biri: «Hemmeler birigip bir hojalyk bolmalymyşyn, ähli zat mal-mülk ortalyk bolmalymyşyn» diýip düşündirdi. Muny baýu-garyp, asyrlarboýy öz hojalygyny özüçe ýöredip gelen halk ýokuş gördi. Aralarynda nägilelik döredi. Olar baknalyga boýun bolupdyrlar, patyşa hökümetiniň tertip-düzgünlerine kaýyl gelipdiler ýöne, ellerinden mal-mülkleriniň alynmagyna welin razy bolup biljek däldiler. Sowet hökümedi welin olaryň razylygyny sorabam durmady. Üstesine-de ýeke bir mal-mülkli baýlaryň ýa han-begleriň däl, eýsem az-owlak ýeri, suwy bolan daýhanlaryň, birlän-ikilän düýesi ýa iş ýabysy, sygry, öküzi, iň bolmanda bäş oýnam goýundyr-geçisi bolan orta daýhanlaryň hem ýakasyndan ebşitläp tutdy. Hatda ýer urup ýerde galan garyp-gasyrlara, ýoksullara hem «kontrakt» görnüşinde et, ýumurtga, ýag ýaly azyk salgytlaryny saldy. Raýkomlaryň, podraýkomlaryň, oba sowetleriniň GPU-nyň işgärleri «gyzyltaýaklylar» diýlip atlandyrylýan goranyş otrýadlarynyň agzalary at tezegini guratman, günüň-gününe, ýeke bir obalara däl, eýsem has uzakdaky guýulara çenli baryp ýetýärdiler, mal eýelerini ähli emläkleri bilen bilelikde kolhoza girmäne çagyrýardylar, öwüt-ündew, wagyz-nesihat geçirýärdiler. Aýdan-diýenleriniň ýol almadyk wagtynda güýje daýanjakdyklaryny, mallarynyň, ýerleriniň ellerinden zor bilen alynjakdygyny özleriniň bolsa tussag edilip, Sibir ýaly sowuk ýurtlara sürgün ediljekdiklerini ýaňzytýardylar. Şol hereketlerini käte iş ýüzünde amala aşyrmak arkaly özleriniň oýun etmeýändiklerini bildirýärdiler, halkyň gözüni gorkuzýardylar. Şol gorky, şol howp, süri-süri mallary bolmasa-da, indi ençeme ýyl bäri çöl içinde günamalaryny aýlap oturan ýeňilmediklerdenem sowa geçmedi. Ruhy batyryň birwagtlarky diýeni dogry bolup çykdy. Sowet hökümeti patyşa hökümeti ýaly: sen maňa degme, menem saňa degmäýin, diýip oturybermedi. Munuň şeýledigi onuň wekilleriniň Hakguýuda peýda bolan güni belli boldy. Öz hasaplaryna görä Hakguýa göre gündiz gelmelidiler. Ýöne, ýolda maşynlary kä bozulyp, kä guma batyp eglenendikleri zerarly il ýatyp it uklansoň geldiler. Çyralaryň ýiti şöhlesini juda uzakdan gören Hakguýuly ýetginjekleriň biri ylgap gelip, indi kyrk bäş ýaşdanam geçen Umydy turuzdy. Obanyň gyrasyndaky alaňa çykaryp goşa çyrany görkezdi. Soň bu ikisi gidip garrylykdanam beter soňky döwürlerde birneme syrkawlyk tapynan, Durdy batyry turuzdylar. Ruhy batyry turuzjaklaryny ýa turuzmajaklaryny bilmän ýaýdanyşdylar. Durdy batyr çürt-kesik: ─ Turuzmaň – diýdi. – Garry a-adamy biderek bimaza etmäň. Bu-bu gelýän şo-ol m-maşyn diýilýänidir. Otludan parhly ýeri b-bu demir ýolsuzam ýöräp b-bilýämişin. Ony täze höküwmediň a-adamlary münüp gelýändirler. Şeýdip olar öňem k-kän ýerlere barypdyrlar. Hatda Täçgök serdaryň ogly Gaýgysyzam Jüneýit hanyň ýanyna b-baranda şoňa m-münüp b-barypdyr. Siz gowusy üç-dört sany oglany ýaraglandyryň-da, öňlerinden çykaryň. Goý, maşynyň g-gözünden atsynlar. Gözi k-kör bolsa ý-ýöräbilmez. – Şeý diýdi-de, Durdy batyr «kühhä-kühhä» edip öýüne girip gitdi. Umydyň iberen ýigitleri guýynyň ilersindäki kakdan geçibilmän eýläk-beýläk zowzullap ýören maşynyň öňünden çykdylar-da, sen-men ýok, ok atyp iki gözünem kül-pagyş etdiler. Häliden bäri «gür-gür» edip ýürege düşen maşynyň sesi tapba ýatdy. Ýigitler: «Beh, dogrudanam kör bolansoň ýöräp bilmeýän ekenow bi», diýip, syrtarylyşdylar-da, tüpeňlerini eginlerine atyp yzlaryna dolandylar. Maşynyň üstündäkilerde-de ýarag bardy. Hatda ýanlarynda iki sany ýaragly esgerem bardy. Ýöne, howpuň nireden gelýänini, hüjüm edýänleriň kimlerdigini, sanlarynyň näçedigini bilmeýändikleri üçin gohuň güýçlenerinden, köpçülik bolup çozarlaryndan ätiýaç edip hiç hili jogap okuny atmadylar, hatda seslerinem çykarmadylar. Elleri ýaragly hersi bir tarapa bakyp, tä daňdana çenli goranyş ýagdaýynda oturdylar. Ýigitler gelip Durdy batyra bolan işi habar berdiler. Ol üsgürip durşuna: ─ Aýtdym-a men, gözüni alsaňyz gelibilmiýa diýdim-ä, baryň indi gidiň-de arkaýyn ýatyberiň – diýdi. Ýigitler-ä gidip ýatdylar welin, şondan soň Durdy batyryň özi uklabilmedi. Bolan işi Ruhy batyra aýtmasa köňli karar tapman, içi byjyklady durdy. Daň ataryna zordan garaşdy. Daň tilkiguýruk bolup ugrandanam dostunyňka tarap yrgyldap ugrady. Ýöne, bu barmanka Ruhy batyryň özi daş çykdy. Täret etmäne barýan bolsa gerek, eli kündükli, donam egnine ýelbegeý atylan. Ol Durdy batyra gözi düşenden bary-ýogy alty aýlyk kiçidigine garamazdan, ömürboýy edip gelen endigine görä salam berdi. ─ Agşam uzynly gije töwerekde gaplaň «hyrlaýan» ýaly boldy durdy. Göwnüme bolmasa golaýda bir ýerde «tark-turkam» bolaýan ýaly boldy. Sen-ä hiç zat eşiden däldiň... Durdy batyr bar zady birden aýtmakçy bolýan ýaly agzyny hatap kimin açyp ugrandam welin, obanyň ýokary çetindäki alaňdan bir mayn «güwläp» aşak indi. Oňa gözi düşen Durdy batyryň bar bady gaçdy. Ruhy batyram ony gyssap durmady-da: «Beh şu eken-ow, asyl şol... » – diýip, maşynyň gelýän ugruna tarap ýöredi, Durdy batyra-da onuň yzyna düşübermekden başga alaç galmady. Iki gözi çym-pytrak bolan maşyn gelip göni Guşly batyryň gapdalynda saklandy. Ondan yzly-yzyna böküşip düşen alty adam üstleriniň çaňlaryny kakyşyp, ardynjyraşyp duruşlaryna zoraýakdan diýen ýaly salamlaşdylar. Soň agşamky bolan wakany agzadylar. ─ Kimem bolsa şu töweregiň adamy bolmaly – diýip megerem, GPU-nyň ýa milisiýa işgäri bosa gerek, gaýyş papakly, gapdaly naganly bir ýaş ýigit eýýäm-haçan ýygnanyşyp ugran Hakguýulylaryň ýüzüne ýeke-ýeke seretdi. Duranlaryň arasynda hakykatdanam agşamky ok atyp maşyny «kör eden» iki ýigit bardy. Olar maşynyň gözlerinden gözlerini aýrybilmän, onuň gözsüzem şu ýere ýöräp gelendigine haýran galyşyp, ýöne seslerini çykarybilmän durdular. Şondan soň Ruhy batyr myhmanlary öýüne saldy. Çaý-çörek berdi. Naharlady. Günortanyň öň ýany myhmanlar Hakguýynyň ähli ilatyny Ruhy batyryň işigine üýşürdiler. Ýaňky ilki geplän, ýany mauzerli ýigit öňe çykdy: ─ Şu çaka çenli çet-çemerlerde ygyp-tozup, horluk çekeniňiz besdir, indi sizem ile goşulyň, kolhoza giriň, mal-garalaryňyzam şoňa tabşyryň, mundan buýana daýhanlara-da, çarwalara-da sowet hökümediniň özi hossarlyk etjek... Şol wagt kimdir biriniň: ─ Beh, görýän welin, bu hökümet bu golaýda gitjege meňzänog-ow – diýen sesi eşidildi. Iňňän ýuwaş geplänem bolsa, onuň aýdanlaryny hemmeler eşitdi. Myhmanlaryň arasyndan haýsy milletdendigi belli bolmadyk, tegelek jozzuk gyzyl ýüzli, gözleri göm-gök atyňky ýaly uzyn sary dişleri somalyşyp duran, eginlek, boýy ortadan sähelçe ýokarrak gaýyşdan tikilen gara kurtkaly, gögümtil galife balakly, ýalpyldap duran, ýumşak gara ädikli bir adam kurtkasyna meňzeş, uzyn gaşly gara papagyny ýeňsesine süýşürdi-de, ses çykan tarapa seredip: ─ Kim şol! Kim şony aýdan? – diýip, gygyrdy. Ol hiç kim boýnuna alybilmez öýden borly, bir daýanykly ýaşulynyň: ─ Şony diýen-ä men, ýagşy ýigit – diýip, ýaýkanjyrap öňe çykanyny gördü-de, bu guýunyň başynda ýaşaýanlaryň kimlerdigi ýadyna ýaňy düşen ýaly sesiniň badyny peseldip düýbünden başga terzden gopdy. – Sowet hökümedi hemmäni gowy durmuşda ýaşatmak isleýär. Ol bizi kommunizme alyp barýar. Bu, Leniniň ýoly – diýdi. Soň ol kommunizmiň nämedigi barada uzakdan-uzak söz sözledi. Iň soňunda-da: ─ Biz ýöne öňürti sosializm gurmaly, oňa-da siziň kömegiňiz gerek – diýdi. Başga birem türkmen-ä däl Ruhy batyryň kepderi saklaýan keteginiň ýanyna bardy-da, ýap-ýaňyja sepilen dänäni çokaşyp, «gummurdaşyp» ýören kepderilere tarap barmagyny çommaltdyp. ─ Şonuň üçin sen bularyňam ýok etmeli borsuň, sebäbi sen şular zerarly Guşly batyr adyny alan adam, şonuň üçinem, bularyň halkyň aňynda söweşjeňlik ruhuny oýarmagy mümkin. Sowet hökümedi bolsa parahatçylygy söýýär. Ganly söweşleriň gaýtalanmazlygyny isleýär. Ruhy batyryň şonda näler: «Siziň hemmäňizem şeý diiýäňiz. Öňürti halky gyrýaňyz, ýurdy tozdurýaňyz, ilatynam gul edýäňiz-de, Soňundanam: geliň, indi gowy bolalyň parahat ýaşalyň, diýýäňiz. Gandan doýan soň aýrysakgalam şeý diýipdi. Sebäbi siz öz eden işiňiziň telekdigini, halkyň özüniňizden nägiledigini bilýäňiz, şonuň üçinem ondan gorkýaňyz“, diýesi geldi, ýöne, «ýeriň däldir ak taýak» diýenlerine eýerip saklanmaly boldy. Çünki, sähelçe kejine gaýtdygyň, olaryň eliňi arkaňa baglap näbelli bir tarapa alyp gidäýmekleri ýa alaňdan aşyryp atyp gidibermekleri jyda ahmaldy. Howwa, Ruhy batyr şol gezek dişin-ä gysdy welin, ýöne has ýokuş gören zady ýaňky adamyň kepderiler babatdaky aýdanlaryny goldanlaryň arasynda eşiklerine çenli şonuňka meňzedilip duran türkmenleriňem, hatda Gökdepe urşuna gatnaşan adamlaryň ilen-çalanlaryňam bardygy boldy. Şol ýagdaý henizem erkinlik baradaky umyt-arzuwlaryndan el üzmän ýören garry batyry agyr oýa batyrydy. «Molla hakydanyň aýdyşy ýaly dogrudanam gurduň gurtlygy gutaraýdymyka? Syňragyndan sim geçäýdimikä? Jynsy üýtgäp gyzyljagurda ýa porsujagözene öwrüläýdimikä? Enehakyda ikimiziň şunça wagtlap edip gelen arzuwlarymyz puç bolaýdymyka?» diýip, ol sowet häkimeýetiniň wekilleri gidenlerinden soňam esli wagtlap oýlanyp gezdi. Öz erkine tabşyrmasa mallarynyň barybir elinden zor bilen alynjakdygyna, özüniňem sowuk ýurtlara sürgün ediljekdigine doly düşündi. Muňa ýene bir onuň özi däl, aýaly Enehakyda-da, ogly Umydam, agtygy Arzuwam, Durdy batyram, Hakguýynyň başynda oturan beýleki çarwalaram doly düşündiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |