10:54 Ýeñilmedikler -21: Halk täzeden aýaga galýar | |
HALK TÄZEDEN AÝAGA GALÝAR
Taryhy proza
Sowet hökümediniň şolar ýaly diýdimzorlukly hereketleri netijesinde oba daýhanlarynyň we çöl çarwalarynyň nägileçilikleri hasam artdy. Arly-namysly ýigitler ýene-de gazap atlaryna atlandylar. Ýaraga ýapyşdylar. Hökümede güýç bilen garşylyk görkezip başladylar. Ýeňilmedikleriň ilkinji nesillerinden bolan, ençeme wagt bäri Tejen sebitlerindäki guýularda otlap-suwlap ýören, Orazgeldi hanyň hem-de Ýüzbaýyň ýolbaşçylygynda Tejen ilatynyň turzan gozgalaňy şol döwrüň iň bir häsiýetli wakalarynyň biri boldy we hökümediň täze, ykdysady syýasatyna agyr zarba urdy. Ýöne, 1931-nji ýylyň awgust aýynda sowet hökümedi tarapyndan guma iberilen 82-nji atly polk bilen bolan çaknyşykda Orazgeldi hanam, Ýüzbaýam öldürildi. Şondan soň gozgalaňçylaryň aman galan bölegine maşgalalary bilen bilelikde ýolbaşçylyk etmekligi öň şol toparyň içinde bolan Annaguly han hem-de Garry molla ikisi öz üstlerine aldylar. Olaryň niýetleri gozgalaňy dowam etdirmekdi we ony mümkingadar ýurduň ähli sebitlerine ýaýratmakdy. Olar öňi bilen Hakguýa habar ýolladylar, hertaraplaýyn taýýar bolup durmaklaryny haýyş etdiler. Hakguýudakylar bu haýyşy höwes bilen kabul etdiler we beýleki guýulara-da çapar üstüne çapar ýolladylar. Ýaşy ýetmişden geçen Ruhy batyr bolup biläýjek hereket wagtynda ýeňilmediklere ýolbaşçylyk etmekligi ogly Umyda tabşyrdy. Bu barada ýeňilmedikleriň arasynda maslahat geçirip razylyklaryny aldy. Umyt hem öz gezeginde aşaklyk bilen, birwagtky Jüneýit hanyň ýanyna ikinji gezek gitmek üçin görülşi ýaly taýýarlyk görüp başlady. Ýigitleri bölüşdirdi, hersine ekabyr belledi. Soň beýleki guýulara gidip şolar ýaly taýýarlyk işlerini geçirdi. Ýöne, köp wagt geçmänkä, Annaguly hanyňam daşary ýurda aşmaklygyň aladasynda gezip ýörendigi eşidildi. Çünki, ol wagt söwet häkimeýet SSSR atly, özüni dünýä möçberinde ykrar etdiren, bir çetinde gije, beýleki çetinde gündiz bolup duran ägirt uly döwlete öwrülipdi, öz çäginde hereket eden «kontrrewolýusion» güýçleriň ählisinden üsyün çykypdy we kiçijik, aýry-aýry toparlar bolup garşysyna göreşerden has berkäpdi. Muňa Annaguly han basym düşündi. Ýene bir gezek guma hüjüm etdigi sowet otrýadlarynyň özünem Orazgeldi handyr Ýüzbaýyň gününe saljakdyklaryna magat göz ýetirdi. Şonuň üçinem ol Garry molla bilen gyssagly maslahatlaşdy-da, malyny baýlykygyny alyp bu ýerden başyny gutarmak üçin özi ýaly göçermenler bilen birleşip, üsti ýükli ýigrimi düýeden ybarat kerweni kemsiz ýaraglanan kyrk atlynyň goragy astynda Owganystana geçirmekligi ýüregine düwdi. Göçmäge höwes bildirýänleriň galan bölegini soň gelip äkitmeli edildi. Emma sowet işgärleri onuň bu niýetini bada-bat duýdular we ur-tut geçjek ýollaryny bagladylar. Serhetden aşmana mümkinçilik bermediler. Görkezen garşylyklary netijesiz bolansoň, göç şol ýerden Eýrana geçmäge mejbur boldy. Annaguly hana diňe birnäçe aýdan soň Eýrandan Owganystana geçmek başartdy. Şol ýerde ol bu ýere mundan üç ýyl öň gelen Jüneýit han we onuň ogly Eşşi bilen birnäçe gezek duşuşdy. Gozgalaňçylaryň we göçermenleriň galan bölegini hem Owganystana getirmeklige ýardam bermeklerini sorady. Annaguly han bilen Garry molla Eýrana geçenlerinden soň gozgalaňçylaryň gumda galan bölegine Ilaman beg hem-de Agdar han ýolbaşçy bolup galypdy. Gum içinde guýudan-guýa aşyp, ga çakçylyk edip ýörkäler olar Ahmet begiň ýolbaşçylygyndaky Daşhowuzly gozgalaňçylara sataşypdylar we şolara goşulypdyrlar. Bu ýagdaýdan Jüneýit hanam habarly ekeni. Şonuň üçinem ol şol gezekki duşuşyklarynda Tejenli gozgalaňçylaryň galan bölegi bilen bilelikde Ahmet begiň toparynam alyp gaýtmaklygy Annaguly handan haýyş etdi. Ahmet bege öz adyndan çakylyk hatyny ýazyp berdi. Şeýle hem Hydyr diýen adamyň ýolbaşçylygynda alty adamdan ybarat ýaragly topary kömek hökmünde ýanlaryna goşdy. Adamlaryny bolsa iňlis ýaraglary, uly möçberde ok bilen üpjün etdi. Elbetde, hemişe bolşy ýaly, gozgalaňçylaryň galan bölegini, şeýle hem dogan-garyndaşlaryny alyp gitmek üçin Annaguly hanyň Türkmenistana gaýdyp geljekdigindenem «GPU»-nyň işgärleri habarlydylar. Şonuň üçinem, olar ätiýaçdan Annaguly hanyň kakasyny we iki sany doganoglanyny tussag etdiler, onuň geçip biläýjek serhedini berkitdiler. O zatlara garamazdan, 1932-nji ýylyň 5-nji ýanwar güni Annaguly han we Garry molla özleriniň altmyşdan gowrak atlylary bilen Guşgy sebitlerindäki serhedi böwsüp Türkmenistanyň çägine geçdiler. Ýanwar aýynyň 20-sine bolsa Daşajy guýysynyň başynda gozgalaňçylaryň Ilaman begiň hemde Agdar hanyň ýolbaşçylygyndaky galan bölegi bilen duşuşdylar. Olaryň arasynda Ahmet begiň ýokdugyny görüp Annaguly han gynandy. Görüp otursa, tejenli gozgalaňçylar bilen duşuşandan soň Ahmet beg olara haýal etmän serhede tarap hereket etmekligi we basymrak ondan aşmaklygy teklip edipdir. Emma Annaguly hanyň gaýdyp gelmegine garaşýan tejenli gozgalaňçylar onuň bilen ylalaşmandyrlar. Netijede Ahmet beg öz adamlaryny alyp aýdan tarapyna ugrapdyr. Gyzyl goşunyň otrýadlary ony entek serhede ýetmänkä gabapdyrlar we 1932-nji ýylyň 19-njy ýanwar güni ählli topary bilen bilelikde derbi-dagyn edipdirler. Munuň hakykatdanam şeýledigini Ahmet begiň toparyndan aman galyp, yzyna gaýdyp gelen üç-dört sany ýigit hem tassyklady. Şondan soň Annaguly han göçi çaltlandyrmak barada gozgalaňçylara görkezme berdi. Şeýle hem döwtalaplary ýygnamak üçin dumly-duşa ululy-kiçili toparlary iberdi. Has degerliräk ýerlere bolsa özi gitdi. Şondan soň Türkmenistanyň dürli sebitlerinden göçe bolan taýarlygyň güýçli depginde alnyp barylýan ýeri bolan «Daşajy» hem-de «Siňrenli» guýysyna gelýänleriň sany gün-günden köpeldi gitdi oturdy. Annaguly han ýolugra ençeme guýylara degenden soň, Ruhy batyr bilen duşuşmak üçin ýüzüni Hakguýa tarap öwürdi. Ol henize çenli duşuşyp görmedik hem bolsa Ruhy batyryň gala söweşinden bäri şol ýerde öz erkinligini saklap oturandygyndan habarlydy. Onuň geçen ýoly, edermençiligi, taryhy barada hem köp zatlar eşidipdi. Türkmen hakydasynyň şol adamyň ojagynda saklanýandygynam bilýärdi. Ýetmiş ýaşdan geçendigine garamazdan entek-entekler aňynyň ýitidigi, guýydakylaryň hemmesiniň ony ýaşuly, gowgaly günleriň diri şaýady hökmünde sylaýandyklarynam eşidipdi. Şonuň üçinem, ol tutuş Garagumyň içine ýaýran bu aýgytlaýjy pursatda onuň bilen ýüzbe-ýüz bolman, sözleşmän, maslahatlaşman biljek däldi. ...Ter gara sakgally, başyna ak ýaglyk daňynan, kyrk ýaşlaryndaky, daýanykly, ýüzi-gözi mähirli, mylaýymlyk bilen ýuwaşja gürleýän, durşuna dogum bolup duran bu adamy Ruhy batyryňam göreneinden sulhy aldy. Gadyrly salamlaşdy, görüşdi. Tejen ilatynyň başyna düşen pajygaly wakalardan habarlydygyny, Annaguly hanyň özi barada hem köp-köp zatlary eşidendigini aýtdy. Araky çakylygyndan soň, kömege gitmek üçin gum içinde uly taýýarlyk görülendiginem gürrüň berdi. Öz ýanyna maslahatlaşmaga gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Söwüş soýdy. Ýeke özüni aýratyn bir öýe salyp hezzetledi. Annaguly hanyňam Ruhy batyra syny oturdy. Guşly batyr barada oglanlygyndan bäri rowaýat şekilli gyzykly gürrüňleri eşidip gelendigini, henizem özüni ýeňilmedik hasaplap çöl içinde hem bolsa erkinligini elden bermän, ors baýarlaryna-da, ant içip ähtinden dänen ýerli baýarlara-da bakna bolman oturandygy üçin ony özüniňem, uly iliňem sylaýandygyny aýtdy. Bolup ýören şu heläkçilikleriň hemmesiniň aňyrsynda türkmen tire-taýpalarynyň dagynyklygynyň bir döwlet däldiginiň ýatandygyny aýdanda aňyrsynda ot ýanyp duran ýaly «öwhüldäp» dem aldy. Sözüniň soňunda bolsa: ─ Elbetde, o ýere baranymyzdan soň bar zat gülala-güllük bolar, diýip, öňünden aýdybiljek däl. Hiç ýerde-de elpe-şelpelik ýa mugt gazanç ýokdur. Gaýry ýurduň Watan ornuny tutup bilmejekdigem aýdyň. Ýöne, iň bolmanda öz şahsy erkinligimizi saklap bilmegimiz üçin bizde şundan başga alaç ýok. Bular bu gün biziň elimizden ýerimizi, malymyzy alarlar, ertir aňymyzy alarlar, garaz, erksiz adamyň düşjek güni şoldur. Baknalyk hiç haçan baýnatmaz. Gazananyň baýaryňa gider durar. Ölmez-ödüňi berer, ýöne onam öz hyzmatyny etdirmek üçin, gulsuz galmazlyk üçin berer... Annaguly han sözüne dyngy bererine mähetdel Ruhy batyr oňa sorag bilen ýüzlendi. ─ O ýere baran adamlaryň ýer-suw, mülk, öri ýagdaýlary nähili bolar? Mysapyrçylyk çekip bu ýerdäkisindenem has kyn güne düşäýmezler-dä, hernä? ─ Owganystanda bolan wagtym men Jüneýit han bilen gürleşdim. Ol sizem tanaýan ekeni. Görseň köp-köp salam aýt, diýdi. ─ Esen bolsun... Salam iberenem, getirenem sag bolsun. ─ Şonda ol özüniň Owgan döwletiniň ýolbaşçylary bilen gürleşendigini, egerde, göçüp geljek türkmenleriň sany köp bolsa, özbaşymyza welaýat edip bermekligi wada berendiklerini aýtdy. Şonuň üçinem, biz näçe köp adam ýygnasak, şonça-da gowy. Ýöne, zorluk üok, goý, her kim näme etmelidigini özi çözsün... Annaguly hanyň «özbaşdak welaýat» diýen sözi Ruhy batyra hemme zatdan beter hoş ýakdy. Göwün maksadyny oýardy. Şonuň üçinem ol garry göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen gürrüňdeşine tarap pwsun atanynam bilmän galdy. ─ A belki özbaşdak döwlet bolmana ýardam ederler? Köp zatlary aňynda aýlap, köp zatlary içinden ölçerip-döken bolsa gerek, Annaguly han uzak wagtlap aşak bakyp dymyp oturdy. Ahyram Ruhy batyra däl-de, öýüň ortarasyndaky ojakda ýanyp duran oduň ýiti ýalnyna seredip gürledi. ─ Eýle bolsa-ha hasam gowy bordy, batyr aga... Ýöne, hakykatyň ýüzüne dogry seretmek gerek. Hiç döwlet öz döwletiniň içinde gaýry bir döwlet döretdirmez. Döretdiräýse-de şu wagtky şura hökümediniň edişi ýaly özüne garaşly, öz döwletiniň içindäki kiçijik döwleti döretdirer. Ýöne, o-da ikimiziň garaşýan döwletimiz bolmaz. Onsoňam ýene bir zat, batyr aga: Watandan gaýry, Watan bolmaz. Biz barybir iru-giç öz watanymyza dolanmaly bolarys. Erkinligimizi öz elimize almaly bolarys. Ýurdy başybitin eýesiz kesekiniň ygtyýarynda goýup gidip bolmaz. Şonuň üçinem, biziň bu wagtky bosgunçylygymyzy wagtlaýynça diýip düşünmeli. – Annaguly han diňe şondan soň başyny galdyryp Ruhy batyryň ýüzüne seretdi. – Indi bolsa aýt, batyr aga, bu meselä seniň özüň nähili garaýaň? Gidýäňmi? Galýaňmy? Bu hakda pikir etdiňmi? Belli bir netijä gelibildiňmi? ─ Maňa puruja ber, han. Men özümiňkiler bilen mashatlaşyp göreýin. Beýle uly meseläni ýeke çözmäýin. Sebäbi, biziň hemmämiziň ykbalymyz bir. Annaguly han ýerinden turdy. ─ Bolýa, batyr aga. Maslahatlaşyň. Bu iş dogrudanam ýöne-möne iş däl. Watany terk etmek hiç kime-de aňsat düşmez. Ýöne, ýagdaýy düşündirjek boluň. Egerde, bardy-geldi maslahatyňyz göçli tarapa syryksa, onda, haýal etmän Akmolla guýusyna barybermeli. Esasy ýygyn şol ýerde hem Daşlyjada boljak. Siňreklä ýygnanýanlaram bar. Soň hemmesini Hanguýa ýygnarys-da, Alla ýol berse lükgämiz bilen şol ýerden göterilibereris. ─ Bor han. ─ Hoş onda, sag oturyň. ─ Saglykda görşeliň. Sowetleriň gum içinde edýän soňky hereketlerinden nägilediklerini göz öňüne tutup, göçli meseläni ýeňilmedikleriň hemmesiniňem goldaýmagynyň ahmaldygyny Ruhy batyr çak edýärdi. Şeýle-de bolsa, Annaguly han gidenden soň ol bu barada öňi bilen öz maşgala agzalaryna sala saldy. Mundan bäş ýyl öň durmuşa çykarylan Arzuwam şol wagt atasy öýündedi. Şonça wagtyň içinde onuň çagasy bolmandy, üstesine adamsam köne guýularyň birini gazyp ýörkä ýokardan depesine daş gaçyp ýogalypdy. Şondan soň gaýynlaram yzly-yzyna ýurtlaryny täzeläpdiler-de ine, indi bir ýyla golaý ol şu ýerde. Ruhy batyr onam, on üç ýaşly Hakydajygam, ogly, aýaly bilen deň hatarda gapdalynda oturtdy. Şol maslahata ol özüniň ömürlik dosty Durdy batyram çagyrardy, ýöne, ol ýok, onuň dünýeden gaýdyş edenine entek bir aýam bolanok. Maşgalasy, çagalary bolsa başga bir guýa, garyndaşlarynyň golaýyna göçüp gitdiler. Howwa, Ruhy batyr çagalaryna düýnki myhmanyň näme maksat bilen gelendigini aýtdy. Göçli meseläniň matlabyny düşündirdi. ─ Häzirki hökümediň täze syýasaty bilen ylalaşman, ýurdy terk etmekçi bolýanlaryň sany juda känmişin. Diýmek, ýeke bir gum içinde däl, oba arasynda-da ýeňilmedikler az däl ekeni. Halk özüniň iň soňky – öz saçagyna özüniň erk edip bilmek mümkinçiligini elden beresi gelenok. Bizem şol ýagdaýda, Rysk bilen watan bir terezä mündi. Biz indi näme etmeli? Umydam, Arzuwam, hat-da Hakydajygam bir wagtyň özünde diýen ýaly Enehakydanyň ýüzüne seretdiler. Ol esli mahal böwrüni diňläp oturandan soň uludan demini aldy-da: ─ Görýän welin bu hökümet dogrudanam has uzak wagtlyk gelene, bäri-bärde başymyzdan sowulmajagam meňzeýär – diýip, söze başlady. – Çak edişime görä bu hökümet adamlaryň maly-mülküni elinden alany, ganyny sorany bilenem kanagatlanmaz. Iň ýamanam olar dini, Allany ret edýärlermişin. Metjit-medreseleri ýapdyryp, olaryň ornuna öz mekdeplerini açdyrýarlarmyşyn. Olarda okaýan okuwçylary hatara durzup: «Ogşukly, torumly gumdaky baýlar, az galandyr Aý-Günüňiz batmana» diýip, aýdym aýtdyrýarlarmyşyn. Oba içindäki baýlaryň mallaryny mülklerini ellerinden alyp, özlerinem maşgalalary bilen bilelikde Özbegistana, Täjigistana sürgün edýärlermişin. Şolary bir ýüzli edip bolansoňlar olar biziňem daşymyza geçerler. Mallarymyzy elimizden alyp, bizem barybir bir ýanlara göçürerler. Sürgün ederler. Iň bärkisi çagalarymyzy öz mekdeplerinde okamaga mejbur ederler. Başgaça okudarlar. Şol maksat üçin mekdeplerini şu guýynyň başyna getirmäne-de ýaýdanmazlar. Şondan soň: «Hudaý ýok diý», diýip, çagalarymyzyň kellesine urarlar. Hakydany çepbesine çöwrüp, taryha ters baha bererler. Ýaş nesliň hüý-häsiýetini görüm-göreldesini üýtgederler, olary öz ata-eneleriniň garşysyna goýarlar, netijede hakyky erkinligiň nämedigini bilmeýän, baknalyk bolsa-da garnynyň doýanyny özüne bagt saýýan, öňüni-soňuny, ýagşyny-ýamany seljermeýän, ata-babasynyň däl-de, öz üstünden agalyk edýän baýarynyň şöhratyna buýsanýan, öz diline, sungatyna, milli däp-dessurlaryna sarpa goýmaýan, bu günkülere düýbünden meňzemeýän başga bir nesil emele geler. Hakyda ýatdan çykar. Ine, şonda halka halkyň hakyky hakydasyny ýatladybiljek hakydaçyl adamlar gerek bolar. Şol adamlary taýýarlamak şol gün aýawly saklamak bolsa bize bagly. Şonuň üçinem mal-mülkümiziň hatyrasyna däl-de, iň bolmanda halkyň hakydasyny gorap saklamaklygyň hatyrasyna bulardan arany açmagymyz gerek. Ras, erkinligimizi gorap bilmedikmi, hakydamyzy bir goralyň. Bize diňe şol ýol galýar. Şol borjy ýerine ýetirip bilsek, indiki nesliň öňünde uly iş etdigimiz bolar. Watana bolsa biz iru-giç dolanyp geleris. Biz gelibilmesegem nesillerimiz geler. Olar bilen bilelikde bu ýere onuň hakydasam dolanyp geler. Enehakydanyň: «Iň bolmanda hakydamyzy halas etmegimiz gerek» diýen tolgundyryjy sözleri maşgala agzalarynyň ählisine iňňän uly täsir etdi. Kalplaryny lerzana getirdi. Çünki, olaryň hemmesi aňlarynda halkyň hakydasyny göterip ýördüler. Enehakyda atasyndan öwrenen hakydasyny ogly Umyda öwredipdi, soň ol ikisi birigip ony ýaş Hakyda öwredipdiler. Olar ony oňa häzirem öwredip ýörler. Ol welin garaşylyşyndanam has ezber, ýatkeş, tüýs öz adyna mynasyp ogul bolup ýetişdi. Öwredilýän zatlaryň ýekeje sözünem sypdyrman ýat tutdy. Gije-gündiz dynman gaýtalady. Aňynda aýlady. Berkitdi. Mahal-mahal bolsa hem kakasynyň, hem uýasynyň synagyndan geçdi. Oňa ýeke bir öz hossarlary däl, eýsem ýeňilmedikleriň ählisem guwanýardylar. Halkyň hakydasynyň hiç haçan ýerde ýatmajakdygyna begenýärdiler. Buýsanýardylar. Ýaşlygyny göz öňüne tutup soňabaka oňa Oglanhakyda diýip başladylar. Bu at oňa hasam gowy gelişdi. Muny onuň özem gowy gördi. Käteler agyr märekäniň içinde özüniň inçejik, sesi bilen hakyda aýdyp oturan çagany daşyndan synlamak her kim üçinem ýakymlydy. Onsoňam, halkyň hakydasynyň indiki sahypalaryny aňyna ýazmagam Oglanhakydanyň paýyna düşüpdi. Dabarasy dag aşan ýaş hakydaçyny diňlemek üçin ýeke bir goňşy guýulardan däl, eýsem uzak-uzak ýaýlalardan obalardan, şäherlerdir-kentlerdenem hatda başga sebitlerden, welaýatlardan gelýänleriňem sany-sajagy ýokdy. Olaryň içinde garrysam, ýaşam, aýalam, erkegem bar. Gojalar hakydanyň soňky sahypalarynyň arasynda özlerini görüp geçmişleine buýsanýan bolsalar, bolup geçen elhençlikleri, wepat bolan deň-duşlaryny, dost-ýarlaryny, has beterem elden gidirilen ýurtlaryny ýatlap gynanýardylar, gözýaş dökýärdiler. Ýaşlar bolsa öz ata-babalarynyň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylyklary barada eşidip öz-özlerinden hyruçlanýarlar, joşýarlar. Umuman, şol döwür «Guşly batyryň guýusy» diýen ikinji ada eýe bolan Hakguýy türkmen halkynyň hakyda mekdebine öwrülipdi. Çünki, ol mekdepde «okadylýan» hakyda ýeke bir ahal ýa teke türkmenleriň däl, eýsem külli türkmen halkynyň, gadymy tur – oguz taýpalarynyň, galyberse-de, bir ujy baryp ähli türki halklaryň taryhy gözbaşlaryna direýän hakydady. Halkyň ruhy iýmitidi, milli guwanjydy, arka daýanjydy, akyl söýenjidi. Ýöne, ak patyşanyň dikmeleri gaty bir üns bermedik hem bolsalar, merkezden has alysda, syýasatdan sowa ýerde ýerleşen bu «mekdep» sowet häkimiýetiniň «ýiti gözli» Ge-Pe-U-şnikleriniň nazaryndan sypmady. Olar bu mekdebiň sapaklarynda özleri üçin örän uly howp duýdylar. Haýdan-haý onuň öňüni almaklygyň ugruna çykdylar. Agyr hem sowuk ýüzli, şo-ol, bir wagtky gelip, Guşly batyryň kepderilerine tarap barmagyny çommaldan adamyňky ýaly egni gara gaýyş kurtkaly, şon deý papakly, ädikli, balakly, eginlerindenem dört burç gaýyş sumka asylan adamlaryň käte özleri gelip maşgalabaşy hökmünde Ruhy batyrdyr – Enehakyda bilen şol tema boýunça gürrüňçilik geçirýärdiler, käte bolsa olary telim günlik ýola äkidip edaralarynda sorag edýärdiler. «Olar ýaly bolgusyz zatlar bilen çagalaryňyzyň beýnisini bulaşdyrmaň, aňlaryny zaýalamaň, gaýtam oba iberiň, özüňizem göçüp geliň, goý, olar täze açylan ak mekdeplerde okasynlar, kommunistik terbiýe alsynlar, Beýik Leniniň ideýalaryndan ruhlansynlar, dünýädäki iň kuwwatly döwletleriň biri bolan SSSR atly Watanymyza wepaly bolsunlar» diýýärdiler. Öz şübheleriniň ýerliksiz däldigini subut etmek üçin käte olary käbir adamlar bilen ýüzleşdirýärdiler. Ýöne hiç kim: «Şularyň özlerinden ýa çagalaryndan nähilidir bir üýtgşik zat eşitdik», diýmeýärdi. Ýüzlerine durmaýardy. Netijede, soragçylar tutaryksyz galýardylar we halys nätjeklerini bilmän Ruhy batyrdan hem-de Enehakydadan: «Han-begleri, feodal durmuşy wasp edýän dini we söweşjeň ruhly rowaýatlary, hekaýatlary halk arasynda biz özümiz-ä wagyz etmeris, çagalarymyza-da etdirmeris, sowet hökümediniň syýasatyna garşy gitmeris, Lenine, Staline dil ýetirmeris,agitasiýa ýöretmeris» diýen ýaly manyda düşündiriş ýazmaklaryny talap edýärdiler. Olaram ýazýardylar, ýöne, «mundan buýana» diýip däl-de, asla biz olar ýaly gürrüň edemizok, çagalarymyza-da öwredemizok, diýip ýazýardy;ar. Ýagdaý şeýle bolansoň Enehakyda çagalaryna hemişe seresap bolmaklygy tabşyrýardy. «Çem gelen ýerde, çem gelen adamyň ýanynda hakyda aýdyp ýörmäň, sebäbi olaryň il arasyna «tilki» goýberäýmekleri mümkin» diýýärdi. Hakydasynda halkyň hakydasyny göterip ýören çagalaryny ähli derdi-belalardan, gep-gürrüňlerden, has beterem ýaş nesliň aňyna düýbünden başga terbiýäni guýup başlan sowet häkimiýetiniň kommunistik ideýalaryndan goramaga çalyşýardy. Ol ideýa bolsa her gün bir gerişden aşyp, Garagumyň jümmüşine tarap süsdürilip gelýärdi. Ine şonuň üçinem, Enehakyda Ruhy batyryň göç-gon baradaky soragyna ýaňky ýaly çürt-kesik hem-de döwtalap jogap berdi. Ruhy batyra ony baş atyp makullaýmakdan başga alaç galmady. Ony çagalaram biragyzdan makulladylar. Indiki maslahat ýeňilmediklerliň barysy bilen bilelikde, geçirilmelidi. Ol hut şeýle hem boldy. Öz garaýşynam, Enehakydanyň garaýşynam Ruhy bayr olara açyk görnüşde aýdyp berdi. Ruhy batyryň garaşyşy ýaly, Hakguuda oturanlaryňam, beýleki guýulardan gelenleriňem barysy biragyzdan: «Göçmeli! Özümizem, malymyzam, baýlygymyzam hakydamyzam halas etmeli» diýdiler. Şeýdibem, göç meselesi çözüldi. Çarşenbe güni çäş wagty olaryň barysy bir wagtyň özünde diýen ýaly, niredesiň Akmolla guýusy, diýip, ýola düşdüler. Beýleki guýudakylaram öňli-soňly, assa-ýuwaş şol guýa tarap ýöriş etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |