10:54 Ýeñilmedikler -22: Ugur Owganystana tarap | |
UGUR OWGANYSTANA TARAP
Taryhy proza
Ol ýere baranlaryndan soň Ruhy batyr göçhä-göçlügiň geriminiň öz çak edişindenem has giňdigine göz ýetirdi. Ahal bilen Daşhowuz aralygyndaky çöllügiň dürli ýerlerinden üsti kejebeli, ýürekli ýa-da goş-golamly düýelerini idişip, süri-süri mallaryny sürrekledişip gelýän adamlaryň sany-sajagy ýok. Mallaryň aýaklarynyň aşagyndan göterilýän tot-tozandan ýaňa daş-töwerek saýgardanok. Goh-galmagalyň derdinden ses-üýn alşar ýaly däl. Soňabaka oýuň içindäki ibirtde-zibirtlik şeýle bir köpeldi welin, her dürli öý haýwanlarynyň garjaşyp, başly-barat çykýan seslerinden ýaňa tutuş Garagumyň içinde kimdir biri baýyrlara kybapdaş äpet pianinony aýakaldygyna «waňňyrdadyp» oturan ýaly boldy. Hökümet işgärleriniň häli-şindi gum içindäki guýulara aýlanyp: «Baýlara aldanaýmaň, gaýry ýurtlara göçäýmäň, gitseňiz hor bolarsyňyz, gowusy kolhoza giriň», diýip, wagyz edip ýörendiklerine garamazdan, günüň-gününe dowam edip duran erewde-berewlik «Akmollanyň» oturymly ilatynan goşa ýapyşmaga mejbur etdi. Tüýs: «Türkmeni göçürjek bolsaň gapdalyndan göç geçir» diýenleri boldy. Annaguly hanyň guýa gaýdyp gelmegi bilen göçe taýýarlyk işleri hasam güýjerledi. Göçmäne isleg bildiren birnäçe hojalygy ýany bilen alyp gelýärkä, gyzyllaryň kiçiräk bir otrýady bilen bolan çaknyşykda Garry mollanyň wepat bolandygyny eşidip ol örän gynandy. Şondan soň göçe ýolbaşçylyk etmekligi onuň bir özi üstüne aldy. 1932-nji ýylyň 16-njy fewral güni bolsa, Annaguly hanyň aýdyşy ýaly, göçmäge isleg bildiren hojalyklaryň ählisi «Hanguýa» ýygnandy. Şol günem: Hemmeler ýol – azyk şaýlaryny tutsunlar, ertir irden ugraljak diýip, buýruk berildi. Şondan soň mal soýulşyk başlandy. Soýulýan mallar esasan düýeden ybarat bolup, her kim şondan gowurdak taýýarlady. Bugdaýy barlar gowurga gowurdylar. Çünki, şol zatlar bilen mydar etmeseler, çörek ýok diýen ýaly. Şonuň üçinem, adamlar şol ýyly soň-soňlaram «kelte açlyk» diýip ýatladylar ýördüler. Ruhy batyram Umyt bilen öz düýeleriniň birini öldürdi. Enehakyda gelni we gyzy bilen eti gowurdy. Ony özlerinde bar bolan gap-gaçlara, küýzelere gapgardylar. Maşgalabaşylar daň bilen turup düýelerini çökerdiler, howut saldylar, «ýürek» edip, hersiniň içine çagalary bilen bilelikde iki zenany mündürdiler. Ýortmançarak oglanlary bolsa howutlaryň gapdalyna daňdylar. Oglanhakydanam şeýtdiler. Gün doguberendenem düzüminde 125 sany ýaragly, 200-e golaýam ýaragsyz ýigit, 500 sany aýal-ebtat we çaga, şeýle hem 1000 sany ýükli düýesi bolan agyr uly göç älemiň günorta burçuny nazarlap ýola düşdi. Oglanhakyda daş-töweregini synlap barýar. Ony baryndan beter geň galdyrýan zat göçüň ýaýrawy. Edil, ýer süýşen ýaly. Düýeler biri-birine päsgel bermän hatar-hatar gidip barýarlar. Onuň hasabyna görä olar ýigrii hatardanam gowrak. Goýun sürüleri göçüň yzyndan ala-tozan turzuşyp gelýärler. Olaryň inçeli ýogynly mäleşýän sesleriniň arasy bilen käte bir sürrekçileriň «haýt-haýty» hem eşidilip gidýär. Annaguly han mahal-mahal Ruhy batyryň ýanyna gelip käbirzatlar barada at üstünden maslahatlaşyp gidýär. Olaryň gep-gürrüňlerinden çen tutup, Oglanhakyda barmaly ýerleriniň Owaganystan, onuňam Hyrat welaýatydygyny, şeýle hem göçüň yzyndan gyzyl goşun otrýadlaryndan kowgy gelýändiklerini, ýoldaky guýularyň saklawlydyklaryny hä diýmänem demir ýoly kesip geçmelidiklerini aňýar. Hertaraplaýyn päsgel bermek üçin, hökümediň görkezmesi boýunça gyzyl goşunyň göçüň yzyna düşüp gelýän otrýadyna Hanguýudan 15 kilometr çemesi daşlaşanlaryndan soň ýene bir otrýad gelip goşuldy. Türkmenistan SSR-niň Döwlet syýasy uprawleniýesi tarapyndan dagly-atyjylyk diwiziýasynyň komandowiniýesine bosgunlary demir ýoldan geçirmezlik barada görkezme berildi. Olara goldaw üçin Aşgabatdan bir sany bronopoýezd hem iberildi. Kowgy gelýän iki ortýad 19-njy fewralda Jojukly stansiýasyndan 50 kilomertlik demirgazykda bosgunlaryň yzyndan kowup ýetdiler we gabawa salmak arkaly ýok etmäge synanyşdylar. Emma, güýçleriniň san, tehnika hem ýarag taýdan agdyklyk edýändigine garamazdan, gyzyl goşunyň bölümleri bosgunlaryň öňüne böwet bolup bilmediler. Annaguly han örän guramaçylykly hereket etdi we olaryň hüjümlerini birsyhly yza serpikdirdi. Üstesine iki gezek dagy öz ýigitleri bilen duşmanyň üstüne çozuşam etdi. Bosgunlar şu ýagdaýy tä gün ýaşýança elden bermediler. Ýöne ýitgi uly boldy. Şol söweşde bosgunlar öz ýolbaşçylary Annaguly hany, şeýle-de altmyşa golaý söweşijilerini ýitirdiler. Merhumlar howul-hara jaýlanyldy. Duşmanyň tapmazlygy we meýdine zerep ýetirmezligi üçin Annaguly hanyň mazaryny tekizlediler, üstünden mal sürdüler. Şol gün güýçli ýelem turdy-da, onsuzam köp zadyň yzyny ýitirdi. Şondan aňryk gozgalaňçylara ýolbaşçylyk etmekligi öň Annaguly hanyň sag goly bolup ýören Meret tentek, Agdar han hem-de Kadyr Halnazar dagylar öz üstlerine aldylar. Bosgunlardan beýle güýçli garşylyga garaşmadyk hökümet işgärleri, olary Jojuklydan geçirmezlik üçin gyssagly suratda hüjümi gaýtalamaly, diýip, goşun bölümleriniň başlyklaryna buýruk berdiler. Göç Jojukla gije geldi. Şol wagt Aşgabatdan gelýän bronopoýezdiň ýiti şöhleli çyrasy garaňkylygy böwsüp gitdi. Göç demir ýola ýetmän durdy. Otly alaşakyrdy bolup olaryň öňüni kesdi. Ekabyrlaryň: «Ümsüm duruň, sesiňizi çykaraýmaň» diýip sargandyklaryna garamazdan, bosgunlaryň arasyndan birdenkä «gümpüldäp» tüpeň sesi çykdy. Ok baryp bronopoezdiň yzyna tirkelen wagonyň aýnasyna degdi. Aýna döwüldi. Meret tentek bilen Agdar han ikisi ok atanyň kimdigini biljek bolup iki ýana at saldylar. Sögünişdiler. Olaryň: ─ Kimem bolsa dönükdir, göçüň barýan ugruny bildirmek üçin şeýdendir diýen sözleri ara golaý däl hem bolsa Oglanhakydanyň gulagyna anyk, ýöne, üzlem-saplamrak eşidildi. Duýdansyz atylan ok bosgunlaryň şol ýerdediklerini dogrudanam duşmana äşgär etdi. Otly ilk-ä ýörişini haýallatdy, soňam togtady. Şeýle-de bolsa iki tarapdanam soweş hereketleri bolmady. Dogry, bosgunlar gijäniň dowamynda birnäçe gezek demir ýoly kesip geçmäge synanyşdylar, emma bronopoezd öňe-yzy süýşmek arkaly birsyhly olaryň ýoluny kesdi durdy. Daň atandan soň bropoezdiň hem içinden, hem daşyndan ok ýagdyryp başladylar. Bosgunlardan ölýän kän, mal-gara ýitgisem bolman duranok, ýöne, özleriniň welin edibilýän zatlary ýok. Asla okuň nireden gelýäninem bilip bolanok. Ahyrynda Meret tentek olara pytrap, demir ýoldan bölek-bölek bolup geçmekligi buýurdy. Bu pirim paşdy. Bronopoezd olaryň haýsy biriniň öňüni kesjegini bilmän aljyrady. Ahyram orta ýolda durdy-da, çar tarapa ok sepeläp ugrady. Ýöne, bosgunlar basym arany açdylar we ok ýeterden daşlaşdylar. Bronopoezd yzdan gelýän iki otrýady goldamalydy. Emma olar wagtynda gelip ýetişmediler. Şeýle hem Jojukly we Dörtguýy aralygynda öňden bäri garaşyp duran Orta Aziýa harby okrugynyň iki bölümi hem bronopoezde kömege gelmelidiler, emma olaram beýleki otrýadlara arkalanyp wagtynda gozganmadylar. Şeýlelikde Jojukly we Dörtguýy stansiýalarynyň arasyndaky üç kilometrlik meýdan gözegsiz galdy. Bu ýagdaýdan bosgunlar ussatlyk bilen peýdalandylar we şol aralykdan sag-aman geçip gitdiler. Ýagdaýyň has çylşyrymlaşýandygyna göz ýetiren hökümet işgärleri 20-nji fewralda bosgunlaryň yzyndan 30 soldatdan ybarat otrýady Jojuklydan kowgy iberdi. 82-nji kaweleriýa polkunyň 50 soldatdan ybarat otrýadyny bolsa Marydan Şehitlä tarap ýollady. 50 adamdan ybarat ýene bir otrýad Ymambabadan, serhet goragyna degişli 65 atlydan ybarat otrýad Sarahsdan şol ugra ýollanyldy. 83-nji kawaleriýa polkuna degişli 100 atly Sarahs bilen Guşgy aralygyndaky Islim çeşme we Akrabat zastawasyna, bosgunlaryň öňünden çykmak üçin iberildi. Şeýle hem okuw-serhet diwiziýasynyň 140 adamdan ybarat esgeri Daşköpri stansiýasyna tarap gitdi. Şolaryň hemmesi bosgunlaryň ýoluny bökdemek, gabamak, ýok etmek üçin niýetlenen bölümlerdi. Olar ahyrsoňy bir ýerde birikmelidiler we uly güýje öwrülip olara kun-peýekun ediji agyr zarba urmalydylar. 21-nji fewral güni ir sagat 7-de, Jojuklydan 70 kilometr günorta-gündogarlykda gozgalaňçylar 82-nji kawaleriýa polkunyň Kurbatow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän atlylary bilen çaknyşdylar. Olar bu gezegem örän erjel söweşdiler. Kurbatowyň otrýadyny gabawa saldylar we oka tutdular. Güýçli hüjüme döz gelip bilmedik otrýad söweş meýdanynda ona golaý soldatyny hem-de birnäçe pulemýodyny galdyryp gaçmak bilen boldy. Üç sany soldat bolsa ulyili bilen «wägirşip» bütinleý başga tarapa gaçdy. Daşyndan seredeniňde olar öň bular ýaly agyr söweşlere gatnaşyp görmedik, indem urşuň nähili aýylganç zat ekendigine göz ýetirip akyllaryndan azaşana meňzeýärdiler. Yza çekilen otrýada öýlänaralar, öňli-soňly ýene-de üç otrýad gelip goşuldy. Olar birleşip bosgunlaryň üstüne hüjüm etdiler. Gabawdaky otrýadam täzeden hüjüme geçmek bilen, bosgunlaryň halkasyny böwüsdiler, gabawdan çykdylar. San taýdan azdyklaryna, ok-ýarag şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigine garamazdan, bosgunlar şondan soňam göçi öňe goýberip, üç-bäş kilometr giňlikde front liniýasyny eýelemegi we tä garaňky düşýänçä saklamaklygy başardylar. Garaňkynyň düşmegi bilen söweşi bes edip, olar göçüň yzyndan gitdiler. Ýeten ýerlerinde goş ýazdyrdylar, düşlediler. Gije dynç alyp, ertesi ýene-de ýollaryny dowam etdirdiler. Gün guşlukdan agyberende çola ýerde ýerleşen haýsydyr bir guýynyň üstünden bardylar. Megerem, göçüň öňüni saklamak üçin goýlan bolsalar gerek, guýunyň töwereginde gyzyl esgerleriň kiçiräk topary gaýmalaşyp ýör. Bosgunlara gözleri düşenden olar ýaraga ýapyşdylar we atyp başladylar. Artykmaç ýitgi çekmezlik üçin, Meret tentek göçe aýlaw edip, ýagydan sowlup geçmekligi buýurdy. Indi adamlary suwsuzlyk belasam basmarlap başlady, hern-ä olaryň bagtyna şol gije çöpe gyraw düşdi. Muňa hemmeler begendiler. Ir bilen çöpleriň ujundaky gyrawlary kakyp alyp, az-owlak bolsa-da özleriniňem, çagalarynyňam bokurdaklaryny öllediler. Mallar welin şol suwsuzlygyna galdylar. Günortana golaý göç ýene-de bir guýynyň üstünden bardy. Onuňam daşy goragly ekeni. Ýöne, her niçik hem bolsa bosgunlar oňa zabt etmeli boldular. Uzaga çekmedik atyşykdan soň, san taýdan onçakly köp bolmadyk esgerler yza çekildiler. Bosgunlar şol ýerde düşläp, mallaryny suwa ýakdylar, özlerem ine-gana içdiler, doýdular, gaplaryny doldurdylar. Az-kem dynçlaryny alybam, basymrak kowgydan arany açmak, hem-de serhede golaýlaşmak maksady bilen ur-tut ýola düşdüler. Gidip barýarkalar Meret tentek, Agdar han, Kadyr Halnazar we başga-da birnäçe adamyň göçüň o çetinden bu çetine, bu çetinden o çetine at segredip, käte tirkeş düýeleriň arasy bilen keseligine parran geçip ýörüşlerini Ogalnhakyda leňňerli düýäniň üstünde, synlap barýar. Olar düşleg wagty gijesine ot ýakmazlyklaryny, gündizine tüsse çykarmazlyklaryny goh-galmagal etmezliklerini bosgunlardan haýyş edýärler. Iki-ýeke gulak asmajak bolýanlara käýeýärler, abyr-zabyr edýärler. Şol gün agşamaralar düşlemek üçin goş ýazdyrdylaram welin, edil bilgeşleýin edýän ýaly biriniň düýesi botlady. Meret teentek oňa: ─ Köşegiňi öldür, ýogsam ýolboýy bozlap bizi duşmana äşgär eder – diýdi. Emma mal eýesiniň beýdere gözi gyýmady. Sebäbi ol göçden öňem düýesiniň basym botlajakdygyny, ýene bir malynyň köpeljekdigini otursa-tursa diline alyp, begenip ýördi. Şu göçe-de dogrusy ol tizara dünýä injek şojagaz köşejigini kolhozdan halas etmek üçin goşulypdy. Şonuň üçinem ol Meret tentegiň ýüzüne naýynjar bakdy-da: ─ Inim, sen bilýäň-ä, ýolugruna öldürip gidiberer ýaly meň üýşüp ýataan malym ýog-a... ─ Bilemok! Sen zerarly men munça adamy gyrgyna berip biljek däl – diýdi-de, Meret tentek atynyň başyny başga bir tarapa öwürdi. Mal eýesi köşegini o gije-hä bir öldürmedi, ertesi ugraljak wgtam düýesiniň üstüne «ýürek» etdi-de, şoňa saldy. Köşek welin Meret tentegiň aýdyşyndanam beter, üznüksiz bozlap giň-giň gollara ýaň saldy gitdi oturdy. Halys bolmandan soň Meret tentek Agdar hanam ýanyna alyp geldi-de içinden ot syçrap duran ala gözlerini agdar-düňder edip: ─ Köşegiňi öldürmeseň häziriň özünde böwrüň gyzýa – diýdi. Agdar hanam onuň diýenlerini gaýtalady. Rejäniň geň däldigini aňan mal eýesi olar bilen bialaç ylyşmaly boldy. Hyrçyny dişläp gözüne ýaş aýlady-da, sessiz-üýnsiz düýesini çökerdi. Köşegini ýürekden çykardy. Güýldi. Meret tentege görä ýukaýüregräk hasap etdimi, nämemi ol köşeginiň damagyny çalmazdan ozal ýaşa dolan gözlerini Agdar hana tarap naýynjar aýlady. ─ Bolmasa göçden galaýaýyn men. Şundan dynsam maňa baran ýerimde-de güzeran ýok. Köşeginiň öldürlenini görse enesiniňem bagry ýanar, gaýdyp botlamaz. Agdar handan öňürti jogap beren Meret tentek dogrudanam özüniň oňa görä gyzmajrakdygyny ýene bir gezek görkezdi. ─ Bar! Gaýdyber yzyňa! Ýöne şura hökümeti seň ýeke köşegiňi däl, düýäňem eliňden alar. Özüňem tussag edip Sibire iberer... – Mal eýesiniň gorkup ugranyny görüp Meret tentek hasam dyzady. – Nämä dursuň, bar git-dä!.. Ýa saklaýan bamy seni... Mal eýesi ýene bir salym ekabyrlaryň ýüzüne seredip durdy-da, bäri güýlüngi ýatan köşeginiň üstüne egildi. Golundaky gol boýy pyçagyny onuň bogazyna goýdy. Pyçak iňňän ýiti bolsa gerek sähelçe süýkänden gan zogdurylyp çykdy. Köşek iň soňky gezek, ýöne öňkilerindenem hs naýynjar we gyryljak „bögürdi“. Bi işi mal eýesiniň nähili kynlyk bilen ýerine ýetirendigini görüp, adamlar erbet gynandylar. Häliden bäri ogryn-dogryn gözläp duran, ene düýe-de şondan soň aýylganç bagyryp balasyna tarap eňdi. Birnäçe adam bir bada onuň öňüne böwet boldy. Ýöne, ol her bökende özüni adam boýy ýokary zyňdy, patanaklady, bagyr ňwusyna çydap bilmedik bolsa gerek, aram-aram on-ýigrimi ädim aňryk çekildi-de, şol ýerde iki dyzyna çöküp kükregini ýere oýkady, soň turup ýene-de bäriligine tarap dyzady. Mahlasy uly, düýäniň gopguny köşeginiňkidenem beter boldy. Adamlary aljyratdy. Henizem ganly pyçagyny elinde saklap duran mal eýesi ýalňyşanyny bilen ýaly, bir çetde at üstünde hyrçyny dişläp, ýüzüni kese sowup oturan Meret tentege seredip gyjytly gürledi. ─ Näme, indi munam öldüreýinmi? Meret tentek sessiz-üýnsiz at başyny yza öwürdi. Agdar hanam onuň yzyna düşdi. Haýsydyr birr ýaşuly gelip mal eýesiniň egnine elini goýdy. ─ Köşegiň läşini enesiniň gözüniň öňünde saklama. Ýigitleriň birinden öňe iber. Şeýtseň enesem şo tarapa gider. Ýadyndan çykyşýança başga alaç ýok... – Ýaşuly aşak bakyp pessaý gürledi. – Sen Meret dagydanam gaty görme. Olaryňkam dogry. Boýunlaryna alan ýükleri agyr. Mal eýesi ahyry ýaryldy. ─ Baryňyz menden akylly bolduňyz. Mundan soň näme etmeli bolsa özüňiz ediberiň, men-ä lütjek goýduňyz! – diýende, kükregi ýarylaýjak boldy. Saklanybilmänem aglady. Ony görüp, onuň çagalaram, aýalam ýerli-ýerden, hünübirýan aglaşmaga başladylar. Entek doly arany açyp ýetişmedik Agdar han dolanyp yzyna geldi-de, töweregindäki ýigitlere ýaňky ýaşulyň aýdyşy ýaly köşegiň läşini öňe ibermek barada buýruk berdi. Şol buýryga amal etmekleri bilenem ene düýäniň howsalasy köşeşdi. Ol eýesiiň «haýt-haýtynada” bakman, iňňe ýitiren ýaly boýnuny öňe süýndürip köşeginiň yzyndan söltüledi gitdi oturdy. Howudyň gapdalynda leňňerläp gelýän Ogalnhakyda Jojuklydan aňyrdaky we ondan soňraky bolan atyşyklar mahaly köp-köp elhenç wakalaryň şaýady boldy. Käbir ýaş çagalar şonda ejeleriniň elidekä ok degip ölýärdiler. Gelinler öli çagalaryny bagyrlaryna basyp ep-esli ýere çenli ylgaşlap gidýärdiler, bir bukyrak ýere barybam dyzlaryna çöküp oturýardylar-da, hamala şeýtseler jan giräýjek ýaly, çagalarynyň ýüzüne tiňkelerini dikip, iki elleri bilenem neressejikleriň eýýämhaçan buz garakesege dönen jansyz göwrejiklerini silkeleýärdiler, atlaryny tutup jynssyz-jynssyz gygyryşýardylar, halys bolmajagyna gözleri ýetenden soňam ýerde goýaýrdylar-da, ellerini öwsüşip, iki dyzlaryna, kükreklerine ýuwruklaşyp ulyilleri bilen aglaşmaga başlaýardylar. Käbirleri bolsa towsup turýardylar-da, ölüp ýatan ýigitleriň biriniň tüpeňini ýüzugra garbap alyp, entek atmanam bilmeýändiklerine garamazdan tüpeňlerini gezeşip duşmana tarap okdurylýardylar. Oglanhakydanyň hakydasyna ýap-ýaňyja ýazylan şol wakalaryň ornuny şondan soň ondanam has pajygaly suratlar eýeledi. Ürgün çägeli ak alaňlaryň ýüzünde uçmadan galan gyzyl arylar ýaly ýer bagyrtlaşyp ýatan gyzyl ketenili negözel gyzlaryň, gelinleriň, ak gyňaçly eneleriň, ak sakgally gojalaryň, neresse çagajyklaryň guma garyşyp ýatan ganly jesetlerini görmejek bolup ol her gezek ýüzüni başga tarapa öwürdi. Ýöne, haýsy ýana baksa-da, gözi şondan ibaly zada düşmedi. Howwa, ýagdaý diýseň agyr. Pajygaly. Sebäbi, güýç deň däl. Ýigitler öz göwün-maksatlaryna ýetip bilenoklar. Hemişe bolşy ýaly bu gezegem käbirlerinde iňlis onbatarlary bar diýäýmeseň, köpüsi agzyndan oklanýan hyrly, niline peşeňli bir ok sygýan berdanka, gylyç bilen ýaraglanan. Aglabasynda-ha o-da ýok. Geçen gezekki tutluşykda olja alan pulemýotlaryň bolsa üçüsinem: «Maňa-da ýok, saňa-da» diýýäge-de, guma gömdüler gidiberdiler. Kowgunçylaryň welin ýaraglary gurgun. Oklary köp. Şonuň üçinem, uruş wagty olar tarapdan-a birsyhly pulemýotlaryň «ta-ta-ta-ta», «ta-ta-ta-ta» sesleri gelip dur, bosgunlar tarapdan bolsa kä bir: «tark-turk», «park-purk» edip ýaňsyz, guraksy çakyr ses çykýar. O-da nirä gidýär, nirä ýetýär, baryp kime degýär, bellisi ýok. Şonuň üçinem, her gezekki çaknyşykda bosgunlaryň çekýän ýitgileri gyzyl esgerleriňkä garanda onlarça köp bolýar. Ýigitleri kejikdirýän esasy zat ana, şol! Dişlerini gyjaşyp, ýüzlerini garaört edişip duruşlaryna namysdan ýaňa käbiri dagy hut, ýarylaýjak bolýar. Hunlaryna bäs gelibilmän möňňüriberýänlerem az bolanok. Gyzy Arzuw bilen bir «ýüregiň» içinde «Ýa Alla, ýa Huda-aý, ýa Perwerdigä-äri-ä...» diýip, gujaklaşyp oturan Enehakydanyň ýadyna şol wakalar bir wagtky Gökdepe gyrgynçylygyny ýere gaçan ýyldyzlary salýar. Şolar ýalyda ol: ─ Eý, Alla! Näme üçin bu ýazyksyz bendeleriň deý ýer bagyrtlaşyp ýatan ýigitleriň jansyz jesetlerini beýle horlaýaň? Ýa biziň halkymyzyň maňlaýyna sen gyylmakdan başga zat ýazmadyňmy – diýip, gygyrýar, oturan ýerinden elini asmana serýär. – Ýunan geldi – gyrdy, arap geldi – gyrdy, mongol geldi – gyrdy, indem ine nijembir ýyldyr ors gyryp ýör. Muň agam gelse gyrýa, gyzylam gelse gyrýa, hamala türkmen bir gezip ýören käkilik sürüsi ýaly. Ýa sen diňe mertlere jebir berýäňmi? Olara arka durmaýaňmy? Dini-yslama hemaýat bermeýäňmi? Dine uýýanlary dinsizleriň gyryp ýörenini görmeýäňmi? Bular ýeňilmedikler ahyry! Elli ýyl bäri duşmana gol bermän, indem erkinliklerini elden gidermezlik üçin ýurt aşyp barýan biçäreler ahyry! Hernäçe nala çekse-de, Enehakydanyň perýadyny asman eşidenok. Otlukly sözleriň hemesi agyzdan çykyşy ýaly, telim ýyl bäri güne ýatan çakyrak süýk kimin «şakyrdaşyp» gaýdýarlar-da, her ýerden bir basyp barýan düýeleriň aýaklarynyň arasyna «pat-pat» edişip dökülýärler. Duşman tarapdan atylýan pulemýotlaryň dar deşikden syçraşyp çykýan oklary bolsa şol ýangynly sözleriň hemmesini, her bir harpyna çenli pytradyp, külüni asmana sowrup goýberýär. Onuň münüp barýan düýesiniň owsaryny çekip barýan Ruhy batyr bir gezek Enehakydanyň ganlar eňräp çeken şol nalalaryny eşitdi-de, aýtjak sözlerini daş-töweregini gaplap alan apy-tupanyň arasy bilen aýalyna ýetirmek üçin ýüzüni dik-ýokary tutup, güňleç gygyrdy. ─ Nalama, Enehakyda! Hudaýyň edenine kaýyl bolmazlyk gedemlikdir. Näme etmelidigini Onuň özi ýagşy bilýändir. Ýeňmegem, ýeňilmegem atyşykly çemçedir. Hakyda ser salsaň türkmeniň özüniňem almadyk ýurdy, ýykmadyk galasy ýok ahyry. Bagtyň çüwen güni eselip, nesibäň gaýra tesen güni peselmek bolmaz, belki, taryhyň bir ýerinde bizem bir ýalňyşlyga ýol berendiris. Belki, bu zatlaram Biribar bize sapak üçin synag üçin iberendir. Belki bizem bir zatlaryň jezasyny çekip ýörendiris. Bu zatlara dar çygyrdan däl-de, giňişleýin seretmek gerek. Enehakyda kükregine urup «ah» çekdi. ─ Wah, Ruhy! Näme günä edenem bolsa türkmen bilen haklaşarça Haka çen boldy-y! Duşmandan basylyp guma çykdyk. Ýurdy goýduk, mynda geldik, keseki ýurduň mysapyrçylygyns kaýyl bolduk, şondan başga nähili jeza gerek bu halka? Düýäniň üstünden çykan agyr agynyň aýylganç, gyzgyn howry ýapyrylyp barýan Ruhy batyryň ýagyrnysyny çawlady. Şondan soň ol yzyna gaňrylmady. Sesinem çykarmady. «Goý aglasyn, az-kem köşeşensoň öz ýalňyşyna özi düşüner», diýdi. Oňa çenli kowgam az-kem yza galdy. Söweşiji ýigitler göçüň daşyny goraglamak bilen ýörişi dowam etdirdiler. Öýlänaralar göç ýene-de bir guýynyň üstünden bardy. onuň ýerleşen ýeri pes. Daş-töweregi şyr-takyr ak meýdan. Ortarasynda kiçiräk samolýot dur. Bir gyzyl esger guýudan nowa bilen suw çekip alýar-da, rezin ädigiň bir taýyny dolduryp onuň motoryna suw guýýar. Uçujy bolsa gerek, gözi ullakan äýnekli başga biri samolýodyň üsti açyk kabinasynda otyr. Çalarak ösýän ýel meýdanyň üstündäki ýumşak hem ýuka topury usullyk bilen o ýan, bu ýan süpürýär. Sazaklaryň pürleri käte bir yraň atyp gidýär. Meret tentegiň yşarat etmegi bilen, birnäçe atly ýigit gykuwlaşyp aşak indiler. Motora suw guýup duran esger ur-tut elindäki ädigi taşlady-da, samolýodyň perine ýapyşdy. Gözüni atlylardan aýyrman durşuna howlukmaçlyk bilen pyrlady. Motor «tar-tar» edip ugrandanam böküp ýoldaşynyň ýanyna mündi. Şondan soň samolýot duran ýerinde birküç öwrüm etdi-de, alatozan turzup aňyrlygyna tarap tasap ugrady. Ýigitler çapyp barýan atlarynyň jylawyny eýerleriniň gaşyna ildirip, tüpeňlerini ellerine aldylar. Üzeňňä galdylar. Ýöne, bäş-üç gezek «tark-turk» edýänçäler takyr bilen iki baka leňňer atyp barýan samolýot «parlap» asmana göterildi. Göçüň üstünden bir aýlaw edibem güw gitdi. Şol guýynyň suwundan bosgunlar mallaryny suwa ýakdylar, emma özleri içip bilmediler. Ajy ekeni. Bu ýagdaý öňdenem aç-suwsuz, ýadaw halda, demsaýy ölüm bilen dalaş gurup gelýän adamlary hasam kyn güne saldy. Köpleriň ýüzünde umytsyzlyk alamatlary peýda boldy. O zatlaryň üstesine birnäçe günüň ukusyzlygam basmarlap başlady. Gije düşläp, ertesi daň bilen gozganan wagtlary oýanybilmän ýatyp galanlar köp boldy. Soňky düşlegler mahalam şol ýagdaý gaýtalandy durdy. Soň mälim bolşuna görä, olary gyzyl esgerler ýesir alyp, şol ýerdenem paý-pyýada göni Guşga iberýän ekenler. 1932-nji ýylyň 23-nji fewral güni, sagat on birlerde, Saharsdan altmyş bäş kilometr gündogarlykda ýerleşýän Garaburun guýusynyň degrelerinde, dumly-duşdan iberilen gyzyl goşun bölümleriniň hemmesi göçüň yzyndan ýetdi we barysy birleşip hüjüme geçdiler. Uçursyz ýadaw, aç-suwsuz, şeýle hem ukusyzdyklaryna garamazdan, ýigitler olary bu gezegem gaýduwsyz garşyladylar. Hüjümlerini yza serpikdirdiler. Üstesine bassyr üç gezek dagy hatar-hatar bolup, pyýadalaýyn hüjümem etdiler. Şonda olar: ─ Biz size boýun bolmarys! ─ Türkmen topragyndan çykyň! ─ Göçi yzarlamagyňyzy bes ediň! ─ Ýok bolsun sowet hökümeti – diýşip, gygyryşdylar. Beýle garşylyga garaşmadyk gyzyl esgerler bu gezegem edil öňküleri ýaly başagaýlyga düşdüler. Käbirleri bolsa ýene-de gaçmaga synanyşdy. Komandirleriň biri olary saklajak bolup iki ýana ylgady, sögündi, «ataryn» diýip haýbat atdy, hatda mauzerini çykaryp birküç ýola ýokaryk atdam, ýöne, o zatlaryň birem netije bermedi. Iki sany gyzyl esger bilen bir bölüm komandiri barybir gaçmaga ýetişdi. Şondan soň ol söweş meýdanyny taşlamaga hyýallanýan beýleki esgerleriň birini atdy. Bu usul oňyn neetije berdi. Hemmelere sapak boldy. Tertip-düzgün kadalaşdy. Hiç kim gaçmaga milt etmedi. Oňa çenli gyzyl goşuna ýene-de bir atly otrýad gelip goşuldy. Güýç köpeldi. Gysyş artdy. Gozgalaňçylar göçi gorap baryşlaryna yza çekilmäge mejbur boldular. Tä garaňky düşýänçä ýörişi dowam etdirdiler. Bir amatlyrak ýere barybam düşlediler. San taýdan indi öňkülerine görä has köpelen gyzyl goşun otrýadlary daň atdygy entek örmänkäler üstlerini basmak niýeti bilen bosgunlaryň düşelgelerini gabadylar. Ýöne, bosgunlar muny wagtynda aňdylar we daň atmazdanam öň, olaryň özlerinden öňürti hüjüme geçmek bilen gabawy böwüsdiler. Gyzyl goşun ýene-de bosgunlaryň yzyna düşdi. Ökjelerini sydyrdyp gelişlerine olara agyr-agyr zarbalar urdy. Gozgalaňçylar göçi öňe goýberip, özleri wagtlaýynça hem bolsa, duşmanyň hüjümini yza serpikdirýärdiler, göçüň birneme arany açmagyna maý berýärdiler, gyzyl esgerleriň halkasy daşlaryna aýlanyberdigem: «Ýa Alla» diýşip, öňe tarap at goýýardylar we baryp, göçüň yzyna galkan bolýardylar, üznüksiz ok ýagdyrmak arkaly göçi goraýardylar. Şeýdip baryşlaryna Eýran serhediniň şol ýerden bary-ýogy 60-70 kilometrden daş däldigini göz öňüne tutup, ekabyrlar Eýrana geçmek baradaky pikiri at üstünde maslahatlaşmaga mejbur boldular. Çekilen ýitgileriň yzasynydan ýaňa bütin süňňi bilen sandyrap oturan Meret tentek eýeriň üstünde çalarak gobsundy-da, gamçysyny ileri çommaltdy. ─ Şeýtmesek boljak däl. Bu ýagdaýda biz Owgana aşyp bilmeris. Ara daş. Bulara bolsa yzly-yzyna kömek gelip dur. Halk gyrlyp gutaryp barýa. Mallaram şonuň ýaly. ─ Arada Annaguly hanam şeýdipdir-ä. Bizem soň assa-ýuwaş şol ýerde geçibiris Owganystana - diýip, Agdar hanam ony goldady. Öz tiresine ýolbaşçylyk edip gelýän, Gara Ýowşan atly mydama ýüzüni küsserdip, gepe-söze goşulman ýören elli ýaşlaryndaky etli-ganly akýagyz adam şol gezek iňňän ötgür gepledi. Jüneýit hanyň eýýäm häkimler bilen gepleşip goýandygyny, basymrak barmasalar özbaşdak welaýat bolmak baradaky meseleleriniň puç bolaýmagynyň ahmaldygyny dile getirdi. Onuň bu sözi köpleri özüne imrindirdi we ýagdaýyň juda gyssagdygy, duşmanyň bolsa ýetip gelýändigi sebäpli ol mesele şol durşuna çözülmän galdy. Ýolundan az-kem ileri egreýen göç şondan soň ýene-de öňki ugruna tarap ümzük atdy. Kowgy welin kem-kemden arany ýygyrýar, edýän hüjümlerini güýçlendirýär. Soňabaka duşman ýeke bir ýeriň ýüzi bilen däl, asmandanam hüjüm edip başlady. Çünki, garaşylyşyndan has gazaply garşylyk görkezmek bilen serhede golaý baran bosgunlary daşary ýurda geçmänkäler bütinleý ýok etmek maksady bilen, Türkmenistan SSR-niň Döwlet syýasy uprawlwniýesi Daşkentden üç sany samolýot sorady. Samolýotlar 23-nji fewralda, ýagny, Garaburundaky bolan çaknyşyk güni Guşga gelip gondular we şol günüň ertesi, bosgunlar Akrabadyň 40 kilometrlik demirgazygyna baranlarynda gyzyl goşunyň birleşen otrýadlary bilen bilelikde hüjüme başladylar. Birinji günki söweş sekiz sagatlap dowam etdi. Şol döwrüň içinde gyzyl esgerler bosgunlary gabawda sakladylar, samolýotlar bolsa asmandan gelip olary pulemýodyň okuna tutdular. Özlerem bir ýa iki gezek däl, soweşiň bütin dowamynda şeýtdiler. Giden ýalam edýärler-de, aýlanyp gelip ýene-de ok ýagdyryp başlaýarlar. Bu ýagdaý bosgunlary öňküdenem beter kyn güne saldy. Halys aljyratdy. Şonda Eýrana geçmeklige päsgel berendigi üçin Agdar han Gara Ýowşana gyňraldy. Gara Ýowşan sesini çykarmady. Oňa çenlem ekabyrlar ara düşdüler, bu wagt birek-birege igenmekligiň wagty däldigini aýdyp, Agdar hany köşeşdirdiler. Göçi bir bukyrak ýere eltip, onuň daşyny goramaklygy maslahat berdiler. Hut şeýle hem edildi. Esgerleriň töwerekden edýän hüjümlerini serpikdirdiler. Ýöne, asmandan arlaşyp gelýän samolýotlara welin kär edip bilmediler. Dogry, samolýotlar gözýetimde görnüp ugranlaryndan atly ýigitler orta çykýarlar-da, jylawlaryny eýeriň gaşyna ildirip, tüpeňlerini ellerine alýarlar, «par-par-par» edip gelýän demir ganatly ajal göçüň üstünden ölüm oklaryny sepeläp udrandanam çiň-arkan gaýyşýarlar-da, tüpeňleriniň ujuny asmana tarap, «Göçjaýdyşyp» başly-barat atmaga başlaýarlar. Ýöne, tüpeň bilen samolýoda zeper ýetirmek kyn. Şeýle-de bolsa şol gün ýigitleriň biri olaryň biriniň perinden urdy. Şondan soň ol samolýodyň uçubam, atybam weji bolmady. «Patyr-putur, tatyr-tatyr, park-purk» edip, iki baka ýaýkanjyrap allaowaralarda gözden ýitdi. Ýöne, ýykylmady. Her gezek depelerinden ok ýagyp ugranda bosgunlaryň düşýän ýagdaýyny söz bilen beýan eder ýaly däl. Çöp-çöňürleriň arasy bilen ätmerleşip, gan eňreşip barýan gyz-gelinleriň çagalaryň, gojalardyr-kempirleriň al ganlaryny akdyryşyp, ak sägäniň üstünde kakynyşyp ýatyşlaryna, kimdendigini özlerem bilmezden haraý isläp dumly-duşa ellerini serişlerine, ok degip ýaralananlarynyň bolsa ganlaryny sarkdyryşyp ýatyşlaryna, samolýodyň hüjüminden goranmak üçin, birneme howpsuzrakdyr öýden ýerlerine tarap kä ýanyn, kä ýüzün süýşenekläp, käte bolsa arkan ýatyp, aýaklary bilen däbşenekläp gidişlerine, eýýäm jan teslim eden çagalarynyň üstünde kükreklerini gerişip oturan, kürteli ýaş gelinleriň aýalaryny asmana serip: «Waý, ganym! Waý, zalym! Waý kapyr! Gidu-uw, gidu-uw! Balama degme-u-uw, degme-uw!» – diýip çirkin-çirkin gygyryşdylaryna gözi düşende üstünde maşala agzalary oturan düýesini çekip gelýän Ruhy batyryň ýüregi agzyndan, gözleri hanasyndan çykara gelýär. Ýöne, dişsiz galan kentlewügini gysyp ahmyr çekmekden başga edibilýan çäresi ýok. Öňküleri ýaly ýagynyň üstüne at debsiläp gylyç syrmaga bolsa rowgaty ýok. Şeýle-de bolsa, şondan artyk çydam etmäge karary ýetmedi. Nobatdaky hüjümleriň birinde ol düýäniň owsaryny Enehakydanyň eline berdi, özem ok degip jan beren ýigitleriň biriniň tüpeňini garbap aldy-da kä samolýotlara, kä yzlaryndan süssenekleşip gelýän esgerlere tarap atyp başlady. Gojalaryň başga-da birnäçesi onuň hereketine eýerdiler. Wepat bolan ýigitleriň ýaraglaryny ellerine alyp, olaryň orunlaryny eýerlerdiler. Asmandan inýän ajal oklary bolsa ýeke bir adamlary däl, mal-garalary-da bir ujundan guma garyp gidip barýar. Enehakydanyň agtyklary bilen münüp barýan düýesem itgisiz galandygyndanmy, nämemi, daş-töwerekdäki goh-galmagaldan, tüpeň seslerinden ýaňa ilk-ä nirä gitjegini bilmän başyny o ýan, bu ýan silkäp, duran ýerinde telim öwrüm etdi, soňam sakga saklandy-da, göçüň barýan ugruna tarap höküdikläp ugrady. Onuň duýdansyz alan badynyň leňňerine indi howudyň gapdalyndan alnyp «ýürekde ýerleşdirilen Oglanhakyda göwresini dikeltdi-de, gözlerini mölerdip ilk-ä Arzuwuň, soňam enesiniň ýüzüne seretdi. Olaryň ikisem ýerli-ýerden: ─ «Gorkma, Alla bardyr, içiňden doga okaber, özüňem howutdan berk ýapyş» diýdiler. Özüniňem ejizländigini jigisine bildirmezlik üçin, Arzuw ýüzüni bir tarapa sowdy, Enehakyda-da, gaça-teze atyşyp gelýänleriň içinden ogly Umydy, ýanýoldaşy Ruhy batyry gözledi. Emma garma-gürmeligiň içinde olaryň hiç birinem saýgaryp bilmedi. Oňa çenlem yzlaryndan «söltüldäp» gelýän üsti «ýürekli» başga bir düýä ok degdi-de bir gapdala «gürpüldäp» ýykyldy. Şol ýatyşyna-da: armanly galdym-ow, diýýän ýaly boýnuny galdyryp göçüň yzyndan seretdi. «Bar-bar» bagyrdy. Onuň üstündäki «ýürekden» paýraşyp dökülen dört sany oglanjygyň ikisi çöp-çöňürleriň üstüne ýüzün ýykyldylar. Ýerlerinden galanlaryndan soňam kiçijik ýumruklary bilen gana boýalan ýüz-gözlerini owkalaşyp oturdylar. Beýleki ikisi welin ýere düşüşleri ýaly «hasanaklaşyp» turdular-da, näme üçindir hersi bir tarapa tutdurdylar. Oňa çenli beýlekilerem aýak üstüne galdylarda, çep tarapa gaçyp barýan oglanjygyň yzyna düşdüler. Bu zatlary synlap oturan Oglanhakyda olaryň üç bolup gidenleriniň-ä basym gözden ýitirdi, dördünjileri welin uzak gidip bilmedi. Ýagyrysyndan giren ok ony ýüzünligine tüwdürip goýberdi. Şyrdaklyja kiçijik kellejigi baryp küpürsäp ýatan boz topragy, süsdürildi. Hossarymy ýa dälmi, başga bir düýeden syrylyp düşen aýal barşy ýaly çaganyň biline guşak hökmünde oralan iki garyş çemesi uzynlykdaky çöpür ýüpden mäkäm tutaga-da ony gumdan sogrup aldy. Gujaklap ýerden göterdi. Duran ýerinde «patanaklap» duran düýesini çökerip çagany «ýüregiň» içine saldy. Ol ýerde oturan oral aýal bilen bir ýaş gyz ojagazy gujaklap hünübirýän aglaşmaga başladylar. «Hany beýlekiler» diýýän ýaly boýunlaryny süýndirişip çagadan bir zatlar soraşdyrýardylar. Oglanhakyda ol ýagdaýa şondan artyk çydap bilmän ýüzüni bir gapdala sowdy. Şonda onuň gözi göçüň ileri ganatyny syryp barýan mal-garalaryň gözgyny keşplerine düşdi. Olar garym-gatym. Sygyrmy, öküzmi, goýunmy ýa geçimi saýgarar ýaly däl. Üstlerinden samolýot geçýärem welin, käte öňündäkilerden, käte yzdan gelýänlerden, käte orruk ortalaryndan bäş-on sanysy edil palaç ýatyrylan ýaly bir gapdala agyp gaýdýar-da janhowulçlaryna aýaklaryny kakyşyp, urnup başlaýarlar. Şeýle bolanda abat galan mallar kürtdürişip durýarlar-da, yzdan gelýänleriň öňlerine böwet bolýarlar, netijede aýylganç güpes-tapaslyk, basa-baslyk emele gelýär. Iň soňky deminde gygyryşýan mallaryň gorkunç sesleri töwerek-daşda bolup geçýän hadysanyň howsalasyny hasam artdyrýar. Diri mallar öli mallaryň kä üstlerinden böküp, kä daşlaryndan aýlanyp geçýärler we ýene-de ýollaryny dowam etdirýärler. Gözlerini agdar-düňder edişip, kakynyşyp ýatan ýaraly goýunlar, sygyrlar şonda olaryň yzlaryndan ahmyrly garaýarlar. Turjak bolup dyzaýarlar. Ahyram boýunlaryny ýere goýýarlar-da, «hyrk-hyrk» edişip jan berýärler. Şolar ýalyda abat galan mallaryň käbiriniň sürülýän ugra däl-de, düýbünden başga tarapa tazykýan wagtlaram bolýar. Şonda sürekçiler kyn güne galýarlar. Gökden inýän güllelerem, yzlaryndan gelýän kowgynam unudyp bar küý-köçelerini mallary toplamaklyga berýärler. Çünki, ol olaryň rysgaly, çöregi, puly. Şolary sag-salamat eltmeli ýerine eltibilseler, mal eýeleri olara şertleşişleri ýaly berjek diýen haklaryny bererler. Eltibilmeseler welin... Oglanhakydanyň gözi birdenem çöp-çalamlaryň arasynda agdarylan pyşbaga ýaly däbşenekläp arkan ýatan garry mama düşdi. Daşyndan seredeniňde ol ýarala-ha meňzäok. Özem Oglanhakydamy, Arzuwamy, Enehakydamy ýa olaryň üçüsinedemi elini serýär-de, bir zatlar diýýär. Ýöne, Ogalnhakyda ony eşidenok. Düýe bolsa öz ugruna diýen ýaly gidip barýar. Enehakyda owsary silkin, çeksin ýa o ýan – bu ýan bursun, piňine-de däl. Garaz, saklanara, düşere, geň suratda ýatan ol garryja mama kömek edere mümkinçilik ýok. Muňa mamanyň özem düşündi öýdýän, kömege çagyrmasyny goýdy-da, o ýerini, bu ýerini sermeläp başlady. Birdenem bagy boýnundan keseleýin asylan ýarysy ýanan hekelini «hyk-çok» edip açdy-da, içinden ok geçip ikä bölünen kiçiräk kitap çykardy. Oňa siňe-siňe seretdi. Soňam ony indi mazaly golaýyna gelen Ogalnhakyda daga tarap uzatdy. ─ Wah, ýezitler, kelamyllany zer-zaýa edäýen ekenler-ä – diýibem gözüni süzdi. Kitaply eli şalkyldap aşak gaýtdy. Onuň ýatan ýeriniň gandan ýaňa jork bolandygyny Oglanhakyda diňe şondan soň görüp galdy. Enehakyda: ─ Waý! – diýip, ýüzüni tutdy. – Hiý, beýle-de bir naýynsaplyk bolarmy!.. Hä diýmänem olaryň «loňkuldap» barýan düýeleri mamadan ep-esli arany açdy. Bolup geçýän pajygaly wakalary aklyna sygdyrybilmedimi, nämemi, başyny tutup ümdüzine ylgap barýan bir gelin ur-tut aşak oturdy-da, hasyr-husur aýagyndaky çukur, gyrmyzy köwüşlerini çykardy, ýerinden turup olaryň ikisinem üstüne howala bolan samolýoda tarap «wazyrdadyp» zyňdy, soňam ak ökjesi bilen ak çägäniň ýüzünde oýmur-oýmur yz galdyryp, hiç kimiň «gaýt-gaýdyna-da» gulak asman göçden ep-esli saýlandy we düýbünden ters tarapa tutdurdy. Bir aýlaw berip ýaňadandan gelen hälki samolýot köwüş bilen «atyndygy» üçin ar aljak bolýan ýaly bu gezek göçüň üstünden ok sepelejegem bolmady-da, ganatlaryny gyşardyp, göni şol gelniň gaçyp barýan ugruna tarap gönükdi. Ýeri gyratlap bardy-da, üstünden o ýan, bu ýan öwrüm etdi. Pulemýodyň agzyndan çykýan tapgyr-tapgyr oklar bolsa seçelenip baryp, gelniň daş-töweregini tikeç urlan petir ýaly bezedi. Gelin käte kürtdürip durdyr-da, ýene-de samolýody «atar» ýaly zat gözledi. Hiç zat tapmansoň ýerden gyzym-gysym çäge alyp şoňa tarap sowurýar. Oňa kär edibilmeýändigine gözi ýetenden soňam eteginiň ujuny dişleýärdi-de, ýene-de gözýetimi nazarlap gaçyp başlady. Soňabaka ol kürtesinem taşlady, gyňajyny gös-göni edip barşyna samolýotdan sowuljagam, bukuljagam, goranjagam bolmady. Birdenem, ok degdimi ýa bir zada büdredimi, Oglanhakyda ony takyk bilenok, gelin birdenkä birküç ýola üçürdikleýän ýaly uzyn-uzyn bökdü-de, ýüzünligine ýazylyý gitdi. Agzy bilen gum garbady. Badyna üç-dört ýola dagy togalandy. Sähelçe salym hiç hili hereketsiz ýatdy. Soň nägeräk eýle ýerinden galdy-da, ýene-de, ýöne öňküsine görä mejalsyz halda, maýtyklap, gaçmagyny dowam etdirdi. Emma uzak gidip bilmedi, gandan ýaňa bir ýany öl-myžžyk bolan ýanbaşyna ýelmeşen gyrmyzy köýneginiň abat tarapyny ýele ykjadyp barşyna kä ýüzün, kä arkan, käte bolsa gülle giren bykynyny tutup ýanyn ýykyldy. Emedekläp galyp ýene-de gaçmaga synanyşdy. «Git indi, gelme, men halys boldum», diýýän manyda akja golunyň öz ganyna boýalan penjelerini samolýoda tarap ýaýdy. Derlän maňlaýyna ýelmeşen tar-tar zülpleri, hanasyndan çykara gelen ullakan ala gözleri, titräp duran dodaklary, ýanbaşyny tutup ýantaklap barşy onuň gözgyny keşbini hasam perişan görkezdi. Ahyram ol ysgyndan gaçdy. Saklandy. Dik duran ýerinde yraň atdy-atdy-da, arkanlygyna tarap agdarylyp gaýtdy. Uçarmanyň: bol, tur, gaç, ylga, näme ýatyrsyň, diýýän manyda oňa tarap elini salgaýanyna bir zatlar diýip gygyrýanyna, agzyny hatap ýaly açyp «haha-haýlap» gülýänine çenli Oglanhakyda görüp otyr. Gelniň ýerinden galmajakdygyna gözi ýeten uçarman bir gezek öwrüm edip geldi-de, ýene-de göçüň üstüne howala boldy. Ok ýagdyrdy. Esgerler bilen söweşip gelýän ýigitleriň käbirleri bu gezegem oňa tarap yzly-yzyna tüpeň atdylar, ýöne hiç hili zyýan ýetirip bilmediler. Ganatly ajallaryň üznüksiz hüjümleri esgerler yzarlamalaryny bes edenlerinden soňam dowam etdi. Olar diňe gün ýaşyp garaňky gatlyşandan soň bosgunlaryň başlaryndan sowuldylar. Samolýotlaryň peýda bolan ilkinji pursalaryndan başlap, üýtgeşik bir geň wakanyň ýüze çykandygyny aýtmak gerek, ýagny, «zakyja garga» diýilýän meýdan guşy şonda bosgunlara iňňän uly kömek etdi. Her gezek samolýodyň öz-ä däl, entek sesem gelmänkä şol guşlar pasyrdaşyp asmaga galýarlar-da, ganatlaryny kakyşyp, howsalaly gygyryşmaga başlaýarlar. Şol aralykda bosgunlara düýelerini çökermäge, özlerine-de amatlyrak ýerde gizlenmäne, söweşe taýýarlyk görmäge az-kem mümkinçilik bolýar. Dürli nokatlardan iberilen otrýadlaryň barysynyň birigip hem gury ýerden, hem howadan hüjüm edýändiklerine garamazdan, şol günüň ertesem gyzyllara bosgunlary derbi-dagyn etmeg-ä däl, hatda olary ýollaryndan sowmak ýa eglemegem başartmady. Ýigitler ol gün söweş üçin, düýnkilerindenem has amatly usuly saýlap aldylar. Göçi öňe goýberdiler-de, özleri kowgyny sakladylar. Eline ýarag alan Ruhy batyr kimin gojalar bolsa ätiýaç üçin göçüň yzyny goraglap gitdiler. Samolýotlar bir bada söweş edip ýören ýigitleriň üstünemi, ýa göçüň özünemi, haýsyna hüjüm etjeklerini bilmän, «war-war» edişip telim wagtlap howada boş aýlandylar-aýlandylar-da, ahyram göçüň yzyndan gitdiler. Agyr ýitgiler, uly kynçylyklar bilenem bolsa ol günem ýigitlere gyzyl goşuny saklamak başartdy. Göç diňe samolýotlar zerarly ýitgi çekdi. Söweş bu günem edil düýnki ýaly howanyň garalmagy bilen tamam boldy. Ýigitler wepat bolan ýaranlaryny howul-hararak hem bolsa ýere duwladylar we göçüň yzyndan gitdiler. Gijäniň bir wagtlary düşlejeklerinem ýa ýörişi dowam etdirjeklerinem bilmän, serimsal bolup, duran göçüň üstünden bardylar. Gara Ýowşan düşlemekligi, adamlara-da, mallara-da dem-dynç bermekligi teklip etdi. Emma, onuň bu teklibi hatda öz tiredeşleri tarapyndanam goldanylmady. Köpler her niçik hem bolsa öňe süýşmek, bir ädimem bolsa serhede golaýlamak baradaky pikiri goldady. Ok-ýaraglarynyň azalandygy, adamlaryň bolsa uçursyz ýadandyklary, üstesine-de aç-hor suwsuzdyklary sebäpli, Meret tentek bilen Agdar han ikisi at üstünde barýarkalar gara Ýowşandan beýleki ekabyrlaryň ählisini daşlaryna üýşürdiler-de kömek sorap Owganystana Jüneýit hanyň ýanyna adam ibermek barada gürrüň gozgadylar. Muny hemmeler goldady. Şol maksat bilenem, iň gowy, demgir atlara atarylan alty adam kemsiz ýaraglandyrylyp ýola ugradyldy. Ýöne, olaryň üçüsi entek serhede ýetmänkäler ýoly aňtap ýören bäşdir-üçdir esgeler tarapyndan tutuldylar. Beýleki üçüsi welin gutuldy. Bu meselede özüne sala-salynmandygy üçin Gara Ýowşan ekabyrlardan kinedar boldy. Ýüzüni küssertdi. Ekabyrlaryň hiç biri bilenem gepleşmezlige çalyşdy. Sähel zada-da hüňňürdedi ýördi. Beýlekileriňem onuň gepleşesleri gelip, gözleri-gaşlary çekip durmady. 25-nji fewral güni, gyzyl goşuna kömek üçin Marydan ýene-de iki, şol bir wagtyň özünde Guşgudanam iki samolýot iberildi. Bosgunlaryň ýagdaýy hasam agyrlaşdy. Adamlaryň bedenlerindäki ýadawlyk, ukusyzlygam ol zatlaryň üstesine. Diňe jigirdek ýa gowurdak bilen owkat edip gelýändikleri sebäpli suwsuzlygam ýetjek derejesine ýetdi. Mahlasy uly-kiçi, aýal-erkek hemmesi surnukdy. Olaryň şondan soňraky hereketleri adamzadyň tebigy mümkinçiliklerinden daşarda bolup geçdi. Köpleriň kalbyny edil gala urşy döwründäki ýaly: «Menem bir ölüp dynsamdym», diýen duýgy gaplap aldy. Muny hemmeden öň Enehakyda, Ruhy batyr ýaly köp gowgalary gören adamlar aňdylar. Bosgunlaryň göwnüne giňlik salmagyny Alladan dileg etdiler. Ýaş çagalaryň: «Suw-w-w, suw...» diýip yzalşýan sesleri bolsa syzalaryň «yzzyldysyna» goşulyp olaryň ýaraly ýüreklerini öňküdenem beter para-para etdi. Gidip barýarkalar uklap göçden galýanlaryň, hatda samolýodyň hüjümi wagtynda hem oýanybilmän heläk bolýanlaryň sany barha artdy. Samolýotlaryň köpelmegi bilen wepat bolýanlaryň sany hasam köpeldi. Söweşiji ýigitler göz-görtele azaldy. Şonuň üçinem, entek eli tüpeň tutup görmedik gyz-gelinlere-de gyssagra atmany, nyşana urmany öwredip başladylar. Soňabaka gala urşundaky ýaly wepat bolanlaryň eşikleri bilen köpçülikleýin howul-hara jaýlananlary-da az bolmady. Şeýtle-de bolsa şol döwrüň bütin dowamynda jynazasyz jaýlanan ýok. Özem merhumyňlaryň hersine aýratynlykda jynaza okaldy. Jynaza wagty jynaza durýan işan-mollalaryň, ahunlaryň daşyny atly-ýaragly ýigitler gurşap alýardylar we olary hem hüjümden, hem ok däriden goraýardylar. Käte söweşe böwşeňlik aralaşýar. Ýangyçlary gutarýan bolsa gerek, samolýotlar edil gelişleri ýaly birdenkä gürüm-jürüm bolýarlar. Şol pursat gyzyl goşunyň, otrýadlaram bosgunlaryň üstüne hüjüm etmeklerini bes edýärler. Bes etmeýänlerinde-de, samolýot gelmese olar esgerlere per berenoklar. Muny soldatlaryň özlerem aňýarlar we özbaşdak gaty bir sürünibermeýärler. Şolar ýalyda ýagdaýdan peýdalanmak üçin gozgalaňçylar göç bilen birlikde öňe tarap haýdap başlaýarlar. Edil şol wagtam düýeleriň üstünde oturan ýaşu-garry naçarlaryň barysy birden ellerini öwşüşip, saçlaryny ýaýyşyp, ýüz ýyrtyşyp, dady-perýada başlaýarlar. Ol yzlaşyga ýerden ýöräp barýan, elleri sowuk ýaragly gyzlaram goşulýarlar. Kim ýap-ýaňyja ýere duwlanan agasyny, kim inisini ýa uýasyny, ýene birleri atasydyr-kaksyny, ejesidir-enesini, mamasyny, eziz balasyny, umuman her kim öz ölüsini ýatlap nala çekýär. Aglara ölüsi bolman ugruna eňräp barýanam bar. Ýerden göterilýän perýadyň bir ujy baryp asmandaky bulutlara direýär. Şolar ýalyda, hususan-da, garaňky düşenden soň ekabyrlar olaryň ýanlaryna baryp: ─ Goýuň uýalar! Goýuň jigiler! Eneler! Mamalar! Goýuň! Gaýrat ediň-de goýuň! Aglamaň! Beýtseiz duşmana kömek etdigiňiz, göçüň barýan ugruny salgy berdigiňiz bolar – diýip, ugralaly bäri aýdyp gelýän şol bir sözlerini ýene-de bir gezek gaýtalaýardylar. Ýalbar-ýakar edýärdiler, ýagdaýy düşündirýärdiler. Şondan soň daş-töweregi elhenç ümsümlik gurşap alýar. Esli wagtlap mallaryň aýak seslerinden, çöp-çalamlaryň «şygyrdysyndan» gury hem ýogyn gara çöňürleriň «şatyrdysyndan» başga ses eşidilenok. Daşyndan seretseň, içi garam-guramdan, gymyldy-hereketden doly, edil ertekilerdäki aždarha ýaly äpet uzyn gara kölege günorta tarap süýşüp barýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |