11:03 Ýeñilmedikler -23: "Ýeroýlanduz" | |
«ÝEROÝLANDUZ»
Taryhy proza
Ertesi daňa golaý halys surnugan bosgunlar aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, «Ýeroýladuz» çöketliginiň bir gyrasyndan indiler. Şonda Oglanhakydanyň gulagyna: «Ind-ä owgan daş däl bolmaly, şu gün ýöresek gije barmaly ýerimize baraýsak gerek» diýen sözler eşidildi. Birdenem daş-töweregi goýy, çal duman gaplap aldy. Muňa bosgunlar begendiler. Çünki, bu ýagdaý iki tarapyňam söweşe meýil bildirmejekdigini aňladýardy. Ýöne, ýöräre-de ýagdaý ýok. Ýol-ýoda saýgarar ýaly däl. Şonuň üçinem bialaç düşlemeli boldular. Näçe günüň ýadawlygy, aç-suwsuzlygy, adamlar düýelerini çökerişdileri ýaly howutlara ýaplandylar-da, dünýäni unudyp uka gitdiler. Duman welin wagty bilen sowulmady. Şonda ekabyrlar: «Her niçik hem bolsa ýoly dowam etdirmek gerek, serhetden aşmak üçin şundan amatly pursat bolmaz, samolýolar-a uçubilenoklar, soldatlaram hiç zat görenoklar» diýşip özara maslahat etdiler.Göçi dürs ýol bilen alyp gidibiljek adam gözlediler. Muňa Gara Ýowşandan başga hiç kim döwtalap bolmady. Çünki ol asylam Eýran, Owgan ýoluna belet hasap edilýärdi. Söwda-satyk bilen öňem bu ýollary kän söküpdi. Şonuň ýçinem, ekabyrlar hernäçe ikirjiňleseler-de onuň teklibini kabul etmeli, göçüň ykbalyny şoňa ynanmaly boldular. Göç ýerinden gozgandy. Oňa çenli garaňkam düşdi. Bu ýol ýagdaýyny öňküdenem beter kynlaşdyrdy. Şeýle-de bolsa ýöremelidi. Indi ekabyrlaram, bosgunlaram, hatda mal-garalaram gapdallarynda biri-birleriniň bardyklaryny diňe duýgulary arkaly aňýardylar. Gapdalyňdan biri barýandyr öýtdýgiň eliňi uzadyp barlaýmasaň görjek gümanyň ýok. Göwnüňe hiç kim ýöremän, duran ýerinde «dähedem -dessemläp», duran ýa-da gözüni ýumup barýan ýaly. Şu ýagdaýda uzynly gije ýörediler. Daň saz beriberende duman az-kem sabady. Adamlar ýeňillik bilen dem aldylar. Her kim dagyň aňyrsy owgan serhedi bolup gidýän gädigini görmek üçin tiňkesini öňe dikdi. Çünki, «Ýeroýlanduza» inileli bäri her kimiň gürrüňi şol gädik hakdady. «Şondan geçibilsek bize zowal ýok» diýýärdiler. Gädigiň agzyna gelendiklerini enesine, uýasyna ilden öňürti bulamak üçin ýüregiň içinde irkiljiräp oturan Oglanhakyda hem il deňinde boýnuny süýndirip şol tarapa seretdi. Emma görübilmedi. Gaýtam gulagyna erkek adamlaryň gaharly, sögünçli sesleri eşidildi. Görlýp oturylsa göç şo-ol, agşamky ugran ýerinde dur. Muny adamlar düýnki düşleg wagty galdyran-gaçyran zatlaryndan, daş-töwerekdüki seňňerlerden, ulgamlardan aňdylar. Esasy alamatam «Ýeroýlanduza» inilen ýer. Diýmek, uzynly gije bir duran ýerlerinde aýlanyp durupdyrlar. Bu ýagdaýy köp adamlar öz maňlaýlaryndan, nesibe takdyrlaryndan gördüler. Aýallar bolsa: «Owalebetde maňlaýymyza ýazylany şudur, indi bize bu nägehandan gutulma ýokdur», diýşip aglaşdylar. Baýram bukawly diýilýän, Meret tentek dagy bilen ugranlary bäri göçe ekabyrlyk edip gelýän adam ýüzüni aktam edip durşuna: ─ Jojuklydaky ýaly munda-da dönügiň eli bardyr – diýdi. Ol sözüni soňlara mähetdel Meret tentek: ─ Asyl şo-da, şüýem bir adamyň işidir – diýip, gaharly seslendi. Birdenem üzeňňä galdy-da daş-töweregine seretdi. – Hany Gara Ýowşan? Ahow adamlar, gara Ýowşany gören barmy? Nirede şol? Kerweniň başyny çeken şol ahyry!... Edil şol wagtam bir ýigit atyny debsilüp geldi-de , agzyny ak köpük edip: ─ Gara Ýowşan ýok. Ol gije gaçypdyr – diýdi. ─ Wah, edeniň bar bol-a, – diýip, Meret tentek sag elindäki gamçysynyň sapyny çep aýasyna «şapyldadyp» urdy. – Asyl goýny gurda tabşyraýan ekenig-ä... Bolan işe özi günäkär ýaly, Baýram bukawly ýüzüni bir gapdala sowdy. ─ Nätjek-dä, başga çykalga-da bolmady-da... Şol ýagdaýda ýoly diňe şol tapyp biljekdi-dä... Köpçüligiň depesinde gowur tolkun atdy. Her kim bir zat diýdi. Köpler gara Ýowşana nälet okady. Onuň daşkyrak garyndaşlary, guda ugurlary bolsa näme diýjeklerini bilmän dymdylar. Ýüzlerini aşak salyşyp gurak-gurak ýuwdundyyşdylar. Onuň öz maşgalasy bolsa bu göçüň içinde ýokdy. Bir sebäp bilen ol ony boljagy-bolmajagam näbelli indiki göçe galdyrypdy. Ýöne, onuň sebäbi ine, şu ýerde hemmeler üçin düşnükli boldy. Dumanyň düýpgöter dagamagy bilen, «Ýa, Alla...» diýip, göç ýola düşdi. Günortana çenli ýöränlerinden soň Owganystana geçilýän gädik görýndi. Şol bir wagtyň özünde kowgy gelýän goşunyňam öňi göründi. Meret tentek üzeňňä galdy-da, sag golundaky gamçysyny dik ýokary çommaltdy. ─ Adamlar! – Soňam öňe uzatdy – Gädige tarap! Çaltrak! Ertirden bäri gyrmyldap gelýän göçüň hereketi artdy. Ýöne duşmanam ahmal däl ekeni. Öňde-de olaryň bosgunlara garaşyp duran birnäçe toparlary bar ekeni. Olar göçi güýçli ot açmak bilen garşyladylar. Yza serpikdirjek boldular. Emma Meret tentek tiz wagtyň içinde ähli urşujylary şol tarapa sürmek bilen duşmany ýoldan sowulmaga mejbur etdi. Ýaňy bir ýola düşüp ugranlaryndanma yzdan gelýän kowgy ot açyp başlady. Meret tentek indi urşujylary şol tarapa geçirip, göçi öňe sürdi. Ony goramaklygy gyz-gelinlere Ruhy batyr ýaly gojalara tabşyrdy. ─ Gaýrat ediň, indi gädige golaýladyk, sähelçe saklanybilsek howpdan gutulýas – diýip, olara göwünlik berdi. Ýöne, yzdan kömegiň gelenini aňyp, goşunyň öňdäki topary hem öwrülip, täzeden gapdallaýyn hüjüme geçdi, iki tarapdan gysylan göç ugruny üýtgetmeli boldy. Ýene-de birnäçe otrýadyň gyzyl esgerlere kömege gelmegi bilen bosgunlar bütinleň gabawa düşdüler. Urşujylara göçüň daşyny gallap, duşmana garşy ok atybermekden, gabawy böwüsmek üçin gözleri ýok ýaly öňe dyzabermekden başga alaç galmady. Aýal-gyzlaryň düýäniň üstünde oturanlaram, haýdaşyp pyýada barýanlaram, atyşyp ýörenlerem ýerli-ýerden: ─ Ýa, Alla! Ýa, Hudaý! Ýa, Biribar! Özüň kömek et! Duran ýerimizde janymyzy al welin, jany başgaň eline berme! Gül ýüzli ýigitlerimiziň ýüzüni ýere salma! Atalarymyzy namysa goýma! – diýýän janagyryly sözleri duşman tarapdan atylýan pulemýotlaryň «tatyrdysyna» ok degip ölýänleriň iňňildisine, ýaralanýanlaryň «hyrkyldysyna», mal-garalaryň ýürek gyýdyryjy seslerine garyşyp, eýýämhaçan içi däri gatyşykly tüsseden dolan oýuň ap-ak, kebir baglap duran şor topragynyň kesmeklerine siňip gidýär. Iki agtygy bilen düýäniň üstünde oturan Enehakydanyň gözi urşujylaryň arasynda duşmana tarap ok atyp, göç bilen bilelikde ädimme-ädim öňe süýşüp barýan Umyda düşdi. Edil ejesiniň nazary düşerine garaşyp duran ýaly, Umyt şol pursadyň özünde ellerini serdi-de, çiň-arkan gaýtdy. Şalkyldap ýere ýykyldy. Enehakyda: ─ Waý, balam!.. – diýip, jynsyz gygyrdy-da, düýäniň owsaryny dartdy. Saklady. Çökerdi. Ysgynsyz göwresini howutdan aşak goýberdi. Ýere düşdi. Emedekläp diýen ýaly oglunyň ýanyna bardy. Arzuw bilen Oglanhakyda hem eneleriniň yz ýany bilen hasanaklaşyp geldiler. Enehakyda özüni oglunyň üstüne zyňdy. Agtyklaram onuň hereketini gaýtaladylar. ─ Kaka-a!.. ─ Kaka jan!.. ─ Oglum! Oguljygym... Balam... Nädip gördi, nädip gabat geldi, belli däl, oňa çenli Ruhy batyram gelip oglunyň üstüne howala boldy. Oturyp ýüzüni-gözüni sypalady... Hamsygyp oturşyna bir zatlar diýen ýaly etdi, ýöne, ony hatda gapdalynda oturan aýalam eşitmedi. Umytdan welin ses-üýn ýok. Gözünem açanok. Oglunyň göwresiniň sowap barýandygyny duýan Enehakyda äriniň ýüzüne delmuryp bakdy. ─ Umydymyzdan aýryldyk, Ruhy... ─ Mert bol, Enehakyda... – Ruhy batyr ogluny bir bukyrak ýere çekmäge hyýallandy. Emma güýji ýetmedi. Aýaly bilen bilelikde süýşürmäge synanyşdy, onda-da bolmady. Diňe gan eňreşip ýanlaryna gelen Arzuw bilen Oglanhakydanyň kömegi arkaly olara Umydy amatlyrak bir ýerre çekmek başartdy. Ruhy batyr öz donuny çykaryp oglunyň üstüne ýapdy. – Bar, Enehakyda, Arzuw bilen Ogalanhakydanam al-da, düýäňe mün. Her zat et welin şu ikisini alyp çyk. Bular bir-ä ölmeli däldirler, birem duşmanyň eline düşmeli däldirler. Ölseler – hakyda ýiter, ele düşseler bolsa hakyda ýoýular... Hüjümi serpikdirenimizden soň Umydy men gelip öz elim bilen jaýlaryn. ─ Hüjümi serpikdirip bilmek näme? ─ Onda başga biri jaýlar, meýit ýerde ýatmaz. Onsoňam bu wagt meýdanda ýatan jeset az däl. Şeý diýgeç eline tüpeňini aldy-da, Ruhy batyr aýalyndan jogaba-da garaşman öňki gelen ýerine, söweşijileriň arasyna siňip gitdi. Enehakyda kakalarynyň üstüne kökenek bolup, ýüz-gözlerini ajy gozýaşa ýuwup duran agtyklaryny zor bilen diýen ýaly henizem çöküp oturan düýäniň gapdalyna getirdi. Onuň ýüzugra turup, «patanaklap» gidibermändigine şükür etdi. Agtyklaryny mündürensoň: ─ Çüw, janawer – diýip, daş-töwerekden çykýan zenzeläniň zarbyna onsuzam gobsunyp ugran düýäniň owsaryny silkdi. Düýe ilk-ä bir aýylganç «bagyrdy», soňam leňňerläp ýerinden galdy. Tumşugyny dik-ýokaryk tutup birki ýola öňküsindenem has elhenç «bagyrdy-da», göçüň barýan ugruna tarap ýelkildäp ugrady. Iki tarapynam deňläp, ölüm diýlen zady bütinleý ýatlaryndan çykaran bosgunlaryň urýan zarbalary, görkezýän gaýtawullary gyzyllaryň çak edişlerinden kän çökder bolup çykdy. Gün öýleden agyberende gozgalaňçylar göç bilen bilelikde gabawdan çykdylar. Duşman wagtlaýynça yza döndi. Merhumlaryny ýere duwlanlaryndan soň gozgalaňçylar ýene-de gädige tarap ýöneldiler. Şonda olaryň hatary öňkülerine görä has selçeň göründi. Enehakyda düýäniň üstünde oturan ýerinde yzyna, ýap-ýaňyja söweş bolan ýere seredende «Ýeroýlanduz» çöketliginiň gyrawlap duran çal toprakly şor meýdany sansyz mazarlardan ýaňa alabeder göründi. Enehakyda olaram ýere gaçan ýyldyzlara meňzetdi. Ýöne, ap-ak şor-kebir üzre ýatan ýyldyzlar bu gezek onuň gözüne ak däl-de gara reňkde göründi. Gädik has golaýlady. Gozgalaňçylaryň barysy birden ýeňillik bilen dem aldylar. Birdenem zakyja gargalar ala-goh bolşup asmana göterildiler-de, o ýan, bu ýan pelesaň urmaga başladylar. Hä diýmänem göçüň yz tarapyndan serhedi nazarlap gelýän dört sany samolýot göründi. Sähelçe hereket etsek gädige ýeteis, diýen umyt bilen göçegçiler bu gezek saklanjak ýa mal-garalaryny bir ýere bukjagam bolmadylar-da: «Ýa, Alla!: diýşip gadamlaryna bat beriberdiler. Meret tentek, Agdar han, Baýram bukawly ýaly başdanaýakgöçe ýolbaşçylyk edip we edermenlik görkezip gelen batyrlar bu gezegem ýerli-ýerden üzeňňä galdylar-da, gollaryny bulaşyp aýallary, çagalary gorkmazlyga, aljyramazlyga, her niçik hem bolsa ýoly dowam etdirmeklige, söweşip ýören ýigitleri, gyz-gelinleri merdana bolmaklyga, iň soňky katra ganlaryna çenli göçi goramaklyga çagyrdylar. Özlerem ur-tut atlarynyň jylawlaryny eýerleriniň gaşyna ildirdiler we arkalaryndaky tüpeňlerini kakyp alyp, eýýämhaçan göçüň üstüne howala bolan samolýotlardan çenäp atmaga başladylar. Ol ýerden pulemýotlaryň «tatyrdaşyp» ugraryna garaşdylar. Emma, «gyrgyrlaryň» ýüki bu gezek başga zat ekeni. Olar gelişleri ýaly birgiden bigünä çagalaryň, aýal-gyzlaryň, çal saçly gojalaryň, eneleriň üstünden ýetişibildiklerinden bomba zyňyp başladylar. Her samolýodyň üstünde iki adamyň agyr-agyr bombalary elleri bilen aşak taşlap oturandyklaryny ýüregiň içinde ýygrylyp oturan Oganhakyda öz gözi bilen gördi. Geçip gidensoňlar olar aňyrrak baryp öwrüm edýärdiler-de, dolanyp gelip ýene-de göçüň depesinden bomba inderip başlaýardylar. Yzly-yzyna gaýtalanyp duran bu ýagdaý, onsuzam öler ýaly ýadaw, aç-suwsuz hem ukusyz gelýän bosgunlary öňküdenem beter kyn ýagdaýa saldy. Göç pytrady. Her kim bir tarapa gaçdy. Mallar duw-dagyn boldy. Samolýotlaryň hüjümlerini ýeterlik hasap eden otrýad komandirleri artykmaç pida çekmezlik üçin soldatlaryna aýak çekmekligi buýurdylar. Meret tentek bilen Baýram bukawly ikisi ýerli-ýerden: ─ Gädige tarap! Adamlar, gädige tarap gaçyň! Pytramaň! – diýip, gygyryşdyrlar. Bosgunlaryň ýüzi ýene-de gädige tarap gönükdi. Ruhy batyr bir ýerlerden höküdikläp geldi-de, üstünde aýaly bilen iki agtygy oturan düýäniň owsaryna eline alyp iliň bosan tarapyna ýegdenekläp ugrady. Ýöne, gädige golaýladyklarysaýy samolýotlaryňam, asmandan inýän bombalaryňam sany köpeldi. Gyrgynçylyk görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Taşlanan bombalaryň sany ýüze golaýlady. Enehakyda öz ýanyndan bu gyrgynçylygy Gökdepe gyrgynçylygyndanam has aýylganç hasap etdi. Oglanhakyda göçüň günbatar ganatyna göz aýlady. Gyzyl ýaýyrt bolup ýatan goş-golamlary, adam meýitlerini basgylaşyp ýören sygyrlar nirä gitjeklerini bilmän, bir duran ýerlerinde aýlanyşýarlar, uzyn-uzyn molaşýarlar. Zähreleri ýarylara gelen goýundyr-geçiler tar-tar bolup, ertirki dumanyň saban tarapyna tazygyşyp barýarlar. Art aýaklary ýolunan bir dor at bolsa syrtyny ýere urupdyr-da, öň aýaklaryny howada kelemenledip, ýelden ýaňa ýyrtylaýjak bolýan burunlaryny «parryldadyp», hanasyndan çykara gelen gözlerini petreýdip, iki ýana urunýar, horgurýar, demi-demine ýetmän içigýär, galjak bolup gobsunýar-gobsunýar-da, bir tarapa agyp gaýdýar. Tä, ysgyndan gidip ýykylýança, ol şol hereketini birnäçe gezek gaýtalady. Içegelerini süýräp, «bar-bar» bagyryp gelýän üsti «ýürekli» gara inerem «gürpüldäp» onuň üstüne ýykyldy. «ýürekden» gyzyl kürteli ýaş gelniň jesedi «jalkyldap» ýere gaçdy. Onuň gözleri açyk. Ýöne, sowuk. Nazarynyň haýsy tarapadygy belli däl. Oňa çenlem Oglanhakydanyň münüp barýan düýesi ol ýerden daşlaşdy. Ýöne, ondanam beter, aýylganç bir hadysanyň üstünden bardy. Bir çogdum ýylgynyň düýbünde, iç goşy ýere dökülen, jan teslim edibilmän, gözlerini dik asmana dikip, gana boýalan penjeleri, çöp-çöňürlerden ýaňa injikleri çyzyk-çyzyk bolan köwüşsiz aýaklary bilen ýer peşäp ýatyr. Onuň gapdalynda gözlerini ýyltyladyp, sessiz-üýnsiz ýatan ýigdekçäniň bolsa bomba gyýçagy bir kibtini alyp gidipdir. Ol ýa-ha düýbünden yza duýmaýan bolmaly ýa-da eýýäm ahyrýediň bosagasyndan ätlän bolmaly. Orta ýaşlaryndan agan başga bir garaýagyz pyýada daş-töweregindäki leýs bolup ýatan maslyklaryň arasyndan basymrak saýlanjak bolýamy ýa il deňinde gädige ýetjek bolýamy ýatan ýerinde kä togalanýa, kä çabalanýa, käte-de ýanyn ýatyp şor ýeri egni bilen süsýä, öňe tarap omzaýa, ýöne, gozganyp, bilenok. Deňinden geçiberende Oglanhakyda onuň iki aýagynyňam dyzyndan aşagynyň ýokdugyny görüp galdy. Birdenem at üstünde oturan ýerinde samolýot bilen söweş edip ýören Meret tentek at segredip bir beýigräk ýere çykdy-da: ─ Haý, millet, elinjek gyrlyp gutarýaň, dön yzyňa!.. – diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Sözüni soňlap-soňlamanka-da atynyň boýnuny gujaklap aşak egildi. Çat maňlaýyndan joralanyp akýan gyrmyzy gan gyr atyň çalymtyl gerşini bir demde gara reňke boýady. Agdar han bilen Baýram bukawly ikisi ony atdan agmanka garbap aldylar-da ýere düşürdiler. Iki sany söweşijä jaýlamaklygy buýrup, özleri göçi yza dolamak bilen boldular. Ýöne, bu öwrülişik hiç hili netije bermedi. Göçüň dolanany bilen taşlanýan bombalaryň sany azalmady. Her gezekki «gümmürdiden» soň, Ruhy batyryň çekip barýan düýesi diň-gögüne bakyp, kellesini iki-baka ýaýkaýar, agzyndan ak köpük saçyp eýmenç-eýmenç arlaýar, bagyrýar. Üstündäki «ýüregiň» içinde oturan ezizlerine zeper ýetirmezlik üçin, Ruhy batyr ony köşeşdirjek bolýar, owsaryndan çekýär, haýbat atýar, hatda höre-köşe-de edip görýär, ýöne, netije berenok. Köşeşdirmek başardaýanda-da, golaýda bir ýerde bomba ýarylýar-da, ýene-de şo bir hereketler gaýtalanýar. Bosgunlar gädikden mazaly daşlaşyp, kowgy gelýänler bilen ýüzbe-ýüz bolanlaryndan soň samolýotlar göçüň üstünden sowuldylar. Hemmeleriň aňynda: «Indi uruş gutardy, häzir olar bizi ýesir alarlar, nirädir bir ýerlere äkiderler, ýaman etseler urarlar, sögerler, belki sibir ederler. Ýöne öldürmezler» diýen oý peýda boldy. Her kim şol tarapdan biriniň gelerine ýa aralaryndan birini öz ýanlaryna çagyryp gepleşik geçirerlerine garaşdy. Hakykatda bu şeýle bolaýmalydam. Ýöne, bar zat tersine boldy. Ýanlaryna gelmek, gepleşik geçirmeg-ä däl, esgerler asla olara tarap gaňrylybam bakmadylar. Göçüň aýagy jem boldam welin, olar usullyk bilen iki ýana «gyrmyl-gyrmyl» edişdiler, bir zatlar barada özara «hümürdeşdiler, biri-birleri bilen baş atyşyp, üm bilen makullaşdylar, soňam ýarym halka görnüşinde göçüň öňüne aýlandylar-da, öň hatarlarynda birgiden pulemýotlaryň agzyny bosgunlara bakan bakdyryp goýdular. Özlerem şol hereketlerini şeýle bir arkaýynlyk bilen etdiler welin göçegçiler gaýry bir gabahat zady göwünlerine-de getirmediler. Kimdir biriniň sap atyp gaçaýmazlygy üçin ýa duýdansyz üstlerine çozaýmazlyklary üçin, garaz, göz üçin ýa ätiýaç üçin şeýdýändirler öýtdüler. Şonuň üçinem, soýuljak mal ýaly durlar irkiljireşip. Mal-garalaryň dagy pytraşyp hersi bir ugra gitdi. Olar indi hiç kimiň gözüne-de görnenok. Her kim janyny gutarybilse galan zada kaýyl. Şonuň üçin düýelerem çökerildi. «Ýürekdäkiler» aýaklaryny ýazmak üçin aşak düşürildi. Garry aýallar, gojalar argyn göwrelerine aram bermek üçin özlerini ýere goýberdiler. Soldatlar welin, birdenkä ala-goh boluşdylar-da, sen-men ýok biri tüpeňden, biri pulemýotdan, ýene biri minemýotdan bosgunlara tarap ot açyp başladylar. Eli tüpeň ýa gylyç tutup biläýjekleriniň tas barysy diýen ýaly bireýýäm gyrlyp gutaran, ählisi aýal-gyzlardan, çagalardan, garry-gurtulardan ybarat, hossarsyz galan agyr mähelle gara gazanyň içine oklanan bir gysym gowurga ýaly oýuň içinde iki ýana urunmaga başlady. Şol wagt şolaryň islendigini saklap: «Kyýamat nedir?» diýip sorasaň ikirjiňlenmän: «Ine, şudur» diýip, oýuň içine barmagyny çommaltjakdygyna şek-şübhe ýok. Ýaman dert gaçara-da ýer ýok. Öýler-ä gabalgy. Bir gapdallaram dag. Gädige tarap gaçsaňam ýene-de üstüňe bomba ýagyp başlajak. Birdenem tüpeňdir-pulemýotlaryň sesi pesendeledi-de, düşüniksiz bir gykylyk, goh-galmagal emele geldi. Enesidir uýasy bilen el tutuşyp, bukulara ýer gözläp ýören Oglanhakydanyň gözi şol wagt: ─ Rebýata! Stoýte! Ne strelýaýte! Oni že poçti bez otužnyýe! Deti i stariki... – diýip, iki ýana elewräp, pulemýotlary depişdirip, elindäki gylyjy bilen soldatlaryň tüpeňleriniň nillerine kakyşdyryp ýören kelte boýly, kellesi ullakan gartaňrak ofisere düşdi. Aýdýan sözlerine düşündi. Ol soldatlara: «atmaň» diýýärdi. Atdyrmajak bolýardy. Halys bolmansoň ol ot açyp duran pulemýotlaryň, tüpeňli soldarlaryň öňüne geçdi. Iki elinem ýokary galdyrdy. ─ Bogam proklinaýu was, perestante! O-da netije bermänden soň bir tümmegiň üstüne çykdy-da, bosgunlara garap iki dyzyna çökdi. Maňlaýyny şor topraga goýup ýer ýumruklady. Aglady. Ajy ýaşa dolan gözlerini bosgunlara dikdi. ─ Bratsy! Sýostry! Otsy i materi! Prostite etih nesçastnyh, oni že ne znaýut çto delaýut... Soldatlar welin şonda-da ok atmalaryny bes etmediler. Düýbünden diýen ýaly baştutansyz galan naçar görgüliler, gojalar golaý-goltumdaky bölek-bölek bolşup, o ýan, bu ýan tazygyşyp ýören mal-garalary bilen birlikde has oýtagrak ýere çekildiler-de, özleri olaryň üstaşyry duşman bilen atyşyp başladylar. Arzuwam enesiniň elinden sypdy-da, ylgap baryp şolara goşuldy. Ruhy batyr, şol wagta çenli göç-gon aladasy bilen bolup gelýän beýleki gojalaram söweşe çagyrdy. Olar ýerli-ýerden ýaraga ýapyşyp gyzlara kömege bardylar. Ruhy batyr gojalary gyzlaryň çep ganatynda ýerleşdirdi. Özem öň hatarda bir ýerde ornaşdy. Pulemýotçylaryň birini nyşana aldy. Ýöne, mäşäni gysyp ýetişmedi. «Hyrk» etdi-de, maňlaýyny ýere goýdy. Oňa gözi düşen Enehakyda: ─ Waý, bagtym ýatdy – diýip, çirkin gygyrdy-da, gyzgyn gülleleriň arasy bilen ärine tarap ylgady, Oglanhakyda hem onuň yzy bilen şol tarapa ýüwürdi. Enehakyda barşy ýaly gözlerini iki ýana urnup ýatan adamsynyň o ýerini bu ýerini sermelidi. Eli ýagyrnysyna ýetendenem: «Hiýh» etdirip içini çekdi. Çünki Ruhy batyryň iki kebzesiniň arasynda minemýotyň gyýçagynyň ujy somalyp durdy. Enehakyda agtygy bilen bilelikde ony süýrekläp aşak düşürdi. Çöküp oturan düýeleriniň ýanyna eltdi. Oňa çenli oýuň içindäki garry aýallaryňam käbiri gelip batyryň daşyny galladylar. Ruhy batyryň ozaldanam tebsiräp duran dodagy şol wagt gara-ört boldy. Ýaryldy. Gözleriniň agy bulançak, nazary nätakyk göründi. Suw soraýandyr öýdüp, Enehakyda taýak atym ýerde ýatan küýzä tarap seretdi. «Bar, getir şony» diýýän manyda Oglanhakyda üm etdi. Oglanhakyda bir bökende küýzäniň ýanyna bardy. Eglip elini uzatdy. Emma garbap ýetişedi. Ok degdi-de, küýze pagyş-para döwüldi. Suw ýere akdy. Şeýlede bolsa Oglanhakyda küýzäniň bir ýan böwründe galan bir owurt suwy getirip enesine berdi. Enehakyda ony äriniň agzyna tutdurdy. Emma Ruhy batyr içmedi. Çünki, şol wagt onuň agzy beklidi. Adamsynyň elden gidip barýandygyna gözi ýeten Enehakyda ylgaşlap diýen ýaly oýuň gyrasyna çykdy. Çabga ýaly ýagýan oka tarap döşüni gerip durşuna düwülgi, gök damarlary galyşyp duran süňklek ýumruklaryny soldatlara tarap galgatdy. ─ Gelmän geçen ýezitler! Hudaýam siziň öz ýurduňyza-da gan çaýkalsyn! Ojaklaryňyzda ýeller öwüssin! Meýitleriňiz, şu, şor topraga noş bolsun! Ýetim galan çagalaryň ärsiz galan gelinleriň, garry eneleriň dul galan ýurduň ahy tutsun!.. Häliden bäri iki ýana urnup ýören gartaň ofiseriň gözi birdenkä nalyş edip duran Enehakyda düşdi-de, oňa tarap siňe-siňe seretdi. Öz gözlerine ynanamaýan ýaly, pişik basyşyny edip kem-kemden öňe süýşdi. Birdenem: ─ O, Bo-o-že! – diýdi-de, ylgaşlap aşak gaýtdy. Yzyndan: «Kuda wy, towariş komandir!» diýşip gygyryşýan seslere gulagam asman, iki gapdalyndan «şuwlaşyp» geçýän oklaryň arasy bilen, Enehakydanyň ýanyna geldi. – Ene-e!.. – diýip, onuň aýagyna ýykylydy. Ýerinden galmanka-da, öz soldatlary tarapyndan bosgunlara tarap atylan oklaryň biri gelip boýunoňurgasyndan girdi. Ol janhowuljyna togalanyp oýuň içine gaýtdy, Enehakyda hem onuň yzy bilen aşak düşdi. Gelip, ýüzüne çiňerildi. ─ Eý, Huda-aý, hakkyt şol – diýip, pyşyrdady. Onuň süzülip barýan gözlerine seredip: ─ Bize nähili erkinlik getirendigiňi indi bildiňmi – diýdi. – Siz bizi ýurdumyzy terk edip gitmänedem-ä goýmadyňyz... Ak patyşanyň bir wagtky hatardaky esgeri, häzirki gyzyl komandir, orslaryň Gökdepe galasyndaky eden gyrgynçylyklaryň günäsini ýuwmak üçin türkmen topragyna indi ikinji gezek, halasgär hökmünde gelen Aleksandr Iwaşowyň gulagyna bu wagt ses ilenok. Oklaryň «şuwwuldysynam» minomýotlaryň «gümpüldisinem», pulemýotlaryň «tatyrdysynam», Enehakydanyň pyşyrdysynam ol indi eşidenok. Onuň aňyndan häzir şo-ol, oglanlykda oýnan ýaşyl ýaýlalary, sähralyklary, gök maýsaly meýdanlar, baýyrlyklaryň ýüzündäki ýaşyl diwara meňzäp duran kowçum-kowçum gür tokaýlyklar, gülli-gülälekli ýaşyl otlaryň içinden turup, agaçlyklaryň arasyna siňip gidýän akja towşanjyklar, agşamara orakdan gaýdyp gelýän oba daýhanlarynyň hor bolup aýdýan aýdymlary, başy kiçijek ak ýaglykly, egni gögümtil jir köýnekli ejesi, nijembir ýyllar arzuw edip öýlenen aýaly, çagalary iň soňky gezek gaýmalaşyp ýörler. Ýöne, ol suratlar o ýerde indi uzak durmaz. Hä diýmän öçer. «Ýeroýlanduz» çöketliginiň içinde läş bolup ýatan maslyklaryň ählisiniňki ýaly onuňam ruhy bakyýa gider. Enehakyda: ─ Ah, sallat, sallat... – diýip, gözüne ýaş aýlanda bolsa, ol eýýäm hakykatdan-da bakyýetiň bosagasyndan ätläpdi. Ony ajal bilen jan dalaşyna girişip ýatan Ruhy batyram tanady. Ol gelip öz gapdalyna gonan aýalynyň durşuna süňk bolup duran goşaryndan tutup guraksy seslendi. ─ Sallat, öz borjuny berjaý etdi, Enehakyda. Iýen duzuny haklady. Size erkinlik getirdim diýip ýalňyşandygyna-da düşündi. Men onuň bize tarap ýekeje ok hem atmandygyna ynanýan. Şonuň üçinem, biziň ony bagyşlamagymyz gerek. Buýrugy bolsa ol berenok. Buýruk has ýokarrakdan gelýä. Onuň borjy ony berjaý etmek. Bu öňem şeýle boldy, bu gezegem şeýle. ─ Howwa... Bu şeýle... Ýöne, sen bagyşlasaň menem ony bagyşlaryn, Ruhy. Ol gowy adamdy. Ýöreginde ýamanlyk ýokdy. Ol bu topraga öňem, bu gezegem ýalňyşlyk bilen geldi. ─ Sen menem bagyşla, Enehakyda. Men seniň tamaňy ödäp bilmedim, äbererin diýen erkinligimi saňa-da, il-güne-de alyp beribilmedim... ─ Ýok, Ruhy, sen maňa-da, il-güne-de erkinlik äberdiň. Hemmesine äberibilmeseňem şony islänlere öz daşyňa üýşenlere äberdiň... – Enehakyda hiç zatdan heder etmän, yzgar gumy ýassanyşyp, ellerindäki ýaraglaryny ýetişibildiklerinden işledip ýüzün ýatan başlary tahýaly, şamar deý gara saçlary başlaryna oralgy owadan gyzlara, bürenjekleri çaprazdyr-çaňňaly gül ýüzli gelinlere, göwrelerindäki iň soňkuja güýçjagazlaryny jemläp, duşman sary ok atyp ýatan gojalara sanaýmaly bolup galan ýigitleriň döşlerini oka tutup, duşman üzre sürünişlerine bir pursat nazar aýladylar-da, aýtjak sözlerini sözme-söz eşitdirmek üçin äriniň üstüne egildi. Agzyny gulagyna eltdi. – Olar, ine, häzirem öz erkinliklerini elden bermejek bolup ölüm dalaşyna girdiler. Diýmek biz entegem ýeňilemizok. Ýeňilmerisem. Öleris, emma ýeňilmeris... ─ Berekella, Enehakyda. Sen hemişe-de meň köňlümiň aramydyň. Men hemişe-de seniň sözleriňden kuwwat tapýadym. – Ruhy batyr gözüni çalaja açyp, biliner-bilinmez ýylgyrdy. – Ýadyňdamy?.. Çaga wagtlarymyz... Biz Nyýazdepede oturýakak... Biziňkä gejelenje gelýän döwürleriň... ─ Howwa, Ruhy, bilýän... Hemmesi ýadymda. Sen şol wagtlaram maňa üýtgeşik nazar bilen bakýardyň... Men şol wagtlaram seniň meni gowy görýändigiňi aňýadym. ─ Şeýlemi? ─ Howwa... ─ Wah, garry ezizim... Enehakyda Ruhy batyryň göwresini gujaklady. ─ Gerçegim... Şondan soň Ruhy batyr häliden bäri başujynda aglap oturan Oglanhakyda ýüzlendi. ─ Aglama, oglum. Mert bol. Birem özüňi gora. Sen halkyň hakydasysyň... Edil şol wagt gyzlaryň arasynda söweşip ýören sanlyja ýigitleriň biri örboýuna galdy-da: ─ Haý, türkmen, seňki bolmady! Ajaldan gaçyp ölmüň agzyna geldiň. Indi saňa bulardan aman sypmak ýok. Gyrlyp gutarmankaň bos, ýene-de gädige tarap! – diýip, gygyrdy. Ol wagt göçe ýolbaşçylyk edip gelýän ekabyrlardan birem diri galmandy. Kimiň ýolbaşçylyk edýändigem belli däl. Baş ýok. Şonuň üçinem, ol çakylygyň kimden çykandygy bilenem hiç kimiň işi bolmady. Her kim ýerli-ýerden güýjüniň ýetdiginden bosmak bilen boldy. Düýelerini idekleşip, galanja mallaryny sürekleşip, Enehakyda dagynyň üstaşyry ätmerleşip, geçýänleriň sany barha köpeldi. Görlüp-eşidilmedik ber-başagaýlyk başlandy. Enehakyda göwünlik berip, Ruhy batyr bilen hoşlaşyp oturan garry aýallaram «gürre» ördüler-de, iliň barýan ugruna tarap yňdylar. Enehakyda näme etjegini bilmän aljyrady. Turup, iliň yzyna düşeýin diýse äri galjak, äkideýin diýse güýji ýetjek däl. Üstesine her gezek golaýlarynda mina ýarylanda düýesem hasanaklap ýerinden galýar-da, burnuny dik ýokary tutup, «bar-bar» bagyryp başlaýar, kellesini ýaýkaýar, aýaklaryny «tapyrdadýar». Gaçjak bolýar. Soňabaka Enehakyda bilen Oglanhakyda ikisine şony saklamagam iş boldy. Bu ýagdaýy aňan Ruhy batyr: ─ Baryň, gidiň, eglenmäň. Meni taşlaň-da ümdüziňize gaçyň – diýip, ýuwaşja pyşyrdady. Enehakyda muny barybir eşitdi. Oglanhakyda hem eşitdi. Ol atasyny gujaklap öňküsindenem beter aglady. Enehakydanyňam bokurdagy doldy. Owasynyň içine çöküp giden goňras gözlerine ýaş geldi. Sesi juda ygsynsyz çykdy. ─ Beý diýme, Ruhy... Men... Biz... Seni taşlap... ─ Men hiç... – Guşly batyr gözüniň agyny köpeldip, elýeter ýerde ýatan tüpeňe tarap baş atdy. – Şony maňa äber-de, özüň git. Çagalaryňam al-da, git. Ilden yza galma. Galsaň ele düşersiň. ─ Ýok, men seni bu ýagdaýda taşlap gidip bilmen... – Agynyň böwedi böwsüldi. Ol gollaryny giňden gerip äriniň üstüne howala boldy. – Şunça ýyl bile ýaşaşybam men seni bu dowzahyň içinde taşlap gidibillerinmi... ─ Gidersiň... Gitmeseň bolmaz... – Ruhy batyr ýumuk gabaklaryny zordan açdy. ─ Agtyklarymyzy halas etseň meni razy etdigiň bolar. Hakydasyz galan halk jansyz jesede döner. Arzuwam tap-da, ikisinem alyp çyk. Men indi barybir... Ýagdaýyň neneň-niçikdigini ýaňy aňan ýaly äriniň ýaňky sözünden soň Enehakyda büs-bütin üýtgedi. Bir wagtkylary ýaly merdemsi, aýgytly sypata girdi. Ruhy batyryň görkezen tüpeňini garbap aldy-da, eline tutdurdy. ─ Me! Ýöne, öňürti meni at! Menem seniň bilen bile öljek! Durmuşyň süýjüsin-ä görübilmedik, ajysyny bir deň dadaly. Iň soňky ýola-da bile gideli. Kyýamat magşar güni birek-biregi gözläp ýörmeli bolmaly... – Enehakyda kemşermekden ýaňa aşaky eňegi bir tarapa gyşaryp giden ýüzüni Oglanhakyda öwürdi. Gubary gaçan gözlerinden dökülen ajy hem ýylymsy gözýaşlar çekgelerindäki ýygyrtlaryň içi bilen ýol ýasap, çürelip duran eňegi üzre syrygyp ýere akdy – Bar, oglum, gaç! Başyňy gora! Arzuwam tapda, ile goşul. Ataň ikimiziň ýolumyz şu ýerde tamam bolýa... Eline tutdurylan tüpeňi edil ezizi deý bagryna basan Ruhy batyr ýüreginden syzdyryp: ─ Ýok, Enehakyda, senem olar bilen bile git. Meniň senden iň soňky haýyşym şü. Kyýamat gününden bolsa gaty arkaýyn bol. Magşar meýdanynda men seni hökman taparyn, mähribanym diýerin. Seniň jenneti maşgaladygyňa Biribaryň öňünde güwä geçip maňlýyňdan ogşaryn. Behişdiň töründäki ak jaýa seniň bilen bile girerin. – diýdi. Enehakyda indi ikinji gezek özüni äriniň üstüne zyňdy. Elindäki tüpeňe ýapyşdy. ─ Senden galyp bu jahany başyma ýapaýynmy, Ruhy! Dözmeýän bolsaň getir, men özümi özüm ataýyn... Enehakydanyň gulagynyň agzynda agtygynyň çirkin sesi ýaňlandy. ─ Menem at, Ene! Meniňem duşmanyň eline düşesim gelenok!.. Ruhy batyr agtygynyň sesi gelen tarapa barmagyny çommaltdy. ─ Ana, gördüňmi, Enehakyda? Eşitdiňmi? Ýa-da seniň halky hakydasyz goýasyň gelýämi? Enehakyda şondan soň bar zada kaýyl boldy. Äriniň mamladygyna düşündi. ─ Uludan demini aldy. Bir «ah» çekibem ýerinden galdy. Hor hem kiçijik ýumruklary bilen kükregine urdy. ─ Wah gara bagtym! – Ol äriniň ýüzüne ýüzüni goýdy. – Onda razy bol, Ruhy!.. Ruhy batyryň dodaklary çalaja gymyldady. Sesi öňküsindenem has ysgynsyz çykdy. ─ Men senden razy bolman kimden razy bolaýyn, Enehakyda. Sen maňa ömür boýy goltgy berdiň, entesem söýget bolduň, direg bolduň. Ruhumy göterdiň. Ömrüňi-ömrüme baglap maksadyma ýetirdiň. Durmuşa bolan höwesimi artdyrdyň. – Guşly batyr çalaja tamşandy. – Indi bolsa bar, git, özüňem eglenme, menem ýoldan saklama. Enehakyda kynlyk bilen ýerinden turdy. Uçmaga hyýallanýan ganatsyz guş ýaly birki ýola gobsundy-da, atasynyň ýüzüni gözýaşy bilen ýuwup duran agtygynyň elinden tutup uly iliň barýan ugruna tarap tutdurdy. Bäş-on ädim ädibem sakga saklandy. Yzyna döndi. Gundagyny, nilini, mäşesini sermeläp, eýýämhaçan tüpeň bilen tutluşyp ýatan ärine tarap aýasyny ýaýdy. ─ Kyýamat güni didarlaşýançak hoş, Ruhy-y!.. Onuň agy gatyşykly naýynjar sesi Ruhy batyryň elindäki tüpeňden çykan aýylganç «gümpüldä» garyşyp gitdi. Ol yzyna dönjek ýalam etdi-de, gözýetimden arlaşyp gelýän samolýotlaryň täze bir tapgyryny görüp, aňyrlygyna bakan ylgady. Birdenem aýak çekdi-de: ─ Wiý, hany Arzygül – diýip, ilk-ä Oglanhakydanyň ýüzüne, soňam häliden bäri gyzlaryň atyşyp ýatan seňňerine seretdi. Ýöne, indi ol ýerde gymyldysyz ýatan jansyz jesetlerden başga gyzam, gelinem, ýigidem, goja-da, asla hiç kim görnenok. Garry-u ýaş hemmesi baş-başa jan-jana, elem-tas bolşup, gädige tarap haýdaşyp barýardylar. Birdenem sol tarapdan: ─ Ene-e-e... – diýen agy gatyşykly ysgynsyz aýal sesi eşidildi. Enehakyda «ýalt» edip şol tarapa seretdi. Ýöne, zogdurylyp akýan ganyny saklamak üçin, sag aýagynyň baldyryny penjeleri bilen mäkäm gyysymlap, özüne tarap ýaraly keýik deý keýtikläp gelýän başy ýalaňaç, saçlary buýr-bulaşyk, ýüzi-gözi gan-gabarçak bolan gyzyň öz agtygy Arzuwdygyna ynanmajak boldy. Arzuw welin şol gelşine-de: ─ Ene, hany atam? Atam hany? Ol näme üçin siziň ýanyňyzda ýok? Ýa ýaralandymy? Bir zat boldumy?.. – diýip, sorag yzyna sorag berdi. Agtygyna jogap berip ýetişmänkä, Enehakyda ýeňsesinden iterilen ýaly tüwdürilip gitdi-de, baryp bir tapbak gara çöňüriň içine süsdürildi. ─ Waý, ene! – diýip, Oglanhakyda özüni çöpe urdy. Oňa çenli Arzuwam süýşenekläp geldi-de, jigisi bilen bilelikde enesiniň bilinden tutup yza çekdi. Çykardy. Arkan ýatyrdy. Enehakyda kem-kemden nury öçüp barýan gözlerini olara tarap taýly gezek aýlady. Adamsynyň ýap-ýaňyja özüne aýdan sözlerini indi onuň özi agtyklaryna aýtmaly boldy. ─ Baryň, guzularym, gidiň, eglenmäň. Indi bar umyt sizde. Ataňyzyňam iň soňky sargydy şü. Göçüň yzyna düşüň-de, tä, gädikden geçýänçäňiz yzyňyza garaman gaçyň. Şu gören-eşideleriňizem hakyda salyň, indiki nesillerimize ýetiriň. Halk ýeňilmedikler hakyndaky hakykaty bilmelidir. Oglanhakyda sowukdan ýaňa ujy gyzaran, atasynyňka meňzäp duran inçegeriş burunjagazyny çalarak çekdi-de, ýaşa dolan gözlerini balkyldadyp Arzuwa seretdi. Arzuw oturan ýerinde, onuň çigninden tutup ýüzüni gädige tarap öwürdi. ─ Bar jigim gaç! ─ A sen näme? ─ Men indi gidibilmen. ─ Näme üçin? Arzuw kiçi köýneginiň daşyndan süňkleri somalyşyp duran baldyryna tarap baş atdy. ─ Gaçara ýagdaýym ýok. Atam bilen enemiň sargydy indi diňe saňa bagly. Uýasynyň şol sözleri Oglanhakydany bir demde uly adama öwürdi. Ýigitlige ýetirdi. Ölerini-galaryny bilmän günorta tarap tutduryp barýan bu göçüň ýönekeý göçhä-göçlük däl-de, bir döwrüň başga bir döwürden dat edip barýan gaçha-gaçlygydygyna-da, özüniň köp zada borçludygyna-da düşündi. Göwresinde on iki ýaşly çaga mahsus bolmadyk dogum, güýç, kuwwat, hyjuw, peýda boldy. Ol bokurdagyna tegek bolup duran bir düwür ýumry agyny, «gulkuldadyp» ýuwutdy-da, biri-birine kaklyşyp ýatan adamdyr-mal maslyklarynyň arasyndan zordan saýgardýan atasyna, jan teslim edibilmän gözleriniň öňünde kakynyp ýatan enesine, demsaýy ysgyndan düşüp, ýanyny ýere berip barýan uýasyna, demir ganatlaryny ýaýyp, üstüne abanyp gelýän samolýotlara howlukmaçlyk bilen nazar aýlady. Birdenem gollaryny galgadyp öňe towusdy-da, ýelgamak ýaly ýeldirildi ötägitdi. Dessine-de dyr-pytrak bolşup barýan bosgunlaryň yzyndan ýetdi. Onuň ile goşulanyny, hakydanyň halas bolanyny gören Arzuw enesiniň üstüne egildi. Başyny gursagyna goýdy. ─ Biz ýeňilmedik ene! Eşidýäňmi, olar bizi ýeňip bilmediler. Emma eneden jogap bolmady. Gurpsyz göwredäki sary gaçan ýürek şol dem iň soňky urgusyny tamamlady. Jan jesedi terk etdi. Çommalyp duran horja eller şor ýere şalkyldap gaýtdy. Köp hupbatlary gören, Ruhy batyra bagt beren, bir wagtlar ýigit barynyň ýetip bilmez arzuw bolan görkana gözler ýumuldy. Arzuwam emaý bilen başyny enesiniň gursagyna goýdy. Köpçüligiň içi bilen çat maňlaýlaryndaky dagy nazarlap, aýak-aldygyna ylgap barýan Ogalnhakyda, şonda ömürboýy ýadyndan çykmajak şeýle bir hakykata göz ýetirdi, ýagny, hiç haçan ölümdenem, ajaldanam, okdanam gorkmaly däl ekeni. Gorkynyň asla ajala peýdasy ýok ekeni. «Kyrk ýyl gyrgynçylyk bolsa-da ajally öler biajal galar», diýenleri çyn ekeni. Nähili ýagdaý bolanda hem ajal aljagyny alýan ekeni. Allanyň goraglan bendesine kär edip bilmeýän ekeni. Çünki, hem ýerden, hem asmandan «juwlaşyp» gelýän oklar onuň öňünden gaçyp barýana-da, yzyndan ylgap gelýäne-de, has-has edişip gapdaly bilen egin deňläp barýanlara-da degýär, aýaklarynyň aşagyny tozadyp, öňünden, gapdalyndan ýa yz ýanyndan ýarym töwerek, kä doly töwerek, käte bolsa dürli görnüşdäki terslin-oňlyn çyzyk;ar ýasap gidýän gezeklerem bolýar, ýöne oňa degenok. Edil doly ýagýan ýaly «şabyrdap» dur, ondan sowa geçýär. Gädige golaýlap, ok ýeterdenem mazaly daşlaşanlaryndan soň bosgunlaryň , bosgunlaryň depesinden aýlanýan samolýotlaryň sany ýene-de köpeldi. Şonuň bilen birlikde ýere düşüp ýarylýan bombalaryňam sany artdy. Ýöne indi ýer sydyrdyp pulemýotyň okuny sepeleýärlermi, howany sygyrdyp tüpeňden gülle ýagdyrýarlarmy, ýa asmandan mähnet daşy ýaly reňki gara, içi däriden doly çoýun bombalary oklaýarlarmy, o zatlar bilen hiç kimiň işi ýok. Bu wagt her kimiň bar gaýgysy öz gara başy, hemmäniň bar ünsi, nazary gädikde. Uly kiçi, aýal-erkek hemmesi şony nazarlap, ümdüzine tutduryp barýar. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän bu şor çöketligiň içinde ata-enesinden, kakasyndan, uýasyndan aýra düşen halk hakydasy hem şol gaçha-gaçlygyň arasy bilen gädigi nazarlap ýeldirilip barýar. Yzda bolsa adam jesetleri kä ýerde birden, ikiden kä ýerde üçden, bäşden, käbir ýerlerde ondan-on bäşden münder-münder bolşup, biri-birlerine terslin-oňlyn kaklyşyp ýatyrlar. Garaňky gatlyşyberende bosgunlaryň barmak basyp sanaýmaly kiçijik bir torapy gädikden geçdi. Samolýotlar ahmyrly «arryldaşyp» yzlaryna öwrüldiler. Pulemýotlaryň «patyrdysam», tüpeňleriň «tarryldysam» allaowarralarda galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |