11:05 Ýeñilmedikler -24: Owganystanda | |
OWGANYSTANDA
Taryhy proza
Gädikden geçen bosgunlaryň barysy birden diýen ýaly, duran-duran ýerlerinde özlerini ýere goýberdiler. Kim ýüzün düşdi, kim arkan gaýtdy. Ençeme gün bäri akla sygmajak ýadawlyga, suwsuzlyga döz gelen argyn bedenler şeýdip özlerini rahatlyk ummanyna okladylar. Olaryň arasynda bäşdir-üçdir aýal-gyzam, garry-gurtam, Ogalhakyda ýaly ýaş-ýeleňlerem bar. Ekabyrlardan, batyrlardan görünýäni ýok. Sebäbi olaryň barysy şehit boldular. Mal-gara-da ýok. Olary şol günüň ertesi jeň bolan meýdandan çöpläp alyp soldatlar, Guşga äkitdiler. Oglanhakyda hem il hatary yzgar ýer üzre süýnüp birneme özüni raslandan soň «öwhüldäp» arkan öwrüldi. Soň dik oturdy. Soňky günlerdäki bolup geçen wakalary, gören-eşiden zatlaryny ýatlady. Hossarlary göz öňüne gelende agysy tutdy ýöne, ýeke özi aglabermäge ejap etdi. Onuň içki duýgusyny aňan ýaly edil şol pursat aýal-gyzlaryň arasyndan haýsydyr-biriniň pessaýja agysy eşidildi. Ol henizem ekabyrlaryň sargydyny ýatlap hünübirýan aglabermäge çekinýän borly, dert-azar saklanjak bolýar, içikýär. Ýöne, ahyry duşmandan ara açandyklary, indi erkindikleri baradaky pikir üstün çykdy-da, agy telim gün bäri bokurdaga bent bolup duran böwedi böwsüp goýberdi. Ony beýleki naçarlaram alyp göterdiler. Olaryň hemmesi birigip «Ýeroýlanduzda» we ondan aňyrky söweşlerde wepat bolan dogan – garyndaşlarynyň ogul-gyzlarynyň, ata-eneleriniň agysyny aglaýardylar. Dar jülgäniň içindäki agyr eňşeşik gitdigiçe güýjedi. Çygly, sowuk howanyň arasy bilen bulutlary dilip dik asmana göterildi. Diňe şondan soň Oglanhakyda hem agysyny öz erkine goýberdi. Içini egisdi. Ýüregini gowzatdy. Ýöne, gam-gussa welin barybir egsilmedi. Ýarym gijeden agyberende Oglanhakydany uky basmarlap başlady. Ol hatda üşemesinem ýadyndan çykardy. Irkildi. Öz tenleriniň tebti bilen biri-birlerini ýylatmak üçin gysmyljyraşyp oturan aýal-gyzlaram, erkeklerem irkildiler. Daňa golaýam asgyryşyp, üsgürişip oýandylar. Bedenleriiň guruşgynyny ýazmak hem-de az-kem gyzyşmak üçin o ýan, bu ýan gezmelediler. Soň ikibir üçbir üýşüp gümür-ýamyra başladylar. Oglanhakyda olara diň saldy. Kimdir biri eňegini şakyrdadyp «hababaýlap» durşuna: ─ Ekabyrlarymyzdan-a hiç kim galmady, indi nirä barmalydygymyzam, haýsy tarapa ýöremelidigimizem bilýän ýok – diýdi. – Hemmämizem malsyz, pulsyz... Başga biri burnuna salyp «hoňňul-hoňňul» etdi. ─ Olar bolmasa-da bizi gözläp taparlar, sebäbi göçüň gelýäninden Jüneýit han habarly bolmaly. Ol bizi hökman ýygnar. Ýöne, ine, malsyzlyk meselesi welin... Hakykatdanam bize nämeleriň garaşýanyny Alla bilsin... ─ Aý, talabançylyk ederis, owganlylylaryň goýnuny bakarys, garaz hor-a bolmarys – diýip, digdenekläp duran üçünji biri ýoldaşlaryny köşeşdiriji äheňde seslendi. – Mal-mülküňem bir zady bor. Karz diýer, kowal diýer, garaz, berjek diýip söz beren bolsa owgan hökümedi bizi boş-a goýmaz. Ýöne, ine, aýraçylyga nädip döz geljek? Ýat ýer, ýat ýurt, ýat adamlar... Onuň gürrüňdeşi gyňraýlyp gepledi. ─ Näme, ýat ýere gidýändigiňi gaýtmankaň bileňokmydyň? ─ Bilýädim-ä welin, ýöne nätjek-dä, şeýle boldy-da... kysmatdyr-da... ýogsam hökümetden gaçar ýaly üýşüp ýatan malymyzam-a ýokdy... Mundan bu ýana näme etjekdigini, nähili gün-güzeran görjekdigini, kime ýüz tutjakdygyny Oglanhakyda hem bilenok. Şonuň üçinem, ol ünsüni üzlem-saplam gürrüňlerden sowdy-da, agyr oýlara çümdi. Bir ýerden atasy ýa enesi, kakasy, iň bolmanda uýasy gelegä-de: «Wiý, sen asyl bu ýerdemidiň biz bolsak seni o ýerlerden gözläp ýörüs» diýäýjek ýaly daş-töweregine delmurdy oturdy. Gözlerini tegeläp zol-zol gädige tarap seretdi. Imrindi. Oňa çenlem daň atdy. Jahan ýagtyldy. Gün dogdy. Şol gün howa açyk, asman dury boldy. Günüň ýokary galmagy bilen howa az-kem maýlady. Gün bosgunlaryň ýadaw ýagyrnylaryny çoýdy. Şondan soň nirä, kimiň ýanyna gitmelidigi barda umumy maslahat boldy. Her kim bir zat diýdi. Ýöne, belli bir netijä gelip bilmediler. Çünki, hiç biriniňem Owganystana beletçiligi, tanyş adamlary ýok. Oglanhyka ýaly hossarsyz galan ýeke çagalara kimiň eýelik etmelidigi baradaky mesele hem çözülmän galdy. «Bu wagt biziň ýagdaýlarymyzam şolaryňkydan gowy däl” diýip, gelşiksiz gürrüň aýdanlaram boldy. Ýöne, hakykatdanam şol wagt edil Oglanhakyda gerek bolşy ýaly olaryň özlerine-de hossar gerekdi. Uly-kiçi, aýal-erkek diýmän, olaryň hemmesi ejizdi, egbardy, hordy, açdy, ýalaňaçdy. Şeýdip ýaýdanyşyp otyrkalar owgan tarapdan bir bölek atly göründi. Bosgunlar olaryň öňünden ylgaşyp çykdylar. Olar kömek sorap baranlaryndan soň, Jüneýit hanyň iberen otuz atlysy ekeni. Gijä galandyklaryny bilip olar gaty gynandylar. Atdan düşüp hal-ahwal soraşdylar. Ýanlarynda baryndan bosgunlara çörek, suw berdiler. Hemmesine-de hossar çykyljakdygyny ýer-suw, iş beriljekdigini aýdyp, ruhdan düşüp oturan adamlaryň göwünlerini göterdiler, köşeşdirdiler. Ugrajak bolup durkalar, at, düýe idişip gelýän ýene bir topar peýda boldy. Olar öňden bäri bu ýerde ýaşap ýören türkmenler bolup, bosgunlaryň geljegindenem, düşen ýagdaýlaryndanam eýýäm habarly ekenler-de, “alyp geliň” diýip, ýerli han-berler tarapyndan iberilen adamlar eken. Soraşyp-ideşip olaryň içinde bosgunlaryň käbiri bilen hakyky hossar çykanlaram boldy. Ene saýyň içi bilen, howlukman, otura-tura uzynly gün ýol ýörediler. Gije bir ýerde düşlediler. Şonda owunjak, edil ýaz aýynyňky ýaly ümür gatyşykly ýylymsy ýagyş ýagdy. “Şehit bolanlaryň mährem suwudyr bi, bendeleriň jaýy jennetden boljakdyr”, diýen tutuksy ses eşidildi. Oglanhakyda muny eşidip hemmeler makullarlar, “howwada-howwa” boluşarlar, “omyn” diýerler öýtdi, emma hiç kimden ses çykmady. Çünki, ol wagt adamlar jennet bilen döwzahyň, o dünýä bilen bu dünýäniň, ölülik bilen diriligiň tapawudyny unudypdylar. Ölenleriň ýagdaýy gowuny ýa öz ýagdaýlary gowumy ol wagt şonam seljerere olarda rowgat ýok. Ertesi günortanaralar haýsydyr bir oba baryp bir barly adamyň howlusynda düşlediler. Ol ýerde bosgunlary naharladylar. Tämiz öýleriň içine salyp dynç berdiler. Soň obanyň ekabyrlary bolsa gerek, bäş-alty sany ýaşuly adamlar üýşüp bosgunlary golaý-goltumlardaky obalara bölüşdirdiler. Kimiň näme başarýandygyny, kimiň kim bilen bir oba düşesiniň gelýändigini soraşdyrdylar. Gezek Oglanhakyda ýetmänkä bir ýerden kelteräk boýly, gyrçuw mäşbürünç sakgally, geplände gözleri dygysyzlyk bilen ýumjuklap duran adam dor atyny säpjedip geldi-de, eýeriň üstünde ýanyn oturşyna aglaýan çaganyňky ýaly zeýrençli sesi bilen: – Hakydalardan adam barmy – diýdi. Muny Oglanhakyda hem eşitdi. Eşidişi ýalam ör turdy. Ýöne, nätanyş adama nädip tanyşlyk berjegini bilmän ýaýdandy. Ýuwdunyp daş-töweregine garanjaklady. Oňa çenlem ony tanaýanlaryň barysy birden: nämä sesiňi çykarman dursuň diýen manyda ýüzüne çiňerlişdiler welin, bir bökende dor atly adamyň alkymynda nädip peýda bolanyny özem bilmän galdy. Ahmet aglawly lakamyny alan şol adamyň öýlerine gelenden soň, özüniň gürrüň bermegine görä, bir wagtlar Ruhy batyryň ogly Umyt bilen dost ekeni. “Hakguýuda” oturýarkalar köp gatnaşypdyrlar. Erkinligimizi gaýdyp alarys diýen tama bilen ogly Umydam alyp Jüneýit hanyň anyna gidende Ruhy batyr ýol ugrundaky guýa sowlup onam bile äkiden ekeni. Soň ol bir sebäp bilen Tejen obalarynyň birine göçüpdir-de Umyt bilen esli wagt görüşmändir. Ol bu ýere Annaguly hanyň ilkinji topary bilen gelipdir. Bolşuna görä ýerleşipdir. Ruhy batyryň maşgalasy bilen geljekdiginem bilýän ekeni. Gaty bir baýam däl, garybam däl. Orta tabyrak. Çaga sanam şolar ýaly. Üç gyzy iki ogly bar. Gyzlarynyň ikisi çykan, biri entek ýaş. Oglanhakyda bilen deň-duşrak. Oglanlary ýetişen, ýöne şolaryň diňe biri öýlenen. Hememsi öz ýanynda, bir howluda ýaşaýar. Ojagyň başynda derçiräp çaý içip oturşyna ol Oglanhakyda başga-da kän zatlar barada gürrüň berdi. Ahyrsoňunda-da gyjagyň iň ýogyn taryna süýkände çykýan ýogyn hem zaryn owazyna meňzeş sesi bilen: – Gaýgy etme, han ogul, günüňi görersiň. Men kömek etsemem görersiň, etmesemem görersiň. Sebäbi seniň köküň berk. Özüňem ýaş. Ýöne, men saňa barybir kömek ederin. Işem tapyp bererin. Ulalyp ýigit çykarsyň welin öýlendirerinem. Nesilem ýaýradarsyň. Ýöne, ikimize-de, asla bu ýere gelenleriň hemmesine-de bir zat ýetmez. O-da Watan. Biz bu göç-hä-göçli wagtlaýynça bir zatdyr, apyla-sapyla sowulýança çete çekilmedir, hä diýmän bar zat üýtgär, ýene gaýdyp geleris, öz ýurdumyza eýe bolarys öýtdük, emma ýalňyşypdyrys. Biz utulypdyrys. Özümiz almasak hiç kimiň gelip kesekiniň elinden ýurdumyzy alyp bermejekdigine düşünmändiris... Indi munuň aňyrsy görnenok. Biz indi tä, ölýänçäk watanyň zaryny çekip geçmeli bolduk. Sen ýöne gaýrat et-de, hakydaňy ýadyňdan çykarma. ─ Sesi birhiliräk diýäýmeseň Ahmet aglawlynyň gep-gürrüňlerem, özüni alyp baryşam, çagalaryna berýän edep terbiýesem Oglanhakyda ýarady. Esasanam ol onuň hupbulwatanlygyny gowy gördi. Ýolda şehit bolan hossarlaryna ýeke-ýeke aýat okadyp Kuran çykardansoň-a ony özüne hasam golaý saýdy. Şonuň üçinem, ol näme buýursa şony edip geziberdi. Mallara otam ýygdy, gumdan odunam getirdi. Gerek bolsa goýnam bakdy, düýe-de çekdi. Bugdaý ekip, oragam ordy. Gijelerine bolsa gara öýüň ortarasyndaky gübürdäp duran gyzyl oduň başynda oturyp öý eýesi bilen edil uly adam ýaly gala-gala gürrüňler etdi. Bilmeýän zatlaryny sorady. Hakydasyny baýlaşdyrdy. Ahmet aglawlam ony hiç haçan oglan saýmady, çagalaryndan saýry tutmady. Oňa ýeke bir dostunyň ýetim galan çagasy hökmünde däl-de, uly iliň hakydasy, taryhy hazynasy medeni baýlygy hökmünde gorady. Kim bilýär kelesine nä hyňal geldi, ýyl ýarym gowrak wagt geçenden soň Ahmet aglawly birdenkä barja mallaryny, hatda öýünem satdy-da, söwda baş goşmak üçin Hyrada göçermen boldy. Elbetde, ol Oglanhakydanam öz ýany bilen alyp gitdi. Bile işleşdi. Söwda etdirdi. Ýetdik hakyny berdi, egin-eşik, aýakgap äberdi. Hyratda Oglanhakydanyň gözüne ilen ilkinji hem esasy zat – baý bilen garyby sellesinden tanap bolýan ekenligi. Baýlaryňk-a ýüpekden garyplaryňky bolsa bizden. Şeýle hem Owganystan boýunça nahara biş-düşe ökde gelin-gyzlaram Hyratda ekeni. Munuň şeýledigine Oglanhakydanyň özem göz ýetirdi. Gelinler ärlerine hyzmat etmegi, her dürli naharlar bilen göwünlerini awlamagy, myhman gelse hyzmat etmekligi öz aşpezlik hünärleri bilen olary geň galdyrmaklygy gowy görýärler. Öý agzalaryna ertirlik naharyny berdikleri, haýal etmän günortanlyk naharyna başlaýarlar. Özlerem şuny uly höwes bilen edýärler. Umuman alanyňda-ha Hyradyň ýeke bir aýal-gyzlary däl, asyl, hemmesem biş-düşe ökde. Ahmet aglawlynyň ýanyna gelýänlerden we Oglanhakydanyň özüniň onda-munda eşidýän gürrüňlerine görä, Owganystanyň iň owadan gyzlary Gandahardamyşyn. Sebäbi daglyk bolansoň ol ýeriniň howasy mymyk suwy tereňmişin. Şo-da oaryň görkmen bolmaklaryna täsir edýärmişin. Özlerem öýdeçimişler, bazara, köçä çykmaýarmyşlar. Has myhmansöýer hökmünde bolsa adamlar Owganystanyň demirgazygynda ýerleşen Bagu welaýatyny, hususan-da, Şybyrgan, Andhoý şäherlerini agzaýarlar. Ýöne, birgiden bazarly, giň-giň mähelleli uly şäherdigine garamazdan, giň ýerde, çöl şertlerinde ösen Oglanhakydanyň gözüne Hyrat diýseň dar hem ýürekgysgynç göründi. Şonuň üçinem Ahmet aglawlynyň işiniň gaty bir şow alyp barmazlygy, onuň häli-şindi yzyna dolanmak barada gep gozgamagy, üstesine aýalydyr, çagalarynyňam ýerlemän häli-şindi yzlaryny küýsäp uludan demlerini almaklary oňa kemem ýaramady. Bir günem Hyrada Ahmet aglawlynyň edil obadaşy bolmasa-da, goňşy etraplarynyň birinde ýaşaýan dosty geldi. Onuň ady Seýit baý ekeni. Ol hem çarwaçylyk, hem daýhançylyk bilen meşgullaný an ýetişikli telekeçi bolup, o zatlaryň üstesineüç-dört sany dükanam bar ekeni. Şol gezegem Hyrada ýüň, eýlenen deri, haly ýaly önümler getiripdir-de, şolary satyp gazananja puluna-da dükanlary üçin mata, nogul-nabat, gap-çanak, çaý, nohutly kişmiş diýen ýaly hojalykda gündelik gerek bolup duran zatlardan satyn alypdyr. Ähli işini boldum edenden soňam derçiräp çaý içip oturan Ahmet dostunyň çat maňlaýyna geçdi-de, geleli bäri her gije aýda-aýda bizar-peteňini çykaran gürrüňini ýene bir gezek, ýöne, jemleýji görnüşde gaýtalady. – Alla her kimiň rysgyny bir zatdan berýändir, Ahmet. Onuň bermedik zadyny zor bilen alyp bolmaz. Senem bir gezek ýalňyşdyň besdir! Özüňem, çagalaryňam horlap ýörme. Giň sähra çyk, özüňkileriň arasyna bar. – Ol bir burçda mugruljyraşyp oturan Oglanhakyda tarap baş atdy. – Bu oglan bolsa olara hakyda aýdyp berer. Goý, hak söz ýerde ýatmasyn. Aýaga galýançaň kömek etmek bolsa meniň bilen... Ony ýerli-ýerden Ahmet aglawlynyň mahal-mahal yzlaryny ýatlap gözlerine ýaş aýlap ýören çagalaram goldadylar. Aýaly bolsa ärine Seýit baý bilen deňine ýalbardy. Şeýdibem alyp ýatdylar. Gije ýarymdan agyberende Ahmet aglawly göçmäge razy boldy. Hemmeler ýeňillik bilen dem aldylar. Oglanhakydanyň bolsa arkasyndan ýük aýrylan ýaly boldy. Eginleri terezilenip, gerdenleri ýazyldy. Ýeňsedamarlary ýumşady. Edil kapasadan çykan guş ýaly ganatlary giňden ýazyldy. Seýit baý ýeke bir görnükli söwdagär bolman, eýsem öz etraplarynda gürrüňi diňlenýän, sözi ýöreýän sylagly adam ekeni. Ol oba kethudalary bilen maslahatlaşyp Ahmet aglawla mal-mülk, eker-diker ýaly iş gurallaryny, şeýle hem tohumlyk kdäne berdi. Jaý salmaga kömek etdi. Şeýdip Oglanhakydanyň durmuşynda ýene-de öň endik edilen işler başlandy. Seýit baýyň aýdyşy ýaly Ahmet aglawlynyň bu işi rowaç boldy. Ol ýylyň-ýylyna gowy hasyl alyp basym aýak üstüne galdy. Öňki kaddyna ýetdi. Seýit baý bilen hasaplaşdy. Oglanlaryny öýerdi, gyzyny çykardy. Oglanhakyda hem owgan türkmenleriniň içidnen islän gyzyny alyp berjekdigini aýtdy. Onuň öz sözünde tapyljakdygyna Oglanhakyda aňry ýany bilen ynanýar. Ýöne, haýsy ýere barsa-da, näme kär etse-de, ýyllar geçip ýigit çyksa-da, ol Watanyny, önüp-ösen ýerlerini, hususan hem “Hakguýuny”, onuň degrelerindäki ygyp ýatan ürgün çägeleri, gijelerine ýüzünde her biri penje deý ak ýyldyzlar petreşip duran, gara mahmal kibi ýumşak, gündizine göwsünde ak bulutlar gaýyşyp ýören göm-gök, beýik asmany unudyp bilmedi. Dogry ol zatlar bu ýerde-de bar. Çäge-de, asmanam, ýyldyzdyr ak bulutlaram bar. Ýöne Oglanhakydanyň diýýäni däl. “Hakguýunyňky” däl. Onsoňam ol ýerde ýeke bir asman däl, tanyş-bilişlerdenem kowum-hyşlardanam dürli sebäplere görä göçmän galany bar ahyry. Galyberse-de, bosgun bolup gelýärkäler, ýoldaky söweşlerde şehit bolan ildeşleriniň “Bar, sen git, başyňy gutar, sebäbi seň başyňda halkyň hakydasy bar, bize görä sen ile-de, ýurda-da has gerekliräksiň”, diýip, özüni ýnar oduň içi bilen ýat ýurda ugradyp, özleri şol ýerde jan teslim eden mähremleriniň tä, iň soňky demlerine çenli söweşen merdana ýigitleriň, il-halkyň ykbaly humara goýlan güni ýigitler bilen bir hatarda är deýin mert durup, ýar deregine gara ýeri guçan görmegeý gyzlaryň, ellerindäki akja bäbeklerini ganym okuna aldyran, ak çägäniň üstünde janhowluna jan beren, gara gaş gelinleriň iň soňky sargytlaryny ol hiç haçan unudyp bilmez. Howwa, ol il-günüň içine barmaly. Halka hakyda aýdyp bermeli. Dogry, bu ýerde-de halk bar, ýöne, birinjiden-ä o ýerdäkilerden azlyk, ikinjidenem bular eýýäm eşitdiler, üçünjiden bolsa bu ýerdäki halkyň üstüne hakydasynyň ýitip gitmek howpy abananok, hokgabaz tarapyndan halkyň aňy oýnalanok, ol ýerde bolsa täze hökümet halkyň aňyna howp salýar. Oglanhakyda gaýdyp barmasa, olar bar zady tersine öwürerler. Enehakydanyň jibrinipler aýdyşy ýaly, täze gurlan, üsti elwan baýdakly ak mekdeplerde türkmen çagalaryny düýbünden başgaça okadarlar, başgaça terbiýelärler. Bar zat unudylar. Asyl o zatlar eýýämden şeýle bolubam ýörmüşin. Watanyň zaryny çekňänler welin owgan topragynda ýeke bir Oglanhakyda däl. Çünki, gädikden geçen gijeleri daňdanaralar kimdir biriniň aýdyşy ýaly, bosgunlaryň köpüsi gyzyllardan mal-garalaryny gysganyp däl-de, öz-özlerinden howsala düşüp, “şow-şowa” çapyp gaýdypdylar. Şol güne düşen adamlar indi oturan-turan ýerlerinde: – Kemine şahyryň: “baýlar-a bähbidin arar, pukara hupbulwatan” diýeni çyn ekeni-ow. Her niçik hem bolsa ýurdumyzy terk etmeli däl ekenik. Şeýtmedik bolsak, ýolda-da müňlerçe adamymyz gyrylmazdy, bizem bu güne düşmezdik. Barybir durmuşymyzda üýtgän zad-a bolmady. O ýerde-de şu garyplygymyzdy, bu ýerde-de şol garyplygymyz. Gaýtam, munda onça-da ýok. Hälem bolsa, serhet doly ýapylmanka çemini tapyp yzymyza gitmegimiz gerek – diýip, zeýrenişýärler. Şol zeýrençler, şol küýsegler, isleg-arzuwlar ahyry öz netijesini berdi. Müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň ýaz aýlary, bäş ýylyň aýralygyndan soň, ýaňy bir on ýedi ýaşyny dolduryp on sekizine gadam basan Oglanhakyda özi ýaly hupbulwatanlaryň birnäçesi bilen yzyna dolandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |