11:16 Ýeñilmedikler -26: Ýigrimi bäş ýyldan soñ | |
ÝIGRIMI BÄŞ ÝYLDAN SOÑ
Taryhy proza
Şeýdibem, müň dokuz ýüz altmyş ikinji ýylyň ýaz aýy, özüne on sekiz ýaşly ýigdekçekä ýerlen ýigrimi bäş ýylyň iň soňky gününe çenli oturyp, kyrk üç ýaşynyň içinde azatlyga çykdy. Ençeme ýollardan aşyp Türkmenistana dolanyp geldi. Baryp gapysyny çekere, belli bir dogan-garyndaşy bolmasa-da, ata-babasynyň gany tartyp öňi bilen Gökdepä bardy. Soň assa-ýuwaş tutuş Ahal iline, türkmen ýurduna aýlanyp çykdy. Meşhur Guşly batyryň agtygy, halk hakydasy hökmünde ony baran ýerinde gowy garşy aldylar, hezzet-hormat etdiler. Nirä barsa-da, ony öňkülere düýbünden meňzemeýän, diýseň parahat hem asuda durmuş garşy aldy. Edil, agyr düýşden oýanan ýaly. Uruş-gowga, tutha-tutluk ýok, her kim öz maýdalyna arassa zähmet bilen gümra. Öňki başly-barat oturan obalaryň ornuny indi hemme ýerde göni köçeli, elektrik çyraly, hemmesi bir biçüwde gurlan, üsti şiferli ak jaýlardan ybarat posýoloklar eýeläpdir. Käbir etraplarda täze sowhozlar açylypdyr. Ýöne, pajygaly Gökdepe wakasy, Ýeroýlanduz, Gazawat hadysalary, otuzynjy ýyllaryň tutha-tutlugy welin bütinleý unudylypdyr. Iki-ýeke bilýänlerem ýa-ha bilýändiklerini aýtmaga çekinýärler, ýa-da o zatlara düýbünden başgaça düşünýärler. Olaryň aýdyşlaryna görä asyl-ha Türkmenistan bilen Orsyýediň arasynda uruş bolmanmyşyn. Türkmenler Orsyýede meýletin birigenmişin. Ilki general Lomakiniň, soň Skobelewiň ýolbaşçylygynda Ahala gelen goşunam uruş üçin däl-de doslukly maksatlar, ýagşy niýetler bilen gelen, has dogrusy geçip barýan ekspedisiýa ekeni. Dogry, çalak-çulak kakuş-kukuşlar bolanmyşyn, ýöne oňa-da türkmenleriň özleri günäkärmişin. Ors hökümeti ýöne, hälki bir ýurtda tertip-düzgüni ýola goýmak, alamançylygyň, galtamançylykdyr-garakçylygyň soňuna çykmak üçin käbir çäreleri geçirmäge mejbur bolanmyşyn. Gazawat gyrgynçylygam uruş däl-de, şol ýerde oturan ýomutlara, gökleňlere kontribusiýa tölemekden boýun gaçyrandyklary üçin ak patyşanyň Golowaçow ýaly goşun ýolbaşçylarynyň eli bilen ýerli halka beren ýerlikli sapagymyşyn. “Ýeroýlanduz” wakasy bolsa, halkyň baýlygyny daşary ýurda geçirmäge synanyşan, birtopar han-beglerden we baýlardan ybarat bir bölek bandany aklyna aýlandyrmak, aldanyp ýanlary bilen barýan bir topar sada adamlary ellerinden alyp galmak üçin edilen zeruryýetçilik bolanmyşyn. O zatlaryň aňyrsynda ýer ýüzüniň ähli proletariatlarynyň hossary bolan Leniniň ynsanperwerçilikli syýasaty ýatanmyşyn. Otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugy bolmadyk bolsa dagy asla sowet hökümedini saklabam boljak däl ekeni. “Ýiti gözli Ýežow” şonda h ut ýoldaş Staliniň öz buýrugy bilen tutuş Sowet Soýuzyny ýat elementlerden arassalan ekeni. Ýöne, Stalin Ýežow edil beýdäýerem öýtmändir, soň bilensoň-a onuň özünem gelmeze gönderipdir welin, arman giç bolupdyr-da... Howwa, hemmeler şeý diýýärler,çünki, olara şeý diýiň diýip öwredipdirler, şeýdip okadypdyrlar. Hakydalaryna şeý diýip ýazypdyrlar. O zatlar hiç diýseň ondan aňyrky Hakydalaryňam üsti gömlüpdir. Halk hatda Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Salyr Gazanyň, seljuklaryň, Horezmiň iň soňky şasy Jellaleddiniň kimdiginem bilenog-a! Eý, Huda-aý! Bäş müň ýyllyk taryhy Oglanhakydanyň aňynda aýnada dek görnüp duran halkyň özi eline dutar alyp: “Ýigrimi dörtdüp doglan ýyly türkmeniň”, diýip, aýdyma zowladyp otyr. “Ýigrimi dört” diýýänim 1924-nji ýyl. Türkmenistan Sowet Sossialistik Respublikasynyň döredilen ýyly. Ýeri, bäş müň ýyl nire ýigirmi dörtden bäri geçen otuz sekiz ýyl nire? Hatda mekdep okuwçylaryny gepletseňem Oktýabr rewolýusiýasyndan öň türkmen halkynyň iň bir yzagalak, bisowat, nadan, biri-birini gyryp ýören oňşuksyz tire-taýpalardan ybarat döwletsiz halk bolandygy, egerde, Orsyýet ýaly uly döwlet özüniň doganlyk goluny uzatmadyk bolsa, türkmenleriň millet hökmünde ýer ýüzünden ýitip, ýok bolup gidäýmeginiňem ahmal ekendigi barada öýkenlerini gabardyşyp, joşgun bilen gürrüň berýärler. O zatlaryň düýbünden başgaçadygyny welin olara düşündirip bilýän ýok. Asla düşündirjek bolýanam ýok, düşündirere adamam ýok. Oglanhakydanyň çak edişine görä, otuzynjy ýyllarda ýok edilenlerem hut şol zatlara düşünýän, halka-da düşündiribiläýjek adamlar bolmaly. Bularyň welin barysynyň milli duýgularyny öldüripdirler. Şonuň üçinem, olar indi öz gadymy ýurtlary, ata-babalary, olaryň başlaryndan geçiren gahrymançylyklary, guran döwletleri, döreden imperiýalary barada däl-de, Gyzyl meýdan, Kremliň çür başyndaky gyzyl ýyldyz, beýik rus halky, beýik rus dili barada aýdymlar aýdýarlar. Rewolýusiýanyň demir donly serkerdelerine guwanýarlar, öz hakydalaryna derek gadymy slawýan, ors taryhyny öwrenýärler. Egerde, Sibire gitmän şu ýerde galyp, şularyň okan mekdebinde bilim alan bolsady, onda, Oglanhakyda hem bir wagtlar Enehakydanyň aýdyşy ýaly şolaryň öwrenen zatlaryny öwrenmeli bolardy. Hakydany ýatdan çykarmaýanda-da, gara, bulaşdyraýmagy ahmaldy. Diýmek, Sibirdäki dostlarynyň biriniň öwran-öwran gaýtalaýşy ýaly, “net hudo bez dobra”. Onuň şonça ýyl çeken jebri biderek geçmändir. Halk üçin taryh üçin, hakyda üçin bähbit bolupdyr. Oglanhakydany geň galdyran ýene bir zat, o-da: gylyç-galkan hakda-ha gürrüňem ýok welin, türkmenleriň barysynyň uçdantutma atsyz galandyklary. Asla, olara öz hojalyklarynda at saklamak gadagan. Nämemişin, türkmenler öz hojalyklarynda at saklamaklygy başarmaýarlarmyşyn. Olaryň türkmen atlarynyň tohumlaryny zaýalamaklary, mümkinmişin. Özem Ogalanhakydanyň eşidişine görä, muny aýdýan adam başga hiç kim däl-de, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň tohum mallar bölüminiň müdiri bolup işleýän Dadaýan atly bir ermenimişin. Gör-ä muny: türkmen atlaryny asyrlarboýy sünnäläp bakyp-bejerip kemala getiren türkmenler-ä bu gün at saklamany başarmaýarlarmyşyn, türkmen atlaryny iňlis atlary bilen garyşdyryp ýören Dadyýan bolsa başarýarmyşyn. Ýok, türkmen gaty bir zerurlyk ýüze çykmasa gylyçsyz oňup biler, ýöne, atsyz welin oňup bilmez. Dogry, häzirkisi ýaly zor bilen oňdurylsa oňaram, ýöne, ýüreginde dag galar. Howwa, Ogalnhakyda üçin bu zatlar diýseň geň bolup göründi. Çünki, o zatlaryň hakykat ýüzünde nähili bolmalydygyny ol birinden sorap bilmeli däl. Bar zat oňa edil aýasynda ýaly aýan görnüp dur. Ýöne aýtmak bolanok. Aýtdygyň gelen ýeriňe gidibermeli. Oglanhakydanyň muňa-da akly çatman duranok. Şonuň üçinem dymýar. Ýöne, ol niçezar dymsyn? Niçezar aýtman oňsun? Hakydany bolşy ýaly gelejekki nesillere ýetirmekligi ol öz ata-enesiniň öňünde söz berdi ahyry. Şonuň üçinem, ol uzak dymyp bilmez. Daşyndan aýdybilmese içinden, iň bolmanda gurruk guýunyň içine gygyryp aýdar welin, aýdar. Hakykat ýerde ýatmaz. Kim ýatyrsa-da ony Ogalnhakyda ýatyrmaz. Çünki, ol onuň galanja ömrüniň manysy. Gerek blsa ol ýene-de bir gezek ýigrimi bäş ýyl oturyp geler welin, maksadyndan dänmez. Iň bolmanda bir adama, üç adama, bäş adama aýdar welin, aýdar. Hakydasyny bütinleý unudan halkyň arasynda ýaşap welin bilmez. Şonuň üçinem, ol özüni birwagtlar halk üçin hakyda mekdebi bolup hyzmat eden Hakguýa atmaklygy makul bildi. Ondan-mundan haýyş edip şol ýere işe geçdi. Şol guýa degişli kolhozyň “izolýatordaky” goýunlaryna seredip bermekligi boýnuna aldy. Hakguýy indi giden bir uly oba. Onda-da “dwijok” arkaly belli-belli sagatlarda işleýär diýäýmeseň elekrtikleşdirilen oba. Hatda diňe başlangyç synplary bolan kiçiräk mekdep, şol mekdebiň iň çetkije, çaklaňja jaýyny eýeläp oturan medpunktjagazam, dükanjagazam bar. Suwam indi guýudan öňki ýaly gowa bilen däl-de, elektrik nasoslary arkaly çykarylýar. Ony obalar, etrap merkezleri bilen birleşdirýän gumak, ulgam-ulgam çägeleriň üsti bilen kä beýige, kä pese inip, alyslardan – alyslara uzap gidýän ýollar bir ýa iki däl. Şol ýollardan aşyp, käte bu ýere üsti “dwižokly” maşyn bilen dürli-dürli wakalary beýan edýän kinojagazam getirýärler. Şonda mekdepde ors dilini okadýan horja, jüýkburun, tar-tar seýrek murtlary ýokarky dodagynyň üstünden sallanyşyp duran saryýagyz ýigdekçäniň güni gelýär. Çünki, gelýän kinolaryň köpüsi orsça. Şol gün kino başlamazdan öň ony isledigiçe iýdirip içirýärler. Hatda gumly çopanlaryň biriniň gyzyna öýlendirip öz ýanlarynda müdimilik alyp galmak barada gürrüň gozgaýanlaram tapylýar. Şol gije ol ýigit ekranyň çep tarapynda goýlan ullakan, gara reproduktoryň gapdalynda durup kinony başdanaýak diýen ýaly tomaşaçylara terjime edip berýär. Kinonyň tamamlanyp her kimiň öýli-öýüne dagamagy bilenem onuň sylag-hormaty kemeläýenok. Telim günläp ondan şol günki kinonyň mazmuny, gahrymanlaryň haýsynyň kime näme diýendigi baradaky sorag bilen ýanyna gelýänleriň yzy üzülenok. Çünki, kino gidip duran wagty ony saklap düşünmedik zadyňy sorap bolanok. Dogry, şonça ýyl Sibirde bolup gelendigi sebäpli orsçany Oglanhakyda hem şol oglandan kem bilenok. Ýöne, onuň ol kinolarda görkezilýän wakalaryň beýan edilişine syny oturanok. Mazmuny maňzyna batanok. Ony hususan-da basmaçylar baradaky kinolar kejikdirýär. Jüneýit han, Eziz han ýaly öz ýurdy, il-halky üçin ata çykan, janyny orta goýan merdana adamlaryň, olaryň yzyna düşen gerçek ýigitleriniň “basmaçy” diýlip atlandyrylyşyny, duşman hökmünde görkezilişini ýüregine sygdyryp bilenok. Şolar ýalyda onuň entek kino gutarmanka synyny silkip turup gidýän wagtlaram az bolanok. Şonuň üçinem, Oglanhakyda gije-gündiz nädende halka hakydany hakyky görnüşinde ýetirip boljakdygy barada pikir edýär. Oýlana-oýlana ol ahyry çykalga tapdy: Ýazmaly! Ras, aýdyp bolanokmy, ýazmaly! Ýazyp goýmaly! Bar zady bolşy ýaly kagyz ýüzüne geçirmeli. Çünki, baky zat ýok. Sibirde bile oturan dostlarynyň aýdyşlary ýaly ahyr bir gün sowet hökümediniňem soňy geler. Bu gün gelmese ertir, ertir bolmasa birigün geler. Ana, şol gün halk Hakykaty bilmeli. Şeýdip ol hakyda kitabyny ýazmaga girişdi. Iş başlandy. Her gün agşam gündizki hysyrdylardan soň ol çaý-çöregini iýýär-de, iş başyna geçýär. Hakyda ýazýar. Türkmen taryhynyň başdan-aýak, ýekeje sahypasynam sypdyrmazlyga jan edýär, beýnisine agram salýar, käte uçursyz ýadaýar, ýöne, ýazmasyny bes edenok. Şeýle ýagdaýda üç ýyl geçdi. Oglanhakyda kyrk alty ýaşady. Hakguýuda oturanlar ony äri urşa gidip gelmedik, kyrk üç ýaşlaryndaky Aýnabat atly dul aýala öýlendirdiler. Önüp-öser diýen umytdan daşda bolsa-da, Oglanhakydanyň bagtyna ol aýal oňa bir ýyldan soň ogul dogrup berdi. Oglanhakyda özüniň garry atasyny ýatlap, onuň adyna Mollahakyda goýdy. Soň bir gyzy boldy, onuň adyna Enehakyda goýdy. Özüne öwredilişi ýaly olara-da hakyda öwretmekligi özüne borç edip goýdy. Aýaly bilen agzybir ýaşady. Ömründe ilkinji gezek öýüň, ojagyň mährini duýdy, taýyn çaý içdi, nahar iýdi. Her gün irden turanda täret suwunyň ýylap duranyny görüp begendi. Hakyda ýazmagyny öňküdenem has uly hyruç bilen dowam etdirdi. Dogry, hökümet şol döwrem köneçilleri, molla-müftini, namaz-täreti gowy görenokdy. Ýöne, edil, otuzynjy ýyllardaky ýaly “güpür-tapyram” edip baranokdy. Garaz, oňuşmazça däldi. Bir günem Hakguýuda oturan çopan maşgalalarynyň biriniňkä Oglanhakydadan on-onki ýaş ulurak, ak sakgaly döşüni ýapyp duran süňki irimçek, ýüzi-gözi nurana, ýylgyryp gepleýän bir adam geldi. Guýuda oturanlaryň bir däpleri bar, ýagny, kimiňkä myhman gelse-de, ol hökman söwüş soýup goňşularynyň ählisini öýüne çagyrýar. Myhmany bilen tanyşdyrýar. Ol adam öň gelip-gidip ýören bolaýanlygynda-da düzgün üýtgänok. Şol gezegem şeýle boldy. Ýaşulynyň düşen öýi mal soýup goňşy-golamlaryny, Ýaşulylary öýüne çagyrdy. Oglanhakydanam çagyrdy. Beýlekileriň öň tanaýandyklary sebäpli öý eýesi ony ýaşuly bilen ýörite tanyşdyrdy. – Bu ýaşuly meň kakam. Ady Halnepes – diýdi. Soň kakasyna ýüzlendi. – Kaka, bu adama Ogalanhakyda diýýärler, iňňän gürrüňçil adam. Özem taryh ýazýa... Meşhur Ruhy batyryňam agtygy. Ogly şeý diýenden Halnepes aga: – Aý, ýog-a?.. – diýip, ýerinden turdy. Oglanhakyda bilen täzeden görüşdi. Gujaklaşdy. Kakasy bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygyny aýtdy. Umuman ýaşulynyň Oglanhkydany turuwbaşdan sulhy aldy. Gowy gördi. Içgin sözleşdi. Ýazýan zatlary bilen gyzyklandy. Oglanhakyda üçin iň gyzykly ýerem Halnepes aga şo-ol dabarasy dag aşan “ýeroýlanduz” wakasyna başdanaýak gatnaşan adam bolup çykdy. – Be-e... şol waka döwründe düýäň howudyna daňyldy oglan-ow sen – diýip, öňküsindenem has geň ýylgyrdy. – Ýöne, men gädikden geçip bilmedim. Soňky söweşleriň birinde ýeňiliräk ýaradar boldum-da, gyzyl goşuna ýesir düşdüm. Ilki Guşga soň Mara, ondanam Aşgabada eltdiler. Şol ýerdenem birnäçe baý adamlar bilen birlikde Özbegistanyň Ketdegorgan diýen ýerine sürgün etdiler. Şondan soňky beren gürrüňlerine görä Halnepes aga Hruşewiň maýylganlygy döwründe Türkmenistana gaýdyp gelipdir. Ol bosgunlrdan kimiň nirede galanyna, haýsy söweşiň haýsy ýerde bolanyna çenli jikme-jik aýdyp otyr. Tutuş maşgalasynyň şol ýerde ýogalandygyny, Ketdegorganda täzeden öýlenip , şu, şýünde oturan oglunyňam şol ýerde doglandygyny, iki gyzynyň bardygyny aýdanda ühli zat aňynda täzeden janlanan ýaly gözlerine ýaş aýlandy. Tä gijäniň birwagtlaryna çenli bolan wakalary ýätlaşdylar. Ýygnananlaram edil gorkunç erteki diňleýän ýaly seslerini çykarman, ünslerini başga hiç zada sowman, olaryň ýüzlerine jüýjerilişdiler oturdylar. Bular ýaly wakalaryň bolandygyndan bihabardyklaryny aýtdylar. “Minaraly” diýen ýerdäki söweşde wepat bolan Annaguly hanyň mazarynyň soň gyzyllar tarapyndan tapylandygyny, gazylyp alnyp kellesiniň Aşgabatdaky uly komandirlere eltilip berlendiginem Oglanhakyda şunça ýyldan soň, şol ýaşulydan ilkinji gezek eşitdi. Oglanhakydanyň Ýeroýlanduz wakasy barada hem ýazýandygyny bilip, ýaşuly diýseň begendi. – Dogry edýäň, ýaz! Goý, nähak gan ýerde ýatmasyn. Bigünä bendeleriň ruhlary “Ýeroýlanduzyň” şepbeşik, şor topragyna garylyp gitmesin. Hakykat bilinmän galmasyn- diýip, agyr göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen, oturan ýerinde ellerini galgdyp edil çaga ýaly bökejekledi, “ýyrş-ýyrş” etdi. ─ Dogrusyny aýtsam men şol wakanyň haçanam bolsa bir wagt ile äşgär bolaryndan tamamy üzekirläberipdim. Ýöne, “kasas kyýamata galmaz” diýenleri çyn ekeni. Sen ýazsaň ol ertir kitap bolup çykar. Hökman çykar. Ir çykmasa giç çykar. Şu wagt hökümediň ylmy edaralary il içinden dessanlaryň, nusgaýy şahyrlaryň goşgularynyň asyl nusgalaryny, hatda agzeki görnüşlerini hem ürç edip ýygnaýarlar, çap edýärler, olar barada ylmy işler ýazýarlar. Ýogsam ir döwürler şolaryňam köpüsi gadagandy. Bir gün geler, seňkem gereklener bu wagty gadagançylygyň doňy çözler. Üstüňe gelip alyp giderler. Ile ýaýarlar. Molla hakydanyň, Enehakydanyň, Ruhy batyryň, Umydyň, Arzuwyň çeken zähmetleri ýerine düşer... – Ýaşuly gobsunjyrap ileri omzady-da, Oglanhakydanyň ýüzüne jüýjerildi. – Hiý, şondan soň şol ýere baryp gördüňmi? – Nirä? – Ýeroýlanduza. – Ýok, baryp göremok. Dogrusy barmaga gorkýan. Barsam şol ahy-nalalar ýene-de gulagymda gaýtalanaýjak ýaly bolup dur... – “Ýaly däl-de, hut şeýle şol! Oýa indigiň şehitleriň, esasanam çagajyklaryň “suw-w, su-uw...” diýip yzlaşýan sesleri gulagyňa gelip ugraýar. Iň elhenç ýerem şol yzlaşygyň arasyndan tanyş sesler eşidilýär... – Halnepes aga Oglanhakydanyň ýüzüne çiňerildi – Bu gündiz şeýle. Agşam düşýärem welin, çekip-çydap bolmajak ahy-nala , dady-perýat başlanýar. Ana, şol nalalaryň arasynda welin, öz sesiňem eşitmek bolýar. – Ýaşuly birmeýdan böwrüni diňläp oturdy. – Biler bolsaň inim, men mundan on ýyl ozal, bir iş bilen Ketdegorgandan Daşkende gezmäge gelenimde myhman ýerimiň myhmanyndan şol waka bilen baglanyşykly bir gürrüň eşitdim. Ol adam şol gyrgynçylygyň birnäçe gün yz ýany, bir sebäp bilen şol oýuň üstünden barypdyr. Görse, bir çaga heniem emedekläp, daşyny çöp-çalam basan ullakan ýylgynyň arasyna sümüp-çykyp ýör ekeni. Golaýyna baryp siňe seredipdir welin, ýylgyn şahalarynyň arasynda bir ýaş gelniň jesedi ýatyrmyşyn. Göwresiniň ýarysy daşarda bolansoň, ýaşyl ketenesiniň bilinden aşagy Güne solupdyr. Göwşülläpdir. Sary gaçypdyr. Asyl ap-ak bolup dur diýýä. Galan ýeri welin mizemändirem. Edil täzeligindäki ýaly ýalpyldap durmuşyn. Eme çagasyna bolan yhlas gelniň ömrüni birnäçe güne çenli uzaldan bor-a çemeli, görgüli jan teslim edibilmän telim günläp çalajan ýatypdyr. Ýöne, entek doly tapdan düşmänkä süýrenjiräp özüni çöpüň içine atan bolmaly. Çagada näme, ara-çola enesini emip oňandyr-da. Şol adam baranda gelniň endamy buzgarakesege dönen ekeni. Çaga welin şonda-da sokjap ýatyr diýýä. Ol adam gelni jaýlap, çaganam alyp gaýdypdyr. Töwerek-daşda başga-da iki-ýeke jeset bar ekeni, ýöne, olaryň golaýyna-da barar ýaly däl diýýä. Elbetde, erbet keselleriň tutaşmazlygy üçin hökümet howul-hararak hem bolsa öz soldatlaryna ýogalanlaryň meýitlerini hatda ölen mallara çenli ýere duwladypdyr, ýöne, meýidem, mallaryň maslyklaram çöpläp çykardan juda kändi ahyry. – Howwa-da... Onsoňam bosgunlaryň ýaýrawam giňdi-dä...– diýip, ýaşulynyň beren gürrüňiniň täsirinden çykybilmän agyr oýa batyp, oturan Oglanhakyda başyny ýaýkap, ýadaw halda seslendi. – Janhowuljyna özüni çete çekýänem, gaçyp-tezip has oýmurrak ýerlere atýanam ýok däldi. O gelniňem şolar ýalynyň biri bolaýmagy ahmal... – Mümkin. Garas-aý, şo zeýilli zadyň üstünden bardym, diýip şol adam şonda gürrüň-ä berdi. Şojagaz çaga-da oglanjyk ekeni. Ol ony edil, öz çagasy ýaly saklapdyr, ösdürip ulaldypdyr. «Hudaýa şükür, şol oglan şu wagt gol doly maşgalanyň eýesi bolup otyr, maňa dagy öz kakasy däldirin öýdenok” diýdi, diýip, Halnepes aga sözüniň soňunda endigine görä ýene bir gezek hoşroý ýylgyrdy... Şol gürüňçilikde Oglanhakyda özüni otuz ýyl gowrak wagt bäri biynjalyk edip gelýän bir soragy bermän durup bilmedi. – Men Owganystandakamam, soň Sibirde bolan döwürlerimdenem şu hakda kän pikir edip gezdim. Ýagny, şol gezek serhede tarap bosup barýarkak düýeler, sygyrlar, goýunlar-a gidip baryşlaryna tapdyklaryndan çöp-çalam iýip oňýadylar welin, atlara berer ýaly otam ýokdy, otladara maý hem ýokdy. Olaram edil adamlar ýaly uruşýardylar, dönüp-dönüp söweşýärdiler. Siz ine, şolara näme berýärdiňiz? Ýaşuly göz astyndan Oglanhakyda tarap biparh garap ep-esli oturdy-da, basyk, ýadaw ses bilen: – Öz iýjek gowurgalarymyzy berýädik – diýdi. ...Halnepes aga şol günüň ertesem guýuda boldy-da, birigüni ir bilen ýolagçy maşynlaryň birine münüp oba gitdi. Ýöne, ol şondan soňam Hakguýa kän geldi. Özem öňkülerine görä has ýygy-ýygydan geldi. Muny Oglanhakyda ýaşulynyň öz ogly aýtdy. “Seň bilen tanşaly bäri kakam gelmesini ýygjamlatdy”, diýdi. Bir günem o bende ýurduny täzeledi. Ýöne, nesibesi çekip aýdyp beren gürrüňi welin, Oglanhakydanyň Hakyda kitabynda galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |