11:20 Ýeñilmedikler -27: Täze öwüsgin / trilogiýanyñ soñy | |
TÄZE ÖWÜSGIN
Taryhy proza
...Wagt geçdi. Oglanhakyda bir kem ýetmiş ýaşady. Şol ýylam ýurt başyna SSSR-iň ilkinji hem iň soňky Prezidenti Mihail Sergeýewiç Gorbaçew geçdi. Ol ilkinji bolup, Sowet soýuzynda aç-açanlygy, demokratiýany yglan etdi. Ýurtda üýtgedip gurmak döwri başlandy. Dürli pikirlilige ýol açyldy. Köp partiýalylyk ulgamy emele geldi. Ozal gadagançylyga düşen, hatda daşary ýurtlara giden ýa kowulan ýazyjylara şahyrlara çenli ak meýdana getirildi. Onlarça ýyl bäri tussaglykda ýatan kitaplar çap edildi. Taryha täzeden, dogruçyl çemeleşmek baradaky pikir orta atyldy. Gazawat, Gökdepe, Garrygala, Mary, Sarahs söweşlerine we başga-da öňli-soňly bolup geçen pajygaly wakalaryň ählisine hakyktçyl baha berildi. Şol uruşlarda şehit bolanlary hatyralap, ýurtda “Hatyra güni” bellenildi. Olaryň hemmesine “halk gahrymanlary” diýlip hasaplamaklyk karar edildi. Sowet häkimiýetiniň, onuň başynda duran Leniniň, Staliniň eden işlerine täzeden seredildi. Nyrh kesildi. Halnepes aganyň aýdyşy ýaly çaň ýasyp ýatan ençeme taryhy hem edebi kitaplar bilen bir hatarada Oglanhakydanyň ýazan hakydasy hem halka ýetirildi. Oguz handan başlap “Ýeroýlanduz” nalasyna çenli möwriti öz içine alýan Hakyda kitaby halkyň aňyna täze bir röwüş çaýdy. Kitabyň sözbaşysyna Hakyda mollanyň, Enehakydanyň, Umydyp, Arzuwyň, Oglanhakydanyň atlaryny saldylar. Olaryň hatyrasyna minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. Şeýdip, Hakyda halka ýetirildi. Okuw kitaplaryna girizildi. Hakydasyny bolşy ýaly öwrenmäge halkda mümkinçilik döredildi. Taryhyň keşbi öz bolmaly derejesine çenli dogruçyl dikeldildi. Oglanhakyda ýaly otuzynjy ýyllarda Staliniň repressiw syýasatynyň çoçgaryna çolaşyp, ömürleriniň köp bölegini lagerleriň çekip-çydap bolmajak agyr şertlerinde geçiren adamlaryň ählisi, öli-diri diýmän uçdantutma aklanyldy. 1985-nji ýylda dörän demokratiýanyň zarbyna yraň atan SSSR 1991-nji ýylyň güýzünde dargady. Gorbaçýowyň kürsüsine göz diken Ýelsiniň başda durmagynda emele gelen çemeçiller topary öz beren demokratiýasyny ulanmak arkaly ony ýurt başyndan çetleşdirdiler. Netijede, Orsyýet, Ukraina, Belorus ýaly kerweniň öňüni çekip gelýän respublikalar özlerinden yzdaky wagonlary hiç kimden soraşmazdan tirkegden aýyrdylar-da, “siz sag, biz salamat” diýşip, gykuwlaşdylar ötägitdiler. Şeýlelikde, kiçijik kürsüniň hatyrasyna ullakan döwlet dargadyldy. SSSR ýok boldy. Türkmen halkynyň başyndan towky bolup inen baknalyk ahyrsoňunda şeýdip, öz-özünden tamam boldy. Ýöne, on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda, ak patyşanyň Gazawatdaky, Gökdepedäki eden gyrgynçylyklary üçin, sowet hökümediniň Ýeroýlanduzda we rewolýusiýanyň ady bilen başga-da ençeme ýerlerdäki eden ýykgynçylyklary, sütemdir-zorluklary üçin, halkyň hakydasynyň ýoýlup, düýbünden ters ýola gönükdirilendigi üçin hiç kim hiç kimden ötünç soramady. Gaýtam: «Biz ýetmiş ýyllap şonça respublikalary eklemeli, saklamaly, ylym-bilim bermeli, terbiýelemeli bolduk, Hudaýa şükür indi şol aýakbagylardan dyndyk” diýşip merkezdäkileriň özleri ezilenlerden beter dat etdiler. Şeýlelik bilen, kimiň jepalar çekip, kimiň pidalar berendigi, kimiň bolsa sütem edendigi, gelende boş gelip gidende ýüküni tutup, ýerli halky gedaý galdyryp gidendigi ýene-de belli bolman galdy. Elbetde, birwagtlar Enehakydanyň ýigitleriň öňünde bagryny paralap aýdyşy ýaly bu hemişe-de şeýledi, şol gezegem şeýle boldy. Ýöne, mundan bu ýana bir beýle bolmasyn. Çünki, hakydanyň şaýatlyk etmegine görä, güýçli halk ejiz halkyň üstüne islän wagty sürnüp gelýär, gyrýar basyp alýar, ony gul edinýär, aga bolýar, höküm sürýär, ezýär, geregini edinýär, islän wagtam taşlaýar gidiberýär. Çünki, şondan soň onuň oňa geregi ýok. Ýeňijilere, güýçlülere bolsa sud edilmeýär. Jogapkärçilige çekilmeýär. Olaryň şol wagtky aýdýan zatlaram dogry, öňki aýdanlaram, indiki aýtjaklaram dogry. Edýän işleri, hereketleri babatda-da şeýle. Çünki, “Agzy gyşygam bolsa baýyň ogly geplemeli”. Depesinden urup dursalaram garamaýaga: “Boýun oňurgam agyrýa ýa kelleçanagym çat açýa” diýmek bolanok. Ol diňe çakdanaşa çydamlylyk görkezen ýagdaýynda gowy görülýär. Ýöne, herki zat, “bähbit bolsun” diýleni. Nähili matlap, nähili maksat bilen edilenem bolsa, SSSR-iň dargamagy dünýä syýasaty möçberinde alanyňda-da, gowulyga tarap ädilen ädim boldy. Onuň düzümine giren respublikalaryň hemmesi, şol sanda Türkmenistan respublikasy hem özbaşdak döwlete öwrüldi. Türkmen halky iňňän köp garaşan arzuwyna ýetdi, garazsyzlyga eýe boldy. Hakyda mollanyň, Enehakydanyň, Ruhy batyryň, Umydyň, Arzuwyň, Oglanhakydanyň umuman alanyňda ýeňilmedikleriň ählisiniň: “Ol gün geler” diýip, uzak wagtlap, umyt bilen garaşan günleri geldi, Oglanhakydanyň Sibirdäki dostlarynyň aýdanlary boldy. Halkyna Allanyň adyny kiçi harp bilen ýazdyran sowet hökümeti özüniň ýetmiş ýyllap höküm süren kommunistik ideýasy bilen bilelikde adamlaryň başyndan sowuldy. Şol zatlar baradaky habarlaram, ondan soňky we öňki habarlaram bütin dünýä ýaýraýşy ýaly, Hakguýa hem ýyldyrym çaltlygynda gelip ýetýär. Çünki, ol indi öňküsi ýaly daşky dünýäden negada bir habar gelýän, ilatly ýerden üzňe, çola guýy däl. Hatda, altmyşynjy ýyllardakysy ýalam däl. Ol indi güýçli tok bilen elektrikleşdirilen, hojalyklary dünýäden habar berip duran çanak antennalary bolan, telewizorly, radioly, şeýle hem göni köçelerde seteran oturan, üsti şiferlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary, on ýyllyk mekdebi, kluby we başga-da kitaphana, sport zaly diýen ýaly birnäçe medeni ojaklary bolan, dünýäniň ähli künjeklerinden günüň-gününe içi täze habarlardan, geň-taň täzeliklerden doly gazaetdir-žurnallary alyp oturan, “Watan” atly ýurda belli ullakan oba. Has takygy kiçiräk şäher. Şäherçe. Onda ýaşaýanlaryň hemmesi ýeňilmedikleriň nesilleri. Molahakyda hem-de Enehakyda atly iki çagany ösdürip kemala getiren Oglanhakyda hem şolaryň biri. Uly il bilen bilelikde ol hem indi erkinligiň hözürini görüp ýör. Mahal-mahal, hususanam “Ýeroýlanduz” çöketligindäki gyrgynçylygyň bolan günlerine gabatlap, hem ata-enesiniň hem şol ýerde heläk bolanlaryň, hemmesiniň şeýle hem iki gezek bolup geçen Gökdepe söweşinde gurban bolanlaryň, enesi Enehakydanyň aýdyşy ýaly ýere gaçan ýyldyzlaryň hatyrasyna uly sadaka berýär. Her gezek namazdan, töwürden soň olaryň jaýlarynyň jennetden bolmagyny dileýär. Agşamlaryna heniz gatlaryndan ysam gitmedik Hakyda kitabyny elinde saklap, sahypalaryny agraslyk bilen agdaryşdyryp oturşyna şol kitabyň dowamynyň nahili boljakdygy barada oýlanýar. Her niçik bolsa-da, kim tarapyndan ýazylsa-da, onuň mundan buýana beýle gussaly, ganly, gowgaly hem pajygaly bolmazlygyny, nalasyz, ölüm-ýitimsiz, gyrgynçylyksyz, has takygy gyzyksyz bolmagyny isleýär. Çünki, akylly-başly adamlaryň aýtmaklaryna görä, haýsy halkyň taryhy gyzyksyz bolsa, şol halk şonça-da bagtly hasap edilýär. Soňy 2008-2010 ýý. Juma HUDAÝGULY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |