09:48 Ýeñilmedikler -2: Ilkinji hüjüm | |
ILKINJI HÜJÜM
Taryhy proza
Bellenen güni Gökdepä ugradylar. Iňrik garalyberendenem galanyň demirgazyk derwezesiniň öňünde häzir boldular. Ýaraglaryny «şakyrdadyşyp” öňlerinden çykan baş-alty sany soldata ýüzlenip Ruhy batyr: – Biz aman diläp geldik, bizi iň ulyňyzyň ýanyna eltiň – diýdi. Ekabyrlary bolsa gerek, ýagyrnysy ýapy ýaly, kellesi tos-togalak, gür gara murtly daýaw soldat içiňden geçip barýan ullakan ala gözlerini ýigitleriň üstaşyry arabalaryň içindäki «aýallara” tarap jalahlatdy. Siňe-siňe seretdi. Edil şol wagtam arabalaryň birinden aglaýan «çaganyň” sesi çykdy. Muny eşidip soldat dagystan türküsinde howlukmaç gürledi: – General Skobelew bu ýerde ýok. Ol Aşgabatda. Sizi onuň şu ýerdäki işleri ynanan wekili polkownik Arşisew kabul eder. Men oňa häzir siz barada habar bererin... Ruhy batyr ony hasam gyssady. – Näme etmelem bolsa çaltrak boluň! Biz ýadaw. Aç. Maşgalalarymyz bolsa ýarawsyz. Soldat gyssagara ýoldaşlaryna bir zatlar diýdi-de, Diňlidepä tarap ylgaşlap gitdi. Diňlidepäniň üstünde dikilen uzyn sütün Ruhy batyyrň ünsüni özüne çekdi. Sütüniň ýokarsynda uzaklara şöhle salýan, dolan Aýa meňzeş sönüp-ýanyp duran sowuk şöhleli mähnet çyra welin onuň gözüne hasam täsin göründi. Soňky günlerde aman diläp gelýänleriň yzy üzülmänsoň bulary Ruhy batyryň ýigitleridir öýdüp gümanam etmedik beýleki soldatlar “myhmanlary” galanyň içine saldylar, bir boşlagrak ýere eltibem gapdallarynda garawulam goýmadylar-da noýbatçylyk çekýän bolsalar gerek, öňki duran ýerlerine tarap ýegdenekleşip ugradylar. Ruhy batyr galanyň içine göz aýlady: Garaňkyda takyk bir zat saýgartmaýan hem bolsa, ýykan-ýumran edilip başlanan galanyň garalyp görünýän gözgyny keşbi iniňi tikenekledýär. Gara öýleriň onda-munda çaşyşyp ýatan kä bitin, kä çagşan tärimleri, tüýnükleri, uklary, bozulan ojaklar elden giderilen ýurduň ozaldanam perişan keşbini hasam gözgyny görkezýär. Käte bir soldatlardan gözi gorkan, eýesiz galan pişikleriň, itleriň sudurlary göze kaklyşýar-da, derrewem garaňka garyşyp gidýär. Onda-munda ot ýanýar. Onuň daşyndaky soldatlaryň keýpleri kök. Olar uly goh bolşup aýdym aýdýarlar, tans edýärler. Megerem, alyslarda galan ýurtlary, dogan-garyndaşlary, gazanan ýeňişleri ýa-da ýönekeý durmuş barada mesaýy gürrüňler edýän bolsalar gerek, käbir oduň başyndaky kölegä meňzeş gara göwrelerde gymyldy-hereket ýok. Olardan üýtgeşik ses-üýn hem çykanok. Ruhy batyr iňňän çalt hem çakgan hereket etdi. Göze düşmezlik üçin adamlarynyň ýarysyny şol ýerde galdyrdy-da, ýolbelet bellenen ýigidi ýanyna alyp, galan adamlary bilen ammara tarap ugrady. Arabalaram yrgyldaşyp olaryň yzlaryna düşdiler. Iş garaşylyşyndanam şowly boldy. Baryşlary ýaly äm-säm bolup duran garawullary gylyçdan geçirdiler-de, üýşüp ýatan çuwal doly bugdaýdyr-undan arabalary mas ýükläp, sessiz-üýnsiz öňküje ýerlerine dolanyp geldiler. Arabadaky «aýallaryň” ornuny indi başyna don bürelen çuwallar eýelediler. Olaryň özleri bolsa böküp-böküp arabalaryň yzyna tirkelgi gelen atlaryna mündüler. Çykalga tarap ugrajak bolup durkalaram çat maňlaýlaryna hälki polkownik bilen habarlaşmana giden soldat peýda boldy. Ol «has-has” edip durşuna sojap-sojap gepledi. – Kim hanyňyz bolsa yzyma düşsün, polkownik onuň bilen gürleşmek isleýär... Ruhy batyr atyny debsiläp öňe çykdy. – Men han. Ýöne, biz pikirimizi üýtgetdik. Biz indi Aşgabada gitmekçi, şol ýere baryp ulyňyzyň özi bilen gürleşmekçi. – Ol at başyny bir tarapa burdy-da, topar tutup duran ýigitlerine tarap goluny bulady. – Ýörüň!.. Soldat olaryň öňüni kesdi. – Onda azajyk garaşyň. Men bu barada hem polkownige habar bereýin. Şol wagtam ammar tarapdan: – Ograbili-i-i!.. – diýen çirkin ses çykdy. Gykylyk gopdy. Goh turdy. Üç-dört ýola tüpeň atyldy. Tüm garaňkylygyň içi bilen güpürdeşip gelýän soldatlaryň aýak sesleri eşidildi. Kem-kemdenem golaýlady. Ruhy batyr öz üstleriniň açylandygyny aňdy. Şonuň üçinem, ýanlaryna on-oniki sany goraňjy goşun, arabalary derwezä tarap ugratdy. Özi hüjümi serpikdirmek üçin ýigitleri bilen yza galdy. Oňa çenlem dumly-duşdan eli tüpeňli soldatlar çozuşyp geldiler. Gabaraly ýanýan otlaryň başam çolaryp galdy. Galanyň ähli ýerinde ibirtde-zibirtlik emele geldi. Ýöne, nähili wakanyň gopandygyndan, kim bilen uruşmalydygyndan bihabar soldatlaryň köpüsi nirä, kimiň üstüne hüjüm etjeklerini bilmän ýaýdanjyraşdylar, garaňkynyň içinde tüpeňlerini çoçjaýdyşyp iki baka elewreşdiler. Bolan işiň kimden ýetendigini hemmelerden öňürti Ruhy batyr bilen gep nokatlaşyp duran soldat duýdy. Ol golaý-goltumyndaky soldatlara Ruhy batyyrň toparyny, eýýämhaçan garaňka siňip barýan arabany görkezip bir zatlar diýdi-de, ýüze çykan wakany beýan etmek üçin indi ikinji gezek polkownigiň ýanyna ylgady. Barşy ýalam kürsäp girdi-de , gyssagara ýagdaý bilen tanyşdyrdy. Agşamlyk naharyň gapdaly bilen ýelmenen bir stakan aragyň zarbyna ýaňy bir derçiräp igran polkownik tarsa ýerinden turdy-da gök gözlerini petreşdirip ulyili bilen gygyrdy. – Çto- o? Wy çto, w swoim ume? Şondan soň ol howul-hara geýnip durşuna tutuş galany aýaga galdyrmak, talaňçylaryň birinem sypdyrmazlyk barada buýruk berdi. Buýruk agyzdan-agza geçip, göz açyp-ýumasy salymyň içinde gala ýaýrady. Şondan soň ýigrimä golaý soldat arabalary goraglap barýan ýigitleriň yzyndan eňdi. Ellä golaýy bolsa Ruhy batyyrň ýigitleriniň üstüne topuldy. Galanyň ýykylyp gutarylyberen düýbünde dürli iş bilen gümra bolşup ýören soldatlaram Arşisewiň buýrugyny eşidenlerinden soň sozanda-guýruk bolşup şol tarapa ýüwürdiler. Yzlaryndan kowgy ýeten mahaly arabalar çykalga golaýlapdylar. Erjel söweşmek bilen goraýjylar olaryň galadan çykmaklaryny gazandylar. Özlerem çykyp ýetişdiler. Şondan soň olara goranmak kyn bolmady. Çünki, iki-ýeke enteşip ýören ýa onda munda sakçy durany bolaýmasa, galanyň daşynda soldat ýok diýen ýaly. Bolaýanda-da garaňkylyk. Pete-pet gabat geläýmeseň ýa söz alyşaýmasaň kimiň-kmdigini saýgarar ýaly däl. Ruhy batyryň ýagdaýy welin gitdigiçe kynlaşdy. Çünki, garşydaşlaryna gelip goşulýanlaryň yzy üzülenok. Gabawyň halkasy barha galňaýar. Şonuň üçinem, ol güýçli zarba bilen gabawy böwüsdi-de, ýigitlleriň birini arabalary goraýjylaryň yzyndan iberdi. – Sag-aman çykan bolsalar arabalary oslagsyz ýol bilen guma ugradyp, özleri munda gelsinler – diýdi. Özem ýigitleri bilen kem-kemden çykalga tarap çekilmek bilen boldy. Onda-munda gyssagly suratda ýakylan alowlaryň ýagtysyna soldatlar türkmen ýigitlerini ep-esli aralykdan atyp başladylar. Bu ýagdaý köpüsi diňe guylyç bilen ýaraglanan ýigitleriň arasynda aljyraňňylyk döretdi. Netijede, derwezä ýetýänçäler olar köp ýitgi çekdiler. Şeýle-de bolsa, derwezäniň agzyna dykylyp gelmekleri bilen ýagdaý öňkülere görä birneme ýeňillleşdi. Ilk-ä öňlerinde dykyn emele geldi, kimsi atly, kimsi pyýada dazanaklaşyp gelýän soldatlaram süme-sürç olaryň üstlerine yňdylar-da, tüýs ýigitleriň diýeni boldy duruberdi. «Garjaşma” söweşine maý döredi. Indi tüpeňleriniň nilinden ot syçradyp gelýän soldatlaryň ýagdaýlary agyrlaşdy. Çünki, bu garma-gürmelikde öz atan oklarynyň özleriniňkä degäýmegem mümkindi. Ýagdaýdan peýdalanyp ýigitleriň aglabasy derwezeden çykdy. Ýöne, ümdüzlerine gidibermediler-de, elleri ýalaňaç gylyçly derwezäniň iki tarapyny aldylar duruberdiler. Öz ýoldaşlary çykyp bolanlaryndan soňam olaryň yzysüre süssenekleşip gelýän soldatlaryň öňünde ýaý şekilli ýarym halka bolup durdylar we hem sagdan, hem soldan, hem çat maňlaýlaryndan çykyp, depelerinde gylyç oýnadyp başladylar. Şol ýerde soldatlaram köp ýitgi çekdiler. Esasanam pyýadalaryndan ölen köp boldy. Tüpeňlerini kimdir birine çeneýänçäler ýigitleriň beýleki biri geldi-de, ýa kellesini kakdy, ýa çigninden saldy. Ýagdaý şeýle bolansoň olar dert-azar yza dolanmak bilen boldular. Ýigitlerem: «Ýa, Alla!..” diýşip, at başyny gelen ugurlaryna bakan öwürdiler. Aradan köp wagt geçmänkä, hälki gaçyp giden soldatlar çozuşyp gelýän, täze güýçler bilen birikdiler-de, ýigitleriň yzyndan kowmak üçin indi ikinji gezek derwezeden «güsürdeşip” çykdylar. Ýöne, garaňkyda ýigitleriň nirä gidendiklerini bilmän «dükürdeşip” bir duran ýerlerinde aýlandylar durdular. Durup özara maslahat etdiler, daş-töwerege diň saldylar, ýatyp ýer diňlediler, gorka-ürkerägem bolsa, esli ýere çenli köw-söw edip gelenlerem boldy. Ýöne, ondan aňryk gidip bilmediler. Bolan işe haýran galyp, özara gümür-ýamyr edişip durkalaram bir «güpür-tapyr” boldy-da, bir-ä depelerinde dalawlaşýan ýalmawuz ýaly ýiti gylyçlaryň ýyldyz ýagtysyna öwüsýän ýalpyldysyny, birem horguryşýan türkmen atlarynyň gamyş gulaklaryny görüp galdylar. Bu waka şeýle bir çalt bolup geçdi welin, soldatlaryň sany suw içim salymyň içinde ep-esli azaldy. Şonuň üçinem olar garşylyk görkezmek barada pikirem etmän, basymrak özerini gala atmak bilen boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |