09:28 Ýeñilmedikler -5: Toý gününiñ ertesi | |
TOÝ GIJESINIÑ ERTESI
Taryhy proza
Nika agşamy Aý aýdyň, howa sergin boldy. Baharyň gül ysly mymyk hem ýumşak şemaly birsyhly ülpüldäp, mylaýymlyk bilen öwüsdi durdy. Gijäniň ýaryna golaý gara öýüň içinde ikiçäk galdyrylan ýaş çatynjalar serpigi serpdiler, tärimiň keçesini çermediler. Daşarynyň hoştap howasy içerä doldy. ─ Ömrümde iň asuda geçen gijäm şü meniň – diýip, Ruhy batyr daňdanalar tüýnükden jyklaýan dolgun Aýy, onuň ýüzünden syrylyp barýan ak öýmä meňzeş ýukajyk bulutlary synlap ýatyşyna ýuwaşja seslendi. – Özümi bilelim bäri ýaşan günlerimiň aý-ýyllarymyň barysy gowgada geçdi. Adamyň janyna aram beriji, şular ýaly rahat sapaly pursatlar bolýandyr diýip, oýuma-da gelenokdy... Bu gijäni maňa sen berdiň, Enehakyda. Men bu gije özümiň çagalykdan bäri edip gelýän arzuwyma ýetdim. Ýeke bir Ruhy batyr däl, şeýlekin süýji pursatlaryň lezzetini Enehakyda hem ilkinji gezek duýýar. Şu gijäni onuňam hiç haçan gutarmazlygyny, ömürlik dowam etmegini isleýär. Çünki, bu ikisiniň häzirki gark bolup ýatan täsin dünýäsiniň içinde uruşam ýok, goh-galmagalam, ahy-nala-da, haý-waý hem ýok. Synan gala-da, elden giderilen ýurdam, näçe wagta çekjekdigi näbelli baknalygam ýok. Häzirlikçe wagt durdy. Doňdy. Bu dünýä düýbünden başga dünýä. Ol düýnä söýgi dünýäsi. Onuň içinde bary-ýogy iki adam bar. Olaryň bir-ä Ruhy batyr, beýlekisem Enehakyda. Olaryň içki dünýälerem, maksatlaram bir. Häzir külli türkmeniň maksady, ruhy, hakydasy birleşýär, garyşýar, gatyşýar. Alajaly ýag kimin alyşýar. Birleşen iki güýjüň eradasyndan emele geljek beýik binanyň binýady tutulýar. Onuň gurluşygynyň garaşylyşyndan has uzaga çekmegi hem mümkin, ýöne, haçanam bolsa, barybir ol bir gün berkarar bolar. Ol gün geler. Şol güni golaýlaşdyrjak güýjüň gözbaşynda bolsa, hemişe bolşy ýaly bu gezegem halkyň hakydasy bilen ruhy, erkinlik ugrundaky belent maksady durar. Ýaş çatynjalaryň şon deý süýji lezzete gark bolup ýatan pursatlary, on-on bäş ädimlikdäki uly bolmadyk oýuň içinde daşy dürli dabaradan doly gabaraly oduň hem tä, daňdana çenli alawy peselmedi. Guşly batyryň ýigitleri ot başynda öz serkerdeleriniň şanyna ýakymly sözler aýtdylar, täze çatynjalaryň bagtly bolmaklaryny, uzak ömür sürmeklerini arzuw etdiler. Nireden tapandyklary belli däl, belent oduň «gübürdisiniň» ýigitleriň şowhunly sesleriniň arasy bilen ýeke tarly, kädisi jaýryk köneje dutaryň «alaşakyrdy» bolup çykýan çakyr owazam birsyhly eşidildi durdy. Soň ol owaza kimdir biriniň ýapbyldak, ýakymly sesi goşuldy. Goluň içi şeýdip, kem-kemden hakyky toýhana meňzedi. Gijäniň bir wagtlary Ruhy batyr gelni bilen öýden çykyp ýigitleriň ýanyna bardy. Olar bilen gürleşdi. Çaý içdi. Degişdi. Gülüşdi. Täze gelin bolsa ýigitlere nesilbaşylary Oguz handyr onuň alty ogullary, Salyr Gazandyr, Gorkut ata, Alp Arslandyr, Jelaleddin barada hakyda aýdyp berdi. Aýgytly söweşlere ruhlandyrdy. Ýöne, uly şowhun içre geçen parahat gijäniň säheri olary diýseň ýowuz garşylady. Gün dogar-dogmazyň öň ýany «toýçularyňam» toýuň sebäpkärleriniňem ýaňy bir başlaryny ýere goýan wagtlary edil ýerden çykan ýaly bolup, oýuň daş-töweregini bir bölek soldat gabap aldy. Olar ýarym ukuly halda gaýmalaşyp ugran ýigitleriň hemmesinden ýaraglaryny tabşyrmaklaryny, boýun egmeklerini talap etdiler. Egerde şeýtseler, baştutanlary bilen bilelikde barysyna aman beriljekdigini, öýli-öýlerine goýbeiljekdiklerini aýtdylar. Ukusyzlyk sebäpli gözleri ýere gaçyp barýan hem bolsa, Guşly batyryň özem, ýigitlerem olaryň bu tekliplerini kabul etmediler we gyssagara maslahatlaşyp boýun egmeli däl, söweşmeli, diýen karara geldiler. Dogry, ýigitlerde atgyr tüpeň azdy. Guşly batyryň özüniňkinem hasap etseň otuzdan köp däl. Galanlarynyňky ýa hyrly, ýa-da egri gylyç. Asyl-ha hiç-hili ýaragy bolman, olja düşerine garaşyp, häzirlikçe biş-düş, çaý-suw, odun-çöp, mal-gara we şuňa meňzeş işler bilen meşgul bolup ýörenlerem ýok däl. Şonuň üçinem, Ruhy batyr çalt we köp atýan tüpeňli ýigitlere üznüksiz ot açmak arkaly duşmana tarap at salmaklygy ýyldyrym çaltlygynda aralaryna girip aljyratmaklygy, gylyçlaryň bolsa bir bölegine-hä olaryň yzysüre duşmana aralaşmaklygy, beýleki bir bölegine-de oýuň gündogar tarayndaky alaňdan aşyp, onuň aňyrsyndaky çöketligiň içi bilen duşmanayň ýeňsesinden aýlanyp gelmekligi hem-de duýdansyz zarba urmaklygy buýurdy. Dört sany ýigide bolsa Enehakydany söweş meýdanyndan alyp çykmaklygy we özlerine Hakguýuda garaşmaklygy tabşyrdy. Gyssagarada köwşüni geýmänem unudyp, ak çägäniň üstünde aýaklaňaçlygyna elewräp ýören Enehakyda bir ýassykda bary-ýogy ýekeje gije başlaşan ýanýoldaşynyň ýanyna ylgap bardy-da, iki elinem oňa tarap serdi: ─ Ýok! Men gitjek däl! Men şu ýerde galjak. Ölsemem seniň bilen bile öljek!... Guşly batyr kesgitli gürledi. ─ Saňa ölmek bolanok. Sebäbi sen hakyda. Ýeke bir aýalym hökmünde däl, hakyda hökmünde hem seni goramak meniň borjum. Bar, git, goragçy ýigitler bilen bilelikde maňa Hakguýuda garaş! Şeý diýdi-de, Ruhy batyr Enehakydany ýigitleriň biriniň jylawlap duran dor atyna mündürdi. Ýigitler ony aralaryna alyp, arka ýüzdäki alaňdan aşdylar. Hä diýmänem gözden ýitdiler. Şondan soň ýigitler duran-duran ýerlerinde dyr-pytrak boldular, agşamdan bäri çalarak iltengi duran eýersiz atlaryna tarap ýüwürdiler. Barybam ýüplerini ýüzleriniň ugruna gylyçlarynyň ujy bilen çözdüler we böküp üstüne mündüler. Jylawlaryny duşmana tarap öwýrdiler. Bir gezek çalarak debsilenen demgir atlar edil ýaýdan sypan ok ýaly ýapyýokarlygyna tarap süýnüp gitdiler. Soldatlaryň öň hatarlaryny böwsüp geçdiler-de, eýelerini duşmanyň ortarasyna eltdiler. At üstünde ot açmak bilen içdilerine aralaşanlaryndan soň ur-tut tüpeňlerini arkalaryna atdylar-da, gylyçlaryny işledip başladylar. Garjaşmanyň gürlügi zerarly soldatlara tüpeň çenäre, atyşara maý bolmady. Ýigitleriň eden emelleriniň netijeli bolanyny gören Ruhy batyr ýene-de otuza golaý eli gylyçly ýigidi şol ýere iberdi. Galan ýüze golaý atly bolsa atylyp oýdan çykdy we kakyň gyrasy bilen ep-esli ýere çenli çepe gitdi soňam edil aýdylyşy ýaly, duşmanyň ýeňsesinden aýlanyp geldi. Duýdansyz ýerden gabawa düşen soldatlar öňküdenem beter aljyradylar. Öwran-öwranam beýik alaňyň çür başynda özlerindenem beter aljyrap, at başyny hä eýläk, hň beýläk, burup bir zatlar diýip, gykylyklap ýören komandirlerine tarap garanjaklaşdylar. Ýagdaýyň düýpgöter başga tarapa öwrüm edenini gören komandirem üzeňňä galdy-da, gylyçly goluny ýokary galdyryp bar güýji bilen bokurdagyna sygdygyndan: ─ Otstupaýe-e-em!.. – diýip, gygyrdy. Onuň bu çagyryşyny eşiden soldatlar at başyny yza öwürmek, gabawy böwsüp geçmek we «Kakguýudan» daşlaşmak bilen boldular. Sözüni soňlaryna mähetdel, komandirleriniňem ellerini serip at üstünden arkan gaýdanyny görenlerinden soň-a söweş meýdanyndan söweşsiz çykmajak bolup henizem jeň edip ýören esgerlerem gaçyp barýan ýoldaşlarynyň yzyndan eňdiler. Esli ýere çenli kowgy giden ýigitler gök asmanyň ýüzündäki «şapyrdap», aşyr atyp ýören ak kepderä gözleri düşenden soň yzlaryna öwrüldiler. Olaryň iň soňkusynyň Ruhy batyryň huzuryna gelmegi bilen, akja kepderi hem gelip, eýesiniň egnine gondy. Elbetde, hernäçe aljyran hem bolsalar, soldatlaram az iş bitirmändiler. Ak çägäniň üstünde demsiz-düýtsiz serlip ýatan ýigitleriňem sany edil soldatlaryňkyça bolmasa-da, garaz ep-esli-hä bardy. Olary howul-hara ýere duwlanlaryndan soň, diri galanlaryň barysy «paty-putularyny» ýygnaşdyrdylar-da, «Hakguýa» tarap ýola düşdiler. Şeýlelikde, Ruhy batyr Garagum atly tomsuna gyzgyn, gyşyna sowuk diwarlary ygyp ýatan ürgün, kä ýeri ak, kä ýeri gyzgylt, kä ýeri bolsa goňrumtyl görünýän, gyrkylyk yzly çägeden ybarat berk galanyň içinde ornaşdy. Iberen otrýadynyň masgaraçylykly ýagdaýda gaçyp gelmegi özüni türki halklaryň piri hasap edip ýören general Skobelewi dälilik derejesine ýetirdi. Otrýad komandiriniň wepar bolanyny eşidib-ä hasam gazaplandy. Hut ertiriň özünde öňkä görä has köp soldat bilen Guşly batyryň gözlegine gitmekligi we bu iş üçin islendik usuly ulanmaklygy islendik serişdäni gaýgyrmazlygy gerek bolsa söweşijileriň dogan-garyndaşlaryny, ilen-çalanlaryny, juda bolmasa obadaşlaryny tussag edip, girew hökmünde saklamaklygy, onda-da boýun egmeseler, girew alnanlary jezalandyrmagy öz ofisserlerinden talap etdi. Egerde, olaryň hiç biri başarmajak bolsa, onda bu işiň ugruna hut özüniň çykjakdygyny mälim etdi. Ertesi dogrudanam toply-tophanaly agyr goşun güýçli saz astynda guma tarap ugrady. Ýöne, düýnki söweş bolan ýerden olar Ruhy batyryň ýigitleriniň özlerin-ä däl, hatda yzlarynan tapyp bilmediler. «Hakguýa» gidýän ýoly bolsa olar bilmeýärdiler. Aslynda şeýle guýunyň bardygynam, Ruhy batyryň şol ýere gideninem bilmeýärdiler. Çünki, o-da Kakguýy ýaly irden bäri ulanylman ýatan taşlantgy guýularyň biridi we hiç ýerde bellikde durmaýardy. Bu ýagdaý generaly öňküdenem beter kejikdirdi. Çünki, Garagumyň giňdigini, şony penalap garşylykly söweşe geçibilseler türkmenleriň özüne hiç haçanam ynjalyk bermejekdiklerini, ol ýagşy bilýär. Egerde, Ruhy batyryň bu göreşiniň gerimi giňäp oňa Hywa, Buhara, Balkan, Mary belki-de, Türkmensähraly, Etrekli, Gürgenli türkmenlerem goşulaýsalar-a gazanylan ýeňşiň bütinleý elden gidäýmegi hem mümkin. Eger şeýle bolsa, onda baryp-ha beýik Pýotr tarapyndan düýbi tutlan Orsyýet – Hindistan atly ägirt uly taslama ýene-de kagyz ýüzünde galar. General munam gowy bilýär. Ýöne, uzak garaşdyrman Ruhy batyryň ýene bir gezek hüjüm etjekdigi barada welin pikirem edenok. Asla oýuna-da getirenok. Birneme güýç toplamak özüni tijemek üçin ol entek-entekler eglener, bäri-bärde gara bermez öýdýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |