09:28 Ýeñilmedikler -6: Şowsuz çozuş | |
ŞOWSUZ ÇOZUŞ
Taryhy proza
Ýöne, ine, ýokarky wakadan on günem geçmänkä, süýr günortan, Ruhy batyr öz ýigitleri bilen indi ikinji gezek ors goşunlarynyň Gökdepedäki lagerine çozdy. Ýöne, bu gezekki çozuş şowsuz boldy. Çünki, ors ofiserleri indi türkmenleriň söweş tärlerini mazaly öwrenipdiler. Esasanam olar bilen «garjaşma» söweşine girmezligi, hemişe arany açyk saklamaklygy, gerek bolsa top, raketa ulanar ýaly mümkinçilikleri döretmekligi özleriniň kiçi çinli komandirleine berk tabşyrypdylar. Türkmenleriň partizançylyk urşuny has giň ýaýbaňlandyrmak-larynyň ahmaldygyny göz öňüne tutup, birnäçe gezek, täze taktikaly, goşmaça okuw-türgenleşik işlerini hem geçiripdiler. Iň bir esasy zadam olar gumdan gelýän ýollaryň ählisine gözegçi goýupdylar. Ine, şol zatlar hem Ruhy batyryň bu gezekki çozuşynda özüniň oňyn netijelerini berdi. Gala ýetmäne esli aralyk galandan olaryň gelýändikleri barada habar düşdi. Öňden taýýarlanan meüilnama boýunça otrýadlaryň hersi öz ornuny eýeledi. Atym aralygyna gelenlerindenem ýigitleri ýerli-ýerden, ýöne, diýseň tertiplilik bilen oka tutup başladylar. Golaýlaryna barmadylaram, golaýlaryna getirmedilerem. Ýigitler welin şonda-da at başyny yza öwürmediler. Gaýtam, ýagmyr deý ýagýan gyzgyn gülleleriň arasy bilen soldatlaryň gür ýerine tarap at goýdular. Şondan soň olaryň üstlerine top oklaram ýagyp başlady. Ýigitler iňňän kyn ýagdaýa düşdüler. Aljyradylar. Atlar top okunyň düşen ýerinden göterilýän tot-tozandan ýaňa nirä gitjeklerini bilmän duran ýerlerinde «pyr-pyr» aýlanyşdylar. Art aýaklarynyň üstüne galyp, öň aýaklary bilen howany peşediler. Haýkyryşdylar. Ruhy batyr elini goltugyna sokanynam bilmän galdy. Oňa çenli dumanam sowuldy. Akja kepderiniň «pasyrdap» asmana göterilenini gören ýigitler wepat bolanlaryň jesetlerini jeň meýdanynda galdyryp, gelen yzlaryna bakan rowana boldular. Soldatlar olary tä gözden ýitýänçäler raketa okuna tutmak bilen ugratdylar. «Wazyrdaşyp» barýan gyzyl otlaram ýigitleriň ençemesini at üstünden agdaryp, gum yzarlamana, Garagumyň jümmüşine aralaşmana welin het edip bilmediler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |