10:21 Ýeñilmedikler -9: Ýigitler bilen hoşlaşyk | |
ÝIGITLER BILEN HOŞLAŞYK
Taryhy proza
Daňyň atmagy bilen guýynyň başynda gaýmalaşyk başlandy. Ruhy batyr öýkeden ýaňa henizem ýüzleri çaňjaryşyp duran ýigitlerini bir ýere jemledi. ─ Siziň her biriňiz özüňiziň Ahalyň merdana hem batyr ogullaryndandygyňyzy subut etdiňiz. Men siziň hemmäňizi gahrymanlar diýip yglan edýärin. Siz şoňa mynasypsyňyz. Çünki, beren sözüňizde berk durduňyz. Ýöne, indi ýagdaý üýtgedi. Biz hoşlaşmaly, göreşi bes etmeli bolduk. Ýöne, bek belläň: siziň hemmäňiz ýeňilmediklersiňiz. Ine, hut şol belent ruhy hem siz indiki önüp-ösjekleriňize-de geçirmelisiňiz. Ýetirmelisiňiz. Şeýtseňiz iru-giç ýurdy erkinlige çykarjak nesil siziň biliňizden öner. Ýene bir zat: özümiz aýrylyşanymyz bilen ýüreklerimiz aýrylyşýan däldir. Nirede bolsaňyzam men siziň bilendirin. Heran-haçan gerek bolsam meni şu ýerden, Hakguýunyň başyndan tapyp bilersiňiz. Egerde, siz maňa gerek bolsaňyz, men siziň islendigiňizi islendik ýerden taparyn. Ruhy batyryň damagy doldy. Şonuň üçinenem, ol sözüni tamamlandygynyň alamaty hökmünde aşak bakyp bir ädim yza tesdi. Ýigitleriň hemmesiniň nazary häliden bäri onuň gapdalynda baýdak deý pasyrdap duran Enehakyda gönükdi. Her kim onuňam bir zat diýerine garaşdy. Muny Enehakydanyň özem duýdy. Ýaşa dolan gözlerini balkyldadyp durşuna ol erkek adam ýaly «pert-pert» hem merdemsi gürledi: ─ Türkmen halkynyň başyna düşen pajygaly wakany gözüňiz bilen gördüňiz, başyňyzdan geçirdiňiz. Içinde gaýnap bişdiňiz. Nirede bolsaňyzam siz şony ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Ruhy batyryň ýaňky aýdyşy ýaly, gören eşidenleriňizi bolşy-bolşy ýaly edip ogul-gyzlaryňyza, agtyk-çowluklaryňyza ýetirmelisiňiz. Öz gezeklerinde olaram şeýderler. Şeýlelikde, bolup geçen gyrgynçylygam, halkyň görkezen gahrymançylygam biziň nesillerimiziň ýadynda galar. Galaram hiç mahal ýadyndan çykmazam. Hakydalaryndan öçmez. Ruhlaryny pese gaçyrmaz. Şuny diňe siz – ýeňilmedikler başararsyňyz. – Enehakyda ýüzüne sylmak üçin aýalaryny goşalandyrdy. – Baryň, doganjyklarym, men sizi bir Allaha tabşyrdym. Heran-haçan hakyda diňläsiňiz gelse menem şu ýerden, Ruhy batyryň Hakguýudaky ojagynyň başyndan tapyp bilersiňiz... Enehakyda ellerini ýüzüne syldy. Hemmelerem şeýtdiler. Agyr-agyr söweşlerde-de duşmanyň öňünde ejizlemedik batyr ýigitler şol wagt öz serkerdelerine, onuň ýan ýoldaşyna: «Hoş galyň», diýmäge-de göwrelerinde gurp tapmadylar. Bu ýagdaýy aňan Guşly batyr ýigitleri bilen ýeke-ýeke mähriban ata deý, dogan deý gujaklaşyp hoşlaşdy. Soňam gara öýüň gapdalyndaky gandymdyr-sazagyň şahalaryndan örüliý ýasalan ketegiň ýanyna bardy. Agzyny açdy. Elini sokup akja kepderisini çykardy. Bir alaňçak ýere çykybam elini ýokary göterdi. Aýasyny açdy. Guş uçdy. Käbir ýerlerinde tüýdüm-tüýdüm akja bulutlar gaýyşyp ýören arassa, gök asmanyň ýüzünde «alaşapyrdy» bolup oýnamaga, tans etmäge başlady. Bu – hemişe bolşy ýaly söweşiň tamamlanandygyny aňladýardy. Ýöne, bu gezek onuň şu günlükçe däl-de, hemişelik tamamlanýandygyny Guşly batyram, Enehakyda-da, ýigitlerem ýagşy bilýärdiler. Şonuň üçinem olaryň hemmesi uzak wagtlap kepderiden gözlerini aýryp bilmän durdular. Olaryň öňünde iň soňky sapar tans edýändigili aňýan ýaly, kepderi hem şol gezek öňkülerine görä has köp hem uzak oýnady. Onuň baryp keteginiň üstüne gonmagy bilen ýigitleriň arasynda gymyldy, hereket emele geldi. Ruhy batyryň ýuwduna-ýuwduna, zoraýakdan, ýene bir gezek «Hoş, onda, ýigitler...» diýmegi bilen,her kim atly-atyna tarap ugrady. Ýöne, ýüzugruna atlanyp gidibereni bolmady. Barysy edil, dilleşen ýaly kä ýere, kä asmana bakyp oýurganyşdylar durdylar. Ahyram ýüzlerini sallaşyp, göwünli-göwünsiz atlandylar we assa-ýuwaşdan Günbatara tarap rowana boldular. Ýigitler üçin erkinligiň iň soňky Güni şol wagt öýländen agypdy. Ertir onuň baknalyk bilen dogjakdygyna ýasdan çykan ýaly ýüzlerini sallaşyp, Hakguýudan kem-kemden daşlaşyp barýan ýigitleriň hemmesiniňem gözi ýetýär. Ýöne, onuň näçe wagta çekjekdigini welin bilýän ýok. Şonuň üçinem olaryň barysynyň lapy keç. Ýeňlişden soňam ýeňilendiklerini boýunlaryna alman, şunça wagtlap duşmana garşylyk görkezip gelen ýigitleriň hiç biriniňem bu agyr ykbal bilen ylalaşasy gelenok. Bu ýagdaý Durdy batyra hasam ýokuş degdi. Şeýle-de bolsa düýnki maslahatda-da ol syr bildirmezlige, köne dost hökmünde Guşly batyra ony goldamaga çalyşdy. «Bu zatlaryň barysy kysmatdyr hiç kimden görmäliň, maňlaýymyzdan göreliň», diýip ýigitlere-de göwünlik berdi. Ýöne, barybir onuňam göreşi bes edesiniň gelmeýändini bu aýralyga dişini berk gysmak bilen zordan döz gelýändigini Ruhy batyr duýupdy. Süňňi bilen syzypdy. Ýaňky hoşlaşyk pursatam ol Ruhy batyryň ýanyna telim gezek gelip, hemmesinde-de gepläbilmän, dodaklaryny titredip durupdy-da, elini silkip yzyna öwrülip gidipdi. Atlanandan soňam üç sapar dagy at başyny öwrüp Ruhy batyr bilen Enehakydanyň duran ýerine gelipdi we daşlaryndan aýlana-aýlana, ahyram ýekeje agyzam sözläbilmän atyny gamçylap ýoldaşlarynyň yzy bilen ümdüzine tutdurdy. Ruhy batyr welin hüzir ýeke bir ony däl, eýsem, ähli ýigitlerem ýeke-ýeke ýatlaýar. Entek ýarymja günüňem geçmändigine garamazdan olaryň barysyny çyn ýüregi bilen küýseýär. Çalmaryň içine, ýigitleriň at daňýan ýerlerine, türgenleşik geçýän ýerlerine aýlanýar, sansyz ojaklaryň arasyndan geçýär. Ýeke olar däl,Hakguýunyň daş-töweregindäki iň bir ownuk zatjagazlar hem oňa ýap-ýaňyja hoşlaşyp giden ýigitlerini ýatladýar. Käbir ýerlerde dagy entek gurabam ýetişmedik at tezekleri bugaryşybam dur. Durdy batyryň toý güni bir ýerlerden tapyp getiren çalamydar dutary bolsa daş işikde, öýüň gamyşyna söýelgi dur. Ruhy batyryň dutar çalmaýandygyny bilse-de, ol ony goýup gidipdir. Dutara gözi düşenden Guşly batyryň ýüregi jigläp gitdi. Usullyk bilen ýöräp, ýanyna bardy. Emaý bilen eline aldy, eýlesine-beýlesine seretdi. Çöl şemaly jaýryklaryndan girip, kädisiniň içinde köwsarladam welin, dutardan «iňňildä» meňzeş ýürekgysgynç bir owaz çykdy. Soň «hüňňüldedi». Bu Ruhy batyryň ýüregini öňküdenem beter awatdy. Gam-gussasyny artdyrdy. Beýnisini sarsdyrdy. Enehakyda bolsa guýynyň başyndaky gum gerişleriniň üstüne çykyp ýigitleriň giden ugruna garap otyr. Ol käte bir adamsyna tarap nazar aýlaýar içki aladalaryny ýüregi bilen duýmakdan ýaňa oňa nebsi agyrýar. Ýanyna baryp göwünlik beresi, derdini paýlaşasy gelýär, emma näme üçindir ýerinden gozganyp bilenok, baraýanda-da näme diýjegini, nämeden söz açjagyny aňyna getirip bilenok. Çünki, bu wagt onuň öz halam adamsynyňkydan gowy däl. Erkinlik ugrundaky göreşiň bes edilmegi onuň maksadynyň öňüne böwet goýdy. Ähli umyt-arzuwlaryny ýele sowurdy. O-da edil Ruhy batyr ýaly, halkyň başyndan inen bu musallatyň, mundan buýana gün-güzeranyň nähili boljakdygy barada oýlanýar. Elden giden erkinligiň «ahyny» çekýär, kalbynda çuňňur çökgünlik yza duýýar. Baknalygyň gaty bir uzaga çekmejekdigine, bir ýerden bir ylahy güýjüň peýda bolup, ony ýene-de halkyň özüne dolap berjekdigine ynanasy gelýär. Ymgyr çöl içinde diňe adamsy bilen geçjek durmuşy göz öňüne getirjek bolýar. Hyýalynda ýanyna Baýramgül tebibi çagyrýar. Oňa-da gapdaljagazyndan öý dikip, öňküsi ýaly goňşy oturasy gelýär. Ine-de Gün ýaşdy. Garaňky düşdi. Ruhy batyr agşam namazyny okamak üçin bolsa gerek, öýüne tarap ýöneldi. Agşamlyk namazyny Enehakyda hem okamalydy. Şonuň üçin o-da kynlyk bilenem bolsa ýerinden turmaga hyýallandy. Edil şol wagtam günbatardaky gum gerişleriniň arasyndan bir ýylpyldy göründi. Soň ol ullakan oda öwrüldi. Kem-kemdenem köpeldi. Häliden bäri hut şoňa garaşyp oturan ýaly Enehakyda syçrap galdy-da, entegem öýe giribilmän daş işikde ýaýdanjyrap duran adamsyny ýanyna çagyrdy. Gelerine howlugyp, ylgaşlap aşak indi, öňünden çykdy. Elinden tutup ýene-de alaňa dyrmaşdy. Alyslardan elesläp görünýän sansyz alowlara tarap elini uzatdy. ─ Oňa seret, Ruhy! Olara seret! Ruhy batyr geň galdy. Esli wagt sdesini çykarman, gelniniň görkezen tarapyna seredip durdy. Ahyram: ─ Bular bizi gözläp gelen soldatlardyr, kimdir biri bolýan ýerimizi salgy berendir. Golaý gelenlerini bilibem, ertir irden çozmak niýeti bilen düşländirler. Nökerlerimiziň dagandyklaryndan, urşy bes edendigimizden bolsa bihabardyrlar. – diýdi. ─ Dogry, bihabardyrlar. Jandurmaz ahun entek o habary olara ýetirip ýetişen däldir. Ýöne, meniň pikirimçe, bular soldatlar bolmaly däl. Egerde şolar bolan bolsadylar, onda olar gün ýaşmanka biziň ýigitlerimize duşardylar. Garpyşardylar. Onsoňam olar biziň üstümize gelýän soldatlar bolsalar beýdip, gijäniň içi, edil alkymymyza gelip uçursyz köp ot ýakmazdylar. Asla-da ot ýakmazdylar. Özleriniň şeýle golaýa gelendiklerini beýle seresapsyzlyk bilen ňşgär etmezdiler. ─ Onda kimlerdir öýdýäň? ─ Meniň pikirimçe bular biziň öz ýigitlerimiz bolmaly. ─ Öz ýigitlerimiz? ─ Howwa, öz ýigitlerimiz. ─ Beýle golaýda düşlejek bolsalar, onda, bu gijänem şu ýerde geçirip gidäýmeli ekenler-dä... ─ Bu wagt olar guýunyň başyna-ha däl, tutuş Garaguma-da sygýan däldirler. Janlaryna jaý, özlerini urara ýer tapýan däldirler. Olaryň häzir oba-ha baraslary gelýän däldir, bu ýere gelýän ýoly bolsa biz ýapdyk. Üçünji bir ýoluňam haýsydygyny entek kesgitläp bilýän däldirler. Belki-de, şonuň maslahatyny edip oturandyrlar. Ruhy batyryň inçesagat uzynak göwresi adaja ýel degen çynar ýaly çalaja yraň atyp gitdi. ─ Eýle bolsa men olaryň ýanlaryna baraýyn, iň soňky gezek sözleşeýin, göwünlik bereýin, ýagdaýy ýene bir gezek düşündireýin, ýola salaýyn... Ugradaýyn... ─ Menem bile gidäýeýin?.. ─ Ýok, sen gitme. Sen şu ýerde gal. Hemişe bolşy ýaly, Enehakyda bu gezegem adamsyna iki aýtdyrmady. Onuň razylygyň alamaty hökmünde baş atanyny Guşly batyr garaňkyda görmese-de duýdy. Baryp atyny eýerledi. Atlandy. Diňe şondan soň, henizem yzyna düşüp ýören aýalynyň garaňka çala sudur bolup görünýän göwresine bakyp: ─ Ýa ýeke özüň galmana gorkýäňmy? – diýdi. Enehakydanyň sesi merdemsi çykdy. ─ Ýok, gorkamok, arkaýyn gidiber. Ruhy batyr atyny çalarak debsiledi. At öňe okduryldy. Sähelçe wagtdanam garaňka siňip gitdi. Enehakyda ýene-de Aýsyz gijäniň garaňkysynda golaýda ýaly bolup görünýän sansyz-sajaksyz otlaryň ýylpyldysyna nazaryny dikdi. Ruhy batyryň ýigitler bilen näme hakda gürleşip biljekdigi barada oýlandy. «Elbetde, Jandurmaz ahunyň aýdanlaryny gaýtalar. Gidiň, obaňyza baryň, ekin ekiň, çil çekiň, däriniň ysyny unudyň, diýer», diýip öz ýanyndan pyşyrdady. Aşakdan bolsa Guşly batyryň kepderileriniň pessaýja «gummurdylary» eşidildi durdy. Ol ses şol wagt «jyrlawuklaryň» nireden gelýändigi belli bolmadyk inçejik hem ejizje, üznüksiz jyrryldysy» bilen garyşyp Enehakydanyň gulagyna şeýle bir hoş ýakdy welin, egerde gün ýaşaly bäri bir ýana ýitirim bolan saryala köpek bir ýerden peýda bolaga-da, «has-has» edip durşuna sop-sowujak temegini gulagyna degirmedik bolsady, onda öz pikirine gümra bolup oturan Enehakydanyň şol oturşyna ymyzganaýmagam ahmaldy. Köpek ilk-ä guýrugyny bulaýlap, ýüz-gözüni ýalymjyradyp, göwresini buruljyradyp Enehakydanyň ýüzüne seretdi, ondan hoş söze, mylakata garaşdy, özüne üns berilmeýändigini aňansoňam: näme bar-a şo ýanda, diýýän ýaly boýnuny süýndirip ot ýanýan tarapa seretdi. Bir zat aňdymy ýa eýesiniň göwni üçinmi, çalarak çyňsady. Ahyram onuň gapdalynda süýndi-de, ýanyny ýere berdi ýatyberdi. Enehakyda ýene-de gözlerini içi ýylpyldydan doly tümlige dikdi. Gijäniň ýarymdan agmagy bilen otlaryň gabaralary kiçelip başlady. Soň sany seýrekledi. Kem-kemdenem öçdi. Dünýe-älem gara perdä bürendi. Enehakydany ömründe ilkini gezek gorky basdy. Egerde gapdalynda saryala köpek bolmadyk bolsady, onda onuň «zöwwe» ýerinden galaga-da: «Ruhy-y-y! Sen nirede-e! Basymrak ge-el, men gorkýa-a-an!.. « diýip gygyrybermegi ýa onuň giden ugruna tarap ümdüzine tutdurybermegem juda ahmaldy. Zulmat gyzaryberende günbatar tarapdan at aýagynyň ýumşak çäge basýan tutuksy sesi eşidildi. Başyny dyzyna goýup ýaňy bir irkiljiräp ugran Enehakyda syçrap ýerinden galandanam at burnuny «parryldatdy». Eýesi bilen deňine galan köpegem ses gelen tarapa üşerildi. Oňa çenlem atlynyň sudury saýgartdy. Ärini tanan ýaş gelin ylgap öňünden çykdy. Baryp atyny jylawlady. Onuň ýüzüni tutuksy görüp howpurgady. Gözlerini balkyldadyp: ─ Şolar ekenimi? Sen olary gördüňmi? Gürleşdiňmi? – diýeninde elwan dodaklary «titir-titir» etdi. Ruhy batyr atdan düşdi. Ýüzüni iki baka sypajakladyp durşuna gussaly gürledi. ─ Howwa, şolar ekeni. Ýöne, men olar bilen gürleşip bilmedim. ─ Näme üçin? ─ Sebäbi, ýanlaryna baryp bilmedim. ─ Näme üçin ahyry? ─ Men olaryň ýüz-gözlerini iňňän tutuk gördüm-de, bir zaman bärde durup gürrüňlerini diňledim. Seniň diýşiň ýaly, özleriniň bu ýerden gitmeli bolandyklaryny, has beterem göreşi bes etmeli bolandyklaryny olar örän ýokuş görüpdirler. Çünki, olar: «Ruhy batyr ýeriň diregi däl, göreşi biz onsuzam dowam etdirip bileris, gylyjymyzy gynyna salmarys, bize goşuljaklar entegem köpdür...» – diýen ýaly gürrüňler etdiler. Ýanlaryna bardygym ýene-de özlerine baş bolmaklygymy towakga ederler, yrarlar öýdüp gorkdum. Çünki, maňa indi yza ýol ýok. Sebäbi, men Jandurmaz ahuna söz berdim. Lebiz etdim. Onuň aýdýanlary bilen bolsa senem razylaşdyň. Ine, şonuň üçinem, men olaryň ýanyna baryp bilmedim. Ogurlyk etjek ýaly buky ýerde durup hersi bilen aýry-aýrylykda, gaýybana hoşlaşdym. – Ruhy batyr atyny gazyga iltäp durşuna ahmyrly seslendi. – Dogrumy aýtsam baranyma puşman etdim. Ýöne... Oňa çenlem at ýatakaga ýetdiler. – Ruhy batyr öýe girdi. Iç işikde duran küýzeden bir susak suw içdi. ─ Ýöne, olaryň indiki ykballarynyň nähili boljakdygyna welin akyl ýetirip bilemok. Adamsynyň yzysüre öýe giren gelin gamgyn hem howlukmaç gürledi. ─ Näme üçin beýtdiň, Ruhy. Sen olar bilen ýene bir gezek gürleşeýin, ýagdaýy ýene bir gezek düşündireýin, diýip gitdiň ahyry... ─ Howwa, şeý diýip gitdim. Ýöne, men ony başarmadym. ─ Olaryň özlerini oda urmaklary göni baryp ajalyň agzyna girmekleri mümkin ahyry. ─ Bu hakda menem pikir etdim, ýöne... ─ Oňarmansyň, Ruhy. Aýdyşyňa görä olar indi tä, gyrlyp gutarýançalar göreşi bes etmejege meňzeýärler. ─ Hut şeýle şol. ─ Durdy näme diýdi. Sen onuň aýdanlaryny eşitmediňmi? ─ Ýok, eşitmedim. Ol sesini çykarmady. Şo-ol, aşak bakyp başyny ýaýkady oturdy. ─ Onda bir zat edeli... – Enehakyda dodaklaryny ýalap howlukmaç gepledi. – Nemedeli... Derhal atlanaly-da, olaryň ýanyna gideli. Jandurmaz ahunyň öňünde beren sözlerini, ähti-peýmanlaryny orta ataly, garaz, raýlaryndan gaýtaraly. Özbaşdak hereket etmezliklerini towakga edeli. Ýogsam olar heläk bolarlar. Ruhy batyr henizem sag elinde saklap duran agaç susagyny howada sallarlap aýalynyň ýüzüne seretdi. ─ Dogrudanam şeýdäýsekmikäk? ─ Başga alaç ýok, Ruhy. Özümizem, howlugaly. Sähelçe haýal-ýagallyk etsek amatly pursady elden gideräýmegimiz ahmal. Onuň öwezini bolsa soň hiç zat bilen dolup bolmaz. ─ Ýör, onda, gitdik. Edil şol wagtam daşardan at aýagynyň dükürdisi eşidildi. Guşly batyr susagyň sapyny tärimiň gözenegine gysdyrdy-da, bir bökende bosagadan daş çykdy. Guýunyň daş-töweregini gallaşyp duran atlylaryň dek düýnüň özünde özleri bilen hoşlaşyp giden ýigitlerdigine olaryň ikisem ynanmajak boldular. Ýigitleriň ýüzleri welin, dünkilerindenem agyr. Enehakyda atylyp öňe çykdy-a uzak wagtlap görmedik hossarlaryna duşan ýaly, gollaryny giňden gerdi. ─ Doganjyklarym-m!.. Ýekeje sözden ybarat, ýöne dünýe malyna degýän şol ses tamam bolmanka, ýigitleriň barysynyň ýüzi açyldy. Derrewem güpürdeşip atdan agdylar. Gelip, Enehakyda bilen däp boýunça, ýeke-ýeke, gol uzadyp, görüşdiler. Ruhy batyr bilen bolsa hoşlaşandakylaryndan hem has yhlasly gujaklaşdylar. Soň atlaryny duşaklap örä goýberdiler-de, öňküje çalmarlarynyň aşagyna üýşdiler. ─ Hany aýdyň, bu neneňsi ahwalat – diýip, şondan soň çalmaryň ortarasynda ýazylan gök palasyň üstünde Enehakyda bilen ýanaşyk oturan Ruhy batyr ýigitlere ýüzlendi. – Nä hyýala mündüňiz? Ir wagtdan bäri gowy görşüp ýörensoň, az-kem sakawlaýandygyna garamazdan Ruhy batyr bilen gürleşmegi, düşünişmegi ýigitler şoňa öňünden tabşyran bolsalar gerek, ýoldaşlary ýerli-ýerden özüne tarap üşerileşenden, Durdy batyr özüne mahsus bolan çakganlyk bilen bütin göwresini herekete getirdi-de: ─ Biz agşam o-ojarly oýda düşledik – diýip, söze başlady. Ruhy batyr şol dem tasdanam: «bilýän, bilýän» diýip gygyrypdy. Emma saklandy. Durdy batyr dowam etdi. ─ Uzynly gije ma-aslahat etdik. Daň agayberende-de şeýle netijä geldik: ─ Ol Ruhy batyra tarap çiňerildi. Şol tarapa zarp bilen sag goluny uzatdy. Süýem barmagyny çommaltdy. Bir salym dodaklaryny titredip, eňegini mürşeýdip durandan soň: ─ Sen düýn bize: «Siziň h-hemmäňiz ýeňilmediklersiňiz» diýdiň... – Durdy batyr gözlerini çerreltdi. – D-Diýdiň gerek? Ruhy batyr köp garaşdyrmady. ─ Howwa, diýdim. ─ Diýen bolsaň indi şeýle: Biz häzir o-oba bardygymyz, islesek-islemesek at-ýa-ýaraglarymyzy tabşyrmaly bolarys. Tabşyrmajak bolsagam t-tabşyrdarlar. Orsyýediň raýatlygynam, öz kada-kanunlarynam boýnumyza dakarlar. Şol zatlardan soň ýeňilmedikler hökmünde bizde näme galýar? Hiç zat. Bu biziňem ýeňilendigimizi gürrüňsiz boýun aldygymyz bolar. Biziň bolsa s-siziň bilen bir hatarda, ýeňilmedikleriň hatarynda, ýeňijilerden üzňelikde bolasymyz gelýär. – Durdy batyr aýtjak sözüni wagtynda aýdybilmedik pursaty edişi ýaly, ellerini başly-barat hereketlendirdi. – S-s-sen bizi ýeňilenleriň arasyna iberip h-h... h-h... h-hata iş etdiň. B-b-biziň hemmňmiziň ykbalymyz bir. Bir ýerde hem bolmagymyz gerek. Bir gün bile bolup, ýene bir gün aýrylyşmak b-bize ýaraşmaz. I-ine, hut şonuň üçinem biz m-m-mynda geldik. Egerde, sen kabul e-etmeseňem, biz başga bir taşlantgy guýy taparys-da, şonuň başynda b-b-bolubereris. Täzesini gazmana-da ýaltanyp durmarys. Gerek bolsa onusynam gazarys. Mal-gara-da edineris, güzeranymyzam göreris. Ýöne, erkinligimizi elden gidermeris. Basybalyjylara bakna bolmarys. Düýnki suslugyndan indi birneme açylyşyberen Ruhy batyr ýigitleriň ýüzüne ýeke-ýeke garady. ─ Garaz, siz niýetiňiz gumdan çykmazlyga düwüpsiňiz-dä... ─ H-h-howa, biz niýetimizi şoňa düwdük... – diýip, Durdy batyr sag aýagy bilen ýer depdi. – Biziň indiki g-galamyz şü. Garagum! Ata-babalarymyzy ençeme b-belalardan goran bu çöl bizem gorar. Biz bolsa, kim bilýär, birdenkä gerek bolaýan ýagdaýynda d-duşmanyň garşysyna galkynar ýaly taýyn g-güýç bolup durarys. Baky baknalyk bolsa Enehakydanyň aýdyşy ýaly taryhda öňem bolmandyr, belki, indem b-bolmaýady-da, ─ Durdy batyr uludan demini aldy. ─ Indi bolsa s-söz senden, Ruhy batyr. Has takygy, Enehakyda ikiňizden. Siz näme diýseňiz ş-şol bolar. Galyň diýseňiz-ä şu ýerde galýas, g-gidiň diýseňizem häziriň özünde beýleki guýularyň birine tarap g-göterilýäs... Ruhy batyr inçejik, owadan murtuny sag eliniň süýem barmagynyň ujy bilen o ýan, bu ýan sypalady. ─ Be-e... Nätsekkäk janlarym – diýende, sesinde igenç ýa nägilelik däl-de, begenç, guwanç duýgulary duýuldy. Düýnden bäri ilkinji gezek ýylgyrdy. – O diýeniňizem-ä bolman durmaz welin, ýene bir zat bar. Siz indi öý-işigem bolmaly, nesilem öndürmeli... Galan ömrüňizi köne guýunyň başynda müjerret geçiribem-ä bilmersiňiz. ─ Onda nädeliň diýseňizläň – diýip, ara düşen böwşeňlikden peüdalanyp Enehakyda söze goşuldy. – Ruhy batyryň aýdyşy ýaly bu ýerde gum ýassanyp ýatsaňyz hasylsyz agaja dönersiňiz. Şonuň üçinem, belli bir bölegiňiziň-ä şu ýerde bize goňşy bolup galmagyňyz, galanlaryňyzyňam böleklere bölünişip, gum içindäki guýulara dargamagyňyz, şol ýerde ýurt tutunmagyňyz, öý-ojak edinmegiňiz, maşgala bolmagyňyz gerek. Şeýtseňiz öňi bilen-ä ine, hä diýmän, Garagumyň gerişleriniň arasynda ýeňilmedikleriň birgiden obalary, sanlyja ýyldanam tutuş bir täze nesli, emele geler. Türkmeniň içinde size höwes bilen gyz, gelin berjekler bolsa az dälmikä diýýän. Gumlularyň size garap gaş çytmajakdyklaryna bolsa men ynanýan. Olar bize gala urşunda arka durdular, bu günem arka durarlar. Ýükürgenmezler. – Ol başyny dik tutup ýigitlere hyjuwly garady. Az-kem sesini gataltdy. – Şu söz makulmy? Ýigitler oturan ýerlerinden gobsunyşdylar. Oňa-da kanagat etmän ör turdular. Telpeklerini ellerine alyp howada galgatdylar. ─ Makul! ─ Rast söz! ─ Biz razy! ─ Aýrylyşmasak bolýa! ─ Bar-da, duşmana boýun eg, ýaragyňy tabşyr diýmeseňiz bolýa... Şol gün olar günuzyn kimiň kim bilen, nirä gitmelidigi baradaky meseläniň üstünde kelle döwdüler. Ýigitleriň ýigrimä golaýy Hakguýuda, Guşly batyryň ýanynda galarman boldy. Olaryň arasynda elbetde, Durdy batyram bar. Galanlaram barjak guýularynyň suw mümkinçiliklerine görä ondan-onbäşden, käbirleri ýigrimiden, otuzdan bölünişdiler. Garаgumyň içi еlbetde, hiç hаçanam аdamsyz bolmаndy, häzirеm bоş däl. Hаtda suw ýetmеzçiligi zеrarly ir döwür gumа gаýdan mülkаmandyr-bоgaja tirнlerinden öňеm tekеler Mеrkezi Gаragumyň üsti bilеn Еýran tarаpdan ýаgy gоýbermezlik barаda Нywa hаnlary, hаtda Horеzm şаlary bilеnem şertnаma bаglaşyp «zаstawa» hökmündе oturyрdyrlar wе bu ýаgdaý tä, Sarаhsda Gоwşut hаn taraрyndan Hуwa hаny Mädеmin hаn öldüriliр оnuň hаnlygy, sуndyrylýança dоwam еdipdi. Аna, şоl döwür sеrhet hökmündе ulаnylan guýulаryň hеtdi-hаsaby ýоk. Olаryň köрüsi göçüр gidеnem bоlsalar, entеk ýаşap оturanlary hеm ýоk däl. Guşlу batуr häzir аna, şоlar bаrada аýdýar. Оlaryň ýeňilmеdiklere dоganlyk gоluny uzatjаkdyklaryna, gоltgy bеrjekdiklerine ynаnýar. Вu hakуkatdanam şеýle bоldy. Ýeňilmеdikleriň bаrysy gumа siňdi. Şеýdip, Gаraguma täzеden jаn girdi. Günе göýdük bolаn gurаksy damаrlarynyň içindе gаn aýlаnyp bаşlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |