20:59 Ýeňiş güni | |
ÝEÑIŞ GÜNI
Goşgular
![]() Watan üçin ölenleriň dowamy, Watan üçin ýaşamagy başarsyn. Mämmetnazar Babanazarow. Owadan baharyň Iň soňky aýy, Dünýäniň dokuzy Düzelen güni. Obadyr-şäherim, Her bina jaýym, Müň dürli gül bien Bezelen güni. Bu goja taryhyň Beýik senesi, Bu ajap Zeminiň Dogulan güni. Şumlugyň ahyry Soňky pillesi, Ganojak ýezidiň Ýeňilen güni. Şol şanly Ýeňişe Ýetilen güni, Hemişeki ýaly Toý bolýar bu gün. Daglara-deňize, Güneşe-Güne Ynanjym ulalyp, Beýgelýär göwün. Jeň ýoluna giden Gahrymanlaryň Näbelli esgeriň Baky ody bar. Janyn gurban eden Mähribanlaryň Beýik Ýeňşi bize Baky ýadygär. Merdana atalaň Mertebesinden Şol ýeňişden dörän Körpe nesiller, Gaty gymmat düşdi Bize bu Ýeňiş, Gadryn bilmän Ömri örtemesinler. Şol Ýeňşiň miwesi Körpe nesiller, Gahryman atalaň Batyr çowlugy, Şu Watan lälesi, Gyzlar-ogullar, Dyrmaşyň kötele Ýetiň, howlugyň. • Uruşdan epizod Çal tüssä bürendi asmanyň ýüzi, Gorkup ýer ýüzünde tutaşan otdan. Ylla gara guş deý duşman esgeri. Gelýärdi aslyşyp ak paraşýutdan. Duşman gaýyp ýaňy ýere ýetende, Çawup gelen gülle bagryny dildi. Jansyz ýere düşen jeset üstüne Ak paraşýut kepen bolup örtüldi. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |