18:27 Ýeňles aýdymlar | |
ÝEÑLES AÝDYMLAR
Goşgular
![]() Bu ýeňles aýdymlar kalby suwarmaz, Ornaşardan has edepli jahanda. Olar daýhan bilen ak bugdaý ormaz, Köşeşdirmez şowsuzlyklar ýakanda. Sörtük deý ýakymsyz hem göwnüýarym Aýdymdan guş sesi ýakyndyr köňle. Aýdymçy, men saňa ynanmaýaryn, Goý, sen zarynlaber, söýýän diý, iňle. Seleňligi, rahatlygy söýüne, Togap edip tolkunşyny maýsanyň, Agşam dolanamda toý dek öýüme Ýeňles aýdym däldir meniň küýsänim. Ýa-da durmuşyňa guwanyp, ine, Otyrkaň köňlüň çag, ýüregiň gorly, Goşulyşyp akar suwuň sesine, Diliňe gelmese, aýdym bolarmy?! Öz ýakyn zadyndan göwünler ürkmez, Bir günä bolandyr gatasa ýeňse. Heý, çydap bilermi aýdymhon türkmen Aýdym adamlaryň göwnüne degse. Mydam gezjek bolup aýdym sanynda Gülse, çygylsa-da ýalaňaç heňler, Bu çynlakaý adamlaryň ýanynda Güýmenje barynyň hallary teňdir. Mammetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||