00:25 Ýere gaçan ýyldyzlar. Jöwzaly gyş -1: Nurberdi han | |
ÝERE GAÇAN ÝYLDYZLAR / trilogiýa
Taryhy proza
(XIX-XX asyr türkmen hronikasy) / Ikinji kitap JÖWZALY GYŞ NURBERDI HAN Syrkawlykdan doly aýňalymadyk hem bolsa, ors goşunynyň Ahala girenini eşidip, Nurberdi han alty müň atlydan ybarat goşun bilen Marydan ugrady. Emma ýetişmedi. Uruş ol gelip ýetişmänkä gutardy. Nurberdi han Gökdepä gelşi ýaly, oňly dynjynam alman, gala aýlanyp çykdy. Bolan weýrançylyklary, çekilen zyýanlary görüp, gynandy. Onda-munda, kowçum–kowçum bolşup, ýüzlerini sallaşyp duran adamlaryň ýanyna ýeke-ýeke baryp görüşdi, hal-ahwal soraşdy. Ýeňiş bilen gutlady. Wepat bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagyny diledi. Öz ogly Berdimyradyň wepady üçin Hudaýa şükür edýändigini, mert durup aýtdy. «Egerde halkyň başyna şular ýaly agyr iş düşen güni bir men pidasyz galan bolsam gynanardym», diýdi. Şol gün ol ekabyrlary ýygnap, mundan buýana nähili hereket etmelidigi barada maslahat geçirdi. Geçen uruşda ýeňşiň juda gymmat düşendigini aýdyp, Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalyk ikisi egerde, duşman ýene-de gaýdyp geläýse, uruşmazlyk, ýaraşyk baglaşmak barada öňki pikirlerini orta atdylar. Emma, bu gezegem güýçli garşylyga duçar boldular. Maslahatçylaryň deň ýarysy diýen ýaly, hiç bir zada garamazdan, göreşi dowam etdirmekligiň tarapynda durdular. Nurberdi han aşak bakyp, oýa batyp oturşyna taraplaryň hiç birine-de degişli däl terzde: — Göribiris... – diýip, köpmanyly gürledi. – Entek geljek goşunmy ol, gelmejek goşunmy, o-da belli däl. Wagty gelende mesele aýdyň bolar. Nätmelidigem şonda öz-özünden çözüler. Şondan soň üýşüp şeýle karara geldiler: häzirlikçe halkyň arasyna hiç-hili gep-gürrüň ýaýratmaly däl. Egerde gaýdyp gelmeseler-ä ýagdaý öňküligine galýa, geläýselerem gepleşik geçirmeli, uruşyň bolmazlygyny gazanmaga çalyşmaly. Egerde, töwellany almasalar, onda özümiz üçin iň amatly ýagdaýy saýlap almaly we şoňa görä hereket etmeli. Ýene-de bir aýa, kyrk güne çenli goşun gara bermese, halkyň assa-ýuwaş obalaryna dolanyp barmaklaryna rugsat bermeli. Ruhy batyryň uruş tärini saýlap almaly, maşgalalary gala salmaly däl, diýenlerem boldy. Emma näme üçindir ol teklip agyr dymyşlyk bilen garşy alyndy. Taraplaryň hiç birem ony goldamadam, ret hem etmedi. Bu ýagdaýy Ruhy batyryň bir sebäbe görä maslahata gelmändigi bilen düşündirmek mümkin. Maslahat doly tamamlanmanka-da: «Dykma serdar geldi» diýen habar düşdi. Bu habar her kime birhili täsir etdi. Ony dönük hasap edýänleriň-ä gazap otlaryny tutaşdyrdy. Olar Dykma serdaryň entek gelip girmedik gapysyna tarap alarylyşyp seredişdiler.Mejbury tussaglykda bolandyr, diýýänleriň bolsa ýüklerini ýeňletdi, olar usullyk bilen uludan demlerini alyp, biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Nurberdi han Dykma sedary diýseň sowukganlylyk bilen garşylady. Anygyna ýetmän günäkärläbermekdenem, aklabermekdenem saklandy. Adam şekilli salamlaşdy, iki eli bilen görüşdi, öz ýanyndan ýer görkezdi. Hany , aýdyp otur, Öwezmyrat, başyňa nä işler, neneňsi külpetler düşdi? Dykma serdar bar zady bolşy ýaly beýan etdi. Soňundanam: Bolan iş-ä şeňle han, galanynam bile giden, şol zatlary meniň bilen deňine çekişen adamlardan soraýyň, isleseňiz hersinden aýratynlykda sorag ediň, birimiziň sözümiz aýra çyksa ynanmaýyň – diýdi. O zatlary biz onsuzam aýdyňlarys – diýip, Nurberdi han äwmezlik bilen gürledi. – Öz-özündenem aýdyň bolar, «temen haltada ýatmaz». Galyberse-de, men saňa müňkürlik edemok. Aýdanlaryňa ynanmanam duramok. Sebäbi ors özüniň namart taraplaryny köp görkezdi. Onuň Gazawat urşunda-da ýomutlaryň on iki sany ilçisini yzyna ibermän esli wagtlap göz tussagynda saklandyklaryny bilýäs. Şonda şol habaryň patyşa ýetip, şol işi eden ebserlerine gaty käýýändiginem, birentegine temmi berendigindenem habarymyz bar. Siziňňem şol ýagdaýa düşen bolmagyňyz mümkin, ýöne, sen gaçyp sypdyk, diýýäň, şonuň üçinem, meniň saňa bir sowalym bar. Aýdyber, han. Aýtsam, saklawyňyz-a örän berk bolupdyr. Hemmäňizi goşunyň orruk ortasynda ýerleşdiripdirler. Ýaraglaryňyzy eliňizden alypdyrlar. Şeýle ýagdaýda siz nädip gaçyp bildiňiz. Egerde gaçmaga ýagdaý bar bolan bolsa, onda näme üçin başda, Gökdepä gelmänkäňiz gaçaýmansyňyz? Ýa-da gidişin näme üçin Bendesene barmankaňyz, bärräkde gaçaýmansyňyz? Dogry aýdýaň, han. Şeýle soraga biz garaşýardyk. Ýöne, ne gidişin, ne gaýdyşyn gaçara maýyň bolmandygy çyn. Ýöne, Bendesene gaýdyp baranymyzda goşuna Musa han atly bir ýomut geldi. Ol ors ebserleriniň arasynda-da, sallatlaryň arasynda-da abraýly adam ekeni. Bizi gaçyran ana, şol. Ol bize dost. Ýöne, olaryň arasynda ýene bir ýomut bar. Adyna Molla düňder diýýäler. Ol welin, orslara çyny bilen berlen. Kimde-kim şoňa duşsa gepine ynanmasyn. Nurberdi han bilniksiz kinaýa bilen çalarak ýylgyrdy. ─ Seni gaçyranyny bilse ors baýarlary Musa hana jeza bermezlermi? ─ Men özümem oňa şu soragy berdim. Ýöne, ol: «Meni gaýgy etmäň, men öz günümi özüm görerin», diýdi. ─ Ol sizi saklawlardan nädip geçirdi. ─ Ol olar bilen bir zatlar barada gepleşdi. ─ Näme diýdi? ─ Bilemok. Sebäbi orsça gürleşdiler. ─ Näme diýdiň, diýip özünden soramadyňmy? ─ Ýok. Asyl soraşyp-ideşip durara wagtam bolmady. Ol bizi atlarymyzyň ýanyna alyp bardy-da: «Heriň birine mündiň-de, gaçyň, öňürti ýuwaş sürüň, soňam çapdyryp gidiň», diýdi. ─ Sen özüň näme pikir edýäň, bu hakda? ─ Meň çakym-çak bolsa şuny ýanaralyň özi gurnan bolmaly. Ýaňy sen Gazawatda bolan wakany ýatlap gowy etdiň. Bu gezegem meniňçe hut şeýle bolan bolmaly. Ýanaral ilçi babatdaky halkara we gadymy düzgüni bozdy. Başda ol muny barşym ýaly Gökdepäni alaryn, ýeňiş gazanaryn, eden işim bilinmez, diýen niýet bilen eden bolmaly. Emma onuň bu eden işini öz ebserlerem, sallatlaram halamadylar. Ony tersläp onda-munda köp gürrüň etdiler. Bize hemişe duýgudaşlyk bildirdiler. Göwünlik berdiler. Egerde goşunyň berk düzgün-nyzamy bolmadyk bolsady, onda bizi soldatlaryň özlerem gaçyryp goýbererdiler. Ana, şol gürrüňleriň bir çetem meniň pikirimçe Gazawatda bolşy ýaly bir ýol bilen ak patyşaň özüne ýeten bolmaly. O-da: «Derrew şolary boşadyň» diýip, gyssagly habar ýollan bolmaly. Bularyňam göni: «Gidiberiň» diýmäne bogunlary ysman, ýa-da beýtmäni sallatlaryň ýanynda kiçilik bilip, Musa hana: «Sen şu işi şeýt» diýip aýdan bolmaly. Bu meniň öz pikirim, han. Galanam näme, dura-bara äşgär bolar-da... Ýöne, şeýtmek bilen ýanaralyň meni hakykatdan-da öz halkyma dönük hökmünde görkezjek bolan-a çyn. Muny maňa onuň özi galany topa tutup durkalar edil iki gözümiň içine seredip aýtdy... Ine, indem görüp otyryn welin, ol maksadyna tas, ýetiberenem ekeni. Nurberdi han ýüzüni agraslyk bilen ýerden göterdi-de, töweregine göz aýlady. ─ Dykma serdara soragyňyz barmy, adamlar? – Han soragyny boldum edenden soň serdara sorag beren bolup oturmaklygy hiç kim özüne uslyp bilmedi. Nurberdi han indi başyny dik tutup, hökümli gepledi. – Onda, şu günden şeýläk Dykma serdary dönük hasap etmeli däl. Günäkär däldigini ol özüniň munda buýanky hereketleri bilen görkezer diýip umyt edýän. – Soň ol Dykma serdara ýüzlendi – Öwezmyrat! Şu günden şeýläk hiç kim saňa barmagyny çommaltmaz. Göwnigaraçylyk etmez. Ýöne, saňa tabşyryk bar. Serhede golaý ýerde otyrandygyň üçin sen orslardan habardar bol. Bärik geçirme. Geçjek boldugy bimaza edip dur. Bu işde saňa ýardam etmegini biz Ruhy batyrdanam haýyş ederis. Howp döredigem bize çapar ýolla. Duşmanyň mundan buýana nähili hereket etjekdigi mälim däl. Şonuň üçin bizem bu ýerde ähli zada taýýar ýagdaýda durarys. Häzir urşujylarymyzyň sany ýigrimi iki müň. Ýöne, gerek bolsa goşun sanyny ýene-de artdyrarys. – Nurberdi han häliden bäri aşak bakyp, böwrüni diňläp oturan Gurbanmyrat işana ýüzlendi. – Tagsyr, sizem Dykma serdary dönük hasap etmäňizi goýuň. Gurbanmyrat işan razylyk hökmünde baş atdy. Dykma serdara elini uzatdy. Görüşdi. Oňa eýerip hemmelerem şeýtdiler. Şunlukda, Dykma serdar ekabyrlar tarapyndan doly surarda aklandy. Dykma serdar goşunyň juda egbar halda yzyna dolanandygyny, bu golaýda özüni dürsäp bilmejekdigini hem habar berdi. Nurberdi han uzyn boýly, süňkleri iri, hereket edende äpet çiginleri, mähnet kebzeleri oýmuldaşyp duran, boýny çapgy ýassygy ýaly, kelleçanagynyň ýeňsesi süýri, maňlaýy giň hem tüňňi, burny gönümel, gyzyl ýüzli, az, ýöne uz sözli, gürrüňdeşini soňuna çenli diňlemäni başarýan, gaharyna-gazabyna erk edip bilýän parasatly adam. Mundan otuz ýyl, ozal, Ahalyň ähli gala hanlarynyň hany edilip saýlanan gününden bäri onuň ýekeje aýy hem gowgasyz geçmedi. Daşky dawa-jenjelleri, uruş-gowgalary hasap etmäniňde-de, özara, tire-taýpa oňşuksyzlyklaram ýeterlik boldy. Şu döwrüň içinde halk ony kä han saýlady kä hanlykdan aýyrdy, soň ýene-de yzyna çagyryp aldy. Çünki, kim näme diýse-de, dagynyk tire-taýpalaryň agzyny birikdirip biläýjek başga bir şahsyýet ýokdy. Ol raýatlaryna buýruk berip, para-peşgeş talap edip, özi garnyny gäberdip ýatan ýalta ýa haramhor hanlardan däl. Söweş güni ýigitleri bilen bir hatarda gylyjyny syryp göni duşmanyň tuguna tarap topulýan mert ärleriň hilinden. Bir oba çapylsa ýigitleriň öňüne düşüp öwezalamana-da gidiberýär. Ýesirleri boşadyp alyp gelýär. Sürülen mallary, alnan baýlyklary, goş-golamlary getirip eýeli-eýesine gowşurýar. Çapawulçylyk zerarly lagar düşen hojalyklara aýaga galmaga kömek edýär. Duşmanyň dişinde et galar ýaly edenok. Aryny köýdürenok. Çünki, öz raýatlygyndaky obalaryň her bir öýüniň aryny, namysyny öz ary, öz namysy hasap edýär. 1854-nji ýylda ýüz beren, Ruhy batyry ýetim goýan meşhur Näzdepe gyrgynçylygyndan soňam şeýle boldy. Obanyň kim tarapyndan, Eýranyň haýsy welaýatynyň haýsy galasy tarapyndan çapylandygy takyklanandan soň, Nurberdi han Ahalyň baş serdary Dykma serdara derhal goşun ýygnamak barada buýruk berdi. Dykma serdar bir müň iki ýüz atlyny öz möhletinde, Zawdaky suwly ýabyň boýunda jem etdi. Goşun Zawdan çykyp Şarlawuk tarapa ugrady. Jülgeden-jülgä ýol söküp barşyna Etrek derýasynyň güzerinden geçip, Eýran serhedine aralaşdy. Öýlän çaglary boluberende, Näzdepä çozan ýagynyň galasyna baryp ýetdi. Daşyny gabady. Saklawlaryny ýok edip, gidiren ähli emläklerini mallaryny garaňky düşýänçä gaýdyp aldy. Ýesirlerini boşatdy. Emma Näzdepe çapylşygyna baştutanlyk eden Permanşanyň özi welin tapdyrmady. Aýdyşlaryna görä ol türkmenleriň öwezalamana gelýändiklerini eşidip öňünden gaçypdyr we nämälim bir ýerde gizlenipdir. Nurberdi han haýal etmän yza döndi. Gijesi bilen ýol ýörediler. Ertesi guşluk wagtlary Etrek derýasyna gelip ýetdiler. Birdenem olaryň gözleri derýanyň boýunda ot ýakyşyp oturan bir bölek goşuna düşdi. Daş-töwereklerinde bolsa eýerleri aýrylmadyk atlar otlaşyp ýörler. Görlüp oturylsa Permanşanyň galasynyň adamlaryndan birnäçesi türkmenleriň garasy görnenden golaýdaky uly galanyň hanynyň ýanyna ýüwrüpdirler. O-da gyr-gyssag goşun ýygnapdyr-da, türkmenleriň geçjek ýoluna – Etrek derýasynyň güzerine ýollapdyr. Ine, onsoň olaryňam: haçan geläýerkäler, diýip, garaşyp oturyşlary ekeni. Olar gaty arkaýyn bolarly, hatda türkmenleriň geljek ýoluna garawulam goýmandyrlar. Nurberdi han Dykma serdara goşuny dagyň böwürräk ýerine tarap çekmekligi buýurdy. Şol ýere baransoňlar bolsa at üstünde oturşyna gysgaça söz sözledi. ─ Iki ýüz atly şu ýerde galyp, alnan oljalary, ýesirleri garawullasyn. Dört ýüz atly dört hatar bolup güzerden geçsin-de, duşmanyň üstüne çözsün. Aralaryna mazaly başagaýlyk düşensoň galan atlylaram daş-töwereklerine aýlansynlar-da, gysaja salsynlar. Birinem aman sypdyrmaň, ýigitler! Alla bizdendir! Çünki, biz alaman etmedik, öwezalaman etdik. Duýdansyz ýerden üstüni basdyran goşun garşylyk görkezmäge-de ýetişmedi. Dyr-pytrak bolup hersi bir ýana gaçdy. Käsi ylgap baryp atyna münse, käbiri atdan-zatdan elli bizar, omadaklap gidip, dagyň ýüzi bilen ýokarylygyna tutdurdy. Halys üstüni basdyranlar bolsa duran-duran ýerlerinden ellerini gulaklaryna eltip azan aýtmana başladylar. Azan bilmeýänler dyzlaryna çöküp aman dilediler. Garpyşma urşuna girenleriň bolsa basym soňuna çykyldy. Mahlasy, gidenlerine bäş gün diýlende Nurberdi han öz goşuny bilen sag-aman yzyna dolanyp geldi. Alynan oljalary çapylan öýlere, dul hatynlara, hor-homsy ýaşaýan hojalyklara paýlap berdi. Ata-enesinden mahrum bolan ýetim çagalary hossarlaryna, halys hiç zady bolmadyklary bolsa, özüni oňarýan, çagasy azrak hojalyklara berdiler. Näzdepeliler şonda Nurberdi handan köp-köp minnetdar bolupdyrlar. Şol wakadan bir ýyl soň, ýagny 1855-nji ýylyň ýazynda, Hywa hany Mädemin han Sarahsda oturan teke türkmenleriniň üstüne çozdy. Muny öňünden aňan Gowşut han Ahala çapar ýollady. Habar baryp ýeten dessine Nurberdi han bir bölek goşun bilen derhal ýola düşdi. Özüniň mugallymy, hem türkmeniň, hem özbegiň, külli türki kowumlaryň sylagly adamsy bolan Ak işanyň ençeme eden töwellasyny almadyk, «...Bar, Düýeboýun öwülýä-de sizden bolsun, bar, Hudaýam sizden bolsun, men barybir Sarahsly tekeleri çapjak» diýip, küpür geplän Mädemin hanyň goşuny şonda ahally hem-de sarahsly tekeleriň birleşen goşunyndan masgaraçylykly ýagdaýda ýeňildi. Hanyň özi bolsa öldürildi. Sarahslylar Nurberdi hany uly hormat bilen ugratdylar. Emma Nurberdi hana ýola düşüp-düşmänkä Ahaldan: «Öten ýyl Näzdepäni çapan Permanşa indi Gökdepä çozdy, esasanam Hurmandy weýran etdi, oglanlary olja, gyzlary ýesir edip äkitdi» diýen habar ýetişdi. Ahala gelensoň dem ýok, dynç ýok, Nurberdi han ýene-de Permanşanyň üstüne öwezalaman gurnady. Bu gezek oňa ýeke bir oljalanan zatlaryny, ýesirlerini gaýtaryp almak däl, eýsem Permanşanyň hut özünem ele salmak we jezalandyrmak başartdy. Soňky on-onki ýylyň dowamynda Eýran bilen Hywadan başga orslaram Nurberdi hanyň böwrüne sanjy bolup döredi. Olaryň ökdelik bilen amala aşyrýan içalyçylykly hereketleri bolsa hanyň türkmen taýpalarynyň agyzlaryny birikdirmek baradaky işlerini hasam kynlaşdyrdy. Orslar başda Eýran şasy Nasreddin bilen dil birikdirip Etrek, Gürgen, Hazarýaka türkmenleriniň üstüne alamanlar gurnaýardylar, soň-soňlar olaryň örüsi giňäp, Ahal obalaryna çenli gelip ýetdiler. Şonuň üçinem, Nurberdi han Näzdepe, Hurmant gyrgynçylyklarynyňam sebäbini şolardan görmän duranokdy. 1858-nji ýylyň güýzünde bolsa Garrygaladan, Garaçuka ýomutlary bolan atabaýlardan, japarbaýlardan, gökleňlerden Nasreddin şanyň öz üstlerine çozmakçy bolýandyklary barada habar geldi. Ol habarda ahal tekelerinden kömek soralýardy. Çünki, Gyzylarbatda bolan uly çaknyşykdan soň orslardan ymykly göwni geçen ýomutlaryň, gökleňleriň indi özleriniňem bir güýje öwrülen ahal hem mary tekeleri bilen birleşesleri islendik duşmana garşy bile göreşesleri gelýärdi. Elbetde, bu meýiller ýöne ýere döremeýärdi. Onuň aňyrsynda Nurberdi hanyň hanlyga geçen gününden bäri birleşen türkmen taýpalaryndan ybarat bir türkmen döwletini döretmek babatdaky tükeniksiz tagallalary ýatyrdy. Ol baryp-ha şol döwürlerde döwlet gurluşynyň alamatlaryny aňladýan, hemişelik hereket edýän «aňtawçylar», «wagyzçylar», «dadygöýlar» toparlaryny, kazyçylyk ýaly wezipeleri döredipdi. Mahmyt işan, Ak işan, Muham sopy, Töre ahun, Garry pir, Atajyk molla ýaly dini hadymlary, Dykma serdar, Öwez baý, Orazmämmet han ýaly hanlary «wagyz-nesihatçylara» baş edip, ähli türkmen uluslaryna ýollapdy. Birleşmek, bitewi döwlet gurmak barada il arasynda öwüt-ündew işlerini alyp barmaklaryny sargapdy. Hemişelik hereket edýän goşun döretmek hem onuň esasy maksatlarynyň biridi. Şol maksatlarynyň ilkinji çäreleriniň biri hökmünde ol her obanyň möçberine, ilat sanyna ýerleşýän ýerine görä, ýigrimiden ýüze çenli atly toparlar döredipdi. Olary öz atasy Döwletýar baýdan galan gylýal sürüsindäki saýlama atlar bilen üpjün edipdi. Ýaraglandyrypdy. Onbaşylary, ýüzbaşylary belläpdi. Olaryň hersi öz obasyny gündelik goramaly, gerek bolan halatynda bolsa ýokarda agzalyp geçilen wakalarda bolşy ýaly birleşmeli, birek-birege kömek etmeli. Nurberdi hanyň bu tutumyna kem-kemden salyrlar, saryklar, ýomutlar, gökleňler hem meýil bildirişip başladylar. Ýaňky, Garrygaladan gelen habaram şol soňky wagtlarda dörän ysnyşykly meýilleriň netijesidi. Dogan-dogany kömege çagyrýardy. Birek-birege umyt baglaýardy. Ysnyşyga tarap ymtylýardy. Şonuň üçinem, Nurberdi han, gyssagly suratda maslahat çagyrdy. Garrygaladan gelen habary orta goýdy. Maslahat: «Tizden-tiz kömege ýetmeli» diýen netijä geldi. Edil şol wagtam ýene-de Sarahsdan bir dadygoý geldi we Nurberdi hana Gowşut hanyň hatyny gowşurdy. Hatda şu sözler ýazylan eken: «Eýranlylardan ýaňa bize ynjalyk ýok. Asly mekanymyz Ahala göçeli diýsek, o ýeriňem ýagdaýy özüňize belli. Ýer-suw az. Öňem hut şol ýagdaý sebäpli biz ol ýerden bäri gaýdypdyk. Siz öň bir gezek: «Sarahsda durarlyk galmadyk wagty Mara süýşüň-de, apy ýylanyň agzyndan sowluň», diýipdiňiz. Emma biziň Mara göçüp barmagymyzda ol ýerde oturan saryk garyndaşlarymyz garşy. Biziň olara iberen ilçilerimiziň sözi ýer almady. Olar hatda uruşmakdanam gaýtmajakdyklaryny aýdypdyrlar. Beýdilse-de iki tarapdanam nähak gan döküljek. Asla bizde beýle meýilem ýok. Bu meseläni oňyn çözmäne özüňiz ýardam beräýmeseňiz başga çykalga ýok...» Nurberdi han bu meseläni maslahata goýdy. Maslahatyň gelen netijesini jemläp, han, Sarhsdan gelen dadygöýe şeý diýdi. ─ Ol ýede durarlyk galmadyk bolsa hakykatdanam Mara göçsünler. Saryk garyndaşlaram ýagdaýa düşünerler. Bardy-geldi gyzmalyk edip, garşylyk görkezjek bolsalar ýaraga ýapyşmasynlar-da, gamçy, taýak dalawladyşyp, çarwa urşuny etsinler. Birek-biregi çapmasynlar. Biz häzir baryp bilemizok. Garrygala ýagy ýetip gelýä. Ýomut-gökleň garyndaşlar kömege garaşyp durlar. Mahlasy şu wagt daşardan ýagy ýetip gelýä, şony bir garalyň, içki dawalary soň çözübirs. Nurberdi han şeý diýdi, dýseň düşünerler. Sarahsdan gelen dadygöý ýola düşenden soň, on iki müň atlydan ybarat agyr goşun Nyrberdi hanyň ýolbaşçylygynda haýal etmän Ahaldan çykyp Garrygala tarap ugur aldy. Zaw suwunyň ýanynda olara Mahmyt işanyň tagallasy bilen ýomutlardan ýygnanan alty müň atly, gökleňlerden iki müň atly goşuldy. Jemi ýigrimi müň atly şol ýerde öýle namazyny okady we Etrek derýasyna tarap ýola düşdik. Barylmaly menzile ýetilenden soň, ähli goşuna bir özüniň ýolbaşçylyk etmegini ýomut-gökleň ýaşulylary Nurberdi handan haýyş etdiler. Aýratynlykda ahal-teke ýigitlerine Dykma serdar, ýomutlar bilen gökleňlere hem öz serdarlary ýolbaşçylyk etmeli. Nurberdi han teklibi kabul etdi, ýöne, ýurda belet adamlar hökmünde ýomutlardan iki, gökleňlerdenem iki adamyň özüne maslahatçy edilip bellenmegini haýyş etdi. Söweş güni uruş üçin amatly ýerleri saýlap almaklygy hem olaryň öz ygtyýarlaryna goýdy. Şol günüň ertesi günortan boluberende, Nasreddin şanyň Japarguly han tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Ýeňilmez» atly goşuny türkmenleriň ornaşan derbendiniň ileri tarapyndaky ýapgytdan aşak indi. Suwa inen goýun sürüsi ýaly eňip gelýän serbazlara gözi düşenden, Nurberdi han goşun serdarlaryna gyssagly suratda tabşyrk berdi. ─ Duşmanyň ardy dagdan düşüp ýetişmänkä, iki bölüniň-de, aşaky eňňidi iki taraplaýyn gabaň. Bir bölek goşun eňňidiň düýbi bilen aýlanyp, duşmanyň ýeňsesinden ursun! Garjaşma girip, duşmanyň sapyny saýpallatsyn. Ýene bir bölegiňiz ýagynyň çat maňlaýyndan uruň. Ýa, Alla!.. Çaknyşyk öňli-soňly üç güne çekdi. Iki tarapdanam köp-köp ýitgiler boldy. Üçünji güni Japarguly hanyň goşuny ejizledi. Şonuň üçinem, ol aşaklyk bilen gökleň-ýomut obalaryna öz jansyzlaryny iberdi. Olar: «Türkmenler asgynladylar, sebäbi öz aralarynda agzalalyk döredi, tekeler bu gün-erte jeň meýdanyny taşlap gaçarlar» diýen ýaly ýalan gürrüň ýaýratdylar. Olaryň bu hileleri birbada ýol almanam durmady. Sowuk habary eşiden ýomut-gökleň aýallary yzanda-çuwan bolşup geldiler-de, çagalaryny Nurberdi hanyň atynyň aýak astyna okladylar. Belanyň körüginiň nirededigini aňan Nurberdi han aýallary höre-köşe bilen yzlaryna gaýtardy. ─ Jeň meýdanynda jesedim galar weli, duşmana ýeňsämi görkezmen. Menem görkezmen, ýigitlerimem görkezmezler. Bular ýaly jeňňimaglubany biz ýaňy görmelem däl – diýdi. Şondan soň o-da ýomut-gökleň obalaryna özüniň «wagyzçylaryny» iberdi. Olar sähel wagtyň içinde halka hakykaty düşündirdiler. Şondan soňky urlan zarba Eýran goşunyny çym-pytrak etdi. Nasreddin şanyň «ýeňilmezi» ýeňildi. Japarguly han ölümiň öýünde özüni Nasreddin şanyň köşgüne atdy. Türkmenlerden sürlüp getiriljek ýesirlere, halydyr-palaslara, gyzyldyr-kümüş şaýlara, şabaz atlara garaşyp oturan Nasreddin şa bu ýagdaýy görüp ör boýuna galdy. Bolan işi içine sygdyrybilmän özünden gitdi. Abdysetdar kazynyň «Jeňnama» kitabynda şol pursat Nasreddin şanyň yzyndan ýakymsyz ysly inçejik bir sesiň çykandygy hem aýdylýar. Birleşen türkmen goşuny şol gezek duşmanyň azyk, ok-ýarag getirýän uly goşun bölümini hem tutuşlygyna olja aldy. Uruş gutarandan soň, Nurberdi han türkmen urşujylarynyň, ýomut-gökleň serdarlarynyň öňünde hoşlaşyk sözüni sözledi. Olara mundan buýana parahat durmuş, öý abadançylygyny arzuw etdi. Şehit bolanlaryň jaýlarynyň jennetden bolmagyny Biribardan dileg etdi. Ätiýaç üçin Dykma serdary öz nökerleri bilen birnäçe günlik şol ýerde galdyryp, özi goşunyň esasy bölegi bilen Ahala gaýtdy. Ahala gelenden soň ol dyz epmän diýen ýaly Çopan batyry, Öwez baýy, Mahmyt işany we başga-da birnäçe gepi-sözi diňlenäýjek adamlary ýanyna alyp, Sarahsa gitdi. Ol ýerdenem Gowşut han we onuň geňeşdarlary bilen birlikde Mara, Sary hanyň ýanyna ugrady. Gowşut han ýolda oňa Sary hanyň ýanyna iki gezek töwellaçy iberendigini, ýöne, onuň olary diňlemegem islemändigini aýtdy. Bu sözleri eşidip, gahardan ýaňa Nurberdi hanyň süňňi lerzana geldi. Tüňňi maňlaýynyň içindäki ýülükleriniň «larsyldysy» «müňk-müňk» edip daşyndanam bildirdi durdy. Yzly-yzyna ardynjyrady. Ýöne sesini çykarmady. Sary hanyňka baryp düşlänsoňlar uzaga çekdirmän maslahata başladylar. Öňürti Gowşut hana söz berildi. Ol oturanlary umumy ýagdaý bilen tanyşdyrandan soň esasy gürrüňe geçdi. ─ Töwellamyzyň iki gezek yzyna gaýtarylandygy bize elbetde hoş ýakyp duranok. Ýöne, birinjiden-ä döwletlilik nukdaý nazaryndan seretseň ähli türkmen topragy, şol sanda Mary topragam, Murgap derýasam, külli türkmen taýpalaryna deň-derejede degişlidir. Ikinjidenem, Sarahs urşunda Mädemin han öldürilýänçä sizem, bizem Hywa hanlygyna raýat bolup otyrdyk. Mädemin hanyň öldürilmegi, onuň hanlyk goşunynyň derbi-dagyn edilmegi bilen, döwletlilik düzgünine görä, onuň raýatlygynda bolan Mary özüniň ähli hojalyklary we guramaçylyk serenjamy bilen bilelikde meniň hanlygyma degişli bolmaly. Muny siziň özüňizem bilýänsiňiz. Ýöne, biz şu günki güne çenli şol meseläni orta atmadyk. Ganybir garyndaşlar hökmünde bar zady düşünişmek arkaly çözjek bolduk. Biz şu gezegem şol niýet bilen geldik. Gürrüň birek-birege zor salmak barada däl-de, arkalaşmak barada barýar. ─Şu çaka çenli köpçülige degişli edip gürläp oturan Gowşut han soňky sözlerini Sary hanyň hut özüne degişli edip, oňa tarap eglibräge-de aýtdy. ─ Oňyn çözgüdi biz siziň öz agzyňyzdan eşitmek isleýäs, han aga. Sargylt hem seýrek sakgalyny aksowult, inçe barmaklary bilen dyrmalap oturan Sary han myhman sözüni soňlaýança edep saklap sesini çykarman oturdy. Soňam şol bir sypaýyçylygy bilen, ýöne ýüzüni keseräk sowup, sowuklaç gürledi. ─ Bu meseläniň çözgüdini men size öň aýdypdym, Gowşut han. Wekilleriňizden iberipdim. Özem düşnükli edip aýtdym. Düşünersiňiz diýip aýtdym. Ýöne, ony size ýetirmedik bolsalar onda bilemok... gerek bolsa men ony ýene-de gaýtalap biljek... Ony hemmeler üns berip diňlediler.Tebigatyna görä ahally batyrlaryň iň gyzmasy hasap edilýän Çopan kir welin saklanyp bilmedi. Ol Sary han sözüni tamamlamanka örboýuna galdy-da, agzyndan tüýküligini syçradyp ulyili blen gygyrmaga başlady. ─ Sary han! Seniň wekillere näme diýeniňem, niýetiňem biz gowy bilýäs. Şonuň üçinem, orta goýlan meseläni çözseň-ä çöz, çözmeseňem ony biz özümiz çösýäs! Sary han welin sarsmadam. Çopan kiriň öz üstüne abanyp gelýändigine garamazdan şol bir durkuny bozman: ─ Biz düýn bir zat diýip, bu günem başga bir zat diýip, gepini şemala sowrup ýören adamlardan däl. Biziň sözümizem şol bir söz, gepimizem şol bir gep. Muňa Çopan kiriň hasam gahary geldi. Ur-tut gylyjyna ýapyşdy. Ýagdaýyň bulaşaryndan howatyr eden ýaşulular, han-begler ýerli-ýerden galkynyşyp, Çopan kiriň öňüne böwet boldular. Döşünden itip sakladylar. Egninden basyp aşak oturtdylar. Käýýediler. Bular ýaly döwlet derejesindäki meseläniň beýdip çözülmeýändigini zoraýakdan diýen ýaly düşündirdiler. Köşeşdirdiler. Nurberdi han bolsa gahardan ýaňa lowurdap duran gözleriniň ýiti nazaryny «garçyldadyp» onuň göreçlerine sançdy. ─ Çopan batyr! Bar sen daş çyk-da, birazajyk gezmeläp gel. Açyk howadan dem al. Özüňi dürsäniňden soň ýene geläý. Ýöne, indiki gireniňde ýanyň ýaragsyz gir... Çopan kir hanyň ýüzüne seredip oturdy-oturdy-da, siltenjiräp çykyp gitdi. Halaýyk ýene-de Sary hanyň ýüzüne bakdy. Onuň bir zat diýerine garaşdy. Mahmyt işan ondan Çopan kir ýaly gyzma adamlaryň gepi üçin bu adamlardan kine etmezligi, ýüz tutup gelen abraýly adamlaryň töwellasyny kabul etmekligi haýyş etdi. Emma Sary han ýan bermedi. Şol bir diýenini gaýtalap, bir depen ýerini depdi oturdy: «Bizde artykmaç ýer ýok». Şondan soň türkmen aýdym-saz sungatynyň ussady, meşhur saryk bagşysy Aal bagşy oturan ýerinde yranjyrap bir dyzyna galdy. Ekabyrlaryndan sorap söz aldy. ─ Adamlar!.. – diýende, uly-kiçi hemmäniň nazary oňa tarap gönükdi. – Teke-de, sarygam, ýomudam, salyram, ärsaram, külli türkmen taýpalarynyň ählisem bir dogandyr. Hemmesem Gazan babanyň zürýatlarydyr. Ony hemämiňizem bilýäňiz. Eýsemde, bolsa şu zatlary bilibem Allanyň beren bir daban ýerini bölüşibilmän, birek-birege gyjytly sözler aýdyşyp oturmak bize aýp dälmidir. Osoňam uly il biziň agzymyza bakyp otyr. Biz özümiz özara dil tapyşybilmän olary şular ýaly gyrgynçylykly ýoly iterip oturan bolsak, onda daşarky duşmanlardan dagy aýyp-syn edibem oturmaly däl. ─ Aal bagşy az-kem aşak bakyp dymyp oturdy-da, sözüni janly tymsal bilen dowam etdirdi. – Men bir gezek Tejeniň aýagyndaky gumda ýerleşýän guýularyň birine toýa bardym. Şonda, öri meýdanynyň üstünde oňuşmadyk iki tiräniň dawasynyň şaýady boldum. Olaryň ikisem ýaraga ýapyşjak boldular. Tas, gyrgynçylyk bolupdy. Ahyram ýörite adam iberip, Hywadan AK işany getirdiler. Bolan işi oňa birin-birin beýan etdiler. Ol şonda iki tarapa-da degişli edip: «Birek-biregi çapmanyňyzda daşardan gelýän ýowuňyz-ýagyňyz azmy? Daşky duşmana ogul alja gyz ýesir bermedigiňiz barmy? Şu agzalalykdan ýaňa bar baýlygymyz duşmana ýal boldy. Arymyzyň, namysymyzyň köýen ýerem az bolmady. Iň batyr, iň mert ýigitlerimiz jeň meýdanlarynda galdylar. Gara ýer-ä siziň dawaňyzy edýä, siz nämäniň dawasyny edýäňiz? Ozaldanam öýle bilen ikindi arasy ýaly gysga ömrüňizi ikindi bilen şam aralygyna getirjek bolup durmaň. Beren amanadyny gerek wagty eýesiniň özi siz somlamanyňyzda-da alar. Onda-da soraşman, size geňeşmän alar. Siz gyssamanyňyzda-da ajal oragyny başyňyzda aýlamasyny goýmaz. Honha, serediň, mazarlaryň öli kepenok. Reňki solanok. Gün-gündenem köpelip gidip barýa. Toba ediň! Gara ýeriň onsuzam iru-giç özüňizden üstün çykjakdygyny unutmaň...»diýdi. Şondan soň hiç kimden ses çykmady. Her kim ýerinden turdy-da, synyny silkip, işli-işine tarap ugraberdi... – Aal bagşy aýalaryny serip öňküsindenem pessaý gürledi. – Men-ä şundan aňyrda gürrüň bardyr öýdemok. Märeke birmeýdan dymdy. Oturanlar hatda biri-birleriniň ýüzlerine seretmäge-de utandylar. Hiç kimiň söze öňürti başlamana bogny ysmady. Bu agyr dymyşlygy ahyry Nurberdi han bozdy. Ol çalarak ardynjyrady, çalaragam gozganjyrady. ─ Bagşymyz-a dogrudanam aýdara söz goýmady, adamlar – diýibem, usullyk bilen söze başlady. Aşaklyk bilen gapdalynda oturanlara göz aýlady. Hemmeleriň makullaýjylyk bilen başlaryny aşak-ýokary atyşlaryny görübem sözüni dowam etdirdi. – Bize-de Ak işanyň aklyna eýeräýmekden başga alaç ýok. Şu wagt iki türkmen çaknyşsa begenjine telpeklerini göge zyňjaklar kändir. Özüňiz bilýäňiz, Hywa bilen Eýranyň-a ikisem biziň bilen öçli. Onda-da irden bäri öçli. Olaryň üstesine indi Hazar tarapdan çermegini çekip orusam ýetip gelýä. Açyk pyşgyrmasa-da oňňam niýeti şol. Şu ýurda eýelik, türkmene agalyk etmek. Esasy ýaragam hile, al, mekirlik içalylyk. Şoň üçinem adamalr, dosta-duşmana üstümizden güldürmäliň. «Dok eşek bilen köp eşek depişipdir», diýdirmäliň. – Nurberdi han Sary hanyň töweregini gallaşyp oturan saryk ekabyrlaryna tarap ümzük atdy. – Garyndaşlar! Sizem indi mundan artyk gaýra gaýyşmaň-da, çekgä-dartga geläýiň. Şeýtany kalbyňyzdan kowuň. Özüňiz öňki oturan ýeriňizde oturyberiň-de, Murgabyň boş duran kenaryny Sarahslylara beriň. Şeýtseňiz iki güýç bir ýere biriger-de, gaýtam daşky duşmandan goranmagam amatly bolar. Alkymyndan aýrylmasalar Eýran sarahslylara hezil bermez. Ynjaltmaz. Yzyňyza baraýyň diýsek, Ahalda-da ýer-suw çäkli, o ýerden bular ozalam şol sebäpli gaýtdylar. Indi diňe şu çykalga bar. Beýdip durmaň-da, gaýtam sizem bulara kömek ediň. Ylalaşyň. «Pyçak öz gynyny kesmez», diýipdirler. Şonuň bilenem mesele çözüldi. Iki doganyň arasyna düşen doň eredi. Şeýdip şol gezekki gepleşik hem, Nurbedi hanyň täsiri bilen uruşsyz, gan dökülişiksiz tamam boldy. Garrygala urşunda türkmenlerden ýeňilen Nasreddin şanyň we türkmen ülkesine göz dikýän ors hökümediniň islän teke-saryk urşy başa barmady. Şol wagt 1858-nji ýylyň gyş aýlarydy. Ýerde ilkinji, gyrna gar ýatyrdy. Asman durudy. Gün öz şöhlesini Murgap derýasynyň iki kenaryna-da bolluk bilen dökýärdi. Şeýlede bolsa howa sowukdy. Öljümek, ala garly topragyň üstünden, aýazly, çapgyn şemal öwüsýärdi. Maslahatyň soňy meýlise ýazdy. Ýörite çagyrylyp getirilen salyr, saryk, teke bagşylary biri-birleri bilen dyz kaklyşdyryp, maňlaýlaryny – maňlaýlaryna degrişip uly joşgun bilen aýdym aýtdylar, saz çaldylar. Sazyň soňy söhbete ýazdy. Ondan-mundan, ötenden-geçenden gürrüň edildi. Şol gürrüňleriň hemmesiniňem özeni ýene-de türkmenler üçin şeýle elýetmez hem derwaýys bolan agzybirlik, bir döwlete birigip uly güýje öwrülmek, dünýädäki düzgün-serenjamly döwletleriň arasynda san bolmak, özlerini ýer ýüzüne ykrar etdirmek barada boldy. Sary hanam kem-kemden açylyşdy. Myhmanlary bilen emin-erkin gürleşdi. Degişdi. Gülüşdi. Üç-dört günläp hezzet-hormat edenden soňam olary sylag-serpaý bilen ýola saldy. Şeýlelikde, başda Ahaldan-Bäşgaladan gaýdyp, ençeme ýyl bäri Sarahsda oturan tekeler Maryly boldular. Olar assa-ýuwaşdan Murgabyň çep kenarynda ornaşdylar. Nurberdi handan köp-köp minnetdar boldular. Nurberdi han daşary syýasat babatda hem goluny gowşuryp oturmaýardy. 1859-njy ýylda bolsa hut şonuň tagallasy bilen, Tähranda, Eýran hökümedi bilen türkmenleriň arasynda birek-biregi bimaza etmezlik barada şertnama baglaşyldy. Emma aslynda «aýy doslugy» ýatan bu şertnamanyň güýji uzaga çekmedi. 1861-nji ýylda Eýran şasy ähdinden dändi we Hemze mürze bilen Gara sertibi baş edip, henize çenli görlüp-eşidilmedik derejedäki uly taýýarlygy bolan, ýetmiş müň serbazyly, altmyş alty toply agyr goşuny hiç bir sebäpsiz ýere Mara ugratdy. Sarahsdan Mara göçüp, aždarhanyň agzyndan sypandyrys öýden tekeler ýene-de şol bir öňki ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şol gezekki jemlenen goşun eýran hökümediniň harby mümkinçiliginiň aňrybaş çägidi. Şol goşun hem ýeňiläýse, onda onuň şondan başga hiç hili goşmaça güýji ýokdy. Gowşut han ýene-de Ahala, Nurberdi hana habar iberdi. Şanyň lebzinden dänmegi Nurberdi hanyň we onuň geňeşdarlarynyň gaharlaryny getirdi. Gazaplaryny joşdurdy. Nurberdi han şonda haýdan-haý goşun jemledi. Dykma serdary goşunyň Ahalda galýan bölegine baş goýup, özi esasy bölek bilen, nirdesiň Mary diýip, ýola düşdi. Ugramazlarnyň öň ýany indi Ahalda ýaşap ýören, ýetmiş bir ýaşlaryndaky Ak işan olara ak pata berdi. ─ Ähtinden dänen adamyň ahyrýetde jaýy dowzahdyr. Ýöne, nembezlere Hudaý şu dünýede-de göz görkezýändir. Bu-da şanyň tagtyndan taýjakdygynyň alamatydyr. Ýogsam, hiý, şolar ýaly tertipli-düzgünli uly ýurduň şasam bir dagynyk gezip ýören goňşusynyň üstüne öwran-öwran dyzar durarmy? Ýöne, Alla bizdendir! Berk duruň! Agzybirligi saklap, duşmana bilelikde zarba uruň! Şeýtseňiz size ýeňiş ýar bolar, inşalla!.. Mary we Ahal tekeleriniň birleşen güýji tarapyndan çym-pytrak edilen eýran goşuny şol gezek Mary şäherine ýetmänkä, ýeňlip, Porsygaladan yzyna gaçdy. Elbetde, türkmenler tarapyndanam ýitgi az bolmady. Halk uzak wagtlap bagyr awusyndan aýňalyp bilmedi. Ýöne, her niçik hem bolsa ýeňiş gazanyldy. Türkmen ýaragynyň şöhraty dünýä ýaýrady. Şol gezekki ýeňşi üçin, pereňli syýasatçylar öz ýazan synlarynda Gowşut hany «Beýik serkerde» diýip atlandyrdylar. Bu ýeňişde Nurberdi hanyňam orny ulydy. Onuň birleşmek, bir güýje öwürilmek babatdaky syýasaty has işjeň häsiýete eýe bolýardy, durmuşa ornaşýardy. Şol zatlar bilen birlikde onuň türkmen il-ulusynyň arasyndaky abraýyny artýardy. 1862-nji ýylda Nurberdi han Ahal dan Mara gezelenje geldi. Onuň şanyna toý tutuldy. Döwletli maslahat geçirildi. Ol maslahata salyr, saryk garyndaşlaram çagyryldy. Şonda Gowşut han Mary hem Ahal hanlygyny birikdirmek, ikisine-de Nurberdi hany han bellemek barada teklip girizildi. ─ Şeýtsek, barymyz bir maşgala öwrüleris, öňkümizdenem has gowy ysnyşarys – diýdi. – Egerde makul bilseňiz, Nurberdi han üçin Maryda-da bir öý dikip bereliň. Goý, bu ýerde-de onuň bir maşgalasy bolsun, heran-haçan Mara gelende öz ojagynyň başynda ýatyp tursun. Ýaşulular Gowşut hanyň bu teklibini biragyzdan goldadylar. Makulladylar. Nurberdi hana maşgala tapyp bermekligem onuň öz üstüne atdylar. Gowşut han geçen ýylky mary-gajar urşunda wepat bolan Annanyň gaýtarmalygyna galan gelni, Töre sokynyň gyzy Güljemal hana mynasyp görýändigini aýtdy. Güljemaly şol wagt agasy Hangeldi sokynyň öýünde ýaşaýardy. Ol gajar urşunda gelin-gyzlara baş bolup, uly gahrymançylyklar görkezen gelindi. Şeýlelikde, Nurberdi han Marynyňam hany boldy. Öýlendi. Üç günläp toý tutuldy. Hemmelere ortalyk ýer hökmünde onuň täze öýüni Baýramalyda tutdular. Mülk berdiler. Şondan soň ozaldanam meýil bildirip ýören ýomutlardyr-gökleňlerem, saryklardyr-salyrlaram birleşen Ahal-Mary hanlygyna alynmaklaryny haýyş etdiler. Olaryň haýyşlary höwes bilen kanagatlandyryldy. Buhara emirligine raýat bolup oturan ärsary türkmenleriniň arasynda-da Nurberdi hanyň abraýy artyp başlady. Olaram özleriniň geljekki ykballarynyň oňyn çözgüdiniň birleşen Türkmen Hanlygyndadygy barada pikir edip başladylar. Netijede, türkmen halky bir bütewi döwlete öwrülmekligiň ilkinji basgançaklaryna gadam goýdy. Mundan heder eden, şeýle hem Garrygalada, Maryda bolan uruşlardan elheder alan eýran serkerdeleri birbada hemişeki edýänje çapawulçylykly hereketlerinden el çekdiler. Çekindiler. Emma, bütinleý bes etmediler. Barlag-serenjam işlerini bahanalap birsyhly süýşüp gelýän ors goşunlaryna bilelikde garşy durar ýaly, Nurberdi han Hywa hanlygy, Buhara emirligi bilenem gepleşikler geçirdi. Şol gepleşikleriň netijesinde, 1868-nji ýylda Buhara emirliginden Mara şeýle mazmunly hat geldi: «Orslar ýetip gelýärler. Olar Kokandy, Daşkendi aldylar. Indi gezek biziňki. Sizden kömege garaşýarys». Gowşut han bu haty Nurberdi hana ýollady-da, özi bir bölek goşun bilen Buhara tarap ýola düşdi. Emma, urşa girmeli bolmady. Zerbulakdaky söweşde Buharalylar ýeňildiler we general Fon Kaufman bilen ýaraşyk baglaşdylar. Gowşut han goşuny bilen yzyna dolandy. Şondan soň, Nurberdi han ähli ünsüni kem-kemden süýşüp gelýän orslara bakan gönükdirdi we birnäçe taryhy hereketleri amala aşyrdy. Egerde Gökdepe urşunda ýeňilen ors goşuny birnäçe wagtdan soň özüni dürsäp, täzeden gaýdyp gelse-de, ak patyşa täzeden, has güýçi, başga bir goşunyň başyny jemläp iberse-de, bu gezek onuň serkerdesi hanlyk eden ýyllarynyň ählisini şular ýaly başyndan ot sowrup, gylyç gemrip geçiren, dogumly, edenli hem gaýratly, mert adam, şeýle-de geçen urşa ýolbaşçylyk edip ýeňiş gazanan Berdimyrat hanyň kakasy – Nurberdi han bilen çaknyşmaly bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |