01:05 Jöwzaly gyş -2: Duşuşyk | |
DUŞUŞYK
Taryhy proza
Ahally bilen Enehakyda öňem duşuşýardylar. Ýöne, soňky döwürdäki iliň başyndan inen agyr apat şahsy duýgulara ýer goýmandy. Käte bir tötänden duşup aýak üstünden salamlaşaýmasalar oňly gepleşibem bilmändiler. Gazaply söweşlerden soňky ululy-kiçili aladalar sowlup, ilat ýeňillik bilen dem alandan soň, Ahally maý tapyp, Enehakydany duşuşyga çagyrdy. Gyz razylaşdy, ýöne, atasynyň halynyň peselýändigini, häli-şindi oýanyp özüni soraýandygyny, şonuň üçinem, uzak eglenip bilmejekdigini duýdurdy. Olaryň ikisem şonda öz ýanlaryndan etjek gürrüňleri turuwbaşdan geçen uruş, ondaky çekilen zyýanlar, pidalar, halkyň, ýurduň indiki ykbaly barada bolar öýdüpdiler. Emma bar zat düýbünden başgaça boldy. Birek-birege gözleri düşenden göwünleri gobsundy, ganlary gaýnady, ýürekleri joş urdy, iki göwre birleşdi, bütin dünýä, onuň ähli muşakgatlyklary unudyldy, leb-lebe, göwüs-göwse, ýaňak-ýaňaga goýuldy. Gep-gürrüň asla geregem bolmady. Düýn-öňňinem aldym-berdimmi söweşlere gatnaşyp, gan-kök basgylaşyp ýören, ýüzleri gazaply, gözlerinde ot ýanyp duran ýaşlar şü, diýseň ynanar ýaly bolmady. Söýgülisini bagryna basyp tolgunmakdan ýaňa uýluklaryny saňňyldadyp duran ýigidiň sesem sandyrady. ─ Ýagdaýlaryň gowumy, mähribanym? ─ Beý diýmesene... ─ Näme diýmäýin? ─ Mähribanym, diýme. ─ Näme üçin? ─ Utanýan. ─ Näme üçin utanýaň? Kimden utanýaň? ─ Bilemok. Ýumşak, gaba hem ter mämeleriň howur gatyşykly gyzgyn mähri ýigidiň endamyna ornap, hyjuwyny hasam joşdurdy. ─ Onda eýjejigim diýäýeýin? ─ Onyň-a ondanam beter. ─ Wiý, onda näme diýeýin? ─ Bilemok. ─ Bu näme, bir zat diýsem, «bilemok» diýip dursuň-la? ─ Bilemok. ─ Ýeri bolýa-da. Ýene bir zat soraýyn welin, şoňa bir bilemok diýäýme. ─ Hany sora, göreli. ─ Haçan toý edýäs? ─ Bilemok. ─ Beh!.. ─ Hä, näme? ─ Aýdaý-da, belli jogap beräý-dä. ─ Bu belaýygerdanyň apyla-sapylasy bir sowulsyn ahyry. ─ Urşuňmy? ─ Howwa. ─ Wiý, sowuldy ahyry. ─ Ýok, entek doly sowulanok. Uly il ýas içinde. ─ «Toý bilen ýas bile geler»diýipdirler. ─ Ol-a şeýle welin, bu ýerde gürrüň bir ýa iki maşgalaň däl-de, tutuş iliň ýasy barada barýar. Iň bolmanda bir ýyl bir geçsin. Şehitleriň sakytlary sowulsyn. ─ Ba onda, şeýdäýeris. Garaşaly diýseň garaşýarys. Men seniň üçin näçe garaşmalam bolsa kaýyl. Hatda, ömrüm ötýänçä garaşmalam bolsa garaşaryn. ─ Goýaweri oglan, agzyňy haýyr açaweri, hiý, oňňalam bir zat bormy. Ömür ötensoňam bir wysal bolarmy. Men ýöne ýagdaýa görä bolaly diýjek bolýan. Onsoňam... Atamam şol ýagdaýda. ─ Ataň aýak üstüne galyp gider enşalla. ─ Belki... ─ Enehakyda?.. ─ Hä, näme?.. ─ Men köpden bäri bir zadyň pikirini edip hiç aňyrsyna ýetip bilemok. ─ Näme ol? ─ Men aýdýan, egerde, geçen uruşda ýeňiläýen bolsak, Enehakyda ikimiziň ykbalymyz nähili borduka, diýýän. ─ Egerde ýeňiläýen bolsak, onda ýeke ikimiziň däl, tutuş ýurduň, il-günüň ykbaly tersine çöwrülerdi. Baknalyk başlanardy, türkmençiligiň, erkanalygyň soňy gelerdi. Iň ýamanam anty kim çyny bile içdi, kim ýalandan içdi, şol belli bolardy, Kurandan ätlemekdenem beter has agyr synaglar başlanardy. Ýöne, bu wagt o zatlaryň pikirini etmäli. Ras, ýeňdikmi, bize şol bes! Mundan buýana görkezmesinem şol zatlary, salyp synamasynam. Hiç kim duşmandan ýeňlip içen antyndan dänmeli, duşmana gulluk etmeli bolmasyn. ─ Men senden ýene bir zat sorajakdym, Enehakyda. ─ Soraber... ─ Sen bir wagtlar: Ruhy batyr maňa söz aýtdy, menem oňa: sen menden gaty görme, sebäbi, men seni doganym hökmünde gowy görýän, çünki, ikimiz bir öýde ösüp ulaldyk, diýip, jogap berdim diýipdiň... ─ Howwa, diýipdim. Men ony saňa aýtmaklygy özüme borç hasap edendigim üçin aýdypdym. Başga birinden eşitse göwni ynjar goý, gowusy özümden eşitsin, diýipdim. ─ Düşünýän... Ýöne... Egerde bir öýde ösmedik bolsaňyz sen oňa hoş söz berermidiň? ─ Sebäbi, ol wagt eýýäm, meniň durmuşymda sen bardyň ahyry. Men şonda oňa şonam aýtdym. Sen munam bilýäň. ─ Dogry, aýtdyň, ýöne, doganyň hasap etmäniňde saňa onuň nämesi ýaraýar? ─ Maňa onuň hemme zadam ýaraýar. Meniň aňymda ol hemişe gadymy rowaýatlardaky gahrymanlaryň keşbinde görünýär. Ahallynyň kalbynda gabanjaňlyk duýgusynyň ilkinji uçgunjyklary köpräp gitdi. ─ Her näme diýseňem sen ony entegem gowy görýäň, Enehakyda... ─ Men muny senden gizlämog-a. Sebäbinem aýtdym. ─ Ol size entegem gelýämi? ─ Gelýä, ýöne seýregräk gelýä. ─ Be-e... Şeý diýsene... Gelýä diýsene... ─ Sen näme bu gün gürrüňiň soňuny Ruhy batyra syrykdyryaýdyň-la? Ýa gabanýaňmy? Maňa ynanmazçylyk edýäňmi? Göwnüňe güman gidýämi? Eger şeýle bolsa bilip goý: Birinjiden-ä men özüme ynanmazçylyk edilse gaty görýän, çünki, bu meniň mertebämi peseldýär. Ikinjidenem, egerde Ruhy batyry söýjek bolsam, şeýle mümkinçilik mende boldy. Şol mümkinçilik mende häzirem bar. Şol mümkinçilikden peýdalanaýyn diýsem, meni hiç kim, hatda senem saklap bilmersiň. Ýöne, senem maňa hiç kim, zor bilen söýdürenok. Özüm söýdüm. Onda-da ýüregim bilen söýdüm. Şonuň üçinem, meň bilen beýle terzde gürleşme. Ahally oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Aljyrady. ─ Aýdýanyň näme, Enehakyda! Hiý menem bir seni gabanarynmy? Onda-da Ruhy batyrdan. Gabasam onda meniň özümi ondan pes saýdygym bolar ahyry. ─ Şol wagt horaz gygyrdy. Enehakyda çiňerilip Gündogar sary seretdi. Gyssanyp başlady. ─ Hi-iýh, eýýäm daň saz berip başlapdyr. Men gideýin. Atam oýanandyr. Meni gözläp başlandyr. Hä diýmän, adymy tutup gygyrybermegem ahmal. ─ Menden öýkeläp gidýän-ä dälsiň? ─ Ýok, öýkelämok, ýöne ýaňky ýaly bolgusyz gürrüňleriň bilen ýürege düşjek bolsaň meni duşuşyga çagyrma. Toýa çenli görüşmänem oňarys. Ahally gyzy iň soňky gezek, uly hyjuw bilen bagryna basdy. ─ Bagyşla ezizim. Indikide beýtmen. Gyz ýylgyrdy. Çytyk gaşlay ýazyldy. Ýüzi açyldy. ─ Ýeri bolýa-da. ─ Indi haçan duşuşarys? ─ Bilemok. ─ Ana, ýene şol bilemok-da... ─ Weý, bilmesem «bilemok»bor-da... ─ Men onda özüm habarlaşaýaryn-da... ─ Bolýa... ─ Hoş onda... ─ Hoş... Aýrylyşdylar. Ahally tä, gyzyň garamtyl sudury gözden ýitýänçä yzyndan garap durdy. Hä diýmänem daň atdy. Jahan ýagtyldy. Gün dogdy. Düýn-öňňünjik agyr apaty başyndan geçiren ahal topragy ýene bir güni asuda garşylady. Daş-töwerekde hereket başlandy. Ondan-mundan sygyrlaryň molaşýan eşekleriň aňňyryşýan sesleri eşidildi. Ondanam aňyrrakda bir ýerde düýe bagyrdy. Gündogarda bolsa Gökdepe galasy elesläp otyr. Onuň içindäki Diňlidepäniň üstünde, jeň güni özüne uly umytlar bagladan, emma tamany ödemedik mis top henizem nilini dik ýokary tutup dur. Ol şondan soňam telim wagtlap şol duran ýerinde idegsiz-soragsyz hekgerdi durdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||