18:45 Ýerine düşen alada | |
ÝERINE DÜŞEN ALADA
Publisistika
"Adamlary iñ soñky derejedäki intellektual sözler bilen güýmäp bilmersiñiz. Umuman alanda köp adam ýüzleý manyly ynançlar bilen ýaşaýar. Dünýäniñ islendik künjeginde bular ýaly adamlary ulanýarlar". Bu sözüñ eýesi ýygy-ýygydan dünýä jemgyýetçiliginiñ diline düşýän adam: Wladislaw Ýurýewiç Surkow (1962-nji ýylda doglan)... Aslynda ol gelip çykyşy boýunça orsam däl. Onuñ groznyly kakasy çeçendi we onuñ doglandaky at-familiýasy Aslanbek Andarbekowiç Dudaýewdi. Adybelli Dudaýewleriñ garyndaşy. (Dört çagasyndan biriniñ ady Timur). Döwlet Kontrrazwedka uprawleniýesinde (ГРУ) işledi. Hususy sektora baş goşdy. "ОРТ" telekanalynda halk bilen gatnaşyklar boýunça bölümiñ direktory bolup işledi. 1999-njy ýyldan 2011-nji ýyla çenli Orsyýetiñ Prezident diwanynda birinji başlygyñ orunbasary bolup, şol bir wagtyñ özünde Kremliñ halk bilen gatnaşyklar boýunça press-sekretary bolup işledi. 2011-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Orsyýetiñ premýer-ministriniñ orunbasary boldy. Yzyndan Prezident diwanynyñ ýerine ýetiriji bölüminde bolup, esasy işi Putiniñ şahsy maslahatçysy boldy. Ady Günbatarda elektron poçta-haker "dawalaryna" bulaşdyryldy. (Obama tarapyndan ýörite kesgitlenen raýatlar sanawyna (SDN) adminstratiw sanksiýa goýlan birinji on bir orsyñ biridi. Ýewropa bileleşigi hem onuñ bileleşigiñ agza ýurtlaryna girmegini gadagan etdi). 2020-nji ýylyñ fewralynda eýeleýän wezipelerinden el çekdi. Kremliñ ideology bolmakdan welin, hiç el çekmedi. * * * Surkow ors ýaşlar hereketi (täze komsomollar) "Наши"-niñ resmi ideologiýasy bolan "agalyk ediji demokratiýa" düşünjesini orta atdy: Kollektiw demokratiýa şahsy demokratiýadan öñdedir. Şahs däl, döwlet öñde bolmaly... "Agalyk ediji demokratiýa" feminizm, LGBT ýaly akymlara garşy çykmak bilen Günbatara alternatiwa hökmünde maşgala-ahlak ýaly konserwatiw gymmatlyklary beýgeldýärdi... Syýasy taýdan "agalyk ediji demokratiýa" düşünjesi" Orsyýetde içerden we daşardan gelen tankytlary döwletiñ garaşsyzlygyny we agalyk ediji güýjüni gowşadýan elementler hökmünde kabul etmek bilen, mediýadyr raýat-jemgyýetçilik edaralarynyñ üstünde hukugy ulanmak arlaly basyş-gözegçilik mehanizmini ýola goýmagy öñe sürýärdi... Surkow aşa köp dozadaky azatlygyñ döwlet üçin ölüm howpludygyny ýanjap geldi. Uzatmaýyn: Günbatar mediýasy oña "Putiniñ Rasputini" diýip at dakdy. Çünki ol dygysyz şeklini üýtgedip duran hökümet strategiýasynyñ attutarydy. Meselem, her pursatda nasionalist şatyrlara hemaýatkär bolmak bir hatarda adam hukuklaryny öñe sürýän toparlary-da goldaýardy * * * Surkow Orsyýetde oppozisiýanyñ basyp ýatyrylmaga we ýok edilmegine hemişe garşy çykdy. Munuñ ýerine güýçlenme ähtimallygy bolan oppozision gatlaga aralaşylmagyny ýola goýdy... Şeýle bir bulaşyklyk döretdi welin, hakykatda kimiñ oppozisionerdigini, haýsy syýasatçynyñ, deputatyñ, žurnalistiñ hakykatda nämä ynanýandygyny, mediýa organlarynyñ we raýat-jemgyýetçilik guramalarynyñ aslynda kimiñ tarapyndadygyny biler ýaly etmedi. Ýagny, Surkow hakykaty ýok etdi. Jemgyýetçilikde täsirli oppozision wekilleriñ mañlaýyna "häkimiýetiñ tarapdary" ýarlygyny ýelmedi. Beýtmek bilen onuñ maksady diñe bu adamlary täsirsizleşdirmek däl, eýsem bulara ynanýan adamlary dyr-pytrak etmekdi. Hawa, ahyrky maksat: oppozisionerleriñ añyny bulaşdyryp, arasyny bulap, öz maksady üçin ulanmak we jemgyýetçiligi hiç zada añ etmez ýaly derejede paralizowat edip taşlamak (ysmaza uçratmak) - hereketsiz goýmak! Netijede Surkow islenýän oppozisiýany döretmek işiniñ awtory boldy... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||