13:04 Ýeseninden üç şygyr | |
KAÇALOWYÑ ITINE
Goşgular
Hany, Jim, bagt üçin ber bäşi maña, Beýle penjä duşupdym men negada. Gel bile üýreli Aý yşygynda, Şeýle tämiz, şeýle ümsüm howada Hany, Jim, bagt üçin ber bäşi maña. Gözüñe döneýin beýle ýalynma, Düşünmeýäñ kime başyñ egýäniñ. Seniñ üçin ýagty jahan ýalandyr, Bileñok oñ ýaşanyna degýänin. Şöhratly hem atly seniñ hojaýnyñ, Myhmanam köp gelýär onuñ öýüne. Sypalasy gelip owadan boýnuñ, Her kim el uzadýar mahmal tüýüñe. Düşmersiñ sen bu durmuşa nädeýin, Gözüñde aldaw ýok, kalbyñda duman. Ogşajak bolýarsyñ serhoş dost deýin, Hiç haçan, hiç kimden, hiç zat sorama. Ýagşy-ýaman kändir bu ýerden gelen, Hany, Jimim ýatla, geçmişe gara. Seniñ myhmanlaryñ arasy bilen, Bir gamgyn gyz gelmedimi bu ýere?! Ol gyz hökman geler, el berýän ele, Men ýok wagtym geläýse ol her haçan: Maña derek näzik ellerin ýala, Bolan hem bolmadyk günälem üçin. * * * Ezizim, elleriñ ak sona kimin, Ýüzýärler saçymda maýdallaryna. Dünýä inen aýdyp söýgi aýdymyn, Soñ ýene dolanýar aýdanlaryna. Öñ aýdym aýdýardym menem gül ýaly, Indi gaýtalaýan öñki aýdymym. Şoñ üçindir uludan den alýany, Süññüne näziklik ornan beýdimiñ. Teýkaryna çenli söýeñde birden Ýürek harsañ düre dönýär, dilberim. Indi ejiz mañ ylham bererden Tähranyñ aýydyr tämiz gollaryñ. Neneñsi ýaşaryn barmydyr bilen?! Eziz Şagä bagş edemde yşgymy: Gojalamda öñki aýdymlam bilen Ýyldyp bilerinmi göwün göşgümi? Gül sährada, ak sonalar kölünde Bolsa gowy, bardyr her zadyñ orny. Ýaman goşgy ýazyp Şiraz ilinde Heý ýaşap bolarmy, ýaşap bolarmy,! Bu aýdymlam üçin käýinip durman: Ýatlasañyz ardur gitdi diýgeý siz. Ol ne gözel aýdym aýtjakdy, arman, Goşa sona heläk etdi diýgeý siz. * * * Ykbalym Bosfora eltenok meni, Ol barada sorama sen gül meñiz. Maña gara gözleriñde göründi Gögümtil ýalyn dek çyrpynýan deñiz. Bagdat bazarynda bolmadym saýyl, Ýüpek, hyna satmak üçin gyssana. Gel bir pursat gül kamatyñ synlaýyn, Dynjymy alaýyn dyzyñ ýassana. Soñ meni tapmarsyñ, çekseñem zary, Tutmasañ şu pursat ötmezden burun. Men Russiýañ ady belli şahyry Hem seniñ bäş günlük myhmanyñdyryn. Men añymda şirin sazy garmonyñ Aý aýdyñda üýrýän itleriñ sesi. Döredimi sende arzuw-armanym - Şol ýaşyl ülkäni görmek höwesi. Seniñ yhlasyñdyr maña gel diýen, Gelmedim, bu ýere bolman durarym. Gollaryñ ak sonañ ganaty deýin Daşyma çyrmaşyp aldy kararym. Jana aram gözleýän men bu çakda, Geçen günlerimden käýinmesem-de. Gürrüñ ber gyz, gözel watanyñ hakda, Rahatlyk dermany bar sesiñde. Dyndar gussalardan guba gaz meni, Söýgi sözleriñe maýyl et, maýyl! Küýsäp garmon sazyn, rus gyzyny Uldan dem almaýyn, gama batmaýyn. Eltmese-de ykbal Bosfora meni, Özüm deñzi, göz öñüme getirin. Oñ mawy ýalyn dek çyrpynyşyny Seniñ gözleriñde görer otyryn. Terjime eden: Ahmet GURBANNEPESOW. | |
|
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |