10:32 Ýigrimi ýyllap garaşdy | |
ÝIGRIMI ÝYLLAP GARAŞDY
Maliýe we ykdysadyýet
Erdoganyñ şu hakykat bilen ýüzleşesi gelenok: - Indi ol syýasatda we ykdysadyýetde oýun gurnap bilenok. Ol bu ýagdaýy seljerip, meseläni çözüp biläýjek strategiýany kämilleşdirip bilenok. Tersine. Ýat tutup giden "gargynçly" sözlerine dowam edýär. Birdenkä-birden durmuşa geçirmäge jan edýän ykdysady maksatnamasynyñ jemgyýetdäki şöhlelenşini (izdüşüm, проекция) göresi gelenok. “Men… Men… Men…” diýmekden el çekip bilenok. Her ädimini özüne - saýlaw sandygyna peýda getirip biljek pragmatizmiñ-peýdakeşligiñ üstünden ädýär. Ýigrimi ýyllap oturdy-oturdy, iki aýda bazary kadalaşdyraryn öýdýär! Haýsydyr bir maksatnamany heniz amala aşyrmadyk kimsäniñ ýeñiş gazanma mümkinçiligi ýokdur. Erdogan hemişe bolşy ýaly ykdysady çözgütlerini-de "gündelik syýasatyñ" üstünden çözýär, edil daşarky syýasatda edişi ýaly... Halky özgertmezden - halky taýýarlamazdan düýplj ykdysady özgerişi durmuşa gecirip biljegini nädip oý-hyýalyna getirip bilýärkä? Señki dogry bolany ýeterlik däl, muny halka ynandyrmagyñyz gerek. Munuñ ýoly bolsa ynamdan, sosial sermaýadan geçýär! Ykdysady tejribe tebigatda bar zatlary adam zähmeti bilen taýýar önüme öwürmekdir, ýagny ykdysadyýeti adamdan-jemgyýetden aýyryp bilmersiñiz. Erdoganyñ ykdysadyýeti sosiologiýadan, psihologiýadan, taryhdan, geografiýadan aýra tutup düşünip bolmajagyna akly çatanok... Göterimi we başgalary kagyz ýüzündäki san hasaplap, edibilen kejeñekligini edýär. "Biznes hünärmenligi" bilen ykdysady bilimiñ tapawudyny bilenok! Her çykyşyndan soñ bahalaryñ galmagyna "üstki akyl" sebäp bolýandyr öýdýär! Külliýe (prezident köşgi) Erdogany halkdan gopardy. • RUHY ÇÖKGÜNLIK Pianinoçy Fazyl Saý geçen gün şeýle ýazdy: "Otuz ýylyñ içidir, hemişe gastrolda boldum. Häzir Gollandiýada. Bahalar boýunça ömrümde birinji gezek kalbyma düýbünden geñsi duýgular aralaşdy. Hemişeki şamlygymy agzabam durjak däl, indi suw içsemem euro 10-12 aralygynda oýnap, lira bolup gözüme görnüp bogazymdan geçenok, gardaşym!" Şu gün euro näçe boldy? Ertir siz bu setirleri okap durkañyz näçe lira bolarka? Fazyl Saýyñ gazanjy köplenç dollarda, euroda akyp ýatandygyna garamazdan, şolam şeýlekin ruhy-psihologik ahwalda. Eklenji diýseñ gowy dostlarymyñ biri Fazyl Saý ýaly sebäpler bilen ABŞ-na on günlük gezelenjini goýbolsun etdi. A işsizler, pensionerler, eklenji azlar we batanlar näme etmeli? Hemmeleriñ başy aýlandy. Hemmelerde ruhy ýaralar açylyp başlandy. Adamlar walýutanyñ şular ýaly derejede ýokarlanmagyny kabul edip bilenoklar. Adamlar burnundan dem alýar, bug mysaly gahar-gazap çykýar. Adamlar haryt alman başlady - gözýetimde durgunlyk-stagflýasiýa albaý bulaýar. Hawa: diñe bazarlar däl, adamlaram ruhy çökgünlige girdi. Diñe wirus ýokanjy derdi ýok başymyzda, gynansak-da... Pikir edip görüñ: walýuta artyşynyñ täsirini halk üç aýdan soñ kesgitli başdan geçirmeli bolar. Az wagtlaýyn hasaplar bilen şu güne çenli ýöredilip gelnen bergilerden doly ýaşaýyş mundan beýläk hiç bir ýagdaýda dolandyryp bolmajak hala geldi. Sosial durmuşlar kül-uşak bolmagyñ öñýanynda dur. Heý, bulary pikir edýän ýokmuka, o taýda? • ÇÖKÜŞDEN ÇYKYŞ Ykdysady krizisiñ ýykgynçylykly girdaby demokratik düzgüni-de bulam-bujarlyga saldy. 2008-nji ýylyñ uly ykdysady krizisinden soñ ABŞ-da diñe Donald Tramp häkimiýete gelmedi. Germaniýa, Italiýa ýaly ýurtlarda faşistik guramalar, partiýalar ýene orta çykdy. Angliýa Ýewropa Bileleşiginden çykdy we ş.m. Türkiýede başdan geçirýän krizisimiziñ syýasat dünýäsine - režime täsiri nähili bolarka? Meseläniñ jogabyny köp derejede oppozisiýanyñ özüni alyp barşy kesgitlär! Oppozisiýa Erdogany tegelek stolyñ başynda oturmaga yrjak bolmaly. Çöküşden çykyş ýoluny görkezýän "gyssagly resepti" köpçüligiñ öñünde Erdoganyñ dykgatyna ýetirmeli. Üns beriñ: hökümet-oppozisiýa arasynda söz atyşyp oýnaljak döwürde däldiris, hemmämiz aklymyza aýlanalyñ. Köpçülikleýin mobilizasiýalary geçirmek gerek. Erdogan-Bahçeli bu agyr ýüküñ astyndan çykyp bilmez. Ähli syýasy partiýalar bizi ykdysasy krizisden çykarjak "döwlet üçeginiñ" astynda birleşmeli. Başyñy-gözüñi aýlaýjy bu kyýamat spiralynda arkamyzy diräp biljek başga güýjümiz ýok. Döwletden başga hiç bir lideriñ elinde jadyly taýak ýok! Diýseñ ynjalyksyzlandyryjy ýazgy ýazandygymy bilýärin - hemmesine garamazdan Çetin Altanyñ sözi bilen aýdanda, ýeñsäni tüññerdip oturmagyñ geregi ýok. Ruhubelent bolmaly... Ýazgymy sizi ýylgyryp biläýjek başga bir gürrüñ bilen jemläýin: ABŞ-ny kök-damaryndan sarsdyran 2008-nji ýylyñ ykdysady krizisinden soñ banklar, maliýe şereketleri "bizi halas ediñ" diýip, döwletiñ gapysyny kakypdyr. “Hustler” ýaly porno žurnallary çykarýan Larri Flint "amerikanlar awtoulag we şoña meñzeş zatlar bolmasa-da ýaşar, emma seks bolmasa ýaşap bilmezler" diýip, döwletiñ porno pudagyna kömek etmesi üçin amerikan kongresine ýüz tutdy! Haýyşnama kabul edilmedi... Bütin bularyñ barsyna garamazdan ýylgyryñ, çünki ýylgyryşyñ bahasy mugt. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |