21:01 Ýitik gözlenýär | |
ÝITIK GÖZLENÝÄR
Publisistika
Ýalçyn Küçük (1938-nji ýylda doglan)… Döwlet meýilnamalaşdyryş edarasyndan çykandan soñ ABŞ-nyñ Ýel uniwersitetine gitdi. Yzyndan Bütundünýä bankynda işledi. Ýurduna gaýdyp gelenden soñ Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetinde (ODTU) mugallym bolup işledi. Yzyndan Angliýanyñ Birmingem uniwersitetinde boldy. Ol ýerde sowetologiýa (Sowet Soýuzyny öwreniş ylmy) boýunçe eden işlerini kitap görnüşine saldy. Şol kitaby sebäpli sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi! Ýalçyn Küçük 1971-nji ýylyñ 12-nji martynda bolup geçen harby döwlet agdarylyşygynyñam gazabyna uçrady: "30-njy awgust güni ODTU-daky mugallymçylygymdan gyrakladyldym. Ýaş hetdim sebäpli däl. Syýasy taýdan hetdini tanamazlykdan! Daşary ýurda çykjagam bolmadym. Türkiýede galanymy gowy gördüm..." 1973-nji ýylda 36 ýaşynda harby gulluga alyndy, Kipr urşuna gatnaşdy, gazy (uruş weterany) boldy. Harby gullugy gutarandan soñ "Cumhurihet" gazetiniñ ykdysadyýey boýunça bölümine ýolbaşçylyk etdi, makalalar ýazdy. Gazetden çykansoñ soñky ýazgylaryny "Täze respublika üçin" (“Yeni Bir Cumhuriyet İçin”) kitabynda jemledi. Kitabyñ çap edilişi 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabryndaky harby döwlet agdarylyşygyna gabat geldi, kitap yzyna ýygnap alyndy. Ýalçyn Küçük türmä atyldy. Etmişi - "Türkiýäniñ marksistik düzgüne geçmek islegine beleñ bermekdi"! * * * 1980-nji ýylyñ 3-nji oktýabrynda derñew işi açyldy we 1897-nji ýylyñ 14-nji maýynda Harby Ýokary Sud edaralary guramasynyñ Selimiýe harby sudunyñ çykaran hökümi bilen soñlandy. Hökümde "etmiş" şeýle düşündirildi: "Aýyplanýan Ýalçyn Küçük şeýtany ompa oturtjak derejede ýiti paýhasa we düşünjelerini garşysyndakylara añsatlyk bilen, rahatlyk bilen düşündirip biljek, olary azyndan öz düşünjesine gabat getirip, birmeñzeş düşünje terzini rahatlyk bilen, añsatlyk bilen olara geçirip biljek we iñ bolmansa öz garaýyşlary, düşünjeleri simwolynda olara oýlanmaga iterip biljek terzde stili, ukyby bar". Hany indi biziñ "şeýtany ompa oturtjak" derejedäki intellektuallarymyz? Näme boldy olara? Ýalçyn Küçük "Dawalarym" kitabynda ýazdy: "Boşadylmaly güni gaýtadan tussag edilmegi adama juda agyr urgy bolup, ýykylyp biler". Häkimiýetler hemişe şeýdip gelýär. Az sanly intellektualymyz basyşlara boýun egmedi. Ýalçyn Küçük boşan badyna ýazyjy Eziz Nesin bile bile harby döwlet agdarylyşygyna garşy göreşiñ başyny başlady. “Toplumsal Kurtuluş” ("Jemgyýetçilik halas boluş") žurnalyny çykardy, hemişe jogapkärçilige çekildi, türmede ýatdy we ş.m. Şuny aýdasym gelýär: * * * Ýykylan intellektuallar ýurdumyzda nämäniñ çüýremegine sebäp boldy? Soramagymyñ sebäbi, hakyky "respublika" çekişmesiniñ nämüçin guralmaýanlygydyr? Megerem, jogaba ilki bilen intellektual çekişmesini guramak bilen başlamaly. Çünki: "12-nji mart", "12-nji sentýabr" harby döwlet agdarylyşyklary we neoliberalizmiñ emele getiren "Üçünji ýol" patarrakysy intellektualymyzy öldürdi, jemgyýetçilik göreşinden çetleşdirdi. Meselem: Haýsydyr bir bildiriş üçin ýygnalan gollary hiç goldamadym. Ýalçyn Küçük sud edilen kitabynda şeýle ýazýar: "Goldawsöýer intellektualyñ praktikasy iñ soñky derejede passiw. Ady we tipologiýasy-da şundan gelip çykýar. Goldawsöýer intellektualdan diñe goldaw soralýar. Ol şuña öwrenişen. Goldawsöýer intellektual ýurtda näme bolup-geçýändigi bilen gyzyklanmaýar. Oña bu zatlaryñ geregi ýok. Çünki, ol gerekli zadyñ özüne baglydygy praktiki tarapdan getiriljekdigine ynandyrylan. Goldawsöýer intellektual at gözlükli bolýar..." Intellektuallarymyz modasöýer (nysaksöýüji): "wah, egindeşlerimizi türmä atdylar, çykmasy üçin gol toplamalyñmy!" Moda obýekt - günbatarçylyk boldy! Intellektualymyz giñ gatlaklaryñ göwnüne ýaraýan, many-mazmunyndan goparylan populistik çykyşlary, gysga filmleri-wideolary, aýdymlary, heñleri ýeterlik hasaplaýar! Ýurdumyzda iñ gymmatly düşünjeler metalaşdyryldy, gymmaty ýitirildi. Intellektualymyz indi giñ gözýetimli däl... Intellektualymyz indi ýiti pähim-paýhasly däl... Intellektualymyz indi mesele çözüp bilenok... Kontrrewolýusiýa şeýdip üstün çykdy... Serediñ: gudrat gözläp ýörmeli däl. Işe könelişen öñdebaryjy soraglary täzeden soramak bilen başlalyñ: Haýsy respublika? Respublikamyzyñ hossarsyzlaryñ hossardygy hakykatyny asla ýatdan çykartmalyñ. Respublika baýramyñyz gutly bolsun. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |