06:39 Ykbal göteren ýyllar | |
YKBAL GÖTEREN ÝYLLAR
Edebi makalalar
Baryp-ha, geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrlarynda ýazan ilkinji hekaýasynyň aýallar žurnalynda çap edilmegi student gyzy döredijiligiň azaply uzak ýollaryna gönükdiripdi. Soň hekaýa yzyna hekaýa döräpdi. Şondan uzak wagt geçmänem ýazyjy “Leýli” powestini “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalyna hödürläpdi. Žurnalam ony höwes bilen çap edipdi. — Minnetdarlyk bildirmek üçin žurnalyň şo wagtky baş redaktory Beki Seýtäkowyň ýanyna baranym şu günki ýaly ýadymda. Beki aganyň “Leýlini” haladym. Oba durmuşyny gowy bilýän ekeniň. Şeýle powestleri köpräk ýaz. Çap etmek biziň bilen” diýip aýdan sözleri maňa, ýaňy döredijilige baş goşan gyza ganat bekledipdi. Döredijilik işine has jogapkärli garamagyma hemaýat beripdi – diýip, söhbetdeşim ýazyjy Şirinjemal Geldiýewa ýatlaýar. Ýaşy birçene baransoň, adam öz çagalyk döwrüni häli-şindi ýatlagyç bolýar diýýärler. Ş.Geldiýewa hem uzak durmuş ýoluny geçen zenan. Ol hemişe ýaşlyk ýyllarynyň geçen ýerlerine dolanýar. Ýatlamalar ýumagyny çöşleýär. — 1947-nji ýylda Tejenden Gyzylaýaga göçmeli bolduk. Ýaşlygym Amyderýanyň boýunda geçdi. Obamyz Gyzylaýagyň öňki “Sosializm” kolhozynyň demirgazygynda ýerleşýärdi. Amyderýa çyrpynyp dolup akýardy. Günortasyndan bolsa gazylyp ýören Garagum derýasy geçýärdi. Aslynda şol ýerler ejemiňem, kakamyňam ata-babalarynyň dogduk diýary... Durmuş kynçylyklarynyň öňünde müzzermeli däldigini, ony batyrgaýlyk bilen ýeňmelidigini, merdem bolmagy ol mähriban käbesinden öwrenipdi. Oba adamlarynyň ählisiniň Meňli ejesi, okap gutaran mekdebi bolmasa-da mähriban enäniň özüne görä sowady ýetikdi. Obadaşlarynyň uludan-kiçisi onuň adamkärçiligine sarpa goýýardylar. Mähirli garaýyş,hoş söz, göwnaçyklyk adamlary birek-birege ysnyşdyrýar ahbetin. — Ejem gepe çeperdi. Öýümiziň myhmansyz, adamsyz wagty seýrekdi. Ejemden durmuşda köp zatlary öwrendim. Ol aýratynam erteki aýtmaga ökdedi. Her gije diýen ýaly, çaklaňja jaýymyz goňşy-golamyň çagalaryndan doly bolýardy. Käwagt ejem gijäniň ýaryna çenli erteki aýdyp bererdi. Ejem bizsiz horlanjagyny bilse-de, orta mekdebi tamamlanymyzdan soň, meni hem doganym Tagany Aşgabada okuwa iberdi. Pahyr, özi horlansa-da, bizi hiç zatdan hor etmän okatdy... 1961-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlan Ş.Geldiýewa ýaňyrak açylan “Edebiýat we sungat” gazetinde işe başlaýar. Birki ýyldanam Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň aspiranturasyna girýär. 1967-nj ýylda-da ol “Baýly şahyr we onuň edebi töweregi” diýen temada kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen ada mynasyp boldy. Şirinjemal Geldiýewa okamagyň nähili zerurdygyna oňat düşünipdi. Ol ýaşlygyndan Berdi Kerbabaýewiň, Ata Gowşudowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Agahan Durdyýewiň, Beki Seýtäkowyň, Hydyr Derýaýewiň we beýleki ussat türkmen ýazyjy-şahyrlar bilen bilelikde A.S.Puşkiniň, L.N.Tolstoýyň, M.Şolohowyň... eserlerini ürç edip okady. Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Keminäniň... şygyrlary bolsa onuň ýan kitaby bolupdy. Ýaş ýazyjy olardan söz ummanynda gulaçlap ýüzmegiň syrlaryny öwrenýärdi. Geçmiş edebiýatyna bolan höwesi ony heniz doly öwrenilmedik Baýly şahyryň huzuryna getiripdi. Ýaş alym Baýly şahyryň ömrüne we edebi mirasyna degişli maglumatlary il içinden toplady. Bu babatda çekilen irginsiz zähmetiň netijesi hem şowly boldy. Ylmy jemgyýetçiligiň öňünde kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorady. Edebiýaty öwreniji alymlarymyz bu ugurdan ýene bir zehinli alymyň ýetişendigine tüýs ýürekden buýsandylar. Alym zenan uzak ýyllap B.Garryýew, S.Garryýew, A.Meredow, R.Rejebow, Z.Muhammedowa, S.Durdyýew... ýaly ussat alymlar bilen bile işledi. Olaryň maslahatlaryna gulak goýdy. Şu geçen döwrüň içinde Ş.Geldiýewa türkmen edebiýatynyň dürli meselelerine bagyşlap, ýüzlerçe makalalary ýazdy, 10-a golaý monografiýa neşir etdirdi. Alymyň türkmen halk döredijiligine, Andalyba, Magtymgula, Mollanepese, Baýly şahyra, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligine degişli makalalary okyjylaryň ýadynda galdy. Türkmen – ukrain edebi gatnaşyklarynyň taryhy bilen bagly tutumly işleri ýazdy. Alymyň bu ugurdan birnäçe monografiýasy neşir edildi. Alym ömrüniň on ýylyny powest žanrynyň döreýşine we ösüşine bagyş etdi. Eýsem-de bolsa, bu žanryň tebigatynda bolan özgerişleri ýüze çykarmak edebiýat ylmynda kiçi-girim mesele däldir. Onuň bu babatda iki sany monografiýasy neşir edildi. “Powest žanpynyň döreýşi we ösüşi” atly monografiýada žanryň problemalaryny öwrense, “Häzirki zaman türkmen powestleri” diýen monografiýasynda bu žanryň ideýa derejesini, mazmunyň ösüş ewolýusiýasyny we beýleki taraplaryny düýpli derňemegi başardy. Ş.Geldiýewa 1991-nji ýylda “Türkmen edebiýatynda powest žanrynyň döreýşi we ösüşi” diýen temada dissertasiýa gorap, filologiýa ylymlarynyň doktory diýen ada mynasyp boldy. Ş.Geldiýewa ylmy işiniň daşyndan hem ýaş nesle bilim bermekde gujur-gaýratyny, zehinini gaýgyrmady. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde, D.Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynda köp ýyllap mugallymçylyk etdi. Ençeme ýyllap Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň gutardyş kurslarynda döwlet synag toparyna başlyklyk etdi. Bular hem onuň gujur-gaýratynyň egsilmezdiginden habar berýär. Ş.Geldiýewanyň ady geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ýazyjy hökmünde ykrar edilipdi. Gazet-žurnallarda onuň ýazan hekaýalarydyr powestleri yzygiderli çap edilýärdi. Okyjylar onuň täze eserlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ýazyjynyň eserleriniň baş gahrymanlarynyň hemmesi türkmen zenanlary.Ýazyjynyň durşuna adamkärçilige ýugrulan duýga baý,zenan kalbyny açýan zenan ykbaly, zenan bagty zenan namysy bilen baglydyr. Ýazyjynyň şahsyýetinde tebigata, aýratyn hem ynsan diýen beýik gudrata çäksiz, kireňsiz söýgi güýçli. Şol belent söýgi onuň ähli eserleriniň hamyrmaýasy. Onuň ýaşlaryň söýgüsini, yşky wasp edýän eserlerinden baharyň ajaýyp şemaly, howasy ýüzüňe urýar, kalbyňa ornaýar, duýguňy täzeleýär. Guşlaryň sesi gulagyňa gelip, göwnüňi göterýär. Bu ajaýyp dünýä, diýara, adamlara söýgi döretmegi başaran Ş.Geldiýewanyň döredijiligine ser salsaň, onda şeýle bir düýpli pikir seni özüne çekýär. Bu pikir ýazyjynyň gahrymanlaryny boýdan-başa edil biri-biri üçin dünýä gelen ýaly edip suratlandyryp bilmek ussatlygynyň döredýän pikiri bolmaly. Olarda ynsanperwerlik, adamkärçilik babatda bir bitewilik bar. Şol bitewilik hem okyjylary özüne bendi edip, gahrymanlary okyjynyň syrdaşyna öwürýär. Ýazyjynyň gahrymanlary durmuşda onuň öz belet adamlary. Olaryň ruhy taýdan belent, öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmek üçin göreşmegi başarýan gahrymanlar. Şonuň üçinem gahrymanlaryň keşbi janly adam ýaly okyjynyň göz öňüne gelýär. Wakalar hem, tebigat hem şeýle terzde. Mysal üçin, ýazyjynyň “Şeker” powestini okap başlanyňdan, ol seni bada-bat özüne imrindirip, wakalaryň neneňsi, niçiksi bolup gutarjakdygy hakda oýlanyp, ony soňuna çenli birdemde okasyň gelýär: “Kyrk bäşiň gyşy bir alamat boldy. Mart aýaklap barýardy. Emma bir aý mundan öň ýagan gar ýer bilen bagry badaşan ýaly, oňa bagryny berdi-de, demre dönüp, ahmalyň aýagyndan aldy. Garry-gurty daş çykmaga eýmendi. Şekerleriň indi üç-dört ýyldyr dört aýakly gapysyndan sekmedik üsti çöp-çalam bilen basyrylan dölelerindäki iki-üç gujak ýylgyny, bir haltajyk ýandak töňürtgesini saman salynýan kepbelerindäki birküç petde ýandagy hasaba almasaň, odunlaram ýokdy. Tomus ýygnanja sygyr tezeklerinem ýakyp gutarypdylar...” Ýazyjynyň gysgajyk jümlelerde gahrymanyň ýaşan döwrüni şeýle suratlandyrmasynda hakykat ýatyr. Bu hakykat şol döwri başyndan geçiren her bir adam üçin düşnükli bolsa gerek. Şeýle gahat döwri görmedik okyjy bu jümleleri okap, gowy günleriň gadyryny bilmegiň, bol-elin durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyň niçik bagtdygyna düşüner. Ata-enä sarpa goýmak, Watanyň bir gysym topragyny hem keramatly saýmak, halal ýaşap, birek-birek bilen agzybirlikde zähmet çekmek... ýaly asylly duýgular ýazyjynyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Elbetde, ýazyjy Şirinjemal Geldiýewa kimdir biriniň öwgüsine mätäç däl. Onuň hekaýatlarydyr powestleri okyjylaryň höwes bilen okaýan eserleri. Biz muny ýazyjynyň adyna häli-şindi okyjylaryndan gelýän hatlardanam bilýäris. Olar ýazyjyny gowy eserleri üçin alkyşlaýarlar, özlerini tolgundyrýan zatlar dogrusynda maslahat soraýarlar. Pynhan syrlaryny ýazyjy bilen deň paýlaşýarlar. Eýsem-de bolsa, bu döredijilik adamsy üçin bagt dälmi?! Elli ýyla golaý wagtdan bäri bir ulgamda bile işleşip gelýän filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr Ahmet Mämmedowyň belleýşi ýaly, ýazyjy Ş.Geldiýewanyň eserleriniň okyjylaryň ýadynda uzak wagtlap galmagynyň bir sebäbi-ýazyjynyň durmuş hadysalaryny aýyl-saýyl edip bilýänligindedir, gahrymanlarynyň häsiýetlerini göwnejaý açyp görkezýändigindedir, çeperçilik tilsimatlaryna giňden orun berýänligindedir. Ýazyjy Ş.Geldiýewa Garaşsyzlyk ýyllary içinde öndümli işlän ýazyjylaryň biri. Hekaýa yzyna hekaýa, powest yzyna powest ýazdy. Ylmy işleriniň sany barmak büküp sanardan köp. Kitaplary hem yzly-yzyna neşir edilýär: “Bosagada”, “Synag”, “Ulugyz”, “Ýar ojagy”, “Şeker”... Bular Garaşsyzlygyň miweleri. Ol miweleriň tagamy datly! Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” diýen ýubileý medalynyň, “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi ýazyjy we alym Şirinjemal Geldiýewanyň ylhamy egsilmez. Döredijiligiň güzaply we azaply kötellerini külterläp gelýän ýadamazak we irmezek Şirinjemal Geldiýewanyň galamynyň mundan buýana-da ýiti bolmagyny arzuw edýäris! Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. "Mugallymlar gazeti“, 23.12.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |