16:56 Ykbala ýüzlenme | |
YKBALA ÝÜZLENME
Goşgular
![]() Ykbal, menem saña birje ýüzlenip, Şähribossan kimin aýdaýyn arzym. Göräýmäne arz etmäge sebäp ýok, Kem zadym ýok ýa-da, ullakan karzym. Alla şükür, ogul-gyzym ýerinde, Ýetişip gelýärler, akylly-başly. Arkamda dag ýaly, atam penakär, Togap etýän enem, otyr ak saçly. Ýanýoldaş, maşgala, birkemsiz durmuş, Maña näme gerek bulardan başga. Diýýänsiñ ykbalym, başyñy ýaýkap, Bermäge zadym ýok, dur indi daşda. Şonda-da, näme üçin ynjalygym ýok, Dünýä gelenime bergili ýaly. Käte bolsa, dünýä sygman urunýan, Aklyndan azaşan akmak, bir däli. Durmuşyñ däl, ýa-da ýaryñ aşygy, Men dälisi, bu şygrystan bossanyñ. Diýýän, el çekeýin, däli kesbimden, Ykbal berip durka, ýürek islänim. Emma gaçýan, kowup ýetýär yzymdan, Ykbal ýa-da, bulam seniñ oýnuñmy. Beren bagtyñ ýany bilen ýamalyk, Maña şygry jeza diýip goýduñmy. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |