09:20 Ylmy-fantastikanyñ atasy: Uells | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
YLMY-FANTASTIKANYÑ ATASY: UELLS Maşgalasynyñ ýarlykly garyplygy sebäpli ilkibaşda okap bilmedik Uells kakasy ýaly bakgal bolaryn öýdüpdir. Gerbert Jorj Uells / Fotosurat: Wikipedia Ylmy-fantastiki prozanyñ wekili we taryhçy Gerbert Jorj Uellsiñ (1866-1946) iñ gowy terjimehaly ýa-da tankydy syny 1934-nji ýylda 68 ýaşyndaka ýene öz galamyndan çykan "Terjimehalda synag: Örän adaty beýniñ tapyndylary we netijeleri" (“Experiment in Autobiography”) atly kitabydyr. 97 ýedi ýaşynda aradan çykan G.J.Uells ýaş nesiller üçin köp zat añlatmaýan, emma ýatlamalary şu asyryñ başlaryna uzaýanlar, belki-de, kitaplarynyñ atlaryny ýatlaryna düşürse gerek. Hatda köne paty-putylaryñ arasyndan bu kitaplaryñ bir-iki sanysyny tapmaklary-da mümkin. Uells aslynda döwrüniñ iñ öndümli işleýän ýazyjylarynyñ biridi. Kitaplaryny özi çykartmasa-da, ol barada çap edilen kitaplar bardy. "Britan" muzeýinde adamlaryñ ýakynda taşlap gaýtjak okyjy otagynda saklanýan we onuñ adyny göterýän indeksde 600-den gowrak rubrika bar. Uells özüniñ gürrüñini etmäge dowam edýär: "Ýönekeý maşgalada kemala geldi. Bagbançylyk eden kakasy soñ-soñlar dükan açypdyr. Kakasy otelde işlän ejesi bolsa durmuşa çykmanka bir aýalyñ hyzmatkäri eken". Uells durmuşyna täsir etmändigini nygtamak üçin sosial ýagdaýynyñ üstünde aýratyn durup geçýär. Maşgalasynyñ ýarlykly garyplygy sebäpli ilkibaşda okap bilmedik Uells kakasy ýaly bakgal bolaryn öýdüpdir. Emma sekiz ýaşynda aýagy döwülenden soñ öýde galmalh bolanda, kitaplar dünýäsini boýlady. Şonda Çarlz Darwiniñ, Waşington Irwingiñ kitaplaryny ýalmap-ýuwdan Uells 13 ýaşanda dermanhanada, 15 ýaşynda bolsa bir tuty (zanaweska) sehinde işläp başlady. Yzyndan mekdep müdiri wezipesiniñ daşyndan işläp, bir ýandanam okamaga başlady. Ýigrimi ýaşanda London uniwersitetini tamamlapdy. Ýaş wagtynda daýzasynyñ gyzy bilen halaşyp öýlendi, emma onuñ bilen bary-ýogy iki ýyl ýaşaşdy we soñ aýrylyşdy. Täzeden öýlenenden soñ iki çagasy boldy. "Göze görünmeýän adam", "Wagt maşyny", "Doktor Moreanyñ adasy", "Dünýäler uruşy", "Ararat dagynyñ ýolagçysy galmasyn" ýaly belli-başly eserleri bar. Ýetmiş dört ýaşynda "Täze dünýä düzgüni" ýaly üstünlik getiren kitaplary ýazdy. Uellsiñ megerem iñ esasy kitaby diñe iñlis dilinde çykan tiražynyñ dört million ekzemplýary satylan "Dünýäniñ gysgaça taryhy" kitabydyr. Ýetmiş bäş ýaşyna gelende jemi 90 kitap ýazypdy, ýetmiş alty ýaşanda bolsa doktorlyk dissertasiýasyny gorapdy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 13.05.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |