21:50 Ylym bilen aldamak | |
YLYM BILEN ALDAMAK
Publisistika
Yslam sagçy däldir. Yslamy "musulman" donuny sypyryp, saga iteren käbir çepçilerdir. Bularyñ pikiriçe: Jemil Meriç, Nuretdin Topçy, Alew Alatly çepçi... Bular siriýaly Mustapa Sibaýa, eýranly Aly Şeriata bir gezegem öwrülip seretmedi... Harijiler, mutezililer, karmatiler hakda pikir etmedi. Mugawyýa garşy çykandygy üçin çöle sürgün edilen Ebuzer Gifarini däl-de, Rimdäki gullar gozgalañynyñ serdary Spartagyñ göreşini nusga edindi... Beýtmäñ-ä. Beýik rewolýusioner Hezreti Muhammet (s.a.w) "sagçy" bolup bilermi? Ah! Şeýh Bedretdini-de diñe Nazym Hikmetiñ poemasyndan eşiden çepçiler bar öñümizde. Nämüçin şeýle? Ýogsam bolmasa, din beýle däldi ahyryn: Hikmet Kywyljymlyny ýok saýyp bolarmy? TKP-niñ düýbüni esaslandyryjy başlygy Mustapa Suphini Sinop sürgüninde sosializme ýönelden Melami Terlikçi Salih dälmidi? Melami şeýhi Mejdi Tolun Balkan Federasiýasy utopiýasyny "sosializm" esasynda işläp düzmedimi? Melamileriñ "kitabyny ýazan" Abdylbaky Gölpynarly TKP dawasyndan jogapkärçilige çekilmedimi? “Kerim Sadi” / “A.Jerrahoglynyñ” ýa-da Abidin Nesiminiñ eserlerini bilýän barmy? Çepçiler nämüçin yslamdan daşlaşdy? Çepçiler yslam bilen syýasaty birleşdirmek isleýänleriñ oýnuna nädip aldandy? Näme diýjek bolýanymy bilýäñizmi: * * * 1991-nji ýylyñ 3-nji oktýabry. Stambul uniwersitetiniñ Edebiýat fakultetiniñ Sosiologiýa bölümindäki doktorantura eminliginden çykan alym bar: Hüsametdin Arslan... Onuñ doktorlyk dissertasiýasy soñ kitap boldy: "Epistemiki jemagat. Ylmy sosiologiýanyñ synagy" (“Epistemik Cemaat / Bir Bilim Sosyolojisi Denemesi”)... Arslanyñ doktorlyk dissertasiýasy bolsa şudy: "Usuldan öñe geçen ylym. Halas ediji we mukaddes ylym düşünjesiniñ inkäri" (“Yöntemi Aşan Bilim: Kurtarıcı ve Kutsal Bilim Anlayışına Reddiye”)... Kitap görnüşine getiren dissertasiýasynyñ girişinde şeýle ýazdy: "Bu ýöne bir "ylmy maglumatyñ sosiologiýasynyñ" çäginde intellektual synagdyr... Türkiýede okuw programmalaryna we döwletiñ resmi ideologiýasyna mazmunyny peşgeş beren (boýnuna dakan) ylmy garaýşyñ tankydy synydyr. Eliñizdäki kitap ylma däl, onuñ agalyk ediji añlama formasynadyr, ylma däl-de, ylym boýunça agalyk ediji ylym ideologiýasyna garşy gidýär..." Şuny çaklamak kyn däl: "Ylmy maglumat näme, "ylmylyk" adyna duwlanyp gurulan usullar näme" diýip soraýanlar bu ýurtda keseklenýär! Şeýle ýagdaý "Bukudaky elita" ("Saklı Seçilmişler") we "Gara guty" ("Kara Kutu") kitaplarymda başyma geldi! Hüsamettin Arslan ylmy karýerasynda bu zorlukly kanunylaşdyrmagy, boýna dakmalary derñedi, "ylmy sosiologiýanyñ" üstünde işledi. * * * Günbataryñ renessans ideologiýasy derñelmesiz-"iñ dogrusy şu" diýilýän höküm ediji "awtoritar ylymy" boýnumyza dakdy. Bu agalyk ediji "ylmy ideologiýa" tankydy bellikleri diñe yzagalaklar-dini ýoýýan mollasumaklardyr ylmyñ nämedigini bilmeýän adamlar edip bildi! Bu pikiriñ eýesi bolsa "epistemiki informasiýa jemagatydy". Özem bular antidemokratdylar - başgaça pikirlenýäne, köpdürlilige takatlary ýokdy. Şeýdibem birmeñzeşlik gegemoniýasy çar künjegi gurşap aldy... Adamzadyñ müñlerçe ýyllyk gadymy maglumatlary, ýörelgeleri, ýagny "laboratoriýa ulgamyna" girizilmek islenmeýänler "ylmy" däldi! Baş atyp makullanan, dogry hasaplanan "ylymyñ" usuly-da jedel edilmesiz hasaplandy. Şeýdip-şeýdibem birsydyrgynlyk höküm sürer ýaly edildi... Ine... Çepçilerem mundan paýyny aldy. "Ylym" usulynyñ kapitalizmden garaşsyz bolup-bolmaýandygyny-da derñemedi, tutuşlygyna kabul etdi. Usula garşy çykanlary-da "ylymdan gyraklatdy". Şol sanda gödek pozitiwizme gysylyp galdy... Ylym bilen geçen ömrüniñ dowamynda ylmy sosiologiýa boýunça intellektual derñew geçiren professor Hüsametdin Arslana sagçy diýip bilerismi? ("Ergenokon" duzagyna ynanmagy ýaly käbir meselelerde edýän pikiri ýalñyşdy. Beýleki bir ýandan kürt problemasyna bolan garaýşy dogrudy). Netijede Umuman alanda, tebigy ylymlar bilen agzalýan pozitiwist usul sosial-syýasy ylymlara utgaşdyrylanda çepçiler "ylym" bilen aldandy! Çepçi düşünje gysylyp galan bu biraýakdan sürme gödek agalyk ediji garaýyşdan halas bolmalydyr. Çünki bu birtaraply añlama usuly çepçileri sagçylaşdyrýar! Dünýäniñ hojaýynlar sistemasy bolsa, çykarýan telper çaknyşyklary bilen şo-ol dowam edip gidip oturşy... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |