11:41 Ýokanç "genosid" | |
ÝOKANÇ “GENOSID”
Publisistika
Üns merkezinde ýokanç kowid-19-yň görnüşleri sebäpli doly karantin çäresi bar. Üns merkezinde Jo Baýdeniň diýen “genosid” ryswaçylygy bar. Bu iki hadysanyň arasynda analogiýa-meňzeşlik gurup bolarmy? 1914-nji ýyl. Adamzat dünýä taryhynyň iň uly urşuna şaýatlyk etdi: Birinji jahan urşy! Uruş ýokanç keselleriň artmagyna sebäp boldy. Osmanly raýatlary holera, (brýuşnoý) tif çuma, siflis, dizanteriýa, tif, tuborklýoz (inçekesel), )ysytma keselleri zerarly gyrylybilşine gyryldy... Mysal üçin: Osmanly 3-nji goşunyň karargähini (ştabyny) deportasiýa çäreleriniň dowam edýän Erzurum, soňra Siwas şäherlerinde gurdy. Ermeni bandalarynyň çozuşlarynda, Sarygamyş heläkçiligi ýaly pajygaly wakalarda berlen adam pidalarynyň hetdi-hasaby bolmady. 3-nji goşunyň (brýuşnoý) tif keseli boýunça statistiki görkezijileri diýseň täsin: 1915-nji ýyl (10 aýyň jemi boýunça): Kesele ýolugyp hassahana ýüz tutan – 206 müň 963, ýaralanyp hassahana ýerleşen – 8 müň 939. 1916-njy ýyl: Kesele ýolugyp hassahana ýüz tutan – 139 müň 110, ýaralanyp hassahana ýerleşen – 1 müň 654. 1918-nji ýyl (9 aýyň jemi boýunça): Kesele ýolugyp hassahana ýüz tutan – 81 müň 703, ýaralanyp hassahana ýerleşen – 44 müň 234. Diňe (brýuşnoý) tif boýunça-da däl... ■ HDP HYÝANATY 3-nji goşunda ýokanç ysytma keseline 26 müň 898 adam ýolukdy, şolaryň 6 müň 773-i öldi, ýokanç dizanteriýa keseline 12 müň 542 adam ýolukdy, şolaryň 3 müň 942-i öldi, ýokanç tif keseline 2 müň 927 adam ýolukdy, şolaryň 1 müň 697-i öldi. Ýokanç keselleriň ähli görkezijilerini ýazyp durjak däl... Uruş döwründe 3-nji goşunda kesellileriň we ýaralylaryň sany 109 müň 562, wepat bolan şehitlerimiziň sany 9 müň 1 adam bolup, jemi 118 müň 563-e ýetdi. Bu görkezijä salgylansak, ýokanç kesellere ýolugyp ölenleriň sany ýaralanyp ölenleriň sanyndan ýigrimi sekiz esse, wepat bolan şehitleriň sanyndan on iki esse köpdi! Daşary ýurtly harby gullukçylaryň, serkerdeleriň, diplomatlaryň, missionerleriň we hatda lukmanlaryňam ýokanç keseller zerarly aradan çykany az däldi. (Meselem, nemes marşaly Goltz paşa Bagdatda tif keseline ýolugyp aradan çykdy.) Ýokarda görkezenlerimiň diňe 3-nji goşunyň maglumatlary bolmagynyň sebäbi bar: 1915-nji ýylyň ermeni deportasiýasyndaky ýitgiler babatda nämüçindir ýokanç kesellerden söz açýan ýok! Muny ýitgilere tutaryk edinmek üçin ýazýandyr öýtmäň. Gara propoganda adamy halysalla irizýar... Deportasiýa döwründe gyrgynçylyklaryň bolmandygyny hiç kimem aýdyp bilmez. (“Genosidiňiz bilen ýüzleşiň” diýýän HDP-niň ilkinji nobatda ýollardaky paýu-pyýada ermenileri talap-öldüren eli ganly kürt taýpalary bilen ýüzleşse gowy bolmazmy? Galyberse-de: ermeni bandalaryň sebitde kürtleri nähili gyrandygy boýunça geçiren ýeke ylmy-barlag işlerini görmedim. Imperialistik meýilnama olaryň etnos gözlerini kör edip taşlady.) Ýokanç kesellere dolanyp geler bolsak... ■ SYÝASY PROPAGANDA 3-nji goşunda gulluk eden harby gullukçylarymyzyň memuarlaryndaky ýokanç keseller barada aýdylýan bölümleri ýüreklerimizi gyýym-gyýym edýär. Esgerlerimiz duşmanyň ýakan uruş odundan beter mikroplardyr bakteriýa-wirus belasyndan goranmaga jan edýär... Deportasiýa döwründe ýokanç kesellere ýolugyp näçeräk ermeniniň ölendigini bilemzok. Elde diňe käbir bölekleýin maglumatlar bar. Mysal üçin: 1915-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Dahiliýe naziri (Daşary işler ministri) Talat paşanyň goly bilen Halap şäheriniň Muhajirler (göçegçiler) müdirliginiň müdiri Şükrü (Kaýa) beýe ýollanan telegrammada Hama şäherinde 20 müňe golaý muhajiriň (ermenileriň) arasynda tegmilli humma (пятнистая лихорадка) we dizanteriýa keselleriniň giňden ýaýrandygy hem-de günde 70-80 adamyň ölýändigi barada habarlaryň gelýändigini, haýal etmän muhajirleriň göçürilmeli ýerlerine äkidilmegi talap edilýärdi. Hut şu maksat bilen, meselem, Halapda 850 orunlyk hassahana guruldy. “Vatan” hassahanasy 2 müň orna çenli giňeldildi. Bir metjit we bir buthana hassahana öwrüldi. Mosulda 250 orunlyk, ýa-da Resulaýnda 50 orunlyk hassahanalar açyldy. Otuz awtoulagdan ybarat hassa daşaýyş topary döredildi. “Hilâl-i Ahmer” hersi 25 orunlyk 300 palata, 10 sany syýahatçy dezinfeksiýa serişdesini, 20 sany portatiw operasiýa stoluny ýollady we ş.m. “Ermeni haýyr-sahawat komitetinden” Armenag S.Baronigýan 1920-nji ýylda “Goý, gepläýin!” makalasynda 139 müň ermeniniň keseller zerarly aradan çykandygyny ýazdy. Munuň biraz artdyrylandygyny aýtsa bolar. Her näme-de bolsa... (maglumat ermenileriň öz agzyndan çykan zat). Abyrsyz uly tragediýany sap san görkezijilerine düşürjek bolup duramok. Deportasiýa döwründe adamlaryň ýokanç keseller zerarly köpçülikleýin ölüme uçrandyklaryny doly bilmezden, ölümleri sap gapma-garşylykly çaknyşyklara baglanyşdyrmak nädogrudyr. “Genosid” diýmeg-ä halklaryň gussaly geçmişiniň üstünden syýasy propoganda ýöretmekdir. Aýypdyr. Soner ÝALÇYN. “SÖZCÜ” gazeti, 28.04.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |