07:03 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -3/ dowamy | |
Kynyş beg dilkaw gaýanyň üstünde ösüp oturan arçalary synlady. Olaryň birnäçesi ejizje ýaş arça, galanlaram çakdan aşa daýaw, göwdesi gulaç ýeterden-de ýogyndy. Birden Kynyş begiň nazarlary yşyrap, ýüzüne ýylgyryş çaýylyp gitdi.
Taryhy proza
--Haý-haý, Görogly soltanyň bajasy, Jahan şanyň körekeni, begler begi Kynyş beg! Gökdäki tyllaýy Güni alagada seniň döwletlije kelläňe jyga edip geýdiräýmelidir-le! Aýtmadymmy Allajan bendesini synap görer, emma ki çykalgasyz güne salmaz diýip! Ol hyýalynda ýaş arçalaryň ähli pürli şahalaryny goparyp guşagy, köýnegi bilen göwresiniň daşyna daňyp towusýar ýylçyr gaýanyň gerşinden aşak! Emma…hanha, aşakda beýnisi çar tarapa pytrap ýatyr!.. Kynyş beg gamlandy… Ýene-de Kynyş begiň ýüzüne şatlyk çaýyldy, ol ullakan arça özüni daňyp uçutdan towusýar. Şahalary, pür-pudaklary gaba mähnet arça agajy howada howalanyp, gaýyk ýaly ýüzüp, emaý bilen jülgä gonýar.Şum ajaldan çykalga tapan Kynyş beg uçaýjak boldy. Emma mähnet arçany nädip çaparsyň? -- Kynyş beg, dost kepini menden eşit! Saňa akmagyň akmagy diýerler! Seniň kellebaşaýagyňy lowurdap duran Güne sokaga-da oda gorsaýmaly-dyr! Heý mumyýagärem gaýadan sallananda paltasy bilen teşesini taşlap gaýdýanmydyr! Heý öküz öz şahlaryny ýük görýänmidir! Çyg süýt emen mahluk! Saňa şunça ýyllar iýdiren çöregim haýp, iýen ýalyňa degmez dum-bula! Ýanyňa hanjaryňy alanam bolsaň beýdip haram ölmezdiň! -- diýip, özüne sögündi, hamana ene görgüliler göwsüni ojaga goýup süýdüni bişirip bermeli ýaly! Akyl dişiniň hemme dişden soň çykyşy ýaly, adam oglunyň akly hem mydama giç gelýär. Döwletmämmet aga köplenç “Eý Allam,adamlaryň giç gelýän akylyny maňa ir berewer” diýerdi. Kynyş begiňem giç gelýän akyly geldi, emma palta, teşe, hanjar, iň erbedi suwly meşik bilen çörek-li horjunam gaýanyň ýekarsyndady, ýaşaýyş bolsa üç-dört ýüz gulaç aşakda... Kynyş beg soky daş ýaly daş bilen uçuda golaý ýerde ösüp oturan mähnet arçanyň düýbüne urup başlady. Suwy ýetik agajyň düýbi ýenjilip barýardy. Ol ajaldan çykalga tapanyna ynanyp, begenjinden ýaňa ýaňadan gygyryp itine, atyna lak atdy. Onsoň basganjaklap duran dilkaw gaýanyň üstüne aýlanyp bir tarapy gyýçak daşlardan palta, erez-erez daşlardan byçgy edinip, agajyň düýbüni çapmanyň kül-külüne düşdi. Ol öz-özüne: --Kynyş beg, Kynyş beg, bek belle, gaýdybam ýadyňdan çykaraýma! Seniň aklyň bäş gün yzyňdan gelýän eken!—diýip, özüne sögündi.--Ýöne entegem giç däl! Bozdumana rehmiň gelsin! Ajdaryňa ýüregiň awasyn! O janawerleriň ganyna galmajak bolsaň, dirjenege gal! Damja ýaly damja gök daşlary deşeninde, sen zaňňar şu arçanyň düýbüni çapyp bilmezmiň indi? Başga näme pişäň galyp durmy, otur gijäniň, gündiziň depesinden gütlet-de daş urup! Giç gelen akyl zerarly Kynyş beg on sekizinji asyrdan gadymy dünýä düşüp, ilkidurmuş adamyna öwrülip, diýseň äpet arçanyň düýbüni daşlamaga durdy, emma nije günüň açlygy-suwsuzlygy zerarly görgülide ragwat ýekdy. Garasaý, Kynyş beg gündiz daş bilen arçanyň düýbüni ýenjip, ýenjilen ýeri erez daşlary bilen byçgylap çykdy. Gije bolsa ygyp gelýän möjeklere garşy otly kesindi oklap,gykylyklap,damak ýyrtyp, söweş kyldy.Şeýlelikde, ol iki günde mähnet arçanyň düýbüni ýenjip, halys haýyny aldy. Serkerem otunyň on düýbüni ýerden çykan ýerinden ýelup, boýnundaky ýaglyga düwüp, köýneginiň içine saldy. Ol düýbi ýenji-lip-enjilip öserine barlyp, haýy giden arçanyň tas orta biline çykyp, guşagy bilen özüni pürlek arça mäkäm daňyp, telpegini çümre geýip, mähnet agaja leňňer berip gördi. Äpet arça agajy çalaja şatyrdady. Keýpi çaglanyp, ruhy galkan Kynyş beg: --Aý, Allajan, seni Allam ýalkasyn-ow, aňsatja alaç tapyp beregaýdyň-a! Ahaw, Aždarham, ahaw Bozdumanym! Hah-hah-ha! Tomaşa kylyň, Tüweleý hanyň agtygy, Jahan şanyň körekeni, Görogly soltanyň bajasy Kynyş bege tomaşa kylyň! Kynyş beg uçýar! Asmandan zemine uçýar!.. Janja-gaşym, senem beg bol, ýeg bol, bigaýratlyk edäýme!.. Nurjemal jan, aç gujagyňy, häzir gerçek ýigidiň arşdan seniň uçmah goýnuňa düşýär!- diýip,uly uçuşa taýynlandy. Atyny, itini, owadan jülgäni, mawy asmany soňky sapar nebsewür synlap,uludan dem alyp, arçany bagryna basyp, agaja leňňer beriberdi, ahyry äpet arça agajy nagra dartýan ýaly mojuk ses edip, jomrulyp gaýtdy dik gaýadan kelemenläp. Kynyş begiň göwnüne ýaşyl bulut ýaly mähnet arça howada howalanyp uçaýjak ýalydy, emma arça agdar-düňder bolup gaýtdy magallaklap! Ajaldan gorkmaýan Kynyş beg, Görogly begiň bajasy Kynyş beg düýpsiz uçutdan gaýdanynda jynssyz gygyra-nynam duýman galdy. Jynssyz sesiň yzy bilen huşy-da gitdi, jany-da! Alla bilsin niräk! Üç-dört ýüz gulaç dik gaýadan şuwlap gelýän Kynyş begiň arçasy gaýanyň düýbüne urulyp, soňam eňňit bilen togalanyp, ahyry jülgä düşdi. Kynyş beg ýa gorkudan, ýa urgudan, garaz özünden gidipdir. Wepaly Bozduman bilen Ajdar pürlek arçanyň şahalarynyň arasyndan eýesini tapyp, biri horguryp, beýlekisi çyňsap, ýüzüni-gözüni ýalaşdyryp, ahyry özüne getirdiler. Kynyş beg dem salym asmany synlap, jülgede ýatanyna ynanyp, ölmändigine hoş bolup Ajdaryň gazan ýaly kellesinden gujaklap, hahahaýlap gygyrdy. Ýenaçylar baga öweç öldüripdi. Goňşy-golam, dogan-garyndaş üýşüp, öwejiň şar-şurundan teýli nahar edinip, gürrüňleşip, çaýlap otyrdylar. Obanyň ygynda ýerleşen ýenahananyň ýanynda alaý atly göründi. Olar gaýymgalaly düpbozanlardy. Baýak akdan-garadan, arakdan-meňden gaýtmaýan Küremiş han hemşerileri bilen meý-mes içip otyrka kellelerine ajap bir pikir gelipdi. Hudaýy-- gylyç-gürzi, pygamberi-- top-tüpeň, dini-- alaman-talaň hepbesizler türkmensähraly, etrekli, garrygalaly pirlerde gudratyňam, kerem-keramatyňam ýekdugyny subut etmegiň, has dogrusy, ulamalary masgara etmegiň kül-külüne düşdüler. Şu günem guşluklar Küremiş han, Ärbasan beg dagy Şirbasan begi meňden-neşeden gähnedip, yzyndan esli çakjagunduz maňzyny iýdirdiler. Ozalam adamdan mahluga, sagatdan seňsä ýakyn Şirbasan beg boldy bir gyzyl däli! Olar Döwletmämmet piri synamaga gelýärdiler. Imansyz bidöwletler asyl matlabyny bukup, Şirbasan begiň dälirändigini aýdyp, Döwletmämmet pire ýykyldylar. Pir: --Begler, däliniň-jynlynyň piri Selim magtym! Siz hassa begiňizi Selim piriň bimarhanasyna äkidiň—diýdi. Küremiş han: --Pir agam, biz inimizi gurbany boldugym, Selim magtym piriň bimarhanasyna eltdik. Selim pirimiz Şirbasan begi göreninden “Begler däliňiz maňa baş berjek däli däl” diýip elewräp, “Beg ýigidiňizi Baky pire äkidiň!” diýdi. Baky pirem inimizi göreninden, ”Ýigidiňiziň derdini Döwletmämmet möwlana dep edäýmese, biz başarmaýas” diýip, siziň dergähiňize ýellady.-- Biz siz diýip geldik! Eger bizi biz diýseňiz, kerem-keramatyňyzy, gudratyňyzy görkezip, dälimizi açyp beriň. Genji-känimiz siziňki! Döwletmämmet pir Şirbasan begiň nirede, nädip, nä halda zyýan tapynany sorady. Ärbasan beg doganynyň zyýan tapynyşyny, birki hepdäniň içinde zynjyrlaýmaly däli bolşuny gürrüň berdi. Ýaş pir oýurganyp, Şirbasan bege synçy nazaryny dikip kän oturdy. Küremiş han bilen Şirbasan beg halys ýürekden ýalbardy. —Şirbasan begiň däliligi ötüşipdir. Munuň derdini dep etmek maňa-da başartmasa gerek, ýöne synanyp göreýin, dert beren Biribar dermanynam berendir!—diýip, Döwletmämmet pir Şirbasan begiň gözlerine dikan bakdy, zyr dälem bolsa onuň howy basyldy, gözlerini sowjak boldy, emma başarmady. Garasaý, Döwletmämmet pir okap başlady, bir sagada ýetip-etmänem Şirbasan däli uklap galdy. Myhmanlara nahar, düe çal, süzme çal, çaý çekildi. Nahar iýlip, çaý içilensoň Döwletmämmet pir Küremiş hana “hassanyň el-aýagyny boşadyp, ukudan oýaraýyň” diýdi, Küremiş hanyň içi gülýädi, sebäbi çakjagunduz iýdirilen däli üç-dört sagadyň içinde dälilikden açylýardy. Ärbasan beg inisiniň işgilini, gandalyny aýryp, ukudan oýardy. Küremiş han töweregindäki hajygowşanlylara nazar aýlap, pirden ötünç sorady: --Pir agam, ahun agam, biziň dag ýaly günämizi dary ýaly edip geçireweri, arada biz jedel etdik: Şirbasan bege bir gysym çakjagunduz maňzyny iýdirip, ondan ýalan däli ýasap, ady-awazasy yklyma dolan pirlere eltdik. Şirbasan beg däli däl! Hezreti Baky pirem, Selim pirem, sizem çakjagunduz maňzyny iýen kişi bilen dälini seljerip bilmediňiz. Şeýdibem, biz ahun-pirlerimizde keramatyňam, gudratyňam ýekdugyny, asyl olaryň sagat bilen dälini hem aýyl-saýyl saýgaryp bilmeýänini subut etdik.—diýip, ýeknasyz güldi. Hajygowşanlylaryň gany depesine urdy, jahyllaryň gursagyndaky gahar-gazabyň tüweleýläp, başlanyny duýan Döwletmämmet pir: --Ýigitler, hatyrjem oturyň! Biz näme, imansyz mynapyklar pygamberlerem, ulug-ulug ulamalaram synap görendir!--diýdi. Ärbasan beg äm-säm bolup oturan Şirbasan begi silkeledi. Ukusyna garjaşan Şirbasan beg gözlerini elek-çelek edip, töweregine gorka garady. Agasy Ärbasan beg tirsegi bilen onuň böwrüne dözümli gütüledip goýber-di, emma inisi ukudan aýňalarly däldi. Küremiş han lahlah gülüp, käsesindäki sowan çaýy äm-säm bolup oturan Şirbasan begiň ýüzüne serpip goýberdi. Zähresi ýarylan Şirbasan beg allaniçiksi tisginip, sen men ýek Küremiş hanyň gulagynyň düýbüne doňdurdy! Oho-ho-ho! Däli zaňňar asyl ony Hudaý uran ýaly edip, ýere çyrşady! Soňundan jyn ýaly atylyp turdy-da, ýere ýazylyp ýatan Küremiş hanyň içine bir çöwdi weli, hanyň ters tarapyndan towşan-torsugyň ýüregini ýarjak zarply ses oturanlary tisgindirdi, ýürekbulanjy ys bolsa namazhonlaryň täretini täzelemeli etdi. Ärbasan beg inisine ýapyşdy, emma Şirbasan beg onam pygamber uran ýaly etdi, oýnuň çyna ýazanyny aňan Ärbasan beg gaçdy, däli bilen ite-de geregi şol, kowdy Şirbasan beg ajal bolup agasynyň yzyndan. Däliniň öňünden gaçyp gutuljak gümanyň barmy? Şirbasan beg agasyny tutup, onuň “ men agaň, men doganyň!” diýip bozlaýanyna bakman, tultuk suw edip ýençdi. Döwletmämmet pir nurana ýylgyryp oturşyna jahyl ýigitlere ümledi. Jahyllar Şirbasan begi gübürdedip basyp, ellerine işgil, aýaklaryna gandal urdular.Küremiş han zordan özüne gelip: --Pirimiz, bi näme boldugy? Şirbasan bege nä döw çaldy?—diýip, gözlerini erew-berew etdi. Döwletmämmet pir: --Bolan zat ýek, han! Däliňiz maňa-da başartmady, ony derhal güýçli pire äkidiň! Ol zyr däli!—diýdi. --Ol däli däl, biz oňa meň çekdirdik, çakjagunduz iýdirdik. Biz oýun etdik! --Hawa, siz oýun etdiňiz, perişdelerem oýnuňyza omyn diýdi... Onyňyz däli, gyzyl däli!.. --Hudaý bar, Şirbasan beg däli däl!—diýip, Küremiş han birde Döwletmämmet pire, birde güýlünip ýatan ýerinde urunýan gyzyl dälä seretdi. Bada beg Küremiş hanyň alkymyna dykylyp: --Küremiş han, sen Gaýymgalanyň ulug hany gerek? Menem seniň neneňsi handygyňy synap göreýin!—diýip, onuň eňeginiň astyna bir doňdurdy, ömründe beýle ýewuz urgyny görmedik Şirbasan däli gorkusyna jynssyz uwlady, Küremiş han bolsa ýere çyrşalyp, dem-düýtsiz ýatyr. Celim beg Ärbasan begiň ýanyna bardy, beg özüniňem ýere çyrşaljagyny bilip dessine iki dyzyna çökdi. Selim beg boýnundan penjesini urup: - Ärbаsan bеg, sаňa bir ýumruk bеrgim bаrdyr, öz öýümdе uwlаdyp durmаýyn, hаçan mеs bоlaňda ýаdyma düşürеrsiň!—diýdi. Wakаny synlаp oturаn gоja Mirhаýdar аganyň gahаry gеldi: - Рäheý, Sеlim bеg, bеg hаlyňa, ýеnaçy hаlyňa bеrgidar bоlmaga utаnmaýamyň-aýt? Ýalаnçy dünýädе bеrgidar gеzmezler! Inе bеrgiňi mеn bеrýän-- diýiр, hаsasy bilеn bеrdi Ärbаsan hаnyň küpеsine! Ýаgyrnysyndp tаýak pуtran Ärbаsan bеg dуzanaklap Döwlеtmämet рiriň alkуmyna bаryp ýalbаrjak boldy. Sеlim bеg: --Ärbаsan bеg, dеrhal däliňi-dоlyňy аl-da Giňjаýdan çуk!—diýdi. Mirhаýdar bеg: --Ysуňy-kоkuňam, balаgyňdaky рohunam alуp dеrhal götеril, wаnaşyň biri wаnaş!—diýdi. Ärbаsan bеg ýаňadan Döwlеtmämmet agаnyň aýаgyna ýуkyljak bоldy, еmma Вada bеg оnuň еbşidinden tutuр, atуna tаrap südürlеdi. Вirhaýukden özünе gеlen Кüremiş hаn bаş еge, bаş еge аtyna ýumlukdу. Hаjygowşanlylar Şirbаsan dälini bir аta kеse bаsyp, еýi ýеten Кüremişiň hаn dаgynyň, yzуna it sаlyp оbadan kоwdylar... Maňňyşlakdan Käbä haja barýan kerwen Hanharabanyň ýanynda düşläpdi. Olar daň saz bereninde örüp, ýuwunyp-ardynyp, namaz okaýany namazyny okap, onlarça oduň başynda ertirlik edinip otyrdy. Kerwençileriň keşbi-keşmerinde galagopluk bardy: olaryň kerwenbaşysy keselläpdi. Haja barýan kerweniň kerwenbaşysynyň kesellemegi, gowy alamat sanylmaýardy. Ýaşulylar Padymanyň daşyna jem bolup, kerweniň tebibi oňa sowan çaý bilen melhem içirýärdi. Entek kyrkam ýaşamadyk, gallawdan berdaşly Padyman bolup ýatyşyna müýnürgäp: -- Hezreti pirimiz, kerwenbaşynyň takdyry şeýle: kerwenbaşy ýolda ýaşaýar, ýolda garraýar, ýolda-da amanadyny tabşyrýar. Kerwenbaşy dert tapyndy diýip, munça adamy haj sogabyndan goýmak bolmaz! Meni bir düýä atyň, itjanlydyryn! Ölmen! Ölsem-de Hajyň ýolunda ölýän ahyry! - diýdi. Ak sakgally peşeneli pir: -- Karkara baý, seniňem-ä bilmeýän ylmyň bolmaly däl! Padymanyň derdini dep edip bilmeýämiň? -- diýip, iki goluny hasasyna söýget edip dik duran kempire seretdi. Kempir başyny yrap: -- Padymanyň göwrümiňi giň tut-da, Hudaýa ýykyl! -- diýdi. --Mömin doganlar, öňümizden çykan ilkinji oba baryp göreliň. Güýçli hekimi bardyr, tebibi bardyr -- diýip, pir karara geldi. Kerwenbaşy mejalsyz halda: --Doganlar, bir ädim ätsek-de keramatly Käbä tarap gideliň! Haja tarap, sogaba tarap! -- diýdi. Kerwen ýola düşdi, bir sagat çemesi ýol ýörelensoň, olaryň öňünden uly oba çykdy. Karkara kempir tulparyny saýgylap, kerweniň öňünden barýan atly piri ýetdi. --Sahawetdin, bu oba sowulmak bolmaýar! Görmeýäňmi, oba ýas tutup, matam dartýar! Pirem, öňden barýan ýaşulylaram oba seredip, obada ýas-pata alamatyny görmediler. Pir: -- Biz-ä ýas tutup, matam dartýan göremzok-- diýip, ýaşulylara seretdi. --Görmeýän bolsaňyz görýäne gulak goýuň! -- diýip, Karkara kempir piriň gapdaly bilen gidiberdi. On-onbäş minutdan olar obadan çykyp barýan gölegçileri gördüler. Ýarym sagat çemesi ýol geçen kerwen bir ullakan obanyň üstünden bardy, emma Karkara kempir -- Bu oba-da sowulmak bolmaýar, sebäbi oba kiçijik! -- diýip, aýgytly netije çykardy. Pirem, ýaşulylaram ullakan obany synlap: -- O nähili kiçijik? -- diýdiler. -- Ibaly hekimi, tebibi ýok oba kiçijik oba bolýar! -- Sen ony nireden bilýäň? --Meniň bilmeýän zadym barmy, Sahawetdin? Siz gowusy bilýäniň yzyna düşüberiň -- diýip, Karkara kempir kerwenkeşiň gapdaly bilen tulparyny ýergaladyp honda barýar. Hezreti pir, hudaýhon ýaşulylar Karkara kempiriň diýenini etjek däl, emma köpçülik Karkara kempire ynanýar, sebäbi ol Maňňyşlagyň meşhur müneçjimi, gurrandazy, bilgiji, hekimi, tebibi. Maňňyşlaklylaryň aglabasy Karkara kempiriň tersokan, jadygöý, dogagöý, seýirkeşdigine-de ynanýardy, ýegsa ol ýyl orazasyny tutup, bäş wagt namazynam sypdyrman okaýardy. Karkara kempiriň öňdengörüji welidigine, ynanýan az däldi. Sahawetdin piriňem, ýaşulylaryňam gahary gelýärdi, ýöne kerwençiler “bilmeýän zady ýek tersokan kempiriň” pynhan ylym-bilimine bil baglaýardy. Kerwen bir salym ýöränsoň, olara malynyň yzyndan barýan eşekli çopan duşdy. Kempir çopana ýagdaýlary düşündirdi… --Yzyma düşüň doganlar. Hanha, biziň Gulydepe obamyz. Men sizi ilimiziň kethudasynyňka alyp baraýyn. Döwletmämmet agam alym, aryf, hekim, pir kişi… -- diýdi. Gulydepe bag-bakja basyrylyp oturan örän uly obady. Obanyň ileri başyndan derýa akyp ýatyrdy. Müň ýaşan äpet-äpet çynarlar, howalaly hozlar, peýwendi erikler, almalar, asmana şahalaryny pürküşip duran hurmalar, narynç, turunç daragtlary ýaşaýşyň ýaşyl tugy ýaly şemala owsun atyp, alyslardan aryp gelýän myhmanlara albaý bulaýardy. Baryp-ha faraonlar-pyrgawunlar döwründen bäri, Eýranyň-Turanyň aglaba welaýatlary toprak bilen bagryny badaşdyran çomrylardy. Türkmensähranyň topragy hakykatdan-da Allanyň ýalkan ýeridi. Ýere tohum atyp bilseň boldugy, nobur gazyp, ýap çekip suwarmagyň geregi ýek, aram-aram ýagýan ýagyşlar suwarýardy, Gün nury bilen «dökünini» berýärdi, Hazar deňzi, keserip ýatan dag gerişleri ekinzarlygy tomusda ot-ýalynly epgekden, gyşda gazaply sowuk ýellerden goraýardy. Türkmensähra ýöne ýere «Biribaryň rysgal-bereketli desterhany» diýilmeýärdi. Ol tüýs çomry halkyň ýurdudy. Kesewiňi dürtseň gögerdýän hümmeti zor boz topragy bardy. Ata-babalary atly daýhan Çommat aga bir gezek: --Eýranyň-Turanyň topragy nädip rysgal-döwletli, baýlyk-bereketli bolmasyn. Dünýä döräli bäri Eýranda-Turanda patyşalyk eden set-müň, set müň şalaryň hazyna-depinesi, genji-käni gurbany boldugym şu ýerleriň aşagynda ýatyr ahyry—diýipdi. Sekiz-dokuz aýlap nurana Günüň astynda bozugyp ýatan toprak mesliginden ýaňa kibir atyp ýatyr ylla mele nan ýaly! Ýüzüne mesge çalyp iýibermeli. Ýere atan bir dänäň müň bir bolup gaýdyp gelýär. O dünýäniň barlygam bir gowy zat: ýegsam bu toprakda gömülen ölüleriňem gögerip çykjagy hakdy. Bu Hydyr gören toprakda bolsady ekseňem pajarlap gögerip, käşkädem bol hasyl berýärdi. Çomry halklar ýaşaýan ýerini—düz ýerleri, baýyrlary, källeri, saýlary gülzarlyga, bagy-bossanlyga, uçmaha öwürýär, olar topraga kök urup, toprak bilen bagryny badaşdyryp, mukaddes topragyň perzentleri bolup, kämil çykyp, dünýä beýik siwilizasiýalary berýär, çarwalar bolsa malynyň yzyna düşüp, ýyllaryň dowamynda özlerem mahluklaşyp gidýär.Olar mydam at üstünde, olar mydama taryhyň, ýaşaýşyň depesindäki apy-tupan, gurman ýumurýar, ekmän gemirýär, kök urman ýaşaýar. Gaýry illerden kerwen gelse, dessine ulus-il üýşýär. Hassany Döwletmämmet özüniň giň jaýyna saldy. Pir hem iki sany ýaşuly Padymanyň ýanynda galdy. Kerweniň ýaşuly adamlaryny Selim Magtymguly myhman aldy. Gartaşan aýallaryň birnäçesini bolsa Kynyş beglerde ýerleşdirdiler. Beýlekilerem baý-barly adamlar dörtden-bäşden bölüşdi. Selim Magtymguly iki sany janly kesip, kerwençilere günortanlyk naharyny taýynlatdy. Maňňyşlakda dünýä döräli bäri çarwa ýaşap ýören kerweniň adamlary ömründe görmedik nazy-nygmatlaryny, iýr-iýmiş-lerini, miwelerini, olaryň kişdelerini iýip haýran galýardylar. Bir goja çopan mylgyrap bişen şetdalyny iýip oturşyna: --Pahaý, bize süri-süri malyň yzyna düşüp mala öwrülip giden mahluk diýerler! Görüň-ha,uçmah Türkmensährada eken-ä!—diýdi. Döwletmämmet entek kyrkam ýaşamadyk berdaşly ýigide: -- Padymanyň, seni Alla ýalkapdyr. Ynha, meniň myhmanymy synla, tamam Semnan welaýatynyň atly hekimi Emirhüseýin hekim, seniň bagtyňa biziňkide myhmançylykdady. Anha, Agahan tebibem obamyzyň uly tebibi… Seniň, hekimiň, tebibiň duşdy -- diýdi. Padyman mejalsyz halda: --Doganlar, men bütin ömrüme kerwen çekdim, iliň gullugynda durdum… iliň hyzmatyny etdim. Gynanýan, gynanýan iliň öýünde-de amanadymy tabşyrmaly boldum… -- diýdi. Döwletmämmet mährem ýylgyrdy: -- Padyman, ölüm nireden geldi bi iki ara! Emirhüseýin hekim bi derdiň piri ahyry! -- Wah, dogan, jan eýesi bilýäle… Men gidip barýan… --Goý, goý, küpür geplemäňi. Ýene birki hepdeden kerwen çekip, haja-da gidersiň, hajyň başlanmagyna ýene iki aý dagy bar!-- diýip, Döwletmämmet gaty ynamly gepläp, hassanyň gursagynda umyt uçgunyny köretdi. Emirhüseýin hekim, Döwletmämmet hekim, Agahan tebip gijesi-gündizi çirim etmän Padymany bejerýärdi, ýöne gitdigiçe kerwenbaşynyň ýagdaýy agyrlaşýardy. Hekimler Padymanyň tut ýaly sagalyp gitjegine ynanýardy, emma haja barýanlaryň ynamy synyp gidip otyrdy. Hekimler melhemleriň ýagşysyndan ýagşysyny saýlap, Padymana içirýärdiler, daş tabakda dürli-dürli derman otlary tütedýärdiler, nahilidir bir ýagy hassanyň bedenine çalyp owkalaýardylar. Emirhüseýin Çynmaçynda çynly hekimlerden öwrenip gelen altyn iňňelerini hem urýardy. Sahawetdin pir bilen Maňňyşlakly iki ýaşuly bolsa içinden doga okap, Biribara sygynyp, mynajat edýärdi. Döwletmämmet olara myhmanjaýa geçip dynç almagy ündeýärdi. Emma pir şol oturşyny hem üýtgetmän: --Siz nije gün bäri gijesi-gündizi çirim etmän hassamyzy bejerýärkäňiz, biz hossary bolup, Taňrygulyny taşlap gidip bilmeris!-- diýip, jogap berýärdi.Döwletmämmet: --Dertliniň hossary hekim bolýandyr, pirimiz—diýdi. Olar pessaýja gürleşip başladylar: --Ahyrzamana ýakyn gelip ýörmi, Döwletmämmet, görülmedik, eşidilmedik keseller, derdi-belalar köpelip gidip otyr—diýip, pir nadyl gürledi.—Türkmenem ownap ýörmi, bilmedim. Biz oglan döwrümiz türkmen ähli derdinden-keselinden burçlyja unaş içip açylar ötägiderdi. --Türkmen ownap ýörmi, biljek däl, ýöne gadym zamanlarda ata-babalarymyz gije ýassygynyň astynda gylyç - hanjar goýup ýatypdyr, soň-soň gurhany ýa kelamy kitaplary goýar ekenler, indi bolsa ýassygynyň astyn-da pul goýaýmasa bu adamlar ýatyp bilmese näme! --Howa-da, namaz okap otyrka-da, pul sanaşyp oturan kişilere döwürdeş bolduk! Dert ýeke gelmeýär diýen gep rast bolup çykdy. Düýnden bäri agyraýak Arazgülüňem aram-aram burgusy tutýardy, emma toý tutulyp garşy alynjak bäbejik dünýä inäýmeýärdi. Sagatsaýy Arazgül görgüliniň haly teňleşýärdi. Obanyň güýçli tebipleri Enar ene, Ogulsabyr eje haýran: hemme zat kadaly, çaga dünýä inäýmeli! Emma… Mirhaýdar aganyň aýaly Keýik eje dört-bäş ýaşly Abdyllany, iki ýaşan Mämmetsapany, Selim Magtymgulynyň ogullary Arslany, Hanjary howlusynda oýna güýmeýärdi, emma eýýäm aga-gara düşünen Abdylla öýleriniň töweregindäki perişan aýal-ebtatlaryň, erkek kişileriň suslugyndan elhenç bedibagtlygyň gelenini duýýardy, häli-şindi Keýik ejeden gaçyp, jaýa urdurylyp, ýergan-düşekli ýatan ejesini gujaklap gözýaş edýärdi, Mämmetsapa bolsa möňňürip aglaýardy. Arazgül ýatan ýerinden gözmonjugy ýaly iki ogluny gujaklap bozulýardy: eýse indi ol balalaryny ýetim-esir galdyryp ölüp gidibermeli bormyka?! Ol çagajyklaryny ogşap, ezizläp, göwünlik berip, bagryna basýardy.Ene görgüli neýlesin, balalarynyň perwana bolup ýörşüni gören Arazgül eje, heý gözýaşyna ygtyýar edip bilermi, heý jigerinden ganly ýaşyny akdyrman bilermi?!. Çaga—enäniň göwresinden daşda gezip ýören jany ahyry! Karkara kempir, birki sany gartaşan aýal bilen Kynyş beglerde ýerleşipdi. Ol uzak gün jaýyň diwaryna arkasyny berip oturardy. Aram-aram dodaklaryny kümşüldedip içinden doga okardy ýa özi bilen gürle-şerdi. Gijeler palçyk sypada ýassygyny iki epläp ýassanyp, ýyldyzlary patraşyp duran asmana sereder ýatardy. Onuň haçan ýatyp, haçan turýanyny bilýän ýekdy. Näme nahar goýulsa, duz dadyp, iki agyz iýerdi, bolany. Ýassy namazyndan soň Sahawetdin pir sypada asmana seredip oturan Karkara kempiriň ýanyna bardy: --Sen Maňňyşlakda maňa “Hudaý bilen baş dalaşdyrmamy, müneç-jimligimi goýaýyn, meni haja alyp git” diýip ýalbarmanmydyň? --Ýalbarypdym, ýöne entek biz gurbany boldugym Mekgä ýetemzok, haj edemzok...Musulmanlar, biz bir bagty çüwen umma, beýik Biribar keramat kitabymyzy--Gurhany arşy-agladan inderipdir.Emma men Hudaýyň zemine ýellamadyk keramat diwanyny—san-sajaksyz ýyldyzly asmany okaýan. Synla, synla hanha, san-sajaksyz ýyldyzlar pyşyrdaşyp maňa syryny aýdyp dur!..Sahawetdin, sen maňa päsgel berýäň, git-de mynajat kyl. Guşluklar tebip-hekim aýallar zowzullaşyp başlady. Biri öe girse, ikisi daş çykýardy, gitdigiçe Arazgül gelniň haly agralýardy. Tebip aýallaryň biri Döwletmämmedi daşaryk çagyrdyp: --Döwletmämmet, Gülefrus mamany getirtmesek bolmaýar—diýdi. --Hany oňa adam ugratmanmydyňyz? --Ugradypdyk, paýtunly adam ugradapdyk. Ýene bir kişini ugradaý! Gülefrus mama çaltdan-çalt gelmese bolmaýar. Sypada oturan syrly Karkara kempir: --Gerek däl, Arazgül gelniň tebibi bar—diýip, ýerinden galyp, gapa ýöneldi. Ogulşeker Arazgül gelniň heläk bolup ýatan jaýyna del adam saljakmy? Emma Karkara saklap bolýan kempirlerden däldi! Ol jynssyz yşykly nazaryny Ogulşekere dikdi weli, hökmürowan Ogulşeker nädip gapynyň öňünden aýrylanynam duýman galdy. Karkara kempir Arazgül gelniň iki dünýäniň çatrygynda urunyp ýatyşyny synlap, Nurjemal gelne: --Gyzym, bir käse suw al, gelne köşeşdiriji melhem bereýin—diýdi. Şum kempiriň bisorag jaýa girenine gahary gelen Enar ene: --Myhman, bu mahal gelne köşeşdiriji melhem bermek bolmaýar, sebäbi… --Sebäbi?-- diýip, Karkara kempir Enar enä seretdi. --Aýy-güni ýetik çaga, haçan dogulsa doglaýmaly…Gelin-de bolsa ysgyn-deramat ýek. Ogulsabyr eje: --Biziň hasabymyz boýunça çaga iki gün mundan ozal dünýä inmelidi, emma pelek çarhyny tersine çalyp dur-da -- diýdi. --Çaga näme diýip iki gün mundan öň dogulmady, sebäbini bilýäňiz-mi? – diýip, Karkara kempir soragly nazaryny aýallara aýlady. -- Çaga ertirem, birigünem dogulmaýar, onuň sebäbini bolsa men bilýän! --Eňňe, biz bu gelniň hak hossary, sebäbini bize-de düşündir. --Men hemme bilýän zadymy düşündirip bilemde pygamber bordum— diýip, Karkara kempir Nurjemal gelni görkezdi-- Şundan başgaňyz öýden çykyň, dynjyňyzy alyň, gerek bolaňyzda çagyrdaryn! Gulydepäniň atly tebipleri bu şum kempiriň eýemsiräp durşuna gaharlandy. Ogulsabyr tebip: -- Ýeňňe, siz hekimmi, tebipmi? Kim? -- diýip, sowal berdi. --Men Karkara kempir! - diýip, ol aýallary daşaryk çykardy, ýantorba-jygyndan dürli-dürli derman çykaryp Arazgül gelne içirdi. Az salymdan Karkara kempiriň berýän melhemleriniň nepagasy degdi. Nije wagt bäri ölüm bilen ýaşaýşyň serhedinde bitakat urnup ýatan Arazgül gelin sähelçe ynjalyp ymyzgandy, ýagdaýy el-hallaşdy. Karkara kempir Nurjemalam jaýdan çykardy, sebäp indi Arazgüle rahatlyk gerekdi. Ikindinara Nurjemal alysdan adamsynyň aty Bozdumanyň kişňeý-şini eşidip, öýüne ýumlukdy. Begsiräp dikgije oturanyna garamazdan Kynyş begiň bolup gelşi gaty egbardy, bir menzilden açlygy, ýadawlygy görünýärdi. Nurjemalyň öýden atyň iýmli torbasyny alyp, teblehana ýönelenini gören Kynyş beg «bir kesemen çöregem alyp gel» diýdi. Kynyş beg atdan düşüp eýerini aýyrýança Nurjemal iýmtorbaly, çörekli ýetip geldi. Attar irişmäni aýryp, tas ýarty nany üç bölüp, birini atynyň, birini itiniň agzyna tutdurdy, birine-de özi agyz saldy. Nurjemal: -- Ýuwunyp-ardynyp iýäýeňde bolmaýamy? – diýip, adamsyna bakdy. --Aý, Jahan şanyň körpe gyzy, türpe jenanym, bi adamlar ýaňyja arşy-agladan düşdi, ýaňyja perişdeler «Agaýunus periniň uýasy Nurjemal gelin saňa kakmaç edip garaşyp otyr diýip» suw akydyp elimi ýuwduryp goýberdiler. Ýelda-da bir derýanyň, ýedi çaý-çeşmäniň üstünden geçdim. --Daşyň-a gyşda-ýazda ýagyşda-ýagmyrda galyp görene-de meňzänok. --Daşym çaňjaryp dursa-da, içim päkizedir. -- Nije gün bäri agaň seni gözläp gara heläk. -- Ony näme maňa wagtynda aýdaýmadyň? Men pakyr bolsa Ataşakan dagynyň ýalçy ýüzünde heý şalaryň-soltanlaryň toýuna-tomgusyna, begle-riň meýlisi-bezmine çakylyk-sakylyk bolmazmyka diýip gözüm ýoldady. -- Şeýlemi? -- diýip, adamsyna mähir bilen ýylgyran Nurjemal -- Men bolsa seni Tähmasyp şaga wezir bolansyň öýdüp ýördüm! Görmegeý gelniniň henegine gözleri çyraglanyp giden Kynyş beg ýylgyrdy. Onuň niýetini aňan Nurjemal: -- Gelnejeň gaty heläk bolup ýatyr… Agaňlara gelen kerwenbaşy gaty heläk bolup ýatyr… -- diýdi. Kynyş beg Nurjemalyň ýüzündäki perişan hasraty, Döwletmämmet dädesiniň howlusynyň içindäki-daşyndaky gama batyp duranlary görüp, rejäniň geň däldigini bildi. Düwünçegi ýanyna alyp, çöregini çeýnäp, Döwletmämmet agasynyňka ýöneldi. Ol agasynyň jaýdan çykanyny görüp, agzyndakyny zordan ýuwudyp, çöregini goltugyna salyp, onuň käýinäýmeginden heder edip, düwünçegi açyp, kethudanyň ýanyna bardy. Salam berdi. Döwletmämmet Kynyş begiň elindäki düwün-çegiň otuna tiňkesini dikip kän seredip, haýranlar galdy. Birki sany guran ýapragy alyp ysgap, iýip gördi. Elini ýuwup gelýän Emirhüseýin hekimem Döwletmämmediň elindäki ota nazaryny dikip, göni olaryň ýanyna gaýtdy. Olam otdan birki til alyp ysgap, oty mazaly synlap Döwlet-mämmediň ýüzüne bakdy. -- Aperin, Allajan! - diýip, görgüli lampa çökäýdi. Bolsa-da Kynyş beg bilen Döwletmämmet ony saklap ýetişdi. Emirhüseýin hekim ilki Döwletmämmedi, soňra Kynyş begi gujaklap, çaga ýaly şeýle bir begenmek begendi, penjesindäki oty ysgap—Şol otmy? Serkerem gerek?.. Serke-rem!..—Ol Kynyş begiň baş atanyny görüp, düwünçegi alyp öe ýumlukdy. Nije gün bäri ajal bilen darkaş gurýan Padyman halys usurgap kä özünden gidýärdi, kä özüne gelýärdi. Neresse ýene özüne gelen bolmaly, gaty yzaly yňranyp, jan yşygy öçen gözlerini zordan açdy. Şol mahal begenji gursagyna sygmaýan Emirhüseýin hekim bilen Agahan tebip uçganaklaşyp jaýa girdi. Agahan tebip hassanyň başyny göterip, ýassygyny beýgeltdi.Ol ussatlyk bilen eňek atyp ýatan Padymanyň agzyny açdy, Emirhüseýin hekim elindäki melhemli käseden onuň agzyna guýup durşuna: -- Iç bradarym, iç! Seni Allam ýalkady… Döwletmämmet pir aýtmadymy seniň hekimiň, tebibiň duşdy diýip… Gör-ha, nije ýyllar bäri tohumy ýitdi diýilýän ot tapyldy seniň bagtyňa! -- diýip, ol gyssanman pyýaladaky melhemiň ählisini Padymana içirdi -- Döwletmämmet aýtman-mydy entek sen haja-da gidersiň diýip… Döwletmämmet Allanyň dili dogaly azyzy ahyry! Ol Azady ahyry! Ol Hakyň aryfy ahyry! Içinden doga okap oturan pir ýalta Emirhüseýine seretdi. Ol dogasyny tamamlap, töwir edensoň: -- Hekim, Döwletmämmet şo-ol «Behiştnamany», "Melhem diwanyny" ýazan kişimi? -- diýdi. Hekim baş atdy. Agahan tebip ýerinden turup, tekjeden Döwletmämmet Azadynyň kitabyny alyp pire uzatdy. Pir kitaby ýüzüne sylyp durka, gapydan Döwletmämmet aga girdi. Çahawetdin pir: -- Döwletmämmet, garyndaş, gel ýaňadan görşeli! -- diýip, ol Döwlet-mämmedi gujaklady, soňra ýatdan Döwletmämmediň goşgysyndan bir bent okady: Ynsan göwni-köşkdir! Ony guran Hak! Eý, kişi! Bir bendäň göwnün ýykandan Ýagşydyr müň ýola Käbäni ýykmak! -- Döwletmämmet, asyl sen meniň gaýybana tagzym kylyp ýören ussa-dym ekeniň-ä -- diýip, pir ony ýene gujaklady. Ol Döwletmämmediň kita-bynyň ýanynda duran kitabyň özüniňkidigini tanady, ýöne ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi.Taňryguly aýak üstüne galansoň, Döwletmämmet hezreti piriň tamam Maňňyşlagyň uly piri Sahawetdin Omar Goçgar atadygyny biler, olar gardaş bolarlar. Padyman biraz ynjalyp, maňlaýyna çalaja der gelip, uklady… Emirhüseýin pire, aksakallara melhem otuň ýekeje tilini görkezip: --Ynha, tohumy ýiten melhem ot. Men altmyş bäş ýaşymda şu oty birinji gezek görýän! Munuň tagamy gaty üýtgeşik bolansoň, jana şipa beriji keýpi bolansoň, aam halk tohumyny tükedäýipdir-dä… Padymany Alla ýalkapdyr!-- diýdi… Jaýlaryň birinde Gürgenden gezelenje gelen Arazgülüň garryja ejesi Ogulbeg daýza bir gysym bolup jiger azabyny çekýärdi. Atanyýaz hanyň aýaly çykyp barýan jan ýaly gözgynydy, ol Nurjahan enäniň göwünlik berýän sözlerini eşitmeýärdi. Uly jaýy dolduryp oturan aýallar, hatda Arazgülüň ejesi Ogulbeg daýza-da dünýä inmeli çagadan geçipdi, indi olar Arazgülüň özi sag-aman galsa-da Alladan müň kerem razydy. Arazgül gelin bolsa gabryň gyrasynda gör azabyny çekip, çalajan ýatyşyna özüni gaýgy etmän, gursagyndaky çaganyň aladasyny edýärdi. Aram-aram içinden «--Eý,Allajan, meniň şirin janym gursagymdaky balama gurban bolsun!.. Meniň şirin janym balama sadaga bolsun!.. Men ölsem ölüp geçeýin, gursagymda däbşenekläp ýatan balam jahanda aman galsa bolýar!.. Eý, Allajan, gursagymdaky balamy özüm bilen alyp gitmeli bolaýsam, o dünýä-bu dünýä yrza däldirin!» diýip ajy ýaşlaryny ýaňagyndan akdyryp, Allasyna ýalbarýardy… Eý,keremi çoh Allajan, sen enelere nähili ýürek bagyş eýlediň! Gör-ha, ýaş ene ajalyň penjesinde öz şirin janynyň aladasyny etmän,eziz janyny balasyna sadaga eýläp ýatyr!..Arazgül gelniň käbesi bolsa, agtygyndan geçip, öz balasy Arazgülüň sag-aman galmagyny dileýär! Her bir ene bäbejigini dünýä indereninde ölýär, hakykatdan-da ölýär! Ene öz janyny çagajygyna berýär! Dünýä inen çagajygynyň çirkin agysy bilenem ene ýaňadan jana gelýär! Eneler ölüp öz şirin janyny perzentlerine berýär, a biz perzentler,ony haýsymyz bilýäris, eger biz ony bilenimizde ejelerimizi zemin HUDAÝYNYŇ derejesine götererdik!.. Eltisinden gözüni aýyrman, hasrat çekip oturan Nurjemal birden gorkup ugrady. Ençeme gün bäri ejir çekip, süňk bilen ham bolup galan Arazgül gelniň ýüz-keşbi hut Nurjemalyň gözüniň öňünde nurlanyp, mähirlenip barýardy. Ol gözlerine ynanman, eltisine ýakyndan seretdi. Gözüne dagy däl. Arazgül gelin onuň gözleriniň alnynda görklenip, gözelleşip barýar. Birden Nurjemalyň imany uçdy, ol garry aýallaryň «käbir adam ölmezinden ozal ynjalyk tapyp, görklenip, ýüzi-gözi nurlanýar» diýip gürrüň edenlerini kän eşidipdi. Eý-ho! Indi onuň jan ýaly eltisi ölüp gidibiýrmikä? Nurjemalyň göwnüne bolmasa Arazgülüň doga görmegeý keşbi hakyýt nur saçyp başlady. Gijäniň ýaryndan soň hasasyny tyrkyldadyp, Karkara kempir şatlyk bolup öe ýöneldi. Ol begenjini kalbyna sygdyryp bilmän, içinden samrady: --Nurjemal, dessine gerek-ýaraklary taýynla -- diýdi. Daşarda tamam Gulydepäniň halky, maňňyşlaklylar bütin ömrüni Haka hem halka bagyşlan Döwletmämmediň, onuň maşgalasynyň derdini çekişýärdiler. Şatlyk-şowhun paýlaşdygyňça köpelýär, gaýgy-gussa paýlaşdygyça azalýar! Halkyň doga-dilegi ýerde ýatmady. Daňyň atmagyna bir sagat çemesi galanda öýden çykan çirkin çaga sesi,eziz jägildi söm bolup, ahy-pygan bolup, pajyga bolup, jansyz jeset bolup şöwür çekýän adamlaryň gursa-gynda ýyldyrymlap, olara jan berip, gam-gussasyny, ahy-efganyny ýakyp-ýandyryp goýberdi. Öýden şady-horram halda çykan Karkara kempir asmanda patraşyp duran ýyldyzlara garap, pyşyrdady: -- Eý, gudraty güýçli Allam, sen meni rast ýola salypsyň, sen meni bi oba rast getiripsiň, men rast ýaşapdyryn, ömrümi rast işe bagş edipdi-rin! Edeniňe şükür, Allajan! -- Ol ýarym-ýaş bolup, sessiz aglap asmana bakdy durdy. Magtymguly aglap dünýä inip, müňlerçe adama şatlyk, şowhun, bagt paýlady. Magtymguly dünýä geldi! Onuň dünýä gelenini dünýä bilmedi. Ol entek düýrmegi bilen dünýäni söýer, dünýä-de ony söýer. Ol entek düýrmegi bilen Allany söýer, Alla-da ony azyzlap gudratly, keramatly beýik akyldara, ýagşyzada aryfa öwürer. Ol musulman dünýäsinde, aýratynam, Gündogarda halys ylahylaşdyrylan goşgulary ynsanlaşdyryp, howaýy, asmany goşgulary zeminleşdirip, dünýä poeziýasynda deňsiz-taýsyz öwrü-lişik eder.Onuň ýüreginden çykan sözler halkyň ýüregine, aňyndan çykan paýhaslar halkyň aňyna genji-hazyna bolup barar. Magtymguly tükenik-siz älemleriň, ýeriň-gögüň pynhan syryna, beýik Biribaryň keramat syryna, gudrat syryna ýetjek bolup, derwüş-diwana bolup Eýrany-Turany, dünýäniň yklymlaryny aýlanyp, onuň özi jahanda pynhan hem keramatly beýik syr bolup galar. Magtymguly, bu dünýäniň manysyn, Ýygyp-düýrüp ýele berdim hamysyn (hemmesin). Pikir derýasynda( deňzinde) aklym gämisin, Batyrmyşam, çykabilmen neýläýin! Beýnisini agdar-düňder edip, jiger-bagryny paralap, ahyry ol Pikir Ummanynyň aňyrky kenaryndan—gudratlar,keramatlar, hikmetler, hümmetler kenaryndan çykar. Tutuş türkmen halky üç ýüz ýyllap onuň sena ýaly aýdymlaryny aýdyp, doga ýaly şygyrlaryny okap, Magtymgulynyň derejesine golaýlar, Magtymguly bolsa ýagşyzada aýlanyp, beýik Biribaryň dergahyna barar. Ol gaflatda ýatan gapyl adamlary ukusyndan oýaryp, dürs dünýäde ters ýaşap ýörenlere rast ýely görkezer.Ol keramatly şahyr bolup türkmeniň ýüreginde, gudratly akyldar bolup serinde, pitneýi pikirli tüweleý bolup ruhunda ýaşap, turkmen halkynyň Bakylygynyň aýdymyna öwrülip ýyldan ýyllara, dilden dillere, asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere, eýýamlardan eýýamlara, halklardan halklara geçip ebedi ýaşar! Ýyllar, adamlar, asyrlar geçmişe, emma Magtymguly Geljege gider! Ol arşy aglada Hakyň aryf şahyry, zeminde halkyň halk şahyry bolup gudrat görkezer! Hanha, häzir bolsa ol akja arlygyň üstünde iki ýumrujagynam berk düwüp aglap ýatyr. Ol bir penjesine bu dünýäni, beýleki penjesine Ylahy dünýäni alyp, bütin ömründe iki dünýäniň arasynda aglap geçer!!! Nije günläp iki dünýäniň arasynda şum ajal bilen darkaş gurup ýatan Padymanam sag-aman aýak üstüne galdy. Ejesine gabyr azabyny çekdiren çaga-da sag-aman dünýä indi. Döwletmämmet aga —üçünji ogluna atasy Magtymguly ýonaçynyň adyny dakdy. Myhman hassanyň sag-salamat gutulmasynyň, üçünji oglunyň dünýä inmesiniň hormatyna Döwletmämmet aga Gulydepe obasynyň ilatyny çagyryp ullakan sadaka berdi. Sahawetdin ibn Omar Goçgary pir giň meýdanda döwra gurup oturan aksakallara: --Musulman doganlar! Garyndaşlar, biz siziň keremli obaňyza agyr hassaly geldik, Allaha şükür, sagat Padymanly barýas. Biz siziň obaňyza ýat bolup geldik, dost-dogan, garyndaş bolup haja barýas!.. Mömin doganlarym, oýlanyp, pikir edip görüň: kerwenbaşymyz hassalanda daşymyzda bäş-alty oba barka, ala-böle siziň obaňyza gelmegimiz, siziň obaňyzda ýagşyzada ýaly alym hekimler Döwletmämmediň, Emirhüseýin hekimiň bolmagy, ençeme ýyllar bäri tohumy ýitdi diýlip ýören serkerem otunyň tapylmagy tötänlik däl…-- diýip, pir säginende, aýallaryň arasynda oturan Karkara kempir: -- Meniňem şu kerwene daklyşyp gelmegim tötänlik däldir! -- diýdi. Sahawetdin pir Karkara kempiriň sözüni bölenini halamady, her hal: --Elbetde tötänlik däl. Olaryň aňyrsynda beýik Allatagalanyň gudraty, hikmeti bar!--diýdi.-- Ýek, dünýäde tötänlik ýek. Eger dünýäde tötänlik boldumy—ýalkanjak kişiniň işine Biribar gatyşýar.—Sahawetdin pir sözüne dyngy berip, märekä nazaryny aýlady --Aslynda haj parzynyň manysy näme? -- ol özüne sowal berip, özem jogap berip başla-dy.-- Haj parzynyň manysy ozalkyňdan has gowy, has päkize, has ynsanperwer, has kämil adam bolup, adamlara, Hudaýa has ýakynlaşmakdan ybarat. Biz gulydepelileriň bize--ýat adamlara bolan hormatyny, alada-syny, söýgüsini synlap, Allanyň gudratyny gözümiz bilen görüp, ozalkymyzdan has gowy, has päkize, has kämil, Hudaýa has wepaly adamlara öwrüldik! Adamlar, men Maňňyşlagyň piri Sahawetdin ibn Omar Goçgary pir, biziň hajymyz kabul boldy, gije-gündiz çirim etmän Padymanyň derdine em eden adamlaryň hajy kabul boldy! Men bu dünýäde adamlaryň öňünde-de, o dünýäde keremli Allatagalanyň alnynda-da şu sözlerime kepil geçip biljek!!! Goý, meniň şu sözümi beýik Allatagala gollasyn!.. Doganlar, hajyňyz kabul boldy! Omyn! Indi biz hajjaj bolmaga ýela düşeris. Oturan mähelle-de el göterdi. Pir ardynyp : --Adamlar, men Döwletmämmet piriň abraýynyň, hezzet-hormatynyň gaty belentdigini gördüm, ýöne onuň alymlaryň, aryflaryň, aýdyňlaryň, umuman ylym dünýäsindäki adynyň-abraýynyň nähili uludygyny siz bir bilsediňiz!... Döwletmämmet dirikä dirisine, jahandan gaýdansoň mübärek guburyna zyýarat edilýän kerem-keramatly kişi! Eý, pespäl beýik alym, eý kiçigöwün ulug ulama Döwletmämmet, eý ady-owazasy ýedi yklyma dolan Emirhüseýin hekim, Agahan tebip, bize eden ýagşylyklaryňyzy keremli Allatagala size müň edip gaýtarsyn… Sahawetdin pir minnetdarlyk aýdyp ýerine çökdi. Aksakallaryň arasynda oturan ulug pir Selim magtym ýerinden galyp, märekä ýüzlendi. -- How, halaýyk, sakaldaşlar, ogullarym, gyzlarym! Gadamy mübärek, dili senaly hezreti Sahawetdin ibn Omar Goçgary pirimize men Hudaýa ynanan ýaly ynanýan! Ulug pirimiz hut biziň obamyzda ençe-ençe adamy hajy diýip yglan etdi. Siziň hajyňyz Allanyň dergähinde kabul bolandyr garyndaşlar! Şonuň üçin biz hem Gulydepe obasyna Hajygowşan obasy diýip at beräýsek niçik bolar? Agyr märeke bu habara hoş bolup,erli-erden makullady. Şol mahal Nurana ene akja arlyga dolanan Magtymgulyny alyp aksakallaryň döwra gurup oturan ýerine getirip, hezreti Sahawetdin pire berdi. Pir çagany ýokaryk göterip: -- Magtymguly, bir giden halaýygyň hajy kabul bolan güni dünýä gelen Magtymguly, adyňy weliler berdi, ýaşyňy, at-abraýyňy, ryskyňy beýik Allatagala bersin! -- diýip, dessur boýunça çaga ak pata berip, ýagşy doga-dilegler etdi. Märekä nahar çekildi, şirin-şerbet berildi. Naharyň töwürini eden hezreti Sahawetdin pir Hajygowşan obasyna, hekimlere ýene taňyrýalkasyn aýdyp: -- Hajygowşanly doganlar, rugsat berseňiz biz ertir irden ýola düşýäs -- diýdi. Karkara kempir ýerinden galyp, agyr märekäni synlap: -- Hezreti pirimiz, alnymyzda ýyldyz bar! Alla ýol berse kerwen ýene dört günden ýola düşer -- diýdi. --Karkara baý, bizem ýyldyz bilýäs, nesip bolsa ertir ýola düşeris. --Hezreti pirimiz, alnymyzda siziň bilmeýän ýyldyzyňyz bar! Sahawetdin pir degişmä saldy: --Karkara baý, güne üç wagtyna päkize çekdirmäni, hezreti palawy iýip, çäşerip ýatmany bizem ýagşy görýäs, ýöne bize keramatly Käbe garaşýar… Adamlar, goş-golamyňyzy taýynlaberiň, ertir säher-säher ýola düşeris… Nije gije-gündizi şum ajalyň howsalasynda gara basma halynda geçirip halys surnugan adamlar gije şeýle bir rahat, şeýle bir süýji uka batdylar. Şol gije hatda şemalam öwüsmedi,gökde ýyldyzlaram pyşyrdaşmady. Ejesine ençe-ençe gün jebri-jepa çekdiren oglanjygam iňňä-iňňäläp görgülini bimaza etmedi. Şol gije itler üýrmesini, atlar kişňemesini unudyp, tamam Gulydepe -- Hajygowşan obasy eşretli imisalalyga gark boldy. Akmaýadan sallançak asynan zemin Hazaryň şipaly ýeline çalaja üwrelip, tutuş Hajygowşanyň ilaty şirin uka batdy. Daňdan ýaşulylar namaza turanynda sypanyň üstünde asmana, balkyldaşyp duran ýydyzlara bakyp, ýylgyryp ýatan Karkara kempiri görüp aňk boldular. Karkara müneçjim amanadyny tabşyrypdyr, emma ol bu dünýäde öz etmeli işlerini birme-bir berjaý edip, keýpiçag halda Hakyň dergähine barýan ýaly bagtdan ýaňa ýylgyryp ýatyrdy. Sekiz-dokuz müçäni arka atan goja aksakallaram ömründe ilkinji gezek hoşhal ýylgyryp ýatan jesedi synlap haýran galdylar. Karkara kempir ýene mamla bolup çykdy. Kerwençiler Hajygowşanlylar bilen bile müneçjim kempiri depin edip, üçüni berip, dördünji gün niredesiň Arabystan diýip ýola rowana boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||