14:25 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -5/ dowamy | |
1735-nji ýyl ahyrlap barýardy. Nedir hanyň çaparlary, çakylyk-çylary, ýörite wekilleri Eýranyň ähli welaýatyna aýlanyp, atly-abraýly kethuda-aksakallary, ulamalary, pirleri, ýerli han-begleri, serdarlary, Mugan çölünde boljak uly gurultaýa çagyryp başlady. Ol Türkmensähra-da çapar ýellap, Döwletmämmet kethudadan başlap ähli pirlerdir ulamalaryň, Çowdur handan başlap ähli hanlaryň, serdarlaryň adyny ýazdyryp nama iberipdir. Eýran başga, Türkmensähra başga! Emma uly hanyň halk gurultaýyna Türkmensähranyň atly adamlaryny ýörite at tutup çagyrmagy geňdi, sebäbi ol Türkmensähradan Çowdur handan başga hiç kimi tanamaýardy. Onuň bilenem başa-baş söweşipdi. Aksakallar, hanlar-begler geňeşdiler, «Çagyrylan ýere irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme» diýen nakyla wepaly Türkmensähra türkmenler wekil ýellamagy makul bildi. Atla aý ýarymlyk, iki aýlyk ýel bolan Eýrandan gurultaýa ýigrimi müň wekil bardy.
Taryhy proza
Eýranyň bu gurultaýynyň ýurduň demirgazygynda bolup geçmesiniňem öz sebäbi bardy. Gaýry ýurt basybalyjylarynyň golastyndan ýaňy çykan Eýrana Rum osmanlaryndan hem demirgazyk tarapdaky isaýylardan gaýry howp salyp biljek güýç ýokdy. Nedir han şolara göz edip bu gurultaýy Muganda geçirýärdi. Meger, entek Eýranam beýle uly, beýle tutumly, beýle dabaraly halk gurultaýyny gören däldir. Bu gurultaý—gurul toý, hakykatdan-da tamam Eýranyň gurulyş toýuna aýlandy. Mugan sährasyna gelen wekiller ýaşar ýaly gamyşdan-gajardan içi-daşy suwalyp ýasalan jaýlaryň sany ýigrimi-ýigrimi bäş müňe bardy. Täzeje al-ýaşyl, ak, gara, goňur çadyrlaryň, Omar Haýýamyň atasyndan galan köne çadyrlaryň hem sany-sajagy ýokdy. Jaýlar köçe-köçe, syrgyn-syrgyn bolup, her welaýatdan gelen wekilleriň düşlemeli, ýerleşmeli ýerleri aýratyndy. Teblehanalar, kerwensaraýlar, bazarlar, onlarça hammamlar gurlupdy. Ýüzlerçe ýerde gazan atarylyp, gelenlere hezzet edilýärdi. Mugan wagtlaýyn gurlan uly şäherdi, gurultaýa gelen wekilleriň üstüne şol ýerdäki goşunam goşsaň, Mugana ýüz müň adam jemlenipdi…! Gyşyň soňky aýynyň başyna her iliň wekilini şahynşa çadyrynyň alnyndaky giň meýdana çagyrdylar. Eýran welaýatlarynyň beglerbegileri, goşunbaşlyklary, serdarlar, pirler-ulamalar, aksakal-kethudalar, şäher wezirleri, galandarlar (gala häkimleri), il hem taýpa hanlary giň meýdançada aý berip otyrdy. Rumdan gelen osman soltanynyň ilçisine, ors patyşasynyň wekillerine hem görnükli ýerden orun berlipdi. Nedir han ortadady, onuň arkasynda söweşjeň serdarlar, janpenalar naýza ýaly dim-dik durdy. Dumly-duşda Eýran sanjaklary-tuglary pasyrdaýardy. Howa ala bulutdy, maýyldy. Jemagat Nedir hany Eýranyň bagtyna arşdan inen ýagşyzada saýyp buýsanç hem guwanç bilen synlaýardy. Çakdan aşa daýawdan berdaşly, gözleri ýanyp duran Nedir han nazarkerdeden görmegeý kişidi, mazaly çal sepen sakgaly timarlydy. Ol oturanlara mährem nazaryny aýlap, ýerinden turup söze başlady: - Halaýyklar, beýik Allatagala meni goldady, menem şan-şöhratly goşunym bilen mukaddes watanymyzy, ýurdumyzy, halkymyzy duşmanlardan, baknalykdan, bulagaýlardan, tozgunçylykdan halas eýledim. Siz-- halk wekilleri, indi bu beýik döwlete patyşa saýlamak siziň mukaddes borjuňyz!!!—diýdi. Tutuş märeke Nedir han özüni patyşa saýladar öýdýärdi, emma tersine bolup çykdy. Halk wekilleri Nedir han “at oýnadýan bolaýmasyn”, “eşek näzini edýän bolaýmasyn”, “synap görýän bolaýmasyn” diýip ony içginden içgin synlaýardylar, emma onuň çynydy. Şaýy ulamalarynyň arasynda iki-eke safawy neberesinden pylany şahynşa bolaýsa diýenem tapyldy, emma safawylardan ýaňa halys bogaz bolan köpçülik olary diňlemedi. Halk wekilleri ýurduň halasgäri durka, ýigrimi bäş ýyl ýurt üçin gylyç syryp, jan alyp jan beren serdar durka, heý başga adamy şahynşa saýlarmy?! Nedir han tüýs ýurduň halasgär, döwletiň howandary, halkyň hossarydy. Ol hakykatdanam halk gahrymanydy! Safawylaryň emelsizliginden ýaňa dargan ýurdy ýaňadan berkarar eden rowaýaty serkerdedi! Garasaý, wekiller bir agyzdan Nedir hany şahynşa saýlamagy müwessa bildiler. Nedir han arkan gaýyşdy. Ol arkan gaýyşdygyça ýalbardylar-ýakardylar, töwella etdiler, sebäbi ulug Eýrany şondan başga adalatly dolandyryp biljek hem, gorap biljek hem ýekdy! Wekiller ýerli-erden onuň şahynşa bolmagyny tekrarladylar. Nedir han halk wekilleriniň çynydygyna göz ýetirip, eger özüni şahynşa saýlajak bolsalar, üç sany şertiniň bardygyny aýtdy. Oňa şertiňi aýt diýdiler. Onuň şertleri şeýledi: birinjiden, ol Eýrana şahynşa bolsa, erteki gün safawy nebereleriniň birisem (eger diri galan bolsa... Sebäbi mundan on dört ýyl ozal Eýranyň şahynşasynyň täjini başyna geýen Mir Mahmyt safawy şalygynyň üç ýüz wezir-wekilini, sypahsa-serkerdesini, emeldaryny nahara çagyryp, zyýapat eýläp, haýynlyk bilen hemmesini öldüripdi. 1725-nji ýylda bolsa ol tagta tamakinleriň ýeguna çykmak üçin şahynşa Soltan Hüseýin bilen onuň iki oglundan başga safawylaryň erkek göbeklisiniň ählisini gylyçdan geçirip, pürrälepdi.) tagta tamakin bolmaly däldi, ikinjiden, mundan beýläk diňe Nedir hanyň nebereleri şahynşa caýlanylmalydy. Halk wekilleri bu şertleri iki elläp goldadylar. Onuň üçünji şerti: Eýranyň şaýy halklary ymam Japar Sadygyň mezhebine, ýagny sünnileriň ykrar edýän mezhebine geçmelidi. Japary mezhebini Yslamyň bäşinji mezhebi diýip kabul etdirmelidi! Nedir han ýene orta çykyp: --Halaýyk, jemagat! Beýik Allatagala arap halkyny azyzlap, olara pygamberleriň möhüri--Muhammet pygamberi berdi. Beýik Allatagala arap halkyny arzylap, röwşen yslam dinini berdi. Allanyň resuly Muhammet pygamber ýigrimi ýylda dünýäde iň uly ummaty döredip, Yslam dinini rowaçlandyryp, yslamy dünýäniň beýik dinine öwürdi. Emma onuň ornuna tagta çykan halyflar ýigrimi ýylda musulman ummatyny, pygamber ummatyny ikä bölüp, biri-birine ganym duşman şaýy hem sünni diýen bölünişigi döretdiler. Müň ýyl bäri şaýylar-sünnüler hamana ganym duşmanlar ýaly gyrlyşyp gelýär. Akyl-parasatly adamlar—“pygamber dinini iki ummata bölen araplara Hudaýam gargady, pygamberem gargady” diýýärler! Meger, şol gep rastdyr! Serediň, dünýäniň iň uly ýurdy bolan Arabystany indi çem gelen şa basyp alyp ýör!—diýdi. Nedir han giň meýdany dolduryp, göze hem gulaga öwrülip oturan san-sajaksyz jemendäni synlap, sözüni dowam etdi: - Jemagat! Ulug Eýran döwleti ençe müň ýyldan bäri dünýäniň iň uly, iň kuwwatly, iň beýik döwleti bolup, mydama jahanyň gylla ýaryna hökümini ýöredip gelendir. Eýran şahynşalary özüni Hudaý sanýan pyrgawun, ýunan, rum kaýsarlarynyň üstünden hökmürowanlyk sürüp gelendir. Emma soňky ýüz ýyllykda nähili boldy? Ulug Eýran döwleti aýak astynda galdy! Özbek hanlary welaýatlarymyzy basyp alyp ýör! Hah-hah-ha! Özbek hanlary! Owgan hanlary, osmanlylar, orslar ýurdumyzy talap-tozduryp ýör! Sebäbi näme? Sebäbi safawy şalary ulug Eýran halkyny - şaýylary sünniler bilen gyrlyşdyryp, araplaryň bedibagtlygyny Eýrana getirdi. Eger-de meni ulug Eýranyň tagtyna göterjek bolsaňyz, şaýy hem sünni diýen bölünişigi ýek edip, hezreti ymam Japar Sadygyň mezhebine girip, bir ummat bolmaga razy boluň, ýegsa-da başga adamy şahynşa saýlaň! Elbetde, şaýy ruhanylary ör-gökden geldiler. Safawylar hanedanlygyny Ysmaýyl Hataýy esaslandyrypdy. Safawylaryň taryhçysy Isgender beg Türkmen öz diwanynda ony jikme-jik beýan edýär. Ysmaýyl Hataýynyň nebereleri iki ýüz ýyldan gowrak wagt Eýran şahynşalary bolupdy. Olar Ardebilde ýaşap geçen şeýh Safaweddin piriň hormatyna özlerini safawylar diýip atlandyrypdy. Safaweddin pir şafy mezhebinden eken, onuň aňyrsy bolsa şaýylaryň ýedinji ymamy Musa Kazymdan gaýdýarmyş. Şeýdibem safawylar özlerini hezreti Alynyň neberelerine çatýardy. Emma olaryň dili türkidi. Azerbaýjanlylar Ysmaýyl Hataýyny öz nusgawy şahyry hasaplaýar... Safawylar şaýy mezhebini Eýranyň döwlet dini edip, on iki şaýy ymamynyň hormatyna sellelerine gyzyl zolak mata oraýardylar. Şonuň üçinem olara gyzylbaşlar diýlen at berilipdi. Nedir han sözüni dowam etdi: - Eger biz şaýylar-sünnüler birleşip bilmesek, Eýrandaky agzalalyk, dawa-jenjel,şaýy-sünni uruş-jeňi hiç haçan ýatmaz! Eger biz şaýy-sünniler birleşip bilmesek, hiç haçan Eýrany beýik, berkarar, bagtyýar döwlet edip bilmeris! Tamam Eýranyň halky bir dogan bolup, bir agza bakmasa biziň alan galamyz, gaýtaran belamyz bolmaz! Emma barybir şaýylaryň iň uly hem abraýly ulamasy mollabaşy Nedir hanyň pikirini oňlamady. Ol din işine şalaryň-soltanlaryň garyşyp-gatyşmaly däldigini aýtdy... Içinden ot-ýalyn geçen Nedir han çep gözüni süzüp, sag gözüni mollabaşa dikip dowamly synlady, soň ýerinden galyp, sesine has nazym berip: - Halaýyklar, aýdyň, biz şaýylar-sünnüler birleşip, ýaňadan jümle-jahana hökümini ýöredýän beýik döwlet bolalyňmy ýa safawylaryň ata-babalaryna halyflyk berilmäni üçin sünnüler bilen gyrlyşyp ýitip gideliňmi?—diýip gygyrdy. Müňlerçe ses “Beýik döwlet bolalalyň” diýip, Nedir hanyň sözlerini al asmana göterdi. Mollabaşynyň jany gitdi. Nedir han ýene mähellä seredip: - Eý, Allanyň ary halky –eýranlylar, biz ýaňadan Jemşit şanyň, Sasany şanyň, Dere şanyň ýeluny ýöredip, beýik halk, beýik döwlet bolalyňmy ýa özbeklere, owganlara olja bolalyňmy?—diýip gygyrdy. Tutuş märeke “Beýik döwlet bolalyň!” diýip gygyryşdy. Nedir şa: - Halaýyklar, näme diýip meniň goşunym şan-şöhratly ýeňilmez goşuna öwrüldi? Sebäbi meniň ýygnymda sen şaýy, men sünni, sen pylan taýpa, men pylan millet diýlen gürrüň ýek! Meniň onbaşylarymdan onmüňbaşylaryma çenli ählisi söweşde edermenlik görkezip, ýurt üçin, watan üçin, ulug Eýran üçin jan berip jan alyp, beýik derejä ýeten gerçekler!.. Jemagat, eger meni şahynşa saýlajak bolsaňyz ertire çenli oýlanyň, anyk netijä geliň! –diýdi. Şol gije mollabaşyny öz çadyrynda bogup öldürdiler. Mollabaşy bilen ret pikirem öldi. Nedir şa ýigrimi bäş ýyl Eýrany gaýry ýurtly basybalyjylardan halas etmek üçin göreşipdi, mydama-da ýeňipdi, sebäbi onuň goşunynda hakykatdanam sen şaýy, sünni dawasy, milletparazlyk ýekdy. Mahmyt Gaznaly Hindistany basyp alyp beýik döwlet gurup, täze ortak--urdu dilini döredeninde, seljuk soltanlary Bizansy syndyryp, beýik şadöwletini esaslandyranda heý Nedir han iki din duşman ummaty—şaýylary-sünnüleri birleşdirip, Eýranda dünýäniň iň kuwwatly döwletini döredip bilmezmi?! Biler! Ertesi ýene düýnki ýagdaýda maslahat başlady. Nedir han birki sany şaýy, kürt, buluç ulamasyna, soňra türkmen ulamasy Döwletmämmet pire söz berdi. Döwletmämmet pir ozalky ulamalar ýaly ortadaky boş ýere geçip, gyssanman söze başlady: - Jemagat! Biziň her birimiz mukaddes ýurdumyz ulug Eýran üçin, keramatly halkymyz üçin, sahawatly topragymyz üçin gara başymyzy orta goýmaga taýýar adamlar! Allaha şükür, Alla-da bize mynasyp serdar beripdir!..—diýip, ol başyny sähelçe gyşartdy—Hanha, daglaryň gaýasy ýaly bolup oturan serdarymyz Nedir hany öňe salyp gideliň Arabystana! Gideliň Geçmişe! Müň ýyldan aňryk geçip, Hakyň resulynyň ornuna - halyflyga göz diken Abu Bekirem, Omaram, Osmanam, omeýýalaram pürreläp, pygamberiň ornuna hezreti Alyny oturdalyň! - Ulamalaram, sypahsa-serdarlaram, hatda Nedir han-da ozal beýle gürleýişi eşitmedik borly, hemmeler nazaryny Döwletmämmet pire dikdi. Ol: —Adamlar, biz geçmişe, taryha gidip bilýäsmi? Biz ylgap, towsup, gudrat-keramat bilen müň ýyldan aňryk geçip bilýäsmi?—Birniçe adam ýok diýip gygyrdy. — Elbetde, ýok! Biz näçe çabalansak-da, çalynsak-da, gije-gündiz aglap mynajat kylsak-da, özümizi öldürsek-de geçmişe gidip taryhyň hatasyny, ýalňyşyny düzedip bilmeýäris! Müňýyllykdan geçip hezreti Alyny pygamberimizden soňky halyf edip bilmeýäris! Onda näme biz geçmişe gidip şol ataşy-ýalny çabyrap duran duşmançylygy getirip, şaýylar-sünnüler bir-birege ganym duşman bolup gyrlyşyp ýörüs?! — Ol ulug suhanwerler ýaly aram-aram nutugynyň arasyny bölüp, göze-gulaga öwrülip oturan jemagaty synla-ýardy. Döwletmämmet piriň aýdan sözleri Nedir hana-da çaksyz ýaran bolmaly, edehädine görä süýem barmagy bilen burnunyň gapdalyny dyrmap oturşyna ondan gözüni aýyrman diňleýärdi. Pir ýene söze başlady – Aýylganç hakykat: geçen müňýyllykda sünniler şaýylaryň ýetmiş iki ymamyny şehit ganyna boýady, olaryň ählisiniň müberek gubury, kaşaň kümmeti jahana nur saçýar. Olar kimler? Olar hezreti Aly Murtazanyň ogullary, agtyklary, çowluklary, nebereleri... Olar Muhammet pygamberimiziňem agtyklary, çowluklary... nebereleri. Söweşjeň, gaýduwsyz şaýylaram sünni serwerleriniň ýüzlerçe-sini şehit kyldy! Eýse, ol şehitler kimler? Pygamberimiziň atasy Abdyl Mutallybyň, pygamberimiziň hem hezreti Alynyň, Abbasyň ogullary, agtyklary, çowluklary, nebereleri! Geliň, indi pikir öwürip göreliň! Biz şaýylar- sünniler bolup pygamberimiziň, hezreti Alynyň, olaryň ýagşyzada atasy Abdyl Mutallybyň neberelerini gyryp, pürreläp, paýhynlap ýörüs! Biz pygamberimiziň tohumyny tükelläp ýörüs! Ýeri, Hakyň dergähinde hezreti pygamberimiz, Allanyň şiri Ymam Alymyz nähili güne galýandyr?!. Ömrüne metjitde, il-içinde wagzy-nesihat edip ýören dana Döwletmämmet pir halys ýüreginden gürleýärdi, halys ýürekden çykan sözler ýüreklere baryp, paýhas-parasatdan doly jümleler oturanlaryň aklyna zamlaşýardy. Döwletmämmet pir Nedir hana bakdy: - Hezreti Nedir han, siz hakykatdan-da ullakan ýurdumyzyň halasgäri, mukaddes watanymyzyň howandary, halklarymyzyň hossary! Siz bütin ömrüňizi Eýrany, ýurdumyzy, halkymyz bakna edip, abadan ýurdy weýran kylyp, talap-tozduran basybalyjylara garşy göreşe bagş edip, gylyç syryp, jan alyp jan berip Eýrany ýaňadan beýik döwlet eýlediňiz. Müňýyllyk içre Eýranda agzalalygyň ojagy bolup gelen sünnüligi-şaýylygy birleşdirip, yslamyň bäşinji mezhebine öwürmek, lap etdigim däl, bir pygamberlik iş!.. Jemagat dykgat bilen diňleýärdi. Nedir han sol gözüni ýumup, sag gözüni giňden açyp, ýene Döwletmämmet piri nyşana aldy. Ol ömrüne ýaý atyp, tüpeň atan handa harbylykdan galan endikdi. Pir sözüni dowam etdi: - Bir şahyr: “Men yslam dini üçin başymy gurban edip biljek, emma mukaddes Watana gezek geleninde men dinimi hem, imanymy hem, başymy hem gurban ederin!”—diýipdir... Hezreti Nedir han! Eger Eýranyň dürli dilli halklaryny ymam Japar Sadygyň mezhebine geçirip bilseňiz, siziň ornuňyz Taryhyň töründe, ýürekleriň töründe bolar! Sizi arşdan Alla ýalkar, ýerde üstüňizden halklaryň alkyşlary ýagar, pygamberimiziň, ymamlaryiyzyň ruhlary hoşal bolar! Ulug Eýran bolsa ýaňadan taryhy belentligine göterilip, jümle-jahana ýaň salýan beýik hem berkarar döwlete öwrüler! Ulus-illeri birleşdirýänler Hakyň dosty, bölýänler Melgunyň dogany!.. Siz täze bir eýýama, pähim-parasatly Ylahy eýýama gapy açdyňyz! Bu mukaddes işde biz siziň arkaňyzda! Döwletmämmet pir ornuna geçdi. Onuň ýüreginden aýdan sözleri Nedir hana-da, agyr märekä-de ýarady. Han ulamalaryň arasynda oturan mürzesi Mähdi hana ümledi. Mähdi han baş atyp, depdere bir zatlar ýazdy. Döwletmämmet pirden soňam şol hörpde kän adam gürledi. Netijede şaýy hem sünni ulamalary Nedir hanyň üç şertine hem razy boldylar. Gurultaýyň wekilleri - beglerbegiler, serdarlar, häkimler, hanlar, begler, ulamalar bir agyzdan Nedir hany tamam Eýranyň şahynşasy saýlap päkize halyda oturdyp, ýerli-erden göterip, ony Eýranyň patyşasynyň tagtyna çykardylar. Ulamalar owazyna howala berip, Nedir şanyň adyna, şahynşalyk hutbasyny okady. Şol pursadam kyrk top, kyrk zembirek, kyrk gumrak kyrk ýerden atylyp, täze Eýran döwletiniň dabarasy jümle-jahana ýaň saldy. Safawylaryň depesinden uçan döwlet guşy Humaý awşarlaryň—Nedir hanyň depesine gondy. Şeýlelikde, mürzeler Nedir şanyň, şaýy hem sünni ulamalarynyň adyndan osman soltanyna şertnama taýýarlady. Namada Halk Gurultaýynda Nedir şanyň Eýrana şahynşa saýlanandygy osman soltanyna habar berip, Halyf hökmünde ony ykrar etmegi: ikinjiden, Eýran şahyn-şasynyň ähli şaýy raýatlarynyň hezreti Ymam Japaryň mezhebine geçýändigini, şonuň üçinem şol mezhebi diniň bäşinji mezhebi diýlip kabul edip, mukaddes Mekgede sünnüleriň dört mezhebiniň dört sütüniniň ýanynda bäşinji sütüni dikeltmegi: eýranly haja barýan zyýaratçylary Emir-ul-hajyň ak pata berip ugratmagyny: Eýran şahynşasynyň köşgünde osmanly wekili, Osman soltanynyň köşgünde Eýran şahyn-şasynyň hemişelik wekili işläp, olara harby ýesirleri alşyp-beriş-mek borjy ýüklenilmegi teklip edildi. Nama şahynşa möhüri goýlup hormat bilen Osman soltanynyň ilçisine gowşuryldy. Gurultaýa gelen beýleki ilçilere hem serpaý ýapyp, öz iline ugradyldy... Aslynda Nedir şa dindar adam däldi, barja ynamy hem eziz ejesi bilen gul-gyrnak bolup barýarka ölüpdi. Ol sünnülige-de, şaýylyga-da biparh garaýardy. Oňa Eýran halkynyň agzybir, dost,dogan halk bolmagy zerurdy. Ol ertesi öýlänler ýaňadan şaýy hem sünni ulamalaryny jem-ledi. Hemmäniň nazary şahynşadady, hemme onda gelejjeki baý, beýik, berkarar, kuwwatly Eýran döwletini görýärdi. Nedir şa oturanlary birlaý nazaryndan geçirip, meçjitleriň, medreseleriň, birnäçe ulamalaryň wakf ýerlerinden gelýän girdejiniň näme edilýändigini sorady. Baş ulama: - Wakf mülklerinden gelýän girdejileri meçjitleriň, medresele-riň hajaty üçin peýdalanýarys. Ulamalara aýlyk-günlük berýäris, sebäbi biz gije-gündiz siziň hakyňyza, Eýran döwletiniň berkarar bolmagynyň hakyna doga okaýarys—diýdi. Nedir şa: --Eger siz Eýranyň beýik döwlet bolmagynyň hakyna gije-gündiz doga okaýan bolsaňyz näme diýip ýurdumyz elli ýyl bäri owgan, özbek, osman, ors basybalyjylaryna olja bolup geldi! Hä, näme diýip?!—Hiç kimden ses-seda çykmady. Nedir şa sözüni dowam etdi.-- Beýik Biribar Eýranyň beýik döwlet bolmagy üçin siziň aýatyňyzy-dogaňyzy däl-de, meniň gylyjy-gürzimi, şan-şöhraty arşa baran ýeňiji goşunymy saýlady! Ýurdy aýat-doga bilen berkarar edip bolýan bolsa, külli arap iki ýüz ýyl bäri memluklara, osmanlylara bakna bolmazdy!—diýdi. Şaýy-sünni ulamalary aňk bolup şahynşany diňleýärdi, şahynşa bolsa ýagşyzadaňam, keramatly piriňem bilmeýän şekillidi. Ahyry ol safawy şalarynyň san-sajaksyz ulamalara-pirlere, meçjit-medreselere bolluk bilen paýlan wakf mülkleriniň bir bölegini alyp, ýersuz-suwsuz adamlara ömürlik kärendesine paýlamaly diýip perman çykardy. Şeýdi-bem Nedir şahynşa düýnki täze eýýama açan gapysyny özi ýapdy oturyberdi. Ulamalar serpmeden gaýtdy, nadyl-närazy boldy, emma perman ýüz müňlerçe halkyň göwnünden turdy. Döwletmämmet aga tagtynda oturan şahynşahy içgin synlap, onuň näme üçin şeýle perman berenine düşü-nip bilmän, kelle döwdi. Nedir şanyň yslam dinindäki öwrülişigini durmuşa geçirmeliler, gollamalylar esasan şaýy ruhanylarydy, olaryň ençemesini ynjydyp beýle tutumly öwrülişigi edip bolmajakdy. Nedir şa ýerinden turup, agyr märekäni bir laý nazaryndan geçirip: --Halaýyk, men perman bilen ulus-iliň dini ynanjyny, mezhebini, ygtykadyny üýtgedip bolmaýanyny bilýän, emma perman berdim, sebäbi men Beýik Allamyň alnynda, geçip giden müňlerçe pygamberlerimiziň alnynda, adamzadyň alnynda, geljekki neberelerimiziň alnynda ýurduň şahynşasy hökmünde borjumy bitirip, rast ýely görkezdim. Halaýyk, men arşda Allama, ýerde Adalata, ulug Eýrana, Eýran halklaryna gulluk edýä-rin! Eger baý hem abadan ýaşaýyn diýseňiz, berkarar hem kuwwatly döwletli bolaýyn diýseňiz, ulug Eýranyň ady-owazasynyň dünýä dolma-gyny isleýän bolsaňyz hezreti Ymam Sadygyň mezhebine, bäşinji mezhebe geçeliň!—diýdi. Düýnki ýonaçynyň ogly, garamaýak ýigit Nedir dünýäniň iň uly döwletiniň patyşasy boldy. Şahynşa tagtyna çykan Nedir şahynşa-da gysganmady. Gadymy şalaryň-soltanlaryň edähedini ýöredip beýik beglerbegilere, häkimlere-hukgamlara, uly hanlara, serdarlara, beglere zer-zerbap şalyk serpaýyny, dürli derejeleri sahylyk bilen paýlady. Uly aryflara, ulamalara, meşhur şahyrlara, il kethudalaryna tarhanhat berdi. Tarhanhat berlenleriň arasynda Döwletmämmet Azady hem bardy… Baýdak-baýdaga, sanjak-sanjaga kaklyşýan Mugan çölünde Nowruz aýy toý-dabara bilen Eýran täze bir eýýama gadam basdy. Magtymgulynyň göwni al-asmandan, göwresi zeminiň depesinden uçup, hyýallary syrly gözetimiň aňyrsyndaky nämälimlikler dünýäsinde perwaz urýardy. Ol goýny uçmahdan zyýada aklyňy çaşyrýan daglara däl-de, gözelligiň şahyry Magtymgula barýanyny bilmeýärdi. Attar Kynyş beg inileri Magtymguly bilen Janamany alyp, Hasar dagyna melhemlik ot-çöpleri ýygnamaga barýardy. Dogry, Kynyş beg Magtymguly bilen Janamanyň syrtyna ýer ysgatman, Gün dogaryndan Gün bataryna çenli işlederdi, ýöne uçmah ýaly owadan ýerlerde balarylaryň gülden-güle gonup bal toplaýşy ýaly, melhemlik ot-çöpleri ýygnamak ýaş oglanlaryň hoşuna gelýärdi. Magtymguly özüni bileli bäri Hasar dagyny görmek arzuwy bilen ýaşaýardy, häzir bolsa çüwen bagty ony owadan arzuw-hyýallaryna sary alyp barýardy. Kynyş beg nämedir bir zady gürrüň berýärdi, Magtymgulynyň bolsa iki gözi töwereginde: ýabany tokaýlary ümürsin atyp ýatan jülgäni synlap gözlerini gönendirip, göwnüni dokundyryp lezzet alýardy. Jülgä ýabany diýilmeginiň sebäbi, onda arly ýyl akyp ýatan çeşme-çaý,il-oba ýekdy. Gyşdan tomusa çenli, güýzden gyşa çenli daglara ýagan gar eräninde, çasly çagba, baran ýaganynda bu jülgeden kä bulaklap,kä sil bolup ýagyş suwlary akardy, şol sebäplem daş-töwerek howalaly çynar diýermiň,hoz diýermiň, arça-kerkaw, senuber-jenewüt diýermiň—sümme jeňňeldi. Bulaklar, däli siller aşagyna päkize jyglym daş düşenip akýar: silleriň jyglym daşdan paýandazy Akmaýanyň ýely ýaly agaryp, siliň gelerine garaşyp ýatyrdy. Howalaly daragtlaryň goýry kölegeleri garşydan öwüsýän şemala edaly hallan atyp, ýüzüňi ýelpäp, kalbyňy gozgaýardy. Owadan ýabany jülgede asylky tebigatynyň goýnuna düşen Ajdar sümme jeňňelden kükeýän del yslaryň, datly yslaryň yzynda ser- sepil bolup, böwürslenleriň aşagyna tumşugyny sokup awuny hem TEBIGYLYGYNY agtarýardy. Entek kellesi ojak ýaly türkmen köpegini görmedik imisalalyk Ajdardan gorkusyna böwürsleniň aşagynda kirpi ýaly düýrüldi, köpek ümsümligi ysgady, ýöne onuň ysynam, özünem halaman başga ýana seňkildäp ugrady. Ýabany tokaýlyga bürenip oturan jülgäniň gaýra başam, ileri başam beýik-beýik baýyrlaç daglyk-dy. Gaýradaky baýryň ýüzünde biten arçalar suw almaga aşaklygyna inip gelýän ýaş gelin-gyzlara, ilerdäki baýryň ýüzündäki arçalar bolsa suw alyp jülgeden ýekarlygyna çykyp barýan ýaş gelin-gyzlara meňzeýärdi. Jülgede ýyl boýy akyp ýatan çeşme ýegam bolsa, häzir Magtymgulynyň göwnüniň uçup ýören belent-liginden aşak seretseň, garşydan öwüsýän şemala owsun atyp, ýaşyl tokaý ýaşyl ýaşaýyş bolup, ýaşyl derýa bolup akyp ýatyrdy. Gün günorta bolup ýördi. Jülge gitdigiçe daralyp, awçy çarany belent-lige dyrmaşýardy, gitdigiçe jülgäniň ümürsin tokaýy gürelýärdi, gitdigiçe Magtymgulynyň göwni howalanýardy. Janaman: --Kynyş däde, halys lütümiz çykdy, düşläýsek näder?—diýdi. --Pahaý, garagenjimler, men-ä sizi gurbany boldugym Hasar dagyna alyp barýan, siziňem lütiňiz çykýamyş! --Gaýrat gutardy-da, Kynyş däde. --Pahaý, Janamanjan, gaýratyň gutaran bolsa, men seni gaýrata getirjek nama gaçyryp beräýerin...Elkyssa,--Kynyş beg dessana başlady-- Görogly beg Öwezjany Gyratyň ardyna alyp, nirdesiň Çardagly Çandy-bil diýip atyny tüweleýledip gelýär. Öwezjan y zyna garap: --How, Görogly aga, yzymyzdan kowgy gelýär,kowgy!--diýdi. Göroglynyň piňine-perwaýyna däl: --Öwezjan,ol daglaryň ümür-dumanydyr. --Aý, aga, başyňda mysgal akylyň bolsa, meni taşla-da gaç. Hanha, Mustapa beg müň atlysy bilen ýetip gelýär,ol indi asmana uçsaň aýagyňdan, ýere girseň gulagyňdan çekip alar. --Haý, Öwezjan, atam Jygalybeg maňa bir-ä gorkmany, birem gaçmany öwretmändi-dä. Öwezjan gözlerini höwlendirip: --How Görogly aga, gaçmany hem biri öwretmeli boldumy saňa! Allany çagyryp, Gyrata çalyberseň gamçyny, Çandybile çenli gaçmany öwrener-siň-dä—diýdi. --Öwezjan, gaçmany, gorkmany öwrenip barsam kim meni Çardagly Çandybil galasyna salar?! Her gören tozanyndan gaçyp ýörse, menden Görogly bormy! Kynyş beg “Görogly” dessanyna tutduranynda bagşylaryň aýdyşy ýaly aýtman, islän ýerinden başlabererdi, özem isleýşi ýaly üýtgederdi. Ol gamçysyny dutar edinip Göroglynyň namasyna tutdurdy: “Yzymyzdan ganym ýetse, Daglara bar, daglara bar.” Aýdymy tamamlap, ýüzüni-gözüni süpürişdirip, töweregine garandy. Asyl olar buljum jylgada oturan Gerdan gatyryň külbesiniň üstünden barypdyrlar. Gerdan aga jahyl çykan üç ogly bilen ýabany daglarda tohum goýun itlerini ýetişdirýärdi. Onuň itleriniň dabarasy Horasa-na, Türkmensähra, Etrege, Garrygala dolup, baýlar onuň her gazankelle köpe-gini, ganjygyny dört-bäş goýna çalyşýardy. Lap etme beýlede dursun, sypaýylaşdyryp aýdanyňda Gerdan gatyram, üç oglam orangutandan daýawdy, şimpanzeden bedroý, bethüýdi. Diňe daş sypaty däl, olaryň mazmunam mahluklaşypdy. Olar daglarda-sähralarda gapan gurup möjek, gaplaň awlaýardy. Gapana gaplaň düşse, hamy Yspyhandan çykýardy, möjek düşse janaweriň bagty küle çökýärdi. Hanha, ol ýene bir möjek tutupdyr, janaweri külbesine getirip, kendir halta salypdyr. Agzyna agyzdyryk urlan gurduň kellesi haltanyň daşyndady. Kynyş beg dagy salam berdi, ol salam aldy. Magtymgulynyň haýýady göterilip, gany hem gahary çyrpynyp gitdi. Gerdan gatyryň atagzysyny gören Kynyş begiňem zähresi ýaryldy: --How, Gerdan, o janaweriň dişini sogurjak bolýamyň? Sen-how, gök böriniň keramatly janawerdigini bir bilmeýämiň? Belki, ol Oguz hanyň öňüne düşen gudratly börüdir.—diýdi. --Erteki-sertekä ynanyp ýörmezler Kynyş beg... Magtymgulynyň gözlerinde gahar-gazap uçganaklady. Ol arşdan gelen gök(ataş-ot) börüniň Oguz han atamyza ýel görkezen gudratdygyna-da, kowum mazarda dünýä inen bäbejik Göroglyny emdirip, kemala getirendigine-de ynanýardy. Bu mahluk bolsa keramatly böriniň dişini sogurjak bolup dur... Gerdan gatyr: --Sen munuň näçe gan döküp, näçe goýun gyranyny bilýämiň? Iýýäni günde bir hokga et, emma sürä daranynda on-ýigrimi goýny parçalap gidýär! Kişi malyny iýseň dişiňi sograrlar! --Dişini sogursaň janawer öler-dä! --O nähili ölermiş? Men muňa nije däri-derman içirdim. Gerdan gatyr atagzy bilen böriniň ýalaw ýaly dişiniň birini sogur-dy. Möjegiň eýmençden eýmenç uwwuldysy çym-gyzyl hanjar bolup Magtymgulynyň ýüreginden parran geçip, pajygaly görnüş hakydasyna ömürlik ýazyldy, Kynyş beg başyny ýaýkap gaty käýindi. --Haý-haý, Gatyr, ýeluň göni dowzaha barýar-ow! Heý, beýlede zalym ýewuzlyk bormy? - O nämesi ýowuzmyş?.. Kynyş beg Gerdan däl-de, dünýä ýowuzdyr, pelek ýowuzdyr!.. Ynha, seret—diýip, ol iki-eke dişi somalyşyp duran kempik agzyny açdy. Onuň kirli dişlerini, köp güjükli ganjygyň garny ýaly düwürtik-düwürtik ýüzüni synlan Magtymgulynyň aňyrsy bärsine geldi.—Zalym pelek dişlerimi ýeke-ekeden sogurdy, özem däri-derman bermän!.. Gahba pelek tüýs eje-däde gerek çagty azylarymy sogran ýaly ejemi-dädemi sogurdy gitdi. Tüýs daşymda direnişip duran aga-ini gerek çagty gardaşlarymy sogurdy gitdi...Allanyň dünýäsi ýewuzdyr, Kynyş beg! Pes kişi özüniň aklawjysy, beýik kişi özüniň garalawjysy! Kesbine ussat Gerdan gatyr janaweri uwladyp-uwultyradyp iri dişlerini sogurdy. Ýanyndaky jamdan melhem alyp, eli bilen möjegiň gara gan agzyna çalyşdyryp pelsepe satdy: - It—şol bir möjek, onda näme diýip möjekden ýeňilýär? Sebäbi ol adam bilen ýaşap, adamdan gorkmany öwrenipdir. Men ýertmança köpekle-rimi dişden-dyrnakdan aýrylan börüler bilen uruşdyryp,itleriň ýüregindäki gorkyny öldürýän... On sekizinji asyryň birinji ýarymy... Entek dünýä çakdan aşa ulydy, entek Ýer şarynyň daşyna bir sagatda aýlanyp boljakdygy hakda pikirem ýokdy. Entek adamlar asmandan Isanyň geljegine, ýerden Mätiniň çykjagyna, ajaýyp zamanyň boljagyna ynanýardy, göge garap uçýan okara garaşýan ýekdy. Ullakan dünýäde ýaşaýan ilat häzirkiden on-on bäş esse azdy, uçmah ýaradylmyş dünýäniň - entek gyz päkligini, näzenin tebigy gözelligini saklan, gujagyna girilmedik, ak inişinden iýnilmedik ýabany jülgeler kändi. Owadan tebigat olaryň şähdini açyp, göwnüni galkyndyrypdy. Birden atlara tebil tapdyryp, ýelagçylaryň ýüregini gopduryp gür ot-çöplükden gyzyl-elwan ýalyn ýaly guş göterildi. Magtymguly: - Päheý, janawer, ýürekleri gopduryp uçanyňa görä gonmaly ýeriňi bilme-diň-dä—diýip, damagyna ejiz Janamany odukdyryp, kinaýa etdi-- Kynyş dädemiň gazanyna gonaýsaň, döwletli guş bolardyň-da. Janaman ör-gökden geldi: --Aýyrsanaý Magtymguly atylmadyk käkiligiňi,ütülmedik sülgüniňi! Kynyş dädemiň horjunynda gelnejemiň duzlap, burçlap, ýöne ataraýmaly eden üç sany jüýje horazy bar-ow! Ýaňy sesi süýjänje!—diýip, dodaklaryny şapbyldatdy. --Hä, garagenjimler, jüýje horazyň şorja çorbasyny küýseýäňiz-mi?—diýip, öňden atyny ýergasyna goýberip barýan Kynyş beg yzyna garap ýylgyrdy. Janaman Kynyş beg bilen deň-duşlarynyň, dost-ýarlarynyň degiş-mesine beletdi, onuňam şeýle degşesi, henek edişesi geldi: --Kynyş däde, iňlis tüpeňiň atýan bolsa, meniň iküç ýerimden gyltyzrak-gyltyzrak atsana!—diýdi. Kynyş begiň ýerine Magtymguly Kynyş begiň äheňinde hamana çagajyk bilen gürleşýän ýaly: --Sesinden gorkarsyň—diýdi. Kynyş beg henege hoş bolup güldi. --Onda maňa üç-dört ýola dürre çekäýsene! Ýagyrnymyň gözüne çawlap goýbersene dädemjan, ýegsam saňa şalar şasy Kaýsar şa diýesim gelip ölüp barýan-da! Böwrüm byjyklap, böwregimden Melgun gyjyklap, saňa Jahan şanyň körekeni, Görogly soltanyň bajasy diý diýip öldürip barýar-da! - Diýiber, Janamanjan, sen ýurdumyň tarhanysyň!—diýip, atyny ýergasyna goýberip, äwmän gidip barýar. Janaman ýene-de: - Kynyş däde—diýdi. Kynyş beg: - Janaman, Kynyş dädeň bumat özüne akyl berip barýar, azar berme—diýdi. --Wäh, agajan, aklyň egsikdigini nädip bildiň? Kynyş beg sen-men ýek, atyny debsäp, üzeňňä galyp saldy gamçyny, ýylan ýaly hüşgärden çalasyn Janaman agasynyň urjagyny öňünden duýup, dürreden gaçyp sypdy. —Bedähediň berebekgeýi, Depegözüň dogman geçen dikdüşdüsi! Gurrumsagyň biri gurrumsak! Kynyş dädesi bilen degşesi gelýämiş! Magtymguly kinaýaly ýylgyrdy: --Kynyş däde, beýdip Janamany öwüberme, birden ýol urduraýmasyn!.. Кynyş bеg dünýäniň ýаzyndan, аdamyň jаnyndan ýаsalan ýаly mähribаn, аga diýäýеsiň gеlip durаn еziz adаmdy. Рäkize gеýnerdi, tеr gаra sаkgaly-murtу mуdama timаrlydyr. Нemişe öýlеnjek ýigit ýаly kеýpi çаg, özеm оnuň şаtlygy pаllama ýаly ýоkançdy. Dоstlary оňa “Hеňňamyň sаçy аgarar, dеýýusyň içi agаrar, еmma Кynyş bеgiň sаçam agarmaz, sаkgalam” diýşiр hеnek edеrdi. Sаkgal hаkda gürrüň еdilse, оl sаkgalyny syрalap, ýаlpy-ýаz ýуlgyryp: ”Urşаnymyzda Nurjеmala ýaрyşmaga gerеk! Illеr Аlla ýаpyşsa, Nurjеmal sаkgala ýaрyşýar” diýеrdi. Sеlim Mаgtymguly “Кynyş bеgiň gülüşеm dünýä mаlyna dеgýändir” diýiр ýönеlige аýtmaýardy... Gün öýlä аgyp bаrýardy. Ýаş оglanlar ýаdap-ýоrulypdy. “Uzаk ýоla türkmеn аty bilеn türkmеn göti çydаr” diýlеni rаstdy, еmma oglаnlar еntek ýаşdy. Jаnaman: - Кynyş dädе ýаman аjykdyg-ow, ýаman ýadаdyg-ow! Вir ýеrde düşläр nаhar-şоr bеrmejek bоlsaň Gеrdan gаtyr ýаly sоgur Allаnyň bеren dişlеrini—diýdi. - Gyssаnma, Кynyş dädеm sаňa dаş sуkyp şerbеtini, suw ýаýyp gаýmagyny аlyp bеrer—Mаgtymguly ýуlgyrdy - Hаny, аgzyňу аç Janamаnjan!— Оl аgzyny hаtap ýаly аçyp ilki, Кynyş bеge, sоňra Mаgtymgula bаkdy. Mаgtymguly - Вaý-bow, ýapаweri, аsyl аçlygyňdan ýаňa о tаrapyň görünýär! -diýdi. Kynуş bеg jаýdar sözе аgzyny ýоkary tutuр, lаhlahlap hеziller еdip güldi, Jаnaman Magtуmgulynyň jоgabyny bеrjek bоlup, dodаklaryny müňküldеdip ugrаnyndan Magtуmguly: - Jаnamanjan, gürläýmе, bu аýtjak bоlýan jümläň ýаlan dünýä dаgy dözеr ýаly рikir däl! Baý-bоw, dаna bаşyňa gurbаn bоlaýyn!—diýdi. –Kуnyş dädе sуnla, Jаnaman gürlеmese nähili akуlly-pаýhasly, dаnyşment ýigit bоlýan еken!—diýdi. - Еý-ho! Janаman Sеlim оgly, аsyl sеn gürlеmeseň görmеgeýleşip, şаzada öwrüliр bаrýaň! Janаman wаjyp görnüşе gеçip, sаlyhatlysyrap: - Bоr аgalar! Mеn ölsеm ölеýine uruр, tutuş ýarуm sаgat geрlemeýän, ýönе dеssine düşläр, garnуmy otаryň! Ýоgsam-da уnha pаýradýan patаrrakyny! Olаr gülüşiр äрet çуnaryň gоlaýynda düşlеdiler. Hоwalaly hаn çуnar-da! Dört-bäş ýüz ýаşan gоja çуnarlara ýаşuly аdamlar “Gurbаny bоldugym, bulаr çуnar däldir, öwlüýädir!” diýýändir. Нan çуnaryň gоýry kölеgesi düýbündе özünе öý еdinip, hiç-hili оt-çöр gögеrtmän, sеrgezdan şеmal bilеn aşаgyny sуryp-süрürip, kölеgesini ýаzyp, оlary arzуly mуhman ýаly gаrşylady. Оglanlar dеssine gоş-gоlamy düşüriр, аtlaryň eýеrini-irişmеsini аýryp, оta kоwdular. Janаman bilеn Мagtymguly аgasyna kömеkleşjek bоldy, еmma еlleri işе gеlşip durаn gаllaw Кynyş bеg: - Mаňa рäsgel bеrmeseňiz—kömеk еtdigiňiz, bаryň, daş-töwеrege аýlanyp, аýaklaryňyzyň gurşugуny ýаzyň—diýdi. Jаnaman dеssine оýlugyny gоýry kölеgä ýаzdy. Кynyş bеg hоrjundan dаşy уkjam dоlanan tаl çаnagy çуkaryp, gurtdаn çаl еtmäge bаşlady. Jаnaman: - Hаý-ha! Kеýikli-аýrakly, käkilikli-sülgünli jülgеde çаl bilеn çörеk iýmеli bоldukmaý —diýiр, öýkeli gürlеdi—Нöregеm sеrdaryňa görä bоlýandyr-da... Нow, bеglerbegi Кynyş dädеm, daglаryň аjdary ýаly inilеriň sеniň bilеn sеýli-sеýrana çуkdy, sеn оlara hiç bоlman bäş-оn sаny käkilik аwlap zуýapatam etmеjekmi? Ýаnyňa-da tоňkatar götеrip?.. - Наhahaý inim, sеn gаra gаrnyňy оtaryp, dürsüňdеn-tеrsiňden gägirjek diýiр, Gаragaýyň agtуgy, Görоgly bеgiň bаjasy Kуnyş bеg Hudаýyň mülkünе giriр, käkiliklеrini gуrgyna salаrmy?! Janaman düşege geçip, aýagyny uzyn salyp ýatdy. --Kynyş däde, aýaklaryň gurşugy şeýdip ýazylýandyr!..Aga jan sen arkaýyn çaý-nahar taýynlaber, men seniň dynjyňam alyp bererin! Asyl heziller edäýersiň!.. Magtymguly ýylgyryp: --Haý-haý, Janaman han, sen bir Allanyň ýalkan ýigidi. Görha, saňa derek dädem at-abraý, Selim dädem baýlyk-genç toplaýar. Kynyş dädem nahar-şor taýynlasa, men seniň ýeriňe pikir edýän. Sen bolsa bize derek iýip-içip, gähnäp, aýagyňy uzyn salyp, samahyllap ýatmaly!—diýip, ýaşyl bulut bolup zemine gonan tokaýyň içine seýle ugra-dy. Kynyş beg goş-golamdan iýer-içer çykaryşdyrypdy. Ýeser Janaman agasyny gürrüňe güýmäp, kişdeli-kişmişli, maňyzly haltany ýanyna alyp, ýanawuçlap kişmiş iýmäne başlady. --Kynyş däde, sen dagda-düzde adampisint äpet goňur aýyny gördüňmi? --Gördüm, o ýyl janawer bile tokaýda pete-pet gabat geläýdik, emma Hudaý sowdy, ol läheň bela meni görmedi. --Wäh, pete-pet gabat gelip, o nähili aýy seni görmeýär? --Aýy neneň görsün, men şol demde ädigimiň gonjuna girip gidip-dirin! Aýy Kynyş begiň ädigini gördi!—Ol lahlahlap güldi. --Kynyş däde, Hanharabada şaýly gelin barmyş diýýäler, şol çynmaý? —Hanharabanyň şaýly gelni şaýly gelin dagy däldi! Pah, pah, uçma-hyň hüýr-meleginden zyýada şaýly gelin--aşaky gabagyňa gara çalaýmasaň, gözleriňi gamaşdyryp taşlaýýardy! Emma sen gijä galdyň! Sen sünnete ýatyrlan ýylyň Garaş göhert Aýdan ary şaýly gelne öýlendi. Haý-ha, albassylar şeýle bir toý tutupdyr, Garaş göhert heziller edipdir... --Soň näm boldy? --Soňmy? Garaş göhert alty aý Selim piriň bimarhanasynda ýatdy... Janaman Selim Magtymgulynyň ogludy, Magtymguly bilen dostdy. Janaman ýenaçylar ýaly uzyndan agajetdi, ýöne daýylaryna çekip, atýüzdi, bitgin burunlydy. Daglaryň päkize howasy dagly perzentlerine tenekär howadan hakyny alar ýaly ullakan burun bagş eýleýär. Dagly daýylary Janamana dartyklygy bilen boldumly burnam peşgeş beripdir. Onuň burny beýle gözeilginç däldi, ýöne Janaman-da, gören ýerine burnuny sokuberýärdi. Oglanlar onuň burnuna dil ýetirse, ol ”meniň burnum uly däl, goýlan ýeri beýik” diýip ýylgyrardy.”Ýigit gowusy burunlak, köpek gowusy erinlek” diýibem yzyna goşardy... Janaman deň-duşlarynyň ýanyna baranyndan: ”Kimiň göwnüni ýykmaly, kimiň gulaktözüne çekmeli!” diýip, göwni ýetýän oglanynyň gursagyna oýun edip patladardy. Oglanlar “Janamanyň oýun edip uranyndan Baýjanyň çyny bilen urany ýagşy!” diýerdiler. Ol nirä barsa derhal gürrüňe goşulyp gidibiýrdi. Bir söz bilen aýdanyňda, göreşde ýykyp tokly alyp, öweç öldürip toý berýän ýenaçylaryň keleňgir ýaş gödeklerindendi. Kynyş beg nahar ataryp, Janamana tarap seretdi, görse ol, kişdeli haltany gapdalyna alyp, päkize Gürgen kişdesinden, maňzyndan, Şahrut kişmişinden ýanawuçlap aňyrsyna gapgaryp ýatyr. Olaryň on gün çaý başynda iýjek kişde-kişmişini tamamlaberipdir. Ol Janamanyň ýanyna baryp: --Bi nädip otyrsyň?—diýdi. Janaman mönsüräp, çekgesini şarpyga çemeledi: --Agajan, gowyja bahana tapýançam birki şarpyk ýelme! --Selim dädem saňa bilip janawer diýýär—diýip, gözüni ýumup oturan Janamanyň ýaňagyna ýelmedi –Mahal-mahal halynyňam tozanyny şeýdip kakýandyrlar! Sen haçan adam boljak! Janaman ör-gökden gelip, atylyp ýerinden turdy: --Kynyş däde, men saňa näme ýamanlyk edipdirin? ÝA arpaňy ham ordummy, ýa genji-hazynaňy urdummy?..Eger maňa aga boljagyň çyn bolsa, baý bol diý, beg bol diý, sypahsa-serkerde bol diý, ýöne gaýdyp adam bol diýiji bolaýma! Päheýde weli! Agajan, adam bolmak meniň maksadymda-matlabymda-da, oýumda-hyýalymda-da ýek! Janaman Selim ogly baý bolar, dünýäniň iň gowy birnäçe gyzyna öýlener, göwün isleýşiçe ýaşar, keýp çeker! Kynyş beg hahaýlap güldi: --Akly kem Nurjemal gelnejeň şol haltadaky kişde-kişmişler gurtlapdyr, gurçuklapdyr diýip zyňjak bolýar-a! Menem “kişde-kişmişleri zyňyjy bolaýma! Nesip bolsa, gurduna-gurçugyna bakman, olary janawer Janaman garnyna gaplar” diýdim. Iýiber, inim, iýiber! Janaman ýüzüni turşardyp, Kynyş dädesine, soňam eline alan kişde-sini seretdi-de, içýakgyç: --Päheý, asyl munuň içinde etden hurşam bar diýsene, Kynyş däde!—diýip, ýanowujyny dolduryp atdy agzyna... Bu mahal Magtymguly gözellige teşne göwnüniň yzyna düşüp, goýry kölegelerini düşenip oturan gojaman daragtlaryň arasyna aýlanyp, aýagyny ýazýardy. Dünýäde ýaşyl tokaýlar ýaly kalbyňy heýjana salýan gözel-lik ýek. Ýaşyl bulut bolup ýabany jülgä gonan tokaý dürli-dürli janly-jandarlaryň owazyna, pelegiň ötemen şemalyna meýmiräp başyny iki ýana edaly yraýardy. Ol gögüne seredip, agaçlaryň hellewleşýän buýra başlaryna syn edýärdi. Dik depä çykan Günüň şuglalary daragtlaryň depesinden çar-para urlup, pür-pudaklaryň, ýapraklaryň arasyndan tylla hanjar kimin zemine sanjylýardy. Magtymguly tyllaýy tyglardan-şugla-lardan edilen çadyryň içinde duran şazada ýalydy. Goýry kölegeler çalaja hallan atyp, guş-gumursylaryn owazyny diňleýärdi. Ol guran äpet daragtyň ýanyna bardy, gynandy. Gojaman daragtyň aşagynda durup gögüne seretdi, ýapraklary dökülen san-sajaksyz şahalaryň, pür-pudaklaryň ýekarsyndaky mawy asman ylla çat açan ýalydy. Gury agajyň şahalarynyň gür ýerinde haýsydyr bir äpet guşuň höwürtgesi daragtyň ölen ýüregi ýaly bolup, Magtymgulynyň kalbyny gyýdy. Ol derini çalyp aşak seret-di, gury daragtyň şahalarynyň kölegesi möýüň kerebi ýaly ýere ýazylyp ýatyrdy. Agaçlar ölüp ýanýar, adamlar ýaşaýan çagy! Magtymguly gür tokaýyň jümmüşine aralaşyp barýardy, dünýä döräp adam garasyny görmedik tokaý oňa hüşerilip, ýadyrgap seredýärdi. Ýaşulylaryň gürrüňine görä ýaňy-ýaňylaram bu jülgelerde äpet-äpet aýylar, läheň-läheň adamsypat bijinler, maýmynlar, piller, toklytaýlar, düýeguş-lar, tawusguşlar süri-süri eken, emma indi olar ýek! Janawerler adam atly howpdan gaçyp rowaýatlara, awçylaryň çyna berimsiz warsakylaryna,ýalana berimsiz hekaýatlaryna, gojalaryň gyzykly gürrüňlerine girip gidipdir-ler. Ol oýlanyp barşyna haýran galdy. Onuň dumly-duşundan balarylar uçup geçýärdi, olar jülgäniň daga sapýan ýerinde adam boýy bir dagjymak gerşiň üstüne gonýardylar, uçýardylar. Şol gerişde kerkaw agajy howa-lanyp otyrdy, biline adamyň gujagy ýeter ýaly däl. Magtymguly amatyny tapyp, gerşe çykdy, görse, agajyň aşagynda bir ýaş zemzen ölüp galypdyr. Janawer ýylan bilen darkaş guran borly. Balarylar zemzeniň maslygynyň daşynda perwaz urup, uçup-gonup bazar gurupdy. Magtymguly ençeme asyryň külpetlerini başdan geçirip garrap giden daragtyň daşyn-dan aýlanyp ykjam synlap başlady.Eý-ho,garry agajyň aňyrsynda günorta bakyp duran dagyň dik gaýasynyň ýüzünde äpet tebigy gowak bar eken, şonda-da balary maşgalasy mekan tutupdyr. Äpet agajyň çogdam-çogdam bolup çar-ýana uzaýan san-sajaksyz şahalarynyň pür-pudaklaryndan, ýapraklaryndan ýaňa siňe-siňe seredäýmeseň gowagy görmek mümkin däldi. Arylaryň keç bagtyna zemzen şolaryň keteginiň aşagynda ölüpdir. Ol beýleräge çekilip, Kynyş beg bilen Janamana çagyrdy. Olaram aýlaw ýedadan ýöräp kertiň üstüne çykdylar. Kynyş beg bilen Janaman zemzeniň maslygyny, onuň daşynda uçup-gonýan balarylary synlady. Magtymguly başyny ýaýkap-ýaýkap durşuna: --Haý-haý kysmaty ýeser janawerler-eý! Bir haram mahlug-a ölmeli, bu görgüliler hem onuň porsy maslygyny jaýlamaly! Bularyň iň garry-synyň iki aý ýaşy ýek,emma bilýä!—diýdi. --Nämäni bilýä?—Janaman sorady. --Seniň adam bolup bilmeýän zadyňy bilýä! --Oh-ho! Men adam bolup nämäni bilmeýämişim? --Bilýän bolsaň hany aýt: balarylar zemzeniň maslygynyň daşynda perwaz urup näme edýär?—Janaman iki kibtini gysdy.—Balarylar zemzeniň maslygyny mumyýalap ýör! Zemzen bu yssyda iki-üç günden porsaýar, janawerlerem balyny gorajak bolup, zemzeniň jesedi porsamaz ýaly daşyny mumyýalaýar. Allajan, pähim-parasatdan gurlan dünýäňe aklym haýrandyr! --diýdi. Zemzen bolsa ýatyrdy Müsür pyrgawuny ýaly hiç bolman maslygyny bakylaşdyrjak bolup... Janaman: --Balarylar onuň daşyny mumyýalasa,zemzen porsamazmy? --Kyýamat ahyra çenli şol durşuna durar! Gör-ha,janawerler ýyl boýy toplan ballaryny munuň pis ysyndan gorajak bolup, ölerini-galaryny bilmän işleýär! Janawerleriň özlerem pidaýy! Zemzeniň daşyny mumy-ýalap,meýletin ölüp gitmeli! Hapa işde işlän janawerler soň maşgalasyna-da goşulyp bilmeýär, gülden-güle gonup balam toplap bilmeýär! Meýletin ölmeli!—Magtymguly başyny ýaýkady.—Bularda adam oglunyň serine sygmaýan parasat bar. Kynyş zemzeniň guýrugyndan tutup, oglanlaryň öňüne düşüp goşa gaýtdy. Ýelda zemzeni bir sürene süssürip, ädikli aýagy bilen süreniň agzy-ny opurdy. Olar goşa dolanyp geldi. Janaman elini ýuwup oturan Kynyş bege: --Kynyş däde, baý-baý ýaňkylaryň süýji ballar-a bardyrow!—diýdi. --Ajyja zäheriň aňyrsynda—diýip, Kynyş beg ýylgyrdy. --Baý-baý süýjüjedir-ow! --Ýaman-ýaman süýji, özüň iýip gören ýaly maňa ynanaý! --Nämäý, şu adamlar balam iýip gören däldir öýdýämiň, Allaha şükür, käýarym arybalam iýýäs. --Bolupdyr-da käýarym iýýän bolsaň! Günde-günde arybal iýer ýaly sen nä Hüňkar soltanyň kellesinigetirdiňmi!—diýip, Kynyş bag lahlahlap güldi.—Şagalyň müň-de bir ertekisi bar, ählisem towuk hakda. Seniň gara garnyňdan ýekaryk çykmak pikiriň ýekmy? --Gara garyndan ýekaryny Magtymguly oňarar. Magtymguly kinaýa bilen ýylgyryp: --Gara garyndan ýekaryny Magtymguly oňarar, Janaman han bolsa gähnäp-gähnäp iýmeli, içmeli, ertirki gün asmanyň buludyny kellesine geýip, daglaryň jülgesini ýelbegeý alyp, Kemerli dagyny biline guşap, gögüň gümmürdisini gulagyna dykyp, ýyldyrymy gylyç, asmanyň Aýyny galkan edinýän bedähet köne türkmeniň täze nusgasy bolmaly!—diýdi. Janaman hondanbäri gerindi-de, sorag berdi: --Gögüň gümmürdisini näme diýip gulagyma dykmaly? --Söweşe çykyp duşmanlary paýradyp, pürreläp ýörkäň olaryň ahy-nalasyny, dady-perýadyny eşitmeziň ýaly! --Kynyş däde, synla, kellesine şar gara buludy geýip gelýän iniň Janamany!—diýip, ol gomalyp gabardy.—Kynyş däde, eger geljekde wezi-ri-agzam bolaý diýseň, häzirden meniň göwnümi awlap elin iýdirip-içiriber. Nesip bolsa, Janaman şa Isgender şahlynyň, Mahmyt şahsy-zyň alyp bilmedik dünýäsini alyp, Magtymgulynyň öňünde goýar-da: ”Ynha, öwren-de otyr dünýäni! Ilki dünýäni alman, ony öwrenip bilmer-siň!” diýer. Agajan, dünýäniň eýesiniň weziri bolaý diýseň aýrak-keýik awla-da, maňa ýaranyp başla!.. Kynyş beg Janamana tiňkesini dikip dowamly synlady: --Janamanjan, beýnisi gyşyk goýlan begler, ine şeýdip telpeginem, buludam şahyna geýýändirler!--Ol inisiniň bagana telpegini şahyna geýdirdi.—Bar indi gazan galasyna söweşe çykyber!—Janaman öýkeledi-- Boljak oglan ýaşlykdan ile meňzejek bor, bolmajagy her hili nysak geýip, ile meňzemejek bolar. Janaman çyny bilen: --Kynyş däde, dogrudanam men samsyga meňzeýänmi? Mydama meniň üstümden gülüp ýörsiňiz—diýip, nadyl gürledi. Magtymguly ony içgin synlap: --Ek, asla samsyga meňzäňok! Beh, seniň samsyga meňzemän, nädip beýle samsyk bolup bilşiňe aklym haýrandyr!—diýdi, soňundanam—Janamanjan, sen Göroglynyň kyrk däli beginiň biri! Arman wagtyndan giç doglupsyň-da!—diýdi. --Eşitdiňmi Kynyş däde,Magtymgulynyň diýýän sözlerini! Wadaryg, Görogly beg bilen ýurt sorap ýörmeli Janaman beg attar agasyna ot-çöp ýygşyp, garyn otuna işläp, gün-güzeran aýlaýar! hhh Ertesi Kynyş beg, Magtymguly, Janaman üçüsi säher-saba atlanyp, guşluklar howalaly Hasar dagynyň çür depesine çykdylar. Jülgeleriň otlary-çöpleri bir eýýäm saman-sypala öwrülipdi, Hasaryň depesinde bolsa ýaşyl maýsaly ýaz parç bolup ýatyrdy. Hasar dagy şeýle bir belentdi, läle-reýhan ýaz oňa dyrmaşa-dyrmaşa birki aýda zordan çykypdy. Magtymguly däli dünýäniň gudratyna haýran. Hanha, aşakda genji gara bag jülgede tomus jokrap ýatyr, Hasaryň depesinde bolsa maýsalar paşyrdap, penje-penje güller heser bilen pyşyrdap, ýaşyl ýaz heýjana gelýär. Gözüňe söweýin, Hasar dagy lemmer-lemmer bulutlaryň mesgeni. Daglaryň ýaşyl baýyrlaram lemmerlenip, Magtymgulynyň göwnüne bolmasa, arşy agla sary uçup barýardy. Onuň şähdi açylyp, keýpi çaglanyp, göwün guşy al asmanda perwaz urýardy. Ýaşyl ýeller, näz-kereşme edip owsunýan läle-reýhan maýsaly ýerler, hoşboý atyr ysly howa şeýle bir päkizedi, hatda arassa sözem bu päkize howany hapalaýjak ýalydy. Müşki-enwer heserli ýeller gös-göni Allanyň arşy agladaky uçmahyndan gelşine, Magtymgulynyň kalbyny heýjana getirip, boýnuna öýme ýaglyk ýaly dolanýardy. Zandy şahyr Magtymgulynyň ilkinji oglanlyk söýgüsi aklyňy çaşyrýan tebigy gözelliklerdi. Dünýä, aýdym ýaly dünýä juwan Magtymgula ýalpy ýaz ýüzüni, minewwer nur ýüzüni, jadyly ýüzüni, datly ýüzüni, owadan kaddy-kamatyny, heserli kalbyny görkezýärdi. Dünýä Magtymgula jadyly husnyje-malyny güjeňläp, gözelligi bilen jadylap,hak aşygyna, bendiwanyna aýlapdy...Emma entek ol bu owadan dünýäniň allaryna alda-nyp, ýellaryndan çürkenip, illerinden göwni geçip: Dünýä zendir, oýnaşy köp, äri bir, Bir öpüşde etiň-ganyň sorubiýr, Ölenden soň şahu-geda bary bir, Munda her kim boldujagyn goýr gider (eden işini goýar gider)- - diýip. janyny ýakyp ýazar... Magtymguly entek dünýäni söýýärdi, läle-reýhan ýazlary pajarlaýan Hasar daglary şeýlebir owadandy, näzenindi, duýgudardy, päkizedi: iniň-süňňüň, päliň-pyglyň, ýüregiň-kalbyň päkize bolmasa ynsap edip aýak basar ýaly däldi. Kynyş beg ýaşyl maýsalary tolkun atyp ýatan zenanbeden baýyrlary synlap, bu ýerler ýagşyzadalaryň gezýän ýerleri diýdi! Görogly beg bolsa bu ýerlere erenleriň-pirleriň mekany diýýär! Magtymguly daglaryň gözelligine buýsanyp, tüýs nazarlaryňy gezdirip ýörmeli keramatly ýerler diýdi! Owadanlyga aklyňy aldyryp, heýjana gelýän göwnüňi gezdirip ýörmeli gudratly ýerler diýdi!.. Kimem bolsaň bu gözellikler kalbyňdaky duýgularyňy joş urduryp ýagşyzada öwrüp barýardy. Magtymguly öz ýanyndan “Meger, Hudaýym Hasar dagyny gaty golaýdan synlap durandyr, ýegsam bu keremli daglar, baýyrlar heý şeýle eziz, şeýle mähriban bolarmydy, ýegsam bu aklyňy çaşyryjy gözellikler şeýle jadyly bolarmydy!” diýip oýlanýardy. Owadan tebigat ylahy poeziýa, ylahy fantaziýa ahyry. Hasar dagy zandy şahyr, kalby şahyr,ruhy şahyr Magtymgula howalaly beýikligini bagş eýledi. Dünýäniň depesine çykan Magtymguly ýaradylmyş gyz päkligini saklap ýatan uçmah ýerlere aýlanyp, Allanyň arşy-aglasyna golaýlady. Daglar Magtymgula tebigy näzenin päkligini, arşaýy tämizligini, heýjanly duýgularyny bagş etdi. Hasaryň heserli owadanlygy, howalaly gözelligi, dälije ýelleri, ýerden-gökden ýaňlanýan aýdym Magtymgulynyň kalbyna sygmady. Onuň göwni goşgy ýazmak isledi, emma ol äpet asmanyň astyna sygman ýatan ajaýyp dagy goşga salyp, mertebesini peseltmegi oňlamady. Hasar dagy Allanyň ýazan ajaýyp nama-sy ahyry! Dünýä-de owadandy, durmuşam. “Terje hyýar ýaly, ýaşyl ömürleň barybir ahyrynyň ajy gutarýandygy barada” entek pikirem ýekdy, sebäbi onuň kalby söýgiden, höwesden, hyjuw-hyruçdan, bilesigelijilikden püre-pürdi. Ol gögüne seretdi: göwnüne bolmasa asmandan Allatagala Magtymgulyny synlap duran ýalydy. Magtymguly gaňrylyp ýeňsesine seretdi, göwnüne bolmasa, pynhan geçmiş onuň arkasyndan seredip ýatan ýalydy. Alyslardaky gözýetime seretdi. Ol ýerden, nämälimlikler dünýäsinden kämil Magtymguly özüniň çagalygyna seredýän ýalydy. Onuň ýigit çykasy gelýärdi, kämil çykasy gelýärdi: günleriň, hepdeleriň, aýlaryň, ýyllaryň içinden ylgap parran geçip, gözetim-däki nämälimlikler dünýäsiniň pynhan perdesini syrasy gelýärdi, al asmanyň mawy atlaz köýneginiň ýakasyny açyp, dünýäniň ýüregini göresi gelýärdi. Sebäbi ol gözelligiň şahyry Magtymgula tarap barýardy. Günleriň bir güni Çaňly: --Magtymguly, sen mydama daglara gatnap näm edýäň?—diýip sorady. - Aňk bolýan, soň bir zaman dünýäni aňk eder ýaly... Magtymgulynyň göresi gelýärdi, kitaplarda okan ýurtlaryna syýahat hem zyýarat eýläp, Sagdynyň, Rumynyň, Ferdöwsiniň, Jamynyň, Bidiliň, Dehlewiniň, Gazalynyň waspyny eden diýarlaryna barasy gelýärdi. Segparazlar ýurdunda bolup, olaryň jesedi otlamasynyň sebäbine düşünesi, bütin ýylyň bir gije hem bir gündizden ybarat ýerini synlasy, ýarym-ýalaňaç hindileri, kölegeden ýaradylan ýaly gara hebeşileri, saklap, bulgur, Çyn-Maçyn ýurtlaryny aýlanasy gelýärdi. Şu ýaşyna çenli pasyllar onuň üstüne gelýärdi, emma indi ol pasyllaryň üstüne baryp görmek isleýärdi. Ol aşykdy,ol owadan dünýä aşykdy,näzenin jahana bendiwandy, zandy şahyr oglanyň ilkinji söýgüsi Türkmensähranyň gözellikleridi, jadyly dünýä-de nowjuwan Magtymgula ýaz ýüzüni, näz ýüzüni, gyz ýüzüni, heserli husnyjemalyny görkezip, gözelligi bilen onuň aklyny çaşyrýardy. Ol “Peri mekan näzigärdir” diýen setirlerini gaýtalap, uçýardy,Allanyň arşy-aglasyndaky uçmahyndan aşyrym atyp gelýän al-elwan ýellere, müşki-enwerli ýellere, husurly-heserli ýellere atlanyp, ganat ýaýyp uçýardy.Toýnuk gurup barýan durnalaryň owazyna göwni göterilip uçýardy, ýyldyrymlara, gök gümmürdilerine münüp gelýän çagbaly bulutlar bilen uçýardy, sebäbi beýik Biribaryň beren zehini heý ony uçurman goýarmy?! Elbetde, bu gözellik başda Janamanam heýjana getiripdi, emma tebi-gaty başga, degirmeni çaýa--suwa gurlan ýigdekçe ýaşyl ýelleri neýlesin?! Ol beýhuda aýlanyp ýöreninden hepbik, çirtmek gurup käkilik awlanyny amat gördi. Magtymguly Hasaryň beýik gerşine çykyp, hol aşakda ümezläp ýatan genji gara bag jülgäni synlady,erden goýry kölegesini süýräp barýan bölek-bölek jowur ak bulutlara tomaşa etdi. Ol haýran: lemmer-lemmer jowur ak bulutlaryň gara kölegesi, lemmer-lemmer şar gara bulutlaryň ak çagbalary bolýar, küpürsäp ýatan gara ýerden ak bugdaý önýär!.. Hanha, guş-gumrylaryň, tamam perrendeleriň soltany äpet bürgüt jülgäniň depesin-de, emma ol Magtymgulydan has aşakda pelpelläp uçup ýör. Ol her demde özüniň dünýäniň depesine çykanyny duýýardy. Hasar dagy Heser dagyna öwrülip, Magtymgulyny süýr depesine göteripdi. Ullakan dünýä onuň aýagynyň astyndady.Ene birnäçe ýyldan Magtymguly ýazar: Ýigitlik paslyny gyşa ýetirdim, Kämillik kiştisin derýa batyrdym, BEÝIK PIKRE GALDYM,aklym ýitirdim, Il içinde däli bolup galyp men. Magtymguly pasly baharlarda, goşa ýazly güýzlerde Hasar daglarynda şar gara bulutlaryň owsunyp, ýyldyrymlaryny çakdyryp, ýerleri-gökleri gümmürdedip, çasly çagbalaryň köp ýagýandygyny bilýärdi, onuň göwnüne bolmasa bu owadan gül-çeçekler, läle-reýhan ýaz şol ýyldyrymlardan, älemgoşarlardan ýasalan ýalydy,aýagyňy basjak ýeriňde gökleriň howalaly gümmürdisi bukulyp ýatyrdy, birden ýalňyşyp üstünden basaýdygyň gümmürdäp galkaýjak ýalydy. Hanha,ýaşyl ýaýlada bir süri garaköli goýun ýatan ýaly goýry kölege ýazylypdyr. Magtymguly: - Ependi bolsaň tüýs puluňy bukup ýörmeli kölege eken—diýip ýylgyrdy. Wah, häzir gara deňze giren ýaly buludyň saýasyna girseň diýip ol göwün ýüwürtdi.. Dumly-duşunda ot-ýalyn bolup ýanyp duran gyzyl, sary, melewşe, gara çigillemleri ýelmaga dözmän, ýanynda oturyp synlady.Bir salymdan şol bölek buludyň kölegesi üstüne saýa saldy, saýa onuň janyna hoş ýakdy. Magtymguly bir zaman şeýle buludyň pygamberimiz Muhammet aleýhessalama saýawan bolandygyny ýatlady... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||