07:22 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -4/ dowamy | |
ÝALAN DÜNÝÄNIŇ ÇYNY
Taryhy proza
Sapar Köse Görogla “adamyň ulusy köwek bor” diýmeýämi. Perman pil ýöne-möne köwek däldi, bedähet köwekdi! Iki ýylyň içidir, neresse bir çoçgardan boşasa ikinji çşçgara çolaşyp, ýedi ýesere duşdy. Iki ýylda ata tarapy gul zaňňaryň saçy-sakgaly güwläp galyp Ýelbarslynyň jeňňeline döndi, has takygy ol gije saçyny ýazynyp, sakgalyny ýapynyp ýatýardy. Ýüzüni ýuwansoň saçyna-sakgalyna süpürinäýýädi. Paza ýaly aýaklary garry ýekegapanyň kellesindenem äpetdi. Geýim-gejimlerem sal-sal. Ahyry ol maksadyna sataşdy: hanha Nedir han gelýä, ýanynda ýigrimi-otuz sypahsa-serkerdesi, yzynda dört-bäş müň ýygny. Perman pil ylgady Nedir hana tarap. Hanyň janpena—keşikçileri ony tas tüpeň-läpdi. Perman pil hana golaýlap, tagzym kylyp, Görogly beg bolup haýkyrdy. --Nedir agam, han-haanan agam, men siziň adyňyza-owazaňyza aşyk bolup,iki ýyl bäri sizi agtaryp, Eýrana üç ýela aýlandym. Meni nöker alyň, serdar agam. --Seniň atyň-ýaragyň ýek. --Bi näme?—diýip, Perman tommaýly taýagyny görkezdi.-- Agam, meni bir urşa salyň, atam taparyn, ýaragam. Wah, atymam bardy, ýaragymam bardy... Aldyrdym-da. --Heý ýigidem gara başyny bermän, atyny-ýaragyny aldyrarmy?! --Wah, şah agam, men aýak biteli bäri türgenleşe-türgenleşe, söweşmäni, uruşmany öwrenip, ýaşamany öwrenmändirin. Türkmensähradan çykalym bäri, duş gelen gurrumsak meni aldady. Atam gitdi, ýaragam, pulam. --Maňa atyny-ýaragyny aldyryp ýören serheň gerek däl! --Şahynşah agam, rehmiňiz gelsin, men şu bedähet göwräm-gabaram bilen daýhan bolaýynmy, hä? çopan bolaýynmy, hä? Agajan, meni bir duşmanlaryň üstüne goýberip görüň! Muňa serediň, sizi gözläp aýaklarym düýäniň dabanyna döndi gitdi— ol töweregime esewan etse, beýleräkde üç-dört düýp hajraw ýandak bar eken. Perman pil aýakýalaňaç ýöredi ýandaklaryň üstünden eýläk-beýläk . --At münüp bilýämiň? --Wah soltan agam, men türkmen ahyry. Ýalaňaç atda dürsüne oturyp, tersine oturyp çapýan! Nedir han Permanyň niredendigini, obasyny-ilini sorady, Perman pert-pert aýdyp berdi. Han Çowdur hany tanaýan eken, ony-muny soraşdyrdy. Çoňra Nedir han sag golunyň süýem barmagy bilen burnunyň gapdalyny gaşady, sol gözüni ýumup sag didesi bilen ýigidi synlady. Permanyň gahary geldi: --Nedir şahynşah agam, men şu yhlasym bilen iki ýyl Hydyr atany agtaran bolsam tapardym! Hydyr ata meni baý ederdi. Şu yhlasym bilen iki ýyl abyköwser suwuny agtaran bolsam tapardym. Ölmez-ýitmez bolardym. Siz ýa meni nökerlige alarsyňyz, ýegsa-da men size garşy uruş yglan edýän! Ynha, Alynyň ala meýdany! —diýip, Perman pil tommaýly taýagyny egnine atyp gazaba mündi. Nedir han lahlahlap güldi-de: --Yzymyza düşüber--diýdi. Heý, Perman pil olaryň yzyna düşermi, gorduryp barýar zaňňar goşunyň öňüne düşüp, şahynşanyň şatyry ýaly. Günortanlar goşun haýsydyr bir derýanyň ýakasynda düşledi. Perman pile-de nahar-nowa berdiler. Bir az dynç alansoňlar oňa ýalaňaç ata atlanyp çap diýdiler. Pah, göreniň Perman pil. Bedew atyň doganoglany! Çapdy, atyň üstünde her hili oýun görkezdi. Keýpi dag ýarýan Perman beg ýalaňaç janaweriň üstünde ters ýatyp, aýaklaryny atyň boýnundan çilşirip, bedewiň ýagyrnysyna şapbat çaldy. Sarç at ok bolup gitdi. Perman pil bagyrtlap ýatyşyna atyň bilinden gujaklap şowhun turuzýar. Nedirem, onuň han-beglerem gülüp-gülüp kese ýykyldy. Soňra oňa serkerdeleri bilen göreş tutdurdy, zaňňar garşysyna çykany ýere çyrşaýar!. Magtymgulynyň oglanlygy şowhun-şagalaňyň, şady-horramlygyň, ýakalaşyň-basalaşyň içinde geçdi. Çaganyň dünýäsi -- oýun, dünýä—çaganyň oýny. Çaganyň jany özüne zor gelip, damarlarda nowjuwan gany at salýar. Jan çaganyň gursagyna, çaga dünýäniň gujagyna sygmaýar. Uzyn boýly, atanak ýaly atan-satan ýaşajyk Magtym (çagaka oňa köplenç Magtym diýerdiler) deň-duşlary bilen boz alalarda çapyşyp, taýça-naklary kowalap tutardy, dälije ýelleriň deňinden öterdi, guş kimin uçup göwnüniň yzyndan giderdi. Oglanlar bilen pozzam oýnap, ýaý atyşyp, sapan atyşyp, çapyşyp şyr takyrlaryň demirtikenlerini dabanlary bilen çöplärdi. Ýaşyl gyrtyçlaryň arasynda ýylgyryp ýatan mährem ysmanaklary, ýeri güberdip jyklap oturan gelin kömelekleri bagt tapan ýaly tapardy. Derýanyň ýakasynda kemala gelen ýaş oglan suwuň balyklaryna ýüzmäni öwredip, sakarbaraklardan çümmäni öwrenip, erteki ýaly çagalygyň keýpi-sapasyny görýärdi. Magtymguly ýellere öwrülip, dünýäniň daşyna aýlanasy, jowur ak bulutlara atlanyp, mawy asmana seýli-seýran edesi, ummanlaryň depesinden ýöräp, pynhan syr bolup ýatan gözetimden aňyrky owadan ýerleri göresi gelýärdi. Onuň göresi, bilesi, akyl ýetiresi, öwrenesi gelýärdi, hyjuwy, hyrujy tüweleýläp, gursagyna ýerleşmeýärdi. Magtym-guly ulalmaga gyssanýardy, hatda gijeler uklan çagam ösýärdi, boý alýardy. O mahal onuň gündizleri waharman ýaly, gijeleri gyzyl garpyz ýaly datly-dy. Owadan dünýä ejesi kimin ezizdi, dädesi kimin mähribandy. Deň-duşlary bilen oýnap, lüti çykyp,sütüni süýnüp gelende ejesi başyndan sypadygy ýadawlygy aýrylar giderdi. Garry enesi Nurjahan ene «ýadadyňyzmy balalam?» diýse: --Enejan, heý oýnabam ýadap bormy?--diýip, Magtymguly ýylgy-rardy. Ol oglanlykdan enesine höwrügipdi. Aslynda Nurjahan ene Hakyň nurundan ýaradylan ýaly ezizdi. Onuň agtyklaryny söýüp ezizleýşi başga-dy, ol: --“Balalarym, ýaranyňyz ýagşyzada, piriňiz perişde, howandaryňyz Hak Alla bolsun!.. Balalarym, Allanyň welisi, ulus-iliň ulusy bolasy-ňyz-da hernä!” diýerdi. Käýinende bolsa”--Haý, aparanyňyz altyn-kümüş, goparanyňyz lagyl-göwher bolsun, bezzatlar!. Getireniňiz alkyş, ýiti-reniňiz günä, eşdeniňiz sena bolsun, düpbozanlar!..” diýerdi. Hajygow-şanlylar “Hajar ejäniň söýünjinden Nurjahan ejäniň gargynjy has eziz” diýip gülüşerdiler. Entek Magtymgulynyň dünýäsi oýundy. Entek: Bu dünýäni göçüp bargan göç bildim, Işini bet aňdym, özün puç bildim, Öňün oýun gördüm, soňun hiç bildim, Tirik eken, öli bolup galyp men. - diýen goşga çenli arada san-sajaksyz eşretli-ezýetli ýyllar ýatyr. Agalary Abdylla bilen Mämmetsapany, Selim Magtymgulynyň ogullary Hanjar, Arslan, Janaman dagy eýýäm bäş-alty ýaşynda Magtymgulyny sarç-sarç bedewe mündürip, kä ýalaňaç ata ataryp çapmany, at üstündäki ýönekeý oýunlary öwrederdi.Tir-keman, sapan atmak, gürzi zyňmak, gylyç-laşmak, naýzabazlyk etmek ýaly pişelerem o zamanlar çaga oýnudy. Sekiz-dokuz ýaşan oglanlar eýýäm ata münüp, gylyçlaşyp, gürzüleşip ýörendir. Abdylla, Hanjar, Arslan, Mämmetsapa, Janaman dagy Magtymgulynyň hem özleri ýaly dogumly bolmagyny isläp: --Ata ajal bolup ýapyş! Ata erk edip bilmeseň, erteki gün eşek bilen harman döwüp, öküz bile künde sürmeli borsuň! Gorkma, atdan ýykylyp ölen türkmeniň mazary ýok! Sen beg bolmalysyň, babamyz ýaly beýik han bolmalysyň! --diýerdiler. Magtymguly çagaka birnäçe gezek atdan ýykyly-bam görüpdi, bijaý awunan saparam bolupdy. Şonda Abdylla: --Atdan ýykylyp görmedik kişi, ýykylsa, öläýjek ýalydyr! Görseň, atdan ýykylanyň bilen Ýerem ýykylan däldir, gögem sökülen däldir-- diýip, olar Spartany bilmeseler-de, birek-birege Spartan terbiýesini berýärdiler. Sebäbi durmuş gazapdy, olar özlerini ýewuz durmuşa taýýarlaýardylar. It bilen söweşjek bolsaň, hiç bolman, möjek bolmalydy. Onsoňam ýenaçylaryň neberesiniň ählisinde diýen ýaly Magtymguly ýenaçynyň göçgünli, tüweleýli, howalaly, garadangaýtmaz ruhy bardy. Gijelerine töweregiň çagalary üýşüp göreş tutardylar, ýakalaşyp-basalaşyp keýpden çykardylar, ýadanynam-suwsanynam,ajygyp-surnuganynam bilmän, ”içegesini süýräp oýnardylar». Arazgül eje gijäniň bir wagtyna çenli alagoh gygyryşýan çagalaryna gatyrganyberjek bolsa, Döwletmämmet aga: --Arazgül, degme oýnasynlar, bu mahal olaryň keýpi-sapasy oýun, bu mahal olaryň dünýäsi oýun, goý, oýnap göwün solpusyndan çyksynlar, ynha aga-gara düşünip, durmuşyň bir gyrasyndan girerem weli, olary dünýä oýnap başlar—diýerdi. Ýylan hinini ýeriň çuňundan gazýar, sebäbi onuň çagasy ýaşaýşa bagry bilen süýşüp-süýrenip çykmaly. Guş höwürtgesini belent agaçda gurýar, sebäbi onuň jüýjesi ganatlaryny ýaýyp, ýere ýetmänkä uçmany öwrenmeli. Adam oglam çagalaryna öz akyl-paýhas, sowat derejesinde terbie berýär. Rysgal-döwletli Döwletmämmet aga başda perzentleriniň ählisini molla berip, başlangyç mekdepde olaryň yhlasyny üns merkezinde saklaýardy: Göwni okuwdamy—okasyn! Göwni at-ýaragdamy—aty bilen bolsun! Göwni güzerandamy— hanha pil-kätmen, hanha mal-gara!.. Abdylla, Mämmetsapa, Magtymguly dagy ýakalaşyp, basalaşyp ulalansoň biri-birine basdaşdy, şol sebäplem Abdylla bilen Mämmetsapa mekdepde nämäni öwrense, ol hem öwrendi, olar näme ýazsa Magtymgulam ýazdy. Şeýlelikde, ol alty ýaşynda okuwa baranynda ýedi ýaşlylar bilen, ýedi ýaşynda dokuz-on ýaşlylar bilen sapakdaş boldy. Ol zamanyň mekdebi şeýledi, sapagyňy bişirdiňmi-- ýokary ýaşlaryň toparyna geçibermelidi. Magtymguly dokuz ýaşyndaka murty garalan gödekler bilen okady, şol ýylam onuň üýtgeşik ýadynyň üsti açyldy. Magtymgulynyň fenomenal ýady bar eken, Döwletmämmet aga ilki ony göz ýadydyr öýtdi, soň görüp otursa, ol beýni hem göz ýady eken. Magtymguly islendik kitaby ýat tutmak islese, aýratyn üns berip okaýardy, soňam kitabyň ýeke sözüni sypdyrman aýdyp berip bilýärdi. Magtymguly hakykatdan-da depesi ýyldyzly çagady. Uzyn-uzyn gyş gijeleri bolsa Nurjahan ene ýonaçylaryň ýaş neberelerini daşyna üýşürip, ertekidir rowaýat, tymsaldyr, geň-enaýy wakalary gürrüň bererdi. Nurjahan enäniň bolsa bilmeýän ertekisi, rowaýaty, eşitmedik geň-taň wakasy ýokdy… Uly döwleti synyp, Pethaly hanyň penjesinde galan şazada Tähmasyp üç müň atlysy bilen baran Nedir hany Allatagalanyň bagş edäýen halas-gäri hökmünde gujak açyp garşylady. Boz toprakda hyrawa biten Nedir ömründe ilkinji gezek şazada gördi. Şazada cadadan ynanjaň, batyrdan buýsanjaň Nediri gören badyna tanady. Obaly serdar ýigide arkaýyn janyňy ynanyp boljakdy, Nedir bagty küle çöken şazadany azy ýaryp, ajdarha çykan Pethaly handan gorap biljekdi. Şazada Tähmasyp desbi-dähil Nedire belent han adyny berip, alyp baran ýygnyna kanuny goşun-başy belledi. Pethaly han bilen Nedir han bolsa goşunyň öňünde Tähmasyp şazadany Eýranyň şasy diýip yglan etdi. Gaçyp-tezip ýören şazada bagt ýylgyryp, geljegine, şahynşa boljagyna ynam döredi. Ýöne daşy gülüm-ýalym, içi hüjüre-hüjüre hile-ally Tähmasyp şa Pethaly handa-da, Nedir handa-da täjine-tagtyna tamakinleri görýärdi. Ulug köşkde azy ýaran wezir-wekillerden pirim-pyrryldagy öwrenip sapagyny çykan şazada işe girişdi. Ol Nedir hany derhal pajyny-hyrajyny bermän ýören Türkmensähra ugramagy, ony türkmenler bilen duşman edip goýmagy makul bildi. Ady-abraýy dag ýarýan Pethaly hanam bu pikiri iki elläp goldady, sebäbi Pethaly hanam Nediri göreninden tanapdy. Nedir han onuň tagta barýan ýeluna böwetdi. Oňa-da dabarasy dag aşan Nediriň türkmenler bilen duşman bolmagy gerekdi! Çowdur hanyň permany bilen gökleňler, gerkezler, ýemutlar ata atlandy. Pirler, aksakallar ak pata berdi, Çowdur han müň, Hanaly han müň çemesi ýygyn bilen duşmana garşy ýörişe ugrady. Çowdur han hiç haçan ätiýajy elden bermeýärdi. Onuň buýrugy bilen Döwletaly han müň atlysy bilen Gürgen derýasynyň ýakasy syryp duşmanyň solundan, Buzly polat müň atlysy bilen sagyndan urmalydy. Begenjaly serdar bolsa müň atly bilen Nedir hanyň arka tarapyndan gelmelidi. Birki persah ýel geçip-geçmänkä Nedir hanyň leşgeriniň sanjagy-tugy göründi. Bir salymdan iki goşun biri-birine garşylaşdy. Nedir hanyň üç müň ýygnynyň yzy bilen Tähmasyp hanyňam iki müň ýygny ýetip gelýärdi. Sarç atyny dabradyp Nedir han iki serdary bilen öňe çykdy. Çowdur han, Hanaly han, Muhammadaly han olaryň garşysyna bardy. Nedir han: --Haýsyňyz kethuda?—diýdi. Döwletmämmet kethuda: --Nedir han, sen biziň ilimize ýygyn dartyp geldiň! Seniň bilen indi kethuda däl-de, serdar gürleşer! --Bolýar, serdar bilen gürleşmeli bolsa, serdar bilen gürleşeris!—Ol ortada duran ak atly Çowdur hany serdar sandy— Men Nedir han, Tähmasyp şanyň goşunbaşysy!—diýdi. Çowdur han: --Nedir han, biz seniň at-owazaňy eşidýäris, emma Tähmasyp diýeniň kim bolýar? —diýip, sowal berdi. --Tähmasyp şazada mundan buýana Eýranyň şasy! --Eýranda şa-da ýek, şahynşa-da! Eýranyň şahynşasy Süleýman Hüse-ýin basybalyjylaryň hany Mir Mahmydyň başyna jygasyny geýdirip, tagtyny, halkyny, ýurduny duşmanlara bagş etdi. Tähmasyp şazadany kim şahynşa saýlapdyr? --Biz saýladyk! Tähmasyp şanyň goşunbaşysy Nedir han bilen Astrabadyň beglerbegisi Pethaly han! Çowdur han, biz Türkmensähradan salgyt almaga geldik! Çowdur han ýylgyrdy. --Türkmensähra Tähmasyp şanyň şahynşa atasyna-da, babasyna-da paç bermeýärdi! Gel-gel indi biz täjini-tagtyny, ýurduny duşmana berip, gaçyp-tezip ýören awara kişä salgyt bererismi! Nedir han, şa şekilli şa ýygyn dartyp paç-hyraç ýygnaýan däldir! --Çowdur han, men bir dikýeňse türkmendirin! --Dikeňse türkmen, sen bize-de gulak sal! Näme diýip ulug eýrany çar ýanyndan bosan duşmanlar basyp aldy? Heý, ulug Eýran basylyp alynýan ýurtmydar? Emma iki ýüz ýyllap safawylardan bizer-peteňi çykan Eýran halklary “Kim ýurdy basyp alanynda hem safawylardan gowy tor!” diýip, halk basybalyjylara garşy göreşmedi. Biz ýurduny-täji-tagtyny duşmana elin eltip beren safawy şasyna paç-hyraç bermeýäris. --Smz paç bermeseňiz söweşmeli bor! -- Türkmene türkmeniň üstüne ýygyn dart diýseň-- baý-baý göhi gelýän-dir-ä! --Diýmek, salgydyňyzy berjek däl-dä!—Çowdur han başyny yrady—Onda han Türkmensähra gan çaýkadarsyň! --Näme diýip? Türkmeniň gowy harby däbi-dessury bar! Gel, başa-baş söweşeli, sen ýeňseň, salgydy aňry ýany bilen alnyňa eltip bereris! Ýeňil-seň bolsa, gidersiň nalajedeýin şazadaňy yzyňa tirkäp... Tähmasyp şazadanyň jany gitdi, sebäbi ýekme-ek söweşde Nedir han öläýse, görgüli ýaňy arka tapynan serkerdesinden dynýardy, bar umydyndan aýrylýardy. Eger onuň keç ykbaly Pethaly hana galaýsa, ol neneň günlere düşjekdigini bilýärdi. Ol: --Başa-baş söweş gerek däl! Urşa gireli Nedir han!—diýip, yzdan gygyrdy. Nedir han ýamany bilen alarylyp yzyna seretdi. Şazada dymdy—Başladykmy Çowdur han? --Urşuň geňeşi ýek! Iki är ýigit garpyşdy, iki şir ýigit garpyşdy. Gylyç galkana degdi... Ykbaly, şalygy hummara goýlan Tähmasyp şa pursatdan peýdalanyp, üzeňňä galyp, gylyjyny syryp, yzyndaky leşgerlere “Çozuň! Hüjüme geçiň!” diýip zowlatdy. Ol goşunynyň känligine buýsandy. Çowdur han bilen aldym-berdimli başa-baş söweşe giren Nedir han garşydaş goşunlaryň garpyşanyny wagtynda aňşyrybam ýetişmedi. Tähmasyp şa çozmaga perman beren badyna puşeýman kyldy: ol yzyndan- -Mazenderan tarapdan tozan turzup gelýän ýygny görüp, jany gidip Huda-ýyna ýapyşdy. Emma dünýä geleli bäri keýpi-sapanyň goýnunda döwran süren şazadanyň “dadyna” sol tarapdan müň atlysy bilen Döwletaly han, sagyndan müň atlysy bilen şowhun turzup gelýän Buzly poladyň goşuny ýetişdi. Turdy bir uruş, gopdy bir jeň! Giň meýdanda göterilen tozan-çaň, gerdi-gubar asmandaky perişdeleri demikdirdi. Goh-galmagal, atla-ryň kişňemesi, gerçekleriň haýkylygy, ýaralananlaryň nagrasy asman-zemin arasyna doldy. Söweş on-onbäş minuda çekdi. Birden gaýra tarapdan çykan toplaryň gümmür-gümmür-gümmürdisi asmanyň oňurgasyny syryp-syndyryp gitdi. Pethaly han ak atynyň üstünde ak baýdak bulaýardy. Onuň yzyndaky iki ýüz atlysam pöwhe-de-pöwhe asmana atýardy. Ençeme düýäniň howudynda gurlan kiçi toplar ýene gümmür-gümmüre başlady. Beglerbegi Pethaly hanyň ak baýdak bulaýanyny görüp, uruş togtady. Nedir hanyň, Tähmasyp şanyň goşunam türkmensähralylaram yza çekildi. Giden ala meýdanda läş-läşe, ýaradar ýaradara kaklyşýardy. Çowdur han, Nedir han şindem ak baýdagyny bulaýan Pethaly hanyň ýanyna ugrady, Tähmasyp şa-da olaryň yzyndan ýumlukdy. Iki tarapdan onlarça-onlarça ýigitler ýaradarlaryň ýanyna baryp, her tarap öz ýigitleriniň ýarasyna melhem ýapyp, bejerip başlady. Ençe ýyllap otda-suwda taplanan atly-abraýly Pethaly han ortalyk pikiri tapdy. Ol: --Begler, hanlar! Ýurt orramsylara olja bolan çagy bize uruşmak uslyp däl. Türkmensähralylar salgydyň ýerine biziň bilen ýurdumyzy duşmanlardan arassalamaga giderler!—diýdi. Elbetde, Pethaly han bu pikiri ozalam aýdyp bilýärdi, emma aýtmandy, sebäbi oňa Tähmasyp şanyň Nedir hany türkmenler bilen duşman etmegi gerekdi. Şol mahal goşunyň içinden bir ýigit olaryň ýanyna geldi. Ol Nedir hanyň alky-myna baryp: --Nedir däde, men Hakberdi awşar!—diýdi. Nedir ony içgin synlap: --Hakberdi awşar? –Ýigit baş atdy. Nedir atyndan düşüp ýigit bilen gujaklaşyp görüşdi.—Asyl siziň araňyzda meniň doganoglanym hem bar eken-ä!—diýip, hoş boldy. Begenjaly serdar: --Nedir han, türkmen bir bir göt-de-çat halk, soraşyp—ideşiberseň doganyňam, daýyňam, ýegeniňem tapylar--diýdi. Serdarlar, hanlar gülüş-di. Türkmensähraly serdarlar, hanlar maslahatlaşyp Nedir hana müň nöker bermek kararyna geldiler. Hanaly gökleň bolsa müňbaşy bellendi. hhh Janaman Magtymgulynyň dostydy, doganoglanydy, dilewardy, ýerin-den gelme bezzatdy, hokgabazdy,özem iki ýaş uludy. Bir gezek şeýle waka boldy: Kynyş beg daşarda nahar edip ýördi. Mydama derman ot-çöp ýygnap, meýdanda ýabany ýatyp-turup ýörensoň,ol tagam taýynlamaga ökdedi, elem diýseň süýjüdi. Ýenaçylaryň goňşusy Şaraly şeýtan onuň ýeňsesin-den gelşine kire serlen gyňajy Kynyş begiň başyna atyp: --Kynyş bibi!.. Kynyş bike!..— diýip, wahahaýlap güldi.—Erkek garrasa hatyn, heleý garrasa batyr bolýandyr, allanäme heleý bolupsyň! Mundan buýana Nurjemalyň kirinem ýuwuber, kilimini kakyp, külünem atyber!.. Şaraly şeýtanyň ýeknasyz oýnuna Janamanyň gahary geldi . Namys-jaň oglan Kynyş dädesiniň üstünden gülýän şum şeýtandan ar almagyň kül-külüne düşdi. Ertesi gara daňdan ullakan haltany alyp girdi saman kepbä. Kepbäniň ýekarky pürsünde saryja arylaryň ketegi bardy, günebakar kellesi ýaly.Göreniňiz Janaman, haltany ary ketegine geýdirip, burup goýberdi. Ketegiň arylary örüp ýetişmänkä haltanyň agzyny bogup, Şara-ly şeýtanyň derwezesiniň iç ýüzünde goýdy. Tapan hokgasyna hoş bolup, teblehana dulanyp jyklap başlady. Saba-säher ukudan oýanan Şaraly şeýtan derwezäniň iç ýüzünde duran täzeje haltany gördi. Bilesi-gelijilik gursun! Haltanyň içinde näme bardygyny görjek bolup, maýyp aýagyny uzadyp, haltanyň agzyny açdy. Ketegi ýumrulan dergazap arylar çozdy çolak görgüliniň üstüne! Şaraly şeýtan maýyplygynam unudyp, sesden ýedi esse ýekary tizlik bilen gaçdy, gaçdygyça-da arylar öç aldy. Janaman guran hokgasyna heziller edip, “enaçylara degseň, almytyňy alarsyň” diýip teblehanalaryna bardy. Görse, eýýäm Magtymguly atyny eýerlän eken. Janamanam atyna atlanyp ikisi at çapyşmaga gitdi. Guşluklar Magtymguly bilen öe geldi. Öýde bolsa oňa başga tomaşa, Kynyş beg bilen Selim zergär garaşýardy. Selim zergär gaty gazapdy: --Janaman, munda gel—diýdi. Janaman gypynç etmän bardy. Selim beg oglunyň gulagyndan burup tutdy.— Şaraly şeýtanda köýüp ýatan aryň barmydy, eşşek! --Hä, näme bolupdyr däde? --Aý, akmak, maýyp bendäni arylar çakyp öldüren bolsa nätjek! --O nämäniň arysy? –diýip, Janaman bilmediksiräp mönsüredi. --Senden başga kimiň kellesine geler daň bilen ary ketegi halta salyp, Şaraly şeýtanyň gapysynda goýmak—diýip, çygar çybyk bilen bäş-alty ýela oglunyň ýagyrnysyna ýelmedi. Şol pursat Şaraly şeýtan daşaryk çykdy. Bendäniň iki goly gapdalyna gerlip durdy, ýumruk ýaly gözleri ýumukdy, dodaklary goçuň böwregi ýaly daşyna çöwrülip, gulaklary tutaja dönüpdir. Şaraly şeýtany mazaly synlan Janaman: --Däde, ýene bäş-alty çybyk ýelme—diýip, ýagyrnysyny tutdy.—On-onbäş gamça degýän hokga eken! Ulug Eýrany Hywa hany, Buhara emiri, osman soltany, orslar, seýistan hanlary çar ýanyndan basyp alyp talap tozdurýardy. Yňdarma Nedir han Tähmasypguly han adyny alyp duşmanlara gelegurt oýnuny görkezýärdi. Alla ugruna salyp her ýörişi ýeňiş bilen tamam bolup, ady-owazasy Eýra-na dolup, halklar-halaýyklar oňa ýurduň halasgäri höküminde buýsanýardy. Tähmasyp şa-da onuň gadyryny aňryýany bilen bilenden bolýardy, ýöne wagt geçdigisaýy şanyň sepi açylýardy. Ol Nedir hanyň çak edişi ýaly merdi-merdana ýigit däl eken: Nedir han Tähmasyp şanyň saman astyndan suw goýberip, ýer astyndan edýän pis pyssy-pyjurlyklaryna göz ýetirip ugrady: ol çawy ýedi yklyma dolan Nedir hany ilki Türkmensähra çozduryp türkmenler bilen, soňra gajarlaryň hany beglerbegi Pethaly han bilenem duşman etdi. Sebäbi Tähmasyp şa goşunbaşysy Nedir handanam, san-sajaksyz gajarlaryň meşhur hany Pethaly handanam gorkýardy, çünki güýç, at-abraý, goşun olaryň ygtyýaryndady, ikisi hem yklyma meşhur serdardy, ikisi hem şahynşa tagtyna mynasyp beglerdi, üstesine-de tutuş eýranlylar safawylaram, Tähmasyp şanam itden beter ýigrenýärdi... Ençe ýyl köşkde terbie alyp, köşk emeldarlarynyň hile-alyny, pirim-pyrryldagyny, pislik-pidullygyny kemsiz öwrenip melgun çykan Tähmasyp şa Mir Mahmydyň goşuny gabalanynda perman berip, düýnki arkadagy Pethaly hany öldürtdi, onam hamana Nedir hanyň görkezmesi bilen öldüren şekilde ile ýaýdy. Nedir han bolsa o mahal ençe ýyl bäri Eýran şahynşasynyň jygasyny başyna geýip, ýurdy talap-tozduryp ýören Mir Mahmydyň goşunyny pürreläp ýördi. Garadangaýtmaz Nedir han ahyry ýurt duşmany Mir Mahmydyň ýygnyny kül-peýekun edip, tylla jygasynam, kellesinem aldy. Ençeme ýyl bäri gylyç syryp Eýrany basy-balyjylardan halas edip ýören Nedir han pidul şazadany tanapdy. Tähmasyp şa bolsa uly duşmandan dyndaran serkerdesine-- Nedir hana uly baýlyk, sowgat-serpaý ýapyp sypjak boldy. Nedir han: --Maňa serpaýyň, baýlygyň geregi ýek. Halkymyzy, hiç bolmanda, üç ýyl san-sajaksyz salgytlardan boşat!—diýdi. Tähmasyp şa gulagyna ynan-mady, gözlerini höwlendirip: --Men ýygnymyň hakyny tölemäge pul tapamok. Halky salgytlardan boşadyp, ýurdy gedaý goýjakmy?—diýdi. --Safawy şalarynyň ähli ýalňyşam şondan başlaýar. Hakyna tutma goşun hakyna tutma goşun bolýar. Hakyna tutma goşun, elbetde, duşmanlar bilen söweşýär,emma ol her söweşde diri hem galmaly! Ýurdy baknalykdan çykarmak üçin bolsa, watan üçin şirin janyny, dinini-imanyny goýup ata çykan şir ýigitler gerek! Halk galkynmasa, halk ýaraga ýapyşmasa, diňe goşun bilen Eýrany basybalyjylardan halas edip bolmaýar. --Ek, men hiç kimi salgytdan boşatman. --Onda maňa ýurt ber! Horasany, Mazenderany, Seýistany, Kermany maňa ýurt ber! Men saňa salgytdan boşan halkyň gudratyny görkezeýin! Nedir hanyň gaty çynydy. Onuň haýyşynyň aňyrsynda ýalaňaç gylyç dudy! Neýlesin, Tähmasyp şa serkerdesi Nedir hana Horasany, Mazen-derany, Seýistany, Kermany ýurt bermäge mejbur boldy. Tas ýurduň ýaryny alan Nedir han öz adyna pul zikgeletmegi hem talap etdi, garasaý, ol indi goşunbaşy däl-de, Eýranyň ikinji şasydy. 1732-nji ýylyň başynda Maşatda uly mejlis geçirip, ençe ýyl baknalykda talap-tozdurylan Horasan, Mazenderan, Seýistan, Kerman halkyny üç ýyllap san-sajaksyz salgytlardan boşatdy, kethuda- aksakallara ,hanlara-beglere şalyk serpaýlaryny ýapyp, sowgat paýlap, nije-nije görnükli adamlara tarhan-hat berdi. Halkyň göwnem galkdy, göwresem. Nedir han Mir Mahmydyň dogany Eşrefi hanyňam goşunyny çym-pytrak edip, owgan sülsatlaryny ýurtdan çykardy, soňra demirgazyk-günbatar welaýatlara osmanlylara garşy söweşe gitdi. Gün geçdigiçe Tähmasyp şanyň dünýäsi daralyp, kalbyny gulguladyr dowul aldy: ol indi basybalyjy owganlardan, osmanlylardan, özbeklerden, orslardan däl-de ady arşa çykan Nedir handan gorkýardy. Gursagynda dowly köwsar urýan şa ýurdy Nedir hana bereninden duşman-laryna berenini amat görüp, derhal osmanlylar bilen nalajedeýin şertnama baglaşyp, olara birnije welaýaty-etraby berdi. Petr Birinjä arz edip, kömek sorady. Ors imperatory Tähmasyp şaga osmanlylar bilen söweşde ýakyndan kömek etmäge wada berdi. Şa bolsa Eýranyň iň baý welaýatlary— Gilýany, Mazenderany, Astrabady orslara bagş eýledi. Sebäbi Osman soltany bilen Ors imperatory arkasynda dursa, ol şaly-gyny ýitirmez, entek galkynyp güýç toplar, eýder-beýder bagş eden wela-ýatlaryny yzyna alar! Emma Nedir şa onuň täjine-tagtyny alaýsa, işiniň gaýtdygydy, bagtynyň ýatdygydy!.. Tähmasyp şanyň baglaşan nalajy şertnamalaryny eşiden Nedir hanyňam, beýleki goşunbaşylaryňam, serkerde-sypahsalaryňam gahar-gazaby ýetjek derejesine ýetdi: Tähmasyp şa olaryň çemçeläp ýygnany çanaklap döküp, gyrmyzy ganyny saçyp alan welaýatlaryny duşmanlara mugtuna paýlap ýör. Tutuş halkam ederini bilmez gorkak Tähmasyp şanyň Eýranyň uçmahy welaýatlaryny duşmana berenini ýazgardy, ýigrendi, näletledi. Nedir han ýurduň çar ýanynda basybalyjylara garşy söweşip ýören serkerdeleri, ýygynbaşylary, beglerbegleri, hanlary, häkimleri çagyryp, näletsiňmiş osmanlylar, orslar bilen masgaraçylykly şert-nama baglaşyp ençe welaýaty duşmanlara bereni üçin nalajedeýin Tähmasyp şany tagtyndan düşürip, ornuna onuň sekiz aýlyk ogly Abbas safawyny şahynşa diýip yglan etdi! Serkerdelerem Nedir şany Abbasyň atalygy belledi. Magtymguly geplemsek däldi, ol ýaş başyndan özi bilen--içki meni bilen gürleşmäge endik edipdi. Diwan yzyna diwan okaýan synçy oglana bimany durmuşy gürrüň edeninden özi bilen bilen gürleşmek gyzyk-lydy. Ol saman-sypal geplerden, köz çykmaýan gürrüňlerden gaçyp, özi bilen, gadymy aryflar, akyldarlar, läheň şahyrlar bilen, tebigat bilen, dünýä bilen gürleşýärdi. Şol sebäplem daşyndan dymma hem gedem görünýärdi. Magtymguly dädesi öýde çagy onuň dana gürrüňlerini diňläp doýup bilmeýärdi. Dokuz-on ýaşlaryndaka dädesi ony uly adam saýyp, deň-duşy bilen gürleşen ýaly gürleşýärdi. Bir gün Döwletmämmet aga: --Men saňa hezreti Sokratusyň söhbetdeşliginden gürrüň bereýin. Ynha, ulalarsyň, ylymlaryň atasy, pähim-parasadyň piri Eflatunyň diwanlaryny okap, Eflatuna, Sokratus halypa, Arastu halypa göz ýetirersiň. Hezreti Sokratusyň şägirtleri gaty kän eken, emma ol şägirtlerine-okuwçylaryna söhbetdeşlerim diýipdir, pakyr garybam bolsa, okadýany üçin pul almandyr, sebäbini soranlarynda “men bulary okadamok, men bular bilen söhbet edýän” diýer eken. Her bir ylymdar dananyň bilýän zady kän, ol seniň näme bilmek isleýäniňi bilmeýär, şol sebäplem pähim-paýhasly, parasatly kişi boljak bolsaň, soramaly, pikir alyşmaly, söhbetdir jedel etmeli. Söhbetdeşlik ot bolýandyr, oda her tarapyndan jagrama goýup dursaň, heziller edip ýanar. Şonda ol parlap menem, senem mazaly çoýar. Eger oda diňe men odun atyp otursam, hatar goýulan odunlar ibaly ýanmaz... Oglum, pyçagy pyçaga çalyp ýiteldýändirler! Daşy daşa urup ot alýandyrlar. Hany sen maňa aýt: meýdandaky ýabany biten üzümler, üljeler, armytlar nähili? --Turşy, iýer ýaly däl. --Sebäbi näme? --Olara seredýän ýek, düýbüni depip, dökünini ýetirip, suwuny berip, hasylsyz aýanak şahalaryny kesişdirseň, olaram bal ýaly datly miwe getirer. --Anha, üstünden bardyň. Adam ogly hem şeýle. Çagalykdan özüňi beden, ylym-bilim, akyl-paýhas, edep-ekram taýdan terbiýelemeseň, hasylsyz aýanak “şahalaryňy kesişdirmeseň” miwäň kiçijek, turşy, umuman ýabany bolar. Her bir çaga öz özüniň seýisi, türgeni, mollasy, halypasy, ussady bolmalydyr. Mollaň saňa öz bilýän zadyny öwreder,emma sen diňe mollanyň bilenini bilmeli däl, dünýäde seniň öz bilmeli närseleriň bar ahyry. Beýik Biribar ýagyşlary-garlary tohum eýläp, topraga, tebigata dürli-dürli ösümlikleri, ot-çöpleri ekýär, a sen adam: Biribaryň ekenin-den geregini alyp, gerekmejegini soguryp, özüňe geregini ekmeli!—Döwletmämmet aga bir pursat dymyp, Magtymgulyny synlady—Oglum, dünýäde göwnüň küýsän zadyň bardyr, emma nadanlykdan gaýry ählisi azap-dan, zähmetden aňyrdadyr: süýjüje ýaşajakmy—ajyja deriňi dökme-lidir! Melgun boljak bolsaňam, ilki perişde bolmalydyr!.. Döwletmämmet aga: --Magtymguly, ”aý, ýalan dünýädird-ä diýerler”, emma ýalan dünýäde çyn ýaşagyn.Mydama içiňem-daşyňam, päliňem-niýetiňem, oý-pikiriňem, arzuw-hyýalyňam päkize sakla, sebäbi dünýä Allanyň meçjidi. Ine şonda sen bu dünýäniň ýalan dünýä däl-de, gudratlar, keramatlar, syrlar dünýäsidigini görersiň—diýdi. Dädem, beýik alym boljakmy, dana akyldar boljakmy—ýaşaýşy oka! Köne dünýäde ýüz müň ýyl bäri ýaşaýyş hakda ýüz müň kitap ýazylandyr... Eger beýik şahyr boljakmy—onda git daglara-dere-lere, deştlere-sähralara, ummanlara-ýaýlalara! Akyl-huşuňy çaşyryp barýan owadan dünýä, göwnüňi heýjana salýan gözellikler şahyrlaryň diwanydyr. Şol diwany oka! --Däde, ylahy gudratlar, keramatlar dünýäsi diýýäler, emma Allahyň gudratyna ýa keramatyna duşdum diýýän ýek-la? --Hany Allanyň gudratyna, keramatyna duşmaga mynasyp adam barmy?—diýip, ol oglunyň soragyna sorag bilen jogap berdi.—Oglum, oglum, Ýaradanyň ýalpy-ýaz dünýäsinde hemme adam ýagşyzada ýaly bolaýsady, gudrat näme, Allatagalanyň özem adamlaryň arasyna gelip,buýsanyp giderdi! Magtymguly pikire batdy, Döwletmämmet aga: --Didäm, gudraty güýçli Allatagala Adamy arşda ak palçykdan, mähir-muhabbetinden,ylahy nurundan, rahmetinden, gudratyndan-keramatyndan, söýgüsinden-yhlasyndan ýaradyp, hezreti Adam atamyzy pygamber kylan-dyr. Onuň nebereleri hem zeminde pygamberlik edendirler.Emma Adam atadan gözbaş alyp gaýdan halk set müň-set müň ýyllarda, ýaşaýyş üçin göreşlerde, garaňky-gaflatly eýýamlarda gudratyny, keramatyny, hatda adam diýen mukaddes adyna çenli ýitiripdir. Ýöne islendik adamyň gursa-gynda beýik Biribaryň yşkyndan bir ülüş yşk, gudratyndan bir parça gudrat, keramatyndan bir bölek keramat bardyr. Bagşy-sazandalaryň çagalykdan ürç edip aýdym-saz öwrenişi ýaly, pälwanlaryň oglanlykdan göreş tutup, ýakalaşyp-basalaşyp bedenini seýisleýşi ýaly, çagalykdan kalbyňdaky ruhuňy kemala getirmeli, seýislemeli, kämilleşdirmeli, ösdürmeli! Ruh-- ynsan bedeniniň şasy.Ruh Alladandyr, Ruhuňy bedeniňe şa eýläp ezizläp kemala getirseň, gursagyňdaky gudratam, keramatam kemal tapyp kämil çykar. Ýaradan uçgun berdimi? Ot almany özüň oňar! Oglum, ylym-sowadyňy alaňsoň kämil çykyp bilmeseň, ömrüňi aýan bilen şübhä-niň,haaslar bilen aamlaryň, ýagşylar bilen ýamanlaryň, perişdeler bilen mahluklaryň arasynda ýaşap geçersiň! Şonda Hudaýyňam BAR bilen ÝEGUŇ arasynda ýerleşer... Birde Biribaryň barlygyna ynanyp adam bolmaga ymtylsaň, birde peýdaň, bähbidiň zerarly onuň ýeklugyna ynananyp, melgunyň yzyna düşersiň! Oglum, gadym zamanlarda merdi-merdan ata-babalarymyz gije ýassygynyň aşagynda gylyç – hanjar--gezlik goýup ýatypdyr, soň-soňlar gurhany ýa kelam kitaplaryny goýar ekenler. Indi bolsa ýassygynyň astynda pul goýaýmasa bu adamlar ýatyp bilmese näme!.. Oglum, biz namaz okaýan çagam pul sanaşyp oturan kişileriň döwürdeşi bolduk. Gork-gork, imansyzlardan gork! Magtymguly ýene birnäçe sowal berdi, dädesi düşündirdi, soňra: —Magtymguly, kärizgenler kärizi nädip göni gazýarlar? --Yzynda çyra goýup. --Dogry. Kärizgenler ýeriň astynda kärizi göni gazmak üçin yzynda çyra goýýarlar. Olaryň yşykdan ugur alşy ýaly alym, aýdyň, akyldar boljak kişiler geljege dürs gitm ýek üçin özünden öň ýaşap geçen akyldar-lardan ugur alýar, emma geçmişiň akyldarlaram ýalňyşyp bilýändir! --Akyldarlaram ýalňyşýanmydyr, däde? --Käte-käte ýalňyşýar, alym ýalňyşanynda älem ýalňyşýar—Döwletmäm-met aga köpmanyly nazar bilen ogluny synlady.--Bir akyldar “adamyň gözleri daşyna garadyp goýlandyr, ol özünden gaýry närsäni görýändir” diýipdir.Akyldar bolasyň gelýämi -- gündizler gözleriňi dünýä tarap, gijeler özüňe tarap, kalbyňa tarap gönükdir. Dünýäniň pynhan syrlary, nämälimlikleri gözetimden aňyrdan albaý bulaýar, şol syrlaryň açary sendedir! Gör, synla, akyl eýle, akylyň ýagşysy gözden girýär! Diňle, gulak goý, senalaryň ýagşysy gulakdan girýär! Oýlan, kelle döw, jümle-jahanyň pynhan syrlarynyň çözgüdi saňa berlendir! Çöregi näçe köp çeýneseň, şonça-da süýjär. Hamyry näçe köp eýleseň, şonça-da çöregi tagamly bolar. Pikir kyl, beýniňi gaýnat, eger süýt bolsaň gaýmagyň çyksyn! Eger suw bolsaň, hapaň çyksyn, päklenersiň. Synla, seret: ýagşy adamlary göz, ýagşy dostlary ýürek, ýaramaz duşmany dil tapýandyr. Pikirlenýän adam şübhelenýändir. Şübhelen, täzeden derňe, täzeden pikirlen...Akyl eýle, göz özünden başgany görer, burun edil alkymynda ýerleşen öz agzynyň erbet ysyndan gaýry ysy alar, adam özünden gaýryny tanar. Özüňe ýakyndan–daşdan, aşakdan-gapdaldan syn kyl, aw agtarýan bürgüt ýaly ýekardan ser sal.Sebäbi diňe özüňi tanap, özüňe akyl ýetirip, dünýä akyl ýetirilýän ýela düşüp bolýar. Şonuň üçinem könelerimiz “Özüni bilen weli!” diýendirler. Maňzyň ajy bolsa, barybir etiňe çykar, daşyň hapa bolsa iru-giç içiňe çöker. Sen dünýäni aç, dünýä seni açar! Sen özüňi söý, emma özüňe aşyk bolaýma, özüňi eziz saý, emma duşmanyň ýaly berk dara! Beýik Biribaryň bu ýalan dünýäsine diňe görüp, eşidip, okap, paýhas bilen synlap akyl ýetirip bolýandyr, emma Biribara barylýan ýela Paýha-syňy ýek edip aralaşylýar. Döwletmämmet aga Magtymgula dikan bakyp: --Oglum,çaganyň göbegini näme diýip,doglan ýerinde gömýärler?—diýdi. Magtymguly: --Her bir çaga göbegi gömlen ýer bilen bagryny badaşdyrsyn, şol ýere örklensin, gömlen göbek çaganyň aňynda, ruhunda, süňňünde watan duýgusy bolup gögersin diýlen niýet bilen gömülýän bolsa gerek!—diýdi. --Dogry. Biziň her birimiz şu toprakdan bina bolup, ýene şu topraga barýas. Oglum, müňlerçe ýyllar bäri türkmen ogullary gämileriň laby-ryny ummana goýberşi ýaly, ata-babasynyň jesedini şu toprakda dulandyrlar, eýýamlaryň aýlanyp, zamanlaryň geçmegi bilen bu eziz toprak mähriban ata-babalarymyza öwrülip gidipdir. Men seniň ataň, sen meni görüp dursuň, emma meniň atam bolsa,ynha şu toprak,çünki meniň ähli ata-babalarym şu toprakda ýatyr!.. --Däde,Ekber Hojam nähili adam? --Ekber Hojamy sen niçik gördüň? --Beýik gördüm, däde.Ekber agada asylzada, hupbulwatan adamy gördüm. --Şeýlemi? Synlaber, öwreniber, dünýäniň, durmuşyň ýüregine ara-laşyber. Durmuşdan uly molla-müderris ýekdur. Golaýda Hajygowşana Ekber Hojam diýip bir kişi göçüp gelipdi. Görgüli pakyrdan pukara, garypdan gallaç eken. Ähli goş-golamy aýaly bilen bir eşegiň üstündedi, özi bolsa örän asylly, tolgundyryjy rowaýa-ta atlanyp gelipdir. Ekber Hojam ümmülmez çagaka, takmynan üç-dört ýaşyndaka ony ogurlap, alys-alys illeriň kerwenine satypdyrlar. Pakyr ýaşynam, milletinem, obasynyň, iliniň nirdediginem bilenok. Diňe ejesi bilen dädesi düýş-dil ýaly, salgym ýaly çala ýadyndamyş. Ýyllar geçýär, Ekber Hojam Hudanyň gudraty bilen gulçulykdan halas bolup, düýrmegi bilen Hakyň ýeluna, pygamberiň ýeluna berilýär. Öýlenýär, illenýär, emma perzendi bolmaýar. Köp ýyllar ýat illerde mysapyr ýaşan Ekber aga ahyry ata-baba ýurdunyň,il-ulusynyň gözlegine çykýar. Onuň pikirine hem berk ynanjyna görä, ýüregi, ruhy, kalby, üç ýüz altmyş emer-damary, süňňi-süýegi göbegi gömlen dogduk depesini tanaýmaly, duýaýmaly, syzaýmaly, aňaýmaly!.. Düe janawer köşeginiň öldürilip gömlen ýerini on ýyldan soňam tapýar! Eýse adam adam bolup göbeginiň gömlen ýerini, ene-atasynyň mazar bolup ýatan topragyny tapmazmy? Mukaddes Watanam gudrat ahyry, keramat ahyry, ol mysapyr Ekber Hojama hökman bir alamat berer! Allajan keremdir, ahyry ony ýalkap, öz iline, diýaryna duşurar! Ýegsam ol biwatan ýaşabam bilenok, biwatan ölübem bilenok! Mukaddes watanyny, keramat ilini-ýurduny agtaryp ýören Ekber Hojam Magtymgula asylzadalygyň, ynsanperwerligiň, hupbulwatanlygyň beýik nusgasy bolup göründi! Ol mysapyr kişide özüne ýakynlyk duýýardy. Ekber aga ýedi yklyma aýlanyp dogduk depesini, ata götenini agtarsa, Magtymguly zeminden ýaşaýşyň manysyny, asmandan Biribardan alamat gözleýärdi. Aslynda mysapyr Ekber agany gowy görmezlik, söýmezlik, sylamazlyk mümkin däldi. Keşbi-keşmeri gaýgy-gamdan, gözleri ajy ýaşdan, göwresi perişan hijrandan bina edilen mysapyr Ekber aga her gün diýen ýaly Hajygowşanyň daş-töweregine aýlanyp, böwrüni diňläp, watan zaryny, il perýadyny dartýardy, öýleden soň bolsa gonamçylygyň başynda çöňňelen gözleriniň ýaşyny suw-sil akdyryp, doga okar oturardy tä iňrik garalýança. Hajygowşanlylar ony barly edip bildi,emma bagtly edip bilmedi... Nirede bähbidi bolup,haýsy ilde garny doýsa, gapjygy gabarsa, şol ýerini mesgen tutýanlaryň köpelip barýan döwründe watanyň zaryny çekip, gözlerinden ajy ýaşyny döküp ýören hupbulwatan Ekber Hojam Magtymgula tas keramatly kişi bolup görünýärdi. Ol uludan demini aldy. Magtymguly entek ýaşdy, owadan dünýäni, ýagşyzada ýaly, perişde ýaly, eteginde namaz okabermeli, mähirden-nurdan ýaradylan adamlary söýýärdi, olara ýagşylyk, ýardam, peýda, delalat etmek isleýärdi. Magtym-guly ýazar: Girýany görmeýän gözlem kör olsun, Il derdin eştmeýän güwşüm (gulagym) ker olsun. Ol entek söýgä ýigrenç, ýagşylyga ýamanlyk, peýda zyýan bilen gaýtargy berilýänini, berýäniň eline tüýkürip, urýanyň elinden ogşalýanyny bilmeýärdi. Magtymguly entek bu dünýäniň duz iýen saçagyna hyýanat edip, suw içen guýysyny pohlap ýörenleriň dünýäsidigini bilmeýärdi. Ol entek “Şahym, kellämi özüň aljakmy ýa tylla mejimä salyp özüm eltip bereýinmi?” diýýän paşmakçy ýaranjaňlaryň, kiçijik beg kürsüsine mündügi adamçylykdan çykyp, kürsiniň bähbidinden geçip bilmän, syrtyndan geçýänleriň dünýäsidigini bilmeýärdi. Magtymguly entek bu dünýäniň ýumurtgany deşmän jüýjesini iýip, oda girip suw, derýa çümüp ataş getirýän ýeser-eser kişileriň dünýäsidigini bilmeýärdi. Ol entek çeşmäni başyna çekip, ardyndan ajdarha çykarýan, ýaşaýşy iýip, ajal guzlaýan ograşlaryň dünýäsinde ýaşaýandygyndan bihabardy. Magtymguly entek bu dünýäde çynyň bahasynyň ýarym, ýalanyň bahasynyň bir apbasy-dygyndan bihabardy, ol entek Ýaradanyň ýagty ýalançysyna Melgunyň Hudaý bolanyndan bihabardy. Magtymguly durmuş atly pynhan syrly owadan ümmülmez ummanyň ýaňy bir gyrasyndan giripdi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||