17:54 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -7/ dowamy | |
ÝARADANYŇ DIWANY
Taryhy proza
Magtymgulynyň ýaşlygy münder-münder diwanlaryň, sandyk-sandyk kitaplaryň içinden geçdi. Tamam ýonaçylar, mekdebiň mugallymlary oglagyň düşbiligine, üşükliligine, üýtgeşik zehinliligine, pähim-paýhaslylygyna buýsanýardy, emma ýyl geçdigiçe, olary haýsydyr bir näbelli gorkam howsala salyp ugrady. Aýratynam, Arazgül eje, Nurjahan ene dagy gijesi-gündizi bagryny ýassyga berip, ýassyk ýaly diwanlary okap ýatan Magtymgulyny «ylym uraýmagyndan» heder edip, uly alada, hossa galdylar. Gara bagyr ene-dä, Arazgül eje onuň tahýasyna, telpeginiň, donunyň içinden, köýneginiň kibtiniň aşagyndan doga baryny dakyp, gije başujuna gurhan goýup, otursa-tursa balasyny gözden-dilden, görner-görünmez bela-beterlerden, howp-hatarlardan gorawer diýip Biribara mynajat edip doga okaýardy. Magtymgulyny ala-böle eziz görýänini bildirmejek bolup, oňa nähili doga-tumar daksa, beýleki çagalaryna-da şeýle dogalary dakýardy. Ene biçäre häli-şindi adamsy Döwletmämmet agadan doga-tumar alyp ýörmäni birhili görüp, aram-aram Kynyş begi Selim magtymyňka ýellap ýedi-sekiz çagasy üçin birnäçe doga buýrýardy… Bir gün Selim pir doga-tumar baryny alyp Döwletmämmet agalara geldi. Ol Arazgül ejäniň buýran dogalaryny onuň alnynda goýup, ullakan tumary oňa ejä uzadyp: --Dogan, ynha bu tumary bolsa özüň dakyn, sen halys waswasy bolup, perzentleriňi diňe doga-tumar bilen goraýjak bolýaň! Perzentleriňi beýik Biribar gorap, öz penasynda aman saklasyn. Onsoňam ýenaçylar göze-dile aw boljak nebere däl, Hudaýly kişiler—diýip, ýylgyryp ýagşy doga-dileg etdi. Elbetde, Magtymguly ejesiniň elewräp ýörmesini ýokuş görýärdi, emma ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän ýylgyryp oňaýýardy. Arazgül eje çagalarynyň üstünde kökenek gerýärdi, çagalaryny ezizle-ýärdi, mähribandy. Ýadamany-ýaltanmany bilmeýän jansebil Arazgül eje han gyzy däl ýalydy, işsiz oturyp bilmeýärdi, özem diýseň arassaçyldy. Öýdäkileriň geýim-gejimi kirlemek beýlede dursun, der ysy çykdygy ýuwýardy. Bir gezek Döwletmämmet aga Gürgenden oňa bir geýimlik päkize ibrişim ýüpek mata getiripdi. Ol: --Arazgül, saňa niýetläp täzeje ýüpek geýimlik aldym, ýuw-da köýnek tikinäý—diýipdi... Bir günem kethuda ogly Guljany gerekläp, adyny tutup gygyrdy. Magtymguly “Gulja kir ýüpde” diýip jogap berdi. --Nirede? --Kir ýüpde.Ejem ýaňyja ony sabynlap ýuwup ýüpe serdi—diýdi. Oglunyň ýeser gepine kethuda-da, ejesi-de güldi. Döwletmämmet aga: --Ejeň Gürgeniň suwunam ýuwup, soň kir ýuwýar—diýip güldi. Magtymguly dokuz-on ýaşyndan parsça ýazylan diwanlary pars, on iki-on üç ýaşyndan başlap arap dilinde ýazylan diwanlary arap dilinde okaýardy, ýaş başyndan o dillere suwara bolup barýardy. Nowaýynyň, Nesiminiň, Rumynyň, Nyzamynyň türki dilde ýazylan eserlerinde oňa düşnüksiz söz, jümle ýokdy, sebäbi ol köne türki ylmy dilinem gowy bilýärdi. Magtymguly diwan yzyna diwan okaýardy. Indi oňa oýun-tomaşanyň-da, Nurjahan enäniň hezil gürrüňleriniň-de gyzygy ýokdy. Ol real-aýan dünýäden daşlaşyp, diwanlar dünýäsine ymykly girip, söhbet-deşi gadymy alymlar-aýdyňlar, aryflar-akyldarlar, rawylar-şahyr-lardy. Uly il mekdebe beren çagasyny okatjak bolup heläkdir, emma ýonaçylar neberesi Magtymgulyny okatmajak bolup, hiç bolman, okuwynyň arasyna bäş-üç gün dynç almaga wagt saljak bolup gara görgä galýardy. Ol gara daňdan ukudan turup, ýuwunyp-ardynyp namazyny okap bildigi kitaba ýapyşýardy. Çaý-çöreginem kitap okap otyrka iýýärdi. Gün dogup-dogmanka Abdylla, Mämmetsapany, Magtymguly, Selim Magtymgulynyň ogullary Arslan, Hanjar, Janaman dagy teblehanadaky atlara atlanyp, çapyşyp, ok-ýaý atyşyp, gürzidir naýza zyňyşyp göwün solpudan çykýardylar. Agşamara-da bu edähet gaýtalanýardy, emma günüň galan döwri Magtymgulynyň işi-pişesi kitap, ýazuw-bozuwdy. Ol dädesiniň öwredişi ýaly, her bir kitabyň manysyny yhlas bilen tirýärdi. Danalaryň eseri bolsa ýagly-şekerli gatlama ýaly gatlak-gatlak. Ol kitabyň setirleriniň, assarlarynyň aňyrsynda ýatan manysyny almak bilen çäklenmän, diwany ýazan adamyň akyldarlar üçin bukan pynhan manysyny hem agtaryp okaýardy. Ahyryna saman-sypala arpa garylyp berlen bedewiň tumşugyny nowanyň düýbüne ýetirip arpany agtarşy ýaly, Magtymguly kitaba çümüp, has takygy kitaba çomup aýan hem pynhan maňyz-manyny gözleýärdi. Owadan dünýäniň manysy --Allatagalanyň pynhan syr bolşy ýaly, gowy kitaplaryň manysy hem pynhandady, çuňlukdady, beýiklikdedi. Az gürleýän, köp pikirlen-ýän Magtymgulynyň oglanlykdan ynanjy şeýledi: çümdüňmi?—düýbüne ýet! uçduňmy?—çür depesine çyk! gitdiňmi?—aňyr çägine bar! Gözleýäňmi?—tap! Magtymguly rowaýaty narynçdan ( apelsinden) ugr alýardy. Narynç ýylyň ähli paslynda gülläp, miwe getirip, garran ýapraklaryny täzeläp oturarmyş. Ol mydama özüne «men ýaş diýme, gülle hem miwele» diýip pent edýärdi. Onuň çagalygy dumanly Elburz daglaryndan gaýdan çeşme ýaly kertden kerte towsup, kümüş owazly ýaňa öwrülip, kötellerden aýlanyp-towlanyp, kem-kemden suwy köpelip, daşgyn çasly çaýa aýlanyp, çar tarapa başyny urup, ýellaryň arasyndan ýel agtarýardy. Magtymgulynyň bagtyýar bolmazlyga çeresi ýekdy, beýik Biribar oňa şazadalara bap kaddy-kamat, görk-görmek, ýagşyzadalara kybap nur, mähir-muhabbet beripdi. Onuň bedbagt bolmazlykdan gaýry alajy hem ýekdy, sebäbi Biribar oňa welilere bap pähim-parasat, nebilere bap wyjdan hem iman beripdi, Zandy şahyr ýetginjegiň duýgurdan eziz, ýukadan näzik, owadandan ýalaňaç ýüregi bardy, aslynda ýüregi bardasyz, sowutsyz doglan diýilýänlerdendi. Bu ajaýyp dünýäniň gözelliklerine bolan söýgi halys nowjuwan Magtymgulynyň kalbyny ýalaňaçlap, ýüregini gözelleşdirip, näzikleşdirip, ýukaldyp barýardy. Ol görer gözleri bilen görýärdi, eşder gulagy bilen görýärdi, duýgudar ýüregi bilen görýärdi. Haýsydyr bir ýetimejik çaganyň garaža gözünden katra-katra dökýän ajy ýaşlary Magtymgulynyň ýüregine damýardy. Al asmanda pelpelläp ýören guşuň ganatlarynyň ýelgini onuň ejir çekýän ýüregini ýelpese, bir garyp biçäräniň ahy-nalasy, gelip-gelip Magtymgulynyň ýüreginde sorkuldaýardy. Şikesli, maýyp-müjürip biçäreleri nalasy onuň ýüregini sypjyryp gyrmyzy gan edýärdi.… Eýýäm on iki, on üç ýaşyndan başlap, onuň derdi diňe obasy däldi,ili- ýurdy däldi, ol dünýäniň derdini çekýärdi. Dünýäniň bolsa bir ýeri-hä bireýýäm bişip düýbi ýanyp barýar, başga bir ýerem çigdi. Birnijeler rysgalyny-baýly-gyny göterip hem göternip bilmän, meslikden dälirese, birnijeler açlyk-gallaçlyk zerarly başyny daga-daşa urýardy. Ol garyp-gasar-gallaçlaryň arasynda baý ýaşamagyň aýypdygyny, bedibagt biçäreleň arasynda bagtly ýaşamagyň agyr jezadygyny wyjdany, ynsaby, imany, bütin süňňi-süýegi bilen syzýardy... Magtymguly daýysynyň inji beren Sakarguşuna atlanyp ýaşyl ýaýlalarda ýüzin saldyryp gideninde, meger wagty ýetip geçýärdi, bedew aty bilen asman sary uçýardy, emma däli göwnüne ýetip bilmeýärdi...Ol agşam-ara ýa irden deň-duşlary bilen gylyçlaşyp-gürzileşip türgenleşeninde özüni Isgender şahly saýyp, gylyjy–gürzini hyrçyny dişläp dergazap urýardy... Ol umga ýaly daşdan-daşa, kertden kerte zyrmyrlyp daglara däl-de, dünýäniň depesine çykyp, jümle-jahanyň manysyny göresi gelýärdi. Altmyş başly ala daglaryň gerşindäki lemmer-lemmer bulutlary egnine geýip, Burkut baba ýaly gykuwlap, jümle-jahanyň depesinden çasly çagbalary ýagdyrmak isleýärdi. Mirhaýdar baba ýaly apy-tupan turuzyp, dünýäni lerzana getirip, däli şowhuny bilen öz göwnüne, köne dünýäniň göwnüne ýetesi gelýärdi. Beýik Biribar Magtymgulynyň bikenar gursa-gyny nämälim syrdan dolduryp goýberipdir, ol kalbynyň çuňlugynda ýer titremesi ýaly nägehan bir güýjüň-gudratyň amatyna garaşyp ýatanyny aňýardy, syzýardy, duýýardy. Ol algyr penjesini Günorta uzadyp, geçmişiň ebşidinden tutup, alkymyna getirip, synlamak isleýärdi, algyr penjesini Demirgazyga uzadyp, gelejegiň ýakasyndan tutup, alkymyna getirip synlamak isleýärdi. Gijesi-gündizi okap-ýazyp karar tapmaýardy, okaýan diwanlaryndan, edýän işlerinden kanagatlanmaýardy, bikenar göwnüniň çuňlugyna aralaşyp, tüweleýli howalasynyň beýikligine çykyp bilmeýärdi. Dünýä Magtymgulynyňkydy, emma ol dünýäni näme etmeli-digini, özüniň bu ajaýyp dünýäde näme etmelidigini bilmeýärdi... Ol ýurtdaky, dünýädäki bolýan adalatsyz ýagdaýlara çydaman, dädesine sowal bereninde, Döwletmämmet aga: --Magtymguly, oglum, Perwerdigär soltan däl, kimdir biri jenaýat ýa günä etse, dessine oňa temmi berer ýaly. Biribar dünýäniň patyşasy däl, haýsydyr bir garyp kişiniň açlygyny-gallaçlygyny görüp,oňa hazyna-dan baýlyk berip goýberer ýaly--diýdi. --Onda Hudaý kim, Hudaý näme? --Oýlan, pikir kyl, akyl ýetir! Gyssanma, her bir dana adamyň ömri aýandan pynhana, ynsandan Ylaha uzaýar. Gözle! Ýaşaýşyň manysy gözleg-dedir! Oglum, Allatagala keremdir, ol Gudrata mynasyp adamy Gudrata, Keramata mynasyp adamy Keramata, akyl-parasada mynasyp adamy Akyldara, ýalan dünýäniň baýlyklaryna mynasyp adamy baýlyga, şöhrat-şana mynasyp adamy şöhrada, içi tilkili adamlary bolsa Şeýtana duşurýar. Onsoň şeýtan akylsyz bendeleri nädeýin diýse şeýdip ýör-dä! Hezreti Muhammet aleýhessalamdan ozal adamlar köphudaýly eýýamda ýaşap, köp hudaýlara uýupdyrlar. Indi Hudaý bir-de adamlar köpadamly boldy: her bir adamyň içinde birnäçe adam bar... --Düşünmedim däde. --Oglum, bir zaman Türkmensährada Mäkäm baý atly Karun ýaly uly baý bar eken. Pakyr garradygy saýy nebsi artyp ynsabyny ýuwudyp, otur-sa-tursa tükeniksiz baýlyk, genji-kän dilär eken. Günleriň bir güni oňa ýagşyzada duşýar. Mäkäm baý ýagşyzadanyň aýagyna ýykylyp, gözlerinden ýaş saçalap baýlyk dileýär. Ýagşyzada: --Geregiň baýlyk bolsun, ýöne seniň gursagyňda birnäçe Mäkäm baý bar: sen hanlaryň-begleriň, baýlaryň ýanynda ýaranjaň, towşantüý, busajyk baý, garyp-garamaýagyň, talaban-garabaşlaryň ýanynda gamçysyndan gan syçradýan zalym baý, aksakallaryň arasynda mysapyrsyrap ýören baý, uly baýlygyňdan hüşür-zekadyňam ýarpy-ýalta berýän ýalançy, husyt baý! Tükeniksiz baýlygy haýsy Mäkäm baýa bermeli?—diýipdir. Mäkäm baý pikirlenip: --Mysapyr Mäkäm baýa beräý—diýen. Ýagşyzada bolýar diýip gözünden gaýyp bolýar. Ýaňky baý şondan soň Hudaýdanam, ýagşyzadadanam hoş bolup, namazynam doly okap başlaýar. Hepde geçýär, aý geçýär. Bir gün ol mülkü-ne aýlanmaga gidýär. Barsa, talabany ýaş nahal ekip ýören eken. Ol çukur gazyp durka, bir sandyk tapýar, içi tylladan doly. Talaban begenjinden uçaýjak bolýarmyş, emma Mäkäm baý “Sandyk meniň mülkümden tapyldy, sandygam, altynam meniňki” diýýär. Talabanam “Erem-gögem Hudaýyňky, baýlygy Hudaýym maňa tapdyrdy, sandygam, altynam meniňki!” diýip dawalaşyp başlaýar. Pis baý oýlanýar: eger ol talabany bilen kazylaşsa kazy, hiç bolmanda, baýlygyň ýarsyny talabana berjek. Mäkäm baý baýly-gyň ýaryny berenden talabanyny öldürenini gowy görüp, hanjaryny syryp topulýar onuň üstüne! Şol pursat Allanyň gudraty bilen sandyk-da, talaban-da gözden gaýyp bolýar... Şol wakadan soň Mäkäm baý zyýan tapynyp, ahyram jynlyrap ölüpdir—diýdi. Magtymgula bu rowaýat diýseň ýarady. Döwletmämmet aga uludan dem aldy—Ekarda Hudaýyň bir bolşy ýaly aşakda her bir adam içindäki dürli adamlary ýeklap, bir kişä öwrülmese, Hudaý beýlede dursun, perişdelerem, ýagşyzadalaram olara nazar aýlamaz! — Ol Magtymgulyny dowamly synlady.—Oglum, daşyň bir adam bolşy ýaly, içiňem mudama bir adam bolsun! Düşündiňmi! Akylly adam garyplykdan-gallaçlykdan, bedibagtlykdan, hassalykdan, ajaldan gorkmaz, hapalykdan gorkar! Gursagyň bir ýerinde hapaň boldumy—melguna aw bolarsyň! Tüýkesme ogrynyň hammama baryp, suwa düşüp ýörenleriň geýim-gejimini çilip, geýip gidişi ýaly, Melgun hapa adamlary geýim-gejim geýen ýaly geýip, pis işleri gaýyrýar! Gork, gork, Melguna gäp bolmakdan, geýim bolmakdan gork! Ýaramaz adamlar Melgunyň egin-eşigi, gäbi bolýandyr! ... Magtymguly durmuş mekdebinem geçýärdi...Gije-gündiz oýlanýardy, pikir kylýardy, çünki Biribar oňa oýlan,pikir kyl diýip kelle beripdir, aýlan, synla,gör diýip göz beripdir, söý diýip yşkdan doly ýürek beripdir, ýaşaýyşda dürs ýely saýla diýip dana pähim-parasat beripdir. Bir baýguş: ”Allajan,ýazyňy gördüm,tomsuňy gördüm, güýzüňi gördüm, gyşyňy gördüm,indi sen maňa nämeler görkezjek?” diýenmiş. Allatagala her ýyl şol dört paslyň aýlanyp durýandygyny aýdanynda baýguş:”Şol bir pasyllar aýlanyp durjak bolsa,maňa ýekeje ýyl ömür bolýar,ýöne rysgalym agzyma geler ýaly eýle” diýipdir...Emma beýik Biribaryň yşkyndan-söýgüsinden, mähir-muhabbetinden, pähim-parasadyndan, röwşen nurundan-nepesinden, mübärek arzuw-hyýallaryndan ýaradylmyş bu owadan dünýäde şol bir Gün dogup-ýaşyp, şol bir pasyllar aýlanyp duran ýalydyr. Emma dünýäde her bir Günüň dogşy başgadyr., Ilki Gündogary gögümtil, soňra melewşe öwüsdirip, älemiň soltany Günüň arşa-kürse nurana şowhun salyp, başyna tyllaýy şuglalary lowurdap nur saçýan göwher jygasyny geýip gelşi ajaýypdyr! Guşlaram her gün jümle-jahany heýjana salyp, her dogan Güni täzeden täze owazy bilen garşy alýandyr! Ýaşaýyş her gün täzeden başlaýar! Biribar her säheriň gaý talan-majak gözelligi bilen her bir bendesiniň kalbyna päklik, ruhy dünýäsine gözellik, ýüregine hyjuw-hyruç, bedenine güýç-gaýrat, serine täze pikirleri berip, nesibesine rysgal-döwlet paýlaýar. Allatagala bendelerimiň kalbam, kaddy-kamatam dünýä ýaly owadan bolsun diýip, owadan dünýäsini ynsan akly çatardan ajaýyp ýaradypdyr.OL her bir bendesiniň çagalygy, ýaşlygy,arzuw-hyýallary läle-reýhan ýazlar ýaly owadan, ýyldyrymly çagbalar ýaly göçgünli bolsun diýip läle-reýhan ýazlary,çasly jalalary, baranlary ýagdyrýar. OL aklyňa sygmajak, oýuňa-hyýalyňa gelmejek datlyja iýr-iýmişler, näzi-nygmatlar, dürli-dürli şirin-şeker miweler, müňde bir tagamly önümler bilen adam ogullarynyň ýaşaýşyny, ömrüni, dahanyny süýjetjek bolýar.OL bol rysgal-bereketli tomuslary, barly-baýlykly güýzleri bilen bendeleriniň rysgal-döwletli bolmaga ymtyl-magyny isleýär.OL her bir bendäniň kalbynyň,päli-pyglynyň päk bolmagyny isläp gözleriňi gamaşdyrýan ak garlaryny, ak ýagyşlaryny ýagdyrýar, her bir perzendiniň däli-mejnun bolup söýmegini isläp jadyly yşky bagş edipdir. OL dünýä getiren her bir perzendini enäniň ak süýdi, ak bugdaýyň ak nany bilen, ak gündizleriň mährinden, aýly gijeleriň muhabbetinden ine-gana gandyryp, her bendesiniň yşkdan-söýgüden, röwşen nurundan nur almagyny isleýär. Beýik Biribar her bir bendesiniň mährem, mähriban bolmagy üçin,uzyn gün Arşdan mähriban Güni bilen, zeminden nurana topragy bilen mähir berýär, nur berýär. OL adam ogullarynyň arzuw-hyýallarynyň gijeler asmanyň pyşyrdaşýan syrly ýyldyzlary ýaly syrly, tükeniksiz bolmagyny isleýär. Biribar ähli perişdeleri, jümle-jahanyň baýlyklaryny adam ogullarynyň gullugynda goýupdyr: Yrsgal-döwlet perişdesi yrsgal-döwlet, bagt perişdesi bagt,ylham perişdesi ylham paýlaýar, garasaý, beýik Biribaryň emri bilen tükeniksiz älemler,bikenar yşk-söýgi, düýpsiz mähir-muhabbet, bimöçber baýlyklar, tamam jümle-jahan adam ogullaryna hyzmat edýär. Biribar: --Men sizi adam edip ýaradandyryn, ýagşy dünýäde ýagşyzada bola-weriň!—diýip, umyt edermiş. Emma bu ajaýyp asmanyň astynda,bu owadan zeminiň üstünde bolýan käbir zatlary gulakly bolup eşider, gözli bolup görer,ynsan bolup aklyňa sygdyrar ýaly däl! Hezreti pygamber Adam atanyň perzentleriniň käbir gaýyrýan işini göreninde hatda haýwan ýaly haýwanam utanyp tersine bakýar. Magtymguly içini gepledýär: --Eý, Adam ogullary, biz pygamber nebereleri ahyry, bize hezreti Adam atamyz ýaly pygamber bolmak başartmaýan eken-dä, Allamyzyň isleý-şi ýaly ýagşyzada bolmak başartmaýan eken-dä, ADAM bir bolup bolar ahyry. hhh Nedir şa ençeme ýyllar daşary ýurt basybalyjylarynyň talap-tozduran Eýrany kuwwatly, baý, berkarar, abadan ýurda öwürmegiň ýeluny bilýärdi.Eýran ummasyz uly ýurt, ekmäge-tikmäge ýer tükeniksizdi.Diňe şyr takyrlary däl, baýyrlaram, källerem, dereleri, deştlerem ekip bildigiň bol hasyl berýärdi. Suwarmagyň geregi ýekdy, suwy asmandan Alla berip durdy.Er kändi, ýeriň eýelerem kändi. Emma hanjak garasaň ekilmän ýatan boş meýdanlar tozap ýatyrdy. Ekilmän ýatan ýerleri işlejege, ekjege, zähmet çekjege bermelidi. Şahynşanyň perman çykaryp, ýüzlerçe ulamanyň, müňlerçe meçjit-leriň wakf mülkleriniň uly bölegini alyp, döwlet emlägine öwürip, ýersiz-suwsuz daýhanlara, garyp-gasarlara ömürlik kärendesine berip, müňlerçe-müňlerçe garamaýagy ýerli edip, halkyň göwnüni awlady. Ikinjiden, safa-wylar döwründe hülli-hülli edilip, döwletiň, halkyň depesine çykarylan ruhanylary ýerinde oturtdy. Ilaty kän, emma ekmäge ýeri az uly taýpalaryň ýersizlerini ekilmän ýatan ýerlere göçürip, ýerli etdi. Gumda-sährada, dagda-deştde ýetde-gütde güzeran görýän çarwalary-da ekilmän ýatan ýerlere getirip, ýerli-suwly edip, çomrulaşdyryp,olary çomry aň basgan-çagyna göterdi. Uly-uly tireleri-taýpalary güýjünden gaçyrdy, üstesine Eýranyň dürli dilli, dinli halklarynyň bir uly halka öwrülmegine ýel açdy. Şahynşa ýörite wekillerini ugradyp, ulug arbaplaryň, mülkdar-laryň ýüzlerçe ýyllap ekilmän ýatan ýerlerini diýen bahasyna satyn alyp, döwlet emlägine öwürip, olary ýüz müňlerçe ýersiz daýhanlara ömürlik kärendesine paýlatdy. Döwletmämmet Azadynyň diwanynda”Ýurtda el ýaly ýer ekilmän ýatan bolsa, oňa patyşa günäkärdir”diýen sözlerini bilýän ýaly, ol ýurtda boş ýatan ýer,ersiz daýhan goýmady. Ýerli-suwly bolan ilat işleýärdi, gara garynja ýaly gije gündiz gars kakýardy, sebäbi garyp gurplanyp, daýhan baýap, baýlar genji-hazyna edin-ýärdi. Ekin ýeriň bahasy çaksyz gymmatlapdy. Halk baýasa ýurt baýaýar! Eýran kuwwatly döwlete öwrülip, şahynşanyň ady dillerde sena boldy. Şahynşa mülküne el urlan ulamalaryň özüni ýigrenýänini, Ymam Sadygyň mezhebine geçmek islemeýänlerini bilýärdi. Eýran okumyş ýurtdy, mollasy-ahuny, ulamasy piri, mekdebi-medresesi kändi. Iki asyrlap safawylar şaýy ulamalaryny arzylap, sylaglap sarpalap, olara ak ýel açypdy. Netijede musulman ýurtlaryndaky şaýylardan ýüzlerçe-ýüzlerçe şaýy ulamalaram göçüp gelipdi. Watikan ýaly özbaşyna döwlet bolup oturan şol ulamalaryň, özbaşyna şäher bolup oturan meçjit-medreseleriň ummasyz giň wakyf mülkleriniň alynmagy ruhanylaryň kalbynda şahynşaha elhenç ýigrenç döredipdi. Sebäbi olaryň birentegi gelmişekdi, olaryň mülki ýurdudy, mülki milletidi, mülki mezhebidi, mülki röwşen gelejegidi! Şahynşa gyssanmaýardy, dessine bäşinji mezhebe geçiň diýip ruha-nylary-da, halky-da gyssama-ýardy, sebäbi ol towşany araba bilen kowalap tutýan şalardandy. Nedir şa mydama “Akylly awçy bir okda iki towşan urmany oňarsa, akylly şa bir okda üç towşany urmalydyr” diýmäni halaýardy. Islendik işe başlamazdan ozal, ondan geljek peýda, zyýana, netijä seredýärdi. Ýurtda jenjel-jeň mydama diýen ýaly mezhep zerarly bolýardy. Şaýylaram, sünnülerem şaýy-sünni jeňlerinden tükeniksiz pida berip, mezhep dawasyndan halys ýadapdy, emma barybir müň ýyllap şaýylaryň, sünnüleriň süňňüne guýlan ýigrenç, öç, gahar-gazap iki ummatyň arasynda ýalynly-ataşly gorp bolup ýatyrdy. Eýranyň Gilýan, Töwriz, Mazenderan, Türkmensähra... ýaly welaýatla-rynda ýüpekçilik, pagtaçylyk ösendi. Soňky ýyllar Efrenç, ors, ermeni, jöhit, gürji söwdegärleri pile, pagta satyn almaga gelýärdi, pagtanyň, aýratynam piläniň bahasy gaty galypdy. Halkyň arasynda “Bir döwletli myhman gelýär, oňa baý-da-beg-de, garyp-gasar-da öz oturan jaýyny berip, bala-çagasyna seretmeýänem arzyly myhmany bir kemsiz bakyp-bejerýär!” diýen jümle ýörginlidi. Ýaz pasly başlanyndan baý-garyp diýmän, han-beg diýmän her kim ýüpek gurçugyny tutýardy, tut bolsa kändi. Baýlar, gurply adamlar ýörite gurçuk saklar ýaly jaýlaram gurunýardy. Jaýlary kän ýenaçylaram agzybirlik bilen gurçuk saklap, ummasyz köp pile alýardylar. Pile gymmatdy, ol açlary doka, doklary baýa öwürip barýardy. Her bir öýde tara dokalýardy, ýüpek matanyň ýüze golaý, mahmalyň onlarça görnüşi öndürilýärdi. Ýüpek haly çitýänlerem kändi... Netijede, Eýran baýap Ýewropa ýüpege çolanýardy. hhh Mirhaýdar aganyň ýaşaýan jaýynyň arkasyna Kynyş beg dagy üýşüpdi. Garry öýüň ýekarsyndaky pürslere sarygarynja ýel eden eken. Mirhaýdar aga bilen Kynyş beg dagy ony ýek etmegiň pikirini edýärdi. Magtymguly bilen Janaman agalarynyň gürrüňine diň salýardy. Kynyş beg: --Mir däde, sarygarynjalaryň pirine Kynyş beg al Attary diýýäler! Garaş, men bularyň üstüne ýag garynjalaryň leşgerini sürerin! Häý, işi-gaýdan janawerler ýanaşmaly kişisini bilmändir —diýdi. Olar arka tarapdan Çowdur hanyň geleninem duýman galdy. Salam-helik edildi. --Mir dädemden gorkusyna apy-tupan-harasatlar Hajygowşandan sowlup geçýär, Kynyş begden gorkusyna derdi-belalarTürkmensähradan sowlup geçýär! Janaman, bar ýag bilen sapak getir—diýdi. Çowdur han: --Kynyş beg, bularyň üstüne ýygyn dartmazyňdan ozal bir synag edeli. Mugan sährasynda Nediri şahynşa saýlap gelýärkäk, ýelda men Döwletmäm-met agamdan:”Nedir şa niçiksi şahynşa bolar”--diýip soradym.Ol: “—Nedirguly dana, pähim-parasatly, ynsaply, ynanjaň, göwni gözünde, ýüregi aýasynda diýilýän türkanadan tutumy uly ýigit. Emma tylla tagt, tükeniksiz genji-hazyna, serhetsiz hökmürowanlyk men-men diýen şalary tagtynda aparýar. Şahynşanyň işi şowlap, ýely rowaç bolsa halkynam, ýurdunam, döwletem düldüreder, emma ýurt bulaşyp, öz üstüne howp abansa, garnyna iňňe sanjylan şa sarygarynja öwrüläýmese biridir!.. --diýdi. Men şonda şa sarygarynjanyň garnyna iňňe sünjülse nähili bolýanyny çintgäp oturmadym, kethuda-da düşündirmedi. Janaman, keşde iňňe-de getir, synap göreliň! Kynyş beg, sen usullysyň, garynjalaryň şasyny tap---diýdi. Janaman: --Şaaryny tapdygyň, jygasyny saňa alyp berýän Kynyş däde!—diýip, ýumşa ugrady. Çowdur han mylaýym ýylgyrdy. Işe çulum attar pyçagyny çykaryp, garynjanyň hinini gazyp ugrady. Sarygarynjalar täze göçüp gelen eken, şagarynjanyň ýerasty köşgi-galasy ötlem-ötlem bolsa-da, çuň däl eken. Pah-pah galasyna hüjüm edilen şagarynja bolmajysy boldy. Ol adaty garynjalardan ençe esse ullakandy, kellesi kiçi-di, pisse ýaly gabaraly garny bu gün-erte bolmaly çagasyndan doludy.Şa garynjanyň ozalky dogran san-sajaksyz çagalary—sarygarynjalar ibirt-de-zibirt, şasyna hyzmat edýärdi. Kynyş beg usul bilen şagarynjanyň garnyna keşde iňňäniň ýiti ujuny dürtüp aýyrdy. Ohow, oho-how! Onsoň boldy bir tomaşa! Janawer şagarynja guduz açyp, ýakynda dünýä inmeli çagalaryna kast edilenini ozalky dogran garynjalaryndan görüp, olary parçalap, gyran-jyran edip, pürreläp-paýhynlap barýar. Çowdur han “hä” diýip pikire batdy, Mirhaýdar aga, Magtymguly, Kynyş beg dagy bu wakany synlap haýran galdy. Çowdur han bolsa şa garynjada Nedir şahynşanyň gelejegini görýän ýaly başyny ýaýkady durdy. Dana han ýene sanalgy ýyldan Nedir şa öz halkyny şeýdip, gyran-jyrana salyp, öz ýurduny ýumurjakdygyna ynanyp bilmedi, emma ynanmaly bolar! Weli Döwletmämmet pir saman-sypal gep aýtmaýar. Şol gün öýlänara Selim dädesi Magtymgulyny dükanyna çagyrdy. Magtymguly Kynyş beg bilen tirkeşip dükana ýöneldi.Olar dükana girip keçä çökdi. Selim zergär basyrylan çaýyny sarkyryp , inisine uzadyp, dünýäniň ýalpy-ýazy ýaly Kynyş bege çyny bilen: --Kynyş beg, bi owadan dünýäni ýaratmak seniň kelläňe geldimi ýa Biribaryň?—diýip, henekdigi bildirmeýän henege başlady. Kynyş begem gaty çyny bilen gürledi: --Selim däde, Hudaýym bilen arama çöp atjak bolma! --Bütüki, zenan diýen milleti ýaratmak seniň kelläňe geldimi ýa Biriba-ryň? --Selim däde, boýuňy menden satyn aljakmy ýa Şeker ýeňňem bilen it-de-pişik boljakmy? Selim zergär tisginip, gapa seretdi, hum çäýnek göterip gelen aýalyna gözi düşeninden aljyran boldy. --Kynyş begim, boýymy satyn alaýyn, kesiber bahaňy! --Şeker gelneje, seniň gulagyň agyr bolanam allanäme,egsam Selim agamyň ýaňky aýdan sözüni eşidäýseň…oho-ho-ho! --Näme diýdiň, ýüwürjim?—diýip, aga-iniň oýnuna düşbi Ogulşeker eje hakykatdan ker bolan boldy. Kynyş beg, Selim beg pakyrdy bolup gülüşdi, Magtymguly bolsa nurana ýylgyryp otyr. Selim aga Magtymguly ýenaçynyň ogly, Döwletmämmet kethudanyň doganydy. Ol gyrpa, gyzma, gaharjaň adamdy. Agasy kethuda bolmazyndan owal Selim beg ile sygmaýan nekgendeleri şarpyk bilen düzedip, ýela salyp goýbererdi. Emma Döwlet-mämmet pir ilki Hajygowşanyň, soňra tamam Türkmensähranyň kethudasy bolaly bäri, oňa sene-mene etmek, urmak, uruşmak bolmaýardy. Haýsydyr bir düpbozany uraýmaly bolanynda ol agyr haşlardy-da: --Perişdeler, ýazyň meniň boýnuma bir sogaby! Hanha, tultuk suw bolaýmaly haramzadany uran däldirin—diýerdi. Ogulşeker eje getiren çaýyny basyryp, boşan çäýnegi alyp gitdi. Selim Magtymguly çaýyndan bir owurt içip: -- Magtymjan, men seniň islendik hatdatdan haty owadan ýazýanyňy, nepis-nepis surat çekýäniňi bilýän - diýip, Magtymgula dikan bakdy -- Sen maňa şägirt bolaýsaň näder? Magtymguly ör-gökden geldi, hatda gözleri tegelenip gitdi, Selim zergär ony görmedikden boldy. -- Bilýän, seniň wagtyň ýokdur… -- Hakykatdan-da wagtym ýok, Selim däde… -- Aý, zaňňar, menem şägirt tapman kösenip ýöremok. Seni şägirt tutunsam Ogulşeker ýeňňeň «Öz ogullaryň durka, Magtymgulyny şägirt tutunyp, seniň aklyň nirede?» diýip hoňňul-hoňňulam eder entek-- diýip, çyna berimsiz oýun edip güldi. -- Magtymjan, saňa okap-okap ýadanyňda kelläňi açmak üçin zergärlik ýaly bir kär gerek… -- Men at münüp, türgenleşip kellämi açýan Selim däde. -- Aý, zaňňar, görmeýämiň, gelnejem seniň tahýaňdan geýim-gejimiňe çenli doga-tumar daksa, Döwlet dädem bir ýerde uly işan-pir bolsa, äkidip aýlap ýör. Hudaý köp görmesin, sen gaty okumyş, ummasyz akylly! Biz seni ylym uraryndan gorkýas, Magtymjan. Ataň seni aryf etjek bolýar, biz seniň ata çykyp, serdar bolmagyňy isleýäs. Emma kim hem bolsaň, hökman bir kesp-kär gerekdir ýigide. Aýdaly, ýene üç-dört ýyldan Yspyhan-Tähran diýip, Rum-Şam diýip, Hywa-Buhar diýip gidersiň okuwa. Ol ýerde saňa kelläňi açmaga ataň teblehanasy ýokdur bedewleri kişňeşip duran, Ataňyň bihasap pulam ýokdur sowup ýatmaga. Şeýle gerek? -- ol çaýyndan ýene bir owurtlap -- Eger zergär bolsaň, diwan-depderiň gapdaly bilen zergär şaý-esbaplaryňam alyp gidersiň, bolany. Wagt tapyp günde birki sagat düka-nynda gydyrdansaň, jübiň mydama pullyja bor, eliňem uzadan ýeriňe ýeter - diýdi -- Düşündiňmi? Magtymguly uludan dem aldy, ol Selim dädesinden sypmak üçin: -- Dädeme bir sala salaýyn, Selim däde -- diýdi. -- Dädeň ikimiziň gelen netijämiz şol! -- Onda başda şeý diýmeli ekeniň-dä Selim däde. -- Aý, zaňňar, başda şeý diýenimde sen gümmi-sümmisiz hoş diýerdiň, maňa bolsa seniň zergärligi ýürekden söýüp, şägirt bolmagyň gerek. Töwerek-daşyňy synla, Magtymjan. Heý Perwerdigäriň ýaradan otunda-çöpünde, gülünde-çeçeginde, dagynda-düzünde, janly-jandarynda gözel däl närse barmy? Gurbany boldugym Ýaradanyň ýaradan ähli zatlary aklyňy haýran kylyjy, bendiwan ediji gözellik, kämil gözellik, syrly gözellik! -- Ol Magtymgula tarap boýnuny uzadyp, ýuwaşja -- Zergärem ýerde kämil gözelligiň Hudaýy - diýdi. Sesine birneme dabara berip: -- Özem bilip goý, keremli Allatagala ýaradan ähli gözellikleriniň şasy -- gyz-gelin-leri, päkize bedewleri bezemegem zergärlere bagş edendir… Selim Magtymguly oňa bakyp nurana ýylgyrdy. Şeýlelikde, Magtymguly ýetginjekliginden başlap zergärlik kesbinem öwrenip başlady… hhh Magtymguly arzuwçyldy, hyýalbentdi, badyhowady, emma ýöntem-ýöne-keý däldi. Ýaş başyndan müňlerçe diwan okan ýigdekçe durmuşyň aýna däldigine bilýärdi, ol dünýäniň, durmuşyň düýbüne seredýärdi, oýlan-ýardy, akyl ýetirýärdi. Datly aşa ajy burçuň derkar bolşy ýaly, ýagşy dünýä ýamanlygam gerekdi. Sebäbi: pany dünýäniň maňzy baky dünýäde, barlygyň manysy ýeklukda, ömrüň manysy ölümde, baýlygyň manysy garyplykda, doklugyň manysy açlykda. Kesel, derdi-bela üstüňe abanyp durmasa saglygyň gadyry ýek. Ýamanlar ýagşy ýaşaýşy bulap ýörmese, ýagşylaryň ähmiýeti näme? Uruş-gowga bolmasa parahatlygyň arzysy kaýdan bolsun! Bu ajaýyp dünýäni ýaradan beýik Biribar, emma ýaşaýşy herekete getiriji Melgun! Ýaşaýşy aýlap-dolap ýören duran altyn-kümüş, baýlyk! Ot almak üçin daşy daşa urmaly, agajy agaja süýkemeli. Ýaşaýşyň süýjemegi üçin kesel, ömrüň süýjemegi üçin ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolup görmeli. Möjegiň ysyny alyp durmasa goýunlar köpelmeýär. Daglar goduklamasa beýgelip bilmeýär, ýaşaýyş uruş-ewlarda gyrlyp hyjuwlanýar. Abadanlyk urşy, uruş abadanlygy dogurýar. Adam ogullary uruldygyça güýjeýär, kynçylyga uçradygyça akyllanýar, horlandygyça kämilleşýär, gyryldygyça köpelýär, ýaşamaga ýel berilmedigiçe ýaşaýyşa hyjuwy-hyrujy artýar... Gyş bolmadyk bolsa adamlar jaý gurmazdylar, dünýä ýalaňaç gelmedik bolanda mata-marlagam dokamazdylar, kesellemeseler melhemem agtarmazdylar. Aslynda mugt berlen dünýäde kim ýaşamak islär? Derýalaryň akmagy üçin onuň suwuna päsgel gerek, böwet gerek, bent gerek. Ýaby göni gazyp görüň, onuň suwy uzak akyp bilmeýär, sebäbi suw akmak üçin iki ýana bulanmaly. Ýaşaýyşam iki ýana çaýkanyp, geçmişden geljege akyp barýar. Adam pakyr möýüň kerebini derýa atyp duşmanyny awlaýar, möý adamyň toruny howa gurup, iýjek nesibesini awlaýar. Bularyň dünýäniň mizemez kanunydygyna ol ýigdekçekä akyl ýetirdi... Magtymguly agyr oý-pikire batyp gelşine gynanýardy: sebäbi obanyň garyp-gasarlarynyň,pakyr-pukaralarynyň ählisi diýen ýaly örän gowy adamlardy. Belki, olar halys garyp düşeni, gallaç galany zerarly mejbury gowy adam bolandyr…Pislik, peslik,meslik,hebeslik, ýaramazlyk, azgynlyk adalatsyzlyk çyksa, baý-barly adamlarlardan çykýardy.Belki, baýlar,barly adamlar zandynda gowy adamlar bolup, olary soň baýlyk azdyrýan bolaýmasyn? Gowy adamlaryň kalby baý, ýaramazlar bolsa mala, hana-mana baý. Beýik Biribar näme diýip miwesiz daragtlara asmana ýetip duran boý,belent kaddy-kaamat, owadanlyk, ýüzlerçe-müňlerçe ýaş berip, miweli daragtlary bolsa ejiz, pessejik edip ýaradyp, sanalgy ýyl ömür beripdir? Näme diýip ýaramaz adamlar şagal-tilkiler ýaly köpelip, şir ýaly ýagşy adamlara birki çaga berilýär? Ýagşy adamlar, ýagşyzada ýaly adamlar jahanda az ýaşap, deýýuslar bolsa baky getirilen ýaly uzak-uzak ömür sürüp, dünýäni doýurman ölmeýärler?.. Magtymguly şu zatlara akyl ýetirjek bolup, dünýä näme üçin öz zyýanyna çapýarka diýip, soňsuz pikirlere gark bolýardy. Ol ulaldygysaýy derdi-aladasam ulalýardy, gördügisaýy ýüregi ezilip, kalbynda adalatsyzlyga garşy pitne möwjeýärdi. Ol bu zatlaryň düýbüne-teýkaryna akyl ýetirip, hemmeleri gowy ýaşatmagyň alajyny agta-ryp, gije-gündiz kelle döwýärdi. Sebäbi eşek ýaly eşegiň ýüki ýeteninde hem gaty gidýär, hem gyldyrgan galyňlygyndaky pes ýely saýlap bilýär. Akylly adam dünýäniň agyrdan agyr ýüküni gerdenine alyp, gyldyrganyň beýikligi ýalam bolsa beýiklige ymtylýar. Magtymguly ýalan dünýäniň çyn, telper dünýäniň çuň, aýan dünýäniň pynhan ýerine barýar. hhh Ol dünýä-de, döwrüne-de, adam ogullaryna-da aşykdy, emma gaýnap duran ýaşaýşy synladygyça,öwrendigiçe gynanýardy, sebäbi... sebäbi hany dünýäde, durmuşda ýaşajak bolýan kişi? Hany ýaşajak bolýan adam?.. “Alha-al, berhä ber” dünýäde her kim aljak, berleninem aljak, berilmediginem aljak! Sebäbi beýik Biribar olaryň elini içine tarap goýupdyr! Her kimiň eliniň egrisi özüne! Her kim baý boljak,toplajak,maýa edinjek! Işläp aljak, talap aljak, gyrlyşyp aljak, garaz aljak! Her kim han boljak,şa boljak, soltan boljak! Ýeser kişiler geçmişe gidip Süleýman pygamberiň tükeniksiz genji-hazynasyny, gelejege gidip, geljekki soltanlaryň-şalaryň hazynasyny-depinesini, hany-manyny getirip duluna basjak! Her kim oglunyň-gyzynyň, agtyklarynyň-çowluklarynyň, ýuwluklarynyň-gowluk-larynyň sowurjagyny toplajak! Hamana her saba-säher rysgal-bereket paýlaýan perişde olaryň rysgal-döwletini paýla-majak ýaly...Bir çarwa dünýäniň ýaýlalary, bir çomra dünýäniň düzleri az görünýär. It ýaly it hem şu gün iki süňk tapsa,birini ertire gömýär! Ýegsam Isa pygamber janyny ýakyp “Er siziňki däl,siz ýeriňki” diýip gygyryp dur... Ýaşaýyş ýaşaýyş däl-de, baýlyk toplamakda ýaryş ýaly.Adam baýlyk üçin nebsini ýuwudýar, gara nebisem ahyry ýuwdarha aýlanyp günleriň bir güni onuň özüni ýuwudyp goýberýär. Bu soňsuz ýaryşa goşulan köplük, olaryň bir entegine asmandaky Alladan aýasyndaky altyn arzyly! Elbet-de, köplügi açgözlük-de, bedinebislikde aýyplap bolmaýar... Saýa bolar bir mähtäje nan berseň, Bir ajy doýurmak haçdyr ýaranla! Ýüz ýyllyk tetärik(alapa—zapas) bäş günlük ömre, Akyl eýläň, niçik işdir, ýaranlar! Diýip, ol janyny ýakyp şygyr ýazýar, emma pygamberlere gulak gabartmadyk beşerler şahyry diňlärmi?!.. Magtymguly oýlanyp, pikirlenip onuň asylky sebäbini gözleýär. Sebäbi soňsuz uruşlarda, duýdansyz gelýän açlyklarda, ýewuz kesellerde gyrlyp göz gören adamlar ertesiniň aladasyny edýär! Erte, nämälim Erte näme boljak? Ertir näm boljagyny diňe Alla bilýär! Emma Alla diýýän kän, Alla ynanýan diýýän kän, emma ýürekden ynanýan az, meçjitlere, ybadathanalara, buthanalara gatnap dini parzy bitirýän kän, emma ynanýan az! Ilinden aýra düşen, Ah urur, ili gözlär. Ýelundan aýra düşen, Jäht edip ýely gözlär. Gökde pelek gerdandyr, Halk ýerde sergerdandyr, Ne bazygär jahandyr, Göz açan maly gözlär. Kimlerde altyn täçdir, Kimler saýyl mähtäçdir, Kimler düýpden gallaçdyr, Kim parça, haly gözlär. Kim nan tapmaz iýmäge, Kim ýer tapmaz goýmaga. Kim don tapmaz geýmäge, Kim tirme şaly gözlär. Heňňam uzyn, ömür az, Çahar pasla başdyr ýaz. Gökde ganat ýaýan gaz, Gark urar, köli gözlär. Magtymguly, huş eýläp, Gezgin didäň ýaş eýläp. Däli köňül joş eýläp, Ýüz müň hyýaly gözlär. Magtymguly synlaýar, görýär, dokmädelerden gözleri açlar, kalby açlar köp. Sahawatly şalar-soltanlar jümle-jahanyň açlaryny-gallaçlaryny doýrup biler,emma ähli şalar-soltanlar jem bolup ýekeje garagy ajyň aç gözlerini doýrup bilmez! Hudaý ýaly Hudaýam kalby ajy, garagy ajy doýrup bilmeýär! Ýyllar geçer,Magtymguly janyny ýakyp ýazar: ...Er ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn!... Karun kimin näçe gaznaň köp bolsa. Tüýs söýüp-söýlüp,lezzet alyp, kalbyňa ganat bagladyp,aýyş-eşret içre ýaşap ýörmeli dünýä! Emma hany ýaşamak isleýän kişi! Ýaşamak isleýän azlygam, dünýäniň baýlygyny toplamaga jan edýän köplüge goşulýar... Magtymgulynyň ýadyna dädesiniň gürrüň beren bir rowaýaty düşdi. ”Gadym-gadym zamanda bir beglerbegi bolupdyr, onuň köşke gaýra dur diýdirýän galasy, köşki-saraýy, sandyk-sandyk altyny-göwher-lagyly, dür-merjeni, hakygy-zümerredi bar eken. Onuň saýlap-seçip öýlenen periga-tanç aýaly, dereleriň şiri ýaly gerçek ogullary, owadan, asylzada gyzlary, bagtyýar döwletment agtyklary, ýaýlalarda agyp-dönüp ýören ýylkylary, goýunlary, sygyrlary bolupdyr. Onuň wepaly dostlary, göwnüniň küýseýän zadyny bitirip duran begleri daşyny gallaşyp duranmyş. Ol döwletli-döwranda ýaşap,ýaşy bir çene baryp, derdi köpelip ugraýar. Ol hemme çaga-laryny, ilen-çalanlaryny, dost-ýarlaryny çagyryp, köşküň içinde ähli baýlygyny,hany-manyny sergi edýär. Oňa hemmeler dykgat bilen gulak salýar. Beglerbegi öz ýüregi, şirin jany bilen gürleşip başlaýar: “--Eý,şirin Janym, seniň jandan söýen söýgüli ýaryň ýanyňda delmirip dur, senden önen perzentlerim—ogullarym-gyzlarym daşyňy gallaşyp, agzyňdan gaçjak söze garaşýar,hanha wepaly dostlarym,hanha seni bütin ömrüňe bagtyýar eden sandyk-sandyk gyzyllaryň, göwher-lagyllaryň, hanha teblehanada göwün guşlaryň—gamyşgulak bedewleriň kişňeşip dur, hanha ýaýla doly mallaryň süri-süri agyp-dönüp ýör, hanha boz ekin meýdanlaryň bol rysgal-döwlet getirýär. Dünýä gelip ezizlän,söýen närseleriň ählisi seniň daşyňda! Ýeri, sen şulary taşlap niräk höwes eder sen?.” Niräk höwes eder, niräk gider? Jan—ynsan ruhy-- Watanyna gider! Allatagala hezreti Adamy arşy-aglada ýaratdy ahyry! Adam atanyň bäş gün bagtyýar ýaşan uçmahy arşy-aglada ahyry! Gumy ýerden alynsa-da Adam oglunyň dogduk depesi asmanda ahyry! Şol sebäplem Adam ogullarynyň göwresi zeminde ýaşasa-da,göwni arşy aglada! Arşy agla bolsa begler-beginiň zeminde toplan baýlyklaryny äkidibem bolanok, derkaram ýek! Şol sebäplem ruh asmany, beden zemini-- hersi öz watanyny küýseýär! Adam ogly bolsa iki islegiň arasynda germesatan!.. Gije-gündiz söwer ogluny nazar ýaýlasyndan sypdyrmaýan janserek Arazgül eje-de, Nurjahan ene-de ýigdekçäniň bekemedik beýnisine aşa agram salmazlygynyň aladasyny edip, Kynyş begden inilerini bäş-on gün seýli-seýranda dynç aldyryp gelmegini haýyş etdiler.Kynyş bege bolsa o meselede haýyş gerek däl: onuň mydama göwni dagda-düzde, mydama-da Bozdumanyň guýrugy düwük. Ol Magtymgulynyň dükanynda ýaňrap,ony işden goýup oturan Janamana: --Berebekgeýim, eliň boşmudyr?—diýip,kinaýaly sorady. --Janamanyňmy? Janamanyň elem-dilem bir günde ýigrimi dört sagat, hepde-de ýedi gün, aýda dört hepde, ýylda üç ýüz altmyş bäş gün boş, Kynyş däde, şuny alyp gitseň serpaýyň menden!—Magtymguly jogap berdi. --Haý, garagenjim,senem diňe kitap-diwan diýip ýatma, men siziň iki-ňizem entek görmedik jadyly ýeriňize äkideýin, hem däri-derman ot-çöpleri ýygnarys hem Allanyň ýaradan owadan, pynhan syrly dünýäsine zyýarat ederis -- diýdi. Magtymguly: -- Ýaradanyň diwanyna diýsene, Kynyş däde - diýdi --Älemleriň iň kämil, iň owadan, iň ajaýyp, iň bir pynhan syrly diwany Allatagalanyň döreden dünýä atly diwanydyr. Kynyş beg gözlerini höwlendirip, bir salym Magtymgula tiňkesini dikip ,soňam nurana ýylgyrdy, tebigata «Ýaradanyň diwany» diýmegiň öz kellesine gelmändigine haýran galdy, sebäbi ol dogup-döräp Ýaradynyň şol kitabynyň içindedi. -- Ras aýtdyň, Magtymjan, Ýaradanyň kitabynyň içine gideris. Ol diwan pynhan-pynhan syrdan, adam nazary degmedik gözelliklerden, kerem-keramat-dan, gudratdan doly. Ynha, men bärden bardygym otlar-çöpler «Kynyş beg, men pylan derdiň melhemi, men pismidan derdiň derma-nydyryn!» diýip, gygyryşyp başlarlar. Bu sapar gurbany boldugym Gürgen derýasynyň agdarylyp-düňderilip Gürgen (Hazar-Kaspiý) deňzine guýýan ýerine gideris. Hazar ummanyny görseňiz, gursagyňyzda başga umman dörär… Olar dördünji gün guşluklar kerwen gurup Gürgen derýasynyň Hazara guýup ýatan ýerine bardylar. O mahal Magtymguly on üç, Janaman on bäş ýaşyndady. Magtymguly uly-uly deňizler, ummanlar barada köp okapdy, suhanwerleriň, ahunlaryň- mollalaryň gürrüňini diňläpdi, emma aňyrsy-bärsi ýok, gözetimsiz, bikenar Hazar deňzi Magtymgulynyň kalbyny sarsdyrdy. «Eger deňiz şeýle uly bolsa, umman dagy nähilikä?” diýip ol içinden pikir etdi. Janaman ikisi gaba agaçdan gaba agaja dulanyp, deňziň kenaryna golaýlaşdygysaýy oglanlaryň kalby heýjana gelýärdi, çünki deňziň içi süri-süri ak guwlardan, gazlardan, ýaşylbaş sonalardan, görülmedik gaýry guşlardan dolydy. Deňziň depesinde bolsa ganatlaryny ýaýyp, naýynjar çyrlaşyp, öz adyny aýdyşýan çarlaklar käte bir suwa özüni urup, aw edýärdi. Guşlaryň owazy aklyňy çaşyryp barýan simfoniýady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||