18:09 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -8/ dowamy | |
Magtymguly bir gyrymsy agaja dulanyp, agdarylyp-düňderilip deňze guýup ýatan derýany-da, deňzi-de bendiwan bolup synlaýardy. Derýanyň, deňziň içindäki jowur ak guwlar, boýny birneme gyzylymtyl guwlar, gaýry guşlar ony haýran eýledi. Kynyş begiň ýekegöz dürbisi bilen guşlaryň uçmahyna öwrülen Gürgen deňzini, oňa yňdarylyp ýatan Gürgen derýasyny synlady. Magtymguly şindi beýle owadan gözelligi görmändi, ol görüp, synlap doýup, göwnüni gandyryp bilmeýärdi. Gursagyňa sygmaýan bu gözellikler onuň üçin ýöne bir gözellik däldi, görer gözleriň aňyr-synda beýniniň bolşy ýaly, bu gözellikleriň aňyrsynda syrdan doly ylahy mekdep, dünýäniň manysy-maňyzy ýatyrdy. Başda Janamanam gözelliklere aşyk bolupdy, emma şol bir görnüş dessine ony ýadatdy. Ol Magtymgulynyň däli derýanyň perrendeleriniň guş bazaryna aňkaryp, galpyldap syn edişini görüp, oňa päsgel bermejek bolup goşa gaýtdy. Kynyş beg eýýäm atlaryň eýerlerini, düýeleriň howutlaryny aýryp, köne çatmanyň gapdalynda goýupdyr. Atlary, düýeleri derýanyň ýakasyndaky ota kowup, üç-dört ýyl mundan ozal ýasan çatmasynyň içini-daşyny süpüriş-dirip, goşlary ýerleşdirip, düşek ýazypdyr. Janaman töweregine garan-jaklady, hiç ýerde agasyna gözi düşmänsoň suw küýzesini, iki jürdegi derýanyň suwundan dolduryp geldi. Soňam tokaýdaky guran agaçlardan odun daşap başlady, sebäbi ol bu ýerde hiç bolman,dokuz-on gün boljaklaryny bilýärdi.
Taryhy proza
Magtymguly derýanyň kenarynda durup agyr pikire batdy: «Hanha, Gürgen derýasy Hazar deňzine guýup ýatyr! Honha ýaşaýyş derýasy gabrys-tanlara guýlup ýatyr! Derýa ummanlaryň goýnunda bugaryp, bulut bolup asmana göterilip, ýene zemine ýagyş bolup, gar bolup ýagar, ýene daglaryň başyna ýagar, ýene çeşme-çaýa, derýa öwrüler! Gabrystanlardan hem ynsan ruhlary asmana göterilip, bakylyga – ol dünýädäki Ylahy ýaşaýyşa goşular!..» Ol «gara daşdan gara gyly saýlan» gara gözlerini alyslara dikip, deňziň aňyr kenaryny görjek boldy, emma ummanyň aňyr kenaryny görer-den algyr nazarlarynyň ejizdi. Dürbiledi. Gözetimden aňyrda deňiz birhili beýgelip, soňam o kenaryny görkezmejek bolup peselýän ýalydy. Depesine mawy asman düňderilen umman onuň göwni ýaly bikenardy, biserhetdi, bimöçberdi. Magtymgulynyň göwnüne ullakan umman Gadymy dünýäden Magtymgula çenli uzap, tükeniksizligini güjeňläp owsunyp ýatyrdy. Ýigdekçe haýran: Allatagalanyň Wagtam tükeniksiz, älemlerem tükeniksiz, asmanam tükeniksiz, gelejege uzaýan ýyllaram tükeniksiz, tükeniksiz närse bolsa diňe Magtym-gulynyň däl, adamzadyň akyl-paýha-syna-da sygmaýardy. Ol öz ýanyndan: —Eýse tükeniksizligiň aňyr serhedi ýekmy? Tükeniksizligem haýsy-dyr bir ýerde tükenmelidir ahyry? Başlanýan zat gutarman bilmez ahyry?—oýlandy, dürbini gözüne tutup alyslarda mawy tümlük bolup ýatan gözetimi synlady. Birdenem ol özüne—Aý, akmak, her bir dünýä gelen Magtymguly ýaly kişi düşünip ýörse, ondan ylahy paýhas esasynda gurlan dünýä boljakmy?!—diýdi... Ol ummany dürbileýärdi: ak guwlar, jowur ak gazlar onuň gözüniň ýagyny iýip, kalbyny heýjana getirip, göwnüni bendiwan edip taşlady. Onuň göwnüne, häzir-häzir Bähri melike kenizlerini-- suw peri-lerini yzyna düşürip, mawy ummanyň goýnundan tyllaýy çägeli çaýlyma çykaýjak-çykaýjak ýalydy. Alyslardaky jowur ak bulutlar deňziň depesinden iýnip gelýän ýelkenli gämiler kibi deňze gonaýjak-gonaýjak bolýardy. Ol mawy asmandaky lemmer-lemmer bulutlary, gök ummanda ýüzüp ýören jowur ak guşlary synlap durka, kellesine birden Hudaý hem şol jowur ak bulutlaryň arasynda kalbyňa sygmaýan bu gözelligi synlap duran bolaýmasyn diýen pikir gelip, bölek-bölek lemmer-lemmer bulutlara içgin nazar aýlady… Hawa, Hudaý hem bolsaň goýny jowur ak guwlardan, gazlardan doly mawy deňziň gözelligi bendiwan edip biljekdi. Ol öz ýanyndan: --Aklyňy çaşyryp barýan zyba gözellikleri ýaradan Alla, seniň kalbyňyň gözelligi dagy nähilekä?—diýdi. Ol owadan dünýä erk-ygty-ýaryny aldyryp --Dünýä, goýnuňa men geldim, sen bolsa meniň gelenimem bilmediň. Emma ki men saňa gelenimi bildirermen!—diýip, göçgünli gygyrdy. Ýyllar geçer, jümle-jahanyň ençe-ençe ýurtlaryny aýlanyp, dünýäni öwrenip, “altmyş alty deňiz-derýadan geçip, Hindi ummanynyň kenarynda aýaklaryny suwa sallap, mawy tükeniksizligi synlap, goşgy ýazar: Üç essesi däli derýa, Bir esse ýerde müň gowga, Kim biler ki köne dünýä, Ýa,Reb,niçe ýaşyndadyr?! Häzir bolsa bikenar Hazar ummany Magtymgula albaý bulap, göçgün göwnüne telwas urduryp,pynhan syrly nämälimlik bolup, onuň kalbynda çaýkanýardy. Magtymguly: --Eý, Allam, gudratyňa kaýyl, şu ajy ummandan süýji çagbalary ýaradar sen, şu köne ummandan ýaş ýagmyrlary ýaradar sen!—diýip, asmanyň astyna sygman çyrpynyp öwç urýan deňziň bugu-bulut bolup göge göterilip barýanyny synlaýardy. Ol entek “Bug bolup göterler ulug ummanlar” diýip ýazar häzir bolsa, beýik Biribaryň ullakan ummany joşduryp bal ýaly ýagyş-ýagmyrlary döredişine haýrana galýardy. Hawa-da, Biribar her dürli tymsal bilen dünýäň syrlaryny ýel açýar. Magtymguly gara gyşyň aňzagynda hatda şor kölleriň doňýanynam görüpdi, ony haýran edýän zat: kölüň harsaň buzuny tasa salyp eretseň, bal ýaly suw bolýardy. Diýmek, ajy ummanlar bugaryp ýa-da doňup süýji suwa öwrülýärdi. Haka düýrmegi bilen berlen Magtymguly bu akyldan daşgary owadan dünýäniň deňzinde-derýasynda,dagyndan-düzünde beýik Allatagalanyň bimöçber yşkyny, mähir-muhabbetini, ruhuny, nuruny,kerem-keramatyny, gudratyny görýärdi, syzýardy, duýýardy. Eýse, ol garry atasy Magtymguly ýenaçydan miras galan eýerlerde atasynyň mährini, ýüreginiň goruny duýar-da, beýik Ýaradanyň ýaşaň diýip ýaradan ajaýyp dünýäsinde ýaşap Eýesiniň mährini duýmazmy, söýgüsini görmezmi?! Ol hatda beýik Biribaryň reňk saýlaýşyna-da haýrandy: gök asman, mawy umman, gara daglar, ynsanmeňiz nurana toprak, ýaşyl ýaýlalar, tokaýlar, tyllaýy Gün, göwher ýyldyzly owadan gara gijeler, bulgurlary müşki-enwerli dürli-dürli reňdar güller aňyrsynda beýik güýjüň, gudratly syryň ýatandygyny äşgär edýärdi. Janaman çatmanyň ýanyna odun baryny üýşürip, tüňçeleri oda goýanynda Kynyş beg ýetip geldi. Onuň egninde ýaňyja ýylgyndan ýasan ok-ýaýy, elinde hamyndan çykarylan towşan, ýanynda ýalmanyp duran Aždary bardy. Işine çulum Kynyş beg eýýäm towşanyň iç-goşuny aýryp, derýada ýuwup gazana atybermeli edipdir. Aždaryňam agzy gandy, çaky olam aw edinen borly. Kynyş beg: - Al, ýonaçynyň agtygy, dessine derini duzla - diýip, towşanyň hamyny Janamana oklady. Ol içýakgyç: - Eýläýinemmi?… - diýdi. -- Hany, duz nirede? - Päheý, seniň ýonaçy bolaýşyňy! Dünýäniň ilaty deňziň kenaryndan kerwen-kerwen duz alyp gidýäkä, ýonaçy bolup duz soramaň näme? Towşanyň ysy janyňy alyp barýan datlyja börtmesi bişensoň, Janaman Magtymgulynyň aňyna-maňyna bakman, köne çatma alyp gaýtdy. Magtymguly: -- Kynyş däde, Gürgen derýasyndan çümüp, Hazar deňzinden çykaýma-sam, göwnümde arman galar-- diýdi. Janaman çyna-berimsiz oýun bilen: - Gürgenden çümüp Hazar deňzinden çykmasaňyz, Hazardan çümüp Häzirbegjandan çykmasaňyz--sizden ýonaçy bormy?-diýdi. - Köpeý ogly, sen näme ýonaçy dälmi? - Kynyş aga çyny bilen Jana-mana çiňňerildi. Ol: - Menmi? Men siz ýaly aýy ýa arslan görse, duztorbasyny alyp «durawer janawer, allanäme deriň bar eken, duzlap bereýin» diýip yzyndan ylgap ýören ýonaçy däl. Men häki sypaýy, sahypkyran ýonaçy! – diýip, güldi-de, nakyssyrap süýem barmagyny burnuna sokup dyrmalap başlady. Magtym-guly: --Haýt, çykar barmagyňy! Beýniňi oýaryp dünýä iş borsuň! --Oýarar ýaly beýni barmy bi pekgede! Ýöne bir ýerde hapaň bolsa çykar diý muňa! –diýip, Kynyş beg inisine tiňkesini dikdi.--Janaman,sen nädip beýle akmak bolduň-aý? Ol ýüzüniň ugruna gepi Magtymgula kakdyryp: --Okap-okap—diýdi. Magtymguly: --Kynyş däde, Janaman hakyky akyldar! Akylly baýlaryň il gözüne köne-küşül geýim-gejim geýip,pukara ýaşap,uly baýlygyny bukuşy ýaly, Janamanjan düýpsiz pähim-paýhasyny akmaklygyň aşagynda bukýar! Mundan dana-dana gep eşitjek bolsaň ilki garnyny otarmalydyr!--diýdi. Janaman: --Janaman han, akmagyň alty agasy bolýar, ýedisem ondan akylly, sekizisem oňa akyl berýär, dokuzysam ony oýnaýar,onusam oňa iş buýrýar—diýip, öýkelänini duýdurdy... Olar tolkunlaryny pagşyldadyp ýatan deňziň ýakasynda aw etinden nahar edindiler. Işdäsi gurat Janaman garnyny sypalap, gyşarmak isledi. Magtymguly: --Janaman, tirsek uraryn diýseň, Kemerli dagyny getirip bereýin—diýip degsindi. --Dag gaty bor, gowusy Gürgen deňzini iki epläp ýassyk edeýin... Pah, pah, Kynyş däde, heziller edip gara garny-ha gözedim! Şu mahal maňa aňňyryp, agnar ýaly kül gerek-dä! --Jork-batga näder?.. Indem sadagasy boldugym deňze suwa düşeliň! --How-how, Jahan şanyň körekeni, Görogly soltanyň bajasy Kynyş dädem, gara gyşda hem suwa düşmek bormy? -- Deňze gelip suwa düşmeseňiz,gelinalyjylap toý edip öýlenmedik ýaly borsuňyz! Sowuk bolanda näme, ojagyňyz içiňizdedir, suwdan çykyp ikiýana ylgaberseňiz hem janyňyz gönener, hem egniňizdäki balagyňyz gurar - diýip, ol suwa düşme meselesini çözdi. Magtymguly, Janaman, Kynyş aga deňziň kenaryna gelip, ellerini ýuwdular. Gürgen deňzi Bakylyk bolup pagşyldap ýatyrdy. Onuň suwundan dadyp gören Magtym-guly: -- Beh, aklyňdan aýlanaýyn Allajan, deňziniň suwy porsamaz ýaly maza-ly duzlan eken-ä!—diýip, kinaýaly ýylgyrdy. -Baý-baý öte duzlapdyr-ow! Ýenaçy däldigi bildirip dur. Kynyş däde, deňziň balyklaryny duzlaman bişirip iýibermelimi?.. Olar beýik gaýadan gözetimsiz ummany synlap,göwün guşlaryny telwas urdurýardy. Hazar deňzi ylla aýnady, üç-dört aý bäri gyşyň sowugy zerar-ly goýnunda suwa düşen kişi bolmansoň, deňiz tolkunmany ýadyndan çykaran ýalydy. --Kynyş däde, çüşşş, häzir ummanyň suwperisi meni görgeý, aşyk bolup, genji-hazynasyny alyp kenara çykar. --Garaş, Janamanjan, belki, deňiz bile genji badawert geler!—diýip, Magtymguly ýylgyrdy. --Belkem, alnyňa asmanyň göwher ýyldyzynyň biri gaçar! Gürgen derýasynyň ýakasynda ese-boýa galan Magtymguly beýik gaýadan özüni dik başaşak oklady. Deňiz «o-o-o!» diýip, şatlanyp şowhun kyldy, şol dem ýylgyryşy ýüzüne halka-halka tolkun bolup ýaýrady. Yzyndan Janaman, soň Kynyş begem towusdy, dilsiz deňiz begen-jinden «O-o-o! Ýenaçylar!»diýip gygyryp şoh bolup suwlaryny asmana pürküp güldi!.. Garaňky gije Magtymguly aýna ýaly ummanyň kenarynda ýaşyp barýan Aýy synlaýar. Doluşyp barýan Aý ummanyň o başyndan Magtymgula çenli kümüşsow şuglasyndan paýandaz ýazyp, ony ýanyna çagyrýar. Her hili öwşün atýan paýandazdan ilki Magtymgulynyň nazary, yzyndan göwni, göwnüniň yzyndanam özi ýöräp gitdi… Olar deňziň kenarynda ýedi gün boldular. Gürgen derýasynyň suwy bilen gidip deňizdenem çykyp gördüler. Deňziň ýalpak ýerlerinde suwa çümüp, suwasty deňiz otlaryndanam ýygnadylar. Kynyş aganyň görkezen derman ösümlikleriniň ençemesiniň tohumyndan, ençemesiniň kökünden halta-halta topladylar. Deňziň çäge kenarynda dürli guşlaryň san-sajaksyz höwürtge-lerindäki ýumurtgalaryndan hem ençeme suw kädisini doldur-dylar. Kynyş aga iki-üç düwlen awlap, ýörite gazanynda olaryň ýagyny eredip golça-golça ýagam aldy. Ýedi-sekiz gotan awlap olaryň ýagyndan ýedi-sekiz holtum hem doldurdy. Kynyş beg: --Bek, belläň, dünýäde gotanyň ýagy ýaly ýiti ýag ýokdur. Ony küýzede, golçada, mis gapda, hatda çüýşe gapda-da saklap bolýan däldir. Syzyp daşyna çykaýýandyr. Gotanyň ýagyny diňe onuň öz hamynda saklap bolýar… --Pynhan syram adam pakyr diňe öz hamynda saklap bilýär…eger hamy mazaly eýlenen bolsa…-- diýip, Magtymguly netije çykardy. Kynyş beg awlan gotanlarynyň holtumyny oglanlara ynanman özi duzlady… Olar halta-halta dermanlyk ot-çöpleri ýygnapdylar,emma Kynyş beg barybir azyrganýardy. Janaman: -- Aly hezretleri Kaýsar şa, süýtli külçeler gutaryp barýar, indi oba köwlenäýsek näder? - diýdi. -- Aç ölen türkmeniň mazaryny gördüňmi, garagenjim? Deňze gelip onuň gaýlaýşyny görmän gitmek bolmaz! -- Deňiz haçan gaýlajakmyş? --Gyssanmasaň ertir,gyssansaň birigün… --Jahan şanyň körekeni,Görogly begiň bajasy Kynyş dädem, bol, onda meniň gulak düýbüme ýapyp goýber! Magtymguly, senem dessine maňa derek utanyp gyzaryp-bozar!—diýip, Janaman ýaňagyny şarpyga taýyn-lady. --Begim,men seni näme diýip uraýyn?—Kynyş beg geň galdy. --Ur diýlende uraýsana Kaýsar şahym! Allanäme çekge, çekip goýber ýagly şarpygy! Sen maňa urup-urup akyl berseňem zor boldugyňdyr! Kynyş beg şindem gözüni ýumup duran Janamanyň ýaňagyna ýelmedi. --Şondanam bir şarpyk bormaý! Heý şojagaz şarpyk bilen maňa akyl berip bilermiň? Ýaňadan ur, özem gözlerimden çykan ot, hiç bolman-da, Hazar deňzini otlasyn! Allajan maňa beýni goýan bolsa pyşbaga ýaly gyş ukusyndan oýansyn!—diýip, Janaman janykdy. Kynyş beg mölerip esli wagt durdy-da: --Garyn etini iýdiňmi?—diýip sorady. Janaman baş atdy: --Aýtmadymmy, uranyňa degýän pislik edendirin diýip. --Baryny iýdiňmi?—Kynyş beg geň galdy. --Hezreti şahynşahym,sen Allanyň mülküne girip,ördek-gaz,sülgün-käkilik awlamaga rugsat bermeseň,iniň seniň mülküne talaň salaýýandyr!.. Ertesi gün ümüş-tamyşda Magtymguly bilen Janaman gitdi deňziň ýakasyny syryp. Jahan ýagtyldygyça umman ulalyp, oglanlaryň şähdini açyp, göwünlerini ganatlandyryp, hyjuwyny-hyrujyny gylawlandyrýardy. Ürgün çägeli kenarda dürli-dürli guşlaryň höwürtgeleriniň sany-sajagy ýekdy. Eýýehaçan göge galyp naýynjar çyrlaşýan çarlaklar oglan-lardan höwürtgelerini gabanyp, olaryň üstüne gorka hüjüm edýärdiler. Öňden barýan Magtymguly bir öwrümden öwrüleninde gözlerine ynanman doňup galdy. Onuň ozalam ullakan gara gözlerinden ataş çabrap, haýýady göterildi. Garalyp ýatan myžžyk çäge kenarda onlarça-onlarça gazlar, guwlar, ýaşylbaş sonalar moýmudaklaşyp kä sagyna, kä soluna ýykylýardy. Janawerler sermest: gaçmanam, uçmanam, gorkmanam bilenok. Hanha, bir ýetginjek bolsa ak bulutlar-dan ýaradylan ýaly ak guwlaryň, gazlaryň kellesini jonnuk pyçagy bilen kesip ganaryna gapgarýar. Gahar-gazapdan garagy gapylyp gany depesine uran Magtymguly atylyp barşyna özünden üç-dört ýaş uly ýetginjegiň ýakasyndan ebşitläp: --Eý iblis döli,bu janawerler Allanyň göze görünýän perişdeleri ahyry!—diýip, gulagynyň tözüne doňdurdy.—Eý,melgun,bu janawerler Allanyň yşkyndan ýaradan azyzlary ahyry! Bu janawerler mawy asmanyň, mawy ummanyň ýaraşygy ahyry! Bu janawerler jümle-jahanyň aýdymy-namasy ahyry! Bu janawerler külli adamzadyň köňül guşlary ahyry!—Magtymguly gazabyna bäs gelip bilmän, sazanaklap-saňňyldap duran oglany ýene urjak boldy, emma saklandy, sebäbi ol kethudanyň ogly ahyry! Magtymguly ahyry! Ol gapyllykda üstüni basdyryp, aljyran oglany itiberip goýberdi, oglan entiräp-tentiräp ýykyldy. Bu pajygaly wakany gören Janamanyňam haýýady göterilip, ylgap gelşine ýetginjegi ýerinden galdyryp, çaşy oglana eýmenç nazaryny dikip, haýran galdy: - Eý, eý, ýekeje şarpykda gözüň çaşaraýdymy? Häzir men seniň gözüňiň çaşysyny düzedip bereýin - diýip, sag golunyň tersi bilen oglanyň kempaý galan gulak düýbüne çekip goýberdi, oglan dogabitdi çaşydy. Bir gözi ýerinde, beýleki gözüniň garasy ýaňak jikgesine dykylyp durdy. Janaman onuň ebşidinden tutup, ýene gözlerine dikan seretdi.—Baý-bow, Allajan başdan seniň haramzada boljagyňy bilip gaty urupdyr-a! Birki şarpykda çaşyňy düzedip bolmaýar!-- Uruş-döwüş bolsa göhi gelýän Janaman oglany urup eýini çykardy, neresse arasynda aglap bir zatlar diýýärdi, emma «gulagyna gökleriň gümmürdisini dykan» Janaman ony nädip eşitsin? Magtymguly sermest guwlaryň birini gujagyna alyp, janaweriň ýüpekden näzik perlerini sypalap, hem guw, hem özüni köşeş-dirjek bolýardy. Gözgyny guwlaryň, gazlaryň moýmuldaşyp, sermest halda ýykylşyna onuň ýüregi awap: --Allajan, perişdeleriňi gaýypda görünmez ýaly edip ýaradanyňam ýagşy zat, ýegsam iblisden bolan haramzadalar olaram paýhynlap pürre-lärdi!—diýip, hyrçyny dişledi. Goh-galmagala ýetip gelen Kynyş aganyň hem imany öçüp, gözleri tas hanasyndan çykypdy.Ol agzy-burny gan ýalan ganjygyňky ýaly çaşy oglanyň ýakasyndan ebşitläp: --Eý, orramsy-ograşyň ogly, agta azgynyň agtygy, çöpdüýbi wenez-zynaň çowlugy, ýelem-ýüwlediň ýuwlugy, gurrumsagyň gowlugy, doňuzyň dogany, ýekcurunyň ýegeni!..—diýip, goluny göterdi, çaşy oglan gorkusyna tas çaşypdy: -- Jan, agalar, men ýetim! Ejem-de ýok, dädem-de ýok, doganym-da ýek,garyn-daşym-da ýok - diýip, zaryn aglady. Kynyş beg iki ýana çaýkanyşyp, ýykylyşyp-sürüşip ýören her biri tokly ýaly guwlary, gazlary synlap: -- Seniň ýaly doňuzda eje bormy, däde bormy, dogan-garyndaş bormy? Seniň özüňem bolmaly däl bu dünýäde! – diýip gygyrdy. Her hal onuň ýetim diýen sözüne ýüregi ýumşap, göteren goluny goýberdi.-- Eý,gurrumsak,bi janawerlerde näme kasdyň bar seniň!Heý sende ýürek diýlen zat bol-mazmy? -- Agajan, men şulary satyp günümi görýän-dä… aç ölmejek bolup… -- Bulary beýdip paýhynlap, ýaşaýyşy başyňa ýapjakmy sen! Gör-de, duruber, seniň el-aýagyňam şel bolar, garaklaryňam gapylar! Sen galan ömrüňe bazaryň gapysynda gedaý oturarsyň eger päli-pyglyňy düzet-meseň!...-- Kynyş aga awyly suwa ýatyrylan mekgejöwen dänelerini çöpläp -- Däligöjelä gaýnatdyňmy?—diýip sorady. -- Ýok, çakjagunduza! Kynyş aga, Janaman, çaşy oglan deňziň çäge kenaryna seçilen awyly mekgejöwenleri çöpleýärdi, Magtymguly bolsa ganardaky kellesi kesilen janawerleriň urunyp - urunyp, jan berşini synlap bagryny paralap oturşyna gujagyndaky guwy sypalaýardy.Günortana golaý gazlar, guwlar, ýaşylbaş sonalar awynyň täsirinden açylyp, mawy ummana garşy uçup gitdiler. Kynyş aga dagam kenara sepilen awyly mekgeleri ýygnap ýere gömdüler. Magtymguly Kynyş bege üm bilen çaşy oglany görkezdi: --Kynyş däde, muny nädeli? Janamanyň göhi geldi, ol: --Pahaý, ýenaçy bolup berýän sowalyň näteňet? Hamyny al-da kowup goýber, halan ýerine gitsin!—diýdi. Çaşy oglanyň zähresi ýaryldy, bolsa-da Kynyş beg oňa: -- Ýetim bolsaň, saňa hossar çykýan, iş tapyp berýän, emma mundan buýan otursaň-tursaň toba et - diýdi… Olar üç kişä netlenen külçäni dört bolup iýdiler. Emma üç adamlyk çatma göwünler sygsa-da, dört göwre ýerleşjek däldi. Janaman oýlugyny egnine atyp ugrady. Kynyş beg geň galyp: --Sen niräk?—diýip sorady. Janaman garalyp başlan murtuny sypa-lap, Gürgen derýasynyň sag tarapyndaky gugaryp ýatan harabalyga seretdi. Magtymguly: --Oňarýaň Janaman, oňarýaň! Gurbany boldugym Halatnebi dagynyň daşyn-dan üç ýela aýlanyp, keramatly tümmeklere ýykyl, belki Allam saňa akyl beräýedi-dä—diýdi. --Janaman han Jynly haraba gider! Öten agşam bir şaýly gelin düýşüme girip «Erte agşam gel, meniň owadan hüýr-peri baldyzym bar» diýdi. --Bir kemiň şoldy-da! Garaş göherd-ä Hanharabadaky şaýly gelne öýlenip, Selim magtymyň hassahanasyndan çykypdy -- diýip,Kynyş beg güldi. Magtymguly: --Arkaýyn gidiber,sende zeper tapar ýaly närse ýekdur!—diýdi.—Halat-nebi gonamynda ýatyp geläýseňem bolar. --O Garaş göhert diýýäniň niräniň güjüjegi! Akgaňlar garadan-gaýtmaz Oguz hanyň gylyçgemren gerçegidir! Men dergazap bolup bir haýkyrsam Hindistanyň ajdarhalary çaga taşlaýar! Men gözlerimi çarhlap garasam, heleý geýimli garantgalar hamyla bolýar!.. Çaşy oglan Janamanyň bolşuna daşyndan gorkdy… Magtymguly: --Janamanyň hamyndan deprek ýasasaň, bu dünýädäki gümmürdisinden o dünýädäki ölüleriň zähresi ýarylar—diýdi. Bolsada tebigat -- Ýaradanyň kitaby Kynyş begi ýalançy etmedi, ertesi gijäniň bir wagty turdy bir apy-tupan, gopdy bir harasat! Magtymguly bilen çaşy oglan ukudan syçrap galanda Kynyş aga äpet agajyň pürdelen sütünini çatma direg etjek bolup gara başyna gaýdy. Janamanam şaýly gelniň baldyzyna duşan bolmaly, galdyrap,galpyldap harabalykdan gaýdyp geldi. Magtymguly uçuryp barýan abyrsyz güýçli gara ýeli birinji gezek görýärdi. Asmany jaýryp-jaýryp ýyldyrym çakyp, gökler gümmür-däp, ýerler lerzana gelip çagba-da ýagyp başlady. Bir ýerde dag bolsa, deňiz bolsa entäp görmedigi görde galan Kynyş begem entek beýle kyýamat belany görmändi. Aždar ýaly aždaram gorkusyna çyňsap, çatma dykylyp janyna jaý tapmaýardy.Kynyş beg bu nägehan apat apy-tupany çaşy oglanyň düýnki etmişi üçin Allanyň gahar-gazabydyr öýtdi. Magtymguly möwç urup ýatan ummanyň golaýyna baryp, çugudyp synlamaga başlady: --Ummanlar bikenar bolaýmaly, çünki dünýäniň ýaşaýşy şu umman-lardan başlanýar. Ummanlar bimöçber bolaýmaly,çünki uly-uly ummanlar apy-tupanly çagbalary, ýagyşlary, baranlary dogurýar. Gara daglar bimöç-ber uly bolaýmaly, çünki äpet-äpet daglar derýalary,çeşme-çaýlary dogurýar, derýalardyr çeşme-çaýlaram ýaşaýyşy döredýär—diýip, ol için-den oýlanýardy.—Tebigatyň baky aýlanyşygy!..Tebigatyň baky aýlanşy-gy esasynda ajaýyp ýaşaýyş pajarlaýar. Emma ýaşaýşyň depesinden garly-gaýly daglardaky Nuhuň apy-tupany bakyp ýatsa, ýeriň ýedi gat aşa-gyndaky dowzah aram-aram kükräp iru-giç owadan ýaşaýşa çykyp görmäni arzuwlap ýatyr…Hawa,ýaşaýşyň depesinde Nuhuň tupany, ýedi gat aşagynda pynhan howp bolup kyýamat ýatyr!.. Apy-tupan gitdigiçe güýjeýärdi. Bu mahal daň atan bolmalydy. Aýaklaryny ýere sallaşyp, sürlenişip gelýän lemmer-lemmer garamy, çalmy bulutlar burugsaýardy, gaýnaýardy, asyl asman deňze çöküp,deňiz göge göterlipdi. Bulutlaryň galyňlygyndan ýaňa asman bilen zemin tapyşypdy. Işine bek Kynyş aganyň direginiňem peýdasy bolmady. Çatma ahyry çagşap, weýran bolup her synasy bir ýana uçup gitdi… Kynyş aga çatmanyň golaýyndaky gabadan ýaýbaň agajyň ykyşynda çugudyp otyrdy. Ýeriňden turup bilseň - ýel ýykjak! Deňziň golaýyndaky gyrymsy agaja dulanyp Magtymgulynyň howp-hatarly töwekgellik küýseýän kalby ýer bilen gögi gapyşdyryp taşlan apy-tupandan heýjana gelýärdi. Şabrap-şabrap ýagýan çagba-da keýpine keýp goşýardy. Birden onuň gözlerini gamaşdyryp çakan ýyldyrymyň howry ýüzüne çabrap, aýagynyň aşagynda ýer yranyp gitdi. Magtymgulynyň on-onki ädim öňýanynda mähnet ýyldyrymyň ýalaw ýaly tygy ýeriň gursagyna girdi. Çagbanyň suwlary ýyldyrymyň girip giden köweginde jazyrdaýan sesem eşdilen ýaly boldy. Lemmer-lemmer bulutlar deňziň depesinden hüjüm etse, garalyp ýatan ummandan göterilýän çalymtyl tolkunlar asmana hüjüm edýärdi. Hamana kyýamat gopduran apy-tupany deňiz asmandan, asman bolsa çyrpynyp ýatan deňizden görýän ýaly, mojukdan-mojuk owaz bilen uwlaşýardylar. Şaglap-şaglap ýagýan çagbada süllümbaý bolup, däli dünýäniň oýnuna tomaşa edýän Magtymguly ýerinden galyp, ýel degirmeniň peri ýaly uzyn gollaryny gerip, jümle-jahana bakyp gygyrýardy: --Eý,däli dünýä, sen maňa arşy-kürsi lerzana getiren apy-tupanyňy ber! Sen maňa däli ummanlaryň ýer-gögüň arasynda çyrpynýan möwjüni ber! Sen mana kükräp-kükräp, gökleri gümmürdedip gelen ýyldyrymly çagba-laryňy ber, men olardan otly aýdym,datly aýdym ýaradaýyn! Magtymgulynyň däli göwni göterilip, birdemde jalanyň-çagbanyň, gök gümmürdileriniň piri Burkut diwana öwrülip, bir pursatda apy-tupanyň piri Mirhaýdar diwana öwrülip, dünýäň depesinden çagba bolup eňterilesi geldi... Beýik Biribar şahyr etjek perzendi Magtymgulyny aklyňy çaşy-ryp barýan ajaýyp tebigatly Türkmensährada dünýä inderipdi. Mejnunyň sallançakda ýatan çagajykka Leýli gyza aşyk bolşy ýaly, Magtymguly çagalygyndan Türkmensähranyň uçmaha gaýra dur diýdirýän owadan baýyr-laryna,däli düzlerine, seri gowgaly daglaryna,aklyňy çaşyryp barýan ýazlaryna bendiwan bolupdy. Allanyň yşkyndan ýaradylan tebigat oňa jadyly husnyjemalyny, näzenin kaddy-kamatyny,ýalaňaç ýürejigini görkezip, ony söýüpdi, oňa özüni söýdüripdi…Hakyky şahyr diňe tebiga-tyň jadyly söýgüsinden döreýär, başga halda dörän şahyrlar uly şahyr, filosof şahyr,akyldar şahyr, beýik şahyr, genial şahyr,halk şahyry bolup biler,emma HAKYKY ŞAHYR bolup bilmez! Uçuryp barýan abyrsyz ýelde ýapyrylyp, büküdip Magtymgulynyň ýanyna gelen Janaman gardaşynyň keýpi çag halda ummana gygyrýanyny görýärdi, emma sesini eşitmeýärdi. Gözetimden aňyrda nähilidir bir güýç Gürgen deňzini ýergan kakan ýaly kakýardy, silkeleýärdi. Hamana ol dünýäniň gujagynda ajap ýatan deňzi agdaryp, derdinden dynjak bolýan ýalydy. Gaba agajyň düýbünde çugudyp, dünýä syn edýän Kynyş begiň birden haýýady göçüp, imany öçdi. Ol aýylganç gygyryp, büküdip kenara tarap ylgady. Emma gara ýel, apat apy-tupan onuň owazyny agzyndan çykyp çykmanka alyp gidýärdi. Onuň eýmenç haýkylygyny dört günlük ýoldan aňyrda böwrüni diňläp oturan Nurjemal gelin eşidäýmese,oglanlaryň eşitjek gümany ýekdy. Bu mahal Magtymguly bilen Janaman ümüdikläp deňziň kenaryna baryp, iki-üç adam boýy gaýa bolup gelýän tolkun bilen garpyşypdy. Kynyş aga wagşyýana gygyryp, ähli güýjüni edip ylgady, emma boljak iş bolupdy, mähnet gaýa ýaly tolkun oglanlary uçuryp goýberdi, emma olaryň düşen ýeri näbellidi. Kynyş aga-da ylgady, emma tolkun yzyna gaýdanynda inileriniň ýokdugyny görüp, akly başyndan uçdy. Ol gaty ylgap deňze golaý baranynam, ölüm pellesiniň geleninem dik depe-sinden abanan wagşyýana janly gaýany göreninde duýdy, emma giçdi. Pahyr «bary gutardy!» diýip oýlanybam ýetişmänkä, tolkunyň ýoňsuz urgusy ony seňseledip, uçuryp goýberdi. Görgüli bu dünýä düşdümi, o dünýä düşdümi - belli däl! Amat pursatyň bolanyny bilen çaşy oglan ýeliň gujagynda ýelgamak bolup gaçdy gitdi. Elhenç-elhenç ýyldyrymlar çakyp, ýerler-gökler lerzana gelip, dünýä agdarylyp, düňderilýärdi. Her hal, Magtymgulynyňam, Janamanyňam Hudaý diýen ýeri bar eken. Äpet tolkun ala haşşyldy bolup yzyna gaýdanynda tolkundan sypyrylyp galan Magtymguly bilen Janaman emedekläp, dört aýak bolup kenara gaçdy. Olar seňseläp serlip ýatan Kynyş agany görüp, hersi bir golundan tutup süýräp gaçdylar. Şol zaman ah, urup nagra dartyp gelýän äpet tolkun awuny aldyran wagşy mahluk ýaly olary zarbasyna urup ýykdy, emma holtumyna dolap, özi bilen süpürip yzyna alyp gaýdyp bilmedi. Taryhdan aňyrdan gelen gorkunç mahluk ýaly umman gadym dünýäden haşşyldap gelşine ýene olara topuldy. Magtymguly bilen Janaman Kynyş begi howpsyz ýere getirip, ýaňaklaryny gursagyna goýup diňläp gördüler. Emma apy-tupanyň gohy-gowgasyndan başga dünýäde ses ýitipdi. Bir zamandan özüne gelip, aklyna aýlanan Kynyş beg durşuna gahar-gazaba öwrülip oglanlara haýkyrdy, gygyrdy, olary alyp gaýdan gününe lagnat okady… Günortanlar apy-tupan köşeşip, ummanyňam jany aram tapyp başlady. Kynyş aga bolsa şindem inilerine gaharlanýardy, gygyrýardy, käýinýärdi. Apy-tupandan göwni galkan oglanlara oýun gerek! Magtymguly gözlerini höwlendirip: --Eý, eý, Kynyş däde,sen gahardan-gazapdan ýaňa ulalyp-ulalyp Pil-mahmyda öwrülip barýaň-la! Aý-ho!Eý-ho! Sesiňem tamdyryň tüssesi ýaly burum-burum burugsap barýa-la!—diýdi. Janaman bolsa Kynyş begiň gaharyny böjetjek bolup öňünde maýmyn boldy. --Kynyş däde, lowlap ýanyp ýatan guýa girip gara döwüň genji-hazynasyny alyp gelýän… --Magtymguly ýaly iniň barka…--Janaman Magtymgulynyň başlan sözlemini agzyndan kakyp aldy--Sülgünleriň-käkilikleriň sesini bükdürip kak, çişligiň tüssesini bükdürip sök edip oturan Janaman ýaly iniň barka, nämä gahar edýäň!—diýdi.—Kynyş däde,ýaňkyja apy-tupandan gorkup, sesiň gaçyp Semnandan çykaýdymy?..O çaşy gurrumsagyňam-a gümüni alyp ýok bolupdyr. Kynyş beg garyljak sesi bilen: -- O doňuz ogluny bazaryň derwezesi çekýändir - diýdi.—Ene bäş-alty ýyldan telpegini öňüne atyp oturandyr Gürgen bazarynda, eger neti-pälini düzläýmese… Deňziň kenarlaryna aýlanan Kynyş begiň keýpi dag ýarýardy, çünki apy-tupanyň tolkunlary entek onuň ömründe görmedik otlaryny, balyk-gulaklary, gaýry närseleri çäge çaýlyma taşlap leýs edipdi. Kynyş beg olaryň arasyndanam geregini ýygnaşdyryp, iki günden soň düýeleri, atlary mas ýükläp nirdesiň Hajygowşan diýip ýola düşdi. --Haý, dälibaş beglerim, göwnüňizde arman galdymy? Magtymguly: - Galdy, şol apy-tupanda Hazar deňzinde çümüp, Gürgen derýasyndan çykaýan bolsadym… - diýdi. -- Allanäme… Göwnüňizde bir armanyň galany ýagşy, sadagasy boldu-gym bu sahawatly deňze ýene gelerimiz ýaly… Magtymgulynyň keýpi galady, şähdi açykdy, sebäbi dünýäni agda-ryp-düňderen apy-tupan, gökleri gümmürdedip, ýyldyrymlaryny çakdyryp, kükräp-kükräp ýagan çasly jala, çaýkanyp ýatan Hazar ummany bilen onuň kalbyna girip, gursagynda çyrpynýardy… hhh Nedir şanyň göreni gulçulyk,uruş-gowga, harbylyk, gödek durmuş: onda daşyna ýag çalnan köşk edep-ekramy, edim-gylymy, sypaýy ýylmanaklyk, ýülmeklik ýekdy. Wezir-wekiller turuwbaşdan ony gündogar edähedi-ne görä wazaňladyp, magtap arşa göterip ugrady. Şahynşa bäş gün çydady, on gün çydady, asyl iş on ikinji derejä geçip,ähli gep-gürrüň şahyn-şanyň adatdan daşary belentligi baradady. Ol sypaýylyk bilen şahyn-şa-da bolsa özüni öwmeli, magtamaly, wasp etmeli däldigini düşündirdi. Gündogar şalary-soltanlary barada onlarça-onlarça diwan waraklan emeldarlar serpmeden gaýtdy: o nähili şahynşany magtamak bolmaýar? Müňlerçe ýyl bäri müňlerçe şalar ýaşap, şalyk sürüpdir, hemme zaman-larda hem wezir-wekiller şalary magtapdyr! O nädip Nedir şanyň wezir-wekilleri şasyny magtaman biler!.. Emeldarlar Nedir şa synaga salyp, sypaýylyk edip görýändir diýip kynam bolsa bäş-on gün garaşdylar. Emma şahynşanyň ýüregine diňe söýüp, tabyn bolup, ýaranyp baryp bolýar, köşkde iň ygtybarly orun şahynşanyň ýüregi! Şahynşanyň kalbyndan orun almak bolsa mertebe, baýlyk, hökmürowanlyk! Garasaý, ýeser wezir-wekiller ýuwaş-ýuwaşdan ýene ony magtap ugrady. Nedir şa eşitmezlige saldy. Nobatdaky köşk mejlisinde tapbiler ýeser wezirleriň biri soralan zady soňa goýup, wazaňladyp şahynşany magtap, wasp edip, öwüp durar ýerde durmady. Şaynşa ähmiýet bermedik boldy,sebäbi ol hemişe-de uçuryp atýardy. Birinji wezirden kem galmajak bolup ikinji wezirem sözlerine bal çalyp,şahynşany arşa göterip, ýagşyzadalaşdyryp, Hudaýyň dere-jesine çykardy... Ertesi şahynşa ýalňyz çagy iki weziri dergähe çagyrdy, olar baş egip, tagzym kylyp sandyrap, saňňyldap onuň gaşyna bardy. --Siz türkmen gerek? --Hawa, türkmen kyblaýy älemim? Nedir şa goltugyndan iki sany towuk ýumurtgasyny çykaryp, birinji wezire berdi: --Pylan wezir, sen o tükini götermäge endik eden bolsaň, häzirlikçe şu iki ýumurtgany göteriber!—diýdi. Beýle gödek, emma jaýdar söze garaşmadyk wezir gyzaryp-bozaryp tas çaşypdy. Şahynşa ikinji wezire-de algyr nazaryny dikdi.—Siz meni heleý diýip eşitdiňizmi? Siz meni gyz-gelin diýip eşitdiňizmi? ÝA men gyz-gelinleri wasp edip näme edilýänini bilmeýänmidirin? ÝA meni arşa göterip, götümi görjek bolýa-ňyzmy?...—Ikinji wezir agaç ýaly duran ýerinde gurady, dem salymda jesede öwrüldi, reňňi-roýy sap-sary bolup dyrnaklary gögerdi. -- Ýene bir ýela meni magtap, ýaranjaňlyk etseňiz ikiňiziň sakgalyňyza-da syrtymy süpürerin... kelläňizi elime alyp! Eşitdiňizmi? —diýdi. Elhenç jümle köşgi sarsdyrdy. Bir wezir gorksa-da Nedir şanyň hajatyny bitirip, ikinji sakallak weziriň ýeňsesinden tutup, syrtyny süpürişini göz öňüne getirdi Dessine-de: --Kyblaýy älemim, kellämizi özüňiz aljakmy ýa mejimä salyp eltip berelimi?—diýdi. Nedir şa gulagynyň eşidýän sözlerine ynanyp bilmän gözlerini petredip, diýere söz tapman seretdi durdy. Diri jesetleriň sazanak-laşyp durşuna dözmänem, gidiberiň diýdi. Olar yra-dara ýöräp köşkden çykdylar. Nedir şa olary gaty gorkandyr öýdýärdi, emma ol entek gorkmagyň, sandyrap, saňňyldamagyň hem gündogar ýaranjaňlygynyň bir görnüşidigini bilenokdy... Ertesi Muhammet Türkmen mys-mys ýylgyrýar. Nedir şa onuň bukuly gözlerine seredip: --Nämä ýyrzaýyp otyrsyň bişirilen goýun kellesi ýaly?—diýdi. --Pylan weziriň sakgalyna nemäňi süpürşiňi göz öňüne getirýän... --Sen ony eýýäm nireden eşitdiň? --Päheý şahynşahym, ol iki wezir “Şahynşahymyz bize şeý diýdi” diýip, görenine gürrüň berip, buýsançdan ýaňa ýer bilen gögüň arasynda uçup ýör. Maňa düýn aýdyp berdiler. Nedir şa ýakasyny tutdy, özi bilmezden toba esssagpyralla diýdi. Bu gödek jümleler ýyldyrym çaltlygynda ähli welaýata ýaýrady. Halk Nedi-riň hakyky halk şahynşasydygyna ynandy... Emma Gündogar Gündogar bolýar! Gündogar mertligiň, ynsabyň, päkligiň simwoly, şol bir wagtda adatdan daşary namartlygyňam, hapalygyňam, heleýligiňem, ýaranjaň-lygyňam görülip eşidilmedik derejä ýeten yklymy! Entek Nedir şa nädip, nireden, neneňsi gelenini duýman galar: ýaranjaňlar öwlady ony öz köşgünde basyp alyp, ýaşy giden owadan jelebiň wazaňa, waspa, öwgä, maýyl bolşy ýaly, waspa garaşyp oturan şahynşaha öwrüp taşlarlar. Şahynşaha syrtyny süpürmäge günde üç kelle geregem bolsa, sakgalyny ýuwup-ardan emeldarlar kellelerini mejimä salyp meýletin eltip berer-ler!.. Nedir şahynşa kimmiş, ýaranjaňlaryň alnynda durar ýaly! Heý köşk emeldarlary beýik Nedir şany halka berermi! Günlerde bir gün Döwletmämmet aga Magtymgulyny gözläp, oglunyň jaýyna girdi. Ony bolsa ýaňyja bir iş bilen Janaman alyp gidipdi. Kethuda golaýa baryp, oglunyň okaýan kitaplaryna nazar aýlady, dik duran ýerinde sünnä ýazylan kagyza göz gezdirdi. Kagyz onuň ünsüni çekdi, ol oturyp entek syýasy goşgynyň birki bendini okap gördi. Ol Magtymgulynyň goşgy ýazýanyny aňýardy, sebäbi adaty adam derejesinden göterilip, özüne sygmaýan adamlaryň ählisi diýen ýaly goşgy ýazýar. Döwletmämmet pir ymykly oturyp goşgyny okap ugrady, goşgynyň wakasy onuň aňynda janlandy: Hanha, al asmanda bir kepderi dünýäniň keýpini-sapasyny görüp, agyp-dönüp uçup ýör, birden ýaýyň oky bolup gelýän laçyn guşy görýär. Kepderi gaçýar, laçyn ala şuwwuldy bolup kowýar. Heý, laçyn guş awuny sypdyrarmy? Biçäre kepderini şum ajal ýetip barýar. Janam bir şirin närse, janawer janhowluna howalanyp duran meçjide girip gidýär. Meçjitde bolsa arkasyny mähraba berip, külli musulmanyň şahymer-dany, Allanyň şiri hezreti Aly sahabalara wagz edip otyr. Kepderi Alynyň alnynda gonup, ynsan dilinde salam berip, arzy-halynyny aýdyp başlaýar. Sen-sen dinim-imanym, Saňa gurban bu janym, Pylan ýerde äşýanym, Ýaş çagam bar ýa Aly! Aly Murtuza onuň pajygaly ahwalyny diňläp, kepderini ýeňine salýar, şol mahal algyr laçynam gelşine meçjide girip, hezreti Alynyň gaşyna gonýar. Ulug-kiçik sahabalar bu waka haýran galyp seredip otyrlar. Laçy-nam ynsan dilinde sözläp başlaýar: Dermendeýem, mähtäjem, Şermendeýem, gallajam, Şu gün üç gündir ajam, Awym bergil, ýa, Aly! Şiri-Perwerdigär Ganbara hanjar getirdýär. Laçynam, sahabalaram haýran galyp hezreti Alynyň etjek bolýan işine garaşýar. Aly ýalaw ýaly hanjary mübärek gollaryna alýar. Görüň indi ne kyla, Istär ol -- kerem kyla, Laçyn diýdi Alyga: « - Siz nädersiz hanjary!» Hezreti Aly: - Eý, laçyn, men Haýdaram, Sahyby-lutfy kerem, Öz budumdan et berem, Sen dileme kepderi! -- diýip, budunyň ýumry ýerinden hanjary saljak bolýar, şol pursat laçyn ganaty bilen onuň mübärek gollaryny saklap: Laçyn saýmaňlar meni, Kepder diýmäňler ony, Synamak üçin seni, Gelipdik siziň sary! diýip, hezreti Ala tagzym kylyp, kepderi bilen laçyn uçup meçjit-den çykyp gidýär. Dädesi uzyn goşgyny öwran-öwran okady, onuň kalbyna buýsanç ýaýra-dy, üstesine-de gaty geň galdy. Döwletmämmet aganyň özem uly şahyr, uly-uly şahyrlar bilen hem gatnaşykdady, okamadyk kitaby-diwany ýokdy. Emma ol şeýle tebigy hem ýönekeýden şirin dilde goşgy ýazylşyna ilkinji gezek gabat gelýärdi. Türki dilli edebiýatyň taryhynda ol entek beýle goşgy ýazylanyny görmändi. Şahyrlar ylmy türki dilde goşgy ýazýardylar,çünki goşgy alymlar, akyldarlar, ylymly adamlar üçin ýazylýardy. Türki ylmy dile bolsa türkmeniň, özbegiň, gazagyň-garagalpagyň, osmanlynyň-gyrgyzyň, häzirbegjanyň-tataryň alymlary, aryflary, akyldarlary, sowatly adamlary düşünýärdi. Umuman, ylmyň, goşgynyň, kyssanyň umumy türki dili bardy. Emma Magtymgulynyň bu goşgusyna gaýry ýurtly alymlar, aryflar düşünip biljek däldi. Goşgy türkmen halk dilinde ýazylypdy.Durşuna owazdan, dana pähim-paýhasdan çeşme-çaý ýaly akyp barýan şygry Döwletmämmet aga ýene bir ýola okady, şol mahal otaga Magtymguly girdi, ol dädesiniň ýaňy ýazan goşgusyny okap oturanyny görüp, gaty utanyp yzyna ýöneldi, emma oglunyň gelenini duýan Döwletmämmet aga ýeňsesine öwrülip, ony ýanyna çagyrdy. Ol mahal Magtymguly ýaňy on dört ýaşyny dolduryp, ýaňy sesi gor-gor bozulyp ugran oglandy. Dädesi uýalyp, başyny aşak salyp duran ogluna mähriban nazaryny aýlap, sowal berdi: - Oglum, haçan ýazdyň muny? - Ýaňy. - Başga-da ýazan goşgyň, gazalyň barmy? -- Magtymguly baş atdy. -- Hany olar? - Ýyrtdym… - Näme diýip ýyrtdyň? - Däde, men aryf bolmak isleýän… - Aryflaram goşgy ýazýar, aryflaram şahyr bolýar. - Howa, emma hemme şahyr aryf bolup bilmeýär-dä. - Bi rowaýaty nireden eşitdiň? - Öz serime geldi, däde? - Gaty gowy, gaty gowy. Emma mundan buýan näme ýazsaň ýyrtmagyn, eşit-diňmi? Oglan uýalyp, başyny aşak salyp durşuna kelam agyz söz diýmedi. Emma Magtymguly «Gökje kepderi» atly şol goşgusy bilen dünýä diýmeli sözüni diýipdi. Şol goşgy bilen türki halklaryň dünýäsinde halk dilinde ýazylýan dünýewi halk goşgularynyň eýýamy başlapdy. Döwletmämmet aga buýsanç bilen ogluny synlady-da: -- Oglum, indiki çarşenbede Bagdada gideris, sadagasy boldugym, hezreti Haali Zaman Kaýseri pirden ak pata almaga. Gaýdyşyn, nesip bolsa, Yspyhany-da göreris. Taýynlyk görüber --diýip, otagdan çykdy. Garaşylmadyk habardan ýaňa Magtymgulynyň çyragly gözleri yşyrap, ýüzüne ýyldyrymyň ýalkymy ýaly şatlyk çabyrady. Onuň ruhy galkyjak-lap, göwni al-asmanda telwas eýledi! Gör-ha, Magtymguly dädesi bilen ýene iki aý ýoldaş bolar. Gije-de, gündiz-de! Magtymguly iki aýlap dädesi bilen söhbetdeş bolar! Iki aýda dädesi Döwletmämmet aga oňa kyrk ýylda aljak akyl-paýhasyny, parasadyny berer! Iki aýlap Magtymguly ýalan dünýäden çykyp, kerem-keramatly dünýä gider! Haali Zaman Kaýseri pir ýedi yklymyň keramatly ulug piri. Üstesine onuň dädesi hem keramatly, diýmek ol iki aýlap ýalan dünýäden arany açyp, keramatly dädesi bilen ýoldaş bolup, keramatly, gudratly piriň dergähine barýar. Döwletmämmet aga gökleňiň, ýemudyň kethudasy bolansoň, bir gün ol obadan, bir gün bu şäherden çykmaly bolýardy. Ol iliň kethudasydy, welaýatyň adyndan dini hadymlaryň mejlislerine, şa maslahatlaryna gidýärdi. Garaz, Magtym-gula dädesi bilen söhbet etmek seýrek miýesser edýärdi. Onsoňam ilkinji gezek Bagdada gidenlerinde Haali Zaman Kaýseri pire duşup, haýyr pata-syny alyp bilmänine puşeýman edip ýördi. Ynha,indi ol nesip bolsa beýik piriň ak patasyny alar. Belki, oňa ýene Gaýtar galasynyň haraba-çylygyndan çykyp, sallanyp, seýkin basyp sahypjemal Dürjemal gyz görüner! Eýse, ol gyz hem keramatlymyka? Meger, keramatlydyr, Allanyň azyzlanydyr, ýogsa heý bir ýarym ýyl ozal ölüp ystyhana öwrülen şehit gyz jana gelip, dirileriň günäden doly dünýäsine gelip bilermi? Allanyň eradasy bilen Dürjemal gyz o dünýäden çykyp, bu dünýäniň işine garyşýar ahyry… Dürjemal kakasyna, agasyna, Argamak obasynyň ymamyna-da duşup bilerdi ahyry! Emma ol Biribaryň gudraty-güýji bilen Döwlet-mämmet aga, Magtymgula duşýar!.. Birden Magtymgulynyň aňynda «men hem keramatly bolaýmaýyn?» diýen pikir yşyrap gitdi. Ol pikir-oýundan utanyp toba etdi. Emma Hudaý halasa Magtymguly ylym-bilimden, pähim-parasatdan ýüküni tutup, Hakyň ýoluna düşüp, ömrüni keramatly ýola bagş eder! Adam oglunyň beýnisi hem açylmadyk dünýä, Magtymguly diňe Bagdady, Yspyhany däl, gatlak-gatlak daglar ýaly beýnisiniň täzeden täze gatlagyny açar! Adam oglunyň kalby hem tükeniksiz älemler ýaly açylmadyk älem. Magtymguly iki aýlap çöl-beýewanda, sährada-tokaýda gören gözelliklerini kalbynda ýerleşdirer, täze dünýäni açar. Çarşenbe gününiň daňdanlar Döwletmämmet aga, Kynyş beg, Magtym-guly dagy atlanyp ýola düşdi. Ertesi agşamara bolsa Gaýtar galasynyň harabaçylygyna bardylar, emma Magtymgulynyň arzuwy haýyp, lapy keç boldy. Görmegeý gyz Dürjemal o dünýäden sallanyp-seýkin basyp bu dünýä gelmedi. Olar şehit gyzyň guburyna golaý ýerde düşlediler.Naçaryň mazarynyň başynda Döwletmämmet pir aýat-doga okady. Gijäni şol ýerde geçirip gara daňdanam ýola düşdüler. Ýol uzak, günler gysga, dünýä giň, adam pahyr dar, ömür sanalgy, wagtyň bolsa hasaby ýok. Olar at ýanaşdyryp Deşti-Kebir çölüstanynyň içi bilen barýardy. Döwletmämmet aga Magtymgulyny ikinji gezek Bagdada Haali Zaman Kaýseri piriňkä, Kynyş aga bolsa entek adam aýagy sekmedik çölüstanyň jümmüşine aralaşyp, däri-derman ösümlikleri ýygnamaga ugrapdy. Ýaş oglan soňsuz oý-pikirlerinden, şol bir tukat, gamgyn görnüşi bilen gursagyňa perişanlyk salýan ymgyr çöl-beýewandan ýadap: -- Hudaýym, bi tükeniksiz çöl-beýewanyny näme diýip ýaratdyka? - diýip, töweregine ser saldy. Pah-pah, dymyşlyga sygman gelýän Kynyş beg gürlemäge zerar tapylanyna hoş bolup: -- Päheý, garagenjim, sandyk-sandyk diwan waraklap, şony-da bilme-ýämiň? Bilmeseň,diňle aýdyp berberin: Hudaýjan bir gün atan-satan, büdür-südür, egri-bugry, Janamanjan ýaly, tagaşyksyz bir janaweri--düýäni ýaradyp, ony daga-derä goýberip görüpdir, ýöräp bilenok, ýumşajyk dabanyna daş çümýär. Düzlüge-ýaýla goýberip görüpdir, ýagyş ýagyp, ýerler taýga bolsa, taýyp çaty aýrylaýýar. Ine, onsoň şol janawerler üçin suwsuz-sölsiz iňläp ýatan çölleri ýaradypdyr gurbany boldugym Biribar-- diýip, öz sözüne hoş bolup güldi. Gamçysy bilen yzyna tirkelen düýeleri Magtymgula görkezip -- Synla, çölüstanyň jümmüşine aralaşdygymyzça, atasy öýünden gelýän gaýtarmalar ýaly keýpleri çaglanýandyr. Döwletmämmet aga inisiniň pikir ýöredişine hoş bolup ýylgyrdy. -- Oglum, Perwerdigäriň çöl-beýewany näme diýip ýaradanyny-ha biljek däl, ýöne bir zady welin aýan: adam çölüstanda dünýä bilen, özi bilen, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Iňläp ýatan çölüstan hatda akmaklaram oý-pikire batyryp, akyldarlary bolsa pikir ummanyna gark edýär. Meger şondandyr, pygamberlerimiziň ählisi diýen ýaly çöl-sährada dünýä gelip, jebri-jepaly çölüstanda ejir çekip, çöl-beýewanda pygamberlige göterilipdir - diýdi. -- Çöl diýeniň keramatly ýerdir… --Men bir zady takyk bilýän: çölüň-sähranyň ot-çöpüniň däri-derman-lygy-ha gaty güýçli - diýip, Kynyş beg üzeňňä galyp, sag goluny gözle-rine kölege edip, alyslara nazar saldy. -- Goşa guýa ýetiberipdiris… Goşa guýy kerwen ýolunda menzilhana bolany üçin, gyşda gardan-gaýdan, tomusda yssydan, ýelden goranar ýaly taşaly-tamlydy. Kerwen düşleginiň ilersinde bir guýy bardy, ylla suwy ylla çeşmäniň suwy ýaly süýjüdi, gaýrasyndakynyň suwy şeýlebir ajydy, hatda düýelerem ýüzüni kürşerdip, tumşugyny talawladyp, zordan içýärdi. Ýegsa guýylaryň arasy kyrk-elli ädimem ýok. Döwletämmet aga içi iýer-içerli horjunlary alyp, bassyrmanyň kölegesine bardy. Magtymguly süýji suwly guýynyň kiçi-jek gowasyny guduga goýberip, suw çykaryp, dädesine ýuwunar ýaly suw akydyp berdi, çaýjoşy, jürdegi, meşikleri doldurdy. Kynyş aga bolsa işe werziş inerine ajy guýynyň çarhynyň urganyny daňyp: -- Haýt, git janawer! - diýdi. Guýudan suw çykarmaga öwrennekli düe tä eýesiniň sesi çykýança mytdyldap ugrady. Ahyry Kynyş beg «Haýt, jana-wer, saklan!» diýip gygyrdy. Ol guýynyň agzyna golaýlan gowanyň erňe-ginden bir eli bilen ýapyşyp, beýleki goluny uzadanda Magtymguly «Kynyş däde, ýylan!» diýip jynssyz gygyrdy, emma giçdi. Guýynyň gowasyna dolaşyp çykan ýylan Kynyş begiň aýasyndan şatladyp aldy, emma ol çakmaly kişisini ýalňyşypdy. Jyn ýaly çalasyn Kynyş beg bir eli bilen ýylanyň bokurdagyndan, beýleki eli bilen bilinden tutup, pilsapy ýaly ýogyn maryň ýagyrnysyndan üç ýola agyz urup, oňurgasyny syndyryp, agzy ganly jerhetden dolýança dişläp, soňam ony eliniň tersi bilen itiniň öňüne zyňyp goýberdi. Meýdanda ýabany gezýän adamlar «ýylan çakan badyna onuň arkasyndan üç ýela dişläp bilseň ýylanyň zäheri ýöremeýär...” diýip ynanýardylar. Ol hakykatdanam şeýledi. Soňra ýylanyň çakan ýeriniň ganyny üç ýela sorup tüýkürdi. Düşbi Magtymguly Kynyş dädesiniň iýer-içerli, däri-dermanly horjunyny, jürdegi alyp ylgap gelşine: -- Kynyş däde, ýylandan ar alşyň näteňet-äý! Ony iki üzüp taşlaýsaň bolmadymy? - diýip degsindi. Bu mahal Kynyş beg agzyny çaýkap, töweregine seredip, kellesi kiçi, ardy gaba çöl tomazagyny tapyp, takyr ýerde basyp mynjyratdy. Magtymgulynyň ýüregi bulanyp gitdi. Çöl tomzagy kakap ýetiş-medik garaly kişdesi ýaly ýenjilip, suwy-sülekeýi syçrady. Kynyş beg ýenjilen tomzagy ganap duran aýasyna mazaly owkalady, soňra ikinji tomzagam mynjyradyp, ýylanyň çakan ýerine basdy. Onýança Magtymguly horjundan agasynyň aýdýan düwünçegini tapyp, çözüp Kynyş bege uzatdy. Onda ýüzärligiň uny bar eken. Magtymguly ýüzärlik ununy agasynyň aýasyna guýup, şol düwünçek bilen onuň elini mäkäm sarady. Başga bir uzyn zolak mata bilen Kynyş begiň aýasyny çaga gundan ýaly gundady. Bassyrmadan gelen Döwletmämmet aga: -- Näme, Döwlet dädeň bir ýylanyň zäherinem çykaryp bilmez öýdýä-miň?-- diýdi. -- Ýok, Döwlet däde, men Magtymgula ýylan çakaýsa etmeli işini öwredip otyryn. Döwletmämmet aga Kynyş begiň horjunyndan çykan kendir ýüp bilen onuň goşaryndan, tirseginiň ýokary ýanyndan mäkäm dartyp daňdy. -- Magtymjan, ýylan çakan badyna, ýaňky meniň edişim ýaly ýylanyň bilinden üç ýola agyz ursaň, çöl tomzagyny ýenjip ýapsaň, soňam Döwlet dädemiň edişi ýaly mäkäm daňsaň, ýylanyň zäheri ýöremez. Ýogsa-da, hanjak gitseň, dädeňi ýanyňdan goýma – diýip,Kynyş beg gülümsiredi. -- Magtymjan ýylan-içýanyň dogasyny alty ýaşynda hatym edip goýdy. Kynyş beg horjundan gökje düwünçegi çykaryp, gara un ýaly zady agzyna atyp, gäwüş gaýtaryp ugrady. Magtymgulynyň getiren jürdegi bilen üç ýola agzyny çaýkady: -- Ýylanyň arkasyndan üç ýola dişläňsoň, atgulak otundan edilen derman bilen agzyňy çaýkaýmasaň, ähli dişiň dökülýändir. Indem ýaşyl düwünçekden aşgar ununy çykaryp, sag golumy ýuwuş -- diýip, ol goltuk jübüsinden bir hili derman çykaryp, agzyna atdy. Kynyş beg sag goluny ürgün çägä sürtäp-sürtäp eline ýekaşan-ekaşmadyk hapany aýyrdy, Magtymguly oňa suw akydyp, sag goluny aşgar bilen ýuwdy. -- Indi ajyja çaý gerek bor! -- Öň seni näçe ýola ýylan çakdy?—Kethuda sorady. -- Sanamandyryn.. Dört-bäş gezek dagy çakandyr… --Hüşgärräk bolaweri, neşäniň, dürli keýpleriň aňyrsyna çykan hindi terkidünýäleri ýaly, öwrennekli bolup, ýylana çakdyryp keýp edip ýörenlere öwrüläýme!—Döwletmämmet aga ýylgyrdy.Magtymguly dädesi oýun edýändir öýtdi, emma ýene on ýedi-on sekiz ýyldan Hindistana baranyn-da ol tirýegiň,beňiň, beteliň ,gaýry keýpleriň aňyrsyna çykan,daşyna ham syrdalan süňk-saňk terkidünýäleriň ýylana dilinden çakdyryp neşe-dir keýp alýanyna haýran galar.Geň dünýäde taň närse kän-dä!.. Şol mahal gökden eýmenç şaggyldy eşdildi, olaryň üçüsem ses gelen tarapa ýalta seretdi, görseler hanha bir äpet garaguş gulaçdan uzynrak ýylany asmana alyp gitdi…Döwletmämmet aga bassyrmanyň saýasynda Kynyş begi okady, Magtymguly gowa çekip, ajy guýynyň suwuna süýji guýynyň suwundan mazaly goşup düýeleri suwardy, atlary arzylap süýji guýynyň suwundan gandyryp, janawerleri ota kowdy. Şondan soň ot ýakyp, tüňçäni gaýnadyp demledi. Çaýy gaýtaryp, demine goýup iki käse bilen Kynyş begiň ýanynda goýdy. Döwletmämmet pir ýylan dogasyny üç ýola okady. Magtymguly guýynyň sowuk suwuna gurtdan çal etdi. Kynyş beg burçak-burçak derläp, käse-käse ajy çaý içdi. Dädesidir Magtymguly çal bilen çörek iýip, ikisi günortanyň tüp yssynda salkyn saýada gözüniň awusyny alyp turdy. Kynyş beg bolsa,suw-sil derläp çaý süzüp otyrdy. Agşamlyk Kynyş beg inisine ynanman, gowurdakdan nahar etdi. Üç bolup göwnejaý nahar edindiler. Magtymguly haýran galdy, Kynyş dädesi hamana ýylan çakmadyk ýaly, keýpi çagdy… Ertesi gara daňdan attar: -- Döwlet däde,indi sizem ýoluňyza gidiň, menem işim bilen bolaýyn.-- diýdi. Jandurmaz,jansebil kethuda: -- Ýok, biz seni munda ýalňyz galdyryp gidip bilmeris - diýdi. -- O nähili men ýalňyzmyşym? Hudaýym näme? Barybir Döwletmämmet aga ýene bir gün Goşa guýuda galyp, Kynyş begiň derdinden hirret galmandygyna ymykly göz ýetirip, ertesi saba-sabalar ýola düşdi. Kynyş begem öz pişesi bilen boldy… hhh Nedir şa Gandagary gaban döwründe goşunyň, harby ýesirleriň, ýerli halkyň kömegi bilen täze şäher gurup, ilatyny şol şähere göçürip, oňa Nedirabat diýip at berdi. Şahynşa boýun sunman heläk eden Gandahar şäherini bolsa top okuna tutup, ýer bilen ýegsan eýledi. Soňra Balh wela-ýatynyň şäher-kendini alyp, Garabaga ýöriş etdi. Şazada Nasryllah bolsa on iki müň ýygny bilen Lagmany, Hezarajetiň aýmaklaryny, Zahak galasyny basyp aldy... Gala yzyndan gala, şäher yzyndan şäher synýardy. Birni-je şäher-gala-kent söweşsiz tabyn bolsa, birniçesine Nedir şa şir penjesini görkezýärdi. Ol uruşda gaçan goşunyň yzyndan kowgy ibermeýärdi, akyl-paýhasly şa ýeňlip gaçan gulamlaryň taýýar dowul-çydygyny, baran ýerinde özlerini aklamak üçin “Nedir şanyň dişine çenli ýaraglanan goşunynyň sansajaksyzdygyny” aýdyp dowul ýaýratjakdygyny bilýärdi. Şahynşanyň ýüzi Hindistana tarapdy. Ol söweşsiz tabyn bolan gala-şäherleriň genji-hazynasyny alyp, häkim-lerine, serkerde-sypahsalaryna serpaý ýapyp, ozalky ornuny—wezipesini berýärdi. Söweşip ýeňlen serkerdeleriň hem günäsini geçip, ozalky ornuny bagş edip, olaryň ýygnyny goşunyna goşup gidip barýardy. Sähel salymdan Mahmyt soltanyň paýtagty Gazna şäherem alyndy. Şahynşa ýakyn dostlarynyň,serdarlarynyň biri Muhammet Türkmeni çagyryp: --How, Ylaýhor zaňňar, gürleseň-güpüleseň şahynşa Nediri alýaň! Agzyňy açsaň ajaly aparýaň! Sen Dählä git-de, şahynşasynyň köşgüni özüne zyndan eýle!—diýdi. --Ho-ho-ho! Tüýs, meniň başaraýjak pişäm ekeni! Muhammet şa akylly-danamydyr? --Akylly bolsa akmak, batyr bolsa, gorkak , edermen bolsa ederini bilmez et, ugrtapyjy bolsa ugruny ýitirt, badyhowa bolsa, ruhuny öldür! --Göwher jygasyny mejimä salyp, genji-hazynasy bilen alnymda goýsa nädeýin? Ikisi hezil edip gülüşdi, soňra olar bir gije oturyp, Hindistanyň şasy Muhammediň niresinden baryp, nähili gürrüň etmelidigi hakda kelle döwdi, her dürli, her kysmy ýely seljerdiler, ölçerdiler, dökdüler. Ertesi şahynşa mürzesine Şahjahanabadyň—Deliniň şasyna nama taýynlatdy. Ol Muhammet Türkmene gol çekilip, şahynşany möhüri basylan bir petde ak kagyz berip, gerek wagtynda öz adyndan hindi şasyna nama ýazmaga rugsat berdi.Ilçi Muhammet Türkmeni ýela saljak wagty: --Hudaý diý! Muhammet şa namany okan badyna ilçimi öldürse...—diýip, dostuna köpmanyly nazar saldy. --Ölüp goýbereýinmi?.. --Ölüp goýber, akmak! Muhammet şanyň dul oturan ýaşajyk bajysyny ärsiz goýmaga dözseň, ölüp goýber! --Pah-pah! Şahynşa, akyl-paýhasyňdan aýlanaýyn—diýip,Muhammet Türkmen ýaşajyk gelne öýlenene döndi. --Muhammet şa namany okan badyna seni öldürse, uruşmaly borus. Eger öldürmese --onuň her tarapyndan baryp, enterpelegini aýla! Eger ol seni bir hepde-on günde öldürmese, Hindistan biziňki! --Bir aý öldürmese nädeýin? --Bir aý öldürmese, ýurduny özi getirip berer ýaly ederis enşalla! Hakykatdan-da Muhammet Türkmen agzyny açdyrsaň, ajaly asmanda awlaýan suhanwer, okumyş, akylly, hilegärden dana kişidi. Ol bäş-alty atlysy bilen Hindistanyň paýtagty Şahjahanabada Muhammet şanyň ýurduna baryp, Eýran şahynşasynyň namasyny gowşurdy. Nedir şa nama-synda Dähli soltanyna “sen meniň duşmanlarymy—gaçgak owganlary ýurduňa goýberýärsiň! Sen ençe ýyllar bäri owgan hanlaryny Eýrana küşgürip halys ýurdumyzy tozdurdyň!... Hindistanyň şasy halyňa ulug ummandan gelýän iňlislere, ýefrençlere ýurt üstüne ýurt berýärsiň!” diýip ýazgarýardy. Muhammet şahynşa namany okap, ilçä: --Bu nä nama?—diýdi. Bethaýbatdan daýaw, syratlydan nazarkerde, türk-mensorroýdan keleňgir Muhammet Türkmen: --Weý, şonam bileňokzokmy? Şahynşa Nedir uruş kylmak üçrip buz üstünden tozan araýar, kyblaýy älemim!—diýdi. Muhammet soltan heziller edip güldi-de: --Nedir şa goşun dartyp gaýtdygy, bagtynyň ýatdygy! Men onuň ýygnyny-ýygynçagyny gabrystan, özünem gonambaşy edýän!—diýip, hyýrsyz haýkyrdy. Muhammet Türkmen: --Merhemetli şahynşahym, eliňizdäki nama uruşmaga bahana! Diýmek, ullakan uruş eýýäm taýýar dur! --Eý, kişi meniň bilen beýle erkin gürleşer ýaly aslynda sen kim? --Menmi? Men Nedir şa diýsem ynanmarsyňyz! Emma ynanaýyň kyblaýy älemim! Men pikir edýän, Nedir şa perman berýär! Men aýdýan, Nedir şa gürleýär! Has takygy men Nedir şa!--Muhammet şa-da, wezir-wekiller-de oslanylmaýan gepe geň galdy.—Şahynşahym, biz dünýäniň garamatyny göterip ýören akylly-başly adamlar, üstesine, sizem, menem, Nedir şa-da türkmen! Biz indi üç türkmen bolup, dil tapyp, pajygaly urşy ýaraşyga, ahy-pygany aýdyma, duşmançylygy dostluga öwürip bilmerismi?– diýdi-de, diwardan asylan dünýä jedweliniň ýanyna baryp taýa-jygy kartanyň üstünde ýöretdi. – Kyblaýy älemim, döwür döwür kimiň döwri, köpeý ogly türkmeniň döwri! Külli türkmeni arşdan Allam, ýerden ýagşyzadalar ýalkaýar! Ynha, şahynşahym, osmanly Mahmyt soltanyň ýurdy. Osmanly türkmenler Ýemenden Müsüre çenli tutuş Arabystany, Yssambyldan iňlisleriň ýurduna çenli, tamam Efrenji basyp alanyny siz bilýäňiz. Nedir şa Owganystany, şazada Nasrylla şazada Mawren-nahry basyp alyp gelýär. Bir aý mundan ozal bolsa osman soltany Mahmyt bilen şahynşa Nedir doganlyk şertnamasyny baglaşdy! Maksat—dünýä dalaş edýän iňlisleri, pereňleri, saklaplary kül-peýekun edip, dünýäniň depesine türkmen tuguny dikmek!.. Ýek, soltanym, Nedir şaga siziň pukara ýurduňyz gerek däl, onuň maksady Hindistany bir çetinden basyp alyp gelýän iňlisleri, efrenjileri, pyrtykallary kül-peýekun edip, sizi tutuş Hindistana soltan etmekden ybarat! Ynha, merhemetli şahynşahym, ikinji namany hem okap gör –diýip, Muhammet Türkmen oňa ýene bir nama berdi. Muhammet şa namany okady. Soňra ilçini ugradyp, namalary ýaňadan okadylar, geňeş kyldylar. Bäş-alty aý bäri Nedir şanyň jansyzlary, dowulçylary diwana-derwüş jindesinde Hindistanyň çar ýanyna ýaýrap “Nedir şa ýöne-möne şahynşa däl, ol ýerden çykan Mäti, asmandan inen Isa! Gursagynda Muhammet pygamberiň, ýagyrnysynda hezreti Alynyň bäş barmagynyň yzy bar... Ol haýsy ýurda barsa halklar onda Hakyň Halasgärini görüp, dessine raýat bolýar! Tabyn bolman, uruş eden ýurtlar onuň gahar-gazabyndan weýrana gelýär! Ol tabyn bolan ýurtlarda patyşasyndan başlap ähli emeldarlaryna öňki wezipesini berýär” diýen ýaly gürrüňleri ýaýradýardy. Şol bir wagtda-da olar, nirede geçip bolmajak derýa bar, haýsy şäheriň daşynyň galasy berk, ilat nirede gür, nirede selçeň—öwrenip ýördi. Olardan başga-da Owganystandaky uruşlardan gaçan-tezen gaçgaklar özlerini aklajak bolup: “Çöpde-çörde san bar, Nedir şahynşanyň goşunynyň sany-sajagy ýek” diýip gep baryny ýaýradýardylar. Köşke-de şol myş-myşlary howsala hem dowul bolup dolupdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||