06:09 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -2/ dowamy | |
KERWENIŇ IMANY
Taryhy proza
Magtymguly ýonaçy gurgun adamdy. Oňa dädesinden ýenahana bilen ýonaçy lakamy galsa-da, ol ýomudy, gökleňi baglan eýer ussasydy, barjamly adamlar, hanlar-begler üçin kümüşdir zer-zerbap bilen at eýer-esbaplaryny ýasardy. Atasyndan galan ýonahanany onuň ortanjy agasy ýörederdi. Ýonahananyň, umuman eýlenen gönüň ysy ýakymsyz bolýar, şonuň üçin olar obanyň ýekary başynda ýaşaýardylar. Ýonahana bolsa obadan hem bäş-alty ýüz ädim ykdady. Ýenaçynyň dört ogly bardy, hersiniňem arasy dört-bäş ýaşdan. Onuň uly ogly Döwletmämmet on bäş ýaşyna çenli oba mekdebinde, soňra köp ýyllar Bagdatda okady. Döwletmämmedi ylma bagş eden ýenaçy ikinji ogly Selimberdi Magtymgulyny öýerdi, agtyk gördi. Ýaşy bir çene baran uly ogly Döwletmämmedem öýerermen bolup gidenden-gelenden hat-habar ugratsa, ol «ynha ýaz çykdygy barýan, ynha, güýz düşüdigi barýan» diýip hat-habar ýollaýardy, emma özüniň deragty ýokdy. Ahyry sabyr käsesi synyp, gahry gelen Magtymguly ýonaçy Gürgenden Bagdada ugraýan söwda kerwenine dakylyşyp oglunyň yzyndan gitdi. Gürgeniň şol kerweniniň goragbegisi gerkezleriň hany Atanyýaz Kadyrdy, onuň otuz atlysy bardy. Ol hem atyň aýagyny ýazaryn, hem ýurt görerin, howamy täzelärin diýen niýet bilen alys ýola ugrapdy. Asyl Döwletmämmet gelerden geçen ekeni. Ol erfana baş goşup, aryflyk ýoluna ymykly düşüp, pir çykan bolsa nätjek. Magtymguly ýonaçy oglunam, oglunyň keramatly pirinem ynjydyp, Döwletmämmedi erfanyň gujagyndan sogrup, ýene Gürgeniň kerwenine dakylyşdy. Gulydepeliler on bäş ýaşda okuwa gidip, otuz ýaşynda Gulydepä dolanan epeý pyýadany synlap haýran galdylar. Döwletmämmet ýaşlykda şohdy, şahandazdy, dilewardy, suhangöýdi, degişgendi, ynha indi bolsa dymyp ýör, hamana ýat illerde dilewarlygynam, şahandazlygynam, dilinem ýitirip gaýdan ýaly. Gulydepeliler entek beýle ýaş, beýle dana piri görmändiler. Döwletmämmet piriň kitaplary türki dünýä ýaýrap elden ele geçip okalýardy. Türk atamyzyň neberesiniň bolsa örlemedik örüsi, labyryny goýbermedik suwy barmy?! Gulydepelileri ikinji haýranda goýan waka -- Magtymguly ýonaçy Bagdatdan ogluny alyp gelip, Atanyýaz han bilen guda boldy oturyberdi. Ýemudyň, Ahalyň, Sarahsyň han-begleriniň sawçylary ýagyp durka tamam gerkeziň hany Atanyýaz Kadyryň Aýdan ary, Günden nurly han gyzyny garamaýaga bermeginiň hikmeti nämekä, syry nämekä, sebäbi nämekä? Gulydepeliler şunça kelle döwseler-de, onuň aňyrsyna ýetip bilmediler… Döwletmämmet Bagdatdan geläýen uçurlary şeýle waka boldy. Safawy Miraly Azamat han agyr leşger dartyp gijäniň içinden parran geçip, gökleňleriň-gerkezleriň üstüni duýdansyz basyp, döwüş etmäge gelýär-kä, daňdanlar ýerden çykan ýaly agyr ýygnyň öňünden ak selleli, ak donly, goly hümmet hasaly, peşeneli nazarkerde kişi çykdy. Gyzyl-ot bolup gyrgynçylyga barýan goşunyň howalasyndan gurt-guşuň, yns-jynsyň gaçyp janyny gutarýan çagy haýsy akmak gana suwsap barýan leşgeriň öňünden çykyp biler?! Içinde jany, başynda märýek akyly bar kişi heý beýdip janyny töwekgellige salarmy?! Elbet-de, ol kişi ýa aklyndan azaşan diwanadyr, ýa Allanyň alamatydyr!..Her hal agyr goşunyň ruhy tebil tapdy, birnije kişiniň endamy tisginip, birnijesiniň sandygyn-da nämälim heder bilen gorky peýda boldy. Ak peşli,ak donly kişi bolsa gollaryny gerip: --Musulman doganlar, saklanyň! Eger siz musulman doganlaryňyza gylyç salyp, döwüş kylsaňyz arşy-aglada Allatagalanyň, zeminde pygam-berleriň, ýagşyzadalaryň duşmany borsuňyz!—diýip gygyrdy. Azamat han ony aklyndan azaşan diwanadyr öýdüp: --Gökleň han-begleri ata çykmaga gorkup, garşymyza däli-diwana, molla-müfti ugradar boldumy?—diýip, ýaňsylap güldi. Diwana kişi: --Hezreti Azamat han, töwellamy al-da derhal yzyňa dolan! Ýegsam şu seniň soňky gezek ata çykyşyň bolar! --Hah-hah-ha! Ölerinmi? Baý gorkuzdyň-ow! --Ek, ölmezem-gülmezem bolup, galan ömrüňi ýer sermäp geçirersiň!.. Azamat hanyň ýanyndaky gylyçgemren serkerdeleri agyr goşunyň ruhuna zarba urup duran diwanany gürziläp, gamçylap öldürdim edip, ýüzlerçe ata-gatyra basgyladyp geçip gitdiler.Üstünden uruş geçip giden peşeneli kişi Döwletmämmetdi. Dili senaly ýaş piriň aýdany boldy. Gökleňleri-gerkezleri duýdansyz gürpbasdy edip, talamaga barýan Azamat hanyň agyr goşuny duýdansyz halda üstüni basdyryp, dowul alyp, ibaly söweşibem bilmän, ala basgy bolup gaçdy. Gyrmaga barýan goşun gyryldy, olja almaga barýan ýygyn olja boldy. Agyr ýygnyny pürreledip gaçyp barýan Azamat hanyň aty düz ýerde büdüräp, özem tüwdürilip, başyndaky mis tuwulgasy ullakan daşa urlup, han essinden gidipdir. Garasaý, bir hepde on gün geçip-geçmän Ysmaýyl hanyň gözi gapylyp başlaýar. Ilki bir gözi, soňam ikinjisi!..Bu howp-hatarly,hikmetli habar dessine ile ýaýrady! Diýmek, şol daňdan duşan diwana hökman Allanyň ýagşyzadasydyr! Sebäp onuň janyndan syzdyryp aýdan sözleriniň ählisi boldy. Elbetde, ol ýagşyzadadyr, ýegsam heý köp goşun az goşundan ýeňilermidi, ýegsam heý duýdansyz söweş etmäge barýan goşun duýdansyz gabawa düşermidi! Elbet-de, ol kişi ýagşyzadadyr, ýegsam heý Azamat hanyň goşuny gökleňlerden ýeňilermidi! Elbetde, ol kişi ýagşyzadadyr, heý ýegsam atdan ýykylan pil ýaly Azamat hanyň garaklary gapylarmydy!.. Hawa, ibaly söweşibem bilmän, bosguna öwrülip, siňek ýaly gyrlan goşuna düýpli bahana gerekdi, sebäp gerekdi, özlerini aklamaga tutaryk gerekdi! Ýeňlip masgara bolan ýygyn: « Elbetde, ol kişi ýagşyzadadyr, heý ýegsam olaryň urup-enjip, öldürip, ýüzlerçe ata basgyladyp giden maslygy dirilermidi?!» diýen jümläni tutaryk edip ile ýaýdy. Şeýlelikde, Döwletmämmet ýatlaryň arasynda ýagşyzada saýyldy… Maslyk bolup ýatan ýigidi haýsydyr bir çekene çopany tapyp, oba getirdi. Hekimler-tebipler bir aý-kyrk günde ony zordan aýak üstüne galdyrdylar. Gulydepede söweşde ýaralanyp, ýesir düşüp, yzyndan öwez-tölegi gelýänçä garaşyp ýatan bendiler kändi. Olar peşeneli Döwletmämmedi görüp, oňa gorky hem heder bilen tagzym kylyp başladylar. Azamat hanyň garaklarynyň gapylanyny eşidensoň-a görgüliler, Döwletmämmedi gördügi, tagzym üstüne tagzym kyldylar, ony Allanyň keramіtly kişisi saýdylar… «Elbetde, ol cyýrdam peşeneli kişi ýagşy-zadadyr, ýegsam heý ol gerçekler gökleňlere ýesir düşermidi?!» Il-ulus gudrata zar! Il-ulus asmandan-zeminden gudrata garaşýar! Sebäbi gudrat bar bolsa, olaryň ýalançy pany dünýäsi many tapýar, baky dünýäsi çyn, şübhesem hakykat bolýar! Şeýdip Döwletmämmet gudratly-keramatly kişä öwrüldi oturyberdi! Dili dogaly, zybany senaly keramatly Döwletmämmet pirde pygamber adalaty, afzal danyşment parasady bardy. Ol mydam adalatyň, hakykatyň tarapynda, diýmek pukara halkyň tarapyndady. Ol akyllydy, onuň aýdýan dana sözleri nakyla öwrülip, dilden-dile, ilden ile geçip ýurda ýaýraýardy. Onuň ymam bolup oba meçjidinde geçiren ilkinji wagzy- derhal Gulydepä, soňra tamam Türkmensähra ýaýrady. Döwletmämmet: --Halaýyk, eger obada aç-gallaç, pakyr-pukara bar bolsa…eger obada agzalalyk, bibaşlyk, bulagaýlyk bar bolsa…eger obada azgynlyk-haramy-lyk bar bolsa…eger obada ogurlyk-orramsylyk bar bolsa, hummar oýnalyp şerap içilip, ýaramaz keýpler edilýän bolsa, onda ol obanyň hany han, kethudasy kethuda, ymamy ymam, mollasy molla däldir, begleri beg, aksakallary aksakal, baýlary baý däldir. Her oba, her il, her taýpa, her millet ullakan bir maşgala bolýar. Döwletli maşgalada biri iýmäge çörek, geýmäge eşik tapmasa, ondan döwletli maşgala bolmaz. Keremli Allatagala agzybir ile rysgal-döwleti ýedi esse artyk berýändir, perişdeler arassa saçaga gonýandyr, sylagly-sarpaly agzybir ile döwlet ýagýandyr!—diýip, gijäniň ýaryna çenli wagyz-nesihat kylypdy. Magtymguly ýenaçynyň üçünji ogly Kerimberdiniň ýörgünli ady Kynyş begdi. Ol çagalykdan agasy Döwletmämmediň diwanlaryny, aýraty-nam hekimlige, attarlyga degişli kitaplaryny elinden goýman okaýardy. Şeýde-şeýde ol tebipçilik-hekimçiligiň, däri-derman ot-çöpleriň yşkyna düşüp, melhem serişdeleri ýygnamak, mumyýa tüpeňlemek işini kesp edinipdi. Eýranda - Turanda onuň barmadyk daglary, syrmadyk jülgeleri, görmedik sähralary-çölleri az-azdy. Kynyş beg Türkmensähranyň, Astrabadyň ençe-ençe attar dükanyny mumyýa, gyt melhem ot-çöpler, dermanlyk serişdeleri bilen üpjün ederdi. Kynyş beg ençe gün ýol söküp, Eýranyň iň beýik dagy bolan Elburz dagynyň ýabany jülgeleriniň birinde düşläpdi. Ol aslynda depesi ala garly, degresi injirli-narly daglaryň aşygydy. Daglaryň howasy başgady, howalasy başgady, hümmeti başgady. Gara başy bulutly asmana girip gidýän dag gerişleri göwnüňi, göwräňi özünden has beýge göterip kalbyňam, şähdiňem açýardy, ruhuňam, keýpiňem galkyndyrýardy! Daglar, tüýs göwün ýüwürdip, arzuw-hyýallara çümüp oturmaly daglar! Seslenseň sesiňe seda berer, aýdyma gygyrsaň, ýaň bilen aýdymyňy gaýtalar... Kynyş beg daglara geleninde ýaňadan dünýä inen ýaly bolýardy. Ol aslynda dünýewi adamdy, meçjide gidip namaz okanyndan, Hudaýyň ýaňyja ýaradan owadan daglarynyň goýnunda namaz okanyny, keramatly ýerlere zyýarat edeninden, adam aýagyny basmadyk sähralara zyýarat edenini gowy görýärdi. Ol öz ýanyndan “meçjidi adamlar salýar, bu daglary-jülgeleri bolsa Hudaýjan bina edipdir ahyry” diýerdi. Kynyş beg heserli gelin ýaly jülgäniň goýnuna girip, howalaly dagla-ryň gujagynda gijäni geçirdi. Gara daňdan ýuwunyp-ardynyp, çaý-çöre-gini iýip, attar dogasyny okap Ataşakan ag gerşiniň arçaly-kerkawly jülgesindäki ýalçy gaýany ýeke göz dürbisi bilen dürbüledi. Uzyn gije howanyň çaňy-kirşeni çyg bilen ýuwulyp ýere düşensoň, Günüň ilkinji göz gamaşdyryjy şuglalary Ataşakan dagynyň gündogar ýüzündäki ýylçyr gaýasyna zer çaýdy. Uçut gaýa şeýle bir beýikdi, telpegiňi tutman ýekarsyny görjek gümanyň ýekdy. Kynyş begiň oljasy oňupdyr, ol häli-şindi oho-ho-ho diýip gözünden dürbini aýyrýardy, ýene ýalaň gaýany dürbileýärdi. Eýesiniň kesbine ökdeläp giden iti Aždaram ýalçy gaýany jaýryp, gaýnap çykan mumyýalary görüp, eýesine bakyp üýrdi. Kynyş beg: -- Oho-ho-ho!... Oho-ho-ho!... Päheheý, Aždarym, senem oňa haw-haw diýen bolýaň! Görmeýämiň o tamdyr ýaly-tamdyr ýaly mumyýalary! Onça baýlygy göreniňde dikine towsarlar!-- diýip, itiniň başyny sypady. Köpek ýaňadan ýalçy gaýa seredip, soňam kellesini biraz gyşardyp, Kynyş bege geň galyp tiňkesini dikdi, Kynyş beg onuň akylly hem düşbi nazaryndan utanyp-- Bolýala-how, ýöne ýalançy etjek bolup durmasana. Tamdyrça bolmasa, ojakça-ha bar şol!—Ajdar ýene oňa tiňkesini dikip üýrdi.—Aý, köpeý ogly, sen indi Görogly soltanyň bajasy, Jahan şanyň körekeni Kynyş begi ýalançy etjek bolýamyň? Ojakça bolmasa topazça-ha bar şol! Kynyş beg atynyň, itiniň diline, aty bilen iti Kynyş begiň diline düşünýärdi, bir-birine ysnyşan mährem dostlardy. Ol ýylçyr gaýanyň on-onbäş gulaç aşagynda basgançaklap duran dilkaw kertiň üstündäki onbäş-ýigrimi sany ululy-kiçili arçany, ýaşyl öwüsýän dürli-dürli ot-çöpleri dürbiledi. Birden onuň nazary birhili ösümlikde saklandy. Ýekegöz dürbüsini tutup synlady, dürbisini aýryp synlady. Boýnundaky ýelýyrtan ýaglygyň çowlary bilen gözlerini süpürip ýaňadan synlady. Kärine werziş it bolsa iki ýana gatnap, gaýa bakyp üýrýärdi. Kynyş beg itine bakyp, hoşhal ýylgyrdy. -- Aý, köpeý ogly! Gör-ha, saňa şa Apbasyň genji-hazynasy duşýar, sen bolsa aşyk ýaly mumyýa görüp, oda-köze düşýäsiň… Bolýa, seniňem göwnüň galmasyn… -- diýip, Kynyş beg iňlis tüpeňiniň nilini düe ýaly ullakan daşa goýdy. -- Aždarym, atmak meniň bilen, tapmak seniň bilen! -- ol çugudyp oturyp ýylçyr gaýadan gaýnap çykan mumyýany nyşana alyp, mäşäni gysdy. Aždar gaýanyň aşagyna ylgady. Tüpeňiň elhenç gümmürdisi dar jülgä sygman, garşydaky gerşe urlup, soňra ýaňadan ýylçyr gaýa urlup, eýmenç ýaňa öwrülip, gulaklary gapyp gitdi. Aždar aşyk ýaly mumyýany dişläp getirip, Kynyş bege berip, ýene yzyna eňdi. Tüpeňiň güllesiniň uçuran mumyýalaryny çöpläp, torbasyna atan Kynyş beg Bozdumanyna münüp, itini yzyna düşürip, Ataşakan dagynyň gerşine uzaýan awçy ýodasyna düşüp, kötel-kötel ýerlerden aýlanyp, günortanlar dagyň gerşine çykdy. Oho-ho-ho! Bir garadangaýtmaz keleňgir gerçek Magtymguly hakdaky pelsepeli eserimize urdurylyp girdi gitdi. Gözsüz batyr guduman zaňňara eser näme, entek ol tüweleýläp Merkezi Aziýany, Eýrany, Hindistany agdar-düňder eder, sebäbi ol guduz açan ar-namysdy! ýüzüne tüýkürilip, kalbyna garkyrylynan, wejera edilen wyjdandy, ynsanperwerlikdi! Ýigrendigi han-begler, galadar-weliler bolan Nedir entek namys atyny arladyp, adalat tuguny parladyp, ýalkymly pikirlere-ideýalara atlanyp, Eýrany çar ýanyndan basyp alan duşmanlary ýer bilen ýegsan eder, Eýrana-Turana, araba-ajama, taryha apy-tupan bolup aýlanar!.. Häzirki Kaka etrabynyň Bawert—Arapgala obasynda dünýä inen Nediriň ejdady hem Döwletmämmet kethudanyň ata-babalary ýaly ýenaçydy, dädesi Ymamguly aga deri eýlärdi, possuntoz edinip, içmegem tikerdi. Nediriň ykbaly keç gelip, şindi ýaş ýetginjekkä ejesi bilen Hywa hanynyň basybalyjylaryna olja boldy. Ol ýaşlygyna garaman ýaradar aýy ýaly duşmanlaryna topuldy, duşmanlar maňlaýyndan gylyç salmaga derek, taýak salyp, özünden gidirip, gollaryna işgil, aýaklaryna gandal urdular. Namysjaň ýetginjek meni öldüriň diýip dyzady, emma ony öldürmän, öldir ýaly dürrelediler, sebäbi Hywa maslyk däl-de, gul gerek, gul! Wah, onuň özi owarram, hanha naçar ejesi gyrnak bolup ýat illere sürülip barýardy! Onuň eziz ejesi, jigeri-jany, mukaddes kyblasy, keramat Käbesi, zemin Hudaýy -- gyrnak bolup barýardy! Gollary gandally ýaş Nedir bolsa ne öldürip bilýärdi, ne ölüp! Ol Hywanyň soňsuz ýelunda gandalyny-zynjyryny şakyrdadyp, tümmegu-kümmet bolup ýatan pirlere, ýagşyzadalara, pygamberlere ýalbarýardy! Gözlerinden ataş syçradyp gijesi-gündizi Biribara mynajat kylýardy. Emma ne arşyň, ne perşiň delalaty degdi. Onuň gursagyndaky bugdaý nany ýaly ynsanperwerlik, Haweran düzlügi ýaly mähribanlyk,dine, ýagşyzadalara, pirlere-periş-delere, pygamberlere, Hudaýa bolan ynam çabalana-çabalana jan berdi. Dat, pelek! Heýhat pelek! Onuň mähriban ejesi gyrnak bolup barýardy! Ar-namysdan ýaňa Nedir garaklary eräp-akar öýtdi, eremedi! Ar-namysdan ýaňa dälirärin öýtdi, emma däliremedi! Wejera edilen ar-namys, gandally gulçulyk ýaş ýigdekçäniň kalbynda ajdarha ýaly wagşyýana guduzlygy oýardy. Ol ejesiniň alnynda, öz alnynda, Hudaýyň alnynda duşmanlardan ar almaga, olary ýeriň ýüzünden süpürip taşlamaga, ýerjugun etmäge, ant içip äht ile kasam edýärdi. Nediriň gursagyna şum ajal atylypdy, emma ony ajal alman ölmezem-gülemezem derdine uçratdy. Onuň beýnisine dälilik tohumy atylypdy, emma ol däliräbem bilmän, ölümden aňyrky masgaraçylygyň ençe ýylyny dişlerini gaýrap, ýumruklaryny düwüp, ar almak hyjuwy bilen gözle-rinden ataş syçradyp geçirdi. Ahyry tebigatyň adatdan daşary gara güýç, pähim-parasat beren gerçegi gulçulykdan gaçyp, başga bir wagşyýana Nedir bolup dogduk mekanyna geldi. Onuň ýigrendigi han-begler, duşma-ny häkimler, weliler, galandarlar (gala häkimleri) boldy! Sebäbi olar salgyt ýygnamaly bolanynda iki paý, ýurduň içinde han bolup horazsyrap gezmeli bolanda on iki paý, ýurda duşman çozanynda bolsa kimsi çöle-daga gaçyp gara başyny gorasa, kimsi duşmanlara ýapja bolup, başyny satyn alyp, ilini-gününi talaňa beripdi. Ýek, eziz ejesi bilen Nediri duşman oljalamandy, ýurduň emelsiz han-begleri diňe ejesi bilen Nediri däl, tutuş halky basybalyjylara olja beripdi. Gursagynda gara ýer goduklad-ýan wagşy guduz güýç namysjaň ýigidi ata atardy. Gözel ýurdy, ar-namysy, mertebesi basalanýan ilde duşmanlaryň eden-etdiligine çydaman ýören içi ýangynly gerçek-gerçek ýigit kändi, Nedir olardan daşyna nöker ýygnady. Beýik Biribar geljekki serdar ogluna nazarkerde kaddy-kamat, özüne bent ediji nurana mähir,göze gelüwli görk-görmek, demirden erk beripdi. Ol ot bolup, ataş bolup şir ýigitleri ýygnap, sähel salymda müňe golaý nöker edindi. Görogly ýaly garadan-gaýtmaz, töwekgel, zirek akyl-paýhasly, emma çakdan aşa ynanjaň, yňdarma Nedir ýigitleri bilen emelsiz hanlaryň depesinden apy-tupan bolup indi. Ol söweşde-jeňde gorkyny-ürkini, ölenini-galanyny bilmeýärdi, sebäbi onuň käbesi, kyb-lasy—eziz ejesi toprak astynda däl-de, masgaraçylygyň astynda jeset bolup ýatyrdy! Onuň özi bolsa gara ýeriň üstünde däl-de, wejeralygyň, depelenen namys-aryň üstünde söweşip ýördi!.. Dünýä merdi-merdana, adalat gylyjyny syrýan serdar ýigide zar!!! Bir gezek Nedir han Tähmasyp şanyň goşunbaşysyka duşmana garşy gurt oýnuny görkezen şir ýigidi ýanyna çagyryp:”--Ýurdumyzy duşmanlar basyp alanynda sen nirdediň?”—diýip sorapdy. Ol gerçek:” --Men şol mahalam söweşýärdim, emma seniň ýaly serdarymyz ýekdy! “—diýipdir. Howa, dünýä merdi-merdana, adalat gylyjyny syrýan serdar ýigide zar! Ýurt, watan, keramatly toprak agyr güne düşeninde halasgärini, howan-daryny dogurýar! On sekizinji asyryň birinji çärýeginde duşmanlaryň aýak astyna düşen Eýran-Turan beýik serdaryny taryhy arena getirdi. Onuň daşyny gerçek-gerçek ýigitler gallady. Nedir han bir haýkyrsa, iki müň ýangynly ýigit onuň emrine taýýardy! Tamam Eýran basybalyjylaryň ganly penjesindedi, dumly-duşdan ýurda bosan zalym ganhorlardan halky, ýurdy, watany halas etmelidi. Nedir han iki müň atlysy bilen keramatly şäheri—Maşady gul eýlän duşmanlaryň üstüne hüjüme geçdi. Watan üçin, ýurt üçin söweş onuň manysyny ýitiren ömrüne many, hyjuwyna, hyrujyna gylaw berdi. Ol pajygaly kysmatyny hakydasyna atyp, Watanyň,ýurduň, halkyň ykbalyny gerdenine aldy. Ol Maşady duşmanlardan arassalap, ýene müň atlyny ýygnyna goşup, Mazenderana ugrady. Yspyhan gabalanynda Eýranyň şahynşasy namart Soltan Hüseýin janyny bereninden jygasyny berenini ýagşy görüp, duşman ýygnynyň içine baryp, şahynşalyk täjini owgan basybalyjylarynyň serdary --Mir Mahmyda geýdiripdi, şazada Tähmasyp bolsa abaýyny tapyp gabawdan gaçyp, özüni Mazenderana atyp-dy. Şazada täze güýç, täze ýygyn ýygnaýardy. Astrabadyň beglerbegisi Pethaly han ençeme ýyllar bäri safawy şalaryna boýun sunman, garaşsyz höküm sürýärdi, her hal ol Tähmasyp şazada arka durdy, emma şazadany gurjakdan enaýy görmeýärdi. Öz ýanyndan özüni täze Eýran şahynşasy hasaplaýan Pethaly hany hut Hudaý ýalkapdy: ederini bilmez emelsiz Tähmasyp şazada ejiz düşüp, onuň sürenine gelipdi. Indi Pethaly han sag eli bilen şazadanyň başyny sypalap, sol eli bilen göwher jygany alyp, öz başyna geýäýmelidi... Çommat aganyň aýaly Ýazbibi eje daşarda ýüň saýgylap otyrdy. Küme ýaly çakdan-aşa daýaw Ýazbibi eje hamana ýüň saýman, gara ýerden aryny alýan ýaly, saýgyçlary gezek-gezegine gürpüldedip, şeýlebir dergazap inderýärdi weli, hatda ýeri göterip duran sary öküziň endam-jany syzlaýardy. Öýden çykýan goh-galma-gal barha güýjäýärdi, Ýazbibi eje üşerilip, dem salym ýüň saýmasyny goýup, diňşirgendi. Gapydan bedähet daýaw Perman pil atylyp çykdy, yzynda-da jübä atyp gidäýmeli Çommat aga. Ol hakyky daýhandy. Gije-gündiz mülküniň içinde sermenip, bagtyny-baýlygyny ýerden tapan kişidi. Emer-damaryna çenli daýhan Çommat aganyň perzentleriniň bolsa, daşy kepäni nöker boljak, gulam boljak, beg boljak! --Eşşekejeli eşşek, nöker boljakmyş! Doňuzdaýyly doňuz serheň boljakmyş! Meniň başym dik bolsa, sen Babadaýhanyň nökeri borsuň!—diýip, Çommat aga gygyrýardy.—Sen mülkde sypahsa-serkerde borsuň! --Däde, giderin, näme etseňem giderin!—Bedähet daýaw ýaş oglan jetine tutýardy. Çommat aga ýylgyryp oturan aýalynyň saýgyçlarynyň birini alyp, ogluny kowalap urup başlady. Perman pil jaýyň arkasyna gaçdy. Halys jany ýanan Çommat aga abşanaklap gaçyp barýan oglunyň küpesinden saýgyç yzyna saýgyç inderýärdi. Ogluny kowalap jaýyň daşyndan aýla-nyp, gapysyna golaýlanynda ýeldan geçip barýan Selim Magtymgulyny görüp gygyrdy. Selim zergär Magtymguly ýenaçynyň ikinji ogludy. --Selim beg, Selim beg, şu eşşekatalyny wurup bersene! Selim zergär apaň-apaň basyp, Çommat agalara ýönelip: --Perman beg, hany munda gel—diýip, daýaw oglana algyr nazaryny saldy. Perman ýöwselläp Selim begiň ýanyna bardy. Beg dergazap halda: –Näme diýip dädeňiň diýenini etmeýärsiň, Perman ýegen?—diýdi. --Dädem maňa noýba ekdirjek bolýar-ow! Daýaw aýal Ýazbibi eje oglunyň tapan gepine ýylgyryp otyrdy. --Dädeň noýba ek diýse, noýba ekersiň, sogan ota diýse, sogan otarsyň! Ol seniň ataň! Ol seni dünýä getiren Hudaň! --Wah, Selim beg, wursana ol doňuz ogluny! Ol bir kepe-söze düşünýän dogma däl!—diýip, Çommat aga saýgyjy oglundan saldy. Permanyň Selim begden göwni galdy, ol dädesiniň saýgyçlarynyň awysyna ýygrylyp: --Dädem meni daýhan etjek bolýar-ow, Selim däde!--diýip, arz etdi. --Dädeň daýhan bol diýse, daýhan borsuň! --Men daýhan borunmy? Permanyň gaty gahary geldi, ol Selim begiň bilinden tutup, çaga göteren ýaly göterip, jaýyň üçeginde oturtdy. Jany ýanyp oglunyň depesinden saýgyç yzyna saýgyç inderýän dädesiniňem bilinden tutup, Selim begiň gapdalyna gondurdy. --Wah, wurmalydyň-da eşşekejdatlyny! Indi güw gider nöker bolmana! --Onda bi iki ara noýba nireden geldi? Perman beg nökerlige gidýän bolsa, ony saklamaň näme? --Wah, ol dogman geçen dogmanyň on ýedi ýaşam dolanok-da… Permanyň ejesi adamsy bilen Selim zergäre gözüniň gyýtagyny aýlap ýylgyryp, buýsanç bilen oglunyň yzyndan garap galdy. Dünýäde uruş gidýärdi, Eýranda-Turanda ulug uruş gidýärdi. Tamam Eýran daşary ýurt basybalyjylarynyň ganly penjesindedi. Aty bar urşa gidýärdi. Nedir han abşar azatlyk baýdagyny parladyp duşmanlara garşy göreşýärdi. Ataşakan dag gerşi gadymy dünýäde daşa dönüp galan örän äpet dino-zawr ýaly keserip ýatyrdy, onuň ýalçy taýy ýylçyr gaýaly düýpsiz uçutdy. Şemal tarapy bolsa selçeň tokaýly eňňit. Aňyrda bolsa başy çal duman-ly has beýik daglar görünýär! Daglar daglara çykyp beýgelýär! Kynyş beg uçut gaýanyň gyrasyna gelip, aşakdaky dilkaw gaýanyň üstünde gül-çeçek bolup ýaşyl ýapraklaryny ýaýyp oturan keremli serkeremlerden gözüni aýryp bilmän synlady,duýgulary tüweleýläp, kalby heýjana geldi: --Eý, Allam! Şol ot! Serkerem, melhem ot! Dünýäde diňe ady hem lukmançylyk, attarçylyk kitaplarynda suraty galan serkerem oty!--Kynyş beg ömründe serkerem otuny görmändi, diňe attar kitaplarynda suratyny synlap, ony iru-giç özüniň tapjakdygyna-da ynanýardy. Baryp-ha şa Apbas zamany «serkerem otuny tapana müň tümen baýrak» goýlup gözlenilen, emma tapylmadyk oty gel-gel Kynyş beg tapýar!-- Hahaý, Kynyş beg, Hudaýym seni şalaryň genji-hazynasyndan arzyly bagta, baýlyga, mertebä duş eýledi. Hudaýjan, minnetdarow, minnetdar! Ol ýekegöz dürbisi bilen ilerdäki-gaýradaky depesi dumanly daglary synlady. Daglar howalasy, belentligi, tebigylygy, gözelligi bilen attary bendiwan eýledi. Onuň howalaly gursagy bürgüt ýaly ganatlaryny kakyp, Kynyş beg pelläp göge göterilip,haýsydyr bir goşgudan gygyryp birnäçe setir okady: Hak bar bolsa—daglar Haka golaýdyr, Hak ýek bolsa—daglar Hudaň bolaýdyr! Sogabym bir penje, günäm lomaýdyr, Ýör gardaşym, gara daga dada bar. (Magtymguludan başta şahyrlaryň şygry kursiwde berler). Ol daglaryň arassa howasyndan gursagyny dolduryp, hamana perişde-leriň mesgenine gelen ýaly töweregine buýsanç nazar aýlap, gözlerini gönendirip, göwnüni dokundyrdy. Seredip-synlap doýup bolmaýan daglara bendiwan bolup içinden «Özüm-ä Hudaý bolan bolsam, şu ýerlerde ýaşardym, baý-baý, ajaýyp ýerler» diýip oýlandy. Elbetde, şeýle keremli, keramatly, gud-ratly daglar ýöne bolmaly däl diýen netijä geldi. Heý, ýöne-möne daglarda serkerem oty boljakmy!Attar ilki çaý-çörek iýmekçi boldy, emma sabyry suw bolup barýardy. Ol serkerem otundan üç-dört düýbüni alyp gelip, onuň ýapraklaryndan iýip, keýpini tirläp, soň çaý-çörek iýmegi müwessa bildi. Ol atynyň eýerinden horjunyny düşürdi. Donuny çykaryp, horjunynyň üstünde epleşdirip goýdy. Kynyş beg uzyn tanapyny atynyň boýnundan daňyp durşuna: -- Bozdumanym, gaýt diýemde gaýdarsyň, dart diýemde dartarsyň!-- diýip, tanapyň bir ujuny biline daňyp, uçutdan sallanyp, on bäş gulaç çemesi aşakdaky dilkaw gaýanyň üstüne düşdi. Attar bilindäki tanapy çözüp, ujuny arçanyň bir şahasyna berk daňyp, serkerem otyny synlady, sypa-lady, ýapraklaryndan iýip gördi. Serkerem! Adamzadyň ýitiren bagtyny Kynyş beg tapdy! Serkerem -- bahasyz baýlykdy, möçbersiz bagtdy. Ol gülläp oturan serkeremiň gaşynda dyzyna çöküp, eýjejik güllerini ysgady, gözlerini lezzet bilen süzüp, gögüne seredip şowhun bilen gygyrdy: --Aý, Allajan-ow! Bakyp oturan baggoýnumy Hudaýely berýän-ow! Bir salymdan garşydaky gaýada, çuň jülgede owazy şeýle bir dury ýaňlandy weli, hatda öz owazyny özi gördi. Kynyş beg garşydaky gaýa, jülgä howatyrly garap: --Bolýar, siziň diýeniňizem bereýin! Emma gapyňyzda mäleşip duran malyňyz bolmasa gaýdyp, meniň hasabyma sahylyk satmaň!—diýip, ozalka görä ýuwaş aýtdy. Ýaň onuň sesini çalaja hem düşnüksiz gaýtalady.—Hä, sesiňiz damagyňyza gidäýdimi? Gygyryň-da gaýratyňyz bolsa!--ol ýene gögüne seredip—Allajan,bularyň aýdanynam berýän.Iki goýun menden Hudaýely! Eňňitdäki tokaýdan horjundaky gowurmanyň ysyny alyp, timisgenip iki sany tilki geldi. Şindi beýle batyrgaý tilkileri görmedik Aždar gitdi olary kowalap tokaýa garşy, ala goh turzup. Kynyş beg serkeremiň ýapraklaryndan, gülünden çürtüp iýip, begenjine ýene gygyrdy. Indi ol serkeremiň tohumynyň ýitip gitmezligi üçin näme etmeli bolsa eder! Näme etmesiz bolsa-da eder! Ol şatlygyny gursagyna sygdyryp bilmän uzynlygy iki ýüz elli, ini kä ýerde ýedi-sekiz ädim, kä ýerde on-ýigrimi ädim dilkaw gaýanyň üstüne aýlanyp, dürli ot-çöpleri synlady. Serkerem otunyň elli ýedi düýbi bar eken! --Päheheý, Garagaý ogly Kynyş beg!Hah-hah-ha! Bagtyň çüwdi Kynyş beg, adamzadyň ýitiren bagtyny sen tapdyň! Attarlaryň ýitiren baýly-gyny sen tapdyň, zaňňar diýse! Sen şatlykdan ýaňa şu uçutdan uçsaňam ölmeýäň! Ýekarda goýlan horjundaky gowurdagynyň ysyny alyp, ýene iki-üç sany şagal geldi. Ajdaryň bolsa şol gidişidi. Bozduman toýnak kakyp, horguryp şagallary gaçyrjak boldy, şagallar açdyr-da, Bozdumanyň haýbatyndan gorkman, gowurdakly horjuna golaýlady. Gahary gelen Bozdu-man gulaklaryny ýapyryp eňdi şagallaryň üstüne! Atyň zarbyna çydaman aşakdaky arçanyň şahasy döwlüp, tanapyň dilkaw gaýadaky ujy gitdi dag gerşiniň üstüne! Arçanyň döwlen şahasy bilen Kynyş begiň ýüregem sogrulyp gitdi!Görgüli galyberdi dilkaw ýabany gaýanyň üstünde ýalňyz!.. Hawa, ullakan bagtyň ullakan uçugam bolýar-da! Kynyş beg hopukdy, aljyrady, bir demde gara der bolup, ýüregi dowul alyp, girdi süri-süri sögünçleriň bir ýanyndan. Indi onuň sögünäýmek-den, gargynaýmakdan başga çäresem ýekdy. Indi onuň kesbine werziş atyn-dan-da, itinden-de peýda ýokdy… Otuz ýaşap ýören, köpi gören üşükli attar çykalgasyz ýagdaýa düşenine ymykly göz ýetirdi. Ýokaryň on-onbäş gulaç ýylçyr gaýa, suwlugan bolsaň-da, suwlunyp çykjak gümanyň ýok. Aşagyň üç-dört ýüz gulaç ýylçyr uçut gaýa, düşdüş bolsaň-da sallanyp düşjek gümanyň ýok! Indi özi ýaly dagda-düzde entäp ýören awçy-şikargär üstünden geläýmese, ýylkyban-sylkyban sataşaýmasa ölüp gidibermeli serkerem otuň bile, bahasyz baýlygyň bile, bimöçber bagtyň bile! Kynyş beg: -- Ahyry gelmeli menziliňe geläýdiň öýdýän Kynyş beg. Nurje-malam «Senem il ýaly daýhançylyk ýa ýonaçylyk ediber. Dünýäde bir dag bolsa kaňkap ýörşüňe, bir ýerde ölersiň, maslygyňam üç aýdan tapylar diýen bolýar-a!» Kynyş beg, bu ýerde maslygyňy üç ýyldanam tapjak bolmasa gerek!—diýdi. Pakyr içinden özi ýaly entäp ýören şikargär-saýýadyň geljegine ýürekden ynanýardy. Iman bilen Ynam tä ölýänçä adam oglunyň hemrasy bolýar-da! Kynyş beg hyýalynda Nurjemal bilen gürleşip başlady: --Nurjemal gelin, ýaşmakdan çykmankaň dul galmajak bolsaň, ýapyş Hudaýa!..Kynyş beg, nowjuwan Nurjemalyňy dul goýmajak bolsaň, alaç agtar zaňňar! Çykalgasyz zat bolmaz, işlet kelläňi, telpekgeýeriňde çärýek akylyň bolsa! Birden onuň açlygy, suwsuzlygy ýadyna düşdi. Çaý-çöreginem iýmän gaýadan sallananyna puşeýman kyldy: bir düýp serkerem otunyň ýaprak-laryny, baldaklaryny çürtüp iýdi. Serkerem oty-da! Keremli ot-da! Bir salymdan onuň keýpi çaglanyp, kellesi dumanlap, endamy mollanyň mesisi ýaly ýumşap, ruhy göterilip, dünýäsi giňedi gitdi. Ol Bozduman bilen Ajdarynyň göwnüni göterip, atyna, itine lak atyp, öz göwnüne göwünlik berip aýdyma gygyrdy, görgüli öz ýanyndan töwerek-daşda adam-gara bolsa sesini eşidip geler öýdýärdi. Emma onuň sesini eşidýän diňe aty bilen itidi. Janawerler aram-aram uçut gaýadan aşak seredip perişan bolýardy. Çar ýanyňdan alaçsyzlyk bilen ajal garap ýatyrka, serkerem oty-da uly keýp berip bilmedi. Birden onuň ýüregi üzülip, şuwlap gaýtdy gara daş bolup! Görgülini şagga der basdy.Ol gaýga batdy, ynha, agşam düşer. Maňlaýyňy garaldyp gara gije geler. Bu ýabany jülgelerde möje-gem köpdür, gaplaňam!.. --Aý akmak, Kynyş beg! Seniň akmaklygyň zerarly atyňy gaplaň atar, Ajdaryňy möjekler düýt-müýt eder!—Ol dagyň gerşinden özüne habar gatyp üýrýän Ajdarynyň, gaýanyň ýekarsynda horgurýan Bozdumanyň bitakat sesini eşidip, agysy tutdy. Bendäniň öz ölümi ýadyndan çykdy. Ol kema-kyl ölüme mynasyp, emma, emma janawer Bozduman bilen Ajdaram ölüp gitmeli! Ol şindi dirikä iki sany söwer dostunyň ölümine tomaşa etmeli!..Attaryň ýüregi gyýym-gyýym gyýylyp, ýetim çaga ýaly kemşerip, yzlap başlady. Näme etmeli?! Kynyş beg oýlandy, pikir kyldy, gaýanyň depesinde eýesine seredip duran Ajdara habar gatdy: --Ajdarym, sen men ýaly altmyş aňkawdan akylly, düşbi, ugur-el tapyjy. Sen meniň dilime düşünýäň. Sen Bozduman bilen öten agşamky ýatan jülgäňe düş, bir gije ýatan ýeriň beýleki ýerden eziz bolýandyr. Nämede bolsa jülgede men seni, Bozdumanymy görer duraryn. Didarlaşyp durarys! Bardy-geldi ölsek-de biri-birimize ärligimizi görkezip öleris—diýip ýalbardy. Aram-aram ynjyly horgurýan atyna-da ýalbardy, emma akylly-da bolsa at at bolýar, it it. Kynyş beg agşama çenli her edip hesip edip ot ýakynmagy müwessa bildi. Ol basgançaklap duran dilkaw gaýanyň üstüne aýlandy. Gaýanyň depesinde onbäş sany mähnet, bäş-alty sany ýaş arça bardy. Mähnet arçalaryň üç sanysyny ýyldyrym urup guradypdyr. Gaýada ýyldyrymyň çabrap ýakan ýerem bildirýär. Odun bar, indi ot alyp bilse bolany. Kynyş beg agşama çenli odun taýynlady, tutaşdyrlyk edindi. Atyna, itine lak atyp, göwünlik berjek boldy, emma ne atyň sesi bar, ne itiň! Ol göwnüni ýagşy umytlara gaplap, ilkidurmuş ýabany adamy ýaly bolup, ýumruk ýaly daşy daşa urup, ahyry odam aldy. Oda ýöne ýere oraz diýilmeýär.Ody ýönelige gadymy ata-babalarymyz Hudaý sanmandyr. Ot Kynyş begiň göwrümini, garaňky gijäniň goýnuny giňeltdi. Ot ýanyp dursa, adam pakyryň ýüregi ýylaýar. Ot ýanyp dursa wagşy, ýyrtyjy haýwanlaram gelip bilmeýär, oduň ýagtysyny görüp, tüsse-siniň ysyny alyp. Ol Bozdumany bilen Ajdaryny küýsäp ençe gezek gygyrdy, emma olardan ses-selem ýek. Kynyş begiň sandygyna uly howp doldy: Bozduman bilen Ajdara näm bolduka? Janawerleri gündiziň güni gaplaň ataýdymyka?..Mähriban atyndan, itinden jyda düşen Kynyş begiň jiger-bagry persala bolup, özüne, pelege hüjüre-hüjüre sögünji paýratdy. Gün ýaşyp-ýaşmanka uzyn jülgeden ygym-sagym bolup gelen ümür ýuwaş-ýuwaşdan jülgäni tutdy. Ol oda garap gam-gussa batyp alaç agtarýar-dy, alaç bolsa ýekdy. Ýassynlara çenli onuň oturan ýerinem ümüru-duman aldy.Birden ümür-dumanyň içinden Ajdaryň sesi hamana halasgäriň sesi ýaly eşidildi. Bozduman haýkyryp kişňedi. Ses agşamky ýatan jülgesin-den gelýärdi. Kynyş beg atylyp ýerinden galyp: --Bozdumanym! Adyňdan aýlanaýyn Bozdumanym! Janym saňa sadaga! Akyl-paýhasyňa gurban bolanaýyn Ajdarym, aýtmadymmy siz Kynyş beg ýalyň alty ýüzünden akyllysyňyz diýip! —diýip, ol şowhun bilen gygyr-dy. Ýene Bozdumanyň horguryp kişňeýşini eşidip, attar tas uçupdy… Bozduman bilen Ajdar eýesinden jyda düşüp uçudyň ýekarsynda karar tapman, biri hokranyp, kişňäp, beýlekisi çyňsap, üýrüp ahyry dagyň depesinden jülgä düşüpdiler, sebäbi bir gije ýatan ýeri ýatak, iki gün bolan ýeri gara ýatak, üç gün bolan ýeri öý bolýar. Akylly janawerler agşamky ýatan ýerine gelip, biri-birini höwür edinse, Kynyş beg olaryň ikisini höwür edindi. Ol başyny ýaýkap-ýaýkap: -- Ozalam bir garyp şahyr şeý diýenmiş: Hanha, bu dünýäň-ä syrty göründi, Eýdip-beýdip ýaşamasyn ýaşadyk, Sag-aman ölmekde iş bardyr indi. Kynyş beg, sen bolsa ýaşap görmän ölmeli bolaýdyň öýdýän—diýip, gama batyp kiçijek oduň golaýynda şumluga garaşýardy, garaşyşy ýalam boldy. Gijäniň ýary Ajdar ýabşynyp, enteşip gelen möjeklere üýrüp başlady. Bozduman janawer horguryp, haýkyryp ses edýärdi.Kynyş beg dilkaw gaýanyň depesinde otly kesindini bulap, jynssyz gygyryp, Ajdary möjekleriň üstüne küşgürip, zybyrdadyp otly kesindileri, ýumruk ýaly daşlary oklaýardy. Ol aşakda jülgäniň saman-sypal bolan otlarynyň ýanjagyny hem möjekleriň sandygyna gorky saljagyny bilýärdi. Onuň çaklaýşy ýalam boldy. Attar haýkylyklap, gykylyklap uçutdan otly kesindileri, ýumruk ýaly çagyllary ýagdyrýardy. Jülgäniň ala-bulut ýaly bölek-bölek sary sypal bolan otlary ýandy. Göze dürtme garaň-kynyň, gara dumanyň içinde asmandan ataş ýagýar-ot ýagýar, daş ýagýar, möjekler wagşam bolsa pynhan howpdan-- asmandan şuwlaşyp-şuwlaşyp inýän belalardan, Kynyş begiň gaýalarda ýaňlanýan jynssyz haýkylygyn-dan heder edip, Bozdumany awlap bilmedi. Ajdaram Ajdarlygyny etdi. Gündogary al-elwan öwüsdirip görnen Günüň salgymy attaryň ýüregini ýerine getirdi. Gün göge göterilensoň, ümür-dumanam eräp gitdi. Ol Bozduman bilen Ajdaryny synlap, jiger-bagry parça-parçalap gözlerini ýaşlady, sebäbi ol uçmahdan çykan atynyň hem adamdan akylly itiniň alnynda günäkärdi… Perman beg Tugun atyny ýergasyna goýberip barýar nirdesiň Maşat diýip. Alty hokgalyk (on sekiz kg) tüpeňini ganjyga baglap, alagaýyş guşagyndan gylyjyny-hanjaryny asyp, özüni Isgender şahly saýyp, tüweleýläp barýar zaňňar. Goçanda golaýlanynda ol Hydyr ata ýaly gözege-lüwli nazarkerde pyýadanyň yzyndan ýetdi. Oba edebini alan Perman beg atyndan düşüp elleşip salamlaşdy. Tanyşdylar. Asylzadadan salyhatly Jawat aga yklymy baglan ussa eken. Ol Perman begiň kaýdan gelip kaýan barýanyny sorady, Perman beg Nedir hanyň gullugyna, söweşe barýanyny aýtdy. --Gel, oglum, ýaňadan görşeli!—diýip, Jawat aga Permany gujaklady, ençe gezek tarpyldadyp ýagyrnysyna kakdy.--Haý, berekella! Haý-haý Rüstem oglum, Suhrab oglum! Alanyň gala, gaçyranyň bela bolsun! Hakyky gerçekler döwüş güni bellidir. Otur oglum, men saňa haýyr patasyny bereýin—diýip, didesini gubarladyp, doga okap ak pata berdi.—Aslyň türkmen gerek? --Beli, türkmendirin atam. --Taýpaň näme? --Sakgardyryn atam. --Asyl garyndaş diýsene! Gaýylar tamam türkmeniň agasydyr! Men gaýy oglum. Allaha şükür, iki oglum Nedir hanyň ordasynda söweşip ýör. Men şu şäherden, ýör oglum, seni bir gije myhman alaýyn, oňardygymdan zyýapat edeýin. Perman beg ussany atyna mündürjek boldy, Jawat aga: --Tüweleme, atyňam at jan ekeni, özüňem atyňa mynasyp gerçek ekeniň. Alys ýeldan aryp gelýän atyň dynjyny alsyn, hanha, şäher, ikindinara öe ýeteris. Ýekuş görmeseň, men saňa oglum diýibereýin. --Diýiber atam. Olar hemsöhbet bolup şäheriň çetinden girdiler. Jawat aga Perman begi ýeluň ýakasyndaky kaşaň jaýa alyp bardy. Olary iki ýetginjek garşy aldy. Jawat aga: --Haý, ogullarym, myhmany ylgap garşy alsaňyz bolmaýarmy? Görüň-ha, bakyň-ha! Är ýigit, şir ýigit şeýle bolýandyr! Permanjan Nedir şaga nökerlige barýar. Döwşe barýan gerçege şa zyýapatyny edeliň! –diýdi. Ýetginjekleriň biri Tuguny teblehana alyp ugrady.—Dal bedewe päkize körpe bilen ýuwulan arpa beriň!—Jawat aga öýleriň birinden çykan oral aýala-- Näme nahar bişirdiňiz? Aýala derek ýetginjek: --Näme nahar diýseň bardyr babam--diýdi. Ikinji ýetginjek olaryň el-ýüzüni ýuwduryp, jaýa saldy. Jawat aga: --Dessine nahar çekiň, onsoňam ol nemedenem birini getiriň!--diýdi. --Nämeden babam? --Beg ýigitleriň edýän keýpinden. Döwür-döwür, kimiň döwri1 Perman begiň döwri! Jomart Jawat ussa ”haý ony getiriň, haý muny getiriň” diýip buýrup ýatyr, iki ýetginjegem getirip ýatyr. Başda Perman beg içmejek boldy. Jawat aga: --Oglum, sen toýa baraňok! Ýurt üçin, il-ulus üçin, watan üçin döwşe barýaň. Urşa mes bolup girilýändir!—diýip, bir pyýala arak içirdi. Datly nahar bilen içilen arak ýaş ýigidiň ruhuny göterdi, ussa Perman begiň dabarasyny-waspyny ýetirdi. Ömründe arak näme, buza-da içip görmedik Perman beg müňbaşy bolanda Arap Reýhan ýaly sermest bolup ýatyp galdy. Ertesi günortanlar ukudan oýandy. Perman begiň kemakyl kellesi sämäp durdy. Ol töweregine garandy. Jawat aganyň düşegi boşdy. Ol daş çykyp, ojagyň başynda çaý-nahara güýmenip duran oral aýala: --Jawat agam nirede? --Kim Jawat aga? --Öý eýesi Jawat aga? Siziň adamyňyz Jawat aga? --Waý, meniň adamymyň ölenine on ýyl boldy. Onýança jaýdan düýnki hyzmat eden ýetginjekler çykdy. Perman beg soragyny gaýtalady. Ýetginjekleriň biri: --Ataň gara daňdan atyna atlanyp, tüpeňini-gylyjyny alyp, awa-şikara gitdi. “Keýik, käkilik, sülgün awlap döwşe barýan ogluma zyýapat edeýin” diýip. Ataň seni çaksyz gowy görýän eken. --Ol meniň atam däl. Aýal gürrüňe goşuldy: --Düýn sen oňa atam diýip durmanmydyň? Ýetginjekleriň biri gürrüňe goşuldy: --Düýn ol saňa oglum diýip durmanmydy? Asyl Jawat aga ony mysapyrhana alyp gelen eken, Perman bege iýdirip-içirip, lül serhoş edip, daňdanam onuň atyny- ýaragyny, ädigini-telpegini, horjunyny, goş-golamy bilen puluny, äkidip neressäni jüllükgöten goýupdyr. Içi juwlap giden Perman beg guşagyny barlady, köýneginiň içinde guşalan guşakda ejesiniň beren puly bar eken. Zandy arassa Perman beg uzak gün Jawat aga garaşdy, Jawat aga gelmedi, ertesem garaşdy. Neresse ähli iýlip-içilen nahar-nowa bilen jaýyň kireýini töledi. Başy açyk, aýagy ýalaň oglana dözmän oral aýal pul uzatdy: --Oglum, bazardan aýagyňa aýakgap, başyňa telpek al—diýdi. --Ek, ene, bi kelle telpege, bu aýak köwşe mynasyp däl—diýip, Perman beg üçünji gün ýela düşdi. Ol şäherden çykyp, asmana bakyp gygyrdy: --Dünýä sen jikge ýatsaň-da üstüňde mendirin, bükge ýatsaň-da üstüňde mendirin! Pelek, sen çarhyňy dürsüne aýlasaň-da, Perman beg beg bolar! Tersiňe aýlasaň-da Perman beg beg bolar! Hudaý ýel berse, men arşda Allama, ýerde Nedir hana gulluk ederin! Başy tahýaly, aýagy ýalaňaç Perman beg Kelata ugrady. Her gün agşam düşdügi jülgäni, dag gerşini ümür-duman, Kynyş begi gaýgy-gam basýardy. Açlyk dagy suwsuzlygyň ýanyna hiç zat eken, Kynyş beg suwsuz ölüp barýardy, gijeler ymyzgandygy düýş görüp, ak gelin ýaly dumanyň ak göwsüni sokjap-sokjap emýärdi, emma düýşünde-de teşneligini gandyryp bilmeýärdi. Irden bolsa daňyň çygy düşen serkerem otlaryndan iýýärdi, beýleki otlaryň çyglaryny aýasyna toplap içýärdi. Her gijäni bolsa Kynyş beg asmandan ot oklap, at aşly kesindi oklap, daş atyp geçirýärdi. Haýkylyklap, gykylyklap sesi gyrlypdy. Bozduman aram-aram horguryp, hokranyp, Aždar hol asmanda magallaklap duran dilkaw gaýadaky eýesine hawhawlap habar gatýardy. Kynyş beg gün geçdigiçe entäp ýören awçy-şikargäriň üstünden gelmejegine ynandy. Göwrümini näçe giň tutandan bolsa-da, ol nalaç ölmelidi! Haçana çenli asmandan atyňy-itiňi gorap, otly kesindi oklap çykarsyň! Oduňam öz zady ýek, alany özüniňki, näme atsaň kül edip taşlaýar. Hanha, eýýäm ýyldyrymyň guradan arçalaram gutaryp barýar. Ol öz ýanyndan «Haý, Kynyş beg, otursaň-tursaň, Allajan, durmuşym näçe agyr bolsa bolubersin, ölümimi bir ýeňil edeweri diýip, Hudaýyňa akyl bererdiň. Ynha, zaňňar saýlaber, gijäniň birinde saraňgaty doňup öljekmi, aç-suwsuz öljekmi ýa gije uklan bolup, togalanyp ýeňil öljekmi?» diýip özüne käýinýärdi. Ölüm bir erbet zat, onda-da ýüzüňe ajalyň aýaz demi, awy demi urup durka! Kynyş beg horlanýardy, ençe gün bäri içýän zady ýek, iýýän zady ýek. Ozalam kakçekge agajet pyýada geýim-gejimli süňk-saňka öwrülip barýardy. Ajalyň howsalasy, howly, dowly ajaldan eýmenç. Ol ajal gelmezden ozal ynamyňy, ygtykadyňy, ruhuňy öldürýär. Ajal golaýlanynda adam pakyr özünde özüni öldürip, öz ölümine tomaşa edýär. Ony bilýän Kynyş beg göwnüni, göwrümini giňden tutýardy, ýöne bendäniň ykbaly petige diräpdi. Ol ölesi gelse-de ölmelidi, gelmese-de ölmelidi! Islese-de ölmelidi, islemese-de ölmelidi! Özem akmak ölümdi, masgara ölümdi… Bozdumanam, Aždaram eýesini taşlap gitjek janawerler däl! Bu gije ölmese-de, erte agşam gagşap-gagşap öläýmelidi, bu gün ölmese-de, erte-birigün suwsuz öläýmelidi! Ýaşu-garry, gedaýu-şa, aýalu-erkek bol, parhy ýek, ýeriň ýüzünde näçe ýaşasaň-da barybir bu dünýäden armanly gidilýär: her kim bu owadan dünýäniň jadyly didaryndan ganyp bilmän, ýagty jahanda süýjüje-süýjüje arzuw-hyýallaryny, datlyja-datlyja oý-pikirlerini, durmuşa geçirip bilmedik röwşen maksat-myratlaryny galdyryp, ahmyr bilen gözlerini ýumýar. Bu owadan dünýä million-million ýyl bäri milliard-milliard adamlaryň jahanda ýetim hem namyrat galan owadan arzuw-hyýallarynyň, süýjüje-süýjüje maksat-matlaplarynyň jemi ahyry! Şonuň üçinem şum ajalyň aýazlap duran demi ýüzüňe uran çagy, bu dünýä ýüz esse, müň esse gözelleşip,ezizlenip, dem alýan howaňa çenli süýjeýär! Ömür süýjeýär, Ezraýyl ýardam edäýmese, özüň ölip gidibiýr ýaly dünýä däl! Ýeri bu uçmahdan owadan jahanda nädip ölüp bilersiň? Seniň halyňa dözmän oturan tanyş-biliş Ezraýylyň bolaýmasa, nädip ölüp bilersiň?! Emma Kynyş beg özüniň aladasyny edenokdy, ol Bozduman bilen Ajdaryň nahak ölüp gitmeli bolanyna gynanyp, jiger-bagryny para-laýardy! Attar daň atardan Gün batara çenli jülgäniň ýeluna seredýärdi, gam-gussadan, umytsyzlykdan gaýry gelýän närse ýek.Biçäre gam gussa gark bolýardy, Kynyş beg indi otuzam ýaşaman ölüp gidibermeli boldumy? Dädesi Magtymguly ýenaçam altmyş ýaşaman jahandan gaýdypdy. Ol içinden: «--Eý, Alla, mende atamyň tohumy tükener ýaly näme muzzur iş edäýdimkäm?!»--diýdi. Ol dünýä gelip adam ogluna aňyrrak otur diýip azar beren kişi däl, berse sadaka berdi, etse ýagşylyk etdi. Kynyş beg aslyn-da elem, dilem, köňlem açyk, tüýs Hakhalar, halkhalar haýyr-sahawatly ýigitdi! Dädesi Magtymguly ýenaçy onuň hakydasynda janlandy: Ol bir gezek öýlänara tamam ýenaçylaryň garrysyny-ýaşyny, erkegini-aýalyny, çagasyny-çugasyny dükanyna çagyrdy. Ol ýygnananlara birlaý nazar aýlady, soňam ýuwaşja: «--Ogullarym, gyzlarym, maňa oglankam «dälibaş» diýerdiler, »tüweleý» diýerdiler, »garagaý» diýerdiler, garaz lakamym-adym kändi. Ýaşkam çakdan aşa gudumandym, uruşgandym, düpbozandym, ýöne ýadyňyzda bek saklaň, men nirede urlan bolsam, haýsydyr bir ejiziň, biçäräniň arkasyny alyp urlandyryn, kimi, nirede, nähili uran bolsam, adalatyň hatyrasyna urandyryn, nirede topalaň turzan bolsam, pakyr-pukaranyň, möminiň-mazlumyň goragynda pitne turzandyryn. On ýedi ýaşym dolan badyna-da nöker bolup, ilime, ýurduma, patyşama gulluk etdim. Gazaply söweşlerde kowandyryn, emmaki gaçan däldirin, şan-şöhrat gazanandyryn, emmaki at ýitiren däldirin! Ýöne pelek çarhyny tersine çalyp, täleýim ýigrimi üç ýaşymda meni şu dükana oklady, şondan bärem ata çykyp, serdar bolup, han bolup gylyç syryp ýörmeli Magtymguly han özüçe ýeklara eýer ýasady, güzeranyny dolady, Neberelerimden birden biri serdar çykar diýip, ýadanymam-aranymam bilmän işledim…Magtymguly han eýer ýasaýar! Tüf, seniň ýüzüňe pelek!.. Emma bilip goýuň: men şu ömrümde ata-babalarymyň ruhyny ynjydar ýaly, ogullarymyň-gyzlarymyň, geljekki neberelerimiň ýüzüni ýere salar ýaly ýaramaz iş eden däldirin! Men özümi perişde ýaly päkdirin diýip biljek däl, emma asmanda Allanyň alnynda-da, ata-babalarymyň alnynda-da, adamlaryň alnynda-da size garasy ýekar ýaly günäm ýekdur! Men zerarly ýenaçylar tohumynyň ýüzi gyzarmaz, düşündiňizmi!—diýdi.Tamam ýenaçylar bir agyzdan «düşündik» diýdiler.— Ogullarym, agtyklarym näçe ýaşasaňyz-da är kibi, şir kibi ýaşaň! Eşegiň kysmaty gulanyň düýşüne-de girýän däldir, gulanyň erkinligi eşegiň oýuna-hyýalyna-da gelýän däldir!.. Gyzlarym, gelinlerim çeşme-çaý ýaly päkize ýaşaň, arassa suwda hatda hapa tüýküligem erär gider, hapa suwda hatda halal çöregem harama çykar! Düşündiňizmi?—Enaçylar bir agyzdan düşündik diýdiler.--Düşünen bolsaňyz, baryň gaýdyberiň, işli-işiňiz bilen boluberiň» Döwletmämmet: «--Däde, bu zatlary näme diýip aýtdyň?»--diýip sorady.Magtymguly ýenaçy: «--Soň aýdyp bilmezmikäm diýip aýtdym, oglum»--diýdi pakyr. Aýdyşy ýaly üç günden soňam dükanynda işläp, eýer ýasap otyrka, dag gaýdan ýaly diňarkan gaýdýar. Döwletmämmet, oba tebibi, hekimi dessine gan alyp görýärler, mümkin bolan emi edýärler, emma nepagasy bolmaýar. Pakyr özüne gelmän daňdana çenli ýatdy, daňyň öňýanam gözüni açyp, neberesine bir laý nazar aýlap, birki owurt çaý içip, zordan gürledi—Perzentlerim! Eger o dünýäde elimden bir iş gelse, meniň ruhum hökman siziň goragyňyzda durar!.. Magtymguly ýenaçy ölýär diýip, maňa bolsa gynanyp, aglaşyp-eňreşip ýörmäň, men bu dünýä pul berip gelmedim, bergä batybam gidemok! Men bu dünýä ýalbaryp gelmedim, ýalbarybam galjak bolman!--» diýip, neberesi bilen hoşlaşyp jahandan gaýtdy… Agyr oýa batyp oturşyna Kynyş begiň perzentsiz ötüp barýanam ýadyna düşüp hapa boldy. Öz ýanyndan «hiç bir ýazygymyz bolmasa, mende atamyň tohumy tükenäýmeli bormy Allajanlarym» diýip dymdy.Onuň ýadyna agasy Döwletmämmediň aýdan dana sözleri düşdi. Ol: «--Unutmaň, mydama Adam oglunyň depesinden Allatagala, arkasyndan ata-babalary, alnyndan geljekki neberesi seredip durandyr!»--diýipdi. Kynyş beg gögüne garady. Aňyrsyna göz ýetmeýän mawy asman oňa biparh garaýardy. Görgüli alnyna, arkasyna, iki gapdalyna umydygär seretdi--Howa olar seredip dursa durandyr, emma delalata eýleýäni ýekdy. Kynyş begiň gözlerine gussa doldy. «Nädip, nä ýüzüne Kynyş beg dädesiniň ýanyna barýar. Özem men diýen ýaşynda, hepbesiz galjaňlygy, kemakyl ýalňyşlygy zerarly. Üstesine-de ýetimejik maşgalasy Nurjemaly hem ýewuz takdyra taşlap»... Kynyş begiň ýüregi ezilip, esli salym gözlerini balkyldadyp oturdy. Ol al asmana seredip depesinde ençe maslykçy guşuň gaýmalap uçup ýörenini gördi: ukudan oýanan ýaly tisginip gitdi, şol dem onuň ejizlän kalbyna Magtymguly ýenaçynyň ruhy tüweleýläp girdi. Kynyş beg silkinip ýerinden galyp: --Aý, Kynyş beg, maslygyň başynda agyňy agladyňmy? Agladyň! Bessir! Sesi öleňsoň edersiň!.. Eýse sen nä dünýä tohumlyk diýip baky getirilipmidiň? Ölseň ölüpsiň-dä! Emma şindi dirikäň ejizlär ýaly sen näme heleými!—diýdi. Kynyş beg özüne akyl bermäge, özüne sögmäge, gygyrmaga, özi bilen henek etmäge ussatdy. Birdenem özüne başga hörpde gygyryp başlady--Haý-haý, Depegözüň dogman geçeni, Bedähet begiň berebekgeýi Kynyş beg ölüp gidiberjekmiş! Akmak, Allajan uçmah ýaly şu owadan daglaryny seniň haram maslygyňa hapaladarmy! Heý, şeýle owadan daglarda-da ölmek bolarmy! Heý nowjuwan Nurjemal gelnem dul goýup, ölmek bormy! Oýlan, otuz ýyl bäri gara garnyňy otaryp ýallap ýörün men seni! Pikir kyl, otuz ýyl bäri haram maslygyňy göterip ýörün men seniň! Oýlan, çuň oýlan!.. Ol ýylgyrdy. Birki ýyllykda Döwlet dädesi bilen bolup geçen waka ýadyna düşdi. Bir ýagyşly-ýagmyrly gün Döwletmämmet aganyň ýely Ak gojuk, Gara gojuk atly iki doganyň üstünden düşýär. Iki ekiztaý dogan äpet kerkaw agajynyň aşagynda ullakan çukur gazan eken. Olar: «--Döwletmämmet däde, biziň jedelimizi çözüp ber! Şu taýa häli ýalaw ýaly ýyldyrym girip gitdi. Men ýyldyrym göwherden diýsem, Garabeg altyndan diýýär. Döwletmämmet sallançakdan gaçan ekiztaýlara: --Siziň jedeliňizi diňe ýyldyrym çözer, agtaryberiň!—diýýär. --Wah agtardykla, emma tapmadyk! --Yhlas edip çuň gazsaňyz taparsyňyz—diýip, kethuda ýylgyryp gaýdýar.Telberäk, tentegräk doganlar gazýar, çuň gazýar. Ahyry çukurdan altyn-kümüşli hum çykýar. Şondan bäri hajygowşanlylar «Çuň gazyberseň, ýyldyrymyň altyna öwrülýän ýerinem tapyp bolýar» diýip gülýärdi. «Humdaky altyn kän ekenmi diýen» sowala-da, «Kän bolmaly, sebäbi şondan bäri ekiztaýlaryň güni bir bolsa urşy iki «diýen ýetimejik gülküli sözem yzyna tirkeldi. Obadaşlaryny ýatlan Kynyş begiň göwrümi giňäp, ozalky Kynyş bege öwrüldi: --How, Garajaryň gara doňzy Kynyş beg, entäp ýören awçy-saýýat geldimi? How, Hardejjalyň agzy gara eşşegi, saňa akyl geldimi? Ýek! Hany sen daragtyny ýakyp, kölegesini alyp galýan kişidiň-le! Hany sen ýumurtga bilen daş döwýän goçduň-la! Hany sen düýäniň şahy bilen gula-gyňy gazaýan gerçekdiň-le! Keremli daglaryň goýnunda azaşan doga bidöwletem aç-suwsuz, alaçsyz ölýän däldir! Sen zaňňar, Allanyň alnynda, ata-babalaryň alnynda, geljekki nebereleriň alnynda şeýdip akmaklygyň zerarly ölüp, ataň Garagaýyň ýanyna nä ýüzüňe bararsyň! Asmandan bakyp duran Allam, heý, bendesini çykalgasyz güne salarmy?! Sen bir gaýratly gerçek bolaňda Günüň şöhlesinden tanap iýşerdiň, dagyň daşyndan urgan bükdürerdiň! Bulutlara münüp jülgä inerdiň! Ýellere ýapyşyp ýere gonardyň!.. Eý, akly telperje Kynyş beg, Hudaýa uý-da, uçutdan towsup goý-ber!—diýip, dälirän ýaly duran ýerinden atylyp, towusdy gaýa tarap! Hatda aşakdan eýesini synlap duran itiň-de zähresi ýaryldy, emma Kynyş beg henek eden eken. Dogry, ol gaty bat bilen uçuda garşy towusdy, ýöne uçut gaýa däl-de, ýekarylygyna, çakdan aşa töwekgel hereketinden ýaňa gorkusyna tas jany agzyndan çykypdy! Ol entiräp-tentiräp gaýadan yzyna çekilip, Janyna: --Päheý, Janym, şirin Janym, men seni beýle gorkak, beýle namart, beýle bigaýratsyň öýtmändim. Ýeri, uçutdan towussam kül-uşak bolýan men, ölýän men, sen bolsa entek gaýadan towusmankam tas agzymdan çykyp gaçyp-dyň-aý! Haý-haý, amanat janlygyňy etdiň-ä, bigaýrat! Gör-ha, men seni heziller etdirjek, göwnüňi görjek, keýpiňi göterjek bolup ýabany daglar-da, uçmahy jülgelerde sepil-sergezdan bolup, entäp ýörün!—diýdi. Ol ýene oýa batdy. Adam pakyr çykgynsyz günde galdygy dessine onuň aňyna, ýadyna, hyýalyna Hudaý gelýär, her demde Hudaýa sygynýar, Hudaýa bil baglaýar, sebäbi adam pakyr gyzykly dünýäniň işlerine çörňeşip, mahal-mahal Hudaýyny unutsa-da, Hudaý unutmaýar. Bir akyldar «çar tarapyň bagly bolsa-da, umytdan düşme, Alla tarapyň, asman tarapyň açykdyr» diýmeýärmi? Her kes alaçsyz halda ajalyň penjesine düşeninde beýik Biribar oňa golaýlap, bilniksiz halda çykalgany kalbyna salýar… | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||