21:59 Yslam - dindir, ideologiýa däl | |
YSLAM - DINDIR, IDEOLOGIÝA DÄL
Edebi makalalar
Geçen hepdedäki makalama gelen garşylyklaýyn pikirlerden hem görnüşi ýaly, jemgyýetçilik düşünişmesi bilen jemgyýetçilik jebisligini döredýän ruh (milliýet, dil we din) biri-birine garyşdyrylýar. Jemgyýet düşünişmeleriniñ özeninde medeniýet we häkimiýet düşünjesini mälim etmäge hem-de bularyñ döreden meseleleriniñ çözgüdini tapmaga bolan ymtylyş bar. Tomas Gobbs, Jon Lokk we Žan Žak Russo modern syýasat paradigmasynyñ çäginde alternatiw pikirleri baram bolsa, adam tebigatyna mahsus düşünjelerini döredipdirler: Tebigy ýagdaýdaky adam biri-birine ýagydyr. Şol sanda hiç kimiñ jan we mal howpsuzlugy ýokdur. Şonuñ üçinem biz öz azatlygymyzy, jan we mal howpsuzlygymyzy goramak üçin bir güýç döredeliñ we hak-hukuklarymyzy şoña ynanalyñ. Bu güýjüñ adyna döwlet diýilýär. Ine, şu ýerde-de jemgyýetçilik gatnaşyklary döreýär. • TARYHY ŞERTLER WE ÖZGERME Elbetde, din we ynanç birliginiñ jemgyýetçilik tertip-düzgüniñ üpjün edilmeginde we durnuklylygynda täsiri uludyr. Munuñ bilen baglanyşykly birnäçe dini ýazgylar hem az däl. Sorag şu: Gurhana esaslanyp modern döwlet teoriýasyny döredip bolarmy? Taryhy tejribede diniñ hukuk ulgamyny döredendigi mälim. Bu hukuk ulgamynyñ ýaşamaga has amatly jemgyýetçilik tertip-düzgünini kemala getirmek maksady bilen käte Hezreti Omar (r.a) bilen başlaýar - käbir hökümler bilen ýörelmändigini-eýerilmändigini-de bilýäris, käte düşündirişe mätäjem bolsa aýatlaryñ labyz taýdan üstünde durulandygyny-da. Diýjek bolýan zadym, taryhy zemin we şertler üýtgedigisaýyn hökümleriñem üýtgäp biljegi görülipdir (tejdit-maslahat). Adat hukugy-da hut şu zerurlygyñ başga bir delili. Şu nukdaýnazardan din taryhyñ belli bir derejesine çenli (modernite) gyýtaklaýyn birleşdiriji rol oýnapdyr, birleşdirijiligi ýaly aýryşdyryjy rolunyñ barlygynam ýatdan çykarmaly däldir. (Jemel, Syffyn, Kerbela wakalary we onuñ täsiriniñ ähli yslam ýurtlaryna ýaýramagy -awtoryñ belligi). Hususanam diniñ üstünden ynanýanlaryñ umumy ynanma zeminini orta tutmak bilen köptaraplaýyn dil kemala getirmedik ýagdaýynda, problemalar hem edil şu sepgitde başlaýar. • DINMI ÝA IDEOLOGIÝA? Gurhanda hukuga dahylly hususlar az däl, emma bu hukuk kitaby ýa-da konstitusion kitap däldir. Dag-düzlerden söz açylýar, emma bu geografiýa kitaby-da däldir. Geçip giden jemgyýetleri agzamagy - onuñ taryh kitabydygyny-da añlatmaýar. Düýpli kadalara we esaslara degişli (adalat, laýyklyk ýaly) aýatlar bar, emma, neneñsi döwlet dolandyryş formasyny döretmelidigini adamyñ öz ygtyýarlygyna goýupdyr, kitapdan hiç bir ýagdaýda syýasy režimi çykaryp bilmersiñiz. Gurhanyñ haýsydyr bir beşeri düşündirişi nazara alnyp özaralarynda ylalaşyp bilerler, edil Eýrandyr (şaýy) Saud Arabystany (wahhabylyk) ýaly. Emma döwletleşen düşündiriş bir medeniýete we bir ideologiýa wekilçilik edip biler, emma asla yslama wekilçilik edip bilmez, eger eder diýilýän bolsa, onda onuñ nogsanlykly we ýalñyş bolan bar zady yslamyñ üstüne ýüklendigi bolar. Galyberse-de, yslamy bir döwletiñ ideologiýasyna ýa-da ýeke-täk düşündirişe getirjek bolmak, ilkinji nobatda yslamyñ giñ gurşawlylygyna, ýaýrawyna zarba urar. Taryhyñ ähli döwürlerinde musulman jemgyýetlerinde häkimiýetleriñ eden zulmunyñ yslama ýöñkelmeginiñ añyrsynda hem hut şu itergi bolupdyr. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 20.01.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |