21:01 Yslam sagçy däl | |
YSLAM SAGÇY DÄL
Publisistika
Soradym: Bileleşmek üçin özüñden gecip, başgasyna boýun egmek hökmanmyka? Bilkent deklarasiýasynda nämüçin Atatürk ýok? Şu sowallardan käbir okyjylar "Saadet" partiýasyny (SP) göz öñüne tutýandyr öýdüpdir! Men Erbakanyñ ömürbeýanyny ýazan žurnalist. "Milli Görüş" maksatnamasynyñ häzirki JHP-den has çepçidigini bilýärin. Mysal üçin... 1974-nji ýylda JHP-MSP koalizasion hökümetiñ protokolyna seredilse, näme diýmek isleýändigime düşünerler... SP altytaraplaýyn stolda neoliberalizme berk garşylyk görkezen ýeke-täk partiýa. Ikibaşdan gürrüñ açyldy. Goýuñ JHP-ni bir gapdala, sowaly iñ başyndan bereýin: - Marksistler bilen yslamçylar bileleşip hereket edip bilermi? Ilki bilen jogaby "amala aşyrma döwürleriniñ" daşynda tutmak gerek, sebäbi ideal motiw bilen häkimiýete gelenleriñ eden gynandyryjy işleri boldy. Mugawyýa ýaly… Onsoñam, marksizm bilen yslamyñ ezilenler bileleşigi şaha garşy göreşip, Eýranda rewolýusiýa geçirdi. Rewolýusiýadan soñ Tähran tüçjarlarynyñ täsirindäki Homeýni häkimiýetiniñ çepçileri ýok etmegi taryhy ýaranlyga uly zarba urdy. Her niçik-de bolsa: Oñyn mysallaram ýok däl: gyýtaklaýyn alanda harijiler, käbir gatlaklary bilen mutezile, dolulygyna diýen ýaly karmatiler... Bular düýnüñ "marksistleridi!" Şol sanda, maddy üýtgeşmeleri inkär edýän dogmatik yslamçylar bilen dogmatik marksistleri bu çekişmäniñ daşynda tutmalydyrys. Marksizm gürrüñsiz Ýewropada döredi. Renessansy yzagalak buthana garşy goran marksizm muña meñzeşini metjit ücin etdimi? Ýok. Çünki: Teoriýasyny ýewropa argumentleriniñ üstünde oturdan "tradision çepçilerden" başga bolýan zatlaryñ goşandy bilen marksizm ýerlileşdi. Şeýdibem, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) renessansçy rewolýusioner şahsyýeti öñ hatara çykaryldy. Gürrüñi açaýyn: • MARKSYÑ MUSULMAN ÝOLDAŞLARY Marksizmiñ yslamyñ içinden taglymyny-doktrinasyny gözlemegi we tapmagy şu günüñ meselesi däl. Yslamyñ ahlak gyradeñligine, mülkiýeti çäklendirme islegine, "synpy" köküne degişli ilkinji ýañzytmany berenler Kerim Sadi (A.Jerrahogly), Abidin Nesimi, Hikmet Kywyljymly boldy. Kywyljymlynyñ özboluşly taryh tezislerinden “Alla, pygamber, kitap” eseri yslamyñ jemgyýetçilik düzgünini analizlän iñ gowy işdir. Ondan öñinçäsi-de bar: Sinopda sürgün durmuşyny ýaşan Melami Terlikçi Salih, (gelejegiñ TKP lideri) Mustafa Suphini türkçülikden sosializme gönükdirmedimi? Melami şeýhi Mejdi Tolun Balkan federasiýasy utopiýasyny "sosializme" esaslanýan teoriýa esasynda işläp düzmedimi? Melamileriñ kitabyny ýazan Abdylbaky Gölpynarlynyñ üstünden TKP sebäpli iş gozgalmadymy? Nazym Hikmetiñ "Şeýh Bedretdin" poemasynda suratlandyran ruhanysy tekgeleriñ çüñkünde deri düşenip oturan biri däl-de, gozgalañçy rewolýusion “komünizan” maksatly hereketiñ öñbaşçysy dälmidi? Nuretdin Topçynyñ, Jemil Meriçiñ işlerini ýatdan çykaryp bolarmy? Mihri Belli Dogan Awjyogly bilen bile Fransiýanyñ Kommunistik partiýasyndan Rože Garodiniñ “Sosializm we yslamyýet” kitabyny terjime etmedilermi? Diñe bizde däl... "Musulman doganlaryñ" çepçi ganatynyñ lideri siriýaly Mustafa Sybaýyñ ýa-da özüni "hudaýparaz sosialist" diýip tanadan eýranly Ali Şeriatiniñ gözleglerini undup bolarmy? Atlary uzaltmaýyn: • GARŞYLYGYM BAR Taryh sahnasyna VII asyrda "rewolýusion ýüzi" bilen çykan yslamyñ marksizm bilen bileleşmegi nämüçin geñ galdyrmaly? Bu ezýän bilen ezilýän arasyndaky taryhy zerurlyk. Bu özeninde ezilýänleriñ halas edilmegini maksat edinýän marksizm bilen yslamyñ sintezi. Mugawyýanyñ “patyşalygyna” garşy çykandygy üçin çöle sürgün edilen Ebuzer Gifari bilen Karl Marksyñ iñ gowy görýän rewolýusioneri, Rimiñ gullar gozgalañynyñ serdary Spartagyñ arasynda näme tapawut bar? Hawa, marksizm dünýädäki dürli jemgyýetleriñ dürli-dürli ynançlary ýaly medeniýetleri bilen ilki "düşünişme-añlama arkaly" gatnaşyk açdy. Soñra ýurtlatyñ özüne mahsus şertlerini göz öñüne tutup, antifeodalizm, antikapitalizm ýaly umumy maksatnamalary işläp düzdi, ýaranlyklary-frontlary gurdy… Ýagdaý şeýle bolsa: Gije-gündiz marksizme agzyndan gelen paýyş sözüni aýdýan yñdarma dindarsumaklaryñ bü ötegeçmeleriniñ sebäbi nämekä? Dini gysymyna gusyp, gatlaklara garşy köşeşdiriji "serişde" hökmünde ulanan agalyk ediji güýçler, meseläni synpy çaknyşyklardan, eksplutasiýadan, imperializmden çykaryp, "ynançly-ynançsyz" dilemmasyna sokdy… Adamyñ juzy-eradasyny ýok etdiler. Ýogsam bolmasa, yslamçylaryñ "hakykata boýun egen" marksistleri "hanif" görmeleri gerek dälmi? Beýleki bir ýandan şuny-da goşsam gowy bolar: Köplenç tebigy ylymlar bilen birlikde agzalýan pozitiwist usul sosial ylymlar babatda-da ulanylyp, dini çetleşdirdi. Nämüçin jemgyýetçilik hakykatyny şunuñ daşyndan gözleýän istorizm marksistleri we yslamçylary birleşdirip bilmeli däl? Lenin "akylly idealizmiñ (ynanjyñ) akylly materializme akmak materializmden has ýakyndygyny" aýtmadymy näme? Uzyn sözüñ keltesi: Bileleşmelere garşy çykamok. Ýöne sagçy röwüş berlen JHP-niñ täze syýasy pozisiýasyna garşylygym bar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |