10:31 Yslamyñ gadymy şumer ynançlaryna garşy göreşi | |
YSLAMYÑ GADYMY ŞUMER YNANÇLARYNA GARŞY GÖREŞI
Taryhy makalalar
Muazzez Ilmiýe Çyg türk ylmy jemgyýetçiligi üçin üstünlik hasaplap boljak şumer taryhy boýunça barlaglary geçiren we häzir 109 ýaşly äpet çynar... Gadymy şumerler döwründe käbir ynançlaryñ nädip iudeý ynanç sistemasyna we ondanam käbir yslamy akymlara aralaşandygy baradaky berýän kesgitlemeleri diýseñ gyzykly we oýlandyryjy. Aýratynam jöhitleriñ şumerlere bildirýän gyzyklanmasy ünsi çekýär. Biz ilki şumerleriñ ynanç sistemasyny Muazzez hanymyñ galamyndan okalyñ: "Şumer dini köphudaýly dindi. Dünýäde göz bilen görülýän, duýulýan islendik zadyñ hudaýy bardy. Hudaýlar adamyñ keşbinde, emma başy ölümsiz we adatdan daşary güýçlere eýedi. Adamlar ýaly olaryñam çagalary we aýallaryndan örñän nesilleri bolardy. Bu maşgalalar hökümdara meñzeş baş hudaýyñ töwereginde jemlenişipdir. Hudaýlaram adamlar ýaly söýüp, gynanyp, gaharlanyp, gabanyp, dawalaşyp, erbetlik edip, keselläp, hatda ýaralanyp bilýärdi. Ýer, gök, suw, howa hudaýlary ýaradyjy, beýlekileri dolandyryjy hudaýlardy. Şumerler bu hudaýlar dünýäsi hakda köp sanly hekaýatlar döredipdir, şygyrlar ýazypdyr, aýdymlar düzüpdir, dini üýşmeleñler geçiripdir we bularyñ barsyny ýazga geçirip, biziñ günlerimize çenli gelip ýetmegini gazanypdyrlar. Şumerleriñ edebiýatlary bilen birlikde dinleri-de has soñky halklary täsiri astyna alypdyr. Olaryñ guran köphudaýly dini kem-kemden ýeke hudaýa öwrülip, şu günki dinleriñ süññüni düzüpdir. Şeýle-de bolsa, beýleki hudaýlar doly ýitip-ýok bolup gitmän, bu dinlerde perişdeler, jynlar, şeýtanlar görnüşde ýaşamagyny dowam etdiripdir. Her üç dinde-de umumy meñzeşlikler şulardyr: Hudaýyñ ýaradyjy we ýok ediji güýji, hasaba çekmegi, hudaý gorkusy, gurbanlar, dini aýdymlar, dogalar we ys-kok çykarmak arkaly hudaýy begendirmek, ýagşy ahlakly, dogruçyl we adyl bolmak, ululary sylamak we kiçileri hormatlamak, sosial adalat we arassaçylyk. Arassaçylyk şumerlerde esasy üns berilýän zat bolupdyr. Ybadathana barýanlaryñ, doga okaýanlaryñ, gurbanlyk mal kesýänleriñ endamy doly arassa bolmalydy. Duşmanlaryñ ýykyp-ýumran şäherleri üçin olaryñ ýazan elegiýasynda: Indi garabaşly halk (şumerler) üýşmeleñ üçin ýuwnanok, Hapysalary begendirmek olaryñ takdyry boldy, Sypatlary üýtgedi". (Şumerleriñ iudeýlige, hristianlyga, musulmançylyga ýetiren täsirleri we dini kitaplara giren ideýalary, Býulleten). Şumerler / Surat: Wikipedia Häzir rejm diýilýän we zyna eden aýaly daşlamak jezasynyñ ilkinji gezek şumerlerde ýüze çykandygyny görýäris. Bu ynanç jöhitler tarapyndanam doly makullanypdyr, emma yslam dininiñ ýeke-täk we baş kitaby Gurhanda bular ýaly buýruk ýokdugyna garamazdan, bu jeza çäresini öñe sürýän käbir radikal toparlaryñ bardygyny görýänsiñiz. Esasanam bu, iudeýligiñ musulmanlara ýetiren täsiri bilen baglanyşyklydy, ýogsam bolmasa Allatagalanyñ zyna eden aýal üçin kesgitlän çäresi şular ýalydyr: "HAÝASYZLYK eden aýallaryñyz barada aýdanda, arañyzdan olar üçin dört şaýat görkeziñ! Eger bular onuñ üçin şaýatlyk etseler ölüm gelýänçä ýa-da Alla olaryñ peýdasyna bir gapy açýança öýlere gabap goýuñ!" ("Nisa" süresiniñ 15-nji aýaty). Yslam ilkinji nobatda dört sany şaýadyñ bolmagyny talap edip, bu aýyplamany örän berk esaslandyrylmagyny, subut edilmegini isleýär. Yzyndanam beriljek jezanyñ diñe köpçülikden çetleşdirmek bolmalydygyny aýdýar. Başga aýatlarda bolsa muny edenleri aýal-erkek saýgarmazdan günälilere deñ derejede taýak jezasynyñ berilendigini görýäris. Ýagny, haýasyzlyk jezasy bilen jemgyýetiñ ýazgarma mehanizmi bilen strukturalaýyn çözgüde ýetmek islenýär, yslam munuñ gorky-agressiýa arkaly "gadagan alma" öwrülmegini islänok. Sallahlyk meselesi-de ýene bir tabu bolup garşymyza çykýar. Muazzez Ilmiýe Çygyñ aýtmagyna görä, sallahlyk meselesi şumerleriñ ýazuw kanunlarynda gozgalypdyr. Guluñ sallahlyk meselesinde hukugynyñ goralyşy ýaly, boý gyzyñ dul aýaldan ýokarda tutulýandygyny görýäris. Jöhitler Iudeý garaýyşynda-da zenanyñ boýgyzlygy juda üns berilýän mesele bolupdyr. Eger durmuşa çykan gyzyñ gyzlygy bolmasa, onda oglanyñ gyzy öldürmäge hukugy bolupdyr. Yslamyýetiñ bolsa bu garaýyşa jahylyýet döwrüniñ däbi hökmünde garandygyny görýäris. Zenanyñ gyzlygynyñ barlygy ony beýleki zenanlardan ýokarda tutýan ýa-da pese düşürýän ýagdaý däl. Hut Hezreti Muhammediñ (s.a.w) yslamdan öñem şu meselä garşy gidendigini Hezreti Hatyja (r.a) bilen nikasynda görmek mümkin. Hezreti Hatyja (r.a) pygamberimizden öñem iki gezek durmuşa çykypdy, a Muhammet pygamber (s.a.w) bolsa öñ ýeke gezegem öýlenmändi. Muña garamazdan pygamberiñ aýallarynyñ arasynda Hezreti Hatyjanyñ juda aýratyn orna mynasyp ýanýoldaş bolandygyny bilýäris. Muazzez halypanyñ üstünde durup geçen ýene bir zady - şumerlerden geçen "zorlama" etmişine garşy çemeleşme. Şumerlerde şeýle ýagdaý gyzyñ kakasyna maddy jerime we zorlanan zenanyñ zorlan erkegine durmuşa çykarylmagy bilen ylalaşyga gelinipdir. Tradision iudeýlikde-de şuña meñzeş metodikanyñ oñlanandygyny görýäris. Yslamyýetde bolsa adamyñ teni eldegrilmesiz hasaplanýar. Jynsy zorluga zyna etmişi hem-de ten azatlygyny bozmagyñ çäginde seredilipdir. Bu eylem "had" bilen jezalandyrylypdyr we iñ bärki jezasy hadym etmek (biçmek) bolupdyr. Zenany zorlan erkegine nikalap bermek garaýyşy yslamyýet üçin jahylyýet döwrüniñ däbidir we bu çäre ymykly gadagan edilipdir. Kazy şeýle edilendigini bilen we gyzyñ kakasyny günäli hasaplan ýagdaýynda, häzirki dil bilen aýdanymyzda jemgyýetçilik dawasyny açyp bilipdir. Hanapylykda, şapygylykda had jezasynyñ ýany bilen zorlanan aýala "mehri-misl" hökmünde ep-esli jerime tölemäge borçly edilipdir. Eger şeýle etmiş edilen wagtynda zenanyñ haýsydyr bir synasy bejerip bolmajak derejede zaýalanan bolsa, onda jeza hasam çuñlaşyp bilipdir. Şumerleriñ ynanç sistemasynda "dil" Hudaýyñ gazaby hökmünde görlüpdir. Iudeýlikde-de Elohim adamlara gaharlanyp, olaryñ agzyny alartmak üçin dilleriñ sanyny artdyrýar. Yslam garaýşynda welin muña jahylyýet döwrüniñ düşünjesi hökmünde garalýar. Allatagala Gurhanda dilleri öz bardygyny subut edýän delillerden biri hasaplaýar: "Onuñ delilleriniñ birem gökleri we ýeri ýaratmagy dillerimiziñ we reñklerimiziñ üýtgeşik bolmagydyr. Gürrüñsiz, munda bilenler üçin ybratlar bar". ("Rum" süresiniñ 22-nji aýaty). Spinoza / Surat: Wikimedia Commons Häzir jöhitleriñ "mukaddes ýerler" diýip kesgitlän prinsiplerini bolsa, görnükli jöhit filosofy Spinoza gazaply tanjyt edipdir. Musa pygambere (a.s) degişlidigi aýdylýan ilkinji bäş kitabyñ şumer medeniýetden gelip çykandygyny aýdýan Spinoza, oña jöhitleriñ Babyl (Wawilon) basylyp alynan we sürgün edilen döwründe dörän weýrançylygyñ döreden utopiýasy hökmünde baha berýär. Spinoza şeýle zatlary aýdandygy sebäpli 1656-njy ýylda iudeý jemagatyndan kowulypdyr. Şondan soñ hiç bir jöhide Spinoza bilen görüşmek, elleşmek, gatnaşmak, pikir alyşmak bolanokdy. Spinoza şeýle gadagançylykdan soñam tankydy belliklerini bes etmändir we "Tractatus Theologico Politicus" atly meşhur eserini ýazypdyr. Onuñ eseri awtory görkezilmän çap edilenem bolsa, kitabyñ Spinozanyñ galamyndan çykandygy gysga wagtyñ içinde bilnipdir. Umuman aýdanda, şumer garaýşynyñ iudeý ynanç sistemasynda düýpli ýer edinendigi, yslam medeniýetine-de ep-esli täsir edendigi inkär edip bolmajak hakykat bolup garşymyza çykýar. Yslamyýetiñ mukaddes kitaby Gurhan şeýle çemeleşmeleriñ ep-esli bölegini jahylyýet döwrüniñ düşünjesi hökmünde baha berýär, emma aýry-aýry ýurtlaryñ halk medeniýetinde şumer düşünjesiniñ özüne pugta ýer edinendigini görmek mümkin. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 17.01.2024 ý. | |
|