14:14 Yslamyñ ýaşyl tugy | |
YSLAMYŇ ÝAŞYL TUGY
Edebi makalalar
Gündogaryň taryhynda gadymy Marynyň aýratyn orny bar. Ony başdan-aýak sistema salyp, yzygiderli görkezýän tutuş ylmy eseri ýazjak türkmen taryhçysynyň tapyljagyna ynam edeliň. Men diňe yslamyň taryhy bilen bagly iki fakty dykgatyňyza hödürleýärin. Sekizinji asyryň ortasynda Omeýýa halyflarynyň häkimliginiň agdarylyp, ornuna Abbasylaryň gelmegne sebäp bolan gyüýjüň başynda duran Abu Müslimdir. Akademik Bartoldyň ýazmagyna görä, onuň milleti pürsiýan, Ispyhan şäherinde doglan. Horasanda dini, syýasy herekete ýolbaşçylyk eden. Onuň gozgalaňynyň başlanan ýeri Mary şäheri wagty 747-nji ýyl. Ony beýan edýän “Müslimnama” diýen kitap bar Bagdat şäherini bina eden halyf Al-Mansur Abu Müslimiň Horasandaky häkimliginiň güýçlenmeginden howatyr edip, ony Bagdada çagyrýar, şol ýerde-de duýdansyz mahal öldüridýär. Peterburg uniwersitetiniň professory W.A.Žukowskiý 1894-nji ýylda çap edilen “Köne Merwiň harabalary” diýen kitabynda biziň günlerimize çenli saklanan iki mazaryň Abu Müslim bilen bagly bolandyklary hakynda ýazylýar. Olaryň biri Merzab şah. Ol Horezmiň Dargana şäheriniň häkimi bolupdyr. Abu Müslimiň dört sany tarapdary çölde galyp, ölüm halynda ýatyrkalar halas edipdir. Abu Müslim ony özüne yzbasar bellänmiş diýýärler. Ikinjisi Ahmet pälwan. Žukowskiniň ýazyp alan rowaýatyna görä, Balh welaýatynyň Zamja obasynda bir çörekçi ýaşapdyr, özem Muhammet Hanapyýanyň garyndaşy adam Muhammet ekeni. Ahmet atly ogly bolan. Bir gün kakasy dükanyny Ahmede goýup gidipdir. Bir adam çörek almaga gel- ýär, alan çöreginiň aşagy ýanyk çykýar. Ol adam haryjylardan ekeni (haryjylar öň Alynyň tarapdary, emma 657-nji ýylda Muawi bilen ýaraşany üçin Alydan ýüz öwürýärler we onuň garşysyna çykýarlar). Ýanyk çörege gahary gelen adam: “Bu çöregiň arkasy Alynyň şägirtleriniň ýüzi ýaly gara” diýýär. Ahmediň gahary gelýär, tutluşyk başlanýar. Haryjylaryň telimsini öldürýär, özem gizlenýär. 18 ýyly Zamjanyň tokaýlarynda geçirýär. Muny Abu Müslim eşidýär, Ahmedi tapýar, halas edýär. Soňra ol Abu Müslimiň iň gaýratly, batyr şägir- dine öwrülýär. Merwiň häkimi Nasr ibn Saýýar onuň kellesine on müň dinar baýrak goýupdyr. Merwi gabanlarda Ahmediň otrýady ilkinji bolup galanyň içine girýär. Iňlis alymy K.E.Boswortyň pikiriçe, Abu Müslimiň hereketinden soň arap halyflarynyň syýasatynda Gündogara ýakynlaşmak başlanýar. Merw bilen bagly soňky bolup geçen wakalar alymyň mamladygyny tassyklaýar. 808-nji ýylda abbasylaryň belli halyfy Harun ar-Reşit ölüminiň öň ýanynda ikinji ogly Mamuny Horasana dikme edip belleýär. Mamun Merwe gaýdýar. Kakasy ölenden soň halyfyň ornuna birinji ogly Emin geçýär. Mamun doganyndan häkimligi almak maksady bilen Tahyr ibn Hüseýniň öňbaşçylygynda Bagdada goşun iberýär. Bagdat alynýar, halyfyň tagtynda oturan Emin öldürilýär. Mamun halyflyga geçse-de, entek abraýyna, goldawyna ynamy bolmany üçin Bagda- da barmaga çekinýär. Halyf hökmünde ägirt uly döwleti Merwde oturyp edara edýär. 817-nji ýyla çenli Merw arap halyflygynyň merkezi boldy diýsek hem ýalňyşmarys. Soňra Mamun Bagdada geçýär. Tahyr ibn Huseýni Horasanyň dikmesi edip Merwde goýýar. Wagtyň geçmegi bilen Tahyr özüni garaşsyz häkim diýip yglan edýär we Tahyrylar dinastiýasy başlanýar, bu bolsa araplaryň gol astyndan çykmaga musulman ýurtlarynyň ilkinji ädimi hökmünde taryha girýär.W.A.Žukowskiniň ýazyşyça, Mamun: Merwde üç zada gezek gelende baý bilen garyp deňleşýär diýip, gawunyň, sowuk suwuň, ýüpek kimin ýumşak pagtanyň adyny tutupdyr. Dogrudanam, şol mahal Merw gawuny, pagtasy bilen şöhratlanypdyr. Iňňän süýji, şirin tagamly gawunlar mis gaplara salnyp Bagdat köşgüne äkidilipdir. I.P.Petruşewskiý “Islam w Irane” (“Yslam Eýranda”) atly kitabynda häkimligini berkitmek üçin Mamunyň alyp baran syýasatyndan mysallar getirýär. Mamun halk köpçüliginiň arasyndaky nägilelikleri azaltmak maksady bilen aram garaýyşly şaýylary özüne ýakynlaşdyrmakçy bolýar. Şonuň üçin Medinede ýaşaýan sekizinji ymam Aly ibn Musany Merwe çagyrýar. Ýöne bir çagyrmagam däl, oňa Aly ar-Ryza diýen at berýär. Ar-Ryza Muhammediň kowmuny ileri tutmak manyda. Ony özünden soňky häkim diýip yglan edýär. Hezret Alynyň hem onuň daýysy Abbasyň ähli kowumlaryndan jemi 33 müň adamy Merwe çagyryp, ägirt uly dabara guraýar. Şol dabarada Mamun Abbasylaryň baýdagynyň, emeldarlarynyň resmi lybasynyň gara reňkini şaýylaryň eý görýän ýaşyl reňki bilen çalşyrmaga perman berýär. Ar-Ryzanyň adyna zikge kakdyrýar. Uzak mahal geçmänkä Mamun ýene syýasatyň emri bilen gidip, bu etmişlerinden el çekýär, ar-Ryzany özünden daşlaşdyrmaly bolýar. Paýtagt ýene Bagdata geçýär. Yslamyň häzirki ýaşyl tugunyň ilkinji gezek Merwde galdyrlandygyny bilmegimiz gerek. Munça bolanyna görä, sekizinji ymam Aly ar-Ryzanyň soňky ykbaly bilmeýänler üçin gyzykly bolsa gerek. Häzir Eýranyň Maşat şäheri bilen Türkmenistanyň arasynda gös-göni aragatnaşyk açyldy. Bu şäherde ymam Ryzanyň guburhanasy ýerleşýär, ol bize Gyzylymam ady bilen meşhur. Şaýy toparyna gol ýapmagy Mamuna garaşan netijesini bermeýär. Birinjiden-ä, Eýranyň halkynyň ýaşaýyş ýagdaýy gowulaşmaýar, ikinjidenem, Bagdatda gozgalaň başlanýar, üçünjidenem, entek Eýranda şaýylar azlyk edýärdi, ýer eýeleri aglaba sünnülerdi. Mamundan çetleşdirilen ymam Ryza Tus şäheriniň golaýyndaky Nukan diýen obada duýdansyz aradan çykýar, ol zäherlenen üzüm iýipdir diýen gürrüň bar. Günäni Mamuna ýöňkeýärler, emma ol bu ölüme dahylsyzlygyny ant içip ynandyrmaga çalyşýar, hemem 818- nji ýylyň sentýabrynda ymamy döwlet möçberinde dabara bilen jaýlamagy buýurýar, özi-de gatnaşýar. Şondan soň Bagdada dolanýar, ýene yslamyň baýdagyny gara reňke öwürmäge perman berýär. Ymam Ryzany Tus şäheriniň golaýyndaky Sanabad diýen ýerde ýerleýärler. Soňra onuň mazarynyň töwereginde häzirki Maşat şäheri emele gelýär. Ýmamyň gubry dünýädäki şaýy mezhebine eýerýänleriň zyýarat edýän mukaddes mazaryna öwrülýär. Meşhed-aýralyk, heläkçilik diýen manyny berýär. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |