02:24 Ysraýyl goşunynyñ birinji hatarynda ölüme ýollanýan falaşa jöhitleri kimler? | |
YSRAÝYL GOŞUNYNYÑ BIRINJI HATARYNDA ÖLÜME ÝOLLANÝAN FALAŞA JÖHITLERI KIMLER?
Taryhy makalalar
Gaza halky ýaýdançsyz gyrylýar. Aýal-ebtat, çaga-çuga, syrkaw-ýarawsyz, garry-gurty "Holokosta" rahmet okadýan warwarlyk bilen açlyga sezewar edilýär ýa-da öldürilýär. Musulman syýasatçylaryñ ýagdaýy ysmaza uçran adamyñ ýagdaýyndan gowy däl. Syýasatçylaryñ tersine, Gaza halky Ýakyn Gündogarda ähli milletlere görüm-görelde boljak derejede goranýar we çydamlylyk görkezýär. Gazanyñ aýagy çarykly çagalary oktýabr aýyndan bäri "Merkawa-4" atly tanklaryñ 40%-ni paýhynlady. Özem bu görkeziji "Hamasyñ" däl-de, ysraýyl goşunynyñ resmi görkezijisi. Ysraýyl goşuny sandan çykan hasaplaýan "Merkawa-3" tanklaryny fronta sürdi. Bulary Afrikadaky käbir ýurtlara satmagy meýilleşdirýärdiler. Şeýle-de mundan öñ tanklarda dört esger bolýan bolsa, indi üçe düşdi. Biziñ bilşimizden, ysraýyl goşuny muny indi ikä düşürmegiñ ýollaryny gözleýär. Uruşyñ başyndan bäri ýene Ysraýylyñ görkezijilerine görä, 500 müñden gowrak jöhit ýurtdan çykyp gidipdir. Ysraýylyñ göz öñüne tutýan iñ esasy maksady dünýäniñ çar künjünde ýaşaýan jöhitleri Ýakyn Gündogara üýşürmekdi. Şonuñ üçinem bu görkeziji hiçem göz ýumar ýaly däl san bolup garşymyza çykýar. Şeýle-de, Ysraýylyñ turizmden girýän girdeji doly durdy, ekerançylyk pudagy umuman alanda palestinaly işçilere bagly bolandygy üçin togtamagyñ bäri ýanynda dur. Welhasyl, Ysraýyl üçin adam sany şular ýaly möhüm orunda durka, frontyñ öñüne we iñ howply nokatlara ugratmakdan çekinilmeýän topar bar: Falaşaly jöhitler! Mundan öñ Ysraýyl ýörite bankalara salynyp goýlan ganlary zibile zyñmagy bilen dile düşüpdi. Ysraýyllylar muny "Afrikadan gelen falaşaly jöhitleriñ ganynda dürli wiruslar bolmagy mümkin" diýip başyndan sowmaga synanyşypdy, emma munuñ añyrsynda aparteid görnüşli bahananyñ ýatandygyny bütin dünýä bilýärdi. Häzir Ysraýylda deñlik ugrunda göreşýän efiopiýaly falaşa jöhitleriñ kyssasy bolsa tutuşlygyna tötänliklere esaslanýardy. • Falaşaly jöhitler "Falaşa" sözi iudeý dinine uýýanlaryñ gadym kysmaty bolan "sürgün" manysyny berýär. Efiopiýaly jöhitler bolsa özlerini "Beta jöhitleri", ýagny "öý eýesi jöhitler" diýip atlandyrmagy makul bilýär. Falaşalylar özlerini Süleýman pygamberiñ ilkinji we hakyky perzentleri hökmünde görýär, hatda käbirleri iudeýligiñ başynyñ özlerinden başlaýandygyny aýdýar. Şeýle-de, falaşalar berk bedenlidikleri we bialaç ýagdaýdadyklary sebäpli Ysraýylyñ gözleýän "sarp edip boljak adam güýji" nukdaýnazaryndan örän gymmatly orna eýe. Ysraýylly jöhitler olara kanunylyk gazandyrmak üçin Müsüre äkidilen gullardan ýaýrandyklaryny ýa-da Afrikadaky Aksum patyşalygyna satylan jöhit gullardan emele gelendiklerini öñe sürýär. Şeýle-de bolsa, bu boýunça hiç hili arheologiki subutnamalaryñ ýoklugy ysraýyllylaryñ arasynda düýpli soraglaryñ döremegine getirýär. Efiopiýaly jöhitler bolsa jöhit mifologiýasynda Süleýman pygamber (a.s) bilen bir gijelik hylwatda bolan şa zenany Makedadan (Saba) dünýä inen neberediklerini we taryhyñ dürli döwürlerinde Afrikada arassalyklaryny saklap gelendiklerini aýdýar. Falaşalaryñ pikiriçe Süleýman pygamber (a.s) melikä şeýle diýipdir: - Şu ýüzügi al, eger menden çagañ bolsa, bu ýüzük yşarat bolar. Eger ogluñ bolsa, ol bu ýüzügi daksyn we meniñ ýanyma gelsin. Seniñ bilen ýatanda düýşümde Ysraýylyñ üstüne günüñ dogandygyny, emma ol ýerde galman Efiopiýa gidendigini we ol ýeriñ üstünde ýagty saçandygyny gördüm. Megerem, seniñ üstüñ bilen ýurduñ mukaddesleşer. Meniñ aýdanlarymy et we bir Hudaýa ytagat et. Şu pikir jöhitleriñ "Mukaddes ýazgylarynda-da" özüne şu sözler bilen ýer tapmagy falaşalylaryñ öz paradigmasyna güýçli argument berýär: "Süleýman patyşa Saba melikesiniñ her arzuw-islegini ýerine ýetirdi. Aýratynam oña ýürekden çykan gaty köp sowgat-serpaý etdi. Mundan soñ melike adamlary bilen birlikde ol ýerden aýrylyp, öz ýurduna dolandy". (Patyşalaryñ kitaby) Falaşaly jöhitler Efiopiýada 556-njy ýylda Aretas atly lider bilen güýçlenmegi başarýar, emma hristianlara garşy girişen gandöküşliklerinden soñ hristian dünýäsi aýaga galýar we Rim imperiýasy sebite goşun ýollap, bu gandöküşlikleriñ öñüni alýar. Hristian goşuny Efiopiýa girenden soñ bu gezek falaşalylar üçin kyn günler başlanýar, çünki güýji ele alan hristianlar düýpli assimilizasiýa çäresini geçiripdir. Şundan soñ falaşalylar öý-öwzaryny taşlap daglara çekilipdir. Käbir çeşmeler Falaşa (Sürgün) sözüniñem şu wakadan soñ berilendigini aýdýar. Efiopiýada Aksum patyşalygy gurulanda daglara çekilen falaşalylar bu gezek merkezi häkimiýete baş galdyryp, patyşalygy ýykmagyñ hötdesinden gelipdir. Falaşalylaryñ bu gozgalañyna bolsa, Ýodit atly bir garaýagyz jöhit aýal baştutanlyk edipdir. Ýoditiñ ölmegi bilen 912-nji ýyldan soñ falaşaly jöhitleriñ Efiopiýada ikilenç ady tutulmaýar. Musulmanlaryñ XVII asyrda sebite agalyk edip başlamagy bilen falaşalylar köne duşmanlary hristianlar bilen bileleşipdir, emma bu bileleşikdenem netije bolmansoñ, syýasy işlerden doly el çekip, bir gyra çekilipdir. Hem yslam dünýäsi, hem-de Günbatar dünýäsi falaşaly jöhitleri üç asyra golaý wagtlap doly diýen ýaly ýatdan çykardy. 1867-nji ýylda Azriel Hildeşeýmer atly jöhit Efiopiýada falaşalylaryñ gaýtadan üstüni açdy. XIX asyryñ ahyry jöhitleriñ ýurt tutunma islegleriniñ artan we dünýä kapitalynda möhüm orunlara gelmäge başlan wagtydy. Falaşalylaryñ üstüniñ açylmagy aýratynam Ýewropadaky jöhit jemagatlaryñ ünsüni çekdi we bu boýunça gyzyklanmaga başlandy. "Alliance İsraelite Universelle" geçiren barlaglarynyñ netijesinde olaryñ hakykatdanam jöhitdigini aýtdy. Bu hanar jöhitleriñ arasynda sensassiýa döredenem bolsa, meselä ýeterlik üns berilmedi. Falaşalylar ýene kyrk ýyllyk ýatdan çykarylma döwrüne terk edildi. 1904-nji ýyla gelinende bolsa, Žak Faitlowiç atly jöhit iki falaşaly jöhit çagasyny okatmak üçin Ýewropa getiripdi. Ýewropaly sionistler we falaşaly jöhitler ilkinji gezek şeýle waka bilen ýüzbe-ýüz bolupdylar. Sebäbi doly bilinmese-de, dünýäniñ islendik ýerine biri-birine arka durýan jöhitler falaşalylary öz aralaryna almakda kynçylyk çekýärdiler. Wagtal-wagtal sebitde okuw jaýlaryny açan bolsalaram, aralaryna, hususanam jemagatlaryna ýakynlaşdyrmanlaryny gowy görýärdiler. Bu ýagdaý Ysraýyl döwleti gurulandan soñam dowam etdi, tä 1970-nji ýyla çenli. Ysraýyl döwleti falaşa jöhitleriniñ hakykatdanam jöhitdiklerini we Ysraýyla gelip biljekdiklerini, diñe 1970-nji ýylda kabul etdi. Gürrüñsiz, mundaky iñ möhüm faktor "1967-nji ýylyñ uruşyndan" soñ Ysraýylyñ çäginiñ iki esse ulalmagy we adam güýjüne duýulýan düýpli mätäçligiñ artmagydy. Efiopiýa ýaly gytçylykdan ýaña bili üzülen ýurtdan kowçum-kowçum bolup Ysraýyla gelýän falaşalylar iñ pes işlerde işledildi we goşunda birinji fronta sürülen bölümler boldy. Ysraýyl diñe meýletin göçler bilenem çäklenmedi. "Musa operasiýasy" we "Melike Saba operasiýasy" adyny beren harby häsiýetli göçüriş hereketleri bilen Sudandan jemi 15 müñe golaý falaşaly jöhidi Ysraýyla getirdi. 90-njy ýyllarda-da bu operasiýalar dowam etdirildi we bu gezek Efiopiýadan 30 müñ falaşaly jöhit göçürilip, Ysraýyla getirildi. 2000-nji ýyllaryñ başyna gelenimizde Ysraýyldaky falaşa jöhitleriniñ sany 100 müñe ýeteñkirläpdi. Munuñ ýarsyna golaýy Ysraýylda dünýä inen çagalardy. Falaşaly jöhitler Ysraýylda köplenç garaşylyşy ýaly ekerançylyk işlerinde ýa-da agyr senagat pudagynda işledildi. Dini integrasiýa boýunça Ysraýyl ullakan kynçylyk çekmedi, emma akýagyz jöhitler jemgyýetçilik we hukuk meselelerinde falaşalylary kabul etmekde düýpli kynçylyklary başdan geçirdiler we bu ýagdaý günden-güne san-sajaksyz jemgyýetçilik konfliktini-de özi bilen bile alyp gelýär. Asly efiopiýaly 19 ýaşly Solomon Tekahyñ ysraýyl polisiýasy tarapyndan öldürilmeginden soñ falaşaly jöhitler Ysraýyldaky "aparteid" çäresine mundan artyk çydaman köçä çykdylar. Ysraýyl polisiýasynyñ demonstratlara garşy özüni alyp barşy garaşylyşyndanam beter wagşyçylyklydy. Aslynda köp akýagyz jöhit falaşalylaryñ aslynda hristiandyklaryny we iudeýlige hiç hili degişli ýerleriniñ ýokdugyny pikir edýär. Ysraýylyñ Gan bankynyñ şu günlerem falaşalylaryñ ganyny zibile zyñandygyna üns berilende, Gazadaky mazlumlaryñ üstüne nämüçin öñki hatarlarda falaşaly jöhitleriñ ugradylýandygy hakdaky soragyñ jogabyny añsatlyk bilen tapsa bolýar. Gazadaky uruş häzirlikçe Ysraýyldaky syýasy taýdan bolşy ýaly jemgyýetçilik krizisleriñem partlamagynyñ öñüne bent basýar. Emma bu uruş Ysraýyl Paradigmasynyñ soñuny golaýladana meñzeýär. Jöhitler indi Ysraýylyñ howpsuz ýerdigi hakdaky pikir bilen hiç hili ylalaşmaýar. Jöhitligiñ taryhy menzillerinde bolsa şek-şübhä asla ýer bolmajak derejede çuññur jebri-jepalar gizlenip ýatyr. "Hamas" aslynda uruşy 7-nji oktýabrda Ysraýylyñ zyýanyna bireýýäm soñlapdy. Häzir gazaly eneler çagalaryny toýa ugradýan ýaly mazara goýýan bolsa, Ysraýylda "indi näme bolarka?" soragy we gorkusy bütin ýurdy ýesir aldy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 17.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |