07:12 Ysraýyl: Lawandadaky zäher | |
YSRAÝYL: LAWANDADAKY ZÄHER
Publisistika
Öldürmek, jana kast etmek, gyrmak indi Ysraýyl we syýasaty üçin gündelik pişeden başga zat däl Gaza uruşynyñ başlanan wagtyndan bäri Ysraýyl daş-töweregindäki hemme zady, müñlerçe ýyllyk hakykaty agdar-düñder etmäge çytraşýar. Häzirem dünýä derejesinde uruşlaryñ we parahatçylygyñ başlangyjyndan bäri tekste dökülen halkara normalary we şertnamalary bökdemegiñ ugrunda jan edýär. Bu babatda beýleki hemme zatdan has köp ähmiýet berilýän iki madda bar". Syýasy jenaýatyñ kesgitlemesi we jemgyýetçilik genosid. Üns çekiji tehniki üýtgeşme bilen birlikde emeli añda şumada çenli gazanylan sepgitleri hem-ä kast edilşikleriñ hemem gyrgynçylykly hadysalaryñ güýçlendirilmeginde ýygy-ýygydan ulanmaga başlady. Bu täze sistemasyna-da hoşboý ysly we zyýansyz at berdi: "Lawanda". Beýle uruşyñ ilkinji hepdelerinde azyndan 37 müñ palestinaly Ysraýylyñ añynda nyşanalanýan obýekte öwrülipdi. Emeli añ programmasy "Lawanda" sistemasynyñ tekliplerini gözegçilik etmek boýunça jogapkär harby serkerdeleriñ adam ölümlerini diñe statistiki taýdan sanawa girizilen sowuk çemeleşmeleri sebäpli jedel turuzdy. Olaryñ pikiriçe, "Hamas" ýa-da "Yslamy jihat" toparlarynyñ ýokary düzümli serkerdelerinden biriniñ nyşana alynan hüjüminde 100 sany ýönekeý raýatyñ ölmegine göz ýumup bolar. Sistema obýektlere öýlerindekä we gije ýarymdan soñ hüjüm etjek görnüşde işlenip düzüldi. Hüjümiñ gije guralmagy obýektiñ öýde bolma ähtimallygyny ýokarlandyrýar, şol bir wagtyñ özünde özi bilen birlikde maşgala agzalarynyñ we goñşularynyñam öldürilmegini üpjün edýär. Ähli emeli añ sistemalary ýaly "Lawanda" hem ähli ähtimallyklara döz gelip biljek model. Çaklamalar boýunça işleýär we şonuñ üçin köp ýalñyşýar. Habarda agzalan resmi çeşmelere görä, obýekt hasaplanýan adamlaryñ azyndan 10-y nyşana alynmandy. 17-nji oktýabrda "Hamasyñ" liderleriniñ birini öldürmek üçin guralan ýeke hüjümde wepat bolan 300 adam ýaly goşunyñ oñlan ikinji derejeli ölümlerine goşmaça bu ýalñyşlyk paýy programmanyñ prinsiplerine laýyklykda köpüsi aýal we çaga-çuga bolan "terrorçylyk bilen ýakyndan-daşdan hiç hili baglanyşygy bolmadyk" müñlerçe palestinalynyñ öldürilmegine getirýär. "Lawanda" programmasy goşmaça iki programma bilen tamamlanýar: Bulardan birinnisi obýekt hökmünde kesgitlenen adamlary yzarlap, öýlerinde atmak maksady bilen ulanylan "Kakam nirede" programmasy. Beýlekisi bolsa, "hamasçy" urşujylaryñ hereket edýän binalaryny we desgalaryny kesgitlemegi maksat edinýän "Gospel" programmasy. "Lawanda" programmasy 2,3 milliondan gowrak gazaly ýaşaýjy hakda jemlän maglumatlarynyñ üstünde işleýär. Her şahs üçin birden ýüze çenli utuk emele getirilýär. Bu utuk şahsyñ "Hamasyñ" ýa-da "Yslamy jihadyñ" ýaragly ganaty bulen baglanyşygyñ bardygyny-ýokdugyny çaklaýar. Kõp utuk alanlar maşgalalary we goñşulary bilen birlikde öldürilýär. "+679" žurnalynda çykan bir habarda ofiserleriñ "Lawanda" tarapyndan kesgitlenen potensial obýektleri tassyklamak üçin "ýeterlilik" tutaryklaryny öñe sürüp örän az iş edendigi aýdylýar. Habarda täze maglumatlar toplama we täze obýektler tapma basyşy astyndaky ofiserleriñ her wakany derñemek üçin diñe birküç sekunt sarp edýändikleri öñe sürülýär. Öldürmek, jana kast etmek, gyrmak indi Ysraýyl we syýasaty üçin gündelik pişeden başga zat däl. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 28.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |