20:14 Ýüzleşmek | |
ÝÜZLEŞMEK
Publisistika
Gomidas dünýäde "ermeni genosidiniñ gurbany" hökmünde görkezilen sazşynas, kompozitor... 1915-nji ýylyñ deportasiýasynda Stambulda tussag astyna alyndy, Çankyra sürgüne ýollandy. Başdan geçiren trawmasy netijesinde Stambulyñ "La Paix" hassahanasyna, yzyndan "Paris" sanatoriýasyna ýerleşdirildi. Ömrüniñ soñky ýigrimi ýylyny şu ýerde geçirdi... Ermeni diasporasynyñ propoganda guralyna öwrülen Gomidasyñ durmuşyndan söz açýan pýasa eýýäm iki ýyl bäri Stambulyñ teatrlarynyñ repertuaryndan düşmän gelýär. Hatda bu spektakl dört baýraga mynasyp boldy... Beýleki bir ýandan: “Qral û Travis” ("Korol Trawis") pýesasynyñ kürt dilinde sahnalaşdyrylandygy üçin Gaziantepde bolşy ýaly, Stambulda-da gadagan edilendigi ýazyldy. Kürt diliniñ mekdeplerde ýörite sapak hökmünde girizilen, kürtçe teleradio ýaýlymlarynyñ bolan ýurdunda kürtçe pýesa nämüçin gadagan bolsun? "Eýse dili däl-de, senarisi üçin bolaýmasyn?" diýip gyzyklandym. Senariniñ mazmuny şeýledi: "Elli ýaşly Trawis Pine ABŞ-da ýaşaýan bikär we gylyksyz adam. Ol ýurdundaky krizisleriñ jogapkäri hasaplap, amerikan prezidentine yzygiderli hat ýazýar. Prezidentiñ ol hatlar sebäpli psihologiki näsazlyklary başdan geçirýändigi üçin FBI-niñ jansyzy Tom Uolker hat ýazmagyny bes etdirjek bolup, Trawis Pinäni görmäge gelýär. Trawis bilen Uolkeriñ ylalaşygy jemgyýetçilik nogsanlyklaryny açyp görkezip, spektaklyñ komiki häsiýete geçmegine sebäp bolýar". Bildirişinde-de oýnuñ satiriki pýesadygy aýdylypdyr. Diýmek: “Gomidas” pýesasyna sesini çykarmadyk döwlet “Qral û Travis” pýesasyny nämüçin gadagan etdi? Barybir kän wagt geçmänkä gadagançylyk karary ýatyryldy. Gürrüñim şu iki pýesa bilen çäkli däl. Size bir garaýyş hakda aýdasym gelýär: * * * Geçen ýyl çap edilen "Bagyşlamagyñ syýasaty" (“Affetmenin Politikası”) kitabyny şu hepdäniñ ahyrynda okadym... Kitap ýurdumyzdaky ýakyn syýasy taryhy gözden geçirip ötünç soramagyñ, bagyşlamagyñ, yrzalaşmagyñ, ýüzleşmegiñ mümkin bolup-bolmajagynyñ üstünde jedele çagyrýar... Syýasy söz hökmünde "yrzalaşma" (“helalleşme”) geçen saýlawda Kylyçdarogly kampaniýasynda ýygy-ýygydan ulanyldy... Özem ýadyñyza salyñ: 2013-nji ýylda "çözgüt döwri" (“çözüm süreci”) diýip atlandyrylan döwürde Öjalanyñ we Erdoganyñ dilinden düşmändi... "Wagt oñşuksyzlygyñ, çaknyşygyñ, birek-biregi horlamagyñ wagty däl, bileleşmegiñ, agzybirligiñ, gujaklaşmagyñ we yrzalaşmagyñ wagtydyr". Netijede: "Çözgüt döwri" towsa göterildi we Kylyçdarogly saýlawda ýeñildi. Mafiýanyñ adamy Sedat Pekeriñem dilinden düşürmedik - geçmiş bilen ýüzleşmegi maksat edinen "yrzalaşma" indi tutuşlygyna syýasat arenasynyñ daşyna zyñylaýarmyka? Ýa diñe metjidiñ howlusyndaky tabydyñ başynda aýdylýan dini mazmunda ulanylarmy: Merhumdan razysyñyzmy? (Hakyñyzy halal edýäñizmi?) Erdogan bilen Sisiniñ el gysyşyp, ýakyn ýarana öwrülmegi yrzalaşma dälmi? Bu ýaraşygy ýola goýan güýç näme? Hem Türkiýedäki yrzalaşygyñ öñündäki päsgelçilik näme? Bilnişi ýaly: Yrzalaşma birek-birege düşünmäge synanyşmak bilen başlaýar we meseleler diñe şeýdip çözülýär... Gaýtadan kitaba gaýdyp geler bolsam: * * * Bagyşlamagyñ, yrzalaşmagyñ, ýüzleşmegiñ üstünde durup geçýän kitapdaky makalalaryñ ählisinde şuny gördüm: Birtaraplylyk. Sebäpler gözden salnyp, diñe netijeleriñ üstünden "yrzalaşyp" bolarmy? Eger-eger... Kitap 2015-2016-njy ýyllaryñ "hendek wakalaryny" netijeleriniñ üstünden derñeýär. PKK-niñ "çözgüt döwrüni" soñlandyran häkimiýete gönügen "uruş görkezmesinden" hiç söz açmaýar! YŞYD-yñ 2015-nji ýylyñ 10-njy oktýabrda amala aşyran Ankara teraktynyñ gürrüñini edýär, emma PKK-niñ 2016-njy ýylyñ 13-nji martynda amala aşyran Ankara Gyzyl Ýarymaý teraktyny agzamaýar! Kitapda PKK terrory bilen baglanyşykly ýeke jümle ýok... Eger siz "yrzalaşmagyñ" gürrüñini edýän bolsañyz Türküñ gynanjyna, ýasyna götüñizi öwrüp bilmersiñiz! Döwlet agressiýasynyñ jebir çekenleri bar bolsa, PKK agressiýasynyñam jebir çekenleri bar... Hakykat bilen ýüzleşmezden yrzalaşyp bolmaz. Başgaça bolanda diñe propogandanyñ çygryna girer. Serediñ: Geçen nesilleriñ ýalñyşlyklaryny, adalatsyzlyklaryny däl-de, bagyşlamaga sebäp boljak ýagşylygy görüp yrzalaşmagy ýola goýup bolar. Şeýle söz bardyr: Bagyşlama geçmişi aradan aýryp bilmez, emma geljegi giñeldip biler... Teatr zallarynda "Gomidas" sahnalaşdyrylýar we “Qral û Travis” pýesasynyñ gadagan edilmegi hakdaky karara nägilelik bildirilip, karar ýatyrylýan bolsa, ýaraşyga, birek-birege düşünmäge şu ýerlerden başlamak gerek. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 20.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |