21:29 Ýüzünji ýylynda | |
ÝÜZÜNJI ÝYLYNDA
Edebiýat täzelikleri
"Pygamber" kitaby hususanam milletleriñ we mezhepleriñ köp ýeri bolan Amerikada magnawyýetiñ agalyk sürýän döwründe öñe saýlandy. Jebran Halyl Jebranyñ "Pygamber" ("The Prophet") atly kitabynyñ Nýu-Ýorkda "Alfred Knopf" neşirýaty tarapyndan iñlis dilinde çap edilmeginiñ üstünden 100 ýyl geçdi. Proza eseri diýseñ-ä proza däl, poetiki eser diýseñem - şygyr däl, ýöne ol tankytçylaryñ köpüsiniñ şygyr diýip baha beren 26 sany çaklañrak topbakdan ybarat eser. Häzirki wagta çenli iñ köp satylan üçünji poetiki kitapdygy aýdylýan bu eser ýüz dile terjime edildi. "Alfred Knopf" açylanyna kän wagt geçmedik ösüp barýan kiçijik neşirýatdy we "Pygamberiñ" satuwlary birnäçe ýyldan soñ ony dünýäniñ iñ uly neşirýatlarynyñ birine öwürdi. "Pygamber" kitaby hususanam milletleriñ we mezhepleriñ köp ýeri bolan Amerikada magnawyýetiñ agalyk sürýän döwründe öñe saýlandy. Liwandan gelen Jebran we onuñ göreşjeñ ýoldaşlary bir ýere jem bolup, agzybirlikde ýaşamaga edýän çagyryşyny batlandyrdy. Surat çekmek we heýkeltaraşlyk ýaly başga ukyplary-da onuñ şan-şöhratyny belende galdyrdy. By gelşikli çaga şahsy özüneçekijiligi arkaly ilki Bostonda, yzyndan Mihail Nuaýmeniñem arasynda ýer alan bir topar emigrant edebiýatçy bilen açyp, başlyklygyny eden "Galam" edebi jemgyýetiniñem ýerleşen Nýu-Ýork şäherinde edebiýat we sungat gatlaklaryna täsirini ýetirdi. Daşary ýurtda we emigrasiýada hiç kim Bostona 12 ýaşlyja çaga bolup gelip, aýdym aýdyp, pully kart oýnap güzeran dolamaga çytraşýan bikär we alkaş atadan çagalaryny gaçyran ejesi Kamila bilen gelen Bişerri posýologynyñ çagajygy ýaly şan-şöhrata ýetip bilmedi. Kamila Jebran we onuñ üç çagasy Bostona 1895-nji ýylda geldi. Jebran bosgunlaryñ okaýan mekdebine girdi, bu ýerde surat çekmek ukyby bilen ünsi özüne çekensoñ, mugallymy ony şäheriñ sungat ketdeleri bilen tanyşdyrdy. Bulam onuñ bosgunlar üýşmeginden çykalga ýolunyñ ilkinji ädimi boldy. 1923-nji ýylda "Pygamber" kitaby çap edilende Jebranyñ şan-şöhraty arap dünýäsine we käbir Günbatar dünýäsine ýaýylypdy. Kitabyñ birinji neşiri birküç aýyñ dowamynda gutardy. 60-njy ýyllarda satuwy hepdede 5 müñ ekzemplýardan geçdi. Häzir resmi görkezijiler onuñ Şekspirden we Lao Tzudan soñ kitaby iñ köp satylýan üçünji şahyrdygyna güwä geçýär. Jebran 48 ýaşynda bagryndan kesel tapynyp aradan çykanda sallahdy. Ýaşan ömründe özüniñ däl-de, tanyşlarynyñ syryny açan birküç sany zenan gatnaşýany bolan eken. Şahyryñ iñ uly hemaýatkäri "Pygamberiñ" sekiz gezek gaýtadan işlenmegine ýardam eden Meri Haskelldi. Iñ ýakyn ýoldaşy bolsa Emin er-Reýhanidi. Meniñ pikirimçe, Jebran "Pygamberi" Reýhaniniñ 1911-nji ýylda çap etdiren "Kitaby-Halidinden" täsirlenip ýazan bolmaly. Jebran Parižde heýkeltaraşlyk ugrundan okan iki ýyllyk ömründe fransuz dili bilen bir hatarda birnäçe medeniýetden peýdalandy. Şeýle-de, öz ene dilinden goruny güýçlendirmek maksady bilen Beýrutdaky "Hikmet" medresesinde iki ýylyny geçirdi. Jebran feodalizme we din adamlaryna gazaply hüjüm etmek bilen bir hatarda başga dinlere-de ýüzlenipdir. Meñ pikirimçe, onuñ Kurany-Kerimden we "Nehjül-Belagadan" hem çuñ täsirlenmeleri bar, "Pygamberiñ" birnäçe ýerinde şeýle täsirlenmeleri duýup bolýar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 01.02.2023 ý. | |
|
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||