22:45

Ýyglamakmy aglamak?!.

Halk döredijiligi we rowaýatlar
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 1062 | Добавил: Нawеran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 221 2 »
0
1 Oguzhan_aga  
65
Sag bol agarta köp maglumat edjndim. Deşt obasynyň ýanyndaky Emir Süleýman gonamçylygynda hem solara meňzeş zatlar bar eken, olarada bir aýlanyp görgün.

1
2 Zerinaý  
5
Biri aradan çykanda gôlegçi gidensoñ (ýerlemäge gidenlergõlegçi bolyar) bir janly soyyalar.soñ aradan çykany ýerlap gelinenden soñ bişirip oturanlara aýlaýarlar. Aradan ćykanyñ daşyndan aylanyp aglamak (yyglamak,yas tutmak) yakyn hossar naćarlary zikir çekyan yaly heñe salyp ilki õñ ýogalanlarynyñ adyny tutup agy pygan çekmegi biri goyanda başgañ başlamagy, beylekileriñem sesli aglamagy (biri yogalan bendäniñ eden işlerini aydyp aglap başlanda aglaman saklanyp bolarmy heýde) biz-de bar.

0
3 Garaýolly  
27
Oran tasirli.juda gyzyklanyp okadym.

0
4 Gumlygelin  
8
Soñky döwür käbir mollalar ölene aglamak günä diýip ýas ýerinde gürläp ,sesli aglamagy gadagan etýär...
Emma,,Muhammet pygamberiñ ömür beýany''-diýen kitapda beýle däl...
Pygamberimiz ýasda sesli aglamaga rugsat beripdir.Hat-da ol döwürde ýasda dady-perýat edip aglaýan adamlary hakyna-da tutupdyrlar.
Umuman diýjek bolýanym içimizde ata-dada, asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessury üýtgetmäge çalyşýanlar hem bar.Ýöne,eziz adamlary aýrylanda aglaman soñky ýoluna ugratmak türkmene hiç gelişmez we başartmaz...

0
5 Oguzhan_aga  
65
Gumly gelneje ýaňky diýen kitabyňyz orus döwründe çykan kitapmyka, ýüzünde suratam bardy öýüdýän. Eger seň diýýäniň sol kitap bolsaha ony uly bir suwa atyň ýada çuň çukur gazyp gömüň, ony okamak dogry däl (maňa garşy çykan köp bolar emma nädeýin). Magtymguly atamyz näme diýýä:
Akly bolan ölüsine aglamaz,
Ölen gaýdyp gelmez aglamak bilen.
Şu bar meseläni çözýä.Ýene bir zat gelneje eger pygamber aleýhissalamyň ady tutuljak bolsa hökman oňa salam bilen ýa salawat bilen tutmaly, hatda Allahü tebarak we tealada oňa hormat bilen habybym diýip ýüzlenýä. Bu her kimede degişli. Wagtynda ýer ýüzüniň iň bulagaý adamlaryndan birine adyny tutamyzda "babam" sözüni goşdurdylara.
Aglamak meselesini Aşyr Salyh oglundan sorasaňyzam aýdyp berer.

0
6 Oguzhan_aga  
65
Pygamberimiz aleýhissalatü wessalamyň Ybraýym diýen ogly aýrylanda pygamberimizem aglap gözünden ýaş döküpdir. Sahabalardan biri soraýa: ýa rasulullah sen bize ölmize aglamaklygy gadagan etdiň-diýýä. Pygamber alýhissalamam " men size öliňize bagyryp-gygyryp ýaka ýyrtyp aglamaklygy gadagan etdim. Sessiz ýürekden aglamaklygy gadagan etmedim" diýipdir. Men şuny kitapdan okap ýazmadym. Öz ýaşulylarymyzyň biriniň gürrüňi. Özem hadis diýip aýtdy.

1
7 Zerinaý  
5
Menem beyle bir dine berilen adam-a däl. Ýõne musulman men diyeniñden soñ iñ ilkinji bilinmeli zat Pygammer /s.a.w/ baradamyka diyyan.

0
8 Edebiyatcy5066  
58
Salawmalaýkim,adamlar, okyjylar!
Möhüm mesele hakynda gürrüň açylýar. Şu meselä dahylly alym Gurbanjemal  Ylýasowanyň «Türkmen halk  döredijiliginde maşgala däp-dessur poeziýasy (toý aýdymlary we agylar)» (Aşgabat,1973) atly ýazan kandidatlyk dissertasiýasy we köp sanly makalalary bar.

1
9 Zerinaý  
5
Resulymyzyñ ( s.a.w ) õzi bolsa şeyle diyipdir : "Insanlaryñ gõzli kõri ýanynda adym tutulanda maña salam getirmedigidir"
"Maña salawat getirmegi unudan kimse jennetiñ ýoluny ýitirer"

Beýik Ýaradan :"Bendäm maña doga edeninde men bilen onuñ dogasynyñ arasynda bir perde galar. Eger Habyby Muhammedin ady tutulasa şol perde aýrylarda bendänin dogasy maña gowuşar" dyipdir diyip ejemjan mydama õwüt ederdi.

0
10 Oguzhan_aga  
65
●Gumly gelneje sen dogry edýäň, ilähi goşgulara ýanaşmasaň häzirlikçe gowy bolar. Meniň ýokarda ýazanlarymdan göwnüňe zat almagyn, ýöne o-da bir nesihatdyrda hasap edäý.
●Zerina dogan sen gaty dogry aýtdyň, biz musulman bolsak ilki Pygamber alýhissalamy onuň tutan ýoluny öwrenip bilmeli (ýöne dogry jähtden) we çagalarymyzada öwretmel. Gaty hormat goýdum ýokarda ýazan ýorumlaryňa.
●Agar'ata sizem ters düşünmäň kiaby gömmeli diýdigime. Düşünip okaýan bar düşünmän okaýan bar, şonuň üçin aýdypdym.
Magtymguly atamyzyň bir goşgusynda "Dursa gerekdir" 22-ji bendinde şeý diýýär:

On gat gyzgyn düşek düşer ornuna,
Nowhageriň başy düşer burnuna,
Dili süýner, düşer, ýeter garnyna,
Emelne çolaşyp galsa gerekdir.

NOWHAGER- diýip ölü üçin ses edip ýaka ýyrtyp aglaýana diýýäler, eger ýalňyşmaýan bolsam. Ýalňyş bolsada düzediň, gaýrat edip.
Nohurlylarda Goçmyrat ahun diýip bir ärleriň biri geçipdir. Maňa bir wagt bi ýaşuly gürrüň beripdi. Ahun aga aýdýan eken "şularda bir däp bar, ölä gaty ýas tutup gaty aglaýalar, şolary bolmaýan zat welin diýen edenoklarda" diýýän eken. Bizä bilmedik welin Türkmeniň jahyllyk döwründen gelýän edim-gylymlaryndan Ahunlaryň sözü gymmatlymyka diýýän. Agar'ata ýöne beý diýsemem bular ýaly makalalary ýazman goýaýmaň, nämede bolsa menä köp zat öwrendim.

0
11 Edebiyatcy5066  
58
Oguz han aga, Alla ýalkasyn! -Nowhager- sözi barada beren maglumatyňyzy garbap aldym. -Görogluda- -nowha çekmek- diýen söz düzümi bar. -Nowhager- sözüni şunuň bilen baglap, ýazyp oturan -Göroglynyň- sözlügine goşdum. Köp sag boluň. 

0
12 Oguzhan_aga  
65
Barjamyzy bile ýalkasyn. Bizi dogry ýoldan ýöräp, dogry düşünenlerden etsin.

Meniň hatalarymy görüp düzetmäge kömek eden edebiýatçy 5066 tanşym, sen sözlük gözleseň "osmanlıca lugat" (suň ýaly ýazmaly) diýip bir türkleň kitap suratly programmasy bar, şony tapyp al. Şonda biziň köne sözlerimizem gaty kän gabat gelýä. Ýaňky "newha" sözü hem bar eken. Arapça نو حه diýip ýazylýa. Ölä aglamaklyk diýip berýän eken.

0
13 Sanýat Şahbaratow  
Nowhager . Meňem eşden sozum, yone manysyny bilemokdym. Sag bol Oguzhan aga

1
14 Oguzhan_aga  
65
Senem sag bol Sanyat Şahbarat,
Bu saýtda bolsaň "sözden" galmarsyň ät.

Birini sen bilersiň, birini ol biri,
Şeýdip "edebiýatymyz" tutarys diri.

Her kim bilýänlerin orta oklasa,
Edebiýatçy 66 jübä gaplasa.

Ýygnap, toplap ýene halka ýetirse,
Edebiýatyň öňünde borjun bitirse.

Şeýdip sözlügimiz emele geler,
Köne, gadym sözleri her kimem biler.

1
15 Zerinaý  
5
Makala juda ýerlikli bolupdyr. Elbetde õlenin yzyndan õlüp bolmaýar. Ýaka ýyrtyp saç ýolup ýõrmeseñem sesli aglap yola salmasalar yzynda nacarlary "hüwdileýän" ýaly aýtjagyny aýdyp aglamasa gelşiksiz. türkmende bir aýtgy bar ýakyn bir zady ýogalybam yz ýanyndan bezenip beslenip çykana "Ýere ýylan sokan ýaly.." diyip. Hezreti Magtymguly aýdýar "Giden gaydyp gelmez aglamak bilen" diyip. Beyle diymek bilen Ussat hiç hili aglamaly däl diyendir diyip bolmaz. Aglaman bolmaz ýyglaman saklanyp bolmaz. Emma yaka yyrtmak, çenini bilmän kõşešer ýerde kõşeşmezlik Allanyñ edenine näşükir bolmak diýilýär. Biri ýogalanda sõz bilen ses edip aglap oturan dayzalar agyñ soñuny "Mundan beterini salma Allajan meñ bilen deñ bolma Allajan. " diyip tamamlany ýadymda. Her zadyñ çeni ýagšy. Toý toý ýerinde ýas ýas ýerinde ýagşy. Ýene Hezreti Magtymguly diýýär "Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz"

1-15 16-22
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]