19:13 Yza gaýdyp bolmaýan çykalga | |
YZA GAÝDYP BOLMAÝAN ÇYKALGA
Publisistika
Pakyr-pukaralaryñ iñ uly we ýeke-täk arzuw-hyýaly geçmişde baýlyk, bol-elinlik ýa-da toplap bilen zatlaryny gözlemek üçin meýletin taşlap gaýdan kiçijik ýurdundan daşlaşmak er yza gaýdyp liwan daglarynda we derýalaryñ gyrasynda wagtyny hoş geçirmek Liwanly ýaş ýigit ýurdundan çykyp gaýdypdyr. Soñ bir gün dogduk depesini küýsäp, ýaşy ulalşansoñ ýurduna gaýdyp gelipdir. Ol ýaş wagty dünýäniñ hemme ýurduna aýlanyp görüpdir. Dünýäniñ çar künjündäki howa menzillerine we portlaryna aýak basypdyr, otlulara münüpdir. Hamana gitmek we gaýdyp gelmek üçin işiginiñ öñünden geçýän ýaly... Gowy tanamaýan we tanamak üçin wagtynyñ bolmadyk ýeke ýurdy - 10 müñ inedördül kilometrden uly bolmadyk öz kiçijik watany. Häzirki uruş bize Liwanyñ dört künji hakynda nähili sowatsyzdygymyzy görkezdi. Mysal üçin, meniñ özüm-ä ýurduñ demirgaz6k-gündogary diýenimizde haýsy sebitleri göz öñüne tutýandygymyzy bilemok. Amerikanyñ ýa-da Ýewropanyñ haýsydyr bir howa menziline düşüp-düşmänkä kireýne tutýan awtoulagymy noldan alyp ulanýandygyma garamazdan ähki oba-şäherlerinden bihabar. Şu günler ir ertirden agşama çen Ysraýyl bize ýatdan çykmajak geografiýa sapaklaryny berýär. Bilmeýän obalarymyzy ýekän-ýekän sanaýar we eýelerine öýlerini derhal boşatmagy duýdurýar. Sebäbi ol bu ýerleri bombalamaga peýlenýäd. Ýeke gezegem sözünden dänen gezegi bolmady. Gülleri ýekän-ýekän gyrdy-gyrjaşdyrdy, maşgalalary birin-birinden öý-öwzaryndan jyda düşürdi. Käbirlerini ýekän-ýekän öldürdi. Bularyñ barsy howul-hara edildi. Jynaza namazlaryny okamaga-da wagt berilmedi we gazetler ölüm bildirişlerini berip bilmedi. Çünki jynaza namazlaryna idin berilmezden ölüme idin berilýär. Geografiýa-da taryhdan beter az gynandyryjy we doñýürek däl. Häzir Ysraýyl gurbanlarynyñ we şehitlerimizuñ atlaryny goýy gyzyl syýa bilen ýazýar. Şeýlelikde olaryñ reñki ýasymyzyñ reñkine öwrüldi. Tutuş ýurduñ kartasyna ýaýyldy. Daşyndan göräýmähe bu hiç kynam däl. Almaz şakäse deýin arzuw-hyýallaryñ we eýeleriniñ jesetleri bilen doldy. Pakyr-pukaralaryñ iñ uly we ýeke-täk arzuw-hyýaly geçmişde baýlyk, bol-elinlik ýa-da toplap bilen zatlaryny gözlemek üçin meýletin taşlap gaýdan kiçijik ýurdundan daşlaşmak er yza gaýdyp liwan daglarynda we derýalaryñ gyrasynda wagtyny hoş geçirmek. Gaýdyp barara öýleri ýok, diwarlary kül-uşak boldy. Jaýlaryñ harabasy çagalyk fotosuratlaryny, ekin meýdanlaryny, toýlary basdy. Bularyñ barsy deñeçer ululykdaky ýurda has çökder bolýar... Aýratynam, goñşy ýurtlardan Liwana gelýänler bärini hemişelik öý-ojak hasaplandyklary üçin beter çökder. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 05.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |