23:44 Yzy üzülmeýän kerwen / nowella | |
YZY ÜZÜLMEÝÄN KERWEN
Hekaýalar
Kerwen gelýär. Agyr ýükli uzyn kerwen. Kerwende bezirgenler bar, hemem hammal gullar. Gullaryň biri gijelerine ýatyp bilmeýär, yzygider garabasmadan ejir çekýär. Hemme süýji ukuda wagty, gijäniň inini düýrükdirip, gygyryp oýanýar. Endam-jany hem gara-suw. Gul egindeşleriniň biri ony köşeşdirjek bolup çydalaşýar: - Ebeşi, heý Ebeşi, gara basýar seni, gözleriňi aç, byradar! Kerwendäkiler onuň bu bolşundan bizar. Onuň her gije gygyryp-bagyryp oýanmasy bir gün ýa iki gün däl. Kerwen ýene ýolda. Daglaryň arasy bilen menzil goýman söküp gelýän kerwen. Bezirgenlerem mazaly ýadapdyrlar. Gullar-a däl, hatda goşa örküçli düýeleriňem agyr ýükden surnugyp ýadany äşgär duýulýar. Aslynda bu gullar kerweniň ýüküni ýükläp-düşürmek üçin gerek. Ýol ugrunda ýük ýazdyrylsa-da, kerwensaraýda düşlense-de, düýeleriň üstündäki ýüki düşürmek, soň ýene ýola düşüljek wagtyna harytly gülbentleri düýelere ýükläp taýýar etmek hammal gullaryň boýnuna. Kerwen ýurda golaýlap gelýär. Ertir nesip bolsa kerwen hä diýmän ýurda tükel girer. Bu gije goňşy ýurduň çäginde bolunjak soňky gije. Kerwenbaşy Begbaý hojanyň gözlerine çiş kakylan ýaly, ukusy tutanok. Kerwendäkileriň bary ölen ýaly ukuda. Bir Begbaý hoja şöwür çekýär. Garşysynda uludan ýakylan ot. Oda seredip oturmagyňam aýratyn lezzeti bar. Alawdan gözüňi aýryp bolanok. Jadylap barýar. Mata-marlykly gülbentlere arkasyny berip, oda garap oturşyna daňdanyň çigregine çydaman iki bükülip ýatan gullara haýpy geldi. “Beh-h, bagtygaralar küçen tikip ýatyrlar, öz-ä, - diýip başyny ýaýkady. - Aý, ynha ýurda bir sag-aman aşsak, bularyň gökdäki dilegi ýerde gowşar, enşalla. Hemmesini boşadyp goýbereris, nesip bolsa”. Gullaryň hemmesi şu ýerde, çigrekli gije ýyldyzly asmanyň astynda. Entek olar öýlerine gitmek hakda arzuwam edenoklar. Emma olaryň arasynda täk biri eýýäm öýünde. Hemişeki ýaly ol birden öýünde peýda boldy welin... Ony öz öýünde germesatan edip daňdylar. Soňra dat-bidat edip aglaýan aýalyny, hiç kime başbermän çabalanýan gyz doganyny süýräp getirdiler. Gözüniň alnynda o biçäreleriň namysyna degdiler. Ol alaçsyzlykdan, gahardan ýarylaýjak bolup bogazy ýyrtylýança gygyrdy. Näçe urunsa-da, el-aýagynyň ýüpüni gowşadybam bilenok. Gözleri içiňden geçip barýan, şatyr sypat biri bolsa onuň ýetişen gyz doganynyň örüm saçlaryndan towlap tutup kellesini iki aýagynyň arasyna sokup hikirdäp gülýärdi. Sesi dagy şeýle aýylganç, jyn-arwahyň owazam beýle nejis däldir. Öküz ýaly daýaw tüýlek bir pyýada bolsa, gözüniň öňünde ejzje aýalynyň eşiklerini tar-mar edip, göwüslerine penje urýardy. Ol alaçsyzlykdan, gorkudan, gahardan uzyniline gygyrýardy, aglaýardy... Gullaryň arasynda wägirip oýanan Ebeşi gul daňa ýakyn ýene hemmäni bimaza etdi. Kerwen sag-aman ýurda girdi. Dogduk depäniň howasy ýüzlere urdy. Her kimiň keýpi kök. Diňe gullaryň lapy keç, ýüzleri salyk. Kerwenbaşy Begbaý hoja düýesiniň owsaryny tartdy: - Jemagat, sag-esen ýurda aşdyk. Alla şükür ýarym salkyn ýöresek oba görüner. Kerwendäkiler kerwenbaşynyň sözünden ganatlap uçaýjak bolýardylar. Begbaý hoja ýoldaşlaryna garap: - Jemagat, indi bi arzanjak satyn alan gullarymyzy boşadyp yzyna ugradalyň. Tä ýurda girýänçäk hyzmatymyzy etdiler, mundan soň olara mätäçligimiz ýok. Biz bir gapysynda gul-gyrnak saklan halk däl. Şonuň üçin bularyň birki günlük iýjek-içjegini beriň-de, ugradyň. Gullaryň ýüzleri ýagtyldy. Kätmen sakgally täjir jüp külçe bilen bir mytara suwy ýasydaban gulunyň eline tutdurdy: - “Gul myrady bir gaçmak” diýipdirler, Alla ýaryň bolsun, Hüseýinkuly, sag-aman öýüňe, ojagyňa gowuş! Her kim gullary bilen hoşlaşýar: - Mundan aňry öz günümizi özümiz göreris, byradarlar, sizlerem salamat boluň, şu ýere çenli agyr ýolumyzy ýeňil etdiňiz. - Biz sizden razydyrys, sizem razy boluň, howwa! Gul jemagaty kerwenden saýlanyp, yza gaýtdy. Diňe Ebeşi oturan ýerinden butnanok. Gidip barýan gullaryň garasy ýitmänkä Begbaý hoja Ebeşiniň eýesine ýüzlendi: - Meleş aga, Ebeşini näme saklap otyrsyň, goýber özünkilerden galmasyn: Meleş aga gus-gury aýalaryny owkalap durşuna: - Beg jan, neme ol...- diýip, biraz gowşaksy söze başlady.- Men-ä gidiber diýdim, ýöne Ebeşiniň özi göwnänok. Begbaý hoja Ebeşiniň ýüzüne garady. Ebeşi gyssanman ýerinden galdy: - Bezirgen däde, meniň yzymda barara gapym ýok. Öýüm-ojagym berbat edildi. Meni kowmaň, men siziň iliňizde günümi görüp ýaşabereýin! Begbaý hoja biperwaý nazary bilen Ebeşini synlady: - Biz ilde gul saklanoklar diýip başda hem aýtdym, byradar. Aý onsaňam seň şu garabasmalaryňam bizi bizar etdi, how Ebeşi. – Begbaý hoja birhowa dymyp, Meleşe ýüzlendi.- Ýa saňa gerekmi Meleş aga? Meleş başyny ýaýkady: - Ýok how-w, - diýdi. - meň atam-babam gul-gyrnak saklamandyr, hatda ki günlükçi hem saklamandyr o biçäreler. Ebeşi ýeňsesini tüňňerdip durşuna: - Agalar, hiç bolmanda obaňyza barýançaňyz ýanyňyzda bolaýyn – diýip boýnuny burdy.- Meleş aga, bolmanda mallaryňy sürüşip, oba çenli ýoldaş bolaýyn. Kerwenbaşy göwünli-göwünsiz razy boldy. Emma obanyň çetine geldiler, Begbaý hoja pişge murtlaryny towlap, Meleşe seretdi. Meleş özüne naýynjar seredýän gulunyň ýüzüne garap bilmedi. Kerwen oba girip gitdi, Ebeşi ýedi ýoluň ortasynda galyberdi, onuň üçin ýol ýapyk. Ebeşi nirä gitjegini bilmän iki jan awara. Indi bir sagat bäri ýolugrunda dur. Meleş aga ony saklamady. Nijezar ýalbardy ýogsa. Indem obanyň gyrasy bilen barýar, nirä barýanynam bilenok ýöne. Biline daňylan külçeden döwüm dişlem gäwşese-de, agzy tagam duýanok. Aýaklaryndan daş asylan ýaly, ädim ätmek kyn. Iňrik garalyp barýarka howa-da çigrek. Nirädir bir ýere kelläňi sokmaly, sümelge gerek. Obanyň çetinde bir ýana gyşaran oraça. Ot, yşyk ýok. Oraçanyň golaýynda ýylgyndan edilen kaşar. Ebeşi üçin şu ýerem ýatmaga oňaýly. Ýatmaga oňaýly emma... ol ýatmaga birjikde gorkanok. Ertir başyna näme geler? Ondanam asla çekinmeýär bu gul. Diňe erbet garabasma ony gorkuzýan ýeke-täk zat şol. Ol kaşaryň ygaş tarapyna geçip, bir ýatan çöp bilen ýatjak ýeriniň daşyny tegeläp çyzdy. Soňam torbasyny ýassyk edip, gözlerini ýumdy. Uka çümüp barýarka-da, üzlem-saplam bir zatlar pyşyrdaýardy “... ýa pirim Aly Ýezdan özüň gorawer”. Horazyň ýakymsyz sesi. Dogup gelýän Günüň ýakymly ýylysy. Bu ikisi garyşyp Ebeşiniň kalbyny heýjana saldy. Horaz gygyrýan bolsa töwerekde öý-ojak, adam-gara bolmaly. Tur, Ebeşi han, içlerem eljuk diýýär. Özüne zor salyp, ýerinden galdy. Kaşaryň arkasynda garyp oraça. Gapysy hem açyk. Ebeşi gapa golaý baryp: -Taňry myhman alarmysyňyz – diýip, naýynjar seslendi. Alty-ýedi ýaşlaryndaky bir gyz, bir oglanjyk, ýene üç-dört ýaşly oglanjyk daşardan gelen adamy görmek üçin gapynyň agzyna geldiler. Soňra olaryň kakalary göründi içeriden. Elli-ellibäş ýaşlaryndaky, mäşbürünç sakgally biri: - Gel taňry bendesi - diýip, içeri mürahet etdi. – Şu günki ertirligimizi bile paýlaşarys, agşamlygam Alla berer. Myhman öz rysgy bilen gelermiş. Oraçanyň dulunda ojakda gyzzyrma nan edip oturan aýal, ýerinden galkyp Ebeşä salam berdi. Ebeşi agyr ýuwudyndy. Aýalyň gözlerine gözleri düşüp, bar ýeri gowşady. Nan iýip otyrkalaram Ebeşi öý bikesinden gözlerini aýryp bilmedi. “Aýalynyň ärinden on-onbäş ýaş kiçiligi görnüp dur-la. - diýip, Ebeşi, öňüne äberilen gyzzyrma nandan döwüm-dişlem gäwşäp oturşyna çen-çak etdi.- Kesesinden synlasaň asyl ataly-gyz ýaly görünýärler”. Saçak başynda tanyşdylar. Çagalaryna gyzzyrma döwüp berip oturşyna, özi hakda gürrüň berdi: -Maňa Salyh ýeke diýýärler. Bu oba ýakynda göçüp geldik. Işikden tapsaň töre geçme diýlen bir gep bar. Onsaň bizem obanyň gyrasynda oturyberdik, byradar. Çagalar ýetişibersinler bakaly, oba siňişbereris kere-mara. Ebeşi gyzzyrma paýlaryny iýip oturan çagalara bir laý göz gezdirip: -Tüweleme, janjagazlary sag bolsunlar – diýdi. Soňra aşak garap birmeýdan oturandan soň gyssanman söze başlady. – Salyh aga, siz ýeke bolsaňyz men ýetim. Meňem hiç kimim ýok, özümem bu jelegaýlardan däl, bu ýerli däldigimi symmatymam, dilimem aýdyp durandyr. Barara gapym, batara kölüm ýok. Maňa eýelik eden mert biri gerek. Eger şeýle birine sataşsam, ölýänçäm gapysynda guly bolup hyzmat etjek. Meni it ýerine saklasyn, ýöne gapysyndan kowmasyn. Salyh ýeke: - Aý, biz illede gul saklamak däbi ýok, ata-baba gapysynda gul saklan biz tarapda görlen zat däl – diýip, bir zatlary ýadyna saljak ýaly gözlerini aşak-ýokary etdi, ýaýdanýandygy belli. – Ýöne barara ýerim ýok diýip dursyň, galyber şu ýerde, öýüň ýeňil-ýapdy iş-güýjüne ýardamlaşyp ýörüber, biziň bilen rysgalyňy goşulan bolsa, gitjek ýeriň ýok. Salyň ýekäniň soňky sözleri, gözleri ýaşa dolan Ebeşiniň başyny aýlady. Bagtdan humar bolan Ebeşi, Salyh ýekäniň aňrysynda gyzzyrma bişirip oturan öý bikesine ýalt-ýult garap goýberdi-de: -Sen atamsyň, sen agamsyň Salyh aga, gara başym saňa sadaka bolsun -diýip, ýerinden tarsa turup, öý eýesiniň gollaryna ýapyşdy. Öýleden soň howa bulaşdy, golaý-goltum ereň-tozan. Salyh ýeke: -Äşe, bi meň ýene arkam agyryp başlady – diýip, ýüzüni eňşedip aýalyna habar gatdy. – Ýa ýene hassalaýjakmykam? Äşe ýekedyza münüp oturan Ebeşä sowuklaç seredip: -Eke nogaýlardan bir batman arpa dilejek diýip otyrdyňyz, bu gün agşamlyk kendirikde zat ýokdur -diýip, ýaşmagyň aşagyndan ärine ýagdaýy duýdurdy. Ebeşi ýerinden turup, daşary ýöneldi, çykyp barýarka ýene Äşä gözüniň gyýtagyny aýlady. Daşary bir dürli üýtgäpdir. Asmany dolduryp howlukmaç göçüp barýan gögümtli, külreňk bulutlara äňedip durşuna, ol öý eýesi hakda oýlandy “Gaty ýöwsel adam eken-aý, şuň ýaly erkegiň elinde maşgalasynyňam ýüzi gülýän däldir”. Ebeşiniň yzyndan Salyh ýekäniň uluja ogly daşary çykdy. Ebeşi eýýäm aýazlap başlan howadan temegini dolduryp durşuna: - Şu töwerekde köl barmy, oglum -diýip sorady. Oglanjyk gözjagazlaryny tegeläp: - Howwa, Gaýyrly köl bar,- diýip, jogap berdi. - ýöne golaýyna barar ýaly däl, tutuş batgalyk. Ebeşi: - Ýör şonda-da bir aýlanyp gaýdaly – diýip, oglanjyga oslagsyz teklip etdi. Kölüň gyrasy ýylgynlyk, gamyş-hyşa. Ebeşi oglanjyk bilen kenara gelip biraz aýak çekdiler. Asman bulutly bolansoň, howada açyk däl. Çapgyn şemala iki-baka tolkunýan suwdan ýüregi ýarylan kölüň düýrügen depe saçy ýaly, ho-ol ortada bir çogdan gamyş-hyşa. Elindäki uzyn syrygy ýerde goýup, köýnegini çykaran Ebeşi, ýanyndaky oglanjyga syrtaryp bir garady-da, kölüň suwuna aýak basdy. Kölüň düýbüne aýagy ýetmedik Ebeşi kenarda duran oglanjyga: - Taýagy okla maňa - diýip gygyrdy. Soňra uzyn taýaga daýanyp, Ebeşi kölüň ortasyna ýüzüp ugrady. Kölüň ortasyna baryp, topbak gamyşlyga siňip gitdi. Kenarda Salyh ýekäniň ogly nämetjegini bilmän iki-baka zowzuldady. Kölüň buz ýaly suwy içinden geçip barýan Ebeşi “Şuňňaly şemally howada aw-şikär göni agzyňa gelýär” diýip, äňini şakyrdadyp ýylgyrjak bolýardy. Gamyşlygyň ortasyna barandan soň Ebeşiniň awy oňdy. Tamdyr ýaly hyşanyň gür ýerinde ýumurtga basyp oturan iki mäkiýan ördegi gördi. Ördekleriň ikisem deň ördi. Emma ol ikisinem tutup boýnuny gaňyrdy. Dogry bir mäkiýan çaman eken, uçup sypjak boldy, Ebeşi ondanam çaman çykdy, elindäki uzyn syrygy salgap, suwuň ýüzi bilen ýokary galyp barýan ene ördegi seňseledip aldy. Soňra iki ördegiň basyp oturan ýumurtgalarynam zaýa etmedi. Entek ýylysy gitmedik ýumurtgalaryň iki-üç sanysyny deşip içdi. Birhili endamyna ýyly ýörän ýaly, gyzan ýaly bolaýdy asyl. Galan ýumurtgalary hem kermenine saldy, soňam awlaryny galdyrman kenara tarap ýüzüp gaýtdy. Gamyş-hyşasy bilen iki ýana elenýan kölüň kenaryna çykan Ebeşiniň ýagdaýy gowy däl. Dişi-dişine degenok, tutuş durky bilen titräp, digdir-digdir edýär, şonda-da ýyljyraklap: -Salyh aganyň ogly, sen maňa adyňam aýtmadyň,- diýip, haýran bolup özüne garaýan oglanjyga habar gatan bolýar. – Hany, şu ýaşylbaşlary al bakaly, bu gije bal ýaly gowurma iýeris. Olar öýe gelende iňrik garalyp barýardy. Salyh ýeke oraçanyň tärimine garap ýatyrdy, üstünde hem ýyrtyk ýorgan. Äşe howatyrlanyp oturan eken. Ebeşi bilen tirkeşip gapydan giren ogluny görüp zöwwe ýerinden galdy: - Halyk, oglum nirde bolduňyz, öýüň dört ýanyna çykyp agtaryp tapmadym, ýüregim ýaryldy. Halyk şadyýan ýylgyrdy: - Baý gorkagaý sen eje, biz-ä Ebeşi agam bilen awa gitdik -diýip, elindäki ördegi güjeňledi.- Ebeşi aga suwa girse samyr ýaly eken, tüweleme. Halygyň garagözelek ejesine seredip doýup bilmeýän Ebeşi: - Salyh aga ýaranokmy – diýip, ilkinji gezek Äşä habar gatdy. Äşe hem oňa ilkinji gezek çynlakaý nazar salyp, soňam hiç zat diýmän ojagyň başyna geçdi-de. - Artyp köne derdi gozgady – diýip, ýaşmak astyndan eşdiler-eşidilmez pyşyrdap ojaga ýylgyn kötüklerini salyşdyrmaga başlady. Soňam oturan ýerinden gapydan giren ýerinde näme etjegini bimän duran Ebeşä gözastyndan garap, oguljygyny ýanyna çagyrdy: - Halyk jan, çuwaldan ataň birlaý eşigini alyp ber, öl eşiklerini çykarsyn. Ebeşi elindäki kermenini öý bikesine uzatdy: - Öýde iýere nan bolmasa-da gysynmaň, şulary oda gorsap, çagalara iýdiriň, aç ýatmasynlar - diýdi. Ebeşiniň kermeninde ýumruk ýaly ördek ýumurtgalary akjaryp görünýärdi. Gije ýatar çagy bolanda garynlaryny mazalyja gözän çagajyklaryň aňrysyndan Ebeşi üçinem düşek ýazyldy, gapa golaý ýerde aýagyny uzatdy ol. Äşe köne arjany akan-dökän edip agdaryp gerdek tapdy. Soň gurama gerdegi oraçanyň ortasyndan çekip, aňrysyndan özlerine düşek salyndy. Günler geçip dur. Hiç salymy ýok. Salyh ýeke Haka şükür edip ýör. Ýekedim çaňym çykanokdy. Ebeşi geldi işlerim bir ugra gelip başlady diýip begenýär. Dokuzymy düzetjek-ow bu gara gul diýip öz ýanyndan hoşal. Oba adamlarynyň köpüsi Salyh ýekäniň öýünde peýda bolan garaýagyz kişini derrew tanady. “Bi şo baýaky Meleşiň guly Ebeşi, beh ol ataňanälet gitmändir-ow bi ýerlerden”. Ebeşi geleli bäri Salyh ýetimiň ýaltasy çykdy. Öňdenem işe gezek gelende gowşak, bir zada başlasa ýöwsel Salyh ýetim indi hasam arkaýynlaşdy. Ebeşi öýüň işleri üçin ýaradylan ýaly. Alabahar ýere ýyly ýöränden Ebeşi Salyh ýekäniň oraçasynyň gapdalyndan tamkepbe salmaga başlady. Ilkibada Salyh ýeke Ebeşiniň tamkepbe gurmak hyýalyna hä bermedi. Näme gerek diýdi, entek çagalar ýetişýänçä gerekçiligi ýok. Artykmaç un-otumyzam, tana-towlugymyzam ýok. Emma Ebeşi Salyh ýekä garabam durmady. Gaýyrly kölden gamyş orup gelip, bir günde tamkepbäniň dyrnagyny tutdy. Soňam toprak çekip, laý etdi. Salyh ýekäniň çagalary el-aýak ýaly ýetişip, laý depeläp berýärdiler. Soňra edilen laýdan pagsa galdyryp ugradylar. Ýadan wagtlary Äşe çagalardan çaý, aýran ugradyp dur. Ýöne özi gelmeýär. Tamkepbe ýarpy boldy. Salyh ýeke ýene ýaraman galdy. Ebeşiniň bolsa girre gahary geldi hemişeki ýaly. Ýaňy iş gyzza-gyzza gelende Salyh hassalanýar. Işiň arasy bökdeldi. Iki pagsa bolup galan tamkepbäniň düýbünde oturan Ebeşi “Eýýäm tomus aýaklap barýar -diýip, içinni gepledip, dowla düşdi. – Binany gyşa goýman bitirsek gowy bolardy”. Oraçanyň gapysynda Salyh ýekäniň towar saçlyja gyzy göründi: - Ebeşi kaka, ejem owkat taýýar diýýär! Ebeşi ýerinden dikelip, öýe tarap ýöneldi. Üzüm dalbaryň arasy bilen barýarka birden saklandy. Bir zada gözi düşüp, dalbaryň astyna girip emedekläp şahalaryň çyrmaşyk ýerine ýetdi. Ebeşi üzüm dalbarynyň arasynda ýygşyrylyp serilen aýal içgisini gyzyl tapan ýaly penjeläp eline aldy. Keşdeli eşigi gysymlap, mynçgalap gözlerini süzdi, burnuna basyp doýmady. Güýzüň soňky günleri tamkepbäniň üstüne agaç çykaryp ýörler. Ebeşi egnindäki köýnegini çykaryp işleýär, gap-gara teni der bilen ýuwulan: - Salyh aga, sen diňe şu pürsleri ýokary çykaranymyzda kömek etseň bes, galanny özüm oňarýan. Halykberdi jan daga agyr gelýär işiň şu ýeri. Salyh ýetim göwünli-göwünsiz: -Bolýar, bolýar - diýip, agzyny gyşardýar. - Özi saňa ýardamlaşmaga geldim Ebeşi han. Ýogsa ýeňňeň öýde ýatyranog-a, Bar Ebeşä kömek ber, ýeke özi maýrylyp barýar-a diýip. Uzyn toraňňydan kesilen pürsüň biline kendir ýüpüni daňyp oturan Ebeşi: - Ýeňňem şeý diýýämi, beh, onda maňa ýüregi gyýylýar-da – diýip, hoşgylaw ýylgyryp Salyh ýekeden soraýar. Salyh ýeke merduwan bilen tamkepbäniň üstüne çykyp barşyna: - Aý hawwa-la Ebeşi han -diýýär. – Ýeňňeň seni alada etmeýän wagty ýok. Ebeşi tamyň üstüne çykyp, insiz diwar bilen ädimläp Salyh ýekäniň ýanyna bardy: -Hany indi Salyh aga pürsi sag-aman tamyň üstüne çykaraly - diýip, iki bolup kendir ýüpi dartyp ugradylar. Ebeşi bileklerine agram salman ýüpe baglanan pürsi ýokary galdyrýar. Salyh ýeke hem onuň gapdalynda bar güýji bilen çygynyp, gara der bolup kendir ýüpden aslyşyp çeken bolýar. Pürsüň ujy tamyň eňregine çykdy, indi iş bitdi hasap. Salyh ýeke arkaýynlaşyp, ýeňil bir dem aldy. Bu onuň alan soňky arkaýyn demi. Iki ýana garanjaklan Ebeşi elindäki ýüpi duýdansyz sypdyrdyp goýberdi, badyny saklap bilmedik Salyh ýeke tamkepbäniň üstünden diňarkan gaýtdy. Boş howany tutjak bolup ellerini kelemenledýän Salyh ýekäniň soňky göreni Ebeşiniň aýylganç alaran gözleri we it ýylgyryşy. Ol tamkepbäniň düýbüne üýşürilen toraňňylaryň üstüne jalkyldap düşdi. Üsti açyk tamkepbäniň insiz diwarynyň üstünde daraklygyna galyp duran Ebeşi, aşakda dem-düýtsüz çäşerip ýatan Salyh ýekäni synlap bir salym säginip, nepesini durlady, hoşamaý ýylgyrdy. Ikindinara bolansoň hasam uzan kölegesi tamyň üstünden edil Salyh ýekäniň üstüne düşüp durdy. Ebeşi birden aňyny ýitiren ýaly dat-bidat edip, tamkepbäniň üstünden özüni aşak oklap, Salyh ýekä tarap okduryldy: - Waý agam ja-an, waý atam jan-n, howandarym-eý. Ebeşiniň zorruk sesine zähresi ýarylan Äşe ylgap oraçadan çykdy, yzy bilen çagalar. Bir salymyň içinde yzanda-çuwan bary. Ebeşi dilden-agyzdan galyp, çalam-çaş ýatan Salyh ýekäni emaý bilen göterip oraça äkitdi. Gün-güne meňzeş, geçip dur. Bärsinden aňrysy ýakyn Salyh ýeke dilden galyp ýaman gözgyny bolup ýatyr. Emma gepläp bilmesede, biçäräniň aňy özünde. Ebeşini görende gözlerini elek-çelek edip, iki ýana gowsunyberýär, soňam göz owasy ýaşa dolýar. Bir zat aýtjak bolup dodaklaryny müňküldedýär. Soňky döwür gowy semräp, inini-boýuny alan Ebeşi gala gidip günlükçilik etmäge başlady. Tapan-tupanynam humar oýnap, keýpe-sapa sowurýar. Ýöne şu gün agşam birhili mazasy bolmady, bir zada gahary geldi. Näçe unutjak bolsa-da Salyh ýekäniň özüne garap balkyldap duran gözleri, bir zat aýtjak bolup mülküldeýän dodaklary ýadyndan çykmady. Ol gije ýary dolandy. Ses-üýnsüz oraça girdi. Içerik birlaý göz gezdirdi, çagalar görnenok, tamkepbe ýylyjak diýip şol ýerde ýatan bolmalylar, golaý boldy bü-ýä diýip oýlandy. Soň daraklygyna galyp, Salyh ýekäniň ýatan ýerine bardy, hiç zat geplemän onuň gözlerine seredip bir salym durdy. Dilden galyp, el-aýagy ysman ýatan Salyh ýeke indi maňa näme etjek bolýaň diýen ýaly Ebeşiniň ýüzüne garap, gözlerini alardýar. Oraçanyň dulunda Äşe uklap ýatyr, bu gün mazaly ýadan bolmaly. Ýöne barybir turmaly. - Äşe, tur Äşe! Äşe basyrganan ýaly tisginip turdy, sermenip ýaglygyny tapyp başyna atdy. Ebeşi: - Gel hany, el-aýagymy ýuwmaga kömek et – diýip, hökümli seslendi. Oraçanyň bir çetinde gazylan teşnawa el-aýagyny ýuwan Ebeşi üstünýanynda durup suw akytýan Äşä: -Soň ýene kündügi suwdan dolduryp, ojaga ýakyn goý, ýylap dursun – diýip tabşyrdy. Äşe-de nämüçindir Ebeşiniň aýdanyny edip ýör bu gije sesini çykarman. Salyh ýeke bolsa juda biynjalyk. Ýatan ýerinde iki ýana urunýar. Heniz ukudan doly açylmadyk Äşe gazan-tabagyň ýanyna baryp, Ebeşä nahar berjek bolup ýör. Öýüň dulunda ýatan biynjalyk ärine eli ýetenok. Ebeşi owkat salnan okarany getirip öňünde goýan dessine Äşeniň goşaryndan tutup, özüne çekdi. Näçe wagtdan bäri zenan ysyny, ten tagamyny almadyk Ebeşi Äşäni iýip-içip barýar. Ýöne naçarlygyny edip, hiç garşylyk görkezmezden elini ýüzüne tutup ýatyberen Äşe Ebeşiniň myrryhyny atlandyrdy. Onsaň ol Äşäniň arkasyna ters atlanyp, awundyryp-awundyryp sagrysyna şapbat çalmaga başlady. “Häý gurrumsak, şu edişimem bir görüp, ýüregiň dagy ýarylyp öläýmezmikäň” diýip, içini güldürýän Ebeşi hyklap-çoklap ýatan Salyh ýekä seredip lezzet alýan ýalydy. Daň ýakyn Ebeşi aýalynyň, gyz doganynyň zaryn aglaýan sesine tisginip oýandy. 13.12.2023 ý. Isgender MÄLIK. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |