YZYNDA ÝAGŞY AT GALDY
■ ýazyjy Hojanepes Meläýew barada ýatlama
Bu dünýä gelip geçýän adam köp, kimden yz galýar, kimden galanok, ýöne adam özünden gowy at, gowy ýatlamalar galdyrmaga çalyşýar.
Hojanepes Meläýew ýazyjy hökmünde yzynda uly yz galdyran kişi.
Onuň döredijiligi we şahsyýeti barada gürrüň edilende, özüniň döwürdeş ýazyjylaryndan bir tapawudyny aýratyn bellemeli bolýar. Gysga ömrüniň içinde onuň ýaly öz döwrüniň durmuşyny, adamlarynyň ykbalyny, arzuw-armanlaryny teswirleýän, köpsanly eserler döreden ýazyjy az-azdyr.
"Daň ýyldy", "Tylla teňňeler", "Altynyň ýesiri", "Ýalyn", "Wagondaky üç adam", "Düýnki gelinler", ýaly powestlerini; "Melgun", "Ynsan keşbi", "Garagumuň bürgütleri", "Ýüz müň posa", "Ýyldyzlar öçmeýär", "Şazadanyň ýaşlygy" ýaly romanlaryny, "Aýperiniň aýdymy", "Molla Oraz" , "Durdy Gylyç" atly drama eserlerini we hekaýalaryny göz öňüňe getireniňde, onuň nähili öndürijilikli işländigine telpek goýýarsyň. Hojanepesiň ýokarda sanalan eserleriniň hemmesi hem türkmen edebiýatynda özüne mynasyp ýer eýelemäge mynasyp çeper eserlerdir.
Eger şeýle bolmadyk bolsa, ol eserler Türkmenistanyň çäklerinden çykyp, daşary ýurt dillerinde neşir edilmezdi. Onuň powestleridir romanlarynyň hemmesi diýen ýaly, Moskwada rus dilinde neşir edildi. "Garagumyň bürgütleri" atly romany bolsa Bütinsoýuz konkursynda WSSPS-iň we SSSR ýazyjylar soýuzynyň baýraklaryna mynasyp boldy. Onuň "Wagondaky üç adam" eseri iňlis we ýapon dillerine terjime edildi. Halypa ýazyjymyz Gurbandurdy Gurbansähedowyň "Türkmenistan" gazetiniň 1991-nji ýylyň iýun aýynda çykan sanlarynyň birinde Hojanepes Meläýewiň 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli ýazan makalasynda şeýle setirler bar:
"H.Meläýewiň ýylyň-ýylyna täze eserleri çykyp dur.Olar bada-bat rus diline we beýleki dillere hem terjime edilýär.Olar barada "Prawda"gazeti hem ýazýar."Nowyý mir" žurnaly hem, "Literaturnaýa gazet" hem, "Trud" gazety hem. Emma ýazyjynyň öz Watanynda welin, onuň eserleri barada ýagşydan-ýamandan henize çenli subutly bir zat aýdylanok. Men muňa kes-kelläm düşünip bilmän gelýärin."
Hojanepesiň eserleriniň ýazylmagyna, özüniň aýtmagyna görä, durmuşdaky duş gelýän wakalar itergi berýän ekeni. 80-nji ýyllaryň başynda Aşgabatda uly ýygnak boldy. Oňa ýazyjylar we beýleki döredijilik işgärleri hem çagyryldy. Zalda men Hojanepes bilen bileräk oturdym. Esasy nutukdan soň arakesme boldy. Men Hojanepese: "Indi gaýdybersek bolmazmy?" diýdim. Ol: "Oturaly,häzir arakesmeden soň çykyşlar boljak.Kerim Gurbannepesow hemmäni aňk etjek bir goşgy bilen çykyş etjekmiş" diýdi. Dogrudanam, arakesmeden soň halkyñ söýgüli şahyry Kerim Gurbannepesow söz alyp, münbere çykdy. Ol entek hiç ýerde okalmadyk,hiç ýerde çap edilmedik täze ýazan "Döwür, şeýle döwür" diýen goşgusyny şu ýerde okady.
Şonda Hojanepese Kerim aganyň çykyşy gaty täsir eden bolmaly. Ol ýygnakdan çykyp gaýdanymyzda: "Menem şu döwrümizde bolýan zatlar barada bir eser ýazsam gerek" diýdi. Şondan soñ Hojanepes özüniň "Melgun", "Ýüz müň posa" atly romanlarynda öz döwrüniň nogsanlyklaryny paş edipdi. Emma Hojanepesiň esasy gahrymanlary zähmet adamlarydy. Tükenmez baýlygy öz göwsünde gizläp ýatan beýik Garagum sährasynda gyşyň aýazly günleri diýmän, tomsuň jöwzaly yssysy diýmän zähmet çekýän edermen gazçylaryň durmuşyndan ýazan "Wagondaky üç adam", "Ýalyn" powestleri, "Garagumuň bürgütleri" romany ony diňe Türkmenistanda däl,ondan has daşdaky ülkelerde-de ezber ýazyjy hökmünde tanatdy. Bu hakda Gurbandurdy aga ýokarda agzalan makalasynda şeýle ýazýar: "SSSR ýazyjylarynyň Moskwada bolan ýygnaklarynyň birinde Ýakudystandan gelen belli ýazyjy bilen Hojanepes Meläýewi tanyşdyranymda onuň mylaýym ýylgyryp: "Garagumyň bürgüdi" diýýäýseňizleň!" diýmegi meniňem, meniň galamdaş ildeşlerimiňem gulagyna gaty hoş ýakdy".
Hojanepes hiç haçan erkin ýazyjy hökmünde öýünde oturyp işlemedi. Ol 1964-nji ýylda uniwersiteti gutarandan soň, zähmet ýoluny žurnalistlikden başlady. Radioda, telewideniyada işledi, kitap söýüjiler jemgyýetiniň başlygy, "Magaryf" neşiriýatynyň direktory, "Sowet edebiýbaty" žurnalynyň baş redaktory, ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary, metbugat komitetiniň jogapkär işgäri, awtorlaryň hukukyny goraýan agentligiň işgäri, edebiýat fondynyň direktory ýaly dürli wezipelerde işläp işiniň daşyndanam şunça eserler ýazanyna köp adamlar haýran galýardy.
* * *
Hojanepes bilen men geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başynda tanyşdym. Şol döwürde men Daşoguz şäherinde özbek dilinde çykýan "Ÿangi turmuş" (Täze durmuş) şäher-raýon gazetinde edebi işgär bolup işleýärdim. Uniwersitetiň talyplary bolan Hojanepes bilen Hudaýberdi Diwangulyýew tomus kanikuly döwründe biziň redaksiýamyza geldiler. Olara meniň bilen tanyşlyk açmagy Beki aga tabşyran bolmaly. Çünki şondan bir aý öň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolup işleýän Beki Seýtäkow meni Aşgabada çagyryp, Özbegistan ýazyjylar birleşiginiň çakylyk haty boýunça Daşkende ýaş ýazyjylaryň on günlik seminaryna iberipdi. Şonda Beki aga meniň Özbegistanda çykan hekaýalarym barada sorap, soňundan tütürkmençe-de ýazmaga ündäp:
"Öözüň ýaly ýaş türkmen ýazyjylary bilen gatnaş,dil öwrenersiň" diýipdi.
Şol gelenlerinde Hojanepes bilen Hudaýberdi hekaýajyklaryny getiren ekenler. Men olary terjime edip, gazetde çykardym. Ýakynda Hudaýberdi şol ilkinji duşuşygymyzy ýatlap: "Şonda men - diýä - gazediñde özbek dilinde çykan hekaýamy görüp, indi meni ähli özbek halky tanysa gerek öýdüp, Daşoguzyñ Daş köçesinden hondan bärisi bolup geçipdim" diýip gülüşdirdi.
Ine, şol ilkinji duşuşykdan başlanan tanyşykly soňabaka dostluga öwrülip gitdi.
Hojanepes dostlaryna wepaly, belent adamkärçilikli ynsandy. Onda göriplik diýen zat ýokdy. Biriniň eseri çyksa, gowy görülse begenerdi. Özi-de dostlarynyň, tanyşlarynyň eserlerini çykarmak üçin elinden gelen kömegini ederdi. Ol atly ýazyjy bolup, Moskwanyň "Sowetskaýa pisatel" neşirýatynyň redaksion kollegiýasynyň agzalygyna saýlanandan soň şol neşirýatda türkmen ýazyjylarynyň birnäçesiniň kitaplarynyň çykmagyna hem öz goşandyny goşdy. Ol maňa-da: "Sen diňe özbekçe, türkmençe bilen çäklenmeli däl. Gowy zatlaryňy rus dilinde hem çykarmak gerek. Rus dili arkaly başka dillere hem terjime ediler" diýerdi. Ýetmişinji ýyllaryň ortalarynda ol meni Aleksandr Kolpakow diýen moskwaly fantast ýazyjy blen tanyşdyrdy. Kolpakow gowy terjimeçi hem eken. Ol meniň birnäçe eserimi rus diline terjime edip, "Türkmenistan" neşirýatynda "Krugly mir" atly kitap edip, "Syrly Mukamlar" powestimi Moskwada "Molodaýa gwardiýa" neşirýatynyň "Fantastika-76" we "Izwestiýa" neşirýatynyň, "Proba liçnosti" diýen almanahlarynda çykartdy.
Hojanepes şahyr Kakabaý Ilýasowyň goşgylaryny gowy görerdi. Ol bir duşuşanymyzda Kakabaýa "Men saňa bir gowy terjimeçi tapyp bereýin, goşgularyňy Moskwada çykaraly" diýdi.Emma Kakabaý bu işiň hysyrdysyndan gaçdymy, nämemi, garaz, terjime etdirmegiň ugryna çykmady.
* * *
Hojanepesi halypamyz Beki aga aýratyn gowy gorýärdi. Ol haçan Daşoguza gelse Hojanepes ýanyndadyr. Ýerlere gidilende Hangeldi Garabaýewi meni-de bile alyp gidýärdi. Beki aga degişmäni gowy görýän adam bolany üçin Hojanepese, Hangeldi aga, maňa-da degip gülüşme tapardy. Hojanepes häsiýeti boýunça kän geplemeýärdi. Özüne degilip gülüşülende-de çalarak ýylgyryp oňaýýardy. Ýöne ol Beki agany-da maýy gelende gepde çüýläp, "kak bäşi " diýdirýärdi ( Beki aga gepde ýeňilse, ýeňen adama "kak bäşi" diýip elini uzadýardy). Bir sapar Bedirkende Beki aganyň inisi Sazak agalara gitdik. Gaýdyşyn Hojanepesleriň obasynyň deňine gelenimizde Beki aga:
-Hojanepes, Hojakümmete sowlup, Mätgylyç bilen salamlaşyp geçäýsek nädýe? Eger ýalňyşmasam ol kişi seniň kakaň bolmaly,ýa beýle dälmi? - diýip, degişip güldi. Bardyk. Mätgylyç aga hemmämizi güler ýüz bilen garşy aldy. Aýratyn-da, Beki aganyň gelenine diýseň begendi. (Olar öňden Beki aganyň Daşoguzda oblast bilim bölüminiň müdiri, Mätgylyç aga kalhoza başlyk bolup işleýän döwürlerinden bäri gatnaşykly dostlar ekeni). Beki aga entek jaýa girmänkäk, kakasy bilen salamlaşyp bir çetde duran Hojanepesi görkezip:
- Mätgylyç, başlyk wagtyňda seni tankytlap gazete ýazan Hojanepes Meläýew diýen ýazyjyny hem alyp geldim. Ýaman görmersiň gerek?!-diýip güldi.
-Aý, ýok-la, meni däl, kolhozyň hammamyny ýazdy-diýip, Mätgylyç aga Hojanepese garady.
Bu gepiň aňyrsy şeýleräk bolan eken: Ýaşlygyndan ýazyp-pozmany gowy görýän Hojanepes entek mekdepde okap ýören wagty öz kolhozlarynda gurlup başlanan hammamyň gurluşy togtap galanlygy üçin raýon gazetine şu hammamyň dilinden "Halymdan habar almadyň, Sandybaý daýy" diýen satirki goşgy ýazyp, raýon gurluşyk edarasynyň başlygyny tankyt edýär. Gazeti okan gurluşyk edarasynyň başlygy Mätgylyç aganyň ýanyna gelip:
Başlyk, ogluňyň gazete ýazan zadyny okadyňmy? Bu tankydyň bir ujy saňa-da degýär-diýipdir.
Okadym, onda Sandybaý daýy diýip seniň adyň tutulypdyr. Men özümiňem adymyň tutulmadygyna şükür edip ýörün. Hammamyň gurluşygyny tizleşdireli, ýogsam ol meni-de goşup ýazaýmagy mümkin-diýip, Mätgylyç aga Sandybaýy çaý-suw berip ugradypdyr.
Jaýa girdik, saçak ýazyldy. Beki aga:
- Mätgylyç, biz naharly, şonuň üçin azara galma,diňe gawun berseň bolýar-diýdi. Mätgylyç aga: "Diýýäniň näme, näme etjegimi özüm bilýän" diýip çykyp gitdi. Beki aga:
- Hojanepes, bar dädeňe düşündir. Hiç zat gerek däl. Ol goýun öldürip, söwüş etjek diýip bizi gaty eglär. Men baryp dynç almaly.
Gawuny bolsa getirsin. Meniň üçin şondan uly hezzet ýok-diýip,
kakasynyň yzyndan iberdi. Birsalymdan ataly-ogul ona golaý kelle ýaly togalak gürbekleri getirip orta dökdüler. Beki aga gawunlary pitikläp-pitikläp birini saýlap aldy-da:
- Maňa şu bolýa, galany siziňki-diýdi.Hojanepes:
-Beki aga, ýeke özüň bir gawuny iýseň... - diýip, soňuny aýtman ýylgyrdy.
-Ýene näme? Düşündim. Arkaýyn bolaý, Beki agaň iýmek babatynda Arap Reýhandan kem däldir. Äber pyçagy,özüm kesip iýjek-diýdi. Beki aga gawunyň içinde Daşoguzda bitýän gürbegi ölemen gowy görýärdi.
Aýdyşy ýaly-da saýlap alan gawunynyň ýarysyndanam köprägini özi kesip iýdi. Gürbekden keýpini köklän Beki aga hökman bir gülüşme tapaýmalydy. Ol Mätgylyç aganyň ýüzüne çiňerilip garady-da:
- Mätgylyç diýýän-ä, seniň şol başlyk wagtyňdaky "üçekli" meseläňi Stalin eşitmändir-dä,ýogsam ol seni işiňden aýrardy-diýip, loh-loh güldi.
-Aý, ol bolan zat däl-le, Beki. Ýöne adamlar ony gülüşme üçin dokapdyrlar-diýip, Mätgylyç aga-da ýylgyrdy. Beki aga gepiň yzyndan galmady.
-Bolan zat däl diýseňem-ä, şemal bolmasa,çöpüň başy gymyldaýan däldir.Ugrunda bir zat bolandyr.
- Ýok-laý. Bolan zat adamlaryň aýdyşy ýaly däl-how...
Biz ilki gep näme hakdadygyna düşünmedik. Soň Hojanepesiň özüniň gürrüň bermegine görä, "üçekli" waka şeýleräk bolan eken.
Mätgylyç aga kolhoza başlyk döwründe tomsuna gije içeriniň howasy petiş diýip,üçege çykyp ýatýan ekeni. Bir gün goňşy aýallaryň biri Hojanepesiň ejesine: Äriň näme üçin üçege çykyp ýatýanynyň sebäbini bilýäňmi,bilmeseň men aýdaýyn. Ýary gije onuň ýanyna goňşulardan bir aýal çykýar. Şol bada-da merdiwany çekip alýarlar-diýýär.
Sada aýal bu gepe güp ynanýar-da şol gije antamakçy bolup,gijäniň ýaryna golaý daşary çykýar. Görse merdiwan eýýäm ýokary çekip alnan eken. Şonda ol: "Wah, gijä galypdyryn" diýip içini hümledip, uly ili bilen: "Waý, Mätgylyç! Edýäniň näme! Bu işiňi Stalin biläýse, başlyklykdan aýyrar seni!" diýip, aglap gygyrýarmyş...
Hojanepesiň kakasy Mätgylyç aga örän sada,ýumşak häsiýetli, perzentlerine mähriban, myhmansöýer adam bolupdyr. Hojanepesiň inisi Amannepes şeýle gürrüň berýär:
Agamyň ýazyjy bolmagyna biziň çagalyk döwrümizde ýazyjy-şahyrlaryň, artistleriň öýümize ýygy-ýygydan myhmançylyga gelmekleri, olaryň özara edýäm gyzykly gürrüňleri täsir eden bolmagy mümkin. Düýnki ýaly ýadymda, bir gün "Aýna" filmini kolhozda görkezip,tomaşaçylar bilen duşuşyk geçiren belli rejissýor we artist Alty Garlyýew ýoldaşlary bilen öýümize bir gije myhman bolup, köp gyzykly zatlary gürrüň beripdi".
Hakykatdan-da, meşhur adamlary ýakyndan görmek, olaryň gürrüňlerini diňlemek çaga kalbynda şol adamlara meňzemek arzuwyny döretmegi şübhesiz.
Mätgylyç aga perzentlerini nähili gowy görýän bolsa,perzentleri-de ony şeýle gowy görýärdiler. Aýratyn-da, Hojanepes kakasyna örän mähribandy. Bir ýyl Mätgylyç aga nähoşlap özüniň Tagta etrabynda däl-de, Akdepe etrabynyň keselhanasynda ýatdy. (Ol ýerde özüniň gowy tanyş lukmany bar eken). Kakasynyň nähoşlanyny eşiden Hojanepes Aşgabatdan gelşine, meniň işleýän ýerime bardy:
- Dädem Akdepede keselhanada ýatyr, görüp gaýdaly –diýdi.
Gitdik. Matgylyç aga baranymyza gaty begendi. Saglyk-amanlyk soraşandan soň, Hojanepes elten miweleri salnan sumkadan bir kitap çykaryp kakasyna uzatdy. Bu onuň "Altynyň ýesiri" diýen powestidi. Mätgylyç aga kitaby alyp, daşyny synlady, içini açyp gördi. Soňra maňa:
- Reýimbaý, dostuň çyndanam ýazyjy boljag-ow-diýdi ýylgyryp. Men:
- Şeýle kitaplar çykaryp başlansoň ýazyjy bolanlygy-da –diýdim.
Mätgylyç aga Hojanepese mähirden doly gözleri bilen garap:
- Höwri köp bolsun, oglum-diýdi.
* * *
Hojanepes durmuşy öwrenmek,ýazjak eserine material toplamak üçin gaty daş ýerlere gitmäge-de ýaltanmaýardy. 1986-nji ýylyň güýzünde Amur oblastynda ýaşaýan we işleýän ildeşlerimiziň arasynda çykyş etmek üçin edebiýat we sungat işgärlerinden ybarat uly topar iberildi. Toparyň düzüminde alty ýazyjy bardy. Bu topara meni-de goşan ekenler. Amura gidilýän günden bir gün öň Aşgabada gelip, Hojanepeslere bardym.Ol:
- Amuramy? - diýdi. - Menem gidýän. Ýöne men siziň toparyňyz bilen däl, özüm gidýän. Siziň reýsiňize bilet aldym. Amura göçüp giden türkmenleriň durmuşyndan eser ýazjak.
Ýedi sagatlyk uçuşdan soň Amur oblastynyň merkezine-Blagoweşenskiý şäherine baryp düşdik. Hojanepes hem biziň ýerleşen myhmanhanamyzdan ýer aldy.
Hojanepes Amurda biz gaýdanymyzdan soňam bir aýa golaý galdy. Soň özüniň aýtmagyna görä, myhmanhanadan gidip,türkmenleriň ýaşaýan sowhozlarynda ildeşleriniň arasynda ýaşapdyr.
Ol ýazjak eserine material gözläp dünýäniň haýsy künjegine gitmeli bolsa-da giderdi. Ol mongol basybalyjylarynyñ garşysyna on ýyl merdana söweşen iñ soñky Horezmşa soltan Jelaleddin Meňburnuň ýaşlygy barada "Şazadanyň ýaşlygy" atly eserini ýazandan soň, şol döwür barada roman ýazmagy ýüregine düwüpdi. Munuň üçin ol An Nesewiniň "Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany" atly kitabyny we beýleki taryhy materiallary okap, öwrenmek bilen çäklenmän, Delide Çingiz hanyň taryhçysynyň kitaby barmyş, diýip eşidip, ýörite Hindistana gidip gelipdi. Ol köp zat etmekçidi. Emma ýetişmedi. Aramyzdan örän ir gitdi. Emma onuň eserleri ýaçaýar, dillerden dillere terjime edilýär. "Şazadanyň ýaşlygy" kitaby Daşkentde özbek dilinde neşir edildi. Bu ýazylan kitaplar, başga dillere terjime edilen eserler ýazyjynyň ikinji ömrüniň dowamydyr.
Goý, ömri dowamat dowam bolsun.
Reýimbaý SABYROW.
Ýatlamalar