20:11 Zamana ahyr bolarmyka? -3 (makalanyñ dowamy) | |
Getirilen şu tymsallardan çen tutsaň, 2013-nji ýyldaky ýüz beren hadysalar žurnalistleriň aýdan ahyrzamanlara-ha meňzänok, Allatagallanyň nobatdaky arassalaýyşlaryna-da meňzänok.
Jemgyýetçilik tankydy
Çünki, rassalaýyşlaryň hiç birem ýokarda seljerip geçişimiz ýaly ýer ýüzi boýunça tutuşlaýyn bolmandyr. “Bütündünýä gark alşy” diýilse-de, hatda Nuhuň tupany hem häzirki ylmy nuktaý nazardan seretseň käbir ýerlerde suwlaryň galmagy, ýer titremeleri, güýçli harasatlar, sil, uzak wagtlap ýagşyň ýagmagy netijesinde ýer ýüzüniň her ýerinde birhiliräk, üstesine-de dürli-dürli döwürderäk blup geçipdir. Munuň hakykatdan-da şeýle bolandygyny şol tupan baradaky dürli halklaryň arasynda aýdylýan dünýä rowaýatlarynyň ählisini bir ýere jemläp, ýörite ylmy iş ýazan Jeýms Frezer subut etdi. Bütindünýä tupany baradaky rowatlaryň her halkyň arasynda birhili aýdylýandygynyň sebäbinem ol şunuň bilen düşündirdi. Beýleki arassalaýyşlaryňam bölekleýin ýagny, iki sany şäherde, araplaryň al-Ahkaf diýen ýerinde, madýanitlerde, samudýanlarda, şuaýbalarda we şuňa meňzeş ýerlerde bolup geçendigine biz ýokarda garap geçdik. 2013-nji ýylyň hadysalary bolsa, sähelçe wagtyň içinde, dünýäniň tas, ähli sebitlerinde diýen ýaly bolup geçdi. Şana, hut şonuň üçinem, ol hadysalar Allatagallanyň nobatdaky arassalaýyş çärelerine-hä meňzemeýär. Kyýamata-da meňmemeýär. Çünki, kyýamatyň keşbi garap geçen tymsallarymyzdanam, 2013-nji ýylyň hadysalaryndanam düýpgöter başgaça. Bu barada Kurany Kerimde şeýle diýilýär: “Adamzadyň ömri baky däldir. Zamana ahyr bolar. Şonda barça zatlar başaşak düňderiler, ýok bolar, ölüler direler hem-de Magşar meýdanyna Allanyň huzuryna getiriler. Her kimden pany dünýäde, synag döwründe eden işlerine görä hasap soralar, baha kesiler. Kim Hudaýa iman getirip, dogry ýoldan ýörän bolsa, jennete ugradylar. Kim şeýtanyň alyna gidip günäni köp gazanan bolsa, dowzaha salnar”. Şeýle-de, kyýamat gopanda Ysrapylyň sur çalmagy bilen asmandaky ýyldyzlaryň aşak gaçjakdygy, deňizleriň çaýkanyp, daglaryň ýerinden gozganjakdygy, janly-jandar barçasynyň öljekdigi, Ysrapylyň ikinji gezek sur çalmagy bilen ýer ýüzünde öň ýaşap geçenleriň barysynyň direljekdigi we magşar meýdanyna eltiljekdigi, şondan soň olaryň Hudaýyň öňünde gara dere batyp, uzak wagtlap durjakdyklary aýdylýar. Görşümiz ýaly, 2013-nji ýylda bolup geçen we ýer ýüzüniň esli bölegine heläkçilik getiren hadysalar Kyýamata-da meňzemeýär. Şeýle-de yslam taglymaty boýunça kyýamat gopmazynyň öň ýany ýeke bir adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda däl, eýsem tebigatda hem adatdan daşary, henize çenli görlüp-eşidilmedik üýtgeşmeler bolup geçmeli. Özem öňki arassalaýyş hadysalary ýaly bölekleýin, belli bir çäkde, belli bir ýurduň, halkyň içinde däl-de ýer ýüzi boýunça bolmaly. 2013-nji ýylyň heläkçilikli hadysalarynyň giňlik möçberini, ýaýrawyny bolsa biz gürrüňimiziň başynda ýeke-ýeke sanap geçdik. Diýmek, 2013-nji ýylyň heläkçilikli hadysalary nobataky arassalaýyş hem däl, žurnalistleriň öňünden howsala düşüşleri ýaly ahyrzamana hem däl-de ahyrzamananyň alamaty bolmaly. Ýagny, duýdryş. Hudaýyň: “Indi gutardy, arssalaýyşam gutardy, ýa-ha günäleriňizden gutarnykly saplanyň, şonuň aladasyny ediň, toba geliň ýa-ha başda wada berlen ahyrzamana garaşyberiň” diýdigi. Egerde ahyrzamananyň alamatlary öň aýdylyp gidilişi ýaly tebigatda şeýle işjeňlik bilen ýüze çykyp ugran bolsa, onda ol alamat adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda nähiliräk görünýärkä? Ýatan ýeri ýagty bolsun, Muhammet aleýhyssalam bu barada öz sahabalaryna şeýle diýer ekeni: “Ahyrzamana golaý gelende adamlar biri-birleri bilen ýaşlaryna seredip däl-de, wezipelerine seredip salamlaşarlar. Söwda rowaç bolar. Ol şeýle bir derejä ýeter welin, aýaly ärine kömekçi bolar. Süýthorluk (kredit, ssuda J.H.) adaty bir zada öwrüler, ýakynlaryň bilen aragatnaşyk kesiler, ýalana şaýat köpeler, şonuň netijesinde hakykata şaýat tapylmaz. Ylym şeýle bir ýaýrar, ony erkegem öwrener, aýalam, gulçulykdan azadam öwrener gul hem, kiçi-de öwrener, uly hem. Kuran okamak utanç bilner, Yslam geň görner. Adamlar jaý salmakda bir-birleri bilen ýaryşarlar. Ogul-gyz ata-enesine gulak asmaz. Kiçi ulyny, uly kiçini sylamaz. Gyz-gyrnak öz bikesini özi dograr...”. Ahyrzamananyň alamatlary barada Injilde şeýle diýlipdir: “Kyýamat gopmazynyň öň ýany adamzadyň başyndan agyr külpetler iner. Çünki, şol wagt olar gedem bolarlar, men-menlik satarlar, altyn-kümşi söýerler, agyzlaryna erbet sözleri köp alarlar. Bigadyr näletkerde, uýatsyz bolarlar. Hudaýdan daş düşerler, daşlaryndan allanäme bolup görünselerem içleri ýylamaz. Halklar biri-birleri bilen uruşarlar, şalyklar-şalyklaryň üstüne çozuş ederler. Açlyk düşer. Onda-munda ägirt uly ýer titremeleri bolar, deňizler joşar”. Isa pygamber öljek wagty: “Men ýene gelerein” diýipdir. Ol muny kyýamaty göz öňüne tutup aýdypdyr, ýagny, kyýamat güni gelerin, diýipdir. Kyýamatyň öň ýany Isanyň gelip, Mäti bilen bilelikde Teçjaly ýeňjekdikler barada Kurany Kerimde hem aýdylýar. Kyýamat güni elbetde, ýeke bir Isa däl, pygamberleriň hemmesem gelmeli we öz ymmatlarynyň günäleriniň geçilmegini, iň bolmanda ýeňledilmegini Hudaýdan haýyş edip, Magşar meýdanynda durmaly. Özüniň geljek gününi, ýagny, ahyrzamananyň golaýlanyny duýmaklary üçin Isa pygamber öz ymmatlaryna şeý diýipdir: “Ýaşap ýören durmuşyňyza içgin syn edip, meniň şu aşakdaky aýtjak alamatlarymy saýgarmany başarsaňyz, kyýamatyň golaýlandygyny aňşyryp bilersiňiz. Ýagny: ● tebigy betbagtçylyklar, ýer titremeleri we açlyk bolar; ● ýowuz uruşlar, topalaňlar, rewolýusiýalar ýüz berer; ● öz dinleri üçin meniň ymmatlarym ejir çekerler; ● gorky, ýigrenç, dönüklik, ýalan pygamberler, ýalan ylymlar köpeler. Görşümiz ýaly, şu günki gün adamlaryň hüý-häsiýet babatdaky ýeten derejelerem, tebigatyň özüni alyp barşam, edil pygamberlerimiziň salgy berişleri ýaly ahyrzamananyň alamatlaryna gabat gelýär. Ol alamatlary biz adamlardan-a gözläp tapmaly däl. Ol zatlara biz äden ädimimizde duş gelýäris. Ol zatlara bu gün adamlaryň arasynda kyýamata sebäp bolup biläýjek şeýle bir aýylganç zatdyram öýdülenok. Adaty bir zat hasap edilýär. Üstesine-de günä iş edip birnäçe gezek bendihana düşüp çykan adamlar ilden-günden utanmaýarlaram, düzelmek barada pikirem etmeýärler-de, gaýtam özlerini halal iýip, halal içip ýören adamlardan zyýat, ýeser hasap edýärler. Iki-üç bolup birikýärler-de, obada özlerini “awtoritet” diýip yglan edýärler. Goçusyraşýarlar. Nadan adamlaryň içinde olary ykrar edýänlerem, baryp arzy-hallaryny aýdýanlaram, meselelerini çözüp bermeklerini haýyş edýänlerem az däl. Pygamberimiz öz döwürlerinde söwdada sähelçe hem bolsa ýeňil çekip, kem ölçemekligi uly günä hasap eden bolsalar, bu günki uly-uly işewürleriň, bankirleriň, köp halatlarda bolsa halkyň ykbaly ynanylan hökümet we döwlet ýolbaşçylarynyň hut özleriniň jantaýpalaryna urýan haram pullary millionlarça amerikan dollaryndan geçýär. Olaryň aglabasy soň daşary ýurtlara, pullaryny goýan banklarynyň ýerleşýän ýerlerine gaçyp gidýärler. Agzyny açyp aç galan halk bolsa ýene bir öligarnyň penjesine düşýär. Şu ýerde şeýle bir mysala seredip geçeliň, aldanandygy, resminamalarynyň bulaşdyrylandygy, göterimine bäs gelip bilmändikleri sebäpli, bankdan göterimine alan karz pullarynyň çoçgaryna çolaşyp, Orsyýetde her ýyl 30.000 adam özüne kast edip ölýär. Bu hem şeýtanyň adamlary öz eline ymykly alandygynyň subutnamasydyr. Edep-terbiýe babatda hem şolar ýaly oňaýsyz tymsallary näçe diýseň getirip oturmaly. Mysal üçin, biz mekdepde okaýan döwürlerimizem, toýda, sadakada ini-aganyň, ogul-atanyň oturan jaýyna girip bilmezdi. Saý-sebäp bilen giräýse-de: “Pylany düýnki toýda agasynyň oturan jaýyna barypdyr, pylany kakasynyň üstüne giripdir” diýip, bütin oba gürrüň ederdi. Obanyň o çetinde bir garry adam ýogalsa-da, tä kyrky geçýänçä hiç kim dutaryny gabyndan çykaryp bilmezdi. Hiç kim, hiç kesiň deňinden salamsyz geçmezdi, gyz oglan erkek kişiniň ýüzüne dikanlap bakmany, agasynyň, atasynyň ýanynda gygyryp geplemezdi, ýüzüne gelmezdi. Ogul atanyň bir aýdanyny iki gaýtalatmany, ondan törde oturmazdy. Bu zatlar ýazylmadyk kanundy, aňyrdan gelýän ýörelgedi, görüm-göreldedi. Tertipdi. Terbiýedi. Düzgündi. Indi bolsa aga-ini, ata-ogul bile oturyp öz öýlerinde arak içýärler. Soňundanam şeýtanyň ugruna gidýärler-de, sözleri azaşyp sögüşýärler, uruşýarlar. Ogul ata, ini aga ajy söz aýdýar, el göterýär. Ogul atasynyň üstünden däbşenekläp geçip, törde oturýar. Ondan has gaty gepleýär, ellerini daldaladýar. Muhammet pygamber özünden soň hak-hukugy ene-atalara beripdi. Men öz obamyzyň ýagdaýy barada aýdyp otyryn, emma şeýle ýagdaý häzir ýer ýüzüniň halklaryna mahsus boldy. Şeýtanylyga tarap üýtgeşmeler büt in dünýä boýunça ýüz berdi. Ata oguluna, äri aýalyna käýese olaryň ikisem ony duşmançylyk hasap edýärler, terbiýe hökmünde kabul etmeýärler. Göwünlerinde kine saklaýarlar. Şeýdibem maşgala agzalaçylygy hemişelik dowam edýär. Sebäbi bu ikarada şeýtan dur. Ol olara dil tapyşara, düşünişere maý bermeýär. Şeýtanyň zemin üzre gazanan üstünlikleri bu günki gün sanap çykardan juda kän. Sodom we Gomorra şäherleriniň Allatarapyn ýumrulmagyna sebäp bolan, ähli döwürlerde iň bir zyna iş hasap edilen syrtpuruşlygyň häzirki döwürde näderejä ýetendigini dagy aýtmaga diliňem baranok. Ol häzir köp ýerlerde döwlet derejesindäki meselä öwrüldi. Ony resmileşdirmek, bir jynsdan bolan adamlaryň gatnaşyklaryny nika arkaly berkitmek barada halkara tribunalarynda, hatda BMG derejesinde hem gürrüň edilýär. Syrtpuruşlar öz hukuklarynyň ykrar edilmegini talap edip, uly-uly şäherlerde ýörişler geçirýärler. Uly-uly wezipelere dyrjaşýarlar. Ýaman dert köp döwletleriň ýolbaşçylary olaryň talaplaryny kanagatlandyrmaklygyň tarapynda durýarlar we olary goldap çykyş edýärler, şol meseläni unaýjy resminamalara gol çekýärler. Ymmata sygmaýan şol wejeralyk bilen meşgul bolýan “küspuruşlaryň” ýakyn gelejekde döwlet dolandyryş işlerine gatnaşaýmaklarynyň ýa-da ministr hatda haýsam bolsa bir ýurtda Prezidentlik ornuny eýeläýmekleriniň mümkindiginden edilýän howatyryň ýakyn gelejekde hakykata öwrüläýmegi ýa eýýäm öwrülip ýören bolaýmagy hem gaty ahmal. Adamzadyň ýasan öz-özüne ölüm getiriji ýer şaryna howp salyjy ýaraglarynyň özem bu günki gün Hudaý goşulmaýanda-da, öz güýji bilenem birnäçe gezek kyýamat gopdurmaga ýeterlik. Ýeke bir uruş maksatly däl, eýsem parahatçylykly maksatlar üçin ulanylýan zawoddyr-fabrikleriň, awto we awiýa ulaglarynyň howa giňişliklerine zyýan ýetirji zyňyndylary ýük gämilerinden dürli sebäplere görä okeanlara düşýän nebit önümleri hem häzir dünýä alymlarynyň iň güýçli “kelleagyrylarynyň birine öwrüldi. Bir gezek ulanmak üçin çykarylýan plasmas gap-çanaklardan oýunjaklardan awtoruçkalardan, polietilen bukjalaryndan emele gelýän zibilleriň döredýän başagyrylary ondanam beter. Diňe 2012-nji ýylda elektron zibilleriň 40 000 000 (kyrk mln) tonnadan geçendigi tebigaty goraýjylar tarapyndan anyklanyldy. Adamyň bedenine we tebigaty weýran ediji, muňa garamazdan, durmuşda giňden ulanylýan simap zyňyndylarynyň adamzada howp salyş derejesini bolsa hiç zat bilen deňär ýaly däl. Bu bela bir bedenden başga bir bedene geçende möçber taýdan köpelýär. Özüni şunuň ýaly “bihaýa” alyp barýan başga bir suwuk metal tebigatda ýok. Ine, hut şonuňam her ýylda 8 tonna zyňyndysy dünýä deňizlerine goýberilýär. Diýmek, adamlar bu gün doly suratda öz erklerini şeýtanyň eline beripdirler. Onuň elindäki oýnatga öwrülipdirler. Hut şonuň üçinem, pygamberlerimiziň ahyrzamananyň alamatlary hökmünde aýdyp gidenleriniň hemmesi, ynsanlarda-da, tebigatda-da doly suratda ýüz berdi. Ahyrzamana iru-giç gopjak bolsa goparça boldy. Adamzat iru-giç aklyna aýlanjak bolsa, aýlanarça boldy. Çünki, ahyrzamananyň öň ýany, tebigatda alamat hökmünde bolup geçjek üýtgeşmeler alymlaryň çaklamalaryna görä, 2013-nji ýyldaky ýaly ýeke bir suw joşgunlary, harasat, taýfun, gar, syrgyn, doňaklyk, güýçli hem uzak möhletleýin ýagyş ýaly belaýygerdanlar bilenem çäklenmeýär. Demirgazyk buzly okeanyň ýakyn gelejekde eräp, ýer ýüzüne uly howp saljakdygy, asmandaky azon deşikleriniň ýaşaýyşa agyr zarba urjakdygy baradaky aladalar häzir dünýä alymlaryny ýöne, ýere alada goýanok. Soňky döwürlerdäki bolup geçen ýer titremeleriniň ýetiren täsirlerinden çen tutup, iki million ýyl mundan öň dörän ýapon adalarynyň mundan buýanky ýüz berjek ýer titremeleri zerarly aňyrsy kyrk ýyldan soň suw astynda galjakdyklary barada hem ýapon we dünýä alymlary eýýämden zaň kakyşyp ugradylar. “Eýsemde bolsa näme üçin şolar ýaly ýagdaýa ýetendiklerini bilse-de, Biribar bu gezek bendeleriniň arasyna öz resullaryny ibermändir? Näme üçin bizi ýaradypdyr-da, özi asman giňişlikleriniň jümmüşine tarap gidiberipdir” diýýän adamlara-da duşmak bolýar. Munuň jogaby şeýle: Birinjiden-ä Muhammet aleýhyssalamdan soň pygamber gelmejekdigi Kurany Kerimde açykdan-açyk aýdylýar. (Pygamberleriň möhri) ikinjiden bolsa ýokarda belläp geçişimiz ýaly bu gezekki heýhatlar öňküler ýaly arassalýyş çäreleriniň nobatdakysy däl-de, ahyrzamananyň alamatlary. Duýduryş. Ahyrzamanadan soň bolsa adamzada pygamber gerek däl. Çünki, Allatagalla şol gün ölüniň-diriniň günäsini seljerjek we günäsizini jennete, günälisini bolsa dowzaha ýollajak. Öz ýanynda ol diňe dostlaryny gadyrjak. Injilde aýdylyşyna görä, kyýatmatdan soň ýaşarlary ýaly, arassa adamlar üçin Hudaý eýýämden täze ýer we asman taýýarlap goýupdyr. Hakyky, hemmişelik, baky durmuş ana, şondan soň başlanjakmyşyn. Diýmek, adamzadyň göz açyp dünýä geleli bäri gorkup ýören ahyrzamanasy ýaşaýşyň tamam bolup, durmuşyň başdakysy ýaly baky tümlüge gapgarlyp, ýok bolup gitjekdigini däl-de, onuň has kämil, gutarnykly görnüşde täzeden başlanjakdygyny, adamzadyň içi şeýtandan doly şu hapa dünýäden hemişelik dynjakdygyny, gök asmanyň astynda baky ömür sürjekdigini aňladýar. Bu zatlar dini nukdaý nazardan birhili gümürtigräk ýaly görünýän hem bolsa, mümkinçiligi çäksiz gudratly tebigat, onuň bimöçber energiýasy. Beýik Biribar tarapyndan bolup bilmejek zat ýokdur. Ol öň barça zatlary ýokdan bar etdimi ýene-de bar eder, öň döretdimi – ýene-de döreder, öň ýaratdymy – ýene-de ýaradar. Islese ýok hem edip biler. Bi dini garaýyşlar ylmy hakykatdan daş däldir. Bolup geçen arassalaýyş çäreleriniň şeýle köp gaýtalanýandygyny bolsa, synag döwründe Hudaýyň şonça gezek şeýtandan ýeňilendigini däl-de, adamzadyň aglaba böleginiň öz durumsyzlygy zerarly şeýtandan birsyhly ýeňlip gelendigini, Hudaýyň ynamyny ödäp bilmändigini mala, pula barça baýlyklara, bäş günlik ömre guwanyp, nebse uýup, şeýtandan asgynlandygyny, ezijländigini aňladýar. Hudaýyň bolsa jümle-jahana erk edýän, islän zadyny, islän wagty ýok edip ýa bar edip bilýän ýeke-täk hökmürowan güýçdigini, şeýle hem öz bendelerini hiç haçan, her hili ýagdaýda hem ýatdan çykarmaýandygyny, gözden salmaýandygyny, taşlap gitmeýändigini olary hemişe gorap gezýändigini subut edýär. Allatagallanyň näme üçin bu gezek ýere öz resullaryny ibermändiginiň üçünji sebäbi barada aýdanymyzda bolsa kimdir birini Ol iberen bolaýanlygynda-da, şol wezipäni kimdir biri öz şahsy göreldesi bilen boýnuna alan bolaýanlygynda-da, bu günki gün hiç kim oňa gulak asmany. Kerwenbaşysyz galan kerweniň ýolagçylary ýaly nirä baraýanynam bilmezden ala-goh bolşup, söwedeňleşip barýan, gözüni gara şaýa gapdyran, namysdan-ardan aýrylan, ruhy taýdan göýdük jemendä ol sesini eşitdirip bilmezdi. Onda-da arassalaýyş çäresiniň gadymky samudýanlar, maýdanitler, şuaýbalar ýaly belli bir halkyň, Sodom we Gomorra ýaly iki sany şäheriň däl-de, tutuş ýer ýüzüne, ýer ýüzüniň ähli halklaryna degişli bolup duran halatynda. Şolar ýaly biriniň peýda bolandygyny bildikleri, dünýäniň iň baý, iň bir şeýtanylarynyň barysy bir ýere üýşerdiler-de, Nuh pygamberi daşlanlaryň, Isa pygamberi haça çüýlänleriň, Hudaýy äsgermedikleriň, Salyhyň Akmaýasyny öldürernleriň, Luty perişdeleriň öňünde masgaralanlaryň Muhammet aleýhyssalamy jemgyýet üçin gaty bir howply bolmadyk däli hasaplanlaryň edişleri ýaly, özleriniň bu günki-gün görlüp eşidilmedik derejede ösen tehnikalaryna daýanyp, ony iň bir uzaga gidýän we äpet kosmiki raketalarynyňmy, korabllarynyňmy içine salardylar-da; “Bar akgaň ýanyna git, gören eşidenleriňem habar ber..!”, diýýäge-de, uly höwes hem hyjuw bilen arşy-aglaýa tarap atyp goýbererdiler. Ýöne, hakykatyň ýüzüne seredip rastymyzy sözlesek, özlerini pygamber saýmasalaram, dünýä alymlarynyň, akyldarlarynyň, dini hadymlaryň, iliň öňüne çykan edebiýat we sungat işgärleriniň syýasatçylaryň we başga-da dürli hünärlerdäki pikir etmäni başarýan adamlaryň mahal-mahal garaçynlary bilen zaň kakýanlary, külli adamzadyň öňünde duran äpet meseleleri bileleşip çözmeklige, hususan-da ruhy paklige, şeýtanyň tumşugyna kakyp, Hakyň ýolundan ýöremeklige çagyrýanlary hiç haçanam az bolmandy we häzirem ýok däl. Ýöne, olaryň gyryljak hem howatyrly sesleri wagtlaýynça girdeji berýän, emma adamzadyň ertirki gününe howp salýan zawod-fabrikleriň, kärhanalaryň, awto we awiýa ulaglaryň “güwwüldileriniň”, “arryldylarynyň”, “tarryldylarynyň” üstlerinden ýympyk hem ýakymsyz ys gelip duran küspuryşlaryň naçarlaç hem bihaýa sesleriniň, “sary melgunyň”, ABŞ-nyň gökje dollarlarynyň ýakyp barýan howrundan ýaňa gözleri gapylan işewürleriň tükeniksiz dawa-jenjelleriniň arasynda ýitip gidýär. *** Juma Hudaýguly | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |