17:19 Zaratustranyň gök çürçürisi / hekaýa | |
ZARATUSTRANYŇ GÖK ÇÜRÇÜRISI
Taryhy proza
Bir gezek Eýranyň eýlesine-beýlesine göz ýetmeýän düzlüklerinden, belent daglaryndan geçip, goşun çekip barýan Aleksandr Makedonskiniň ýoly demirgazyk Baktriananyň¹ gadymy paýtagty Baktra² şäheriniň üstünden düşüpdir. Şäheriň hany gelmişekler bilen söweşde ýeňlip, Marakanda³ gaçmaga mejbur bolupdyr. «Baş bolmasa, göwre läş» diýlişi ýaly, şäher ilatynyň ählisi başly-barat gaçyp, kimsi daga, kimsi tokaýa siňipdir. Baktranyň berk daş diwarlary Makedonskiniň söweşlerde taplanan goşunyny saklardan ejiz gelipdir. Derwezeleri döwüp, galany ýumrup, şähere dolan gelmişekler birnäçe günläp adamlary gyrmak, öýleri talamak bilen meşgullanypdyr. Köp adamly bu baý şäher özüniň gadymy ybadathanalary bilen şöhratlanypdyr. Olardaky köp sanly jresler gadym eýýamlardan bäri nesilden-nesle geçip gelýän her hili bilimleri ýaşlara irginsizlik bilen öwredipdirler. Has gizlin ylymlar «synagdan geçen», «wepaly» diýlip hasaplanýan talyplara aýratyn öwredilipdir. Ybadathanalaryň baý kitaphanasynda ýat tutmak üçin aňsat bolar ýaly, sazlaşykly aýdym görnüşinde ýazylan gadymy öwüt-nesihatlardan doly pergamentler saklanypdyr. ...Damarlarynda juwanlyk gany dyňzaýan Aleksandr syçrap duran gara atyn üstünde ýaldyrawuk sowutly, elleri naýzaly bir topar nökerini yzyna tirkäp Baktranyň darajyk, egrem-bugram köçesi bilen barýardy. Ol otparazlaryň belent çynarlaryň saýasynda ýerleşen, at-owazasy uzaklara ýaýran gadymy ybadathanasyny görmekçidi. Ybadathananyň kän bilimlerden başy çykýan alym hyzmatçylary şol belent daragtlaryň salkyn saýasynda boýranyň üstünde oturyp, töweregine egrilen okuwçylarydyr tötänden gabat gelen dindarlara Ormuzd hudaýyň ýeri hem asmany döredişi, gandöküşikli, aýylganç uruşlar zerarly birçak ýok bolup giden halklar hakynda uzak geçmişden hekaýatlar aýdyp berýärdi. Baktriýaly akyldarlar öz ömrüni adamyň ýaşaýyşynyň hem ölüşiniň syrlaryny öwrenmäge bagyşlan käbir okuwçylaryny ynsanyňdyr haýwanlaryň beden gurluşlary, ondaky organlaryň işleýişleri bilen tanyşdyrýardylar. Her dürli keselleriň döremeginiň sebäplerini hem olary bejermegiň ýollaryny öwredýärdiler. Aleksandr ybadathananyň golaýyna baransoň, içirgä derek arkasyna barsyň derisi ýapylan atyndan düşdi. Saçlary buýra-buýra, syrdam boýly iki negr altyn şaýlar bilen enaýy bezelen atyň jylawyndan ýapyşyp, edil doňan ýaly bolup durdular. Parsystany dyza çökeren, güne garadan aýaklaryna gyzyl bagjykly çepek geýen ýaş, görmegeý hökümdar ýodajyga gaçan sary ýapraklary basgylap, haýallyk bilen ädim urup barýardy. Agaç şahalarynyň kä ýerinden parran geçýän gün şöhleleri onuň altyn çaýylan sowudynda, egrelip duran iki sany altyn şahly kümüş tuwulgasynda oýnaýardy. Onuň ýasy gaýyş guşagyndan altyn gynly gylyç sallanyp durdy. Aleksandr gaşlaryny gerip, ynamsyzlyk bilen daş-töwerege içgin nazar saldy. Golaý-goltumda janly-jandar görnenokdy. Hökümdary garşylamaga çykanam bolmady. Aleksandryň birnäçe ädim yzyndan edni Troýan urşunyň gahrymany Ahillesiň dosty Patrokl ýaly wepaly Gefestion gelýärdi. Gefestion Aleksandryň baş dosty hem ýaşytdaşydy. Galyberse-de, ähli ýörişlerde onuň ýanyndady. Bezemen geýnen ýaş Gefestionyň elinde hökümdaryň ýitiliginden ýaňa ujy ýalpyldap duran keltejik gyzyl naýzasy bardy. Hökümdaryň ýüz keşbinde emele gelýän iň maýdajyk üýtgeşmelerem onuň synçy nazaryndan sypanokdy. Aleksandryň çep çigniniň çalaja silkinip ugramagy nämedir bir zada gaharynyň gelýändiginiň alamatydy. Şeýle ýagdaýda ony köşeşdirmek ýeňil iş däldi. Gefestion öz dostunda şu hili gazap alamatyny ertirden bäri birnäçe ýola synlady. Şeýle ýagdaýda onuň gazabyna duçar bolanlaryň dat günüňe... Yzdan nökerleriň sazlaşykly aýak sesleri, ýaraglarynyň şakyrdysy eşidildi. Agaçlaryň arasyndan ybadathananyň şekli görnüp ugrady. Howalanyp duran belent jaýyň iki tarapyndan tä üçege çenli kiçijik penjireler goýlan peseňräk jaýlar uzalyp gidýärdi. Gijelerine ol jaýlara ýygnanýan ybadathana hyzmatçylary ýyldyzlaryň hereketini synlap, hanlaryň ykbaly barada pal atýarlar. Ybadathananyň ortasynda biri-birine örän jebis edilip berkidilen ýüz sany sütün bar, ondan başga-da, ýörite gurban edilýän ýerde hiç wagt sönmeýän keramatly ot ýanyp dur. Baktrany duşmanlar basyp alanam bolsa, bu ýerdekiler ybadathanany taşlap gitmändirler. Häzirem ähli zat şol ozalkysy ýaly dowam edýärdi. Äwmezlik bilen ädim urup barýan Aleksandr ybadathananyň basgançaklarynda hatar tutup oturan hyzmatçylary, uzyn ak geýimli alymlary gördi. Olar göýe ýetip gelýän hökümdardan goranýan ýaly, ellerini ýokaryk galdyryp, ählisi birden gamgyn aýdyma başladylar. Birdenem yzdaky goşunlary görüp, seslerini kesdiler-de, dyzlaryna çöküp, başlaryny aşak egdiler. Aleksandr birnäçe ädim olara ýetmän saklandy-da: – Dilmaç! – diýip, gygyrdy. Parsystanda ýaşaýan halklaryň ençemesiniň dilini oňat bilýän, asly Efes şäherinden bolan ozalky söwdager, häzir dilmaçlyk edýän garry-grek hökümdarynyň ýanynda peýda boldy. Afina şäherinde önüp-ösen, alym Aristoteliň ýegeni, ýaş filosof Kallisfenem onuň ýanynda aýak çekdi. Aleksandrdan birjik-de gypynç etmän, özüni diýseň erkin alyp barýan Kallisfen ilki söze başlady: – Hökümdar, ynha, Gündogaryň ençeme asyrlaryň dowamynda toplan pähim-paýhasy, bilimi seniň hem biziň geljekde dünýäni tutmaly täze pähimimiziň öňünde dyza çökdi. Gefestion onuň bilen bir perdeden gopdy: – Biziň hudaýlarymyz Feb bilen Areýiň gudraty bularyň Ormuzddyr Arimanynyň çaky däldir-le. Aleksandr gülümsiräp, egniniň üstaşyry dilmaja ýüzlendi; – Bularyň haýsynyň baş jresligini sora. Goý, ol meniň ýanyma gelsin. Beýlekiler bolsa gaty daş gitmän, hol agaçlaryň saýasynda oturyp, öz täleýleriniň çözgüdine garaşsynlar. Dilmaç gorkudan dili tutulan jresleriň ýanyna bardy. Ak goýunyň derisinden tikilen ýokarsy çüri telpekli bir goja sem duran mähelleden biraz öňe saýlandy. Ol tutaýy altyndan ýasalan uzyn hasasyny gurbaty gaçan göwresine söýget edinip durdy. Beýleki jresler täzeden şol öňki gamgyn aýdymlaryna gygyryp, ýuwaşlyk bilen agaçlara tarap ugradylar. Baş jres yraň-daraň basyp, Aleksandryň gaşyna bardy. Onuň şöhlesi öçen gözlerinden gaýdýan gözýaşlar uzyn ak sakgalyndan haýallyk bilen syrygyp, ýere damýardy. Horlugyndan ýaňa damarlary ýol-ýol bolup bildirip duran elleri çalaja sandyraýardy. – Bu ybadathana köpden beri barmy? – diýip, Aleksandr goja ýüzlendi. – Munuň salnany bäri ýüzlerçe ýyl geçipdir. Bu baryp biziň beýik halypamyz, ähli zadyň aňyrsyna ýetik, parasatly Zaratustra diri wagtynda-da bar eken. – Onuň ýazan kitaplary köpmi? – Köp, ýene onuň öwüt-nesihatlaryny diňläp, kämillige ýetişenler has-da köp kitap ýazdylar. – Parasatly halypaňyz öz watanynyň geljekde ne güne düşjegini öňünden bilmänmi? – Bilipdir. Ol geçene-geljege, ýagşa-ýamana açyk göz ýetirip bilýän adam eken. – Meniň Dariý patyşanyň bu ýurduňy tozduryp, dyza çökerjegimi hem öňünden aňypmy? – Eýsem näme... Aleksandr bilen Gefestion biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Hökümdar soramagyny dowam etdi; – Geň zat. Hany aýt, ol men hakda näme diýipdir? Gussa bilen başyny ýaýkan gojanyň gözderinden ýaş paýrap gitdi. Birsalymdan özüni ele alyp: – Buýruk etseň, kynam bolsa aýtmaly bolar. Ýöne ol söz seni-hä gazap atyna atarar, meniň bolsa başyma ýeter... – diýdi. – Ýeri, gorkma-da, aýdyber. – Aýtsam... – diýip, goja mukaddes kitaplary okaýşy ýaly, labyz bilen goşga başlady: ...Gije kimin gara günler geler-de, Gözüň girýan eýläp, goýar çoh derde, Dilleri lal kylar ol gelen ýagy, Gylyç kanun ýazar. Goşa garagy Jeň hudaýnyň gözün ýadyňa salar. Ýowuz duşman gara at münüp geler Otda gara köýük bolar çagalar. Täk özüň keşt etseň Eýran düzlerne, Haraba, jesetler iler gözlerde... Dilmaç goşgyny bada-bat terjime etdi. Hökümdaryň gazaba münüp ugranyny aňan Gefestion dessine eli bilen gojanyň agzyny tutdy. Soňam Aleksandra ýüzlendi: – Belki, bu otparazlaryň ybadathanasyna aýlanyp göreiň gelýändir?! – Hawa. Goý, bu akly çaşan garry maňa gurban berilýän ýerdäki ebedi ody kem Zaratustranyň mazaryny görkezsin. Dilmaç bilen Kallisfen gojanyň elinden tutup, öňe düşdüler. Aleksandr bilen Gefestion bolsa yzyndan barýardy. Olar sürçegi çykan daş basgançaklar bilen ýokary galyp, mermer daşdan edilen meýdançadaky ýanyp duran odun ýanynda aýak çekdiler. Içki jaýdan çykan iki jres maýdajyk edilip çapylan arça şahalarydyr kökleri oda oklamaga başlady. Olaryň duran ýerinden darajyk keçelerden barýan atlylaryň öý goşlaryny arkalaryna daňan adamlary gyran-jyran edip kowalaýyşlary, ýandyrylan jaýlardan al-asmana galýan gara tüsse aýyl-saýyl görünýärdi. Hasrat başyndan inen adamlar ikibaka elewreşýärdiler, ellerini asmana göterip, hudaýa nalyş edýärdiler. Bu zatlary biparh synlap duran Aleksandr goja ýüzlendi: – Eger-de keramatly ot sönäýse, näme bolar öýdýäň? – Onda göwnüne deglen Ormuzd ähli gahar-gazabyny hanlaryň depesinden inderer. Bir gezek biziň geleňsizligimiz zerarly ot öçdi. Aýylganç tupan ähli közleri, odunlary pytyratdy. Onuň yzýanyndanam ýagyş ody öçüripdir. Biz bu ýagdaýdan heýjana gelip, hudaýa ýalbardyk. Ol nalyşymyzy eşitdi. Birden güýçli gök gümmürdisi ýaňlandy. Yzýanyndan ýyldyrym çakdy-da, ullakan kedr agajyna ot düşdi. Biz şondan beri hudaýyň rehimine minnetdar bolup, ody öçürmän saklaýarys. Ine, indem sen geldiň. Herne Alla kalbyňa rehimdarlyk guýsun-da... Aleksandr ýüzüni demirgazyga – gar bilen basyrlan daglara tarap öwürdi-de, Gefestiona şeýle diýdi. – Men şu tarapa goşun çekip, öz ýurduňyň patyşasy Darini tygdan geçiren zalym Bessi ele salasym gelýär. Tutdugymam ony görülmedik jeza duçar ederin. Şu niýetimi amala aşyrmasam, maňa-da, goşunlaryma-da dynç ýok. Soň bolsa Günüň batýan tarapyna – henize çenli hiç kimin aýagyny sekmedik ýerine goşun çekip, soňky deňze baryp ýeterin. Soňra ol nagyşly galkanyny hem ýaraglaryny göterip duran ýaş ýigide buýruk berdi: – Häziriň özünde ähli odunlardyr közleri pytyrat-da, bu ýigrenji ody söndür! Hökümdaryň gazaply keşbi baş jrese gönükdi: – Diýmek men jeň hudaýynyň ogly ýaly gazaply, ýowuz duşman. Şeýlemi? Aýdýanyň ugrunda bar bolmagam ahmal. Ine, men siziň mukaddes oduňyzy söndürmäge buýruk berdim. Aýby näme, oňa derek bütin Baktra ot içinde. Näçe gerek bolsa, alyň-da, täzeden ýakaýyň. Häzirem öňüme duş-de, maňa Zaratustranyň mazaryny görkez. Olar tegelek penjireli darajyk hüjrä girdiler. Gadym zamanlarda bu ýerde pähimdar Zaratustra ýaşapdyr. – Hormatly halypamyz aýdyň gijelerde şu jaýda oturyp, ýyldyzlardan maslahat sorar eken – diýip, goja düşündirdi. Hüjräniň ortasynda ýazylan kiçiräk köne halynyň bir burçunda palçykdan ýasalan çyradyr käse, olaryň gapdalynda-da agaç çemçe, bürünç syýadan hem syýa ýokly bir topar gamyş galam durdy. Niräňe seretseň, guşlaryň ak nejasaty besse-besse bolup ýatyrdy. Agaç çüýden asylgy duran köne geýimem şolardan ýaňa görer ýaly däldi. Birden hüjrede bir guşjagazyň näzik jürküldisi ýaňlandy. – Hemmäňiz doňan ýaly bolup oturyň. Gymyldaýmaň – diýip, goja pyşyrdady. – Häzir siz beýik halypamyz Zaratustranyň sesini eşidersiňiz. Hemmeler onuň aýdanyna eýerdiler. Penjiräniň öňünde gumra meňzeş, ýene uzyn çüňkli guş peýda boldy-da, oturanlara howatyrly seretdi. Goja ýuwaşja sygyrdy welin, guşjagaz onuň egnine gondy-da, çüňki bilen uzyn, ak saçlaryny darap başlady. Guşjagazyň ganatlary açyk mawy reňklidi, ýiti gözleriniň daşynda gök halka, kellesinde-de goňras hüpügi bardy. Guşjagaz gojanyň egninden uçup, Kallisfeniň kellesine gondy. Bu kiçijik guşy gorkuzmajak bolup, hemmeler gymyldaman oturdylar. – Hany, eýjejigim, bize bir zatjagaz diý! – diýip, goja ýene-de ýuwaşja sygyrdy. Guşjagaz birden gozgalaň tapdy. Şol wagt penjiräniň öňüne ýene bir guş uçup geldi-de, täsin saýrady. Kallisfeniň kellesinde oturan guşjagazam oňa sesini goşdy. Soň olar uçup, penjirä gondular. – Zaratustranyň sesi diýýäniňi eşitmedik-le?! – diýip, Kallisfen seslendi. – Ýaňky guşjagazyň jürküldäp, öz dilinde Zaratustranyň nesihatlarynyň birini aýdanyny aňmadyňyzmy? Bir gezek halypamyz okuwçylaryna şeýle diýipdir; «Agyr zamana başlanyp, jeň hudaýynyň ogly meniň ähli pendi-nesihatlarymy, hekaýatlarymy, dogalarymy ýakyp, ýok etmege perman berer. Ýerin ýüzi özgerer. Täze halklar dörär. Ýöne Ormuzd hudaýyň meniň aňyma guýan akyl-paýhasy ebedilik galmaly. Olar kän. Ýöne iň esasylaryny eşiden zatlaryny bolşy ýaly gaýtalap bilýän keramatly guşa – gök çürçürä aýdyp bererin. Her neneň ýowuz duşmanam oňa degmäge milt edip bilmez...» Şondan soň Zaratustra tokaýlara aýlanyp, gök çürçürilere öz nesihatlaryny aýdyp beripdir, olary egnine gonduryp, ýaşaýan hüjüresine getiripdir. Guşlar kän eken. Şonuň üçinem, Zaratustra olaryň hersine bir nesihatyny öwredipdir. Guşlaram öz bilýänlerini çagalaryna aýdyp beripdir... Beýik halypamyzyň mukaddes nesihatlaryny bilýäni üçin biz çürçürileri gowy görýäris. – Gök çürçürilerden eşiden zatlaryň iň bolmanda birini bize aýdyp berip bilermiň? – diýip, Kallisfen goja ýüzlendi. – Hawa, olaryň käbirini ýatlap biljek: «Duşan adamyň hoş söz bilen göwnüni göter, belkem, sen ony gaýdyp görmersiň». – Onsoň?! – «Her bir adamda irkilip ýatan gudratly güýç bar. Şony oýarjak bol». – Ýaňky uçup gelen çürçüri näme diýdi? – Olmy?.. – diýip, goja bir salym boýurganyp durdy, soňam iki eli bilen kellesini penjeledi. – Ýok, ony aýtmaga dilim öwrülenok. – Aýt! – diýip, Aleksandr sesini gataltdy. – Men saňa hiç zat degmen... – Ol: «Bu gelen adamlar nähili doňýürek, zalym!» diýdi. Bu sözleri eşiden hökümdaryň ýüzi ak tam boldy. Ol tasap ýerinden turdy-da, gahardan ýaňa sandyrap: – Bu otparazlaryň bary aldawçy, kezzap. Dünýäde ýeke-täk hakykat bar. Onam men gylyjym bilen ýazaryn. Galan zatlaryň ählisi toslama... Halkyň aňyny zäherläp ýörmez ýaly, Zaratustranyň ähli nesihatlarynyň hem ona uýýanlaryň ýoguna ýanmaly. Gefestion, şu ybadathanany ýumurmagy hem ähli jresleri kitaplary bilen birlikde oda ýakmagy saňa tabşyrýaryn... – Iki agyz söz aýtmak mümkinmi? – diýip, Kallisfen ara düşdi. – Ganygyzgynlyk bilen soňuny saýman edilen işiň netijesi köp halatda erbetlige eltýär. Bu ölüme höküm eden jresleriň köpüsiniň tebiplikden gowy baş çykarýandyklaryny sen bilenok. Olarda her dürli keselleri bejermegiň ýollary beýan edilýän gymmatly kitaplar bar. Şol kitaplary oda ýakman, Afina şäherine – Aristotele ibermegä rugsat et! – Bolýar, garşy däl. Gefestion bu işinem hötdesinden geler. Ýalançy gojany öldürmäň-de, dilini kesiň. Goý, ol Parsystanyň harabaçylyklarynda aýlanyp, öz gök çürçürilerini diňlesin ýörsün... Ýowuz hökümdaryň buýrugy ýerine ýetirildi. Onuň nökerleri birnäçe günläp öýin-öýin aýlanyp, otparazlaryň keramatly kitaplaryny ýygnadylar. Jresleri tutup, şatlykdan ýaňa aýdym aýdyşyp, sygyryşyp kitaplar bilen birlikde oda ýakdylar. Bu zalymlygy gören adamlar Ormuzd hudaýyň gazaby Aleksandryň depesinden iner öýtdüler. Emma olaryň garaşany bolmady. Ganojak hökümdar goşun çekip, ilki Marakanda şäheriňe, soň ondanam aňryk – erkin skifleriň üstüne ugrady. Birçakky köp adamly, baý, gözel şäher Baktra haraba döndi. Ähli ýeri öwlüýä ümsümligi gaplap alypdy. Ozalky al-asmanda howalanyp duran belent ymaratlaryň, ajaýyp ybadathanalaryň ummasyz köp zähmet siňdirilen berk diwarlarydyr sütünleri indi çalam-çaş bolup, otuň-çöpüň içinde garalyşyp ýatyrdy. Ilat şäheri terk edip gaçansoň, ol ýerler tilki-şagallaryň, baýguşlaryň mesgenine öwrülipdi. Aýdyşlaryna göre, dili kesilen baş jres haraba dönderilen ýurduňyň tozanly köçelerinde ençeme ýyl sergezdanlyk edipdir. Onuň egninde oturan çürçüri bolsa duş gelen adama Zaratustranyň nesihatlaryny gaýtalaýarmyş: «Güneşi, çagalary söýüň, aýallary wasp ediň hem gojalara rehimdar boluň!» Soň olaram boşap galan ýurdy taşlap, dünýäniň çar künjüne uçup gidipdirler. Şondan bärem ol enaýy guşlar halklaryň beýik mugallymynyň dana nesihatlaryny öz dillerinde yzyny üzmän gaýtalap ýörler. 1947. __________ 1 Baktriana – Häzirki demirgazyk Owganystan. 2 Baktra – Häzirki Balh şäheri. 3 Marakaida – Häzirki Samarkant. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |