21:07 Zyýarat oýlanmasy | |
ZYÝARAT OÝLANMASY
Goşgular
"Hajy bolup geldim“ diýýän köpelýär, Bu gowy zat, goý, gitsinler, bahyl däl. Görsünler ýurtlary, görsünler ili, "Görsem!“ diýip, ýören alym, şahyr kän. Ähli zatda düzgün boluşy ýaly, Hajy bolmagyňam düzgün—şerti bar. Onuň ilkinjisi halal bolmaly, Bir-birege bolmalydyr rehimdar. Bu zatlar kalbyňda wagtlaýyn däl, Bolmalydyr owal-başda zandyňda. Öz-özüňi aldap bilersiň, ýöne, Bolmaly däl ýasamalyk antyňda. Adam boluň, abat bolsun dünýäňiz, Dünýä gelip, ýas baglamaň, aglamaň. Adamyň adama dostlugy süýji, Gyşyk sözler bilen göwün daglamaň. Ýer pisintdir hajylygy çyn bolsa, Sahawatly, bereketli hem jomart. Kok alyp ýaýrasyn hoşgylawlylyk, Göwünleri goparmasyn kyýamat. Haýry deger – diýip – kyýamat güni, Hajy boljak bolup galmaň azara. Herki zadyň nobaty bar dünýäde, Lebiz bolup ýaşamagyň zerur-a! Hajylara gadyrym kän, elbetde, Ýöne kä zat diňşirgedýär böwrüňi. Selleli biriniň bolup ýörüşi, Egismeýär ýürekdäki howluňy. Dana bolsun, ogry-jümri bolmasyn, Bolmasyn nebsewür, düz bolsun päli. Giden gelsin aman-esen dolanyp, Ak mata çolanyp perişde ýaly. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |